Ruhnamadan Watan barada

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Ruhubelent adamyň ýüreginiň örki eziz Watanydyr
Ruhy hyjuw hem adamyň, ilkinji nobatda, öz halky, Watany bilen ýüreginiň birliginden joş alýar. Ýürek birligi, özüňi, ýüregiňi iliňden-günüňden aýra tutmazlyk — söýgüdir. Ruhubelent adamyň ýüreginiň örki, bagrynyň bagy onuň eziz Watanydyr.
(309)
________________________________________
Watan düşünjesi giňdir hem-de çuňňurdyr
Watan düşünjesi giňdir hem-de çuňňurdyr, juda köp zatlary we manylary öz içine alýandyr. Aýal, çaga, dogan, garyndaş, döwlet, dost-ýar, dogduk mekan, işdeşler, geçmiş hem şu gün — şular bir ýeke-täk düşünje — Watan diýen gymmatlyk bilen aňladylýar.
(309)
________________________________________
Watan — ýeke-täkdir
Adamzat ruh we ruhyýet baradaky pikirlerinde kämillige ýetende, Ýaradanyň ýeke-täkligi hakyndaky taglymaty — Ýekehudaýlylygy döredipdir. Şonuň ýaly, aýratyn adam hem özüne gymmatly zatlary umumylaşdyryp hem-de şahsyýetleşdirip, olary Watan diýen bir söz bilen aňladýar. Watan — ýeke-täkdir. Ýeke-täkligiň manysy bolsa ýeg diýmekdir, eziz diýmekdir.
(309)
________________________________________
Watan ezizligine göz ýetiren türkmen hiç mahal ruhdan düşmez
Aňy hem köňli bilen Watan ezizligine göz ýetiren türkmen hiç mahal ruhdan düşmez. Çünki onuň üçin Watan paýhasda delile, ýürekde mähire, ahlakda sarsmaz ynanja, işde armaça, hereketde berekete öwrüler.
(309)
________________________________________
Ömür tejribäm Watanyň nämedigini özgelere öwretmäge maňa hukuk berdi
Meniň ata-enem hem, hossarym hem Alla, soňam eziz halkym boldy. Indi bolsa horlukdan doly şu geçen ýolum, özgeleriňkiden tapawutlanýan ömür tejribäm nämäniň nämedigini, ata-enäniň, Watanyň nämedigini özgelere öwretmäge maňa hukuk berdi.
(314)
________________________________________
Watan seniň ömürlik galaňdyr
Ömür diýilýän zat üç sany galada geçýändir. Ol galalaryň biri ömürlik, galan ikisi wagt taýdan biri-biriniň yzyndan gelýändir. Ömürlik gala diýýänim — seniň Watanyňdyr, doglanyňdan tä Allanyň beren soňky gününe çenli sen şonuň içindesiň.
(314-315)
________________________________________
Watanyňdan aýra düşmek iň agyr dert
Ýesir bolmak öz Watanyňdan aýra düşmek hem-de her hili jebir-sütemlere sezewar bolmakdyr. Ýesir töweregindäkileriň maddy hemaýat bermeýänliginden däl-de, olaryň ruhy biperwaýlygyndan, doňbagyrlygyndan ejir çekýär. Dünýäniň özi onuň gözlerine adam sypatlaryndan mahrum zulum bolup görünýär.
(320)
________________________________________
Adamyň ilkinji Watany ene rehmi
Adamyň ilkinji Watany-da enedir.
Adamyň dokuz aýlap ýaşaýan, adam bolup kemala gelýän ilkinji Watany ene rehmidir.
(320)
________________________________________
Enäniň ýyly gujagy – ikinji Watan
Adamyň bäbeklikden çagalyga çenli ýaşaýan, dil çykarýan, aňyny we duýgularyny kemal edýän ikinji Watany enäniň ýyly gujagydyr. Ene gujagynyň ýylylygyndan hem mähir kemala gelýär.
(321)
________________________________________
Adamyň çagalykdan oglanlyga çenli ýaşaýan, onuň iň gözel häsiýetlerini kemal edýän Watany enäniň mährem elleriniň aýasydyr. Ene elleri başyny sypan adam, biziň hemmämiziň umumy gujagymyz bolan Watanyň ýaşaýjysyna öwrülmäge taýýar şahsyýet bolup ýetişýär.
(321)
________________________________________
Ene toprak, Ata watan diýýäris
Ene toprak, Ata watan diýýäris. Ene bize topragy söýmegi, ata bize Watany söýmegi gan, ruh bilen bagyş edendir.
(325)
________________________________________
Watan unudýan däldir
Watana dirikäň eden hyzmatlaryň ýogalanyňdan soň hem peýdaly boljakdyr. Watan unudýan däldir, Watanyň saklanyp duranlygynyň özi-de, onuň unutmaýanlygyndadyr.
(336)
________________________________________
Ata Watany goramak seniň mukaddes borjuňdyr
Ata Watany, ene topragy jandan söýmek we onuň Garaşsyzlygyny gözüň göreji deýin goramak seniň mukaddes borjuňdyr.
(336)
________________________________________
Watan duzy — mukaddesdir, keramatdyr
Watanyň duzuna, asly halal ene süýdüne wepaly bol! Çünki Watan duzy we ene süýdi — mukaddesdir, keramatdyr.
(336)
________________________________________
Seniň bilimli, ylymly, hünärli bolmagyň kuwwatly Watan üçin gerek
Eziz oglum, mähriban gyzym! Oka! Öwren! Döret! Seniň bilimli, ylymly, hünärli bolmagyň kuwwatly Watan üçin, Garaşsyz diýar, gahryman halkyň üçin zerur gerekdir.
(337)
________________________________________
Halal rysk, halal döwlet adamyň ýüregini öňküdenem arassalaýar. Çünki ol adam özüni juda arkaly duýýar. Onuň hiç kimiň öňünde — Allanyň öňünde-de, Watanyň öňünde-de, milletiň öňünde-de müýni ýok. Bu ruhy azatlykdyr.
(369)
________________________________________
Pyragy, watan diýp gan döker gözüm, baky garap durmuş hijrana ýüzüm... Mert ýigit mert ärden öner, namart asyl-ha, mert bolmaz, eşit adam dogan ilden gaýry mähriban ýurt bolmaz!.. Ýat illerde mysapyrlyk çekenden, ursa, sökse, horlasa-da il ýagşy... Gel köňlüm, men saňa nesihat bereý, Watany terk edip gidiji bolma... Din gylyjyn çalsam, tende zorum ýok, mätäje nan bersem, elde zerim ýok, pakyr menem, senden aýra ýerim ýok...»
(377)
________________________________________
Watana wepaly boluň!
Eziz türkmenim, dokuz ýüz ýyl mundan ozal ata-babalarymyzyň ýolbaşçy saýlaýşy, ýolbaşçylaryň wezipesini ýerine ýetirişi hakda şu permanlardan özüňiz many çykararsyňyz, Watana wepaly bolarsyňyz diýip pikir edýärin.
(398)
________________________________________
Zähmet çekeliň — öz Watanymyzyň, öz topragymyzyň hatyrasyna zähmet çekýändiris.
(403-404)
________________________________________
Uly-uly döwletler gurup, aga-ýana döwran süren ata-babalarymyzyň haky üçin, Watan ugrunda başyny goýan ärleriň, şirleriň, gerçekleriň haky üçin döwletimizi — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany kuwwatly, beýik döwlete öwreliň!
(404)
________________________________________
Bu toprak keramatlydyr, bu Watan mukaddesdir!
Ata-babalarymyzyň gyrmyzy gany, enelerimiziň ganly gözýaşy dökülen topragy abadan ýurt edip, mähriň, gülküniň, şadyýanlygyň, bagtyň mesgenine öwreliň, çünki bu toprak keramatlydyr, çünki bu Watan mukaddesdir!
(404)

