Garagum kanali

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Bayramalidan men ozum we umuman Mary welayatinin kop yerlerinde yuze cikan ekerancilik problemalarini azda kande bilyan. Bizin topraklarimiz sonki 20 yilin dowaminda yilsayin sorlandi, duzlandi, ozem edil men dilim yali awuli duz bar yerin duzuminde:) Bayram bilyandir Bayramali turkmen turk mekdebinin sereban icindaki jayini.. Tomusda baryan welin gar yagan yali bilup dur..

Men bir wagtlar mumun sebabi barada birneme gyzyklanipdim. Hemmamizin bilsimiz yali cage suw soragan bolyar. Caga suw guyyarsin welin derrew sinip gidyar. Garagum kanali bolsa gazilan wagti yone gumun ustunden galin bir kliyonka goypdirlar. Olam eyyam 1-2 yilin icinde cuyrap gidendir. Bilsime gora Garagum kanali cekilenden son baslayar bu Mary welayatindaki sorluk problemasi.. Proses bolsa seylerak: Yere uli tizlik bilen suw sinyar. Son belli gatilikdaki yer gatlagina cenli suw dolyar. Bu suw gitdigice yokari goterilyar. Sebabi gaty yer gatlagi ozunden asak suw gecirenok, suw bolsa seylelik bilen beygelyar. Beygelen suw yerin asaki boleklerindaki duz kanlerini de ozleri bilen bile yokarik goteryarler. Yokarik cikyaram welin gyzgyn gun suwi sol bada ucuryar asmana. Seylelik bilen yerin asaklarindaki duzlar yerin yuzune cenli cikyar we topragin duz kadaliligi bozulyar..

Garagum kanali tazeden duzeldilmese, onun asagi beton ya-da sow gecirmeyan basga bir material bilen duslmese bu problema gitdigice erbetlesmage dowam eder.. Garagum kanali arkali Asgabadin usti bilen Balkana tarp gecirilen suwun belki-de 100 essesini biz yer astina iberyaris. Ustesine-de ziyanli gornushde..

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

kanal

Ynha shu yerde Garagum kanalynyn google-yn alan bir bolegi bar, yone Garagum kanalynyn peydaly tarapy hem, elbetde, bar, hazir in onat mocberde peydalanmak ucin alynyp barylyan ish barmyka, shol meni gyzyklandyryar. Galyberse-de, Garabogaz kolunde-de duz mukdary oran kan, onunam sebabi cage-ha daldir!? Bowen-cishik, hany, bir zatlar cyrshasana, bu babatda, on bir yerde yazanam yalydyn!?
shu tayda bar eken, yone bu babatda dal!

hmmm

men atamyn dogany garagum kanaly gazylanda injener bolup işlapdir..naçe sorasagam gadagan diyip naçe pul alanyny yada kanalyn gazylyşy barada hiç zat aytmayardy....
yöne eger şory azaltjak bolsan ilki etmeli zat suw arassalayjy desgalaryn belli aralyklarda gurulmagy..içinde janly yaşayan heryerde duz bolyandyr şonun üçinem garagum kanalynda belli möçberde balyk yaşatmaly ...göwrümüne we suwuna göra balyk tutulyan döwürleri bolmaly...esasy zat biz yagny rayatlar hapamyzy kanala boşaltmaly dal...
we yene bar...welin son çyrşaryn...

Yokarda-da aydip gecishim

Yokarda-da aydip gecishim yali men pikirim seylerak:

Kanal butinley togtadilmali. Birnace yillgina we duybi suw gecirmeyan bir zat bilen gaplanmali. Suw yere sinmelidal. Men pikirimce garagum kanali asil Amiderya tarapdan gaytmanka yerin yuzunden akdirilmagin deregne gin turbalara ayrilmali. Iki truba bolmali birinden agyz suwi beylekisinden bolsa suwarish uchin olaniljak suw bolmali. Belli yerlerde-de suwun basysyny kadalisdiryan nasoslar yerlesdirilmeli.

