Dr. Farzad Marjani bilen söhbetdeşlik (Jogaplary 2)

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam ildeşler, şeýlelik bilen meniň nähili ýaltadygymy öwredip bildim öýdýän. :)

Söhbetdeşligiň öňi: http://www.tmolympiad.org/index.php?q=node/934
aşakdakylar dowamydyr.

11. Siziň özüňiz Iranda dogulypsyňyz, soňra Türkiýede okapsyňyz, siziň Türkmenistan bilen nähili baglanyşygyňyz bar? Sebäbi siz türkmenler peýdalanar ýaly websahypa açypsyňyz. Siz özüňiz türkmenmi? Şu barada aýdaýsaňyz. (unknown)
(gülýär…) Hawa, meň özüm türkmen. Taýpa-maýpa gerek däl. Irandaky türkmenleriň kimdigini herkim bilýändir. Diňe türkmen bolsaň, ýetýändir. Türkmenistanda dostlarymyz bar. Websahypa üstü bilen hemme dünýäden günde 100-200 sany e-mail gelýär. Men “Dünýä Türkmenleriniň Gumanitar Birliginiň” ynsanperwer ilçisi. Şonuň içinde Türkmenistana gidip-gelýäris. Biziň kalbymyz Türkmenistan üçin urýar. Biziň Türkmenistanda pasportymyz bolmasa-da, biz özümizi Türkmenistanly hasap edýäris. Türkmenistanly bolmak üçin Türkmenistan pasporty gerek däl. Ol ýerde dogmak hem gerek däl. Şol pasporta eýe näçe adam bardyr, hak etmeýän.
12. Türkmenistan bilen baglanyşykly habarlary almak üçin köplenç siziň websahypaňyz arkaly “Watany” görýäs, ilki bilen şonuň üçin ullakan sagbol.
Siziň şahsy durmuşyňyz barada kän bir maglumata eýe däl ýöne siz websahypaňyzy öz islän ýol-ýörelgeleriňiz boýunça alyp barýaňyz. Sizi has Türkmenistan hökümeti bilen bir ýolda bir-birini goldaýan şeklinde ýöretmek ugrunda pikiriňiz barmy? Bu soragy şu sebäpli soradym: bir näçe ýyl mundan ozal bir hökümet işgäri bilen gürrüňimizde siziň web sahypaňyz barada öz pikirlerini aýtdy, şonuň pikirleri şu soragym ýalyrakdy. (serdar01)

“Goldaýan şeklinde däl” diýip, hiç kim diýip bilmez. Biz Türkmenistan üçin janymyzy bereris, websahypamyzy-ha rahat bereris. Ýöne biz dogryny aýdarys, dogryny ýazarys. Türkmenistanyň içindäki ynsanlar, hemmesi bilýändir, ýagny, bu türkmen websahypasy türkmen halkynyň medeniýeti üçin işleýär. Başga bir türkmen aýry bir websahypa däldir. Beýle bolsa, men her ýyl Türkmenbaşyny görüp bilmezdim, otyryp bilmezdim.
13. Siziň websahypaňyz internetde 1-nji açylan türkmen websahypasy. Siziň asyl ugruňyz web designer we habarçylyk däl öýdýän, siz sahypaňyz üçin öňümizdäki ýyllarda etsem-pessemleriňiz barmy? (Atamyrat tm-olympiady her hepde diýen ýaly üýtgedip dur :) )
(serdar01)

