Goşgulary söýýänleriň burçy 2

Öňki temany gazyp almak kyn düşýä.
Dowamyny şu ýere ýazalyň!

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Bir aýdymy halap, şu gün

Bir aýdymy halap, şu gün köp diňledim. Beh... sözleri:
Lälijek
Gara gözli, galam-gaş,
Enaýyja keýijek,
Sen bir şeýle owadan,
Ýanyma gel lälijek

Lälijegim lälijek,
Enaýyja keýijek,
Sen bir şeýle owadan,
Ýanyma gel lälijek

Aýdaýsana adyňy,
Bu kalbyma ýazaýyn,
Aldyň akyl-huşumy,
Sensiz nädip gezeýin?
Çytma galam-gaşyňy,
Dessan-gazal düzeýin,
Akja monjuk dakaýyn saňa

Gülüm inçe billeriň,
Bal goşulan lebleriň,
Men aşygyň, näzleriň,
Diňlesene sözlerim,

Deňiz ýaly söýgiňde,
Gämi bolup ýüzeýin,
Arzuwlarym sende Lälijek

---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

şu goşgyny 1 gyza ibersen

şu goşgyny 1 gyza ibersen boyun bolarmyka diyyan:)))
pulsuz zatsyz çykar sana:)))))))9

......................buda geçer.......................

Hi

Eger Men bolsama senin deninden gechmage gorkardym .Name ucindigini bilemok.

Ahyr ýazdyňow senem.

Ahyr ýazdyňow senem. Ýazyp dura!
PS Men aýdym aýdyp ýöremokhow ýolda-yzda, men ýöne goşgy halaýan.
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Stipendiya...

STIPENDIYA HAKYNDA ODA
(Degişme)

Bu gün!
Bu gün studente,
Berilýär pul-stipendiya!

Bu gün!
Bu gün, gör, bir giden
Çykyp boljak bergiden!

Tamam okuw
Hem kafedra!
Kim teatr,
Kim kafeda!

Saç syrylyp, atyr kükäp,
Alynýar tom-tom kitap!
Bu gün, bu gün, gör inçeden
Edilýär örän kyn jedel!

Bu gün!
Bu gün arzyly gün:
Arzygülli Arzygülün

Sonagülli Sonagülün
Yene gülli, Yene gülün
Kino ya parka çagyrýar...
...A Çaryýar?
Ah, Çaryýar!

Gör, bir giden, gör bir giden,
Çykyp bolup bar bergiden,
Indi kimden karz alarka?
Indi kimden karz alarka

Gurbannazar Ezizow

Telpekler (1 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • annashka 3 telpek goyyar we yazyar: "Stipendiya haçan yatarka... :)"

hay Gurbannazar aga tasin

hay Gurbannazar aga tasin adalay. by goşgyny ong hem okapdym weli student bolamdan song birinji sapar okadym we gaty tolgundumey.

Gör, bir giden, gör bir giden,
Çykyp bolup bar bergiden,
Indi kimden karz alarka?
Indi kimden karz alarka

hay yuregim bola!!

Kemine `Garyplyk` Günde

Kemine `Garyplyk`

Günde müň gussam bar ýüz elem bilen,
Derdimiň baryndan beter garyplyk,
Soragy men boldum, gaygy-gam bilen,
Gelip düşdi, hatar-hatar garyplyk

Pany dünýä zynat bilen, harç bilen,
Ýüregim maddadyr, bagrym berç bilen,
Wadasyz şum ölüm, bergi, borç bilen,
Ýylba ýyldan gaýym tutar garyplyk

Iýmesem, içmesem mydarym ötmez,
Bürenip ýatmaga kararym ýetmez,
Günde müň kowalasam, baýlara gitmez,
Goş basyp, duşumda ýatar garyplyk

Tapypdyr her ýerden ýeke ikini,
Çekipdir biline gaýyş çekini,
Alypdyr eline daşly sokyny,
Ýadaman, depämden urar garyplyk

Ýylba-ýyldan meniň müflisim çykar,
Garybyň ýüzüne kim gülüp bakar?
Ýaryşsam ýüwrükdir, goreşsem ýykar,
Oýnasam, oýnumda utar garyplyk

Bir sözüm bar, saňa aýdaýyn Durduly,
Sakalym gyrawly, murtym burjyly,
On bäş köpük bile, otuz gürjüli-
Gykuwlap, yzymdan ýeter garyplyk

Seýl etmedim sähralarda, çöllerde,
Mestana gezmedim uly illerde,
Bir bilbildim saýramadym güllerde,
Ýar zeýnimi garar-gatar garyplyk

Kemine diýr, geler bir gün şum ölüm,
Kimsäge-toý baýram, kimsäge zulum,
Giýylma, ynjama, sabr eýle köňlüm,
Gelipdir, bir zaman öter garyplyk
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Eý şu goşgy daşda,

Eý şu goşgy daşda, Zelili daş ýazypdyr

WATANYM SENI

Ýürek telwas eder, göterler serim,
Köňül arzuw eýlär watanym, seni!
Etrek, Gürgen ýurdum - gezen ýerlerim,
Köňül arzuw eýlär watanym, seni!

Sugunly, umgaly, çal goçly daglar,
Belentden pestine akan bulaglar,
Sowuk suwly, ter çemenli awlaglar,
Köňül arzuw eýlär watanym, seni!

Miwesi bihasap bakjaly baglar,
Awy binahaýat uly awlaglar,
Ýada düşer ajap döwranly çaglar,
Köňül arzuw eýlär watanym, seni!

Ýalaňaç horlanmaz mugan gyşyna,
Ýazyna dürli ot, maly başyna,
Ýaýlasynda her kim çykar daşyna,
Köňül arzuw eýlär watanym, seni!

Senemleri kasap puşeş geýerler,
Höreklerne şähdi-şeker iýerler,
Aşyk-magşuk olup, ýanyp köýerler,
Köňül arzuw eýlär watanym, seni!

Haýyp, abat iller ber-bibat boldy,
Dostlar gamgyn boldy, duşman şat boldy,
Aýrylyşdy, aşna, ýarlar ýat boldy,
Köňül arzuw eýlär watanym, seni!

Etdiler Ýusupny Müsürge soltan,
Diýdi: “Bolsam egdir bir guly Kengan”,
Ýurdundan turmasyn hiç bir musulman,
Köňül arzuw eýlär watanym, seni!

Köňlümiň aramy, çeşmim röwşeni,
Men neýläýin, dostlar, onsuz bu jany,
Görermikäm Seýidi dek janany,
Köňül arzuw eýlär watanym, seni!

Zelili, bu ýurtda aýyş ýok, höwes ýok,
Her kim başyna gaý belent ýok, pes ýok,
Toý, tomaşa, märeke ýok, meýlis ýok,
Köňül arzuw eýlär watanym, seni!

---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Jeyhun 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Magtymgulydan...

Düşen günlerim

Dokuz aý ýatmyşam enem garnynda,
Göz açyp, dünýäge düşen günlerim;
Dört aýakda gezdim enem elinde.
Sekiz aýda hem gülüşen günlerim.

Birimde bilmedim ýagşy-ýamany,
Ikimde tanydym ata-enäni,
Üç yaşymda taňry berdi zybany,
Tört ýaşymda daş atyşan günlerim.

Bäşimi ötürdüm bahar-ýaz bilen,
Alty ýaşda kowalaşym baz bilen,
Ýedi ýaşda işim bolmaz gyz bilen,
Sekizimde dişim düşen günlerim.

Dokuzumda berdim taňry salamy,
Onumda boýnumda hakyň kelamy,
On birimde tutdum döwet galamy,
Okyp-okyp magny saçan günlerim.

On ikimden gitdim ov üç ýaşyma,
On tördümde heser urdy başyma,
On bäşimde gyzlar girdi düýşüme,
On altymda gaýnap joşan günlerim.

Ýigrimimde mestan-mestan gezerdim,
Ýigrim bäşde ganym okun düzerdim,
Otuzymda atlar münüp ozardym,
Otuz bäşde ters söweşen günlerim.

Kyrkymda goýulyp, käsäm dolmyşam,
Ellimde elime tesbyh almyşam,
Altmyşymda pire mürit bolmuşam,
Pygamber ýaşyny ýaşan günlerim.

Ýetmişimde agyry indi dyzyma,
Segsenime gubar indi gözüme,
Togsanymda huş galmady özüme,
Akyl-huşdan jyda düşen günlerim.

Ýüz ýaşa ýetirmän alarlar janyň,
Uzadyp goýarlar, biçerler donuň,
Magtymguly, hemra bolsun imanyň,
Jan jesetden aýra düşen günlerim...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Magtymgula telpek näçe berseňem az, ýöne saňa-da bereli telpek!"

Edil super goshgy tapdym,

Edil super goshgy tapdym, Zelilinki.
Ay gaty haladym, Magtymgulynyn goshgularynyn derejesine giryan goshgy :)
Yagshydyr
Berimsiz beglerden, bahyl baýlardan,
Çöle çyksaň, erkek çopan ýagşydyr,
Goly giň, köňli dar, çykymsyz handan,
Işiň düşse, mert galtaman ýagşydyr!

Ýigidi ýok eder ýoksuzlyk, dert hem,
Gaýratsyz ýigitden gowudyr it hem,
Bigadyr gardaşdan, gadyrly ýat hem,
Nadan dostdan, dana duşman ýagşydyr!

Bu dünýe maly diýip, geçmen ýagşydan,
Yrak otur, muhabbetsiz kişiden,
Betlagam ýoldaşdan, ýaman goňşudan,
Ýuwaşja aýrylyp, gaçan ýagşydyr!

Bir habar gelipdir aşygy-zardan,
Ýitidir neşterden, sowukdyr gardan,
Sölite hatyndan, betlagam ärden,
Eýesine yssy haýwan ýagşydyr!

Zelili, bar zatdan, ölümdir gaty,
Ölümden-de gaty kişi minneti,
Mollalar öwerler ol kyýamaty,
Goýsalar, bu ýagty jahan ýagşydyr
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Jeyhun 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekella! Halayan goşgym"
  • gayrat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Yrak -- Dash ?? Betlagam --

Yrak -- Dash ??
Betlagam -- ??
Neshter -- Gylych/pychak ?
Solite -- Kunti ? :D

Yrak - daş Betlägem -

Yrak - daş
Betlägem - ýaman häsiýetli diýmek, ýalňyşmasam
Neshter - arynyň neşterisi, ýagny awysyny sokýan tikeni
Sölite - bipeýda, sömpüldäp entäp ýören, bokuny böregine gatýan etc
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Ýene Magtymgulydan

Jogaplajak bolup synanşyň!!!

KAÝDADYGY BİLİNMEZ

Aryf bolsaň, senden habar alaýyn,
Ne mekandyr, kaýdadygy bilinmez?
Habar ber soraýyn genji-hazyna
Pakypdamy, baýdadygy bilinmez.

Ne kirişdir bent olupdyr kemana,
Kaýsy gün goparmyş ahyrzamana.
Ne sebapden gark bolupdyr ummana,
Kenardamy, saýdadygy bilinmez?

Ne göwher ne ýerde ýatyr kembaha,
Niçik esbat etmiş suraýy-taha,
Kerki çapan, pili sokan ajdaha,
Başy seňňer oýdadygy bilinmez?

Ol ne guşdur otyrgyçly, simkeşli,
Alty müň ganatly, elli müň başly,
Atasy kyrkynda, ogly ýüz ýaşly,
Ýasdadygy, toýdadygy bilinmez?

Ol nedir kim, tört ýanynda ýüzi bar,
Ol nedir kim, synasynda gözi bar,
Bir kelamdyr, üç ýüz altmyş sözi bar,
Ýerde, gökde, Aýdadygy bilinmez?

Ol nedir kim, öňi bar-da ardy ýok,
Ol nedir kim, gonar-göçer, ýurdy ýok,
Hasap edip görsem, ýene tördi ýok,
Ne kemanda, ýaýdadygy bilinmez?

Magtymguly, üç müň, üç ýüzi dursun,
Dört müň dört ýüz kyrk tört sapasyn sürsün,
Her kim ussat bolsa, jogabyn bersin,
Tört “dalyň” bir “zidedigi” bilinmez

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • aGaSh35 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Yildyz bolamayly shu

Yildyz bolamayly shu tapmacanyn jogaby,yalnyshmasam!

Magtymguly "Gumly çykypdyr"

GUMLY ÇYKYPDYR

Hak tagala, bu ne- niçik ahwaldyr,
Dury diýp içdigim gumly çykypdyr;
Ne ýeser beýhuda şum keç ykbaldyr,
Halal diýp iýdigim jimli çykypdyr.

Kimse syrym bilmez, özün öldürse,
Pakyr bendelerge taňry bildirse,
Ile şatlyk, şadymanlyk güldürse,
Maňa hemra bolan gamly çykypdyr.

Amuhta men örtenmäge, bişmäge,
Kişi ýok sözleşip, dert aýdyşmaga,
Oba ujundan barsam öý soraşmaga-
Ýa laldyr, ýa agzy mumly çykypdyr.

Menden şikat eder elim gerenim,
Galbyrdan şal çykar syrym berenim,
Pir diýip paşmagna elim uranym,
Deprenende, döwden demli çykypdyr.

Magtymguly, hasaby ýok görenim,
Tama edip, umyt elim gerenim,
Obasyna ärmiş diýip baranym-
Etegne el ursam … çykypdyr.

hmm..

Bayram aga, "Zelili, bar zatdan, ölümdir gäh" diyipsing welin, shol "Zelili, bar zatdan, ölümdir gaty" sheklinde dalmi? Ya-da men yalngysh bilyan...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Ýokardan görkezme geldi :D"

Sen dogry aýdýaň, "gaty

Sen dogry aýdýaň, "gaty bolmaly"
PS düzedeýin
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Garyplykk,talyplykkk

Garyplykk,talyplykkk yatlatmanhoww:D

Yanyp duran Ataş men sönmenem begler

goşgy

goşgy halamokda:(((

......................buda geçer.......................

gelneje

el_mariachi wrote:

goşgy halamokda:(((

Ay gor-da:)) Gelneje talap eder oz-a:)))

Bayram, yalnyshlaryny

Bayram, yalnyshlaryny tapyanlara onler telpek zat berayyadin oydyan:)
Goshgular ucin baryna minnetdar!
Goshgy halamayanlaryn hem goshguny halamaklaryny arzuw etmek bn:) (Taslama-ha yazyas goshga menzedip, hatda, goshgy hem:)

Wiy, Begaa, goshgyna jogaby men-a berip biljek dal, has takygy, yalnyshyp masgara bolmayin diyyan, belki-de yene goshgy bn jogaby bardyr onun, aydyshyk hokmunde, tapsam, yelmarin shu yere:)

menem

Menem Magtymgulydan bir goşgy yazayin

GÖZÝAŞYN DÖKE BAŞLADY

Gömüldi derýalar, ýykyldy daglar,
Ýetimler gözýaşyn döke başlady,
Orramsydan bolan haramhor begler
Ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady.

Jemagatsyz azan bir gury sesdir,
Niçe mollaň okan ylmy hebesdir,
Kazylaryň käri çilimdir, nasdyr,
Para görse, dyza çöke başlady.

Işanlary her gapyda tapylar,
Mollalarna ýok myjabat ýapylar,
“Öwlüýä men” diýip, jögi sopular,
Gygyryp, asmana böke başlady.