Yok eger beydilmejek bolsa, kanalin ustuni tomuslari yapip gysda bolsa acip boljak bir sistema getirmeli. Gysda yagislardan peydalanmak ucin we tomus bolsa ucmaginin onuni almak ucin.

Mundan basgada damja suwaris sistemasi arkali colluk meydanlari agaclandirip cikmali we bu ise yorite bagbanlar tutulmali. In azindan kanalin 10 km towereklerindaki ekin ekilmeyan meydanlardan baslamali. Bu caganin suysmeginin onuni belli mukdarda azaldarmika diyyan..

Basga-da pikirler kan..

Telpekler (2 kisiden 6 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Al sana telpek, Gadyr aga! Beren sozum ucin!"
  • maraltm 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Orslar tm'de ekerancylygy

Orslar tm'de ekerancylygy osdurmek ucin shorlygy ayirmak ucin zey kanallar gazypdyrlar, sol yerlere suw yetirmek ucinem latok gurupdurlar.

Hazir menin pikirimce sol sistemany ayaga galdyrylsa hasam govy bolar ondan dasary, hatda Kanallar deryalaram betonlasdyrylsyn in bolmanda Saherlere golay yerler.

Pikir gowi we

Pikir gowi we yerlikli..

Yone bu problema cikandan sonki bir cozmek aladasimika diyyan.. Asil problema cozulse yagni sorlugy yuze cikaryan asil sebap yok edilse ondan son edilmeli zatmika diyyan.

Dasary yurtlarda beyle meseleler menin yali jurnalistlere galanok. Jurnalistler seyle problemanin bardigini halk kopculigine elbetde esitdiryar. Yone son hokumet bu barada derrew bir grupba duzyar. We bulara pul serisdesi berip PROBLEMA NAME? NADIP COZMELI? (GYSGA WAGTLIK, UZAK WAGTLIK COZUWLER) NACE WAGT ALAR? NACERAK SERISDE GEREK BOLAR? yali soraglar bilen waka yerine ugradyarlar.. Bizde-de seydilse gowi bolardi..

shor suwlary ayirmak ucin

shor suwlary ayirmak ucin "Turkmen koli" gurulyar.

Koli gurmak ucin dowlet

Koli gurmak ucin dowlet gaznasindan 4 milliard dollar harajat edilmek ucin ayrilip goylupdir. Yone peydasiz we biderekmika diyyan. Ol dine Garagum kanalinin uli gornusi bolar. Men Asgabatdakam Turkmen Geologiya institutyndan bir-iki sany alimin Turkmenbasinin yanina enceme aylap yelk yasandiklarini esitdim. Olarin pikirice bu proyekt GARAGUM KLIMATYNYN OLUMI boljakmis.. Yone berlen karar yzyna alinmandir.

Men Turkiyedekam (2005) bu proyekt bardi we Garagum kanalinin sorlari hakda (volunteer gornusde) bir jurnalistiki is alip baryarkam bu barada bir kandidat bilen kop gurlesyardim. (Su wagt adi-da yatdan cikipdir yone Ege Unv. Ekoloji Anabilim dali mugallimidi) Ol mugallima bu pikiri aydamda gen galip erbet aji gulupdi..

hmm

rahmetli yashuly colde emeli kol gurdyryar diyyadiler, ya shol sho bolyarmy, Agajan!?

Suwcylyk bilen, aylansy

Suwcylyk bilen, aylansy bilen kan bir ylyma eye dal yone colun icinde kol guryas, guyan suwun yere sinip gitmezmay?

Asyl yere sinip gitsede, asakdaky gazlary yuze cykarar, mena sonun ucin edyarlermika ya diyip pikir edyan?

Suwyn yere sinmegi

Kol suwy yere sinmegi bilen dine ust gatlakdaky yeralty suwlaryna tasir edip bilayr. Elbetde ust gatlaklarda ajy yada suyji suw bilen baglanshykly bir suw garyndysy bolup sonunda ust gatlaklarda dine ajy we shor suwyn emele gelmesine sebap bolar.

Emma yerasty gazlar yerin in az 800 mt den ashakda(kate 1500m-4000m) we usti gaty ortuk bilen ortulendir. Dine tektoniki yagdaylar gazyn yuze chykmagyna sebap bolar.

