Turkmen atlary (bedew)

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Gelin, shu blogda Turkmenin atlary barada yazgy yazalyn, suratlar goyalyn we pikir alyshaylyn!

Men gysgajyk oz bilyanlerimi yazayin, yone ilki tayyar suratlary goymakcy:

Ahal-Teke Atlary

Elbetde, yomut atlary hem oran tanymal bolmaly, kan bir zat bilmesemem, yone uzyn aralykda yomut atlary has cydamly bolmaly, gysgada ahal-teke atlary has yindam bolsa-da!

At ucin aydylan nakyllardan:
-Il onlasa atyny soy;
-At yigidin ganatydyr;
-Irden utranda ilki atyny gor, son atany (?!)
-Kowsam tutduryan, gacsam yetdirmeyan (ay, manysy boyuncadyr-how, son ustume cozman:)
we sh.m.

Dunyade:
1-In owadan we gysga aralykda in yindam at : Turkmen ahal-teke atlary;
2-Uzyn aralykda we cydamlylykda arap atlary;
3-Beden ululygy we yuk dashamada guyc taydan inlis atlary tanymal bolmaly.

Hazir ceshma salgylanmadym, oz eshidenlerimi ya okanlarymy yazdym.

TM-da 1-2 asyr mundan ozal, garyplara cenli her oyde 1 at bolar ekeni, a ruslar gelenden son welin, goz-gortele azalypdyr, hatda, hazir hic bir oyde yok diyiljek yagdayda az, sebabi nameka?!

Turkmenin atynyn hilini/neslini ruslar alaydymyka SSSR dowrunde?!

Bilyanlerinizi yazaysanyz!

Sag bolun!

Telpekler (4 kisiden 4 sany)

Bu yazgi ucin

  • addicted 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • mikgim 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

yadygarlyk

TM-da atlaryn shanyna yadygarlikler hem binyat edildi:

elbetde bular yaly yerlerde

elbetde bular yaly yerlerde agajan agajn yasap goyan hazynalary dadyna yetisher :-)

Bedewe bagyşlanan mukam

Bedewe bagyşlanan mukam… Ol Bedewe bagyşlanan roman… taryh, pelsepe, hemme zat…

Dokuz ýaşymda ata mündüm, şondan bärem ondan aýrylyşyp bilemok. Her münemde galkyndym, beýgeldim, her düşemde peseldim, kiçeldim. At meniň gözümde, sözümde, eserimde burum-burum tüsseläp, köräp ýanýan, adamzat ruhundan ýere damyp dörän we soňra adamzady arkasyna mündürmäge gelen buşlukçy mysaly. Ýeňşiň, buýsanjyň we merhemetiň buşlukçysy…

Şygyr, pikir, sungat adamsynyň ähli başarnygyny aty wasp etmäge ulanmagyna çydam edip bilmän we bu ýola sarp edilen ähli güýç-gaýratlara bahyl gözleri bilen garan, düşünjesi dar adamlar hem bolup biler. Gomeriň „Odiseýindäki“ baş gahrymanyna uly deňiz balykgulagyny berip, deňiz sesini diňledişi ýaly men hem bu adamlary at dünýäsine gulak asmaga çagyrýaryn. Düşünjege düşnükli bolan bolsa gerek… Ata münülmez, galkynylar, atlanylar.

Atyma münüp, şäher daşyna çykamda henize çenli ýeňlemedik derdim, aýrylmadyk gussam, öýke-kinäm bolmandy… Bu dünýäni maňa erteki ýaly edip beýan etseler, onuň altyn derwezesinden diňe atly girip giderin. Şonuň üçindir bu ýalançy dünýäde hiç bir zada rowa görmedik sözlerimi ady päk ata bagyşladym…