Çykar beýabana gyzy-gelini,
Ak ýüzüne ýapar gara telini,
Kemçinlik eýleýip ýygan puluny,
Düzedip, özüne daka başlady.

Dünýäde süýthoryň pul ýygma derdi,
Baýlaryň mallary bizekat erdi.
Toba ediň, gözüm bir ýaman gördi,
Dost-dostuň öýüni ýyka başlady.

Magtymguly, başa baglap selleler,
Aç böri deý ýortup niçe mollalar,
Halaldan, haramdan ýygnap gallalar,
Herne tapsa, dynmaý dyka başlady.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Iň gowy goşgylaryň biri..."

Magtymgulynyň beýikligini

Magtymgulynyň beýikligini 3-4-nji klaslarda duýup, şondan bäri hezil edip okap gelýän. Ýöne soň-soňlar beýleki klassiklerimiziňem käbir lezzetli goşgularyny tapdym. Beýleki klassikleriň goşgularynyň barysyny Magtymgulynyňkylaryň derejesinde görmesemem, käbirleri şoňa ýakyn.
Ine Zeliliden ýene gowy goşgy
KERE DÖNDİ

Ýyl-ýyldan işler pis boldy,
Her kişi bir kere döndi;
Ýaman işler peýda boldy,
Pysky-pysat bara döndi.

İl üçin aglaýan sesler,
Belent boldy nije peşler,
Pul ýygnaýan muhannesler,
Her biri bir äre döndi.

Bir nijeler gapyl yörer,
Ähdi-şerti oýun görer,
Eklenç üçin janyn berer,
Ant-kasam hünäre döndi.

Ýylda birin ikä keser,
Gelen ryzkyň ýolun tutar,
Algy diläp, yüzün asar,
İl bary süýthora döndi.

Ajy derdi jana salar,
Ondan soňra melul bolar,
İşan, sopy hem mollalar-
Barsy betkäre döndi.

Garyplar galmady janda,
Mürewwet ýok begu-handa,
Eý ýaranlar, şu zamanda,
Diwan işi para döndi.

Süýde berip, ýygar maly,
Garamazlar sagy-soly,
Şu günlerde uly ili,
Gassap dek soýara döndi.

Zelili diýr, dar bu çaýlar,
Elip gaddym boldy ýaýlar,
Şu eýýamda nije baýlar,
Göýä çokjak mara döndi.

PS Mergen üçin esasanam. "Diňe ýaman tarapyny görýän, negatiwleri aýdýanlary" halanok ekeni, Zeliliniň köp goşgusy şeýle bolup çykdy... Magtymgulyňkam şeýle, Keminäňkäm we ş.m.
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

hay, Bayram jan, guldurip

hay, Bayram jan, guldurip bilyan-le senem, yokardan buyruklarn bn:)

bah, men hem goshgy tapsam, shu yere goyayin indi:)

Agamjan okadyňmy şu soňky

Agamjan okadyňmy şu soňky iki goşgyny? Häzirki döwri iň bir ussat şekilde taryplaýamy ýa ýok?
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

doly okamadym Bayram, yone

doly okamadym Bayram, yone men Zelilinin goshgularyny on kop okapdym, ol Magtymgulyny yegeni ozem:)

goshgular, hakykatdanam, shu wagtky yagdayi jikme-jik aydyar, goldayaryn!

"Kop goshgusy" diysen dogry

"Kop goshgusy" diysen dogry bolmaz, Magtymguly gerek yerinde govy zatlary hem yerine yetirip tariplayalar, ol dine erbedi goryanlerden dal (menin halamayanim) ve olaryn zamanasynda, shu gun bilen deneshdireninde has uly problemalar bardy yagny dovlet yok, oza aralarynda urush ve sh.m. birgiden zatlar. Onsonam Magtymguly ziyanli bolan hemme zady yazgarya chilim/nas yali(naskesh...), yagny ol hemme taraplayin adam, ovut beryar 1 zady yazgaranda, govy zadyn hem govy taraplaryny taryplayar, bosh kritika dal kop adamyn edishi yali...

Türkmen binasy Gurdugum

Türkmen binasy

Gurdugum aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,

Erer ol erkan mydam, budur ki türkmen binasy.

Terki dünýä eýleýir, gelse rakyp gaşyna,

Bil, polatdan bina bolan, budur ki türkmen galasy.

Süleýman, Rüstem, Zal, Jemşit oňa bolmuş geda,

Günde ýüz müň salsa leşger, degmez şahnyň belasy.

Daglar ondan alar taglym, leşgerleri sap-sap durar,

Her salanda zülfigaryn, artar ýigitniň höwesi.

Her gadam ursa saýýat, bolmaýar ol duşygär,

Bendi kylyp ala bilmez, düşmez türkmen balasy.

Aryflary dem-demden geler, toýy bardyr her zaman,

Merdi-merdan sözlüdir ol, ýokdur köňül hilesi.

Aýdadyr Magtymguly, bolmaz köňülde bir gara,

Hak sylaýyp, kylmyş nazar, bardyr onuň saýasy.

Är ýanynda

Är ýanynda bellidir

Ýagşylygy pis bilmez, —

Är ýanynda bellidir,

Görer gözüň gymmaty,

Kör ýanynda bellidir.

Däli köňül daýanjy,

Ýokdur dünýä ynanjy,

Sag gulagyň guwanjy,

Ker ýanynda bellidir.

Eger pir sen, eger ýaş,

Kylma syryň halka paş,

Syr saklagan mähek daş,

Zer ýanynda bellidir.

Bu dünýäniň myrady, —

At zagyfdyr zürýada,

Arwananyň kuwwaty,

Ner ýanynda bellidir.

Bolsa gamdan halasym;

Ýaza dönse gyş paslym,

Magtymguly, yhlasym,

Ýar ýanynda bellidir.

PS:aA aganyn sahypasyndan:)

Gidiji bolma Gel, eý,

Gidiji bolma

Gel, eý, köňlüm, saňa nesihat kylaý:

Watany terk edip, gidiji bolma!

Özüňden egsik bir gaýry namardyň,

Hyzmatynda gulluk ediji bolma!

Ýagşylardan hergiz çykmaz ýamanlyk,

Asly ýaman bolsa, çykmaz ýagşylyk,

Aslyga dartadyr ýüwrük, çamanlyk,

Ýüwrükni çamanga satyjy bolma!

Çagyrylan ýere bar, oturgyl, turma,

Çagyrylmagan ýere görünme, barma,

Uýalmas kişi dek süýrenip ýörme,

Buýrulmagan işi ediji bolma!

Eger sen hem bolsaň nerm-u mylaýym,

Sen mylaýym bolsaň, guluň bolaýym,

Gulagyma bergen pendiň alaýym,

Kişige gaty söz aýdyjy bolma!

Mert ogludyr, ilge ýazar desterhan,

Dogry söz üstünde berer şirin jan,

Ömrüni ötgürep diýmes bir ýalan,

Jäht eýläp, ýalan söz aýdyjy bolma!

Ger tapsaň dünýäde mülki Isgender,

Karunyň maly hem bolsa miýesser,

Ahyry bolar sen ýerge barabar,

Köňülde men-menlik ediji bolma!

Döwletli ogullar ýaşda baş bolar,

Ýaşadykça, bidöwletler ýaş bolar,

Birehim zalymyň bagry daş bolar,

Barar ýerge kesek atyjy bolma!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gowy nesihatlar, gowy goşgy"

GURBANNAZAR EZIZOW

GURBANNAZAR EZIZOW

Sungat
Sungat diýmek näme? Bilýärmisiňiz?
Ele alýarlar-da ýiti keseri.
Lokga daşyň ähli artyk bölegin
Ýonup, döredýärler ajap eseri.

Artykmaçlyk- duşmanydyr sungatyň
Tygşytly bolanda, beýikdir nama
Men pikirimi bir söz bilen aýdýarkam,
Ol ýerde üç sözüň geregi näme?

Tälim almaň dagdan inen sillerden,
Tälim alyň Wolgalardan, Nillerden.
Kemlik adamyny bezänok welin,
Artykmajam boljak bolmaň illerden.

Göz öňünde artyk söze daýanma,
Söýgä göz gerek däl, gerekdir ynam.
Söýme Watanyňy gursagňa guýup,
Eneňi söýşüň dek söýüber onam.

Sungat diýmek näme? Bilýärmisiňiz?
Bu sowala sada jogap bermeli.
Biz herimiz özümiziň zergärmiz,
Mydam özümizi ýonup ýörmeli.

Myhmançylykda aýdylan tost.
Entek sadalykdan zyýan çeken ýok,
Sada bolsun ogulyňyz, gyzyňyz.
Geçsin ýazlaryňyz hereket bilen,
Bereketli gelsin tylla güýzüňiz

Törüňizde hemişelik guralan,
Ýumşak sallançagyň ýatmasyn bady.
Saçagňyzda çörek, duz haltada duz,
Söznmesin ojakda ojaryň ody.

Duluňyzdan gelin baksyn aý bolup,
Tüýnügňizden gelin bolup, aý baksyn.
Ýaman niýet bilen işikden giren –
Ýagşy niýet bilen işikden çyksyn!

Ýazlarym
Durna, jümjümeli, älemgoşarly,
Ülkäme toý bolup gelen, ýazlarym.
Edepli-ekramly, gunduz goşarly,
Bäs edişdiň gyzlar bilen, ýazlarym.

Çaga bolup, ýaýlalaňda oýnadym,
Ýigit çykyp, görmegiňden doýmadym,
Kämil çykyp, şygrystanda ýaýnadym,
Ýylda ussat bolup gelen, ýazlarym!

Diriliş sen, galkynyş sen, durmuş sen,
Guşa ganat, bize ylham bermiş sen.
Elwan köpri gelejege geçmişden,
Çyn aşyga döwran bolan, ýazlarym!

Göz aýladym bu gün ýakyn -daşlarym,
Begenjimden gök diredi başlarym,
Söýenim, sylanym, deňim-duşlarym,
Aman eken ilen-çalan, ýazlarym!

Sen bir jadygöý sen, giden bir many,
Özüň bilen ýazlaşdyrdyň ynsany.
Maňa il günümiň şöhraty-şany
Nesip etsin seniň bilen, ýazlarym!

Goja
Ol juda arkaýyn,Äwmän barýardy,
Märekäň içinden, ýatladyp toýy.
Şemal baga çykyp, saçyn darýardy,
Çünki oň boýundan gysgady boýy.

Dagyň bir bölegi!Bölegem däl-de,
Dagyň özi ýaly parasatlydy.
Deňinden geçenler biraz saklanyp,
Oňa baka-baka, könül şatlady.

Göge alma atsaň, ýere gaçmajak
Märekäň içinden äwmän barýardy.
Agras,Ynamlydy ädim uruşy,
Kä başyny atyp,Kä ýylgyrýardy.

Daýaw egni bilen ýol arçaýardy,
Çal başyna degip beýgelýär asman.
Paýhasyň özi dek äwmän barýardy,
Hemem, nämüçindir, elmydam juwan.

Näçe materigi, ýurtlary sökdi,
Tanyş oňa goja dünýäň dört çeti.
Ýöne göbek gany siňen ülkäni,
Ine şeýdip,Ädim bilen ölçedi.

Howlukmady,Äwmän, paýhasly ýördi,
Ýol-ýodalaň batgasyndan, gumundan,
Geçäýmäýin diýýän ýaly howlugyp,
Göwün açman, bir gamgynyň deňinden

Ine durdy,Şlýapasyn çykardy.
Eli bilen gözün günden gorady.
Bir ýigdekçe geçip barýan zenandan
– Aýtsaňyz-laň, kim ol? – diýip sorady.

Zenan guwanç bilen goja seretdi,
Tanaýandygyn gagt saýyyp şo bada.
Ähli dilde,Ähli ýurda düşnükli,
Örän gysga hemem örän düşnükli

Jogap berdi – Kerbaba.....

Gözleriňden gitme ýok
Maňa – seniň gözleriňden gitme ýok.
Maňa–seniň sözleriňden gitme ýok.
Düşün, bu dünýäde soňky güne çen
Seniň şatlyk hem gussaňa bagly men.
Seniň ýüpek gijeleňden gitme ýok,
Seniň aýdyň gündizleňden gitme ýok.
Bu garagol jahyllykdan giderin.
Ol hassaly gojalykdan giderin.
Çünki men olardan gitmän bilemok,
Emma seniň ykbalyňdan gitme ýok.

Men zemin, Sen bolsaň ullakan asman,
Saçyny nur edip üstüme dökýän.
Emma düşün, läläm, şeýle gün dogar
Saçlaryň gar bolup üstüme ýagar.
Şonda ak saçyňy sylyp ýüzüme,
Gararyn belentden ýeriň ýüzüne.

Men bir gyzda gözleriňi görerin,
Men bir gyzda sözleriňi görerin.
Şapakda görerin ýaňagyn alyn,
Gijede görerin ýaňagyň halyn.
Synlap ýapraklaryň ýüzünde derin,
Onda seniň gözýaşyňy görerin.

Zemin aýlanyp dur. Oňatlyk örän!
Hiç bir güýje oň ýerini tutma ýok.
Dünýäň her gülünde men seni görýän,
Şonuň üçin bu dünýeden gitme ýok!

K. Gurbannepesow

K. Gurbannepesow

Yazmasy agyr düSen goSgy

Bütin oba garaSyp dur.
Yola bakyar hemmeler.
Atasy pySyrdayar:
“Geler. Geler. Geler”.

Gelnejesi pySyrdayar:
“Gelermikä? Kim biler…”
agasy göwünlik beryär:
“Geler-le… hökman geler”.

Gök torannan sayasynda
Yüzläp adam dymyp dur.
Çekizeli ak haltadan
TurSy damja damyp dur.

YygnanySdy babadaSlar,
Ýçginler hem daSgynlar.
Ne signal bar, ne Sowhun –
DymySyp dur maSynlar.

Geldi dürli maSynlar –
Gyzyl, sary, yaSyl, ak.
Geldi garaSylmayanlar.
GaraSylyan gelenok.

Göyä pikir hem etmän
Bu gürrünler babatda,
Ak guS kimin irkilip,
Ene yatyr tabytda.

Göterlerne garaSyp dur
Köpi gören agaç at.
Ene yatyr üstünde
Gin manlayly,
Agajet.

Sol enänin ogluna
GaraSyp dur hemmeler.
Geldi tanyS, nätanyS –
Geldi Sondan önneler.

…Ol henizem gelenok.
Meger, häzir yoldadyr.
In söygüli ulagy
Samolyot däl, “Wolgadyr”.

Yöne weli uçuryandyr
Samolyota deneçer.
Sondan yza-ha galmaz,
Onarsa öne geçer.

Ol henizem gelenok…
Meger, häzir yoldadyr.
Ya-da iki eli hem
Ullakan stoldadyr.

Tüweleme, uly adam
Bolup gitdi indi ol.
Yany bolsa has ullakan
Bir stula mindi ol.

“Sypaymasyn birden!” diyip,
Oturandyr yapySyp.
Owadanja gelinler
Çay çekyändir çapySyp.

ÜytegeSikdir önündäki
KiSmiS, kemput, Sokolad.
Ya gök çayyn humaryna
Yazyandyr bir doklad.

Yok, yok, özi doklad yazmaz,
Yazyandyrlar baSgalar.
Yaranjanlar her sözüne
Ellerin çarpySarlar.

