Şäherler we etraplar .

Bu ŷerede şäherlerin we etraplaryn täsinlikleri ,taryhy yadigärlikleri we keramatly ŷerleri barada ŷazalyn.Baŷramalydaky Soltansanjar mowzuleŷini hemmämizin bilşimiz ŷaly Köneürgençtäkileride bilŷändiris . Tagtabazardaky ŷeke deşik barada name bilŷäniz ?

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Ŷolöten

Ŷolöten …
Ilkinji bilen men öz yaşayan etrabymdan we şäherimden başlamakçy .Şäheriň taryhy barada mende takyk maglumat ŷok hem bolsa onun ady irki döwürlere uzap gitŷändigini görkezŷär …
Türkmenistanyn günortasynda ŷerleşen , şäherin ilaty 27 900 bolup Türkmenistanda ilaty boŷunça şäherler arasynda 15-nji orunda durŷar .Şäherin böŷleki şäherlerden tapawudy we has hem söwda bilen meşgul bolmasynda köp sanda ŷewreyin ŷaşap son hazirki İzraile göçüp gitmeleri uly rol oynap gelŷärdi . Şäherde dört sany uly mekdep bolup bir sanyda ortaça mekdep bardyr .Bu güne çenli döwletimiz çäginde geçirilen olympiadalardada öz zehinlerini görkezip uly üstünliklere eye bolup geldiler .Bir sany-da şikesliler we yetimler öyi bolup soňky döwürlerde ol ŷerik gelŷän zyŷaratçylaryň sany köpelmäne başlady .
Murgap derŷasynyn etrabyň içinden akyp geçmesi netijesinde etrabyn araçaklariniň içinde üç sany bende eye bolup olaryn ilkinjis “ Soltan bent ” ikinjisi doly ady yadyma düşenok “ zanalny ” diyilŷär hal arasynda .üçinji bolsa “ Hindiguş ” bolup Türkmenistanda ilkinji suwdan elektrik togunyn öndürilen yeri şekilinde-de taryhymyza geçendir .Bu şäherin SSSR-in günortadaky esgeri bazasy (şäherdaki tankawoŷ we desandiski çaslaryn bolmagy) bolup uly rol oynandygy Owganystan araçäklerine ŷakyn bolmagy bolsa gerek. Şaherden 20 km (demirgazyk tarapa ) uzaklykda “ jennet bilen buşlanan on sahabanyn ”biri bolan “Talhatan babanyn gonamçylygy ” diyip at berilen Talha b Ubeydillahyn (r.a) guburyna (yada düşläp giden ŷeri) aylanyp görmek jahankeşdeleri diysen öz täsirinde galdyrŷar .Mundan başgada şäherden on km (gonarta tarapda) “ Blok baba ” gonamçylygyna gelenler bolsa dertlerine derman tapmak üçin bir giden ŷol söküp gelŷäler we in az üç gün şol ŷerdiň suwunda ŷüzüp , gyzgyn çägesine gömülüm janlaryna şypa tapyp begenşip gitŷäler .şu wagtlykça ŷadyma düşŷänle şular …hany sizem gaŷrat ediň .
Bir azyrak mahabatlandyrma boldy welin günami geçersiňizdä
Okanynyz üçin sag boluň …

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • ebazer 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Dovamini isleyaris!"

Berekella! Söz

Berekella! Söz ýok...
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

:)

Elingden güller bitsin,
Güllering mekani bolsun!

A bizde Balkanabatda Duye

A bizde Balkanabatda Duye diyip pamyatnik bar.
Onun ady "Pamyatnik pervoprohodsam"

Life is just so wonderful!!!

Murgap Geçen tomus gaty

Murgap

Geçen tomus gaty gowy geçdi mende.Hezillik:)

Murgapda 1.Gowşutbent bar. Gowşutbent Gowşut han bn Tekeler Mara gelende gurulan ilinkji bent. Bentdir da diyip geçmang. Bent bolmadyk bolsa yaşayiş kyn eken,suwy kontrol edip bilenoklar eken.

Turistik yere öwrülip barya şol bent. Suwa düşmek gaty hezil. Onsong şol yering yanynda bir köl bar,duzly. Adamy çümdirenok. Suwyng yuzunde gayip yörsüng.

Nuclear canter we Molecular biology labs barada aytmayn ha mi Atamyrat?:)

Başgda zat kellame gelenok şu wagt.

Yanyp duran Ataş men sönmenem begler

murgabyn onki il içindaki

murgabyn onki il içindaki ady semenlik bolupdyr

''Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.''

yenede uçurym dawaralary

yenede uçurym dawaralary bolan okuwçylar,uçurum dabarasy guni bende suwa dushmane gityaler.bulam eyyam dabe ugrap baryar
''Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.''

piknik

Meylis, inim, ol diyyanin piknik bolmasyn :)
onler piknik bahanasy bn gidilyardi, indi ucurym bahanasy moda boldumy :)

:)

Ata aga piknik name bolyaray?

:)

cole ya onat bir yere gezelenc=piknik mika diyip bolyan, ha, name boldy, ebazer :)

:)

Ay yola on yalak üytgeşik zadam yokla yöne yadima düşmejek bolyar. :))

piknik dal.ttm uçurumlary

piknik dal.ttm uçurumlary dal.normal orta mekdep uçurumlary gidyaler uçurum dabaralary guni kameraly zatly suwa duşmane gidyaler
''Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.''

Oglanlar telpekleriniz

Oglanlar telpekleriniz üçin sag bolun ...
Göryan welin köp agzalarymyz öz yaşan yerlerindki tasinliklerdir yadigarlikler we keramatly yerleri bara köp zat bilmeyane çemli ...
Menem yenede gözlegler netijesinde böyleki şaherlerdir etraplar barada yazjak bolaryn , sizem gayrat edin ...

