Turkmenistanyn taryhy yadygarlikdir shahsiyetlerinin suratlary.

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly agzalar!

Men bashga-da 2 blog dagyn acypdym, yorite surat ucin, ynha olar:

1-bir ;
2- iki ;
3- uc (ata bn sohbetdeshlik)

Shu yerlere seredip, menin shahsy suratlarymy gorup bilersiniz.
Indi, bu blogy acmagymuyn asyl maksady, Merwezi aytmyshlayin "Gugulladyp(google bn)" TM taryhy barada gozleg geciryanlere bu sahypanyn hem goshandy bolsun diyip, hemmanizi oz taryhy eserdir binalarymyz, hatda taryhy shahsiyetlerin suratlaryny tapyp, shu yere goymaga cagyryaryn! Goylan surat barada yazgy adyna ya-da esasy yazgyda dushundirish goyup bilersiniz!
Ozumde bar bolan 2-3 sanysyny hazir goyup bashlamakcy!
Sizem tijenin hany!
Sag bolun!

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

1-Bayramaly

Image Hosted by ImageShack.us

Bayramaly shahrinde yerleshyan we taryhy goraga alynan Seljykly Imperiyasynyn in sonky padyshasynyn mekany bolan "Soltan Sanjar Yadygarligi(Mawzoleyi)".
Bu bina bir wagtlar Beyik Seljykly Imperiyasynyn paytagty we merkezi bolan Gadymy Merw shaherinden galan az sanly yadygarliklerden biri.

Ay nira seretsen shu Soltan

Ay nira seretsen shu Soltan Sanjar...Nesip bolsa shu tomus Kaka'daky Uly Depe, Abuvert galasy, Kone Kaka, Altyn depe, Namazga depe, Nedir sha galasy yali yadigarliklerin suratlaryny ayp geljek bolaryn, bashartsa Nusay galasyna hem giderin...

Mergen

Mergen, Hoja Yusup Baba hakynda maglumat tapmadym-lay, gugullasamam :)
Sen bilyan bolsan goysana!
Birem, Koneurgencdaki, Atamyrat(Kerki) shaherindaki "Astanababa" we sh.m. bolsa-da goyuber, men hem gozlejek!

(XII-XVII asyrlar) Ýerli

(XII-XVII asyrlar)

Ýerli ilat kä ony Astanababa mazary diýip, kä bolsa iki dogan Zeýdaly we Zuweýdalynyň hem-de olaryň aýallarynyň - Gyzlarbibi mawzoleýi diýip hem atlandyrýarlar. Bu mazar hakynda birnäçe rowaýatlar bolup, olaryň birinde şeýle diýilýär : “400 ýyl mundan ozal Balhyň hökümdary ibn Aly Nur ogly Zuweýdanyň ýerli dolandyryja äre berlen ýalňyz gyzy aradan çykypdyr. Muňa gynanan kakasy gyzy üçin mawzoleý gurmagy buýruk beripdir we Marydan hem-de Samarkantdan oňat ussalary çagyrdypdyr. Emma gurlup gutaran badyna mawzoleý ýykylypdyr. Ýene täzeden gurlan jaý şonuň ýaly bolup ýykylypdyr we üç gezek şeýle bolupdyr. Bu ýagdaýa gary gamgyn bolan Nur oglunyň düýşünde bir goja giripdir we ol mawzoleýi Mekgeden getirilen toýun bilen suwdan garyp gurmagy maslahat beripdir. Gyzyň gamgynlykdan halas bolmadyk kakasy şeýle hem edipdir. Palçygy Mekgeden getirilen gumdan edipdirler, suwy bolsa getirip bir guýa guýup goýupdyrlar we palçyk etmek üçin suwy şondan alypdyrlar. Şeýlelik bilen mawzoleý gurlupdyr we Nur ogly ölende ony hem şol mawzoleýde, gyzynyň mazary bilen goňşulykda jaýlapdyrlar”

Astanababa türbesi birnäçe bölekden ybaratdyr. Ol açyk dälizden, howlujykdan, peştagdan, ýapyk dälizden, dört pilonly zaldan, metjitden, Zeýdalynyň we Züweýdalynyň guburhanasyndan, diwanhanadan we Gyzlarbibi mawzoleýi bilen birikdirýän insiz dälizden ybarat. Ansamblyň iň gadymy bölegi metjitdir we ony XII asyr bilen senelemek bolar. Diwanhana hem metjit bilen bir wagtda gurlupdyr. Gyzlarbibi mazoleýi ansamblyň has giçki bölegidir, ol dürli ölçegdäki ähtimal ikinji gezek peýdalanylýan kerpiçlerden (XIX asyrda) bina edilipdir

yurekde name bolsa dil shony diyer!!

obamyzyn ilerisnde hem bir

obamyzyn ilerisnde hem bir gadymy gala selenlap gorunyar. "Hojeydatgala" bolmaly ady, gaty gadymy yadygarlik, kushan imperiyasy zamanynda bina edilen. bizin eremyzdan onki 200 yyllyga degishli. icnde zyndany zady hem belli bolup dur.
gazuw agtarysh ishlerini mal bakyakak ustunde geciryadik :)

yurekde name bolsa dil shony diyer!!

