Türkmenistan!!!

Salam hormatly tmolympiad.org agzalary we myhmanlary.
Herkim öz ýurdy hakynda azajyk ýazsa men köpüräk ýazmakçy 
Köp maglumatlary Wikipediýanyň türkmençe-sinden aldym. Aslyn ol ýerede özüm goýupdym 
Öz goýmadyk zatlarymy hökmany suratda aýdaryn.
Onda Türkmenistan hakynda okaň.

Azajyk

Türkmenistan merkezi Aziýada bir döwlet. Bolup 1991-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sine Garaşsyzlyk alýar. Soňra 1995-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 12-sine-de baky Bitarap döwlet bolýar.

Nebit Senagaty

Ýangyç-energetik kompleksin duzuminde Türkmenistanyň senagaty nebir kanlerini açmakda geologik-gözleg işlerinden, nebit çykarmakdan, ony daşamakdan we nebiti gaýtadan işleýan karhanalardan ybaratdyr. Türkmenistanyň territoriýasynda nebit çykarmak işlerinin ençeme asyr taryhy bar. Hazirki wagtda Türkmenistanyň nebit kanlerinin 14-sinde nebit çykarylýar (olaryn 11-si gury ýerde we 3-si Hazar denzinin Hazar şäheriniň ýanyndaky boleginde). 1999-njy ýylda Türkmenistanda nebit çykarylyşy ýedi million tonna boldy. Ýurdumyzyn nebiti Türkmenbaşy we Seýdi şäherlerindaki zawodlarda gaýtadan işlenilýar.

Suw resurslary.

Ekerançylygyn geografiki ýerleşişi ilkinji nobada-suwaryş suwlarynyň ýaýraýşy, olaryn moçberi we peýdalanylş derejesi bilen basglanşyklydyr. Türkmenistanda suwaryş maksatlary uçin, esasan, derýa we ýerasty suwlary peýdalanylyar. Garagum çolunde maldarçylygyn esasy suw upçunçiligi guýular arkalydyr. Derýänyn suwlaryny suwaryş uçin peýdalanmak maksady bilen suwaryş ýaplary gazylyar. Türkmenistanyň in uly derýäsy Amyderýa bolup, ol ýurdumyzyn gundogar-demirgazyk bolegini kesip geçýar. Ekişe ýaramly ýerlerin we ilatyn kop bolegi bolsa ýurdun gunorta-gunbatar boleginde ýerleşýar. Emma ol ýerde suw upjunçiligi oran ýetmezçilik edýär. Ýone suwaryş suwunyn gaty çakli ýerlerinde suw bilen upjun etmek maksady bilen, Amyderýanyň suwunyn bir bolegini gunorta-gunbatara Garagum derýäsy bilen gonukdirildi.

Himiýa senagaty.

Ýurdumyzda himiýa senagatynyn ilkinji karhanasy Merkezi Garagumda ýerleşen Derweze kukurt zawodydyr. Ol 1928-nji ýylda guruldy we jowzaly klimat şertlerinde, transport taýdan amatsyz bolany uçin, bu zawod dine 1961-nji ýyla çenli işledildi. Gowurdakdaky kukurdin kani açylandan son, ol ýerde 1932-nji ýylda kukurt zawody işe girizildi. Himiýa senagaty has kop pudakly senagat. Ol dag magdan himiýa, esasy himiýa, nebit himiýa, durmuş himiýasy we farmasewtika ýaly himiýa senagaty kop pudaklary oz içine alýar.