:)

Sanjar wrote:

Oglanlar telpekleriniz üçin sag bolun ...
Göryan welin köp agzalarymyz öz yaşan yerlerindki tasinliklerdir yadigarlikler we keramatly yerleri bara köp zat bilmeyane çemli ...
Menem yenede gözlegler netijesinde böyleki şaherlerdir etraplar barada yazjak bolaryn , sizem gayrat edin ...

Sanjar, inim, senem yikdyn-ey shaher-oba diyip, sen bashda shu yere bir jykla, sonam ukyndan turubam bir zatlar yazyp gor hany :)

Mena ata aganyn yazanlaryny

Mena ata aganyn yazanlaryny okap derrew yatdym .ukudan oyanybam yazdym welin üytgan zada bolmady .
Menin pikirimçe siz gowja oyanmaly ata aga . Okuda okana menzeyaniz menin yazanlarymy ?!
Men Bayramalydaky SoltanSanjat mowzuleyi we Köne ürgençdaki pirler bara azajygam bolsa bilyandigimizi yazypdym .Yöne bizin etraplardyr şaherlerimizde birnçe bilinmeyan tasinlikler bara ...
Mysal üçin Nusay galasy ,Denezawrlaryn ayak yzlary we ş.m
saglygynyz ...

ba, shey diy-a, onda men

ba, shey diy-a, onda men oyanayin onadrak :)
yadygarlik we taryshy shahsiyetler barada yazyp, sonam siz yazanzok diyip bize yrsarap duran yaly gordum-le, bir cemce ganymy geceweri, jigim :)

Wekil Atabay Wekil Atabay -

Wekil Atabay

Wekil Atabay - Mary welayatynyn Wekil bazar etrabynyn bir obasy bolup turkmenistnada özünin yer tudanasy bilen ülkamizin azyk atiyaçlaryny üpjin edip gelyar .Türkiyanin türkmen okuwçylaryny kabul edip başlamagy bilen ol obadan türkiya okuwa gelyanlerin sany obada yaşayanlaryn sanyny geçmane başlady .Bu diysen begendiriji bolup gelejekde Stanbuly basyp alma girişiminde hem bolup biler diyen netija gelinip bilner .Mundan başgada kelem öndürmekde 1-nji ödürmekde diysek yalnyş bolarmykan diyip 2-nji orny beresim gelyar ... Yene bir zat ünsini özüne çekyar .Mary welayatyndaky bank pudagynda işleyan köp sanda yolbaşçylaryn şol obadan bolmagy ,şu wagtky türkiye respublikasyndaky adatdan daşary we doly ygtyyarly ilçisinin şu obadan bolmagy Atabayda yaşayan oglanlary diysen guwandyryar ...
Garagum kanalynyn obany ika bölüp geçmesi yewropa yurtlaryny yatladyp oba gelen daşary yurtly jahankeşdeler özlerinin bir yewropa ülkesine gelendiklerini yatlap geçyaler.
Saglygynyz ...
-----------------------------------------------------------
sözlande dogry sözle,yone her dogry her yerde sözlenmez

hormatly agzalar murgapda

hormatly agzalar
murgapda (Bismillahirrahim) Çasdepe diyen bir yer barmys aslynda o tayı paytagt boljak eken dogrumuka So yer barada gyslajyk maglumat bermek isleyan bar bolsa meni oran sadyyyan eder
-------------------------------------------------------
sözlande dogry sözle,yone her dogry her yerde sözlenmez

:)

Ey mena Daşoguz paytagt bolyara diyip eşidipdim.

Ay yok yalnysh eshidipsing.

Ay yok yalnysh eshidipsing. Murgabyng Kamuna diyen yer bar,şotayi basym paytagt bolmaly,yene biraz wagtdan:)

Yanyp duran Ataş men sönmenem begler

yok basym murgabyn

yok basym murgabyn azatlyk(gyzyl goshun)diyen obasy paytagt boljakmyş
''Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.''

Dogruja yazda dost

Dogruja yazda dost Bismilla'ny bir, ve Bismillahirrahmanirrahim'in anyrda name ishi bar ? Ayat okayan yali etdinle ol obanyn ady yazanynda...

oyun edyasle how senem seyle

oyun edyasle how senem. seyle kyymatly oba diydigimiz sol.adyny agzanynda besmele bilen baslanyan oba. yalnyslygam kan ymykmy pikirlenman yazanyndan bolyar. olaram düzeltmane gayrat edriz.yalnyslary aydyber biza solary çaltyrak düzeldip bilsek begenjek..

----------------------------------------------------------
sözlande dogry sözle,yone her dogry her yerde sözlenmez

dogry

dogry aydyang dost ahli gymmat baha zatlar shol yerde. topragynyng ozu nama degenok.hakiki Turkmen nesli shol yerde bar.Ata baba larymyz shol topraklar uchin gan dokupdur.AHhhh ol yerde yasamagam bir uytgesiklik.hemme geleni alibam duranoklar biraz medenyetli bolmali.ay borda owyan yali bolyan welin hemmesi dogrudur.Turkmen diyende ilki bn aklina gelyan yerda

Menem Merwezin' aydanlarina

Menem Merwezin' aydanlarina goshulyarin:D

Hajy-el Mubarek

men obadaşym yokmay.olam

men obadaşym yokmay.olam azatlygyn paytagt boljagyna goshular yaly mana
''Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.''

