Allaberen aga bilen söhbetdeşlik başlady

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Allaberen aga bilen sohbetdeslik guramakcydyk. Bu yere seredin.

1.Üstünlüklerinizi gazanmagyňyza nämeler sebäp boldy,kimlere uly paý düşýar,nähili kömek etdiler?
Olimpiadaçy oglanlara salamlarym we meniň bilen gyzyklanandygyňyz üçin köp sagbolsyn aýtmak isleýärin.Bu soraga jogab bereniňde saňa iň ýakyn adamlar gözöňüne gelýär.Meselem eneň-ataň, maşgalaň,mugallymlaryň, ýakyn dostlaryň we ... Adamyň belli bir derejä gelmeginde jemgyýedin ol adama ýakyn adamlarynyň köp roly bolýar. Özüňe ynanmak,başga birine mätäç bolmamazlyk, ejizi ezmemezlik ene-atamdan galan ýadygärlik. Wagtyňy dogry ulanmak we işleriňi planly alyp barmak mugallymlardan galan ýadygärlik.Ylmy işlerimiň belli bir söýgä gelmesinde bu asyryň beýik matematikleriniň biri we meniň ylmy yolbaşçym Professor Pavel E. Sobolewski- a degişlidir.Ondan sabyrlylygy,her wagt öz-özüňe talaply bolmaklygy öwrendim.Adamlara gatnaşygym we bahalandyrmam özüni görmedigim we haýran bolyp oňa her wagt ýakyn bolmany pikir eden atam Aşyrala borçlydyryn.Ol jemgyýetde bir adama baha berlende profesýonallygyna,adamkärçiligine we jemgyýede hyzmatyna göra bahalandyrmagy düşünyar.Bu üç prinsibi dogry bolan duşmanyň üçiň biri dogry bolmadyk doganyňdan hem ýokarda bolmagyny aýdýar.Bu prinsip meni dini we milleti boýunça başga bolan oňat adamlara ýakynlaşmagyma kömek etdi.
Çagalarymyň üstünlükleri maňa yaşlygymy gaýtaryp beren ýaly boldy we ýene de köp işlemegim üçin güyç berdi.Çagalarymyň üstünlüklerine,öyümün öy bolmagyna we meniň hem üstüňlüklerimiň dowam etmegi üçin aýalym Göwher Mammedowna borçlydyryn.

2.Researchleriniz haýsy ýerlerde ulanylýar(apply)?
Matematika iki şahaly ullakan bir agaç diýip gözeginize getiriň.Bir şahasy teoretiki we beyleki şahasy hem amaly matematikadyr. Amaly matematikanyň dowamly teoretik matematika täze täze ugurlary açýar teoretiki matematika bolsa amaly matematykaň ösmegi üçin täze täze kanunlary açýar. Onyň üçin bular bir agajyň bölekleridir we agajyň rahat ösmegi üçin saglykly bolmagy şertdir. Taryhdan bir mysal getirmek isleýärin. Professor Euler yaşan wagtynda diňe teoretik matematikanyň problemalary bilen işişlänligi üçin ve onyň amaly matematika bilen işlemedigi üçin tankytlanypdyr. Elli ýyl geçeninden soňra Euler teoretik matematikada alan netijeleri täze amaly matematikanyň esasyny gurypdyr. Bugünki amaly matematikany hem Eulersiz gözegine getirip bolmaz.
Ikinji mysal bolsa 1941-1945 beýik watançylyk uruşy bilen bagly. Sowetleriň başdaky uly yitgisi tanka garşy hiç bir ýaragymyzyň ýoklugundady. Derrew,ulu bolmadyk bir grup düzülüp ol grup ýeterli derejede kömek berilip ýarag tapmak üçin işler başladylypdyr.Biziň bu söhbetdeşligimiz üçin wajyp bolan zat bu grubyň başynda Lavrentev-matematikçiniň durmagydyr ve onda bir näçe matematikçiniň bolmagydyr. Ol grupda Prof. S.Krein hem bolupdyr ve onuň üçin oňa soňra tehniki ylymlarynyň doktorluk derejesini beripdirler.S.Krein P.E.Sobolevskiniň ylmy ýolbaşçysydyr ve onuň ýaly 100 -lerçe adamyň bütün ömrülerinde matematika bilen meşgul bolmasyna sebäp bolan adamdyr.Meniň Germaniýada çap edilen ilki kitabymyň (Ashyralyev A. and Sobolevskii P.E, "Well-Posedness of Difference Parabolic equations", Birkhauser Verlag: Basel. Boston. Berlin, 1994) ýazylmagyny isleýän bolup onuň çap edilmesine kömek eden adamdyr. Soňunda bu grubyň kömegi bilen gerek bolan bu ýarag tapylyp uruşdaky erbet ýagdaýyň öňi alynypdyr ve ýeňiş gazanylypdyr.Taryhda munyň ýaly mysallar köpdür.Soňky döwürlerdäki medisina we ekonomikada alynan gowy netijeleriň başynda bu ylymlaryň emprik derejesinden çykyp onda matematikanyň soň ýagdaýyndaky netijeleriň ulanyljak ýagdaýyna getirilmesidir.Meselem ekonomiýada üç Nobel baýraklary bu ugurlarda alynan uly netijeler esasynda alynandyr. Medisinadaky üstünlükler bolsa diagnostik merkezleriň döremegine getirdi.Ýöne ol merkezlerde işleýän aparatlary,işleme algoritmleri modelleriň üsti bilen matematikçi-medikleriň döremesi bilen mümkin bolupdyr ve medisina olaryň üstü bilen prognoz edip bijek täze ýagdaýa geldi.Öňki medisina diňe emprik ýagdaýda bolup belli keseli bejerip biljek ýagdaýdady. Indi bolsa täze medisina keseliň döräp bilme rognozini edip biljek ýagdaýa gelmesidir.Iň gymmatly zat adamynyň saglygydyr we barlagy onuň üstünde etmek dogru däldir. Bütün barlag adam üstünde edilmän olary matematik modellere döküp olaryň üstünde edilmelidir.Ýöne onuň üçin medik talyplaryň öz ugrundaky sapaklaryň ýanynda 50-60% informasiýalaryň matematikanyň düşünjelerini ulanyp bilmek esasinda alynmasydyr.Bu bolsa bütün medisina programmalaryň üýtgedilmegini sebap bolar.Beýle edilmesi bolsa Sowetlerden çykan medikleriň Amerikada ve beýleki ösen ýurtlarda kabul edilmezligine sebäp boldy.