Choldaki kol taslamasy...

Choldaki kol taslamasy... nabileyinda... onda perspektiwa barmyka??!
Shol taslamanyn ozune Turkmen dowledi bir nache MILLIARD $ sowdy, entagem bolyan zat dal...
Orslaryn, sowetlerin taslamasyna gora, bizin yurtlara suw yetmeyanligi sebapli oz deryalaryndan suw getirtjek bolanmyshlar. Yone SSSR indi yok, bizde bolsa suw hazirem yok :(
---------------------------------------------------------
Lak-luk atdym dalak iýdim,
Gagyldap oturan gargany iýdim...

Milliard'lar ??? Oncha

Milliard'lar ??? Oncha daldirhow, ol pula 3-4 sani emeli kanal gurup bolyala...

"Eýýäm 2 mlrd $ sowuldy"

"Eýýäm 2 mlrd $ sowuldy" diýip okapdym öň bir gezek
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Sokup

Sokup oturandyrlarda...Namesine gitsin shoncha pul ?? Entak ashagyny betonlanoklar , gum hem arkalarynda dashanoklar, 1 yerden alyp bashga yere guyyalar, nira gitsin ol 2 milliard ??? Gaty uly pul how ol, menin pikirimcheha 4'de 1'i hem giden daldir entak...

250.000 USD

Türkmen köli üçin soñky etapda (2.gezek bolýa) satyn alynan gurluşyk maşynlarynyň sany 60 (jemi 200 bolmaly). Ol maşynlaryň ortaja bahasy 250.000 USD, ýalan däl.

paid tha cost to be da Bo$$

Ay merw'li dost, shol

Ay merw'li dost, shol mashynlaryn 4 essesini alayanda-da 60 million$ bolyar, bu gurlushyk uchin kop dal, yone 2 milliard$ diylen zat gaty kop, onyn bilen gaty uly ishler edip bolyar...Menem 1000$ hem chykan daldir diymedim ahyry, 400-500 million$ chykyp biler shu vagda chenli, yone shol kolun umumy puly 1-1.5 milliard$'y gechmezmika diyyan, yone ol information'a gora eyyam 2 milliard $ giden bolsa, ol kol gutaryancha nache giderka ??
Mana biraz logichniy dal gorundi....

A mashyn alanlary govy zat, olar entak gaty kop yerde gerek bolar oncha gurlushygyn birden yoredilyan Turkmenistanynda...

Aýtýanyň dogry,

Aýtýanyň dogry, hasaplaman ýazdym, ummasyz pula däl eken. ABŞ-nyň Yrak-da harjany bilen deňeşdirseň nol bolup gitýä (Baýdak,13 2005 göre 204 miliard)

paid tha cost to be da Bo$$

Mergen gynansagam seyle:(

Mergen gynansagam seyle:(

Türkmen kölü we Ak garyň hekaýasy.

Türkmen kölüniň döredilmeginiň asyl sebäbi garagum kanaly we drenaj suwlaryny bir ýere ýygnamak we çöle siňip gitmeginiň öňüne geçmek. Türkmen kölü proektindaky iň esasy pikir bolsa uzagynda türkmenistanyň tebigatynyň üýtgemegi (has kän ýagynly klimata bolmaly).
Türkmen topragynyň duzlanmagynyň öňüne geçmek barada bir konferensiýa gatnaşypdym, kän zat barada gürlediler men hem diňlän boldum. :)
Aýdyşlaryna göre ilkinji nobatda ekerançylyk ýerleriniň suwarylyş görnüşüni üýtgetmeli, ýagny damja bilen suwarma sistemasyna geçmeli (paýyrdadyp suw akytman, çüwdürümler ýalak damdyrmaly). Şol babatda hem suw ekenom bolýa hem de topraga zyýany az bolýa.