yene wekil atabaydan byr iki

yene wekil atabaydan byr iki agyz.
obada okuwçy sany 1600 toweregi Uly byr orta mekdep bar.sany kop bolanson we obanyn çaltdan çalt kopelmegi sebapli Garagum kanalyny beyleki tarapyna yene byr mekdep gurulmaga dowam edyar we yakyn wagtda hyzmata başlar.mundan basgada wekilbazar deputatlarynyn kopüsi sol obadan çykyar.yene byr zat obada Nagym gala we Gyz gala diyip gadymy 2 taryhy eser bar. men bir yrlerden esitdim sol galalaryn asagynda(yerin astynda) dusman çozanda basga marydaky galalar bilen aragatnasyk eder yaly 2 atly byrarada gidip biljek yaly yol bar eken. Oglanlary gonsy oban oglanlary bilen urşmakta oran basarynykly son uçinem oba kan del myhman gelse derewjik yzyna gimek bilen bolyar menem kop wagtdan bari dasary yurtda bolamson taze murty çykanlar tanaman manada yrsaracjak bolyalar.(tananlaryndan son girere desik gozleyaler welin )yone gowja refransyn bolsa obadaky gyzlara lak atmamak serti bilen obada dagap gezip bolyar.aslynad myhman soyerdir yone ilk synagy geçmek gerek.... dowamy bolup biler
saglyjakla
---------------------------------------------------------
sizem yazynda öz obadyr saherlerinizi Türkmenistany ginden tanalyn her yere gitmega miseser bolanok hemmamize.

--------------------------------------------------------
sözlande dogry sözle,yone her dogry her yerde sözlenmez

atabayyn mollasam bar

atabayyn mollasam bar oytyan
''Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.''

düşünmedim kimi

düşünmedim kimi aydyanynyzy, byr sahsiyet mi? yone obada gruppa gruppa mollalar bar. orazana daş edip geçirlarler her gün agsam agyz açar.basgada yakynlarda obada taze mesjit gurlupdyr.tarawalar 30 da 30 okalyar
----------------------------------------------------------
sözlande dogry sözle,yone her dogry her yerde sözlenmez

Allaweddin atabaydan

Allaweddin atabaydan dalmi
''Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.''

yok mollanepes de oydyan

yok mollanepes de oydyan gaty guwy bilemok yone bizin obada ha dal
-----------------------------------------------------------
sözlande dogry sözle,yone her dogry her yerde sözlenmez

Balkanabat, (Önki ady

Balkanabat, (Önki ady Nebitdag) bir şäher Türkmenistan'da. Balkan welayatynyn merkezi. Ilaty takmynan 130000 münden köpürak. Aşgabat'a 450 km, Türkmenbaşy'a 150 km uzaklykda. Uly Balkan dagynyn eteginde.
Balkanabadyn taryhy ilkinji gezek 1933 yylyna baryar. Şol wagt, Balkanabat Trans-Kaspi Demiryolynda bir duralga hökmünde döredildi. Obalardan we daşarydan ilatyn göçüp gelmegi bilen, sonra Balkanabat şaher yglan edildi.
Balkanabat hazirki döwürde nebit we tebigy gaz öndürmede senagat merkezidir. Türkmennebit merkezi Balkanabatda yerleşyar.
Balkanabatda 20 sany orta mekdep: (olardan 1i türk, 1i gazak, 2si rus garyşyk we galany doly türkmen),
1 sany Yokary okuw jayy: Politehniki Institudy (Aşgabatda hem bölümleri bar).

...

Balkanabat 130 000 ilatly?

Balkanabat 130 000 ilatly? Aý sen 130 000 MÜŇ ilatly diýipsiň welin==>130 000 000 ilatly boldugy bolýa :D Aý ýok, 130 million däldirle.
Men şonda-da haýran galdym, 130 müňem köp. Marynyň, TÜrkmenbaşynyň, Türkmenabadyň, Daşoguzyň ilatlary näçekä? Bizde statistika barmyka? Nireden okap bolar?
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Bayram aga, bilyansiniz

Bayram aga, bilyansiniz Balkan welayatynda kan oba yok..
meselem balkanabada degişli hem 2-3 sanyjak oba bardyr..
olar hem degişlimi yada ayratynmy bilemok.
Balkana welayaty jemi azyndan 700-800 mün diyip alsak..
(eger Türkmenbaşynyn aydyşy yaly TM 6,5 milyon bolsa, onda men aytyanym dogrydyr!)
Balkanabat 130 mün,
Türkmenbaşy şaher+etrap 80-90 mün,
Gumdag 30 müne yakyn
Bereket 30 mün
Serdar 50 müne yakyn
Garrygala 20 münden köprak
Etrek+ Esenguly hem 30-35 mün
Hazar(çeleken) 25 mün
şulary jemlesen, 400-500 mün bolyar..
we şu maglumatlar, menin okayan döwrümdaki geografiya kitabynda yazyglydy..

Balkanabat 4 yyl önünça 108 mündi. hakim aydypdy, mekdebimizdaki konferansda..

Aşgabat şaheri geçen yyl 900 mün diylipdi..
indi name Balkanabat şonun 7den biriçe yokmy? :)

Sagja bola! Hawa, öňem

Sagja bola!
Hawa, öňem bilýädim Balkanabatda şäherleriň, nebitçi we gazçylaryň köplügini. Ol ýerde oba bolar ýaly derýalar ýok, oazis ýok. Düşnükli...
Obasyz bir hiliaý ýöne :D
OBA RULEZZZ! :)
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

owganystandan, murgap

owganystandan, murgap deryasynyng turkmenistana gechyan erinde suwa dushyardim, tomusda.

Men bir zat oylap

Men bir zat oylap tapdym.

Wekillin pulyndan Murgaplyng dilinden Sakarçagelinem elinden Huday saklasyn. Wekilliler gaty bay bolyar. Aslynda menem wekilli,song Murgaba gelen:) Maryng baylarynyng köpüsi wekilli.

Orsyetden mashyn dashalshykda,wekilliler butun Orta Aziya daşayar ekenler. Onson anyrdakylar sorayamyş -Name Wekilbazar diyip taze döwlet döredimay,akityan mashynynyzyn hetdi hasaby yok diyyyamiş.