Türkmenistanyň ykdysady-geografik ýerleşişi

Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwleti Gundogaryn we Gunbataryn kop yuertlaryna tarao gidyan gadymy “Beýik Ýupek” sowda ýollarynyň çatrygynda, geografik taýdan innan amatly ýerde ýerleşýar. Şona gora-de, Türkmenistanyň territoriýasynyn usti bilen Gadymy we Orta asyr dowurlerinde hem dunya bazarlaryna tarap kerwen yollary, yodalary gecipdir.
Uzaklarda baslanan kerwen yolunyn bir sahsy oz dowrunde gadymy siwilizasiya merkezlerinin biri bolan Merwin usti bilen gecipdir. Gundogardan Yewropa tarap uzalyp gidyan kerwen yolunyn sowda merkezlerinin biri bolan gadymy Koneurgenc hem “Turkustanyn derwezesi” diylip atlandyrylypdyr.
Beyik yupek yolunyn yene bir shahasy ilki Murgap deryasynyn boyu bilen, sonra Owganystanyn ustunden Hindistana cenli baryp yetipdir.
Gundogaryn we Gunbataryn gadymy sowda aragatnashyklaryny Turkmenistanyn territoriyasynyn hem usti bilen amala ashyrmak uly rol oynan Beyik yupek yoly indi bizin taze dowrumizde-Garashsyzlyk dowrunde yene-de dikeldilip bashlandy. Yone bu gezek yontem kerwen yollary boyunca dal-de, polat reysleri arkaly dikeldilyar. Tejen-Sarags-Mashat demir yolunyn gurulmagy bilen Turkmenistanyn ustunden Transaziya kontinentara demir yol magistraly acyldy we ol Beyik yupek yolunyn ugry bilen gidyar. Ol Pekinden (Hytay) Yewropanyn bosagasynda yerleshen Ystambula(Turkiya) cenli yetyar, Pars aylagyna hem yeter.
Garashsyz Turkmenistan dowletinin Yewropa bilen Aziyanyn catrygynda yerleshmegi, onun geosyyasy yagdayynda oran uly amatlyklyklar doredyar.
Garashsyz we baky Bitarap Turkmenistan Hazar denzinin gundogar kenarynda Amyderya cenli yarym million kwadrat kilometer golay (491,2 mun kw.km) demirgazykdan gunorta bolsa 650 km, ulazyl gidyar. Merkezi Aziyanyn ahli meydanynyn 12,2%-I Turkmenistanyn payyna dushyar. Sheyle-de bolsa, Merkezi Aziya garshsyz dowletlerin arasynda Turkmenistan Gazagystandan sonar umumy meydany boyunca in iri dowlet hasaplanyar. Ilaty 24 million adama golaylashan gonshy Ozbegistanyn hem tutyan meydany Turkmenistanynkydan az Ozbegistan gundogarda Owganystan dowleti bilen Turkmenistanyn aracak serhetlerinin uzynlygy 864 km, Eyran Yslam Respublikasy bilen bolsa 1,5 mun kilometer golaylashyar. Turkmenistan demirgazyk gunbatarda Gazagystan dowleti bilen hem aracakleshyar.
Merkezi Aziyanyn dowletlerine garanda Turkmenistan Russuia Federasiyasynyn Yewropa bolegine yerleshen ykdysady-geografik rayonlaryna, Kawkazyn garashsyz dowletlerine ha yakyn we amatly yerleshmegi bilen tapawutlanyar. Ol dowletler Merkezi Aziya dowletlerine ozlerinin transit yuklerini Turkmenistanyn usti bilen dashayarlar. Hazar denzinin kenaryna Turkmenbashy porty Merkezi Aziyanyn “Gunbatar derwezesi” hasaplansa, “Turkmenabat-Gonrat-Beynew” demir yoly derwezesi.
Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine garanda Türkmenistanyň duzluk territoriýalary has agdyklyk edyar. Bu bolsa yurdumyzyn dunya bazarlaryna tarao cykalgalaryn has kop bolmagyna amatly shertler doredyar. Mysal ucin, Türkmenabat-Haýraton aralygynda Amyderya-Hyrat we Atamyrat-Ymamnazar awtomobil yollary arkaly Lyutfabat, Etrek-Gurgen, Aşgabat-Gowdan-Bajygyran awtomobil yollaryndan bashga-da, Eýran Yslam Respublikasyna tarap Tejen-Sarahs-Mashat demir yolunyn gurulmagy dunya bazaryna täze cykalgadyr.
Türkmenistan landşaftynyn esasy bolegini meýdany boýunça Sahara we Gobi çolluklerinden son dünýäde uçunji orny eýeleýan Garagum çoli tutýar. Ol hojalyk taýdan heiz az ozleşdirilen. Ol ýaşayşyn seýrekligi, juda az orumlaşanlygy, yssylygy bilen tapawutlanyar. Emma ýerasty tebigy baýlyklaryn kopdurliligi bilen Türkmenistan indi dünýä bellidir.
Turkmenistanyn gin meydanynyn 7%-gur ilatly obalaryn, suwarymly ekerancylyk massiwlerinin, iri shaherlerinin, gur gatnaw yollaryn, oazislerin payyna dushyar. Derya julgelerinin, suwarysh kanallarynyn, da eteklerinin ozleshdirilen yerleri-oazisler Turkmenistanyn koplenc cetki kunjeklerinde yerleshyarler. Garagum deryasynyn zonasy Turkmenistanyn gunorta boleginin ululy-kicili kop oazislerini yeke-tak suwarysh sistemasyna birikdiryar.
Uzynlygy 1300 kilometr Garagum deryasy Turkmenistanda ykdysady we durmush ozgerishiklerinin bash zonasydyr,
Geografik taydan has gunortada yerleshishi boyunca Garagum deryasynyn zonasy gonshy Ozbegistanyn Murzecol, Garshy kanallaryn zonalaryndan ozunin agroklimatik resurslary boyunca has amatlylygy bilen tapawutlanyar. Garagum deryasynyn zonasynda yagtylygy we yylylygy has kop talap edyan ince suyumli gowaca we beyleki oba hojalyk ekinleri osdurilip yetishdirilyar. Garagum deryasynyn zonasynda yurdumyzyn ilatynn den yarsyndan kopusi yashayar.
Halkara Ykdysady Hyzmatdashlyk Guramasynyn (EKO-nyn) agzasy bolmak bilen, Turkmenistanyn goesyyasy ahmiyati barha rowaclanyar.
EKO giryan 10 dowletin ahlisinin 300 million adamdanam gowyrak ilaty bolup, olaryn umumy meydany 7960 mun kwadrat kilometrdir. Turkmenistan EKO-nyn geograik ginishliginin merkezinde yerleshyar. Onun usti bilen esasy halkara demir yol magistrallaryn (“Transaziya”, “Demirgazyk-gunorta”) we turbaprowodlaryn gecirilmegi barada birnace iri mocberli taslamalar ishlenip duzulyar.
Turkmenistanyn klimat resurslary, gun radiyasynyn yokary derejeli oba hojalygyna yaramly gunlerin kop bolmagy, klimatyn gurak we kontinentallygy bilen hasiyetlendirilyar. Tutushlygyna alanynda Turkmenistanyn agroklimat resurslary oba hojalygyny, onun esasy ugry suwarymly ekerancylygy alyp barmak ucin amatlydyr. Yurdumyzyn mineral-cig mal resurslary boyunca dunyade bay yurtlaryn hatarynda duryar. Mundan bashga-da, Turkmenistanyn territoriyasy himiki cig mallaryn, gurlushyk materyallaryn zapasyna hem bay yuert hasaplanylyar.