Gadyr we başka da Baýramaly TTM uçurymlaryna; BTT Mekdebiniň daş töwerigindäki duzlar barada:
Ol ýerler ir döwirde köl bolan, Merwi suw basandan bäri şeýle bolupdyr. Çar Nikolaý ol ýere gün şöhlesiniň üýtgeşik dereje bilen gelýänligini öwrenýär we gyzynyň keselini bejermek üçin sanitoriýa gurdurýar. Daş töwerekdaky batgalyk bolsa kesel döretýäni sebäpli ýok ediň diýýar. Drenaj sistema gurup ol ýerden suwy Mary ýola çekýäler ( gutorduş edilende gün doguşyna seredilýän ýer). Belli bir dereje peýdasy bolýar. Çar ýykylýa, ýer guraýa welin türkmen tokurgalary gazyp alypdyr :). Netijesinde suw gitýä duz galýä. Ine muňa tamusadaky ak garyň hekaýasy diýsek hem bolýar.

paid tha cost to be da Bo$$

Sebitde Suwy derejeli peydalanmak,

(Bu menin chaklamalarym Muny herkim ozine gora seredip biler. Elbetde bu yazgy uchin men ylmy barlag etmedim emma oz nukday nazarymdaky zatlary yazyaryn.)

Turkmen kolinin yerine Aral deniz/koline shol shor suwlar akdyrylsa bolmayarmyka diyen pikir kellame gelyar. Sebabi Aral koli indi onlarcha yildan bari oz yashayish cheshmesi bolan suwyni asyl alyan Amyderya we Syrdeyadan oran az mukdarda peydalanyar. Sebabi shol iki deryan toweregindaki ekilyan yerlerin artmagy bilen Arala gidyan suwlar azaldy. Shu mahal Aral koli gurap chele owrilip baryar Demirgazykdan owsen shemal shol duzy Ozbegistanin Garagalpagystan AO, Kazagystanin Mangyshlak welayaty, Turkmenistanin DAshoguz welayatina goniden goni duzy yayradyar. Wagtyn gechmegi bilen Aral koli gurap yerine bolsa uly duz choli meydana gelmegi ahtimal. Bugunki gun eger shol TM daki shor suwlar belli bir kollektorlar bilen Aral koline guyulsa has yerinde bolaymagy ahtimal.

TM koli ozbashyna taze bir proyekt bolup oran chalt depginde alynyp barylyar. Ol kole TM nin durli welayatlaryndaky shor suwlaryn toplanmagy goz onunde tutulyar. Emma Garagumin jumshinde taze kol emele getirmek ansat hem dal emma shol kole akjak suwlar duzly we her durli dermanlar(ekinzarlarda ulanilyan) bilen doly suwlar. Shol suwy gaytadan ishlemek tazeden ulanmak bolsa uly prosesi alar.
Emma biz o yerde bir sawlik bolmagy uly betbagtchylyga sebap hem edip bilermikan diyip dushunyan.
Sebabi bu kol suwy yerin ust gatlagynda yerleshyan(chopanlar ulanyar) arteziyan guyilarinin suwy bilen hem garyshmagy ahtimal. Eger ajy suw bilen shol arteziyan suwi garshmagy onat bir suwin bozlmagyna hem getirip biler.
Mundan bashgada kol towereginde her hili chybyn chirkeyin kopelme ahtimaly hem bar. Eger Dashoguzyn Sary suw kolini bilyan bolsaniz shol yerde peshorda bakteriyasyni dashayji chyin bilen garshylashmak mumkin. Peshorda bolsa endamda uly yara yzyna sebap bolyar. we bu chybynlar koplench kol boylarynda yerleshyar.

Mundan bashgada sebitde Sarygamysh koli hem bar emma wagtyn gechmegi bilen shor suwlar bilen shol Sarygamysh kolinin hem suwy yokarlanyar. Yagny bu hem chozgut bolman biler.

Turkmen koli eger shol shor suwlary arydyp ishlenip bilse onat bir proyekt. Shol yerde balykchylyk hem oser. Suwy bolsa tamizlemek uchin chaganin suzme hasiyedi ulanylmak goz onunde tutulyar.

Gepin tummek yeri

1. TM nin kop welayatlaryndaky shor suwlar belli bir kollektorlar(Zeykeshlerin komegi bilen belli bir yere toplanmalydyr)
2. Suwardysh sistemasy tazeden gozden gechirilmeli.