Murgaplylar dil gurdan guychli. Chary Meret-2.Nuryshka. Ata Salyh. Umur Esen. Bir ayal şahyr ady yadyma dushenok.

Sakarçageliler gowy urushyalar,batyr bolyar. Guban Durdy hem shotaydan. Altymyratam shotaydan.

Yanyp duran Ataş men sönmenem begler

:)

Merwezi paytagitimizi kan ögme. :)

merwezi dost Allah

merwezi dost Allah wekillinin pulyny, murgaplynyn dilini we sakarçagelanin elini kopeltsin güyclendirsin bayatsyn diyelin enşallah. bular bu kyymatlaryny gowulyga ulandyklary wagt kop pulyn,dili duzlyn we batrlygyn zyyanyndan peydasy kop bolar. we beyle doga edelin.Huday saklasyn diymek bir hili damay...

---------------------------------------------------sözlande dogry sözle,yone her dogry her yerde sözlenmez

Guşgy . Türkmenistanyň

Guşgy .

Türkmenistanyň iň günortasynda , Murgap derŷasynyň başlangyjynda , Owganystan bilen serhetdeş ŷerleşen bir şäherdir . Pisse baŷyrlyklary daş töweregini gurşap alyp yaz aylary şäherin görküne görk goşup gelŷär . Ilaty 7 200 bolup türkmenistanda ilaty boŷunça 58 orunda durŷar . Ol yerde harby gullukdaky we işleŷänleriň sany şäherin ilatyndan köp bolup durŷar .Şäherde iki sany ortaça mekdep bolup ol yerde işleŷänleriň çagalaryna ylym bilim berip gelŷär .Türkmenistanyň dürli welaŷatlaryndan gelip şol ŷerde bilelikde watany goraŷan esgerler we adamlar bilen tanyşmak we olar bilen çaŷ başynda gürleşip oturmak Türkmenlerin agzybirligi we çaŷ içip gürleşip oturmany nahili derejede halaŷandygyny görkezip gelŷär .Bulardan başgada SSSR zamanynda Owganystan söweşinde bir ors esgeriniň halk içinde Alŷoşa diŷip atlandyrylan yadygärligi bolsa şähere yokardan seredip “ men sizi goraŷan ” manysyndaky manyly heŷkeli baryp gören jahankeşdelere islemeselerde şol söweşi ŷatladŷar .Şäherdäki ŷaşaŷjylaryn köpüsiniň döwlet edaralarynda işlemeleri beŷleki adamlaryň bolsa maldarçylyk bilen meşgullanmalary , ekerançylyk üçin ŷeterli suwyn bolmaŷşy söwdadan başy çykŷanlar üçin uly gazanç ŷeri bolup durŷar . Jahankeşdeleriň we şäher ŷaşaŷjylarynyň ŷaz aŷlary ŷam - ŷaşyl bägülli meŷdanlara çykyp pisselikde gök çaŷ içip şişligiň keŷpini çykaryp başyny göge tutup ŷatmagyň ilkinji gidenleriň hiç ŷadyndan çykmasa gerek .
Saglygynyz …

Hahaha...Bu blog'y durshyna

Hahaha...Bu blog'y durshyna anekdotlaryn arasyna gechiraymeli, herkim oz etrabyny paytagt etjek bolup derlap oturan ekena :D
Ashgabat'dan bashga yer paytagt bolmanjyk gecher :)))

su gezega bu yanglys boldy

su gezega bu yanglys boldy sebabi mary ongem apytagt bolupdy asgabatdan ong song ucinem onam aydan cykarmaly daldiris.lol.menem marydan mary apytagt bolar diyyan.

Telpekler (1 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • aA 2 telpek goyyar we yazyar: "2 gezek «apytagt» diyipsin. tolgunyp paytagty apytagt edenin uchin 2 telpek (teplek, etlpek, pektel... )"

Hachan Mary paytagt boldy ??

Hachan Mary paytagt boldy ?? Nachinji yillarda ?? Ya shu vagtky Mary, onki Merv diyjek bolyanmi ?? Gadymy Merv shaherinden galan yadigarlikler nirede ?
Ashgabat'dan bashga shaher paytagt bolmaz, biz eyyam dovlet bolduk, onki imperialar yali basyp almashak hem yok, paytagt uytgetmek hem...

hawada merv diyjek

hawada merv diyjek boldymda.:))

yuzde yuz bey diyme.bir

yuzde yuz bey diyme.bir wagtlar rim imperiasynyn paytagty konistantinopel paytagtlykdan ayyrlar diyseler kim ynanardy.aşgabadam şon yaly bolaymasyn.
''Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.''

istanbul

konstantinopel Bizanslylaryn elinden alynmadymy name? Yagny Fatih Sultan Mehmet (Pygamberimizin (s.a.v) oven adamy) ony 1453'de almadymy? eger sheyle bolsa onda name biz Ashgabady birine berjek bolyasmy?..mena logika tapmadym?!

Shol vagt "Uytgemez" diyilen

Shol vagt "Uytgemez" diyilen paytagt'yn uytgandigini aytjak boldy ol, yagny Ashgabada-da "uytgemez" diyyanlerin yalniship biljekdigini aydyar, yone ol bizin Bitarap, galyberse-de imperia dalde dovletdigimizi yatdan chykaryar...

ok

yok menem dushundim ona..yone Konstantinopel bilen denemek birhillirak boldy..sebabi Konstantinopel alyndy bashga Imperiya tarapyndan.Ashgabadam alynyp biler manysy chykyar azajyk..shona birhili boldym.

