Türkmen gyzlary nadip oglan saylamali?

Bilşimiz yali her wagt oglanlar gyzlara teklip edyar.Emma köplenç islemeyan oglanlar hem teklip edyar.Gyzlaryn oglanlarynky yali seçip,yanina barip aydip bilmek mümkinçiligi az.Ya utanar ya-da özüne gurur meselesi görer.Emma oglanlar islan gyzyna baryp söygüsini aydip biler.Gyzyn halan oglani gelip söyyanligini aytmasa gyz name etmeli? Gyzlarda saylama şansy azrakmyka diyip pikir etyan.Halan oglanyna halayanlygyny içinde saklap gezmek öran kyn.Türkmenistanda köplenç gudaçylyk bilen durmuşa çykylyar.Tanamadyk oglanyna durmuşa çykmak samsyklyk diyip düşünyardim.Emma köp joralarym gudaçylyk bilen durmuşa çykdylar.We durmuşunun gowylygyny aytyar.Emma okuwly gyzlaryn düşünjeleri kan bir beyle dal.Olaryn düşünjeleri oglany gowy tanap son durmuşa çykmak.Diyeli bir oglan seni halayar,senem ony halayan.Emma oglan hiç hili ön adim adenok.Söyyanligini açilip bilenok.Haçana çenli garaşyp gezmel bolyar gyz?Eger söyyanligini aydip bilmeyan bolsa bu nahili oglan bolyar???

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • Mergen 1 telpek goyyar we yazyar: "Sonunda, utanmanjyk yazip bilmani basharanyn uchin !!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Goze seretmek(Eye contact)

Goze seretmek(Eye contact) gaty kyn zat. Biz Aziyalylaryn kopusi sony edip bilenok. US de bolsa birinin gozune seretman gurlesen asgermeyan yali bolya. Gecen gun sapakda bir mollum sorag berdi. Herkim cekinisip otyr. Son orta cikip isledim. Ol mollum gozumin icine seyle bir seretdi welin icimden gecip gitdi. Gaydip kan golaylasamok. Ol su yil US de masterini gutaryp gelipdir.

Garaz, obaly gyzlaryň

Garaz, obaly gyzlaryň ýagdaýy, Eneş, seňkiden 1000 esse beter. Senä okaýarsyň, özüňem şäherlä meňzeýäň. Soňunda gowy oglan gabat gelmegi has mümkin. Onaly gyz pahyrlar ýaltalaşypdyrlar, bir işsiz oglana baraslary gelenok. Obadaky oglanlaryň bolsa köpüsi işsiz. Bolsa olara okuwly we işli gerek. Olar gara iş edip, ýer depip ýaşaslary gelenok indi...
Şu ýagdaýda obadaky okuwly, ýa baý oglanlaryň eli gelýä. Edil döw ýaly bedroý oglanam bolsa, üzümiň suwy ýaly gyzy alýa :)
Bir mendenem 100 esse beter oglan gaty owadan gyzy aldy. Gyzam nätsin, razy boldy, sebäbi baý we okuwly oglan. Gyz akylly, gaty görmegeý. Meň gyz jigimiň ýanynda "waý ol şeýle bir gorkunçda" diýip nalapdyr, durmuşa çykmanka... :D
Aý häsiýeti gowy bolsa bolýada...
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

Enesh, Oglanlar ach achan

Enesh, Oglanlar ach achan aydyp bilyar diyipsin.

Mena hich hayal edip bilemok,"a gyz men seni chyn yurekden soyyarin" diyjek gunumi.

wah

wah Bezirgen abi Kerim agan ol setirlerini okayan bolsa, bolmanda hiyala edip bilerdi oydyan.

yene 1 zat

kabir agzalarymyz gyz agzalary herekede gecirmek ucin kabir zatlar yazyalar oyun edip, gyzlar muna, elbetde, dushunyandirler :)
Ya olaram oyun edip yazayyamykalar shol yazgylaryny!?

"Turkmen gyzy nadip oglan

"Turkmen gyzy nadip oglan saylamaly?"

Oglanlar nadip saylayan bolsa, gyzlar hem sheydip saylamaly.