Ol bolsa özi yazan dek
Gülümsirär, yylgyrar.
Yazanlar onun deregne
Utanjyrar, yygrylar.

…Yigrimi yyl mundan ozal
Gutarypdy bir WUZ-y.
Ony ona gutardan hem
Tabytdaky ezizi.

Güyzde pagta yygypdy,
GySda körek çöpläpdi.
“Oglum ullakan okuwda!”
Buysanç bilen gepläpdi.

Howdan gurdy, gazy gazdy
Laya batyp dyzyndan.
Yygnanjasyn lükgeläp
Ibererdi yzyndan.

Ogly üçin ak mütgelden
Bir haltajyk tikindi.
ÜSlügini, manadyny,
Sayysyny, köpügni –

Artdyranja puljagazyn
Atdy Sonun içine.
Seyde-Seyde kyrk yaSynda
Ak çozupdy saçyna.

Ogly okuwyn gutardy.
Ene dertläp yykyldy.
Ol Sonda sypap otyrdy
Bir gözelin çokulny.

Dakyardy enän pulundan
Her barmagna bir yüzük,
Gulagyna teneçir,
Bilegne bilezik.

SöyüSdi, gujaklaSdy.
Paytagtdan jay tutundy.
…Enesinden utanmady,
Ene ondan utandy.

Ene käte paytagta
Gezmäge gelen wagty,
Gelni diydi: “Yok etsene
Bu porsy garabagty!”

Ogly diydi: “Yakymsyz
Ysyn bar-la, jan eje.
Bu eyyamda arassa
Bolmaly myhman, eje!”

Ene diydi: “Wah, jan ogul,
Her nije porsasak-da,
Ulalansyn, yetiSensin
Su porsuja gujakda…”

Sonra bolsa yzak giyje
Yorganynda aglardy.
Danyn ataryna mähetdel,
Otla tarap ylgardy.

… Seyde-Seyde günler ötdi,
Aylar ötdi nobatly.
Edeni Sowuna boldy.
DurmuS ony aynatdy.

Her gözünde bir oyun,
Her elde bir desmaly –
Bir yyl bäri saklap otyr
Has ullakan bir stoly.

Bu gün bolsa enesi
Amanadyn tabSyrdy…
Gelen telegrammany
Stolunda yygSyrdy.

Ony ayalyndan baSka
Görkezmedi hiç kime.
Är-heley karara geldi:
“Barsak bor-la üçüne!”

…Bütin onan gözi yolda.
GaraSyp dur hemmeler.
Atasy pySyrdayar:
“Geler. Geler. Geler”.

Gelnejesi pySyrdayar:
“Gelermikä! Kim biler!”
Ene-de misli gozganyar:
“Geler balam, geler, geler”.
Onyança-da
“Gelyär!” diyip,
ardyndy bir yaSuly.
Göründi yaSyl meydanda
“Wolgalaryn” yaSyly.

“Geler diydim ahbeti!”
bir dayandy atasy.
Gara-köyük yüzünin
Artyp gitdi yagty.

Onyança-da yaSyl “Wolga”
ASak indi yapydan.
Gelmeli adamyn deregine
Sofyor çykdy gapydan.

“Su gün gelip biljek däl.
Gyssatly bir iS çykdy…”
Birden atan gözlerinden
Ýki çogdam yaS çykdy.

YetmiS yaSyn içinde
Aglamadyk ol goja,
GözyaSyny süpürdi-de,
Bir
yylgyrdy çalaja.

Ol yylgyryS ömürbaky
Çykmaz menin yadymdan.
Beyle aylyganç yylgyrSy
Görmändim men adamda.

…Göterdiler enänin
Ak guS yaly tabydyn.
Yaz Semaly ykjatdy
Üstündäki mawudyn.

Salladylar çukura
Ak baSly bir dünyani.
Ýçki öyün gapysyna
Eltilende enäni –

Ýki omzuny diräp
Çukurun ernegine,
Hiç giresi gelmedi
Öz girmeli öyüne.

Ýn sonkuja pursatda-da
Öz ogluna garaSdy.
…Yazsamam yazdym weli,
Agyr düSdi bu goSgy.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Jeyhun 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Duygulandyryan gaşgy..."
  • Abat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! govy goryan goshgym!"

Ýazmasy agyr düşen

Ýazmasy agyr düşen goşgy - Kerim Gurbannepesow

Çeşme, deňeşdirme.

Turkiýanyň Medeniýet we Turizm Ministrlygynyň çap eden "Turkiýa daşyndaky Türk Edebiýaty" atly antologiýasynyň 10 we 11-nji tomy türkmen edebiýatyna değişli. pdf görnüşindäki arhiv hemmerler açyk. Magulmatlar we goşgylar türkmen we türk dilinde taýynlanypdyr.
Türkmenistan Sözlü Edebiyatı (matallar, şortasözler, sanavaçlar, halk aýdymlary, ...)
Türkmenistan Yazılı Edebiyatı (Ynus Emre, Zelili, Horezmi, Seýdi, ...)
XIX. Asrın Sonu, XX. Asrın Başında Yaşamış Şairler (A.Kekilow, G.Kuliýew, A.Kowusow, ...)
paid tha cost to be da Bo$$

sonetler

sonetler cemeni:

soygi:

I
Ömrüñ agajyndan düşüp dur günler,
Günler ömrüñ eleginde elener.
Yza dönmek islär däli göwünler,
Geçen gün şäher däl – gaýdyp gelere.

Her kimiñ geçenden bir ahmyry bar,
Mende-de ahmyr bar. Ýöne men hergiz
Seniñ ruhuñ bilen ederin mydar,
Meniñ bar ruhumy direlden serwim.

Ýolumyzyñ çatak düşeni üçin,
Gam çekme. Bu derdi götergin merdem,
Uruşdan aman-sag halas bolmak kyn,
Has kyn halas bolmak ýatlamalardan.

Düşüñ, ýatlamalar, köñlüme häli,
Saralan ýapraklañ düşüşi ýaly.

doly gornushi

Gurbannazar Ezizowyň güýz

Gurbannazar Ezizowyň güýz baradaky goşgusyny we sonetler çemenini Kakajan Kömür aga halaýar ekeni, şony "Alym ýaşlaryň 1-nji simpoziumynda" hem öz çykyşynda okap berdi, menem haladym.
Tapan goýsunla!
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

sonetler cemenini men goydum

sonetler cemenini men goydum senin yazgyn yokarsynda! in ashakda doly gornushi ucin bir link berdim, gormedinmi?!

guyz goshgusyny hem tapsam goyaryn-da, ensallah!

men shol guyz bilen

men shol guyz bilen baglanyshykly sonetler chemeni barada aydypdym Atamyrat aga
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Salam

Dostlar, indi goşgy yazyan yokla.

Çyndanam, goşgyny indi

Çyndanam, goşgyny indi okamyzogam, ýazamyzogam...
Ýatladanyň üçin sag bol!
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

bet goshgy

Bu goshgy onem yazlan bolup biler belki. Halayan shu goshgyny, hakyky talant.

Gannalyn oyunda - Tejende galdy
Menin yigit wagtym, senin gyz wagtyn
Okgechmez yylgynlan ichinde galdy
Menin yigit wagtym senin gyz wagtyn

Bir yandan urushdy bir yandan hasrat
Hasrat bolchulykdy hezillik gahat
Shol yowuz yyllara gelipdi gabat
Menin yigit wagtym senin gyz wagtyn

Dariler yanyardy ys kopelyardi
Gidyanler gelyanden has kopelyardi
Toylar azalyardy yas kopelyardi
Menin yigit wagtym senin gyz wagtyn

Soyushmek dushmejek yalydy yada
Emma soygi diyen jadyly zada
Hokum etmez eken hich-hili kada
Heniz yigit wagtym, heniz gyz wagtyn

Diyerdim "Geregim, chen boldy oylan!"
Ahli boydashlaryn bashlary boglan
Sen diyerdin"Garrap baryarmyn oglan?
Awman oz wagty bar, Sabryn oz wagty"

Boynundan gelerdi jennelin ysy
Goynundan urardy tummulin ysy
Deminden kukardi mun gulun ysy
Menin yigit wagtym senin gyz wagtyn

Kem-kemden golaylap lebine lebim
Chapyrap bashlanda demine demim
Naz bilen iterdin "hany edebin?
Soygi bulashmazmy edep az wagty?.."

Onushmaly bordum sachlaryn ysgap
Leb gadagan wagty olam bir hasap
Yone beyle hasap dushmezdi ansat
Hasap yityan eken dyzba-dyz wagtyn

Chykarmy yadyndan shol tasin pursat
Chykjak bolaysa-da bermerin rugsat
Gursagmyn ustunde gursuldap gursak
Ketenin ichinde Gyzyl koz wagtyn

Sho mahal yokardan geldi bir owaz
Seretsem toranny urup dur perwaz
"Ashyklar yene-de sabr edin biraz,
Gormandim sayamyn beyle yaz wagtyn!"

Derya hem seslendi "Etman atiyach,
Size kast etjege taparyn alach.
Sizin kimin birek-birege matach
Gorupdim ne derya ne tekiz wagtym"

Asmanda pel-pellap bir goja burgut
Gygyrdy " Siz juda mynasyp jubut.
Yone weli gysha galayma yigit
Miwe yetishdimi yygna guyz wagty"

Tokay burgudinden alyp ak pata
Gysha galmazlyga edipdik wada
Ya sen sada boldun ya-da men sada
Birden tupan gopdy dunyan yaz wagty

Bilmedim namanin hesibi boldy
Enen bir sawchynyn yesiri boldy
Sheytdi-de ozganin nesibi boldy
Menin yigit wagtym senin gyz wagtyn

Atdylar mashyna, Ses etdin aglap
Topuldym, Chekdiler golumdan towlap
Bir menzile gitdim yzyndan ylgap
Gok kurtelem bolsan heniz gyz wagtyn

Bir gujak alyn sach, bir gujak chokul
Uch gujak orum sach, on gujak akyl
Shuncha hazynany bir kurta bukup
Yitdin gozlerimden danyn saz wagty

Dogry ay yarymdan dolandyn sen son
On menkidin weli menki dal onson
Shonda men diyipdim "Sen bagtly bolsan,
Hema menin bagtym, hemem oz bagtyn"

Sho bada yuzunde gorundi unji
Gozlerinden gachdy uch sany hunji
Son gachdy dordunji, onson bashinji
Sholdy in mert wagtyn, in ejiz wagtyn

"Icherde otursam-Yuregim gysyar
Dasha chyksam-asman depamden basyar"
Shu goshgyn henizem bagrymy kesyar
Tas shahyr bolupdyn chuwalgyz wagtyn

Tas shahyr bolupdyn, bordunam belkem
Shahyrlyk yangyndan bashlanyan eken
Yene gaydyp gitdin, sowashdym kem-kem
Shonda-da kuwwat sen her yalnyz wagtym

Kim bolsa-da sana satashan kishi
Chagalan bagtyna sag bolsun bashy
Yone sen bashyna salaysa gyshy
Gija owrulmezmi on gundiz wagty

Chumdirse eline yekeje tiken
Shol tiken mun bolup bagryma choker
Shygryma dushuner yshk yukun cheken
Chekmedik yitirer oz eziz wagtyn

Yene shuny bilsin ol bagtly oglan
Beyle gyz dogmandy, indi hem dogmaz
Dogsa-da yuz yyldan bir gezek doglar
Onda-da saherin in tamiz wagty

Arada aylandym Tejen yerlerne
Yashlyk yyllarmyzyn gechen yerlerne
Seredip gozyashyn sechen yerlerne
Gechirdim bir gije bir gundiz wagtym

Gannaly hem otyr onki yerinde
Toranny hem otyr onki yerinde
Shol derya hem yatyr onki yerinde
Bir tapmadyk zadym onki yerinden
Menin yigit wagtym, senin gyz wagtyn.

Where is Hereket, There is Bereket!

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • esgertm 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Dowamy gelsin!"
  • Abat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy goshgy ! Berekella!"

Munyň ýaly goşgyny bir

Munyň ýaly goşgyny bir gyzyň şanyna ýazsaň, erärmikä diýýän...
Aý Kerim aga köpleri eredendir :)
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

şuna seredina... birnaçe

şuna seredina...

birnaçe yyl ön şu gyzy görüpdim biryerde...

http://www.youtube.com/watch?v=D_vl6-KrPLg

......................buda geçer.......................

..

...

Salam

Yene-de Magtymgulydan...

NUKSANA GELGEÝ

Musulmanlar gylyç goýsa bir-bire,
Döwlet dönüp, dinler nuksana gelgeý;
Zulm eýläp bir-birin kylsa ýesire,
Pelek bu pikirden puşmana gelgeý.

Bir-birini çapmak ermes ärlikden,
Bu iş şeýtanydyr, belki, körlükden;
Agzalalyk aýrar ili dirlikden,
Mundag döwlet dönüp, duşmana gelgeý.

Görelde ýok boldy, bir hesip galdy,
Ýaman ýalawlandy, ýol kesip galdy,
Şerigat hiç boldy, bir täsip galdy;
Zamananyň zowky şeýtana gelgeý.

Diňle, mesgen tutan kişi çöllerde.
Tasaddyk kemelse ulug illerde,
Halk üstüne agram düşüp ýyllarda,
Hastalyk köpelip, kast jana gelgeý.

Musulman sen, habar algyl zülaldan,
Gaçawer haramdan, isle halaldan!
Tabagyn kiçeldip, daşyn ulaldan,
Bereketi göçüp, asmana gelgeý.

Sözümni diňlese bir bilen belke,
Myradym-nesihat etmekdir halka.
Kazysy aňlamaz, begi pis ülke-
Ýagyn ýagmaý, ýerler lerzana gelgeý.

Şere şöhrat bermek-şeýtanyň ýary,
Gahryny ýuwtmakdyr-rahmanyň käri,
Köpelse her iliň seri-serkary,
Nyzamlar bozulyp, weýrana gelgeý.

Perwerdigär özi pakyra pena,
Ol pakyr kim bolsa tilinde sena,
Kaýsy welaýatda köpelse zyna,
Zemin jünbüş eýläp, armana gelgeý.

Magtymguly, dursam sözüm saçmaga,
Aňlamazlar, ýüz tutarlar gaçmaga.
Her il dessur etse şerap içmäge,
Ol ýuwurtda tawan durmana gelgeý.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • annashka 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Ahow, täze üýtgeşik gowy

Ahow, täze üýtgeşik gowy goşgy bilýän ýokmaý?! Magtymguly bolsun, Gurbannazar bolsun, Kerim bolsun ýa ýene biri :)
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Maňa senin gözleriňden

Maňa senin gözleriňden gitme ýok
Maňa senin sözleriňden gitme ýok
Düşin, bu dunýede soňky güne chen
Seniň şatlyk hem gussaňa bagly men
Seniň ýupek gijeleňden gitme ýok
Seniň aýdyň gündizleňden gitme ýok

Bu garagol jahyllykdan giderin
Gol(?) hasaly gojalykdan giderin
Çünki men olardan gitman bilemok
Emma seniň ykbalyňdan gitme ýok

Men zemin, sen bolsa ullakan asman
Sachyňy nur edip, üstüme dökýäň
Emma düşün läläm, şeýle gün dogar
Saçlaryň gar bolup, üstüme ýagar
Şonda ak saçyňy sylyp ýüzüme
Gararyn belentden, ýeriň ýüzüne

Men bir gyzda gözleriňi görerin
Men bir gyzda sözleriňi görerin
Şapakda görerin ýaňagyň alyn
Gijede görerin ýaňagyň halyn
Synlap ýapraklaryň ýüzünde derin
Onda seniň göz ýashyňy görerin

Zemin aýlanyp dur, oňatlyk döräp
Hiç bir güýje oň ýoluny tutma ýok
Dünyäň her gülünde men seni görýän
Şonuň üçin bu dünýeden gitme ýok

Ezizov'yn goshgusy, Mergen'in(TV'de diktor) okanyny shu yerden alyp bilersiniz.
http://www.megashare.com/269480
P.S. Yalnish kopdur sebabi eshidenimi eshidishim yali yazdim, meselem: onuň ~ oň
P.P.S. "Düşin" mi ya-da "Düşün" dogry yazylyshy ?