Ay marly'lar alar

Ay marly'lar alar diyyandirda :))
Bardakilerin ozleri marly bolany uchin gurlap oturandyrlarda, Ashgabat'dan bashga paytagt bolmaz TM'de !!

hayirlisi

hayirlisi bolsun..

gazagystan name imperiyedimi

gazagystan name imperiyedimi paytagtyny uytgedende.her şeheri paytagt edip ol şaherleri osdurmek islap bilmezmi turkmenistan.bizin aydanlarymyza oyun(mary paytagt bolar diyenimiz)yone bolup bilmez diyiba zat yok
''Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.''

hmmm

çürt kesik gürleyan welin geljegi gördün öytyan...

mena gaharym gelip bashlady,

mena gaharym gelip bashlady, Alla'dan bashga hich kim bilmez naman boljagyny..beydip jedelleship oturanymyzdan, gelin hayirlisi bolsun diyayelin..elbetde Mary paytagt bolmaly bolsa onda bolaram yone yene de hayirlisi bolsun diyyan mena..

"Bir narsani yaratmagy irade eden vagty, O'nun ishi dine "BOL" diymekdir, bes ol narse bolar" (yasin suresi)

Menina indi aydyp aydyp

Menina indi aydyp aydyp dilimin suwy bitti (dilime tüy bitdi)...
Name üçin mowzygy üytgetyanizay .gayrat edin degişmeleri çyna yazgartman how ... Oyun edilya barde ...
İndi görersiniz çekelşme başlar ...
Mergen sen bir düşbije bolaymaly yaly welin ...
Menem bilyan " alan galanyz özünizinki " diyip köşeşdirmesem diplomadyn postyna döner barem ...
saglygynyz ... gaty çekeleşeşiniz gelyan bolsa taze bir post açyn " gelejegin paytagty " diyip yada privatdan ...

Türkmengala .

Türkmengala .

Türkmenistanyn günorta gündogarynda , murgap derŷasynyň kenarynda ŷerleşen etrapdyr . Adyny taryhy galalardan alan “ Türkmengala ” taryhy şäherler bilen hem serhetleşŷär . Serhedindäki şäherler Baŷramaly , Ŷolöten we Murgap etrabydyr .Ilaty 13 100 bolup ilaty boyunça Türkmenistanda 38-nji orunda durŷandyr . Köp sanda “ Buluç” azlygy ( minority ) hem Türkmengalanyň köp medeniŷetli bir ŷer bolandygny görkezŷär diysem Ata aga heläk etmese gerek . Buluçlar takyk nireden we nähili ŷagdaŷda gelendikleri belli bolmasada Pakisdandaky Buluçystan welaŷatyndan gelendir diŷilip çalkama edilŷär . Türkmengala etrbynyn şäherçesi merkezi bolup merkezinde kiçijek bir bazary bardyr Ol bolsa olŷerde ŷaşaŷanlary kanagatlandyrman köpüsiniň Ŷolöten we Baŷramalynyň bazarlaryna akyn etmeklerine sabäp bolup kireŷkeşleriň (taksisleriň ) yrsgal çeşmesi hem diŷsek bolar .Bir sanjak işlemeyan switafor şäherçänin ŷol hereketini bozman awtaulag sürjilerine uly kömek etyar . Switaforyn ŷanyndan uzaklaşmankaňyz Türkmenistanyn belli ŷumorçysy “ Nuryşka ” nyň (ŷatan ŷeri ŷagty bolsun ) howlusyny hem görüp bilersiniz .Türkmengala etrabynyň musulmançylygy gorap saklap has hem öňe ösdürmeklerinde Buluşlaryň täsiri ulymyka ?
diýip Ata agadan sorasym gelýä . Galanynam ata aga dowam ederda mendena şujagazja …

:)

Sanjar, jigim, bizin etrp barada yazanyn ucin minnetdar!
Men kan bir zt bilmesemem, azyrak zat yazayin:
Has takygy, soragyna jogap bereyin:
Buluclaryn barlygy sebapli, Yslam ozuni gorap bilipdir diymek, belki dogry bolman biler. Sebabi, men birnace dayhan birleshiklerinde beyle yagdayi goremokdym, garashsyzlygymyzy alamyzson, azyrak owrenip amal edip bashlapdylar ynsanlar.
Bizin dayhanbirleshigin hazirki ady Kemine, on Lenindi, 5 obadan ybarat, shonun biri hem buluc oba. Bashga-da buluc oba bar bolmaly T.galada. Birem, T.galanyn onki ady bn Rownina diyip obasy bolmaly, T.abat bn serhedi bar, yagny, Lebap wlayaty bn hem biz gonshy :)
T.galnyn col bn hem serhedi bar, ensalla, ol yerlere tomus gezelenje gitsegem bolar:)
hazirlikce bular!

13 munmi ?!

Sanjar wrote:

Türkmengala .

.Ilaty 13 100 bolup ilaty boyunça Türkmenistanda 38-nji orunda durŷandyr .

bah, dine bizin dayhanbirleshik 13 mun gowrag-a, etrapda bolsa 10-larca db bar, diymek, azyndan 30 000 toweregi barmyka diyyan!
Kiceltme-how bizin etraby :)

Lebap taraplarynda-da taryhy yerler kop bolmaly, yone Lebaply agzamyz iki sanjak bolanson, yazanoklar-a :)

Baýba, äpet oba ekeni 13

Baýba, äpet oba ekeni 13 000 ilaty bolsa :)
Ady näme şonam aýt agam! :D
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

:)

wiy, men db diydim-a, oba dal, ady Kemine!