Mena umuman aydanynda kanbir tapawut goremok, yone "detail" lere girsen kabir tapawutlar bolmagy mumkin...

habarcy-aracy

kop gazanyamyka, ya haysy restorantda nace nahar mugt dushyarka, ya ozi aracy boljak bolup ashyk zadam bolyamyka, % basharnykly bolyakalar, ..!?
Ay, nabileyin-da, menin yaly copanlar ucin bu yagdayam kyn bolaymasa :)

Ay Atamyrat aga bir zady

Ay Atamyrat aga bir zady dogry aydya yone, men ozum tema achamson ideyamy ogurlap bashga tema achayipdir gyzlar, ozleri men temamda bir gepem yazman...
Ay natjek, olar bize gyz saylamakda komek etmese-de, biz komek edayyasda :D
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

Indiii

Indi asyl mowzuga geleli.menche gozlere we hereketlere ilkibada ynanmaly dal.Oglan ya-da gyz hereketleri bilen belli edip biler,emma niyeti "seryoznyy/ciddi" bolman biler.Gowuja anygyna yetip,song halayanyngy aytmaly.Diyjek bolyanym,awchy yaly tummeging angyrsynda yatyp,dogry wagtda we dogry nokada(target) atmaly.:)

Bahga

Barde bashga-da soyyaningi aytmakdan utanmak barada gurrung gidipdir.Shulara bir goz aylang,peydasy degip biler.
Love shy

Enesh gaty govy tema

Enesh gaty govy tema acypsynay,

Kop wagytlap menem kellamde su sorag bardy, Gyzlar bir og;ana goni diyse ayip gorulyar.

Yenede is gyzlaryn ozune dusyar, bir oglany halayan bolsalar bir zat edip sona bildirjek bolyarlar.

Mena daly jogap berip biljek dal su soraga yone bir yer bolsa gyzlaram oglanlaram oylenmek yada durmus gurmak islan wagytlary ol yere suratlaryny oz sahsy durmuslaryny goysalar ol adam bilen gyzyklanyan bolsanyz ona duydurup durmus gurulsa hasam gyzykly bolardy.

Bu yerde internetde edyarler, internet govy bolanok, 3. bir ylalasdyryjy bolmaly.

İndi internet govy yayrasa,

İndi internet govy yayrasa, shu gyzlaryn derdini has yenletmezmika ?? Ya olaryn kopusini yuzi yirtik hala getirermi ??

Ozune govunlik beryanmi

Ozune govunlik beryanmi Bayram aga ?? :))) Gorkunch bolmaly dal how, ve oglanyn mahir'i gozlerinden okalyandir, yuz keshbinden dal !!!

HAwa, shu dogry. Mana ylmy

HAwa, shu dogry. Mana ylmy yolbashchym, prof birinji gezek gygyranda seretmedim yuzune, yuzumi ashak saldym welin "mana seret, nira seredyan?" diydi welin jynym atlandy. Indi bolsa bir zat diyeninde gozune seretsem ozi gozuni bashga tarapa owurya geplande, garaz dowamly seredenokda. Sebabi Mergenin aydyshy yaly gashlarym meni gaharjan edyandir
PS Ozem men hasiyetime owrenishdi azajyk indi. Men kritikany gaty agyr kabul edyan. Amerikanlar bashlyk gygyrsa hich zat bolmadyk yaly, olar owrenishen, men bolsa keypim gachya. Indi mana gygyrmajak bolya professor, sebabi sahel zadyn ustunde gygyrsa 1-2 gun gepleshman gezyan :D
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

Men kömekleşeýinmi? :) PS

Men kömekleşeýinmi? :)
PS Meniň özümemä ŞOL sözleri aýdyp görmedim...
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

ilki bilen Hudaying özi

ilki bilen Hudaying özi yurekdeş biri bilen duşurmali
song saylamaly yerine gelende bolsa eger iki tarapyngam az da kande bir birlerini gowy görip yone birek birege açylmany utanyp çekinyan bolsalar onda HOKMAN "arabulucu" tapmak gerek diyyan meselem ony tanayan biri. we ol kişi seng duygularyngy onga agtarip bilyan bolmali.
ya bolmasa 2. yolu seçmeli..:D

aslynda

bu ishin "ehil(ussat)"leri bardyr, ikimiz yaly utanjanlar umumy jogap yazyshyp oturmaly dalmikak diyyan, sen name diyyan, Harezmi :)