IMHO,

IMHO, "düşün"
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Gözleriňden gitme ýok -

Söygi name

soygu name diyip soradym taldan
ol diydi soygumi giderip goldan,
ortenip mivesiz galdym men guzym,
indi mivam yok-da
boyum bar uzyn...

soygi name diyip soradym Hozdan
hoz diydi yenilip bir ajap gyzdan
gabygym gatady curusdi manzym
ondan beylesinem
ozun bil oglum...!

soygi name diyip bir gara garga
ol diydi: Satasyp ysk diyen urga,
garalyp galdym men bisirdi hazan
edil pamyk yali
ak gusdum ozal....

soygi name diyip yuzlendim serca
ol diydi: Entedip gijeden gija
agrammy mysgala getirdi ysgym
men ozal dunyade
in uly gusdum....

Soygi name diydim zynjyrly Dala
pikirin bilmek ayip zat dal-a !
Dali jogap berdi elhenc ses bilen
men men men !!!
ynha soygi men....

soygi name diydim bir ajap GYZA
ol iki elini uzadyp yza,
diydi: soygi menin edebim hayam
yogsa sol yigidi
Gucardim eyyam...

soygi name diydim sahyra garap
sahyr bir yilgyrdy kellesin yrap
diydi: sorag bar-da jogap yok yska,
jogap bir basgadyr
soygi bir basga...

--------------------------------------------------------------------------------
ayterek gunterek
bizden size kim gerek?
saylap duran dil gerek.
dillerin haysi gerek ?

--------------------------------------------------------------------------------
ine su sovaly esiden badyma
dine sen duserdin menin yadyma
senin adyn tutup gygyrardim men
gerek-gerek diyip cagyrardim men
hava ... yalnysmazdym, bilerdim bu gun
derde derman ucin kim gerekdigin...

K.Gurbannepesov

Telpekler (4 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • yhlas 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Jeyhun 2 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! dowamy gelsin!"

Minnetdar agageldi:) izmirin

Minnetdar agageldi:) izmirin ysy gelyan yali-la senden:)

Sayta hoshgeldin:)

tuweleme

bu setirleri on basga yerde de okapdim...

dostlar bu yere elbetde

dostlar bu yere elbetde internetden yazylan yazgylary getirip goymagymyz hem gaty gowy ish welin geling gayrat edip ozumuz hem azap edip yazyshdyryp goyayalyng haaa name diyyangiz shu pikire

Dushunmedim. Barde gowy

Dushunmedim. Barde gowy goshgulary goyyalar. Sen name isleyan?
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Ozumizin yazmagymyzy isleyar

Ozumizin yazmagymyzy isleyar :))

2 aslymarly:
Onun uchin ayry blog bar dost, barde bolsa beyik shahsiyetlerin goshgylaryny goyyalar koplench, biz
olaryn derejesine yetyanchak yun sakgal bolaymasak :))

Aslymarly'nyn

Aslymarly'nyn goshgusy:

bulut name asman yuzun gapladyng
gunung yshygyny gysganyarmysyng
yada yuwmak uchin dunyang kirini
gysanyarmysyng sen? gyssanyarmysyng?

belkide, sen bir obanyng chetinde
yash juwanlang duşuşygny bozarsyng.
belkide zordanjyk duran nahala
az wagtlyk içim suwy bolarsyng.

ey bulut! ya dunyang bashga chetinde,
ölyan adamlaryng yasyn tutyangmy.
ya bolmasa bir nadanyng gidenne
buysanyp, gummurdap aydym aytyangmy.

bulut dost! yarama duzyng sepmede
çaltyrak yag, gün hem galmasyn yashyp,
hem suwsyza bolarsyng sen tenakar.
men suwa-da aşyk, günede aşyk!

sag bol menga yadyma

sag bol menga yadyma düşmandir :)))) bah begenip gitdimay

Gayrat edip goshgy

Gayrat edip goshgy yazyanlar
goshgularyny ya yarysha degishli blog'da,
ya-da shu blogda goysunlar, 100'den az post'y bar
bolan movzuklar uchin "#n" diyip achylmasyn.

Depe nedir, düz

Depe nedir, düz nedir

ýedi ýaşan arap atyň şanynda,
Mälim bolmaz, depe nedir, düz nedir.
ýüňi ýeten goç ýigidiň ýanynda,
Elli nedir, altmyş nedir, ýüz nedir.

Sypah bolup, müner atyn bilmeýen,
Aryf bolup, öz yzzatyn bilmeýen,
Söhbet içre söz lezzetin bilmeýen,
Aňa bilmez mejlis nedir, saz nedir.

Garga ýiter baz, balaman jeňinde,
Görne bilmez ol meýdanyň deňinde,
Aç garçygaý, algyr laçyn öňünde,
Müň ýygylsyn, ördek nedir, gaz nedir.

Magtymguly, söz joş eder tiliňden,
Muhannese ýol bermegil ýeläňden,
Bu hünärler geler, gelmez eliňden,
Tilden gelen bu jürýetli söz nedir?!
***********************************************************men dunyada bir zada guvanyp yaşayan

Ufff...Menina dilimde tuy

Ufff...Menina dilimde tuy bityalay basym.
Agageldi, nama gerek shol bir goshgyny
hem barde, hemem "Barde" goymak ??? Shu yerde goyanda boljak dalmi dine ??

soyyan guyz paslyny,

soyyan guyz paslyny, sarylygyny,
gownume hos yakyar onun pes pali,
olum bilen omrin aralygyny ,
olcemeli yaprak sahada hali...

Gurbannazar Ezizow

Chynar K.

Gowy goşgy. Gyzlaram okasyn

Gowy goşgy. Gyzlaram okasyn we Magtymgulynyň hemme taraplaýyn güýçlidigini, ýagny romantikada hem güýçlidigini görsünler! Jalaý bolandyr belki :)

GÜLE MEŇZÄR

Eý, ýaranlar, ýagşy ýaryň
Goýny jennet, güle meňzär;
Sözlese, dürler saçylar,
Dilleri bilbile meňzär.

Yşk ody ýandyrdy bizi,
Sormaňlar menden sözi,
Ýaryň eýgi gyzyl ýüzi
Göýä Aýa-Güne meňzär.

Näler çekdim derdi-pyrak,
Ýeteý diýsem, ýolum yrak,
Galam gaşly, badam gabak,
Saçlary sünbüle meňzär.

Zülplerine urup şana,
Meni ol kyldy diwana,
Göýä ol – şem, men – perwana,
Ýandym, tenim küle meňzär.

Köýen ýok düňýäde mençe,
Didar görmek ýok doýynça,
Dişleri dür, agzy gunça,
Bili inçe – gyla meňzär.

Gözi nerkes, boýy şemşat,
Kirpikleri misli polat,
Peri-peýkar serwi azat,
Desse-desse güle meňzär.

Göwsünde bar goşa nary,
Ak ýüzünde jüre haly,
Leblerinden akan baly
Şähd ile şekere meňzär.

Özüne köpdür binasy,
Geýip reňbe-reň lybasy,
Eline goýan hanasy,
Göýä gyzyl nara meňzär.

Magtymguly, bolduň harap,
İsräp tapman ýary sorap,
Orturyşyň ýola garap,
Ýol tapmadyk köre meňzär.
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

ÇOWDURHAN ÜÇIN

ÇOWDURHAN ÜÇIN

Ahmet patyşadan habar almaga,
Umyt etdi iller Çowdur han üçin,
Sag baryp, salamat gaýdyp gelmäge,
Oňmady ykballar Çowdurhan üçin.

Ýaplar doňup galdy, ýagyşlar syzman,
Bulut bökelek saldy, bu derde dözmän,
Zemin zaýa boldy, pelekler perman,
Gözde ýaşy syllar Çowdurhan üçin.

Kaza gahra mindi, perin syndyrsa,
Pelek hyýal etdi, mährin indirse,
Derýa joşa geldi, suwun gandyrsa,
Muştak boldy köller Çowdurhan üçin.

Yzyňda galandyr il intizaryň,
Umyt bile gezdi Annahal ýaryň,
Atanazar boldy çekerge zaryň,
Gözleý-gözleý ýollar Çowdurhan üçin.

Barsa, paýy belli soltanda, handa,
Iller bilmeý galdy, armany janda,
Kazadyr, kysmatdyr Ýeztde, Kermanda,
Meger tartdy ganlar Çowdurhan üçin.

Gurralar güň boldy, pallar şum boldy,
Ýaranlar kem boldy, ýollar bim boldy,
Çeşmeler höşk boldy, daşlar gum boldy,
Güwýä boldy tiller Çowdurhan üçin.

Söýle, Magtymguly, älem bilsinler,
Jaýy jennetdedir, güwä bolsunlar,
“Hak rahmet etsin!” diýp, doga kylsynlar
Tamam ulus-iller Çowdurhan üçin.

DON BOLSA

DON BOLSA

Ten ýapmaga köynek istär ýalaňaç;
Köýnekli diýr: “Wah, üstünden don bolsa!”
“Baş saglyk” diýp, hakdan dilär garny aç,
Bäşin tapan arzuw eder-on bolsa.

Ol ýigitler çeke-çeke hasreti,
Saparlyk ýüklärge bolsa döwleti,
Ýany birle tapsa ýaragy-aty,
Ýene diýer: mugt, tükenmez nan bolsa.

Köp nan tapyp, eger bolsa köňli şat,
Gyz-gözelden mahbup istär, köp öwlat,
Bu döwleti peýda etse adamzat,
Köňli istär, beýik şähre han bolsa.

Hem han bolsa, hem dünýäsi taý bolsa,
Hem ölmese, hem esbaby şaý bolsa,
Hem bermese, hem çüýrimez baý bolsa,
Ýagşy ady hem dünýäde dan bolsa.

Magtymguly, görüp duşman tagnasyn,
Mert oldur, şat tutar gamdan synasyn,
Ýer ýüzi doldurmaz gözüň hanasyn,
Karun kimin näçe haznaň kän bolsa.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Gaty gowy

Gaty gowy goşgy!
Aýdanlarynyň baram dogry...
---------------------------------------------------------
Magtymguly, pendiň illere söýle,
Öz halyň niçikdir bir pikir eýle

GÖRÜLSIN IMDI

GÖRÜLSIN IMDI

Gorka-gorka üflas ýagdaýa düşdük,
Takdyr näme bolsa, görülsin imdi;
Pikir gazanynda gaýnadyk, bişdik,
Degme, gan joş urup ýörülsin imdi!

Ozal başda jepbar bar etdi ýokdan.
Niçäni nurundan, köpi toprakdan,
Habar geldi, dostlar, ýakyn-yrakdan,
Duşmana gurt oýny gurulsyn imdi.

Oturmasyn kempir, ýaşlar dul bolup,
Galmaňlar, türkmenler, ile dil bolup,
Rakyp ähli musulmana gul bolup,
Ilersi Soňudaga sürülsin imdi.

Göz bilen gördüňiz, köpler gedadyr,
Niçeler azaşdy, niçe pidadyr,
Eý ýaranlar, kuwwat berjek hudadyr,
Aly zülpükary syrylsyn imdi.

Nähak dökülmesin gyzyl ganymyz,
Duşmana galmasyn bütin nanymyz,
Ýada salyň, amanatdyr janymyz,
Taňra zerur bolsa, berilsin imdi.

Üstümizden duşman höküm sürüp dur,
Mümin bary jebri-jepa görüp dur.
Ogul-gyzy har öňüne berip dur,
Hemmeler ol jaýdan syrylsyn imdi.

Pyragy ýüz tutar türkmen iline,
Duşman gol urmasyn gyzyl gülüne,
Dostlar, bizi ahyretiň siline,
Gark etmänkä rakyp, gyrylsyn imdi.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • aGaSh35 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

KYLY-KAL BOLAR

KYLY-KAL BOLAR

Her kişiniň iki bolsa aýaly,
Gije-gündiz işi kyly-kal bolar;
Her biriniň bardyr ýüz müň hyýaly,
Owkat sürüp, görejegi hal bolar.

Birin söýüp, birin eýlese naçar,
Ile ryswa bolup, öz aýbyn açar,
Akly haýran bolup, baryndan geçer;
Deň tutmasa ýaryn, bikemal bolar.

Gähi bilbil kimin saýrar tilleri,
Tomaşadan häzir eder illeri,
Gähi ýer ýumruklar, gähi-külleri,
Ärin göre bilse, tilsiz lal bolar.

Gahar eýläp, gelmez bolsa ýanyna,
Söz aýtmasa her biriniň şanyna,
Beýle är goşulmaz adam sanyna,
Iki hatyn, bir är-üç aýal bolar.

Magtymguly, kimse bilmez batyny,
Öýlenseňiz, garap alyň zatyny.
Eýäm görkezmesin ýaman hatyny,
Adam özün bilmez, ham-hyýal bolar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Magtymguly dogry aydypdyr :)"

Beh... nahili ajap goshgy

Beh... nahili ajap goshgy :)
Gol edip alaysammykam? :D
---------------------------------------------------------
Magtymguly, pendiň illere söýle,
Öz halyň niçikdir bir pikir eýle

name üçin gol edip aljak.

name üçin gol edip aljak. sen name 2 ayaldan ejir çekyanlerdenmi

Yoklay, owadan gordum

Yoklay, owadan gordum goshgyny. Ozem sonky topbak hemmelere hem degishli
---------------------------------------------------------
Magtymguly, pendiň illere söýle,
Öz halyň niçikdir bir pikir eýle

Bir üýtgeşik gözleň

Bir üýtgeşik gözleň bar
Şol gözlere gözlem zar
Gör ne ajap sözlem bar
Waspyň ýazsam dessana

Synlap duramsoň esli
Diýdim “Peridir asly”
Seýkin basyp ýaz pasly
Çykanyňda messana

Niçiksi gezdim görmän
Söýdim ki etmen arman
Derdim beren, ber derman
Men aşyky hassaňa

paid tha cost to be da Bo$$

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekella!"

Munyn awtory

Munyn awtory kimka?
---------------------------------------------------------
Magtymguly, pendiň illere söýle,
Öz halyň niçikdir bir pikir eýle

kakan shahyr bolmaly oydyan

kakan shahyr bolmaly oydyan myrat?:) Shonkimi bu?:)

Owadan we ajap goshgy..

Kakam 20-30 ýyl öň

Kakam 20-30 ýyl öň söýgi goşgulary ýazýan eken. Şolardan käbirlerini göçürdim.
paid tha cost to be da Bo$$

kerim gurbannepesov

yazmasi kyn bolan goşgy diyip bir goşgy bardy.bilyan bar bolsa gayrat etsin.

barde de erbet goşgy yok

yone kerim gurbannepesowynky name un yok

http://www.tmolympiad.org/?q=

Ine iň gowy görýän

Ine iň gowy görýän goşgularymyň biri

Adam bolup adam gadryn bilmeýen,
Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy.
Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.