Aý daýhanbirleşik kolhoz

Aý daýhanbirleşik kolhoz ýa sowhozyň türkmençesidirdä... Kolhozam, sowhozam, daýhanbirleşigem oba diýmek diýip düşünýän menä :)
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

:)

Bayram wrote:

Aý daýhanbirleşik kolhoz ýa sowhozyň türkmençesidirdä... Kolhozam, sowhozam, daýhanbirleşigem oba diýmek diýip düşünýän menä :)
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

bir bar eken, bir yok eken, gadym zamanda obaly bir copan bar eken, ol okde bolup MGU-ny gutaryar we Masteri hem atlap gecip, US-da PhD bashlayar diyyar, shonda-da ol obalylylardan kan tapawutlanmandyr diyyar kabir yagdaylar ucin, shonun ucinem shat yashayarmysh :)

ay, senem onardyn-ow, Bayram jan:)
oba oba+oba+oba+oba=kolhoz :)

Jemal, jigim, sen hem men yaly, oz etrapdyr welayatyny onatja owren, son barde yazar yaly :)

Ata aga bir telpek ganymy

Ata aga bir telpek ganymy geç .
13 100 şaherçanin ilaty bolmaly .
Bagyşlarsynda .
Saglygynyz ...

:)

ynha, munyn bolyar, Sanjar inim, yogsam shol eje-eje diyip oturardyn sen :)

hany, dowam ed-a, birem Lebap taraplaryny hem yaz-a, yogsam gatyrganyarlar-a :)

jemal wrote: Taryhyny juda

jemal wrote:

Taryhyny juda gowy bilemok welin... Koytendaga gidip gormeginizi maslahat beryan:))

Haha...Govja taryhy maglumat ekenlay ol "Koytendag"-yn :)))

Koytendag'a gepim yokla,

Koytendag'a gepim yokla, yone ol taryhy maglumat'dan has kop tebigat bilen baglanyshykly, ya sen anyrdaky dinozavr'laryn ayak yzlaryny aytdynmy "taryhy" diyip ?? :))
Viii, menem akitsen tomusda anyryk !??

Ay shu gyz milleti bara,

Ay shu gyz milleti bara, almaly bolsa 1-nji yerde, bermeli bolsa yun sakal edyaler...Bor bor, yol pulyny men tolayerin (Onda-da minnet bilen diyyanmi :D)

Seni kidat etdilera bu gezek

Seni kidat etdilera bu gezek jorajan, menin dilimden halas etjek adam gapyshdy :))

Ay sheydip ovrenmage

Ay sheydip ovrenmage itaymesek, bashga ulanyjylara arka dayap, okamak
niyetin hem yoga oz shaherin taryhyny :)) Ay sen yene-de govjalay :D :D

Men hem Turkmenistanda

Men hem Turkmenistanda Balkanabat, Turkmenbashy we Ashgbatdan bashg yerlerde bolup goremok. Menem bashga welayatlara baryp goresim gelyar we Koytendagyn oran owadandygyny diyip eshitdim.

Life is just so wonderful!!!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • aA 1 telpek goyyar we yazyar: "bashga dil garman turkmen dilinde vazjak bolanyn uchin telpek"

:)

Köytendag name Lebapdamay mena Ahaldamyka öytyadim

yok lebapda.geç kartan gowy

yok lebapda.geç kartan gowy dal.kop okamaly.geografiya okamaly.sen berdi mollumun okuwçusy dalmi

''Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.''

Ata aga, yatanokmay sen ??

Ata aga, yatanokmay sen ?? Sagat 03:11, sen entagem otyrsyn barde :)
Mena ertir'i chuflap, yatjak, dandan bolup gitda :D

:)

Mergen wrote:

Ata aga, yatanokmay sen ?? Sagat 03:11, sen entagem otyrsyn barde :)
Mena ertir'i chuflap, yatjak, dandan bolup gitda :D

barde hazir 3:59 bolupdyr, arada internet baglanshygy gitdi, belki online gornendirin, a hazir bolsa, hakykatdanam, online men :)
Mergen, gijikdirdim, gaty gorme!
senem menden kem galanok-la, siz bizdenem 1 sagat onde baryanyz-a :)

wiy, men ertiri cuflapdim,

wiy, men ertiri cuflapdim, yene-de arkayin bolamson otyryn-da :)

bayram-ali şaheri hakynda gysgajyk bilgiler ...

http://wikimapia.org/country/Turkmenistan/Mari/Bayramali/

bu kartadan bayram-ali şaherini online siyahat edip bilersiniz !!!

Türkmen ykdysadyyetine ing

Türkmen ykdysadyyetine ing köp girdeyji getiryan şaher, haysyka??
pikrimçe Türkmenbaşy şaheri..
paytagt ederis diyip degişmedir öytdüm welin, kabirlerimiz çyny bn, :)

"Hiyal etmek ziyanli dal"

"Hiyal etmek ziyanli dal" diyyalermi orslar ? :)

nazar mämmedow diýen dostumuň baýramaly baradaky ýazgysy

meniň obam -
Baýramaly 


Nazar Mämmedow gürrüň berýär

 

 


Ägä boluň! 

Bu ýerde aýdylan zatlaryň köpüsi hiçbir
ensiklopediýada ýada maglumat üýşmeginde ýokdur. Emma bu aýdylan zatlar
takyklyk nukdaý nazaryndan seretseň ol ýerdäkileriň hiçbiri bilen deňeşdirip
bolmaz. Bularyň hemmesi subýektiw garaýyşlar. Elimden geldigiçe Baýramalynyň
esasy aýratynlyklaryny belli etjek boldum. Bu ýerden proektiň awtory Agajana
telpegimi çykaryp salam berýärin we oňa işinde üstünlik arzuw edýärin.


 


Taryhy

Baýramaly Türkmen
aga özüni bileli bäri oba bolup görmedik şäher. Şonuň üçin hem ol Türkmenistanyň
iň taryha baý we gadymy şäherlerinden biri. Meň çagalygymda Merw 2500 diýip,
şäheriň 2500 ýyllygyny bellejek bolup ýördüler ýöne bu sany has az görüp soň ol
proekt goýbolsun edildi. 