...

serdar01 wrote:

Enesh gaty govy tema acypsynay,

Mena daly jogap berip biljek dal su soraga yone bir yer bolsa gyzlaram oglanlaram oylenmek yada durmus gurmak islan wagytlary ol yere suratlaryny oz sahsy durmuslaryny goysalar ol adam bilen gyzyklanyan bolsanyz ona duydurup durmus gurulsa hasam gyzykly bolardy.

Bu yerde internetde edyarler, internet govy bolanok, 3. bir ylalasdyryjy bolmaly.

belki internede "arabuluculuk" ilki şun yali gowy pikir ustu bilen yuze çykandir oydip pikir edyan oyne şu wagtky yagdayda jylky çykypdyr oytyan.. Yone shu wagt artik biraz kammileşipdir. chat siteleri yalak yerlerde arkayyin gurleşip pikir alişip bilyarlar. yone ol yerem kan ynam bolmayar. Meng bir iki tanayan dostlarim internetde tanişip drmuş guran dostumlarim ve tanyşlarim bar. Ong yalak deng gelyanem bolyar.

All roads lead to Rome

pardon konuyla alakasız bir

pardon konuyla alakasız bir sey yazıyorum
msn adresin name ıslam?

Aý dursanahow, Mergen, men

Aý dursanahow, Mergen, men özümi BEÝLE gorkunç hasaplamok. Bolýada, erbet dälä :)
Ýa gyzlar aýdaýsyn, meň suratlarymy gördüler. Bir tyrryk üçlüjegä bolar?! :D
PS Mähir meselesi hasam kyn. Meň ýüzümde, gözümde mähir ýok. Aýdýana, meň gözüme 3-4 sekunddan köp seredip bilýän ýok...
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

goz onume gelyar. Harezmi

goz onume gelyar.

Harezmi agamyz bir gyzyn onunde utanyp dur, yzyna seredyar, yzyndada biz uyship one itekleyaris "Bar how! Iyesi yok" diyip.

haha :)

Quote: onda HOKMAN

Quote:

onda HOKMAN "arabulucu" tapmak gerek

Aradaky bulujy sokup ony yuzigara etmeseler bolya :D Ya-da aradaky buluch soygulileri yuzigara etmese bolya :D
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

hmmm...

bitarap wrote:
serdar01 wrote:

govy bolanok, 3. bir ylalasdyryjy bolmaly.

belki internede "arabuluculuk" ilki şun yali gowy pikir ustu bilen yuze çykandir oydip pikir edyan oyne şu wagtky yagdayda jylky çykypdyr oytyan.. Yone shu wagt artik biraz kammileşipdir. chat siteleri yalak yerlerde arkayyin gurleşip pikir alişip bilyarlar. yone ol yerem kan ynam bolmayar. Meng bir iki tanayan dostlarim internetde tanişip drmuş guran dostumlarim ve tanyşlarim bar. Ong yalak deng gelyanem bolyar. .

bolup biler, goshulyan!

Quote:

All roads lead to Rome

ensalla:
All roads lead to Turkmenistan bolar!

Haha...Sana betgelshik

Haha...Sana betgelshik diyseler, TM'nin 70-80%'i betgelshik diymek bolaymasa :)) A seni gaharjan gorkezyan zat gashlaryn bolup biler, senkiler biraz gur ekeni ve bu erkek adamy biraz gaharjan gorkezyar...Yone sen mahir'li bolman bilmaymesen, yazyan zatlaryndan mahirsiz oglan daldigin gorunyar, belki gorenlerin, yashan vakalaryn ol duygylary biraz gorulmez hala getirendir, yone ol sende 100% bar...
P.S. Men serederin senin gozune 4 secunt, gorkyan barmay senden :D

Yok how

Atamyrat wrote:

goz onume gelyar.

