Ýazgylar (bloglar)
"HAK-HEŞDEGIŇ NÄHILI?"
Anna, 2011-09-09 05:29-de, kab yazdy!Türkmençilikde täze işe giren adama "Şowly bolsun!" diýlip dileg edilýär. Yzyndanam köplenç "Hak-heşdegi nähili, oňuşarça barmy?" diýlip soralýar. Hak diýýäni düşnükli. Edilen işiň ýa azabyň muzdy, puly. Ýöne heşdek näme?
1962-nji ýylda neşir edilen "Türkmen diliniň sözlüginde" bu söz barada hiç zat ýok. Alym Soltanşa Atanyýazowyň 2004-nji ýylda çykan "Türkmen diliniň sözköki sözlüginde" hem heşdek sözi agzalmandyr.
venezuela
Anna, 2011-09-09 03:41-de, Gamma yazdy!Venezuela. latin amerikanyn demirgazygynda yerlesyar. puly kese dalde dik bolan yekeje dowlet...
- Gamma'in mowzugy
- Login to post comments
"Lokomotiw" Ýaraslawl we "Ýak-42"
Penşenbe, 2011-09-08 20:46-de, Mirasymyz yazdy!7-nji sentýabrda Kontinental hokkeý ligasynyň 1-njy turynyň oýuny üçin Minsk şäheriniň Dinamosy bilen duşuşmaga ýola düşen, düzüminde ýaraslawlyň Lokomatiwiniň esasy düzümi bolan Ýak-42 uçary ýaraslawlyň Tunoşna aeraportyndan uçup ugranyndan tehniki sebäplere görä ýykyldy. Bortda 45 adam – 37 passažir we 8sany ekipažyň çleni bardy (şonuň 11-si daşary ýurtly).
"GEŇ-TAŇ GÖREMOK"
Penşenbe, 2011-09-08 11:40-de, kab yazdy!Janly gepleşikde "Geň-taň göremok" diýip bir söz düzümi aktiw ulanylýar. Bu söz köplenç üýtgeşik, täsin ýa-da seýrek gabat gelýän ilden çykgynç bir ahwalat, hadysa ýüze çykanda aýdylýar. Şu söz düzüminiň döreýiş taryhynda nämeler ýatyrka?
Belli mirasgär Ümür Esenowyň bir ýazgysynda türkmençilikde nesil daragtynyň atlandyrylyşy baradaky maglumatlary okapdym. Onda nesil daragtynyň ýedi basgançagy aşakdaky ýaly sanalýar:
1. Ogul.
2. Agtyk.
3. Çowluk.
4. Ýuwluk.
5. Gowluk.
6. Geňlik.
7. Taňlyk.
ÖZÜNI BILEN WELI (teswirlerden göçürilip goşmaça girizilen).
Penşenbe, 2011-09-08 04:13-de, Mirasymyz yazdy!Hormatly Agzalar!
Allaha şükür kämil dinimiz bar Adamyň doguluşyndan tä ömrüniň soňuna we ölümden soňky ýaşaýşa çenli Ýoly bize görkezýär, Hudaýa şükür dinimizi öwredýän (düşünmeýän, şübhelenjek bolýan meselelerimizi şolardan öwrenmeli Kapyrdan öwrenmeli däl)ulamalarymyz,ýaşulylarmyz hem bar kyýamata çenli hem boljak. Dinimiz hem kyýamata çenli dowan etjek.
Salam
Penşenbe, 2011-09-08 01:24-de, sookhan yazdy!salam dosler.menem su wagtdan Su saytda agza bolip sizin araniza gosldim yone bu sayt teswirler.coma yetermika?indy gormely .
Essalawmaleýkim, adminler, agzalar we myhmanlar!
Çarşenbe, 2011-09-07 12:08-de, kab yazdy!Essalawmaleýkim, tmolympiad.org-yň adminleri we agzalary!
Iki sagat iş edinip, zordan agza boldum, bu saýt birneme çylşyrymly ekeni. Bu saýt barada ozal kän eşidipdim. Ýöne hasabymy açdyryp bilmändim. Dogrusy, teswirler işläp durka bu ýere kän bir girmäge döwtalap hem bolmandym.
Indi bu ýerde näme etmeli? Bu ýer forummy? Pikir alşyp boljakmy? Agza sany, işleýşi nähili? Çat, şahsy habarlaşma ýaly zatlar barmy?
ŞÜKÜRLILIK.
Çarşenbe, 2011-09-07 10:48-de, Mirasymyz yazdy!* Eger şu gün irden sag-aman oýanan bolsaň, şu hepdede dünýäsini täzelän 1 mln. adamdan has bagtyýarsyň.
* Eger hiç uruş görmedik, tussaghana düşmedik, ezýet çekmedik we açlyk görmedik bolsaň, dünýädäki 500 mln adamdan has bagtyýarsyň.
* Eger öýden çykan mahalyň bir bela duş gelmek, tussag edilmek we ezýet çekmek ýaly gorkyň ýok bolsa, 3 mlrd. adamdan gowy ýagdaýdasyň.
* Eger diňe iýjegiň, geýjegiň, öz jaýyň we ýatmaga ýeriň bar bolsa, dünýäniň ilatynyň 75 prosentinden has baýsyň.
Abdyrahman Jamydan bir hekaýat.
Çarşenbe, 2011-09-07 10:36-de, Mirasymyz yazdy!Bir sopynyň Käbä gidesi geldi,
Oňa “gitme” diýen enesi boldy.
Enesi näsagdy, takwa sopy hem
Enesini togap ederdi her dem.
Ene öldi, sopy satdy öýüni,
Ýene-de ol Käbä berdi küýüni.
Elli dinar boldy öýden düşen pul,
Hasa alyp ýola düşdi bu ogul.
Barýar sähra bilen geýip nagleýin,
Teşnelige boýun, açlyga boýun.
Ýöredi, ýöredi, menziller aşdy,
Bir gün welin, galtamana sataşdy.
Ol diýdi: “Eý, sopy, kisäňde näm bar?
Gapjygyňy ýyrtjak bolýarmy dinar.
Jahankeşde sopy – dogruçyl ogul,
Flood ucin...
Çarşenbe, 2011-09-07 02:44-de, Leo_Messi yazdy!Tuveleme 4 agza online'ouu. Birhili özumu, taze achylan sayty adam etjek bolyan yaly duyyan, hahaha, aslynda tmolympiad.org'i janlandyrjak bolyan, has dogrysy janlandyrasym gelyä, Ne gøzel saytlar, yuwashjadan yok bolup gityä welin, gynanyanda birhili. Ilki achjak bolanlarnda zahmet baryny cekyaler, gadyrbilmez bir iki sany troll eshek ucinem, ne gözel saytlar yapylya.