3. Garagum Kanalynin beton ortugi bilen ortulemsi hem makul pikirmikan diyyan

4. TAze gazyljak yaplarda,kanallarda beton ortuk goz onunde tutulmaly

5. Taze achylyan yerler hakykatdanam uzak mohletlei suwyn ertilip boljagyna goz yetirip sonra achylmaly.

6.Chagesow yerlere `HUMUK ACID` yaly himikatlar gatylyp suwyn yerin ust gatynda durmagyny saglanmaly

7. Damja uslynin TM den nahili tasir edip biljebi goz onunden gechirilmeli.

8. Kollerin etrabynda belli bir mohletleyin kabir chybynlara garshy gorag/goresh goz onunde tutulmaly.

9 Aral kolinin gurayandygyny gora bir chare tapylmaly. Bu yerde Arala kenar ahli dowletlerin rolu bar.

10. Gunbatar Sibirin kabir deryalarynin hem Sebitde ulanylyp boljagyna(kanal usti bilen) goz onunde tutulmaly

(Bu menin chaklamalarym/pikirlerim muny herkim ozine gora seredip biler. Elbetde bu yazgy uchin men ylmy barlag etmedim emma oz nukday nazarymdaky zatlary yazyaryn.)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Coldaki cage suw yali akyar,

Coldaki cage suw yali akyar, sahelce semal bolsa gazylanlar yenede gomulmezmi?

Yalnysmayan bolsam bir wagytlar Germaniyada barlag gecirip gorduler oydyan, bir saherdaki hemme sinekleri oldurupdurler, sahere porsy ys yayrap baslapdyr.

Bu kol hapa bolsa mor mojeklerem bolar, olar tebigaty arassalayarlar. Sor suwda yuzyan balyklaram bar, Zey kanalda kop balyk gorupdum, yone olar iyenoklar.

-Su proyekt ylymy taraplaryna, ahtimallyk derejesine seredilendir diyip umyt edyan.

Sonca mukdar pula deger diyip umyt edyan.

Sazak, Selin

Aslynda Chol yerinde Sazak selin shol chaganin akmagyny ha garshy ulanilyar.

Kole bolsa akjak suw dine shor dal ahyryn yenede ol yerde her durli himikatlar hem bar. Shonun bir charsi hem dushunulse has hem onat bolarmikan diyyan.

Men pikirimce bu Turkmen

Men pikirimce bu Turkmen Kolunden has peydali has arzan we has amatli metodlar bar eger maksat turkmenistanda ekeranciligi we suw upjunciligini yokarlandirmak bolsa..

Olar barada-da basga bloga gumur yamir edelin..

Bu barada slava gowi zatlar yazipdir yagni bu pikirleri onun bu barada gaty alada edyandiginin subutnamasimika diyyan..

Bu barada ylmy is alip barmali we bu ylmy ise dasary yurtlardan guycli alimlar expertler cagirmali..

Kabir gowi pikirler elhenc zatlara sebap bolup bilyarler.. Bizin dunyamiz bular yali wakalari enceme asirdan bari gore gore gelyar ahbetin...

Bahh...Aranyzda

Bahh...Aranyzda gurlushykda zatda ishlan yokmay ?? 4 milliardlyk byudjet gaty uly pulhow, ol pul bilen biz hich kime matach galman TransHazar'y chekip bilyasa :)))
Chol klimatyna etjek ziyanlary hakda-da 1 makalajyk okamak islardim, shu vagda kop ziyan kellame gelenok...Bizin cholumiz yazda yap yashil bolyara, suv bolsa t.e. kol doredilse shol yerleri hemishe yashyl saklasa bolar ve pagta zat uchin taze taze yerler bolar...Kop dayhan adamlara ish bolar !! Onsonam, hachana chenli daglaryn gyrajygynda yasharys biz ?? Emeli oazisler hem gerekmika diyyan, turistlerin hem dykgatyny cheker, olardan hem pul gazanarys turism sektory ginese !!

men ön türkmenistanyn

men ön türkmenistanyn meydanynyn dineje 3%i ekerançylyk üçin ulanyp bolyar diyip bilyardim..
dogrylyk payy barmy?