Hudaýym saklasyn şerden, gahardan,
Minnetli aş ajy bolar zäherden,
Eý, ýaranlar, bir bazarsyz şäherden,
Ondan ki bir guwlap ýatan çöl ýagşy.

Her kimiň özüne Müsürdir jaýy,
Ýadyndan çykmaýyr baýramy-toýy,
Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy,
Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy.

Bir biwepa ýara gülüp bakandan,
Şirin jany yşk oduna ýakandan,
Ýat illerde mysapyrlyk çekenden,
Ursa, sökse, horlasa-da il ýagşy.

Magtymguly, sözlegil sen her bapdan,
Bu dünýä tutdurmaz, çüýrükdir düýpden,
Aňyrsy gelmeýen gury, bad gepden –
Ondan ki bir şuwlap öten ýel ýagşy

---------------------------------------------------------
Magtymguly, pendiň illere söýle,
Öz halyň niçikdir bir pikir eýle

Gurbannazar E.,Kerim G.

Gurbannazar E.,Kerim G. kitaplary yaman gymmat ekenlay. Beyleki kitaplar 30-40 mung, Ezizowyngky 250 mun manat. Gulagym galdy.

Yanyp duran Ataş men sönmenem begler

Birem Mewlana Jelaleddin

Birem Mewlana Jelaleddin Rumynyň goşgusy bar, gaty owadan. Özi türkçe:

Sevgide güneş gibi ol,
Dostluk ve kardeşlikde akarsu gibi ol,
Hatalari örtmede gece gibi ol,
Tevazuda toprak gibi ol,
Öfkede ölü gibi ol,
Her ne olursan ol;
ya oldugun gibi görün,
ya göründügün gibi ol

PS Köpüsi başardanok :(
---------------------------------------------------------
Magtymguly, pendiň illere söýle,
Öz halyň niçikdir bir pikir eýle

bu goşgy dal.. mewlana

bu goşgy dal.. mewlana hezretlerinin aydan sozlerini şeydip 7 öğüt diyip jemlapdirler..

yone kopusi mevlananyn mesnevisinde bar diyip bilyan..

magtymdulynyn 'jana geldim'

magtymdulynyn 'jana geldim' diyen goshgusyndan yadymda galanyny yazayn.iyyanski goshgy
1-nji kupleti
ata bilinden dushup enen rehimne geldim
kyrk kuwen bilen chykyp bir zerre gana geldim
bir mahiyyi(balyk) bijanam derya ummana geldim
dort ay on dort sagatda dirildim jana geldim
dokuz ay tamam boldy,yagty jahana geldim

yzyny bashga bir gun yazaryn

Telpekler (1 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 3 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Chyndanam 4 aydan son chaga

Chyndanam 4 aydan son chaga tokga etden ruhly chaga ovrulyarmi ??

offtopic bolyar, yone Mergen

offtopic bolyar, yone Mergen senin soragyna jogap:
Cagany 2 ay onunden abort(aldyrmaga) rugsat berilyar, yagny, dineje olup-ocup shony etmek isleyanlere rugsat berilyar, olam gowy gorlenok. Diymek, 2-2.5 ay son ene rahmyna dushen caga ruh geydirilyan bolmaly. Bulam "min" hokmunde kabul edilyan bolsa gerek.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

internerden tapdym

Bölek-bölek dört tarapa pytyran
Ata-ene türkmen ili birleşdi,
Zulmastynda dili bagly titirän
Duÿgy-düşünjesi, dili birleşdi.

Buhar emirligniñ ganhor golundan
Hyva hanlygynyñ vagşy elinden,
Horlanyp aÿrylan, bagy-gülünden
Ter açylan täze güli birleşdi.

Ors zulmunda niçe yÿllar hor bolan
Aglap zulmastynda gözi kör bolan,
Azadlyk yşkynda ÿanyp gor bolan
Sönmez yşkyñ ody-küli birleşdi.

Azad bir durmuşa girdi illermiz
Ter açylÿar bagda gyzyl güllermiz,
Duÿgy-düşünjämiz hem-de dillermiz
Okuvy-mektebi, dili birleşdi.

Abdulhekim Gulmuhammedov/Umyt ÿalkymlary
Aşgabat-1926

Hmmm... şu goşgyny ors

Hmmm... şu goşgyny ors döwründe nädip ýaýradyp bildikä bu şahyr?!
---------------------------------------------------------
Magtymguly, pendiň illere söýle,
Öz halyň niçikdir bir pikir eýle

nadip

Nadip yayradanyna bilemok welin, 1931 yylynda milletparaz diyip öldürilya.

men düşünmedim şahyr

men düşünmedim şahyr namani wap etyar has dogrysy haysy zamanany yagny

GIDIJI BOLMA

GIDIJI BOLMA

Gel, eý, köňlüm, saňa nesihat kylaý:
Watany terk edip, gidiji bolma!
Özüňden egsik bir gaýry namardyň
Hyzmatynda gulluk ediji bolma!

Hyzmat kylsaň, bolsun bir asylzada,
Ata-babasyndan beýik begzada,
Her çent eger bolsa aj-u uftada,
Ýanyndan bir zaman gidiji bolma!

Akmaýyn galmazdyr bir akan aryk,
Bir tende adam ki, semizdir aryk,
Bar ýüzi burukdyr, ýok ýüzi çirik,
Çirik diýip, gaty söz aýdyjy bolma!

Ýagşylardan hergiz çykmaz ýamanlyk,
Asly ýaman bolsa, çykmaz ýagşylyk,
Aslyga dartadyr ýüwrük, çamanlyk,
Ýüwrükni çamanga satyjy bolma!

Bir nesihat bereý, pendimi alsaň,
İmtiýaz eýlegil, otursaň-tursaň,
İdegsiz-habarsyz bir ýere barsaň,
Kişi aşynyň duzun dadyjy bolma!

Çagyrlan ýere bar, oturgyl, turma,
Çagyrylmagan ýere görünme, barma,
Uýalmas kişi dek süýrenip ýörme,
Buýrulmagan işi ediji bolma.

Eger sen hem bolsaň nerm-u mylaýym,
Sen mylaýym bolsaň, guluň bolaýym,
Gulagyma bergen pendiň alaýym,
Kişige gaty söz aýdyjy bolma.

Nem düşmese gökden, ýer neý götermez,
Ýygylsa müň gaýgy, bir iş bitirmez,
Är ýigit köňlüne gaýgy getirmez,
Namart ogly deýin gaýgyçy bolma.

Mert oguldyr, ilge ýaýar desterhan,
Dogry söz üstünde berer şirin jan,
Ömrüni ötgerip diýmesdir ýalan,
Jäht eýläp ýalan söz aýdyjy bolma.

Sahty-dil kükregi hergiz boş bolmaz,
Herniçe şatlansa, köňli hoş bolmaz,
İki ýagşy bir-birewge duş bolmaz,
Ýagşyny ýamana çatyjy bolma.

Töwekgel ner erer, endişe – maýa,
Köňlüňni iberme her kaýsy jaýa,
Barçanyň yşanjy kadyr allaýa –
Alladan özgäge söýenji bolma.

Okur bolsaň, ok ur nebsiň gözüne,
Gara, çyn göz bile müshef ýüzüne,
Aldanyp girmegil şeýtan sözüne,
Allanyň emrine goýgujy bolma.

Eger bolsun diýseň ýeňil, agyrlar,
Çykgyl bir ýana, tä, birýan bagyrlar,
Ýoluksa gözüňe güň-u sagyrlar,
Olaryň halyga gülüji bolma.

Kiçiklikden ybadatga boýun goý,
Kyýamatnyň oýun kylsaň, oýun goý,
Terk edip dünýäni, zowk-u toýun goý,
Gir pena ýoluga, gaýtgujy bolma.

Uruglyg men diýme, taňla urug bar,
Hasab-u mana-ýu wezn, sorag bar,
Ýalançy bende, miz, sansyz durag bar,
Bilip, ýalgan sözni aýdyjy bolma.

Meý içseň mertebe hezar haşrda,
Otny ur Kagbaga taryky-künçde,
Kurany köýdürip, butga kyl sejde,
Merdumga azar iş ediji bolma.

Ger tapsaň dünýäde mülki İsgender,
Karunyň maly hem bolsa miýesser,
Ahyry bolar sen ýerge barabar,
Köňülde men-menlik ediji bolma.

Eger çendi bolsaň sahyby-mansap,
Sözün diňle, köňül bozgunça teňläp,
Söz tapsaň sözlegil, tapmasaň, bil hiff,
Goldan gelmez işni ediji bolma.

Daň atsa, mollalar çagyrar azan,
Bozulmazdyr hergiz kysmatda ýazan,
Ýigitlik bossandyr, garrylyk – hazan,
Tesbihden özge söz aýdyjy bolma.

Aýdarlar: “Ýyrtyk don görse, it gapar”,
“Päli ýaman bende, hudadan tapar”,
Ahyry bir güni kylar sen sapar,
Dar köňül pyglyny tutujy bolma.

Kitabyn açyban okyp molla diýr,
Gögeredir ýagmyr suwy birle ýer,
Alkyşy-fatyha doga bilen är,
Mazlumga sütemlik ediji bolma.

Yzzat etgen bile kişi baý bolmaz,
Her niçe katlansa, mülki şaý bolmaz,
Jahany talh edip, köňli jaý bolmaz,
Jennete jaýyňdan gidiji bolma.

Garrylyk gelgisi bir gün apaty,
Ýigitlik gitgisi bir gün kuwwaty,
Ganymat bil, gapyl, bu dem-pursaty,
Murda dek uzanyp, ýatyjy bolma.

İtniň balasyny tula azdyrar,
Hojasy geçirer, bende ýazdyrar,
Argumak balasy bara ozdurar,
Bende sen, hojaňa ýazgyjy bolma.

Döwletli ogullar ýaşda baş bolar,
Ýaşadykça, bidöwletler ýaş bolar,
Birehim zalymyň bagry daş bolar,
Barar ýerge kesek atyjy bolma.

Är ogul balasy bara beý bolar,
Gamçynyň astynda ýaman eý bolar,
Märeke görmegen ýigit neý bolar,
Geler-gelmez sözü aýdyjy bolma.

Mümüniň kinesi-keten roýmaly,
Guraýança bolar ermiş mysaly,
Köňlüňniň kineden eýlegil hali,
Küpür dek kinäni tutjy bolma.

Ey köňül, gelgil sen, hakny tapaly,
Nebsimiz merkebin münüp çapaly,
Aýdarlar: hak ermiş mähr-u wepaly,
Şol sözünden hergiz gaýdyjy bolma.

Hak ermiş bendäge ýakyndan-ýakyn,
Kim nesip eýlese muhubbet çakyn,
Jaýba-jaý getirseň bendelik hakyn,
Hojanyň buýrugyn goýujy bolma.

Man diýdim birniçe pendi-nesihat,
Bilseň nesihatdyr, ýogsa pesihat,
Pesihat bilmegil, bilgil nesihat,
Ýalançy sözleri aýdyjy bolma.

Maksat – bu sözlerni kylgyl ygtybar,
Umdetil-umra mehter ynak bar,
Aňlamaý sözleme: “Tamda gulak bar”,
İç syryň kişige aýdyjy bolma.

Magtymguly, köňülde köpdür armany,
Tapmady akybet derde dermany,
Ýetişer bir güni taňry permany,
Ruzy-şeb gaflatda ýatyjy bolma.

PS Uzynam bolsa, gaty gowy goşgy!
---------------------------------------------------------
Magtymguly, pendiň illere söýle,
Öz halyň niçikdir bir pikir eýle

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Jeyhun 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Duralgada

Duralgada

Ekiz taý ýalý jorasý bilen
Jümjüme gülleriň arsy bilen
Jümjüme köýnekli bir gözel gelýär
Jümjüme ýalykly jorasy bilen

Gyzlaryň ikiside gyzyl çawytly
Çawytlaň gapdaly keşde sowutly
Gyzym uýam diýip lak ataýmasaň
Lak atmagam indi bize howply

Toýnagyny jüp basyp ýuwaşja ätýär
Gaýmakly marojnaň ujundan gädýär
Her gezek agzy buza degende
Tutuş dünýäň ýüzi bugaryp gidýär

Men hem synlap barýan çekilip gyra
Gyzlar meňzep barýar siwtafor çyra
Ýalyklary gyzyl çawytlary gök
Ýol açyk hem ýapyk bagtyňa görä

Gyzlaryň birisi çynar birisi derek
Görmene göz gerek söýmäne ýürek
Wah göz hem ýürek hem ýeterlik welin
Wah on sekiz gerek on sekiz gerek

Asmana seretsem gün eýýem peýşin
Onýança aňardan göründi maşyn
Ol maşyn hem eýýäm
Gözelleň gaşynda togtady maşyn

Mündüler yzyndan galmadym menem
Aý neme dynç günüm gezjek bir sellem
Aý onsaňam şeýle gözeller bilen
Garşy dal uçmana kosmasa çenlem

Birden iki gözel dörde öwrüldi
Hersiniň gapdaly gerçek ýiğitli
Ýiğitler tanapdyr gyzlaryň gowsyn
Göreje alyp atyşta gowsyn
  Bir ýiğide hasam ýeserje eken
    Kemputtan doldurdy çawydyň jübüsin

Onýança gapysyn açdy WATAN
Kemput iýýen gyzyň elinden tutan
Bir görsem öz oglum öz Nazar oglum
  Utan şahyr utan
    Guwan şahyr guwan

KERİM GURBANEPESOW

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • dayhanoglan 1 telpek goyyar we yazyar: "sagja bol dost ..."

bet goşgy eken. bir hili

bet goşgy eken. bir hili okmak üytgeşik lezzet beryar şu goşgylary..

Saçlara çal çozanyny bagyşla

17 ýaşymdan "Edebiýat we Sungat"-da bat berýan bir goşgy okapdym. Awtory kim bilemok, goşgy K.Gurbannepesowyň "Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyn" bentlerinden ugur alynyp ýazylypdyr. Ýakynda şol goşgyny ýatdan bilýan biri duşdy, bolşuna görä ýazan boldym.