Internet radiosy we internet telewizýony etjek işlerimiz. Radioda “test yayına” başladyk. Ýöne oňa köp wagt gerek. “Speaker” gerek, işlemäne adam gerek. Olaram dolandyryp durmaly bolýar. Inşalla wagt bilen telewizýonda bolar, radioda bolar. Häzir radio bar diýeýinde, mundan hem gowyrak bolar, “test”den geçip başlarys, Inşalla.
14. Siz ol maglumatlary nireden aldyňyz başda websahypany açan wagtyňyzda? Ol kyn düşmedimi hemme maglumatlary ýygnamak? (maýsa)
Oww kyn düşdi.. (gülýär..) Şeýle diýeýin men, bular 15 ýyllyk ýygnaýan zatlarym. Türkmenistan we Irandan ýygnadym. Iranda Türkmenistandan köp Türkmenistan barada kitap tapdym, diýeýin. Sebäbi Iran Magtymgulynyň ýeridir. Iranda 2 milýon türkmen bardyr.
Maglumatlar 2 tarapda hem bardyr. Türkmenistanda sowýet döwründe maglumatlar ýitirildi, emma ol ýerlerde galdy. Onuň üçin men hemme ýerden maglumat ýygnaýan. Kyn ýöne zähmet çekilýär, oglanlar hem kömek edýär. Men nirä barsam hemişe şu iş üçin gitýän. Aşgabada gidemde bir hepde galsam, 3 gününi kitap, cd, aýdym yzynda geçirýän.
15. Sahypa üçin bizden kömek gerekmi we nähili kömekler? (tmolympiad.org eýesi)
Walla kömek gerek… habar barada gerek, habarlaryň taýýarlanmagynda kynçylyk çekilýär. Ýöne bu iş üçin ynsan ömrüni bermeli bolýar, köp wagtyňy alýar. Kömek bilen bolmaýar, profesýonal sistem bolmaly, emma onyň häzir wagty däl.Adam tutup etdirmek bilen bolýar.
16. Siziň Iran Yslam Respublikasy hakynda näme pikirleriňiz bar? Soragy Iranda doglansoňyz soradym. Hemem özüm Iran hakynda birzatlar öwrenesim gelýär. (Balkan)
Iran Yslam Respublikasyda bir döwlet. Men şuňa ynanýan,her halk özüne laýyk bolan döwletine eýe bolýar. Diýmek ol ýerdäki ynsanlar üçin Yslam Respublikasy laýykdyr.
Her kim öz laýygyny tapýar.
17. Dünýä garaýşyňyz nähili? Günbatar, türk, türkmen, iran, bilimi ýa-da dini garaýyş? (Balkan)
Meň dünýä garaýyşym türkmençilik. Türkmençilik, türkmençilik, türkmençilik. Başga-da zat ýok. Bilim-milim hemmesi 2nji, 3nji zatlar. Öňünçä türkmen bol, ondan soň musulman bol, problema däl. Komunist bol, kapitalist bol, näme bolsaň bol, emma öňünçä türkmen bol. Iň möhüm zat şol. Türkmen bolanyňdan soňra, ol diýlen zatlaryň hiç ähmiýeti ýok. Türkmen bolanyňdan soňrakylar, öz ýolyňdyr, öz hakyňdyr.
18. Siziň Yrak we ABŞ hakynda pikirleriňiz näme? (Balkan)
ABŞ-nyň demokratiýasyny Yrakda göremok diýäýeýin.
19. www.baysandenetim.com we www.turkmens.com –yň dizaýny we reňkleri meňzeş. Siziň saýtyňyzyň bezegi häzirkizaman we özüne çekiji däl (men diňe dizaýn barada aýdýaryn). Soragym ýok, maslahatym bar. Sahypanyň görnüşini täzeleseňiz minnetdar bolardym. Işiňizde üstünlikler. (Agajan aga, aA)
Şuny etmek üçin köp wagty bolan adam gerek. Biz görnüşine däl, içindäkilere seredýäs, ähmiýet berýäs.Basym bolmagy üçin edildi. Türkmenistandaky internet tizligini bilýänsiňiz. Pakistandan, Irandan, Owganystandan, Türkmenistandan girýänler zähmete düşmesin diýip, sada edildi. Oýnaş zatlary goýmaýarys. Gelejekde belki ederis elbetde…
20. Menem şony aýdýan. Iň gowysy sistema ýazmaly. Habar goşulýan/pozulýan bolar ýaly, şonda has amatly bolar. Meselem men ol ýerde agza bolup habar goşup bilýän. Şolar ýaly sistema ýazsak gowy bolar. Ilki özünden bir rugsat alaly. :) (Agajanh)
Indi agza edip, herkim birzat ýelmese, onda kontrol edip bolmaýar. Syýasy, erbet zatlaryň ýeri etmejek bolup gaýrat edýäris. Kontrol edilmezden zat goýup biljek däl. Şonuň üçin başaryp bolmaz.

Telpekler (5 kisiden 9 sany)

Bu yazgi ucin

  • Atamyrat 3 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • JanPolat 2 telpek goyyar we yazyar: "Yaşuly bilen tanyşmak nesip etmez mika?"
  • Bayram 2 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Amanmuhammet 1 telpek goyyar we yazyar: "Yashulynyng pikirlerini gaty haladym"
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Sozumi doly yerine getirmek ucin, al sana 3-nji telpegim!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

suratlary goýjak diýip

suratlary goýjak diýip habar beripdim öň:



başga-da 4-5 sanysy bar.. size şular ýeter-de.. :)

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Atamyrat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Sagaj bolyng:) Yanyp duran

Sagaj bolyng:)

Yanyp duran Ataş men sönmenem begler

söhbetdeşlik

Gaty gowy söhbetdeşlik bolupdyr

Guwanc

Guwanc, sen hem hosh geldin, ahyry barigem yazdyn, ensalla, dowamy kop bolar :)
Myrat jan, sohbetdeshlik ucin kop sag bol! Elin-yuzun dert gormesin!

Berekella gaty gowy

Berekella gaty gowy sohbetdeshlik gurupsynyz.
Telpek baryny berjek yone size yetmedi, eyyam paylap gutardym.
Ata agada sagbolsun aslynda oylap tapan Ata agadyr ;)
saglygynyz!

:)

agajanh wrote:

Berekella gaty gowy sohbetdeshlik gurupsynyz.
Telpek baryny berjek yone size yetmedi, eyyam paylap gutardym.
Ata agada sagbolsun aslynda oylap tapan Ata agadyr ;)
saglygynyz!

:) Hemmaniz hem sag bolun!

Myrada sorag

Myrat, yanyndaky TM talyp kim-a, bu yere agzamy onun ozi!?
PS:Men TC Iran diyipdirin, bah, name ucin TM-ce Eyran diymandirin:)

Myrada sorag2

Ol awataryňdaky owadan oglan kimaý? Tüf tüf, göz degäýmesin! :)
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

Hay,menem sheydipdirin.Men

Hay,menem sheydipdirin.Men yone inglische-de sheyle bolansong sheyle yazandyryn:)
Shahsy maglumatlaryngyzy dolduryng!
Fill up your profile!

Tüweleme!Gaty gowy

Tüweleme!Gaty gowy sohbetdeshlik bolupdyr!Wah,arman telpek yok,Myrady Balkanabatda gorsem bir "türk stili" gujaklasharysda:):)(Mena halamoga shony:))
Shahsy maglumatlaryngyzy dolduryng!
Fill up your profile!

bah

shony men hem owrenip bilman gecdim, her gezek obshide baramda TC dostlarym shony etmek isleyadiler, bashda men-a zynyp goyberyadim, birem goluma girjek bolsalar, gyzlar bn oglanlar edyar-ow beyle, yanyma gelme diyip kowyardym :)
Gola girmane hijem rugsat bermedim welin, gujaklap omuriliklerini catyrdatmany owrendim, son menden gacyp aylanyp yorendirler:)
PS:Balkan jan, Myradyn telpege matacligi yok, senin etmek isleyanin telpekden has amatly bolaymasa!