Baýramaly esasanda
ex-Maru-Şahu-Jahan we gadymy Merw hökmünde ýagny Seljuk Imperiýasynyň paýtagty
hökmünde tanalýar. Bu şäherde Seljuklaryň iň soňky Soltany Sanjar ýaşapdyr we
işe gatnapdyr. Onuň dünýä belli mawzoleýi şäheriň daşynda ýerleşýär we örän
restawrasiýa mätäç. Biz çagakak şäheriň parkyndaky karusel (çertowoýe kolso)
işleýärdi we her gezek iň beýik nokada çykanymyzda Soltan Sanjary görmäge höwes
ederdik. Bu gubura gitmek üçin taksiçilere „Soltan Sanjara gitjek“ diýmeli, olar
hem “Bolýar” diýseler münmeli, bolmasa  öz işiň bilen bolubermeli.

Has tapawutlyrak
aýratynlygy dini temada; bu esasan hem garaşsyzlykdan soň meşhur boldy. Ol hem
şol Soltan Sanjaryň ýakynlarynda Bureýde we Aslami diýip iki sany mukaddes
öwlüýaniň guburlarydyr. Bular Muhammet Pygamberiň ýoldaşlary bolup, Yslam dinini
ýaýbaňlaşdyrmak maksady bilen bu territoriýalara gelipdirler. Halk bu mukaddes
adamlara örän ýokary hormat goýýar. Umuman olaryň ýatan ýerleri halk arasynda
“Bureýdalar” diýlip atlandyrylýar we köp merhumlar bu ýerde jaýlanýar.

Mundan başgada bu
ýerde halk arasynda Hoja Ýusup Baba diýilýän meşhur musulman alymynyň gubury bar
we onuň adyny göterýän metjit bar. Iň soňky gezek gidenimde ol ýerde bir kino
düşürülýärdi. Bu ýeri hem halkyň uly hormatyna eýedir.

Şu gürrüňini edýän
taryhy kompleksimiň içinde Gyzlar gala diýip uly gala we Oglanlar gala diýip
kiçiräk gala bar. Bular barada herhili gürrüňler edilýär edil öz eşdişime görä
gadym zamanlarda Oglanlar galadan Gyzlar galasyna ok ýetirip bilenler ol ýerden
gyz almaga mynasyp bolýarmyşyn. Bu elbetde rowaýatdyr.

Bulardan başga hem
Ahmet Sapançy diýilýän biriniň gubury bar. Herhili mollalaryň we öwlüýäleriň
mazary bar. Bularyň hemmesi örän könelen binalar we olar ýykylyp barýan şäher
galasynyň içinde ýerleşýärler. Baýramalydan çykyp Lebap tarapa ýola düşeniňde
ýada Zähmet tarapa çep tarapda bir uly tamdyr görünýär. Muňa biz Baýramalylylar
Hajymeligiň tamdyry diýýäris. Bu gurluş çyndanam äpet bir tamdyra meňzeýär we
ulularyň gürrüňine görä öňler onuň körüginden maşynly girip içinden gamyş ýygyp
gaýdýan ekenler. Has ulalanymdan soň taryhda munuň ilat tarapyndan buz saklamak
üçin ulanylandygyny bilip, erteki şäherde ýaşaýandygym hakyndaky guwanjym ýitip
ýok boldy.

Eýsem Baýramaly
ady nireden geldi? Men hem bilemok emma bu ýerde Baýramaly diýip bir han
ýaşapdyr. Onuň adyny göterýän Baýramalyhangala şäheriň bazarynyň ýanynda ýatyr.

Geçen iki asyrda
bolsa bu şäher ak patyşanyň dynç alýan ýeri hökmünde ulanylypdyr we Ýewropa
medeniýetinden uşak-düşek edinip galypdyr. Şäher merkezinde häli-häzirem köne
Hristiýän ybadathanasyň harabasy beýgelip dur. Köne binalar hem bir ors yzynyň
bardygyny mese-mälim görkezýär. Gürrüňlere görä Nikolaýyň gyzy ýaramansoň ol bu
şähere aýratyn üns beripdir we owadanlaşdyrypdyr. Şäherde ors ilaty ep-esli bar.

Iň soňky 70 ýylyň
gürrüňini hemmämiz bilýäris. Şäherimiziň esasy köçesi ozallar Çkalowdy,
Garaşsyzlykdan soň ol Watan köçesi boldy. Gagarin Andalyp boldy, beýle diýsem
Gagarin şahyr bolandyr öýdäýmäň, Gagariniň adyny göterýän köçesine indi
Andalybyň adyny götermek nobaty geldi diýjek bolýaryn, umuman şeýdip köp zadyň
ady üýtgedi.


Ilaty

Bu şäher örän
kozmopolit – köpmilletli. Bu ýerde edil özüm ors nemes, özbek, ýewreý, pars,
azerbeýdjan, uýgur, buluç, gazak we türkmen gördüm. Elbetde bularyň sany azlyk
emma türkmen tapaýmagam gaty aňsat däl. Bularyň hemmesi bir millet ýaly dost
ýaşaýarlar. Türkmenler. Hemmämiziň bilýän türkmenlerimiz. Her tohumdan bar. Toý
zat bolsa üýşüp begenýäris. Baýramaly Türkmenistanyň her künjeginden gyz alyp
berýär. Şäheriň her ýerinde ýaşaýarlar. Nämüçindir her milletiň öz etmeli işi
bar ýaly bolup dur. Meselem gurluşyk we montýor ýaly işlerde işleýän orslary
ýaman köp gördüm. Azerbeýdjanlar bolsa, bulara pürsiýan hem diýýärler öýdýän men
hiç tapawudyny bilip bilmedim, esasan mal bakyp etini satýarlar; birhili bulara
men biznesmen diýýärin. Krasnowostoçnyý diýlen köçede örän köplük bolup, diňe
şolar diýseňem boljak. Gowy ýaşaýarlar. Uýgurskaýa diýip bir köçe bardy. Bu
ýerde öňler gündogar Türkistandan gelen uýgurlar ýaşaýar. Bular hem türki
halklara degişli. Buluçlar umuman garaýagyzrak millet we parslaryň diline meňzeş
dilde gepleýärler. Köpüsi türkmençe bilýärler. Şäherde köplük bolup
ýaşamaýarlar, ýakynda ýerleşýän obalarda ýaşaýarlar. Rafsanjaniniň adyny
göterýän oba diňe buluçlardan emele gelen. Nämüçindir özlerine buluç diýilmegini
halamaýarlar. Sögmek diýip düşünýärler.
“Özüň
buluç
” diýseler hem gaty görüp ýörmeli däl.
Tatarlar bar, orslar ýalyrak ýaşaýarlar saryýagyz bolýarlar. Ors
doganlarymyzy bolsa hemmämiz bilýäris. Ýokarda agzalanlaryň hemmesi garyşyk
ýaşaýarlar.