2-Hoja Yusup Baba

Image Hosted by ImageShack.us

Image Hosted by ImageShack.us

Hoja Yusup Hamedany Hezretlerinin turbesi(mawzoley) hem Soltan Sanjar yadygarliginin 1 km toweregi yakynynda yerleshyar.

Soltan Sanjaryn mazary (binanyn icinden)

Image Hosted by ImageShack.us

Gyzgala (Bayramalyda)

Image Hosted by ImageShack.us

Gyzgala-da Soltan Sanjar yadygarliginin 1 km toweregi yanynda yerleshyar.

NEJMEDDIN KUBRANYÒ ÝADYGÄRLIGI (Koneurgencde)

Image Hosted by ImageShack.us

NEJMEDDIN KUBRANYÒ ÝADYGÄRLIGI
--------------------------------------------------------------------------------

( XIV asyr)

Nejmeddin Kubranyò ýadygärligi Köneürgenç etrap merkeziniò günbatarynda ýerleºýär. Ýadygärlik 1145-46-njy ýyllarda Ürgençde doglan, sufizmiò Kubrawylar mekdebini esaslandyryjy Ahmet ibn Omar Abuljennap Nejmeddin al-Kubra, al-Hywaky, al-Gürgenji bilen baglanyºykly. Nejmeddin Kubra diòe bir dini mekdebiò ündewçisi bolman, özüniò 7-8 kitaby, 24-den gowrak rubagysy bolan tebipçilige ökde, ezber küºtçi we nakgaº hökmünde halk arasynda tanalan gahryman watançy bolupdyr.

Nejmeddin Kubranyò terjimehalyny ýazan alymlar, ºahyrlar we syýahatçylar onuò mongollar Ürgençe çozanda eli ýaragly urºup, 1221-nji ýylyò 3-nji iýulynda wepat bolandygyny bir agyzdan tekrarlaýarlar. Nurmuhammet Andalyp bir goºgusynda:

Ol ºyh Kubra etdi ºahadat meýin noº -

diýmek bilen onuò pajygaly gurban bolandygyny ýene bir gezek tassyklaýar.

Nejmeddin Kubranyò üstüne galdyrylan ýadygärlik Gutlug Temuryò Ürgenje häkim bolan wagtynda amala aºyrylypdyr. Ymarat 4 sany otagdan ybarat bolup, ýüz tarapy demirgazyga bakdyrylyp gurlan. Onuò peºtagynyò ýüzündäki ýazgylaryò diòe “ºalaryò medetkäri we diniò ýyldyzy Kutluk Temur ben Toýda aganyò wagtynda gurlandygy görnüp dur” diýen sözleri kitapdan kitaba düºüp gelýär. Bütin gadymy Ürgenjiò 20-ä golaý ýadygärliklerinden diòe ºu ymarat we 2 minara özleriniò gurlan döwürleri hakda maglumat berýärler. Bu ymaratyò uly ähmiýete eýe bolan ýazgylaryny bolºy ýaly okap göreliò: “Ulemalaryò iò gowusynyò we hudaýyò öwlüýäleriniò iò oòadynyò maksady bolan bu mazaryò bina edilmegine barça bendeleri düzgüne salan, duºmançylykly elleriò ýurtda eden harabalaryny diklän, bagta kowalaºmakda birinjiligi eýelän, hojaýynlaryò seresi we ºalaryò eýesi, dünýäniò we diniò ýalyòy bolan Kutlug-Temir ibn Nejmeddin ibn Toydy aga gatnaºpdy, oòa bu tarykatyò ýardamy degsin”

Peºtagyò beýleki ýazgylary we merkezi gapynyò holaýyndaky ýazgylar hiç hili taryhy maglumat bermän, piriò kitaplaryndan sözlerdir. “Suls” haty bilen syrçaly daºa ýazylan hatlardan piriò terkidünýä filosofiýasynyò äheòi gelip dur. Peºtakdaky gapydan inedördül dälize girilýär. Bu otagda ýene üç sany gapy bar. Öòdäki gapyda Nejmeddin Kubranyò görhanasyna girilýär. Mazaryò gümmezi 1950-nji ýyllarda opurylyp, ortadaky iki sany gabyrüsti nyºany zaýalanypdyr.