Harezmi agamyz bir gyzyn onunde utanyp dur, yzyna seredyar, yzyndada biz uyship one itekleyaris "Bar how! Iyesi yok" diyip.

haha :)

Yok how munyn ichinde dine utanmak yok, munda "pride/gurur" hem bar...

Haha

Atamyrat natdingay muny?Name Harezmi bir gyz bilen dushsa uyshup gitmelimi?:)Mena sheyle uyshup gidilyan dushushyk goremok ya-da taze teoriyamy?:).Ustesine ol beter utanar how!

Bezirgen aga, wagty gelende

Bezirgen aga, wagty gelende senem aydarsyn-da, inşallah :))

Sabryn öz wagty bar, awman öz wagty diyyar mi Kerim aga? :D

jogap bar-a

Jemal wrote:

Hmm, gaty gowy sorag.
Hawa yigitler hany umumy jogap?! Ol Enesh bu zatlar mende boldy diyenokmyka d/p dushundim mena, a yone sizler name pikir etdinizler?
Bir zat yazsan ol hokman ozunde bolyan waka dala, durmushda yada goren eshiden zatlaryn hem, biljek bolyan zatlaryn hem yazylyp soralyara...
Hawa son turkmen gyzlar nadip saylamaly ozune gabat gelayjek oglany:) Mena hakyky gyzyklandym name d/p pikir etyanizler..!!! Shol bir zat yazyanyzlar...

Jemal, jigim, yokarda oglanlar hemmeje jogaplary berip cykypdyrlar-a, sen bolsa "baryn bir zat yazyp cykypsynyz" diyen yaly edipsiniz, asyl Bayram aganyn acan "haysy gyzy secmeli blogynda gyzlar yazaymandyr", "ody ozune bas,otmese keseka" diyilyar-a :)

beh

yogsam, elinde subse, derrew urjak bolup dursun-a, men hem hazir oglanlar kopka, we Jemal yokka derrew yazyp gacayin diyipdim, asyl gelen ekenin-a, 1 cemce ganymy geceweri :)

nişan

Mergen wrote:

İndi internet govy yayrasa, shu gyzlaryn derdini has yenletmezmika ?? Ya olaryn kopusini yuzi yirtik hala getirermi ??

seng diyyaningem bolupbiler

yone meng kellame taze piki geldi.
hany turkmençilikde kan "nişanlanmak = adaglanmak" kelimesi o kadar yayygyn dal. turkiye de kop adam ilki adaglanip 1-2 yyl gechen song oylenyalar. shung yali TMde de oylenjek bolyan kandidatlar oylenmezinden ong adaglanip song oylenip bilerler. (sonky dowir biraz moda bolupdyr :D) sheylelik bilen saylap bilerler her iki tarapam

Aleyk copan copan diyip alip

Aleyk copan copan diyip alip yatjag-ow Ata Aga sen-a!:)

Hz. Isa da copandi:)

Ozuni keceltmek ucin basga gurrunler tapay indi. Ol indi garraydi oydyan:)

copan

name, indi copan bolanlygymy inkar edeyinmi, one dowam, yza yol yok!

Adagly(gudacylyk=sozli=nishan) 6 ay, in kop bolsa, 1 yil gowy bolar, yogsam, onunam suwy cykyp biler! Bagtly boljak bolsan muny hem pikir etmelimika diyyan, sebabi, erbet tejribeler barada eshidipdim, TC-de!

Bah. Menem shu hakda pikir

Bah. Menem shu hakda pikir edipdim we begenipdim oglan bolyp dogulnyma:) Ay yöne gyzlar hem çalaja bildiryalera, gaty bir bildirmejek bolyalar yöne bildiryar.

egerde söyyandigini

egerde söyyandigini aytmayan bolsa.. sen nadip onyn seni söyyandigine karar berip bildin?
diymek belki-de seni söyenokdyr.. dine dostlykdyr??
eger söyyandigine doly karar bersen, gyzyn özi teklip edaymeli-da.. name boljak.. onsuzam oglan edip bilmeyan bolsa?
dogrydanam oglan bolup dogylanyma mün şükür!