Ilat esasanda
döwlet edaralarynda ýagny banklarda, mekdeplerde, zawodlarda (Masložir,
Masloprom ýaly) we sanatoriýada işläp pul gazanýar. Baýramalynyň bazarynyň soňky
ýyllarda möwç alyp ösýändigine şaýat boldum. Ilat sanyny hiç sanap görmedim emma
30739  we 57812 arasyndadyr diýip çak edýärin.


Nirede?

Günorta-gündogar
Türkmenistanda Marydan 35 kilometr ýalyrak aralykda ýerleşýär. Mary welaýatynda
Marydan soň ikinji uly şäher. Bu 4000 müň manatlyk benzine 15 Baýramala baryp
bolýar diýmek. Baýramalydan hiç ýerik barman Türkmengala, Ýolötene, Mara we
Lebaba gidip bolýar. Marydan Lebaba gitjek bolsaň Baýramalydan geçäýmeli.
Baýramalydan 11-de otla münseňiz ertir 9-da Aşgabadyň wokzalynda oýanarsyňyz
,
elbetde
ýolda irkilip bilerin öýtseňiz. Demir, howa we
gara ýol bilen Baýramala gelip bolýar.


Näme Bar?

Baýramalyda bir
böwrek sanatoriý bar. GDA-nyň (SNG) içinde meşhur bolupdyr. Örän baglyk ýer
bolup, Baýramalynyň merkezinde ýerleşýär we ýaşlaryň duşuşyk ýeri bolup hyzmat
edýär. Baýramala girip barýan wagtyňyz uly daşlar bilen Baýramaly kurort şäher
diýlen ýazgyny görersiňiz. Bu daşlaryň sebäpkäri şol owadan dynç alyş
merkezidir. Ol prezidentimiz Saparmyrat Nyýazowyň adyny göterýär.

Okuw jaýlaryndan
halk arasynda Tehnikum diýilýän Agrobiznes mekdebi bar. Oba hojalyk
uniwersitetiniň filialy we iki ýylda buhgalteriýa, weterinariýa ýaly ugurlarda
hünärmenleri taýýarlaýar. 13 sany dünýewi, 1 sany zehinliler mekdebi we bir sany
türkmen-türk mekdebi bar.

Dynç almak üçin
restoranlar, diskotekalar we barlar kän. Taryhy zat görmek isleýän we ýanynda
surata düşmek üçin owadan bina gözleýänler üçin kän owadan bina ýok. Kinoteatryň
daşyny gowy edip reňkläpdirler. Öýlenýänler baky oda gül goýup şol ýerde surata
düşýärler.

Uly bazar onuň
ýanynda mal bazar bar. Söwda gyzgalaňly gidýär, sebäbi şol töweregiň Nýu Ýorka
gitmek üçin ýola çykan halky Baýramala gabat gelip hemme işlerini şol ýerde
bitirip bilýär.


Sözsoňy hökmünde

Baýramalyny
gürrüňlere sygdyrmak mümkin däl. Bir adamyň gürrüňine sygdyrmaga bolsa synanşyp
oturmaly hem däl. Iň gowusy gelip görüň.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • tmr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy tanadypsynyz! yöne şahering ilaty 80 000 we etrabyng ilatyda 100 000 töweregi barmyka diyyan !"

Nazar aga sag

Nazar aga sag bolsun!
Oýunçy ýaşuly ekeni

Quote:

Ilat sanyny hiç sanap görmedim emma
30739 we 57812 arasyndadyr diýip çak edýärin.

Ol 30-60 müň diýip tegelekläýmän, 30739 we 57812 diýipdir :D
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

yaman kop gitdim sol yere

yaman kop gitdim sol yere mena.Esasanam Soltan Sanjara.yone yekeje yer bardy gidip gormedigim olam bir zat tamdyr diyilyardi oytyan adyna.

hajymeleging tamdyry

hajymeleging tamdyry oytyan

''Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.''

B-alyda nace yil okasamam,

B-alyda nace yil okasamam, 1-2 gezek entemegin dashyndan kan tanamandyryn, shol mekdebin dashyndan we icinden aylanyp yorupdirin :)
Spider Man kinosy Ashgabatda cekilsedi, 3 ayagyn dashyndan aylanar yorerdi diyishleri yaly :)

Soltan Sanjaryn yanyndaky tamdyra Hajymelegin tamdyry diyyaler, Meylis hem yazan ekeni, yone ol, aslynda, sowadysh binasy ekeni, yagny, donduryp tashlamasa-da, yssydan gorayan buzhana ekeni, halk ona name sebapden Hajymelegin tamdyry diyipdir, ony welin biljek dal, belki-de uly tamdyra menzani ucindir:)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • aA 1 telpek goyyar we yazyar: "Spider Man-yn 3 ayagyn dashyndan aylanyp yorushu goz onume getirenin uchin."