Obadaş gyz şu haty saňa ýollap
Agyr jebre dözenimi bagyşla
Söýer söýer diýip göwnümi allap
Şunça ýyllap gezenimi bagyşla

Bir klasda bir partada oturyp
Sözlejek sözümiň eýin ýetirip
Ýöne aýdyp bilmän özüm ýitirip
Kä gyzyp kä soganymy bagyşla

Okuwdan gaýdamyzda bileje
Oba ýoly günortanlar çolaja
Käte senden yza galyp çalaja
Käte bolsa ozanymy bagyşla

Gapdalyňda garrap giden çynaryň
Ýüzlendim neme jan bolaýyn ýaryň
Ýok ýok diýeniňde ýitirip ugrum
Gözlerimi süzenimi bagyşla

Dost dogan saýypsyň söýmän ekeniň
A men haýwan muny bilmän ekenim
Gazanym tüssede gaýnan ekeni
Tutaşmadyk sözenimi bagyşla

Söýgiň wuzyny seň bilen başlap
Diplomy aljakdym gittiňle taşlap
Her setirde gözlerimi ýaşlap
Harplary ezenimi bagyşla

Toý güni Maýsa bilen Ylýasyň
Söýşüp durmuş tutanyny hä bilýänsiň
Gyzlardan saýlanyp çekmäge ünsüm
Gowy geýnip bezeneniňi bagyşla

Içip içip çakyryny üzümiň
Syrmak üçin tuwagyny ýüzümiň
Pattyk suttuk sözlän söygi sözümiň
Gysgasyny uzynyny bagyşla

Bir görsek garrandyrys öňkilik ýokdur
Başy garly dag dek saçymyz akdyr
Ynsanlyk ömründe bu da bir çakdyr
Saçlara çal çozanyny bagyşla

Söýenem geçer söýmedigem geçer
Durmuş durmaz bizden arany açar
Başarsaň baryny aklyňdan öçür
Gaýta şu goşgyny ýazanymy bagyşla

paid tha cost to be da Bo$$

Goshgynyn manysy erbet dal

Goshgynyn manysy erbet dal velin, kapia yaman erbetlay...
Goshgy diyenin suv yaly akmaly okanynda, munda bolsa oturyp
"Bu name beyle okalyadymay ?" diymeli yerlerin kop ekeni...

BAŞY GEREKDIR Sypah bolup,

BAŞY GEREKDIR

Sypah bolup, ata çykan, her ýerden
Akly känden kesen başy gerekdir,
Bir musulman gaçsa iki käpirden,
Kellesine saňsar daşy gerekdir.

Mert oldur ki, bolsa köňli rehimli,
Göwresi giň gerek, özi pähimli,
Giň ýerde garga deý bolsun wehimli,
Ýerinde hünäri, işi gerekdir.

Gaplaň kimin arlap girse meýdana,
Tilki kimin bazy berse her ýana,
Duranda, gaýa dek durup merdana,
Alar ýerden at salyşy gerekdir.

Ýigidin hyýaly bolsa serinde,
Çykar bir gün, çöküp galmaz garynda,
Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde,
Ony başarmaga kişi gerekdir.

At gerek gaçarga, kowsa ýeterge,
Ýowny gorkuzarga, tirik tutarga,
Meýdanda sanagsyz her iş biterge,
Ýigrimi, otuzly ýaşy gerekdir.

Bürgüt guş deý ganat kakyp dügülden,
Muhannesler geçer jandan, oguldan,
Gurt dek girip, ýowny koý dek dagyldan,
Är ýigidiň mert ýoldaşy gerekdir.

Magtymguly, goç ýigitler çapylyp,
Gök damardan gyrmyz ganlar sepilip,
At salanda doňuz kimin topulyp,
Aýy kimin asylyşy gerekdir.

---------------------------------------------------------
Magtymguly, pendiň illere söýle,
Öz halyň niçikdir bir pikir eýle

hmm

gör ne gözel şahyrlar geçipdir taryhymyzdan...
şu wagtda barmykanay? :)

gel ne olursan ol yine gel...

GUL BOLGUL Bir bidöwlet

GUL BOLGUL

Bir bidöwlet iliň begi bolynçaň,
Döwletliniň gapysynda gul bolgul!
Bedasyl beg gullugynda galynçaň,
Asyl begiň saýasynda kül bolgul!

Ýamany goý, ýagşylara göz ildir,
Kelhemaç hem: “Öz oglanym gözel diýr”
Gargyş gurduň zürýadyny azaldyr,
Goýun kimin çar tar tarapa il bolgul!

Süleýman sen, mura bir gulak goýgul,
Sözüni diňlegil, jowabyn aýgyl,
Häkim bolsaň, halky Gün kibi çoýgul,
Akarda suw, ýa öserde ýel bolgul!

Ne işdendir – ýatyp, nebsiň besleseň,
Akmaklykdyr özüň ýagşy toslasaň,
Her bazarda rowaç bolmak isleseň,
Ýagşylaryň kisesinde pul bolgul!

Magtymguly, bardyr demiň hesibi,
İr-giç ýeter her bendäniň nesibi,
Kişi bolsaň, goýgul gury tewsifi,
Ýagşy, ýaman, barçalara dil bolgul!
---------------------------------------------------------
Magtymguly, pendiň illere söýle,
Öz halyň niçikdir bir pikir eýle

MALA SERETMEZ Owwal-a mal

MALA SERETMEZ

Owwal-a mal ýagşy, maldan baş ýagşy,
Baş döwletin tapan mala seretmez.
Dogmadyk oguldan dogan daş ýagşy,
Nadan ogul atasyna seretmez.

Atda aýak bolsa, başga syn bolmaz,
Ärde gaýrat bolsa, işi kyn bolmaz,
Söweş güni muhannesde üýn bolmaz,
Ýere garar, özge ýana seretmez.

Alaman öňüni serdary başlar,
Goç ýigitler naýza urar, gylyçlar,
Kimse adam ýykyp, kimse at goşlar,
Abyraý tapmasa, paýa seretmez.

Är dostdan geçerler adam aç galsa,
Ýar ýardan aýrylyp, ara daş galsa,
Ýaman hatyn ýagşy äre duş bolsa,
Başyny terk eder, daýa seretmez.

Köne dünýä mounýetniň öýüdir,
Süýthor bolankesiň dowzah jaýydyr,
Altyn-kümüş gözleriniň maýydyr,
Goç ýigitler bozuk jaýa seretmez.

Dünýä görki näzeninler, ne janlar,
Nadana ýolukdy türpe jenanlar,
Ärden galan, äri ölen juwanlar
Goç ýigidi gözlär, baýa seretmez.

Magtymguly garyp köňlün baý edip,
Kanagat ülkesin bende jaý edip,
Her kim öz ýaryny dogan Aý edip,
Aýyn gözlär, başga aýa seretmez.

Gaty owadan we manyly goşgy. Magtymgulyda...
---------------------------------------------------------
Häkim bolsaň, halky Gün kibi çoýgul,
Akarda suw, ýa öserde ýel bolgul!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Jeyhun 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

GÜÝZ HAKYNDA OÝLANMA

GÜÝZ HAKYNDA OÝLANMA

Güýz peýda bolanda sary çäkmeli,
Adam kelle döwdi: “Indi nätmeli?”

Baglaň ter ýapragy solup ýitäýsin,
Ol öz tylla ýapragynda ne täsin!

Asman şaý-şelpeli enaýy tahýa,
Güýz gijesi oňa enaýy bakýa.

Hemmä mälim: gözel güýzüň görmegi,
Ýöne bu az, men has köpi görmeli.

Her ýapragy altyna deň, zere deň
Güýzüň gözelligi, görki nämeden?

Eýýäm toýnuk ýasap geçdi durnalar,
Adam kelle döwdi: “Ýyllar durmaýar!”
Adam çekýär syryň müň bir sanysyn,
Açmak isleýärdi güýzüň manysyn.

Durmuş deňiz ýaly möwç alyp durýa,
Ýyllar derýa bolup, deňize urýa.

Adam bu durmuşy söýerdi örän,
Eliniň güýjüni, kalbynda dörän

Paýhasyn, söýgüsin siňdirdi özgä,
Emma ýene öňki derdi gozgaýa:

“Şunça şahyrlaryň gözüni baglan
Çal duman bürenen gojaman daglar,

Ýa guşlaň gyş şaýyn tutýan sürüsi,
Belki, güýzüň manysynyň syry siz?”

...Geçenmiş ençe ýyl, dolanyp öwran,
Adamyň akyly bu syra haýran.

Bu durmuşa bar ukybyn eçilen,
Üstüne nur bolup alkyş seçilen,

Il üçin göreşde epmändir dyzyn,
Bir gün garşy alan ömrüniň güýzün.

Şonda bar ömrüniň paýhasyn jemläp,
Duşuşýar güýz bilen güýjüni jemläp.

Ýene şol görnüşler: şadyýan guşlar,
Boşap galan bagda saz çalanmyşlar.
Adam paýhasly ser salyp ummana,
Diýen: “Güýzüm bilen düşdüm bu mana.
Ýok! Güýzüň görmegi ýapragynda däl,
Tukat demin alýan topragynda däl.

Çal duman, per ganat näzik durnalar,
Güýz manysyn-gözelligin gurmazlar.

Indi düşdüm şunça horlan syra men;
Sansyz agdarylan, sansyz sürülen.

Sansyz hasyl beren Hatamtaý kimin,
Adam yzy bilen ýugrulan zemin.

Güýzde hasyl berip soňky dänä çen,
“Bu entek az!” diýip, gam çekýän eken!

Indi ýetdim syryň gönezligine,
Güýzüň manysyna-gözelligine.
Ol many-gözellik-soňky dänä çen
Çykaryp, adama bermekde eken!

Miweleň hoş ysy galanda kükäp,
Güýz: “Bu entek az!” diýip, bolanmyş
tukat.

...Güýz peýda bolanda sary çäkmenli
Adam kelle döwdi: “Indi nätmeli?”

“Güýzüm geldi” diýip, gamlanmalymy?
Ömrümiň gyşyna ýan bermelimi?
Ýok! Adam ömrüniň bolmasyn gyşy,
Ol altmyşy, ýetmiş bäşi, ýüz... ýaşy,

Goý, çal duman bolsun, goý bolsun bulut,
Ýaşamaly, eçilmeli güýz bolup...

Gurnbannazar Ezizow

ÝAR GEREKDIR “Menem”

ÝAR GEREKDIR

“Menem” diýen goç ýigide
Bir mynasyp ýar gerekdir.
Arap at, ýowly ýigide
Almaz zülpükar gerekdir.

Ýigit oldur – ýurt üstünde,
Janyn berse din üstünde,
Goç ýigitler il üstünde
Namys bilen ar gerekdir.

Bäş gün köňül hoş etmäge,
Supra ýaýyp, nan dökmäge,
Abraý alyp, at etmäge,
Gollarynda bar gerekdir.

Mekgä baran bolar hajy,
Aýralyk ölümden ajy,
Goç ýigide din gylyjy,
Aşyga didar gerekdir.

Artdyr pelek ah-u zaryň,
Alar elden ygtyýaryň,
Magtymguly, söwer ýaryň
Syýa zülpi tar gerekdir.
---------------------------------------------------------
Magtymguly garyp köňlün baý edip,
Kanagat ülkesin bende jaý edip,
Her kim öz ýaryny dogan Aý edip,
Aýyn gözlär, başga aýa seretmez.

Magtymguly bir giden hazyna.

Magtymguly bir giden hazyna. Diňe haýran galýan...
Başaryp bilsem, diňe şonuň öwütlerini hem ýerine ýetirip bilsem, gaty gowy adam bolaryn!

ILIŇNI

Gel, köňül, men saňa öwüt bereýin;
Yrak kylma görer gözüň – iliňni!
Gymmatyn gaçyrma, ýerinde sözle,
Uzatmagyl her näkese tiliňni!

Doga eýläp, haýyr sözläp ýaşagyn,
Hormatlagyl gözel iliň uşagyn,
Ýazdyrmagyl, mäkäm eýle guşagyň,
Ýeri bardyr, ajap sakla biliňni!

Çagyrylmaz jaýda görünme, barma,
Başarsaň, sopynyň ýüzüni görme,
Pikir-zikriň dünýä malyna berme,
Karuna ogşatma, tutgul päliňni!

Sözüne ber jowap, her kes sorasa,
Özüň yrak eýle, namart ýörese,
Bir misgin telmuryp, ýyglap garasa,
Baha gurma, mugt bergin malyňny!

Gorkma namartlaryň köp diýp sanyndan,
Gara görse, bary geçer janyndan,
Ugrun tapsaň, ötmäwergil ýanyndan,
Bahyllardan yrak eýle ýoluňny!

Akyl baş köpdür, akyl kesen azdyr,
Datma şerap, uzak içseň, ol azdyr,
Mert köňlünde daýym bahardyr-ýazdyr,
Mejnun umman içre salma salyňny!

Magtymguly, akyl başymdan uçdy,
Ykbalym ýatypdyr, döwletim göçdi,
Pir-kazylar para istäp, gol açdy,
Haram eýle, emma berme puluňny!
---------------------------------------------------------
Magtymguly garyp köňlün baý edip,
Kanagat ülkesin bende jaý edip,
Her kim öz ýaryny dogan Aý edip,
Aýyn gözlär, başga aýa seretmez.

Şu goşgynyň käbir

Şu goşgynyň käbir ýerlerini özümçe kommentläp, nähili owadandygyny aýtmakçy.

Gel, köňül, men saňa öwüt bereýin;
Yrak kylma görer gözüň – iliňni!
-Gözüňi göreji özüňden uzak tutma diýýä. Muňa iki hili düşünse bolýa. Başga ýurtlara öz watanyňy terk edip gitmeli däl diýip düşünse bolýa ýa-da göwnüň içinde, köňülde uzak tutma, ýagny mydama patriot bol, watansöýer bol!

Gymmatyn gaçyrma, ýerinde sözle,
Uzatmagyl her näkese tiliňni!
-Sözleriňi ýerinde sözläp bilseňä ok bolýa, maksada degýä, men ýaly "dile geldi, bile geldi" bolsa, onda sözleriň gymmady gaçýa. Özem her adama söz sözlemekde peýda ýok, diňe sözleriň gymmady gaçýa.

Doga eýläp, haýyr sözläp ýaşagyn,
Hormatlagyl gözel iliň uşagyn,
-Birinji setiri düşnükli bolmaly her kime. Öz iliň kiçisinem hormatla diýýän bolmaly ikinji setirde.

Ýazdyrmagyl, mäkäm eýle guşagyň,
Ýeri bardyr, ajap sakla biliňni!
-Bärde iki setir hem bile, hemem aýratyn. Biliňi berk tut, balagyňy çykaryp ýörme, ÝERI BAR diýýä onyňam. Bula bir many, ikinji many, biliňi BERK TUT, GAÝRAT ET, gaýratly bol diýýä birinji setirde, soň ikinjide aýratyn "biliň" barada. Garaz, nähili many çykarsaňam, gaty owadan.

Çagyrylmaz jaýda görünme, barma,
Başarsaň, sopynyň ýüzüni görme,
-Birinji setir düşnükli, çagyrylmadyk ýeriňe barmasaň gowy. Ikinjisinde, "sopy ekeni" diýip adamyň ýüzüni görme! Ýagny wezipä görä ýüz görme!

Pikir-zikriň dünýä malyna berme,
Karuna ogşatma, tutgul päliňni!
-Pikir we zikir dünýä malyndanam gymmat! Öz pikiriň bolmagy, zikir edip bilmek...
Karun ýaly husyt bolma diýýä ikinji setirde, öz päliňi, nebsiňi eliňde tut diýýä.

Sözüne ber jowap, her kes sorasa,
Özüň yrak eýle, namart ýörese,
-Sorana jogap ber, namartdanam uzak dur!

Bir misgin telmuryp, ýyglap garasa,
Baha gurma, mugt bergin malyňny!
-Bir kemli, bir mätäç, bir näçar naýynjar bir zat sorasa, garasa, garaz kyn günde görseň, hasap-hesibi geçirmän, barjaňdan sadaka ber, kömek et diýýä! Biziň sadaka gutysy üçin gowy şygar bolardy...

Indem ýatmaga gitjek. Ýöne goşgy gaty gowy, her setiri bir nakyl ýaly güýçli...
---------------------------------------------------------
Magtymguly garyp köňlün baý edip,
Kanagat ülkesin bende jaý edip,
Her kim öz ýaryny dogan Aý edip,
Aýyn gözlär, başga aýa seretmez.