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu yazgi ucin

  • Mergen 1 telpek goyyar we yazyar: "Telpeklik post !! Yat tutsan yene-de 10 :))"
  • Yarym kilo 1 telpek goyyar we yazyar: "Ymgyr manyly sozler! :)))"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

ata aga

ata aga siz bize yazmaga zat goymansynyz yalyla:)
Biza shu yerde Ruhnama okasagam sizin yaly kop zat bilemzok.Ha siz ya kitapdan gochurdunizmi:)
sahypalaryny yazypsynyz welin...

Hehe...Oncha zady yat tutsa

Hehe...Oncha zady yat tutsa mena Ata aga 10 telpek berjek :D

:)

Guljemal, men ony yadymdan yazmadym, elbetde, okan yerlerimden gocurdim, has uzyn bolar diyibem gysgaltdym :)
Bagyshla, men beyle bir okde dal, kop islapdim, indi gecdi :)
Garaz, yene-de, sana minnetdar, jigim!

Mergen, telpek ucin yat tutmayin olary, watanymyzy soymek ucin yat tutaryn, umumy yagdayda, bu zatlar barada ozumem bilyan welin, soz owadanlap yazmazdym, elbetde, ya-da kop dumtunmeli bolardym :)

Kim uchin ya-da name uchin

Kim uchin ya-da name uchin yat tutjagyn meni gyzyklandyranok, yone shol post'y yat tutan vagtyn sana 10 telpek soz :D

:)

Mergen jan, men hazir-a yat tutman olary, yone, ensalla, bir wagt yat tutaysam, sana bildirerin we sen shonda shu yere gelip mana 10 telpek bermeli bolarsyn!
Gylawyn ucin sag bol, gowy zat, elbetde, tutup we amal edip bilsem!

Sen shony yat tutjagyna guva

Sen shony yat tutjagyna guva gechsen men hazir bereyin, senin sozune ynanyan ve bergili galasym gelenok :))

ahhh

Mergen wrote:

Sen shony yat tutjagyna guva gechsen men hazir bereyin, senin sozune ynanyan ve bergili galasym gelenok :))

Mergen jan, sen meni kyn yagdayda goymasana-how:)
Indi yadym kutelishdi, yat tutmak, elbetde, ansat bolmaz, yone sheyle bir kynam bolmaz! Mana ynanyana sheyle begendim, oran minnetdar, jigim!
Yone men sana soz bermayin, soz beribem tapylmasam, onda kyn bolar, hacanda yat tutamda, sana yat tutanymy aydayin, in amatlysy hem shol menin ucin!
Yene bir gezek minnetdar, Mergen, kop sag bol!

telpek bererdim arman

telpek bererdim arman :)
mana telpek gerek 1,2,3 sany.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Al geregin telpek bolsun, jigim jan!"

mergen

mergen eger 10 telpek dagy berjek bolsan mena yat tutayjak sol postdakylary:)
eger kopurak bererin diysen ustune ozumdenem goshup yattutayyn:)

Ok, sen "1-nji posty

Ok, sen "1-nji posty dolulygyna yat tutjak" diyip soz ber, men sana shu vagtdan bereyin 10 telpegi...Ylalashdykmy ?? Tomus'da dushushsak barlarys nahili govy yat tutanyny :)))