TM gyzlar

TM gyzlar sheyledir-le, TC gyzlar-a kan beyle dal. TM oglan hem sheyle TM gyzlarynyn umlerine-de dushunyandirler-le, yone, diymek, ishin icinde bashga zat bolup biler, elbetde, bu menin pikirim.

Gyzlarynky, hakykatdanam kyn we saylama shanslary az!
Biribar olara(siz gyzlara) hayirly netije ucin komek etsin!

Yok kawagt oglanlar hem gyz

Yok kawagt oglanlar hem gyz yaly bolyar. Gyza aydyp bilmeyan wagtlaryng bolyar. Yöne gyzlaram çala bildiryaler, adaty zat, hiç hili geng görmeli dal. Yöne eger oglan gyzy halamayan bolsa,yöne dost yaly özüni alyp baryan bolsa, gyzam oglana göni teklip etyan bolsa gaty beeep bolyar. Onsong shol gyzdan gaçyp bashlayang.

Bir oglanyn gyzy halap

Bir oglanyn gyzy halap hamadygyny anlamak kyn zat dal.Özüni alip barşindan düşünüp bolyar.

onyn yaly doly takyk bilyan

onyn yaly doly takyk bilyan bolsa, gyzyn özi teklip etse tapawyt bolmaz ahyryn..gyzam söyyar, oglanam söyyar..
hiç bir problema çykmaz..
yöne oglan söymeyan bolsa, onda gyzyn abrayy gaçar.. :-/

Enesh, sen menin gulajygyma

Enesh, sen menin gulajygyma ayday ol oglanyn kimdigini, men senin yerine dash edip aydip bererin :))
Oglanlaryn utanjanlary kop, kamahal soyyandiklerini aydip bilenoklar ya-da yetishenoklar ve sheydip gyz bashga birisine gidyar, onson sachyny yolup oturyalar "Vahh, kashka aytsadym shol vagt, gaty gitse 1 sovunch ya-da "YOK" eshiderdim, yone shol "Yok" hem 1 jogap, erbet bolsa-da, in azyndan oz ozumi gunakarlemezdim soyyanligimi aytmadygym uchin" diyiship...
Eger garshydaky oglanyn soyyanligini 99% bilyan bolsan yone oglan utanjan bolsa onda 1-nji adimi sen atmali bolarsyn...Hokman dal baryp, boynuna bokup, "Menem seni soyyana, nama utanyan aytmana?" diyip durmak, yone hereketlerin bilen, yuzundaki yilgirshin bilen "OK" ysharatyny bermeli oglana(kabir gyzlary goremde gorkup gidyan mena, meselem sizin terbiyechileriniz :D). Oglan salam beren vagty 1 zatlardan gurrun ach, oglanyn ozuni rahat duymasyny upjin et, birazajyk gul, yilgir ve sagbollashmankanyz hokman dialog'yn sana yaranyny, bashga bir vagt'da dovam etdirmek isleyandigini ayt, koroche oglana her ish edip bir ish edip Yashil ishik gorkezyanini bildirdaray sozler bilen, yone baryp goni "Men seni soyyan" diysen birazajyk bolsa-da gyzygyny gachyrarsyn "uhajyvat" diyilyan procesing...

hmmm

gyzyn oglany halayandygy gözlerinden bellimiş:)yöne dogrymy aytsam ya meni halayan gyz yok yada men gözlerine seretyan gyzym yok:)ay garaz konfiçyüzzz kakamyza şey diiya
gyzyn gözi oglany halanyny aydar oglanynam gyzyhn gözüne seredip bilmeyşi gyzy halayandygyny aydar...bilmedim mena

"Türkmen gyzlary nadip

"Türkmen gyzlary nadip oglan saylamali?"

PITIKLAP :))))

Nirelerini ?? :))))

Nirelerini ?? :))))

Aý özüm käbir zatlardan

Aý özüm käbir zatlardan aýdaýyn, bilemsoň.
Eger oglan yrasy gelse, halamasa hem "halaýan ýaly" hereket eden bolýa, diňe söýüşmek üçin.
Ýöne bärde gep munda däl. Eger hemme zat AÝAN bolsa, oglanam "Mus... Mus..." diýip ýören bolsa, "Mustapa" diýmeýän bolsa onda gyzam gowy adam şekilli kakdyraýmalydahow! :)

---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

Gyz hem "Tapa....Tapa..."