Image Hosted by ImageShack.us

Taryh-a bolmady welin son taryha yazyljak yer :)

Image Hosted by ImageShack.us

Image Hosted by ImageShack.us

PS:Mergen, bular sen we moonwalker hem-de Bayramalylar ucin :)

1-nji suratdaky mugallymlara

1-nji suratdaky mugallymlara bir sereda, kalhozja geyinipdirler :)) Ol dovur hemme adam sheyledi-da yone...Onsonam bu Tejen TTM'nin kone mekdebi yalnishmasam, tazesi 0'dan gurulan bolmaly ve sary renkdi !!

Jemil Begi görüp

Jemil Begi görüp gorkdumey...

Az tayak iymandik bratokdan ;-)

Bir gezek jorabam sowgat edipdi :-)

---
DON'T WORRY, BE HAPPY!

way, ol-a bizin in gowy

way, ol-a bizin in gowy goryan mugallymymyzdy, diymek, kicilerin gozunin odyny alyan ekeni :)
ay, ol, pamykdanam ince diylen yalydy-la, biz-a ondan razy-how, ozumem TC dili we edebiyaty olimpiadacsydym, kokeler, caylar ,,.. ah, ol gunler :))))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

1-nji surat

Bah menem Balkanly bolsamam bu suratda tanayanym chykday:) shumahala yekejesini saygaryp bilyan, sebabi surat gowy chekilmandir, oturanlardan in sagdaky Taryk mugallym oydyan, mekdep dowri gowy gatnashardyk, shumahal nirede bilemok::))

Bah. Hazirlik kals yadima

Bah. Hazirlik kals yadima dushup gitdi. koneje mekdebim. Gijelerine turup okamaga gorkyardik shu mekdepde. tejenli oglanar arka tarapdaki tokayda syrtlan bar mojek bar diyse hich kim ta irdenki etut bashlayancha turmayardida.omrun uzak bolsun Ata aga chagalygymyzy yatlatdyn.

Howa 8. mekdebin icinde bir

Howa 8. mekdebin icinde bir yer beripdiler.

Ata aga in yokardaki suratda (Soltan sanjaryn icindaki) in sagdaki kim, tanayanmy olary?

yok

Serdar aga, men ony gordum, yone adyny we haysy mekdepdeligini bilemok!

merw ata aga siz haysy

merw
ata aga siz haysy ttmni gutardynyza

men

b-aly, 98 wypuska(ucurym) :)
ha, name boldy, Meylis!?

yoklay yone soraydymla.hich

yoklay yone soraydymla.hich zat yok bar zat yerli yerinde

merw

hmm Balkanly bolanym

hmm Balkanly bolanym üçin.. Beyleki welayatlardaky taryhy yagygarliklere birhili gabanyp seredyan.. :)
dogrydanam KöneÜrgenç, Bayramaly, Kaka etraby yagny Nusay galasy dagy durşuna hazyna ..
hiçisine gidip görmedim.. emma Inşalla, okuwy gutaryp yada tomus kanikullarda hemmesine gitmekçi.
Balkan welayatynda yerleşyan we belkide sizin bilmeyan taryhy yadygarlikleri size tanatmakçy.
Aşakdaky suratda hem görşüniz yaly Balkan welayatda dine yekeje yerde diyen yaly taryhy yadygarlik bar Ol hem Etrek etrabynyn Madaw obasynyn yakynlary. Dehistan yada Maşa-Misserian diyilyar.

Aşakdaky surat "Maşat-Misserian Minarasy"

Aşakdaky bolsa "Maşat-Misserian Metjidi"

Has köp okamak üçin:
http://tk.wikipedia.org/wiki/Dehistan
http://tk.wikipedia.org/wiki/Misserian
http://tk.wikipedia.org/wiki/Balkan_wela%C3%BDatyndaky_taryhy_%C3%BDadyg%C3%A4rlikler

"Dehistan baýrynda,
Bady-sabany görsem." (Magtymguly).