Indi islän soragyňyza jogap bereýin.

Men Türkmen politehnik istitutynda Prof.A.N.Muradov ve S.Batyrowyň grubunda bile işledim we birnäçe Döwletiň kömegi bilen amala aşyrylan işde goşandymyň bolmagy meni gaty begendirdi.Bu grubyň esasy maksady 6 km ýer aşakdaky tebigy gazlaryň goryny öwrenmekden ybaratdy.Gaz gorlari öwrenmek balotalardaki suwuň zapasyny öwrenilýän modeliň üsti bilen öwrenilýär eken ve onuň esasynda bolsa sadaça 1 km aşakdaky gorlary öwrenilýär eken.Bizde bolsa has aşakda hem gaz gorlary bardyr we munu öwrenmek üçin bolsa onuň matematik modelini öwrenmek gerekdi.Ol modellerde ýüze çykan meseleleriň takyk çözümleri tapylmaýar we onuň üçin durnukly numerical çözümler gerekdi.Onuň üçinde meni tapypdyrlar.Meniň bütün işlerimiň ol ugurlarda bolmasi meniň bu mowzuklarda bir giden iş edip biljekligimi görkezyar. Matematikanyň gowy ösüşi beýleki fizika, himiýa, biologiýa, ekonomika, medisina, agrar we tehnik ylymlarynyň da yokary derejesine gelip barlagdan çykyp prognoz edebiljek ýagdaýa getirjekdigi bellidir. Bellemeli zatlaryň birisi beýleki ylymlar bilen işleýän adamlar köplenç matematika arifmetika-algebra derejesinde seredýärler we olar üçin matematikanyň beýleki ugurlaryny ulanmak gerek bolmaýar.Bu gün ol adamlar SCI žurnallarynda makala çap edip biljek ýagdaýda däldir.Şonuň üçin bolsa bu ugurlardaky adamlaryň ýokary derejedäki matematikanyň netijelerine daýanmagy gereklidir.

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Sohbetdeşlik

Sohbetdeşlik oran onat bolupdyr.Merwezi dowamy bar diyip yazysun welin mena şol dowamy sabyrsyzlyk bilen garaşyaryn.

Merwezi, dowamyna garasyas.

Merwezi, dowamyna garasyas.

Dowamy bar,yuwaş yuwaşdan

Dowamy bar,yuwaş yuwaşdan

ishinizde uly ustunlukler arzuw etyan.

dowamyny sabyrsyzlyk bilen garashyan hormatlamak bilen merdan(istanbul'da) mumkin bolsa sorag sorajak eger rugsat berseniz!

gutlayan

Salam ildeshler,
gurrundeshlik govy bolupdyr, gutlayan, dowamynyng gelmegi dilegi bilen...