Gyz hem "Tapa....Tapa..." diyip dursynmy "Mustapa" emele geler yali ? :)))
Bu zatlar yene-de biraz gatnashygyn azlygyndan gelyar, yogsa A-bat'da zatda sheyle bir turkmen gyzlar bar, sen entak govy synlap yetishmankan jorasyny iberip, "Menin jorap halapdyr seni, baray shonyn yanina" diydiryaler...

2005-nji yilda 1 dostym aydyadi "shu yildan son gyzlar oglanlara soz aydip bashlayamish" diyip, men shonyn dogry aydyanina 1 yil gechmanka shayat boldum :)))

Aý her kimiň owadanlygy

Aý her kimiň owadanlygy seňkiçe däldirdä, şoň üçin 2005den bäri gyzlaryň özleriniň aýtdyryp başlanyny men duýmandyryn :D
PS Diňe hytaýlar belli edäýmese :D Haha...

---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Orazdurdy 1 telpek goyyar we yazyar: "şol hytaylyny meşhur etdiniz.. anyrsynda birzatlar bar diysene.. :)"

Quote: PS Diňe hytaýlar

Quote:

PS Diňe hytaýlar belli edäýmese :D Haha...

Hahah...Senem shol hitay'lilardan sypyp bilman yorene menzeyanle, ya sypmak niyetimem yok diyyanmi ? :)))
Yone oglanyn gyza yaramagy ovadanlykda dalmika diyyan, men olar yali ovadanam dala gyzlar yapiship yatar yali, bashga birzatlar chekyan bolmaly olary :))
P.S. Hitay'lilara ayt "Menin bilen soyushjek bolsanyz yaninzda taburetka gotermeli bolarsynyz, yogsa menin egilmekden yana bilim agyrar" diyip :D....

Aý men hytaýlylar diýip

Aý men hytaýlylar diýip degişdim, edil beýle hatara duranoklarow öňümde! :)
Ýöne maňa hem gowy görýänini aýdan gyz az bolmady TMda. Emma men olara kän bir ynanmadym, ol nähili men halap bolýa, eger meni tanamasaň, meň bilen köp iş salyşmasaň?! Haýran galaýmaly! :)
Özümem beýle owadan oglan däl, onsoň her bildiren gyza seretmedimem, sebäbi kellämde "aý obanyň gyzyda, pahyr, okuwly oglan tapjak bolýa, şol sebäplem ozem bildiräýýä" diýip geçýädim(käwagtlar :D).
Garaz, ol gyzlaryň hem bir gowy oglana baraslary gelýä, emma obaly beýleki oglanlara göwni ýetenok. Onsoň men ýala belli edäýýalar :D
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

Hava, bular yalilar hem az

Hava, bular yalilar hem az dal...
Menem shu tomus 1 garyndashymlara hudayyola bardym, anyrda birgiden gyzlar hyzmat ediship oturan ekenler, shol yerde 1-2 sagat oturyp, dayimlar zatlar bilen gurleshyancham eyyam 1 gyz eylak gechip 1 seredyar, beylak gechip ondanam erbet seredyar...Ay koroche gaytjak vagtym yeninden tutyp bir gyra chekip "Sen kimin gyzy ??" diyip soradym, oda "Planynyn gyzy" diydi, yzyndanam "Yatdan chykarayma meni, belki sonlar gorusheris" diyyar :))) Ay gulkimem tutdy, biraz yuregim hem avady...Olarda kan bir "vybor" hem yok, shol yerin oglanlaryna menzemeyan birilerini gorseler namedir oydup, goni "bolya" diyjege menzeyaler...Bularynky bir simpatiya, yone bu zatlara gora durmysh gurulmayara...

ha-ha

Bayram wrote:

Aý men hytaýlylar diýip degişdim, edil beýle hatara duranoklarow öňümde! :)
Ýöne maňa hem gowy görýänini aýdan gyz az bolmady TMda. Emma men olara kän bir ynanmadym, ol nähili men halap bolýa, eger meni tanamasaň, meň bilen köp iş salyşmasaň?! Haýran galaýmaly! :)

Ha-ha , Harezmi mana yrsarayady welin, indi bashga-da birini tapaydy oydyan, gen zat, bu babatda entak yazmandyr :)

Ay, onsonam, menin okuwcym-da, "shagirt halypasyny gecmese" bolmaz-a :)
TC gornushi "shah gulagy gecmel", shu yagdayi goz onune getirip bilemok how, Bayram we ona teklip eden gyzlar hatary :)

Aslynda, Harezmide-de sheyle yagday bardyr welin ya "saman astynda suw goyberyar"mika diyibem goryna :)

atdashyn goz onune getirmesini okap gulenimi bilman galdym :)
Sizem guldunizmi!?

:) kop ekenay

ata wrote:
Bayram wrote:

Aý men hytaýlylar diýip degişdim, edil beýle hatara duranoklarow öňümde! :)
Ýöne maňa hem gowy görýänini aýdan gyz az bolmady TMda. Emma men olara kän bir ynanmadym, ol nähili men halap bolýa, eger meni tanamasaň, meň bilen köp iş salyşmasaň?! Haýran galaýmaly! :)

Ha-ha , Harezmi mana yrsarayady welin, indi bashga-da birini tapaydy oydyan, gen zat, bu babatda entak yazmandyr :)

Ay, onsonam, menin okuwcym-da, "shagirt halypasyny gecmese" bolmaz-a :)
TC gornushi "shah gulagy gecmel", shu yagdayi goz onune getirip bilemok how, Bayram we ona teklip eden gyzlar hatary :)

Aslynda, Harezmide-de sheyle yagday bardyr welin ya "saman astynda suw goyberyar"mika diyibem goryna :)

atdashyn goz onune getirmesini okap gulenimi bilman galdym :)
Sizem guldunizmi!?

Tuweleme menden hem kop gulyan bar ekeni :-)

Göz meselesi

Meň gözüm adamyň içinden geçýän gözler. Erkek bolsun, gyz bolsun gözüme 3-4 sekunddan köp seredenoklar... Mümkin ýa men gorkunç, ýa men gaharly görünýän...
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

ylalasmak

govy bilemok yone Mevlana diyyar oydyan " in govy ylalasanlar bir dili gepleyanler dal bir düsünjede bolanlardyr" diyyar. masgalanyn kyymaty(degeri)biri birin bilen onat ylalashykly bolmak bilen ölçelyan bolsa eydeceksin beydeciksin senin bilen bir düsünjede bolan birisini tapajaksyn

Quote: Türkmen gyzlary

Quote:

Türkmen gyzlary nädip oglan saýlamaly?


Men şeýdip saýlamagy maslahat berýärin :D

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Tagan 1 telpek goyyar we yazyar: "Gowy metod, tol'ko bez ruk :D:D"

:)

gyz agzalar entak gormandirler oydyan:)
gowy maslahata-ha menzanok, onem birinin pitiklap sayla diyshi yaly:
gyzlar nahili surat goyarka oz bloglarynda:)

sana !

ganjik guyruk bulamasa kopek neylesin !!! her kim ozune geregini alarda ! :)

sabyr

sabyrly gul dura bara shat bolar!
oglanyn ozi gyzy saylayancha garashaymasan, bashga alajyn yok :D (oyun edyan)

Ya-da onune 15-20 sany oglan

Ya-da onune 15-20 sany oglan alyp, bashla "Atdy batdy, b*ka batdy...." diyip, kime dushse shona kayil bolmaly borda :))

ay

Gyzlaram secmede sheyle kyncylyk cekyan bolup biler welin, kabir gedemsi gyzlaram sheyle bolmasyn!!!

menin kursdaşym

menin kursdaşym şuvagt bir gyz bilen söyüşyar... gyz özi ony halayandygyny aytdy... hiçbir problema yok aralarynda... menin pikirimçe eger gyz halayan bolsa özi aydibermeli.. yada bildirmeli (namyok)..
name uçin gyzlar hemişe oglanlaryn adim atmegini garaşyar?