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekellah!"
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "tuweleme!"

Begenc agamjan sanada okanyn

Begenc agamjan sanada okanyn ucin sag bol!

Bayboooooooow

Sel_MagnificoX

Yirtyar yashuly

Orazgylyç Çarynyň goşgularyndan

Çigit sataýanja gyz

Öýe dolanýanmy, barýanmy işe,
Parhy ýok gyş, bahar, tomusmy ýa güýz,
Oturandyr ýol ugrynda hemişe
Çigit sataýanja gyz.

Onuň gysýan däldir bu ýerde içi,
Gapdalda çagalar jagylday-jugul,
Ýöne ol bilenok kowup ýa gaçyp,
Çigit satýan gaby – bar oýunjagy.

Çigit oňat geçse, keýpjagazy kök,
Şatlyk ýaňagynda goýup gidýär yz.
Belki menden- senden gazanýandyr köp
Çigit sataýanja gyz.

Ajam däldir. Ýurejigi erese,
Satýan çigidinden çigitläp oňar.
Bar ünsün müşderä berýär ol, eýse
Başga zat gerek dälmikä oňa?

Gyzjagaza haýpym gelýär azajyk,
Üşemezi ýaly, çykaýsady ýaz.
Hernä alnuň-bagyň bolsunda açyk
Çigit sataýanja gyz.

******
Biserhet älemiň jany däldir janymdan aýry.
Şatlygymam, hasratymam bozar älemiň ýüzün.
Bitakat ýüregim bolar ne bäri, ne-de aňry:
ne kenara gyssanar, ne lezzet alar ýüzüp.

Hantama däl dostdan vepa, duşmandan ýamanlyga.
Sebäbi, soragymyň jogaby başga zatda.
Sebäbi, maýda hasaby salaýsaňam ýanlyga
ne çalyndan içiň sowar, ne gönenersiň ýagdan.

Men azajyk akylly özgä ýol gorkezerden.
Men azajyk pähimsiz terk ederden şa ýoly.
Ýagşylar, ýamanlar bilen suw içýän bir güzerden.
Bir görseňä ýagşy men, bir görseň ýaman ýaly.

Adamlardan daşda bolsam, bolardym men perişde,
Ýyldyzlardan daşda bolsam, hokman bolardym zalym.
Bilýärin aýan bolmaz kimligim irde-giçde:
gara duman içinde sessiz bugarar salym.

Özgäniň bagtyny görüp, höweslärin bagtymy.
Özgäniň hasratyn görüp , hasrata ýar bolaryn.
Kä şatlygym göge sygmaz, kä gan öýer bagrymy.
Ilimde ganat baglaryn, ilimde har bolaryn.

Asly owadan kebelek saklamaga janyny
haşal otuň reňkine boýap gezer ganatyn.
Ýöne men gaýtalanmaz ýüregimi, aňymy
duşmandan gizlemerin ejiz düşen halatym.

Meniň ýazgymy okap, şa unutsa şalygyn,
gul öz guldugyny bilse, zerre armanym bolmaz.
Uly ili güldürmäge ýetmez meniň şatlygym,
ýöne ajy hasratymam özgä agramyn salmaz.

Maral suw içdi.

Teşne maral epgek, jowzaly günde
halasgär güzeriň başyna bardy.
Onuň gözel keşbi aýna deý suwa
özüni urdy.

Maral birdenkä-de tisgindi
onuň
gözi düşdi başga marala:
garaýşy ejizdi hemem ezizdi –
ot bermezçe däldi haram damara.

Yşk lowlady ak amarlyň gözünde –
hyruç bilen suwa baka egildi.
Soň diýseň ynamly, diýseň dözümli
doýman sordy suwmaralyň lebinden.

****
Aňa baýrynandan saňa nä peýda
her bir öli köp bilýärkä diriden.
Kime gerek bu ymtylyş bu pida?
Jogap ýerden gözýaş damýar dideden.

Iň soňky derejä ýetse-de bilim,
iň soňky ýyldyza daksa-da ady,
barybir kalbymyz ynjalmaz biziň,
barybir bilmeris esasy zady.

***
Hat

(4 nji hat).

Dostum,ýyldyz hakda goşgymy okap,
başga derdim ýokdur öýdäýme meniň.
Syrtym kül üstünde,
hyýalymda – Kap.

Ne öýüm bar, ne-de belli mesgenim.
Işim ýok özgäniň şalygy bilen.
Ölmesden öň üzsem bolýar karzymy.
Goşgy ýazýan – ýalňyz şatlygym bilen
ýamaýaryn galkanymy – kalbymy.

****
Men dünýäni düzetjekdim
Eden arzuwym puç boldy.
Ýaş wagtym ölüp gitjekdim.
Bolmady.
Soňam giç boldy.

Gözdürtme gijelerde
diňledim arşyň demini.
Juda kän kösendim Ýerde
Tapman köňlümiň tmini.

Soň täjir aldy ýanymy:
ony unutmaga çalyşdym.
Ahyr övrüvň ýaryny
kagyzdyr syýa çalyşdym.

Men dünýäni düzetjekdim
Eden arzuwym puç boldy.
Ýaş wagtym ölüp gitjekdim.
Bolmady.
Soňam giç boldy.

NÄRAZYLYK Ýaz! Kelläň

NÄRAZYLYK

Ýaz!
Kelläň telegraf sütüni bolup güňlesin,
Ýazmakdan gurasyn goluň,
Agşam ýazan oňat setirlerňizden,
Säherler oýanyp närazy boluň.

Siziň kalbyňyzy durşuna gaplan,
Gazaply kazy deý närazylyklaň,
Basyrmaň üstüni,
Diňläň olary.
Oňat pygly üçin raýyny ýykmaň.

Närazylyk – örän oňat duýgudyr,
Ýöne bu duýguny gazanmak kyndyr,
Ol – uly şahyrlaň böwründe hanjar,
Ejizleriň hanjarynyň gynydyr.

Ýaz!
Ýazmakdan ýaňa gurasyn goluň,
Gijäň köpü geçip, galypdyr azy,
Sen özüňden näçe närazy bolsaň,
Il senden şonça-da razydyr, razy.

ÝEKE SETIR Bütin ömrüň

ÝEKE SETIR

Bütin ömrüň ýazyp gije we gündiz,
Gözüň ýummazdan öň galyp tirsegňe:
“Herhal, bulut bolup ýagman geçsedim,
Damar bir setirim dünýäň gursagna.”

Diýersiň-de, gözleriňi ýumarsyň,
Sende ahmyr bolmaz, ökünjem bolmaz,
Ýagty dünýä goýan birje setiriň
Beren sütemini giç kimse bilmez.

Diňe müňläp setir okalan gündiz,
Hem gijeleň ýagty çyragy biler.
Saady, Gomer biler, Rudaky Puşkin,
Tolstoý, Lermontow, Pyragy biler.

Ýöne müňläp setirleri külterläp,
Birini goýmazlyk – köýmekdir, köýmek.
Bu dünýäde iň eşretli sütemdir,
Million setir okap, bir setir goýmak.

SUNGAT Sungat diýmek

SUNGAT

Sungat diýmek näme?
Bilýärmisiňiz?
Ele alýarlar-da ýiti keseri,
Lokga daşyň ähli artyk bölegni,
Ýonup ýasaýarlar ajap eseri.

Artykmaçlyk – duşmanydyr sungatyň,
Tygşytly bolanda, beýikdir nama,
Men pikirimi bir söz bilen aýdýarkam,
Ol ýere üç sözüň geregi näme!

Tälim almap dagdan inen sillerden,
Tälim alyň Wolgalardan Nillerden.
Kemlik adamyny bezänok welin,
Artykmajam boljak bolmaň illerden.

Gyz öňünde artyk söze daýanma,
Söýgä söz gerek däl, gerekdir ynam.
Söýme Watanyňy gursagňa uryp,
Eneňi söýşüň dek söýüber onam.

Sungat diýmek näme?
Bilýärmisiňiz?
Bu sowala sada jogap bermeli.
Siz herimiz – özümiziň zergärimiz,
Mydam özümizi ýonup ýörmeli.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

KÜTEKLIK Durmyş kämil

KÜTEKLIK

Durmyş kämil dälmi?
Ýa-da adamlar?
Ýygnaklarda orta atylsa teklip,
Ähli ýitilikleň örküne
agzy
synan palta bolup urýar küteklik.

Haýran galaýmaly!
Nirede bolsun, -
Ol ýitilik bilen geçir sözüni,
Ýok, küteklik kesip bilmäni üçin,
Ýykyp – ýumuryp, ykrar eder özüni.

Ol şeýle başarjaň, şeýle bir ussat, -
Umuman, öňünde durmak juda kyn,
Walla, gür tokaýa taşlaýsaň,
Şonam,
Kütekligi bilen çapmagy mümkin.

Öňde-soňda düşünmeli ahyry!
(Muny wagtal-wagtal boýnam alýarys)
Ýitiligi ulanmaly wagtymyz,
Kütekligi aýlap-aýlap salýarys.

Ol saňňy dişlerin syrtardyp çala,
Haýbat atanynda kötekli güne,
Oturanlar duýman elini çarpar,
Onuň örän ýiti kütekligine.

Ol özüniň kütekligin bilmez hiç,
Bar bolsa-da şu gürrüň bar tarapda.
Mundan uran kütek gylyjynyň ujy,
Nämüçindir şaňlap durar arapda.

Emma kütekligiň bir täleýi bar:
Ol sapyndan sypar gider iru-giç.
Ýöne hyjuw bilen kütekligini,
Ykrar eder ýere düşerne deňiç.

yazyjylarynyng atlrayny hem

yazyjylarynyng atlrayny hem goy how:), bolmasa kan uns chekenok :):)

Bagyşlarsyňyz

Ýokardaky soňky goýan goşgylarymyň şahyry GURBANNAZAR EZIZOW

Edep bir täçdir nur-y Hudadan
Geý ol täji, aman bol her beladan

S.A Nyýazovyň "Öye baryan

S.A Nyýazovyň "Öye baryan yollar" diyen goşgysyny bilyan bar bolsa gayrat edip yazayın. yada klibi bar bolsa goysanız hem bolar. Haçandan bari şonı gözleyan tapamok. Kamahal öyde wagtım telewizorda duş gelyadim. İndem tapamok:(
---------------------------------------------------------
'' Bu günü düşünürüm, dün geçti, yarın varmı?
Gençligede güvenmem, ölen hep ihtiyarmı?''

Gok gummurdap, Gitdi uzak

Gok gummurdap,
Gitdi uzak yerlere,
Ol onsonam eshdildi durdy uzakdan.
shabgadan son, tamizlenen, terlenen
Taze bir ys geldi yuzz durli otdan.

Ine, birden yaz shemaly owusdi,
shonda misli tans oynayan boluplar,
Goya gokde bolek-bolek bulutlan
Elwan owsup gitdi yumry gowusi.

Kalbym-durkum bilen sahrayy boldum,
Ichdim howasyny-sahranyn meyin.
Men gussadan gachyp shu yere geldim,
Men shatlykdan gachyp nira gideyin?

Ykbala ten berman, geljege bakdyk,
Bildik-herki zadyn bor eken cheni.
Gereginden artyk bolanda shatlyk,
Adam yene gussa batjak ekeni...

Gurbannazar Ezizow

''Özüňi süýt saýsaň, Dostuňy gaýmak, Onsoň gaýmak saýar Dostuňam seni. Onsoň senem gaýmak, Dostuňam gaýmak.''

B.Kerbabaýewden

Päsgel berme
Öňde bolsaň, biri yzyňdan ýetse,
Guwan päsgel berip, döşünden itme.
Kim senden bir basym ýokary ätse,
Sen oňa hiç haçan göriplik etme.
Päsgel berme öňe geçýän adama,
Ýaryş, çalyş, gaýrata gal, ýadama.
1957

Parahora
Päliň bozup, para almaga ýüz ursaň,
Aş gazanyň aşdan doýmaz hiç haçan.
Ili aldap, pula gyzyp, tor gursaň,
Öz boýnuňa syrtmak düşer aç-açan.
Abraýyň ýetegiňden dökensoň,
Peýda bermez soňra näçe ökünseň!
1946

Meniň söýgüm
Sözüm bilen ölçemäň meň söýgimi,
Goý ol öwşün atsyn edýän işimde.
Bilmek isleseňiz meniň duýgymy:
Halkyň arzuwy bar meniň huşumda.
1939

_____________________________
Ýürek urýar tolgunýar,
Emma galam dur ýerde,
Ak kagyzlar zyňylýar,
Söz çykanok leblerden.

Gursagynda aşyklaryñ

Gursagynda aşyklaryñ gözbaşy,

Söỳgini kirşine ỳaşadan dutar.

“Söỳli halanyny” çalanda bagşy,

Perdesinden Söỳlä ogşadan dutar.

“Gökdepe” mukama düşünse başlar,

Täsir goỳup, gözden döküler ỳaşlar,

“Säher mukam” bilen oỳadyp guşlar,

Bilbile owazyn diñleden dutar.

“Aỳralyk mukamda” ỳürekler dymar,

Düşünen bu sazyñ oỳuna çümer,

“Höreler” mukamda maỳa düỳeleñ,

Almadyk köşegin aldyran dutar.

“Atçaparda” är ỳigitleñ gaỳratyn,

“Demir donly” Göroglynyñ syratyn,

“Berkeli çokaỳda” hanyñ haỳbatyn,

Serpaỳa dözülmäm köỳdüren dutar.

“Ýedimanzar” saz içinde ỳakymly,

“Hajygolak” diỳseñ çeper çekimli,

“Bu jennetdir” çeşmeler deỳ akymly,

Guşlary başynda gonduran dutar.

Käỳerde sallanyp “Gülhanym” geçer,

“Ýandymlarda” perdelerden ot çykar,

“Uçradym-da” owaz asmana uçar,

“Tilim gyrkda” zaryn zeỳrenen dutar.

“Çapaỳew” çalmana çermense gollar,

Türkmeniñ gölünde gögerer güller,

Saỳramaz bilbiller, saklanar diller,

Ählige owazyn diñleden dutar…

Abdulsettar Sowgy

''Özüňi süýt saýsaň, Dostuňy gaýmak, Onsoň gaýmak saýar Dostuňam seni. Onsoň senem gaýmak, Dostuňam gaýmak.''

(No subject)

Goşgy
Soltansöỳün Baỳkaranyñ köşgünde,

Şir Nowaỳỳñ tilin saỳradan goşgy.

Tañrysyndan özge bolmady bende,

“Huw-hak” diỳip kalbyn gaỳnadan goşgy.

Onunjy seneleñ soñky döwründe,

Baỳram han geçipdir şahyr ornunda.

Goşuna serdar kylyp Hind diỳarynda,

Türkmeniñ adyny ỳaỳradan goşgy.

Ýene geçdi ança yşkyñ wekili,

Kalbynda gaỳnadyp mestana güli,

Gül gyzyñ yşgynda beg Andalyby,

Bilbile meñzedip, saỳradan goşgy.

Señ ylhamyñ jadymydy syrmydy?