Geografia dersindaki

Geografia dersindaki ovredilenler entak yadimdan chykmadyk bolsa Tm'nin 87%'i chol bolmaly, ve galan 13%'ide daglaryn ya-da deryalaryn yanlary bolmaly...Entagem shul Kopetdag, Koyten dag, Balkan daglary ve denizimiz bar ekeni, yogsa hemme yer kursap duran chol bolaymaly...Ekeranchylyk hem 3%'mi biljek dal, yone 8-9%'i gechmezmika diyyan bar yashap boljak yer 13% bolsa...

Hakiki col 70% mika diyip

Hakiki col 70% mika diyip bilyan men-a.. Mundan galani ozlesdirilip biljek takir yerler ya-da suwarimli yerler..

Hmm...Takyr yeri adam

Hmm...Takyr yeri adam edeninden, cholin 1 gyrasyndan bashlanyn govy...Ya sen dash yali, jayrik jayrik takyrlary gormedik eger sholary ozleshdirmegi chol'den onde goyyan bolsan, ya-da men senin "takyr" diyyan sozune yalnish dushunyan !! Cholun bashlary gul yali yerler, 1 bashlasan ichine girip gidersinda...Bizin cholumiz sahara yali dal ahyry, yazda zatda yap yashil...

bah

men welin, %80 colluk, %15 daglyk, %3 ekarancylyk ucin amatly, galan %2 hem amatly hala getirip boljak yerler diyip bilyadim, elbetde, geografiyany okamanyma oran kop wagt boldy, 9 yil dagy bolaydy oydyan, bes-belli-le:)

Gadyr aga, yazgylaryn ucin sag bol, menden 1 telpek, azam bolsa:)

9 yil bolsa-da gowi yadiniza

9 yil bolsa-da gowi yadiniza dusyan ekeni.. Prosentlerine cenli anik sanik edip yazip cikipsiniz tuweleme:)

Ay Ata aga sen telpegin gerek dal, ozuminkileri natjegimi bilman yorun ozalam:)

Çöl, meniň bilşime

Çöl, meniň bilşime görä, Türkmenistanyň 81-85% meýdanyny tutýa. Takyrlyk we daglyklar hem 10%. Galany bolsa ekerançylyk üçin boljak ýerler.
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Gadyryn pikirleri oran

Gadyryn pikirleri oran yerlikli, uly turbalaryn(taze turba zawodam acyldy) usti bilen garagumun etegine cenli alyp gidilsin( sor suwy, hapa suwy basgada nahili suw bar bolsa ony garagumun ortasyna dokulsin. oda gowy pikir.

Turkmenbashynyn bir proyekti

Turkmenbashynyn bir proyekti bardy. 12 milliard dollarlyk Turkmen koli proyekti..

Taze prezident shony togtatdymyka ya dowam edyarmika ol proyekt habarynyz barmay??

:)))) 12 milliard $$ ??

:))))
12 milliard $$ ?? Gadyr aga, sen bu pulyn yzynda nache nol bardygyny bilyanmi ??
Mena ynanamok, oncha pul, galyberse-de 1 kol uchin gitmeya haysi yana yatsanam...

TMT'de aydyardylar men

TMT'de aydyardylar men TM'dekam.. Dokumental filming gapdaly bilen beren maglumatlarynda bardy..

Yone ynanar yali dal, onyn-a dogry..

Mening bilshime gora indi

Mening bilshime gora indi garagum kanaly yokmyka diyyan, onung ady uytgedilip ozem derya diyilip atlandyrylyarmyka diyyan,,,adamlaryng tapmajak, etmejek zady yogay.

Hawwa Garagum derya boldy

Hawwa Garagum derya boldy indi ong ady.. Yone shu Turkmen koli barada bilyaniniz yokmay? Dowam edyarmika shol???

"garagum" adam uytgedi

"garagum" adam uytgedi yalngyshmasam, doly adyny bilmanim song yazmayin.yone indi garagum dal onung ady.