Basha gelen..

Bir tanyshymyng bashdan gechirenini paylashmak isledim:

Dost oglanlaryng biri gyzy halayar, gyz hem ony yone ikisem bir birlerine aydyp bilenok. Ahyry oglan gidip aydyar we razylashyalar. Bular abedi-juyje bolup 3 yyl toweregi soyguli bolyalar. Song gijijek bir mesele chykyar welin, yangky gyz: "Name ozung dalmi ilki soyup bashlan, ozung dalmi ilki soz aydan?" diyip bir zatlar talap edyar. Oglam bolsa songky nokady goyyar: "Name men haladym diyip, ozung halaman men sozume bor diydingmi?" diyyar we aralary bozulyar. Bu yerde gyzyng oran ongat bir zady sozleri bilen erbet gorkezip oglanyng ustune atmak islemegi bilen netije ayrylyk bolyar. Song, gyz oran kop goz yashy dokdu, emma oglan gyzyng shol sozleri uchin ony bagyshlamady! Olam isleyardi bagyshlamagy emma, etmedi!

"Dile bolmasa dishe gala
Song gozleri yashly bala "

Aý oglan kiçi mesele

Aý oglan kiçi mesele bolsa, beýle ulaltmazdy. Ýa öňden bäri aýrylyşmagy ýüregine düwendir, ýa-da bir prinsipial meselede dawa çykandyr.

---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Has gadrly bolyandyr

Has gadrly bolyandyr oydyaler eger oglan birinji aytsa, koplench sheylede bolyar yone, mena makullayan...
Gyz goni oglana aytmasada, hereketleri ya-da sozleri bilen duyduryp biler, edip bilmeyanler hem joralaryndan zatdan sorap ovrensinlerda :))

aymasalaram ...

Aytmak sheyle kyn bolyan bolsa duydursunlar. Olam kyn bolyan bolsa hat yazsynlar. Ay hatam yazyp bilmese joralaryna yazdyryp ashagyna gol chekaysinler how.
Ona edip bilmeseler oz gunlerini ozleri gorsunler onda. Name erkek diyyanung na duygusy yokmy, robotmy? Natdingizay walla. Yok, jorasyna telefon nomerini bersin shunga jang etmelimish diysin, garaz yoluny tapmak kyn dal.

"Erbet tanschyngam bahanasy tekerleri"mishin. Taze bolandanmy, yarylmasyn diyip ayayalarmy namemi?

Quote: "Erbet tanschyngam

Quote:

"Erbet tanschyngam bahanasy tekerleri"mishin. Taze bolandanmy, yarylmasyn diyip ayayalarmy namemi?

Haha..Muny orslaryn "horoshomu tansoru "tekerlekler" mishayut" bolyamy ?? :)) Yone yarylmasyn diyyanin ... :D

: ay, senem, degishgen-ow,

: ay, senem, degishgen-ow, Gurdow agam, bir yerde sheyle yagday ucin bir-a mujerret ederin diyen yaly edipdir, belki-de, hakykatdanam, mujerret gider/oter beyleki aleme :)

"tudana oz wagtynda bisher"

"tudana oz wagtynda bisher" ere gacmanka gapmalyda.

The four things women

The four things women absolutely need to find in a husband so they can live happily ever after:

1. Choose a man who complements you socially. Are you a couch potato or a social butterfly? It doesn't take a rocket scientist to figure out that couch potatoes are more compatible with other couch potatoes.

2. Choose a man who is on the same page as you when it comes to sexual likes and dislikes. No explanation needed.

3. Choose a man who complements you financially. Talk about money before you walk down the aisle.

4. Choose to marry a man who matches you spiritually. Again, keep it simple. If you are religious, marry someone who shares your faith.

ay gowja gorseng ay pglan

ay gowja gorseng ay pglan soyushyaning yok bolsa soysheli diyaymeli eger bar dise hem yadyngda chykarmaly hemme zady we tazeden başlamaly hemme zada.hehehehe:):(