Saña giren seni elden bermedi,

Pyragyñ pederi Döwletmämmedi,

“Wagyz” derỳasynda boỳladan goşgy

Yar sözünden salyp synama sesi,

Maña-da bir çetin öwreden goşgy

Abdulsettar Sowgy

''Özüňi süýt saýsaň, Dostuňy gaýmak, Onsoň gaýmak saýar Dostuňam seni. Onsoň senem gaýmak, Dostuňam gaýmak.''

Halyl

Halyl Kuly

ALYSLARDA GALAN ÝAR

Ýalñyz bolsañ¸ ýetişerin ýanyña¸
Seni ýeke goýman – diýen sözüñ bar.
Ýatlamalañ dumanyndan çyk-da gel¸
Alyslardan alyslarda galan ýar.

Söýgiñ bilen derýa bolup joş-da gel¸
Öñküñ ýaly gyz juwanlyk ýaşda gel¸
Gaýalardan gaýalara aş-da gel¸
Goja daglañ añyrsynda galan ýar.

Tapyşýan ýerinde ýer bilen gögüñ¸
Her gün saña garaşaryn intizar.
Gün doganda¸ gün içinden çyk-da gel¸
Uzak ýollañ añyrsynda galan ýar.

Men henizem öñkim ýaly bisabyr¸
Ýürek şindem öñküsi dek bikarar.
Uzak ýyllañ örtügini serp-de gel¸
Uzak ýyllañ añyrsynda galan ýar.

''Özüňi süýt saýsaň, Dostuňy gaýmak, Onsoň gaýmak saýar Dostuňam seni. Onsoň senem gaýmak, Dostuňam gaýmak.''

Gurbannazar Ezizow

Gurbannazar Ezizow
Serpay

Soyun meni - yurek soygi kuyseyar,
Seyle bir kuyseyar - yok caky-ceni,
Yekeje adama yeterlik soygi
Bilen
Bir pursatlyk soyun siz meni.

Mana kan zat,
Uly bir zat gerek dal,
Elinizi yuregnize goyun siz:
Size soygi bilen yuzlenyan gunlem
Sozlerimi kesa cekman soyun siz.

Soyun meni - ahli erki hem durky
Bilen size tarap yollar cekeni.
Yeke ozun soyup yorsen elmydam
Birazajyk agyr dusjek ekeni.

Soyun meni - sizin sadyk gulunyz,
Soyra menden size galar seyle pay.
Men size bahasyz serpay ederin -
Salaryn elinden gelmejek serpay.

''Özüňi süýt saýsaň, Dostuňy gaýmak, Onsoň gaýmak saýar Dostuňam seni. Onsoň senem gaýmak, Dostuňam gaýmak.''

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Gezende 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Yarym kilo 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy goshgy!"

ÖZ SÖÝENMIZ

ÖZ SÖÝENMIZ ÜÇIN.....
Öz söýenmiz üçin hemmämiz jomart!
Biz bu dünýä öýe kimin garýarys.
Iň gymmat,
In zerur,
Gözel zatlary
Alýarys-da ýare sowgat berýäris.

Bütin Ýeri sowgat berýäs gyzlara,
Onuň minaradyr şäherlerini,
Onuň al şerap deý iňriklerini,
Dumanly-dumanly säherlerini.

Soňra ýyldyzlary,
Deňiz-derýany,
Soň kellämiz gyzyp gidiberse has,—
Aýy iki ýaryp zergär mysaly
Ondan ýara gulakhalka ýasaýas.

Emma bize ýeň berenok eneler:
«Biz-ä asyl boş sözlere düşemzok;
Asmanyň ýyldyzyn kakanyň bilen
Olar ýere teňňe bolup duşenok.

Aý diýýärler,
Deňiz-derýa diýýärler,
Tapanlarny jomartlarça seçýärler,
Emma ujypsyzjä galyň tölemän,
şagal deý alyp gaçýarlar...»

''Özüňi süýt saýsaň, Dostuňy gaýmak, Onsoň gaýmak saýar Dostuňam seni. Onsoň senem gaýmak, Dostuňam gaýmak.''

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "gulup hezil etdim gaty utgeshijek goshgy:) iller galyngy yazygaryar we bu has bashgacha:):)"

gaty gowy goşgy

Bagyşla!
Göwnüñ galan ýeri bar bolsa menden,
Yşkyñ oýny geçiren bolsa çenden,
Soramaly wagty soraman senden,
Ykbal sazym çalan bolsam, bagyşla!

Sorag bilen bakan wagtym ýüzüñe,
Gahar-gazap dolan bolsa gözüñe,
Ýürekden syzdyryp aýdan sözüñe,
Yersiz-yere gülen bolsam, bagyşla!

"Bir sen" diyip, saýrap durka dillerim,
Manysyzdyr sensiz geçen günlerim,
Bahar pasly saña bogan güllerim,
Wagtyndan öñ solan bolsa, bagyşla!

Yene saña söýgi getirdi yazym,
Ya sen zalym, ya-da zalym meñ özüm.
Men sebäpkär bolup köldäki gazyñ
Asman sary galan bolsa, bagyşla!

Diñe Alla herki işde penakär,
Özge hiç zat edip bilmez günä kär,
Bu söýgüde bolup özüm günäkär,
Ýuregiñi dilen bolsam, bagyşla!

Meñ mährimi ykbalyña araman,
Gezseñ-de sen päk söýgimi goraman,
Käbir zady señ özüñden soraman,
Ilden sorap bilen bolsam,bagyşla!

''Özüňi süýt saýsaň, Dostuňy gaýmak, Onsoň gaýmak saýar Dostuňam seni. Onsoň senem gaýmak, Dostuňam gaýmak.''

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • Mergen 5 telpek goyyar we yazyar: "Betje goshgy!"

yakynda aldym şu goşgyny

yakynda aldym şu goşgyny we gaty haladymay.sizem okan belki halarsynyz.sonky dowur dine men goyyan oytyan şu blogada:)

''Özüňi süýt saýsaň, Dostuňy gaýmak, Onsoň gaýmak saýar Dostuňam seni. Onsoň senem gaýmak, Dostuňam gaýmak.''

$ukur Hudaya

$ukur Hudaya bagyshlatmalymyz yok hazira bomawersin, yzyndan beydip aglamaly bolsa:):)

Aşyr bolan bolaymasyn hany

Aşyr bolan bolaymasyn hany gowja yadyna sal.

''Özüňi süýt saýsaň, Dostuňy gaýmak, Onsoň gaýmak saýar Dostuňam seni. Onsoň senem gaýmak, Dostuňam gaýmak.''

dr turkmen wrote: Meñ

dr turkmen wrote:

Meñ mährimi ykbalyña araman,
Gezseñ-de sen päk söýgimi goraman,
Käbir zady señ özüñden soraman,
Ilden sorap bilen bolsam,bagyşla!

Gyz bivepalyk edipdir ekena ?!
Ozunden sorasan "aytsam oylenmez" diyyan zatlaryny gyz aytmaymasa, a kabir zatlary goni ozunden soramaga utanarsynam, ayal mashgala "Eytdinmi, beytdinmi ?" diyip, detallaryny nadip sorajak ?!

yaman gowy yazylan, yazary

yaman gowy yazylan, yazary kim-ka, ozunmi. "yakinda akldym..." diyipsin velin yazary bashga biri oytyan.
chyndanam haladym, bolsa telpegem berjek velin...
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Awtorunun kimdigina

Awtorunun kimdigina bilemok.Bir dostum neo turkmen goshgulary kolleksiyasy bar.Gazet gazet dörüp goşgy çöpleya.Şol dostum ugratdy.

''Özüňi süýt saýsaň, Dostuňy gaýmak, Onsoň gaýmak saýar Dostuňam seni. Onsoň senem gaýmak, Dostuňam gaýmak.''

Aýaly 1 hepdeläp çaga

Aýaly 1 hepdeläp çaga dogrulýan öýde bolanda adamsynyň iberen salam haty.

Gezip ýörkäm öýmüzde bilmändirin gadyryň.
Indi seniň gadyryň bilsem gerek ölýänçäm.
Tabak bilen saçagyň, çäýnek bilen kitiriň
Arasynda selpildäp, janym çykdy, Sonam jan.

Çagajyklaň ugrunda janserek men, janserek.
Bir elimde aşly jam, bir elimde boşan jam…
“Aýalymy öldüren ownuk iş bolsa gerek!”
Diýip bir wagt bir çopan hak aýdypdyr, Sonam jan.

Birisine nan gerek, birisine suw gerek,
Bir ýanymdan Aýjan çekýär, bir ýanymdan Maýsam jan
Wah, iýseler ne ýagşy! Geçimiz dek çümhörek!
Sen olary niçiksi iýdirýärdiň, Sonam jan?

“Giç gelýärsiň!” diýeňde, gaharlanan bolardym.
Bagyşlawer, öňüňde ojuk-bujuk günäm kän

Ynha indi sag-aman gelseň bolýar şol ýerden,
Gazyk borun gaşyňda, wah, Sonam jan, Sonam jan!

Nahar berseň “sowuk” diýip, çaý äberseň “sowuk” diýip,
Azar ýamanyn berip, igenerdim ýadýançam.
Indi ynha çaý ýerne beräý gel-de suw guýup,
Nan ýerne-de kesek ber, demim çykmaz, Sonam jan.

Saňa her gün daň bilen salam bermeli eken.
Onda-da ýöne salam däl, barypýatan “Salam jan..”
Ynha indi şol salamlaň başlandygy şu günden-
Salam! Salam!.. Dowamyny soň görersiň Sonam jan!

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • dr turkmen 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Birhili, uly adam dalde,

Birhili, uly adam dalde, yetginjek yazan yalyla bu goshgyny ? :)

Kapia bozuklyklary dagy bar...
Yone in sonky topbagy okamson bir yilgirtdy oza, ondaki yalnyslary ortdi :)

Agam bu goshgy Kerim aganky

Agam bu goshgy Kerim aganky dalmay, biri okap beripdi shu goshgyny, kabir yerleri tanysh gelyar.

Kerim Gurbannepesowyn chagalary, mashgala yagdayi barada bilyan bar bolsa biraz maglumat berseniz, belki den gelyandir...
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Sözim Bar Saňa Gara

Sözim Bar Saňa

Gara gözli, galam gaşly perizat,

Aýdabilmen, birje sözüm bar saňa,

Yşkyňda köýüp men dat bilen bidat,

Iki çeşmim bir görmäge zar saňa!

Şikeste men, zülpleriňe baglama,

Hanjar alyp, ýürek-bagrym daglama,

Myhmanyň men işigiňden kowlama,

Gerek dälmi namys bilen ar saňa?

Dal gerdenden tylla heýkel dakmasaň,

Humaý gözüň süzüp, gaşyň kakmasaň,

Ýüz-müň suhan diýsem, bäri bakmasaň,

Neneň edip ýaranaýyn ýar saňa!

Kemine diýr, senden istedim wepa,

Wepa istäp geldim, sen berdiň jepa,

Yşkyňda hastaýam, sen bergil şypa,

Şypa istäp geldim, men bimar saňa!

''Özüňi süýt saýsaň, Dostuňy gaýmak, Onsoň gaýmak saýar Dostuňam seni. Onsoň senem gaýmak, Dostuňam gaýmak.''

ah ganym söygi ine senin

ah ganym söygi ine senin zerarly,
heniz-henizlerem ejir çekilyar.
bir jepa öwrülen yigdin duygusy,
gözel jezasyna gurban edilyar.

belli dala belki yigdem günali,
belki gözel gyzam ony halayar.
aralarna haysy şeytan girdika,
ya-da durmuş ikisinem synayar

yigit entek umyt bilen garaşyar,
gözel gyzyn gelerine bir mahal.
ikisine gözel durmuş yaraşyar,
şeyle gözel sayarsynyz "taçmahal".

ine yene otyryn birje özüm,
ol ullakan marekeden uzakda.
men göwnümde hiç bir zada yok dözüm,
şon üçinem men mydama duzakda.

"adyny özünüz goyup göyberin :)))"

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Belle 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • viola 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Ozun duzdunmi? :)

Ozun duzdunmi? :)

Bu goshgy "ogluny urushda

Bu goshgy "ogluny urushda aldyran enanin duyshi" diyen goshga menzeyale?!
ah ganym uruş,ine senin zerarly,
heniz henizlerem ejir chekilyar
ak guwa owrulen ene pahyryn,
nesibesi gara yere sinyar
yalnysham bolup biler

''Özüňi süýt saýsaň, Dostuňy gaýmak, Onsoň gaýmak saýar Dostuňam seni. Onsoň senem gaýmak, Dostuňam gaýmak.''

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Mergen 1 telpek goyyar we yazyar: "Aha, sundan alan bolmaly!"

bir pahyr yazypdyra ogurlap

bir pahyr yazypdyra OGURLAP ZAT edip diyip.ya okamadynmy.meylis adam satmey:-) dine birinji topbagyny menzetdim:-)

Men "sundan alan bolmaly"

Men "sundan alan bolmaly" diydim, "Utanman ogurlap, oz adyna gecirayipdir" dagy diymedim, sebabi OKADYM :)

çalaja ogurlap zat edip.

çalaja ogurlap zat edip. birinji topbagy başga birininka menzetdim. sonkylar arassa özüminki.kabir topbaklaram yazmadym apasnyy yerleri bar aslynda 12 topbakdy.

shahyrlyk yangyndan

shahyrlyk yangyndan bashlanyan eken:):)

keşbin gyza keşbin

keşbin gyza keşbin gyz,
eylak beylak geçdim gyz,
yolsuz yerden yol yasap,
2.etajdan gaçdym gyz:)

Aslynda asylly gözel gyz

Aslynda asylly gözel gyz bolsañ.
Adamlaryñ köp ýerinde görünme.
Durshuñ bilen kereshmedir näz bolsañ.
Artykmaç näz boljak bolup urunma.

Hemmeler sen gyza bakýanam bolsa.
Ýüregiñ gürsüldäp kakýanan bolsa.
Söýgiñ gyzgyn ganda akýanam bolsa.
Ýalt-ýalt edip töweregñe garanma.

Egerde diýseler señ söziñ mähir.
Ýada diýýäýseler señ öziñ mähir.
Shonda-da gözleñde oýnasyn gahar.
Men mähirli diýip artyk erenme.

Ýüregiñ ak bolsun diñe gar ýaly.
Kalbyñda busanjyñ bolsun nur ýaly.
Altyn saçlañ tolkun atsyn mar ýaly.
Rakyplaryñ bar ýerinde daranma.

Utanç saklar gyzy her bir beladan.
Çykarma diliñi dishli galadan.
Diñe abyraý bolsun seniñ aladañ.
Basharsañ bolgusyz ýerde görünme.

Täç etgin bashyña söýgili ýary.
Shoña bagyshlansyn gül ömrüñ bary.
Bolsañ goç ýigidiñ namysy-ary.
Zenan bolgun oñ üstine sürünme.

Mertebäñi mydam belent tutjak bol.
Bu durmush oýundyr diñe utjak bol.
Ar-namysy baýdak edip tutjak bol.
Munda biwepalar kändir ýaranma.

Telpekler (3 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • dr turkmen 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Abat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin!Berekella Nirden tapyldyka bu goshgy?"
  • godfather 3 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! bet goşgy"

ögret nebse bermani,

ögret nebse bermani,
harama sümülip galma,
bil durmuşy söymani,
yamany yada salma.

yollar yapyk geçilmez,
ykbaldanam gaçylmaz,
hakdan rugsat bolmasa,
hiçbir gapy açylmaz.
şulam sadaja gowja goşgy eken!