Gynansakda bu taryhy yerlere gyzyklanyan yada zyyarat edyan adam sany gaty az..
döwlet tarapyndan restorasyon hem edilmeyar öydyan.. yagny şol yerlere gidilyan gara asfalt yol yok..
3-4 yyl mundan ozal men giden wagtlarym ol yerde araplar gazuw agtaryş işlerini geçiryardiler.
Aslynda ol yerler hakyk çageli çölün içi.
yada takyrlyk.
Hazirhem Madaw obasyndan kabir adamlar şu yadygarligin daş-töweriginde gyzyl (altyn) zat gözleyarler..
dogrydanam, gyzyl tapan hem kan.. :)

mundan başgada Serdar (önki Gyzylarbat) etrabyna degişli Parow obasy hem gaty meşhur..
halk "Parow Bibi" diyip ayratyn hormat goyyar..

has köp okamak üçin:
http://tk.wikipedia.org/wiki/Paraw%2C_Balkan
sagbolyn..

gardaslar, Arsary babanyn

gardaslar,
Arsary babanyn hem-de seyitnazar Seydinin suratlary kim-de barka?????????????

mende bar welin emma nadip

mende bar welin emma nadip goymalysyny bilemok :(

yurekde name bolsa dil shony diyer!!

hmm

Köytendagda gadymy we Öwlüya hasaplanyan yerler kan.ine esgertm dostumyz kabirlerini goyupdyr.Enşalla sen hem öz islegine yetersin diyip umyt edyan.YAşayan yerin tebigy we tasin gözelliklerini görmek gowy zat :P
İn govy göryan yerim "Dinozawryn ayak yzlary" diyilyan jülge.Şol taya her yil tomusda ekskursiya gidyas...

gel ne olursan ol yine gel...

Gadyr aga, Hoja Yusup

Gadyr aga, Hoja Yusup Hemedany hezretlerinin "turbe"si(mawzoley, gubur,...)nin suratyny sorapsyn gonshy blogda, yokarda bardyr, aktiw edip goybereyin diydim, hem-de Dashoguz we Balkandaky taryhy yadygarlikler hem bar shu yerde, hernace Lebapdakylkar goymasalaram :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Mendenem biraz...

Lebapdan...

Garlyk dadrany

Gaynar baba


Gaynar baba


Hojagaragul jülgesi



Astana Baba

Kyrkgyz


Kyrkgyz gowagy

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Suratlar ucin!"

gaynar baba diyilyan

gaynar baba diyilyan gaynayamyka
şondanmy ady gaynar baba...?

......................buda geçer.......................

hmm

Gaynar baba adynyn nireden gelip çykanyny bilemok veli yone gaty govy yer.Övluya hasaplanyar.Türkmenistanyn her yerinden gelip palçygyna düşyanler bar.Palçygy şypaly hasaplanyar.bilmedim yöne her tomus şo taya ençeme gezek gidip suwa düşyan.suwyda dury we tamiz.Garaz şol şypaly bolmagynyn sebabi suwunda kükürt maddasynyn kan bolmagymyka diyip hasap edyan.Şöl Gaynar babanyn "kör balyklary" meşhurdyr.olary awlap bolanok sebabi avlasan Huday uryamyş diyen pikir bardy.Kiçikam şo tayda tasdan bogulypdym men bir gezek.
Gowy günlerim geçdi şol tayda...

gel ne olursan ol yine gel...

yokla Huday urya diyilyan

yokla Huday urya diyilyan zat yokla
o balyklar norma göra yaşamayanlyklary üçin zaherli bolyar şondan...

birem Bayramaly sanatoriyasynda bar şeyle palçyklar,gammar babamy namei garababamy,birzat palçyga diyilya...bilyanler!!!

......................buda geçer.......................

B-alynyn sanatoriyasynda

B-alynyn sanatoriyasynda gunun shohlesi dik dushyar, shondan bagyr-oyken keselleri has onat bejerilyar we sh.m. diyilyan yalydy?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Salam

Eger

Eger, yalnyşmayan bolsam yokardaky surat Gaygysyz Atabayewinki bolmaly

http://www.owadan.net/turkmen

http://www.owadan.net/turkmenistan/merv.htm

gowja sahypa ekeni!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Taryhy yerleri zyyarat etmek

Taryhy yerleri zyyarat etmek bashgacha bolyaray. Kabir yurtlarda taryhy yeri zyyarat edende kan shol atmosfernai alip bilmeyan sebabi kop zat eyyam commercial bolup gididir emma bizde velin shol durshy dur. Haysy owluyalara zyyarat et shol dowrun atmosferasyny alyan. Mena bilmedim ya mana gora yada hakykatdan sheyle.

Shu aytyanyz bilen menem

Shu aytyanyz bilen menem ylalashyan, shol Turkmenistanyn mowzaleylerine baryan welin yekeje ozun dagyn bolaysan edil shol dowurde yashap yoren yaly duyyan ozuni! Anyrdan atly biri cykayjak yaly bolu dur!!!