Prezidenti - galtaman dostumyzyňky :-)

Berdimuhammedow G.M. Ahal welayatynyn Gökdepe etrabynyn Babarap obasynda 1957nji yylda doguldy. Ol Türkmen Döwlet Lukmançylyk Institutynynyn uçurymy. Ol stomatolog karini ele aldi. 1992de ol Lukmaçylyk Istitutynyn Stomatologiya fakultedinde işe başlady. 1995 yylda Saparmyrat Türkmenbaşynyn karary bilen Saglyk Ministirliginin dişçilik bölüminin başlygy boldy. 1997-de Saglyk Ministri we Premyer Ministri nin orunbasary wezipesine 2001nji yylda bellenildi.

Paýtagty - awtory belli däl


Aşgabat (Parsça:عشق آبادفار Ashq-abad; Orsça: Ашхабад Ashkhabad), bir şäher Türkmenistan'da. Türkmenistanyn paytagty we ayratyn administratiw bölek. Welayatlar bilen den stautusy bar. 1925-nji yylda doredilip, 1930-njy yylda yatyrylyp, 1936-njy yylda yene doredildi. Meydany 20,4 mun kw km, ilaty 113,2 mun adam. Etrapda 3 shaherce, 8 geneshlik we 7 oba bar. Etrap fiziki-geografiki nukday nazardan 3 bolekden ybarat: gunorta Kopetdag, demirgazykda Gragum coli we olaryn arasynda Ahal oazisinin etraba degishli zolagy. Etrabyn in osen bolegi Ahal oazisidir. Bu oazisde yurdumyzda belli Bagyr, Koshi, Herrikgala, Gokje, Gypjak, Yasmansalak, Buzmeyin obalary yerleshyarler. Gypjak Turkmenistanyn ilkinji Prezidenti Saparmyrat Turkmenbashynyn doglan obasydyr. Hojalygyn yoriteleshdirilen ugurlary-uzumcilik, miwecilik, kartoshka, gok we bakja ekerancylygy danecilik, maldarcylyk, yenil, azyk senagatlary. Etrapda cagalar iymiti zawody, jinsi matalaryny onduryan fabrik ishleyar.

Suratlar

Türkmenistanyň prezidenti-Gurbanguly Berdimuhammedow

Kim nace ordy?

Shu wagtlykca shular. Nesip bolsa update ederin.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu yazgi ucin

  • Amanmuhammet 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Maglumatlar, yhlasyn we bu blogy acanyn ucin! Minnetdar, jigim!"

mendem hem birtopar surat

Suratlar ucin sag bolun ata aga.
Mendem hem azajyk. Mendem dalde turkmenistan.gov.tm sahypasyndan yone
suratlary sho yerden tapyp goyan men :-)

Onda suratlar


































































Telpekler (2 kisiden 6 sany)

Bu komment ucin
  • Ayechka 5 telpek goyyar we yazyar: "Super!!! Suratlaryny seredip, bir oye gaydasym geldi! "
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Bay-ba :) Minnetdar, jigim!"