Münülýän haýwanlaryň içinde hiç birisi at bilen deňeşdireňde gödek ýük daşaýjylykdan başga häsiýete eýe däldir. Atdan başga, pilden eşege çenli ähli haýwanlaryň her tüýüne dürden ýasalan hünji düzseňem at bilen deňeşdirseň öli garantga ýalydyr. Ýagny, biz ýerden aýagymyzy üzüp, ata atlananymyzdan soň onuň müň dürli ýöreýşi, ýol alyşy, sanjylyp durşy, çarpaýa galyp oýun edişi — ruhumyzyň ähli künjeklerine täsir edişi bilen ol hamala biziň ýarpy göwrämize öwrülen ýalydyr. Misli ol adam bilen bütewileşene meňzär. Galam ýaly inçe aýaklaryň üstünde dünýäde iň sazlaşykly göwre, kybapdaş boýun, buýsançly baş… Soňra bu täsinlikleri örten hamala beýik soltan lybasy geýdirilen ýaly çar ýana öwüşgin atýan mele, dor, al, gara, gyr… reňkli ýukajyk derisi… Şalara mynasyp, sürmeli, elde çekilen ýaly owadan hem jümmüşinde agy-hasrat görünýän gözler… Ýeňiş baýdagynyň tugrasyny ýatladýan ýallary, gujurlylygyň nyşany guýruk…

Bu aklyňy haýran ediji beden gurluşy bilen at ynsan oglunyň işçisinden begine çenli, sportsmeninden hökümdaryna çenli berlen we olara işleriň iň gödeginden iň inçesine çenli maddy we manewi goldaw bermek wezipesini ýerine ýetirýän ylahy sowgatdyr.

Aty ne haýwanat ylmy, ne maldarçylyk, ne ykdysadyýet, ne esgerlik, ne-de sport we çapyjylyk taýdan hersinde aýratyn, hemmesinde birlikde-de düşündirmek kyn… At bu ulgamlaryň hersine bir öwüşgini bilen ornan hem öz manysy we gymmaty boýunça olardan has beýige galan janawerdir…

Azajyk suratlar



Atşynaslarymyzyň üstünligi.

turkmenpress.com wrote:

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça türkmen atşynaslarynyň ýygyndy topary, 2007-nji ýylyň Oguz aýynyň 28-i, 30-y aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Rostow şäherinde boldylar. Olar bu ýerde Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrundaky halkara at çapyşygyna gatnaşdylar. Ýaryşa gatnaşan milli atşynaslarymyz bu halkara çapyşyklarda baýrakly orunlara mynasyp bolup, şu gün paýtagtymyza dolanyp geldiler. Rusiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrundaky halkara at çapyşygyna Garaşsyz döwletleriň arkalaşygyna girýän ýurtlaryň ählisinden diýen ýaly köp sanly ussat atşynaslar, çapyksuwarlar gatnaşdylar. Halkara at çapyşygynda dürli aralyklar boýunça jemi 7 çapyşyk geçirildi. Bu çapyşyklara arassa ganly ahal-teke atlaryndan başgada, arassa ganly iňlis, arab atlary, Rusiýanyň budýonnyý tohumly atlary we garyşyk tohumlardan bolan ýarym ganly atlar gatnaşdyryldy. Olar hersiniň öz ugry boýunça aýratynlykda bäsleşdiler. Biziň ýygyndy toparymyzyň atşynaslary ýaryşyň 6-njy çapyşygynda jemi 13 baş bolup, 1800 metr aralyga geçirilen bäsleşige gatnaşdylar. Halkara ýaryşyň 3-nji ornuna mynasyp bolan “Şahymerdan” diýen ajaýyp bedewimize ýaryşyň hormatly baýragy gowşuryldy. Şeýle hem bu ýaryşa gatnaşan ajaýyp bedewimiz bolan “Gammar” bolsa 5-nji baýrakly oruny eýelemegi başardy. 6-njy çapywdaky ahal-teke atlaryň ýaryşy bu ýere gelenleriň ählisi tarapyndan uly şowhun bilen garşylandy. Elbetde arassa ganly ahal-teke bedewleri bütin dünýäniň atçynaslarynda we atjanköýerlerinde uly gyzyklanma döredýär.
Ceshme: turkmenpress
Sep: http://turkmenpress.com/?news=738

saglygynyz

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • GaraDag 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

sag bol, Agajan!

sag bol, Agajan!

Iň birinji surat gaty

Iň birinji surat gaty owadan ekeni :)
Türkmeniň baýlygy şol suratda :D
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

hawa menem ozume gocurip

hawa menem ozume gocurip aldym shol suraty :D

eshidishime gora

eshidishime gora arada moscow'da bir yil bolan bolup biler milliarderlerin sergisi bolupdyr shol yerdede ahaltekin(ahal teke)atam bar ekeni shol wagtdada dunyanin (en eski soylarindan )at diyip gechyardi gazetlerde(turkmenche nadip yazjagymy bilmedim), sonam bahasam 1 million dollara chenli uzanyar diyyardiler.Menem barde gazetlerde okadym:)

At yigidin yoldashy:))

At yigidin yoldashy:))

Munsen at, alsan ayal

Munsen at, alsan ayal :D
saglygynyz

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • addicted 1 telpek goyyar we yazyar: ":))))))))))))))))))))))))))))))))))))))))))))))),=)))"

Hazir ata aga bir gelsin..

Hazir ata aga bir gelsin.. Sana kayyar:))

Gadyr aga, indiki

Gadyr aga, indiki yetginjeklere zat diyip bolanog-a, ozune yrsarap durlar, gizlin gulagyndan cekeris-da :)

ay, garagol tm yigitlerinin sozudir-da :)

TM-dede TR-dede ata münüp

TM-dede TR-dede ata münüp gördüm yöne bizin atlar gaty beyikmi namemi özüni bürgüdin depesinde yaly duyyan:)
bardakilera pes yaly birem gowy seredenoklar ysy erbet:(

......................buda geçer.......................

bu tayda ata munup gormedim

yone tm dakam kop munyadim.bizin bir garyndasyn aty bardy hatta at surusi :)
bay ylgadyadymoww!!! :)

bah

sapphire wrote:

yone tm dakam kop munyadim.bizin bir garyndasyn aty bardy hatta at surusi :)
bay ylgadyadymoww!!! :)

bay-bah, ol nahili beyle bolyar-ayt, oran gen galdym!
Has takygy, begendim!
Ozum bir kolhozyn sygyr copanynda goremson uly d/b-mizde :)

tm'de kabir atlary adama

tm'de kabir atlary adama seredişlerinden hem gowy seretyaler öydyan..
her gün yuwyp, gowy iymitleri berip..

hany

on sovet dowrunde at soylup satylyamyş...
şolar barada bilenleriniz yazsanyzla?!!

eşiden zadyma dal

eşiden zadyma dal welin...
gazaklar bilen gyrgyzlar at etini iyyar ekenler

......................buda geçer.......................

başgada

Ahal-teke we Yomut atlaryndan başgada Garabayyr atlary bolmaly. Olaram Türkmenin aty.

"Il onlasa atyny soy!"

Agam yokardaky nakyl edip at uchin aydylan dal bolaymasa! Men pikir edishime gora ol nakyl bir ish edeninde maslahatlashyp etmek barada. "Atyny soy-" belki-de nakylyn chykan dowurlerinde (nakyllaryn belli bir chykyan wagtynyn yokdygyny menem bilyan yone diyjek bolyan zadym irki dowurlerde)dunye gozi bilen gorup duran baylyklarynyn chur depesi bolany uchin sheyle diydilermika diyyan. (yalnysh gozlap yoremok yone sylayan adamlarymyn sawlik goybermeklerini kabul edip bilemok:) )

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Goshulyaryn, jigim, minnetdar!"

ay, jigim, senem gozlegin

ay, jigim, senem gozlegin menin sawliklerimi :)
al sana bir telpek, yalnyshymy tapanyn ucin!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

yalnishlar

ay agamjan sen yalnyshlanny gozlap yoren yaly etmeseno hoow! men yone gozume ilisheni uchin yazayayin diydimlay..

bah, telpek zat dagyn hem

bah, telpek zat dagyn hem beraymandir-da, hayt, garagol :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Hawa SSSR dowrunde atlary

Hawa SSSR dowrunde atlary soyyarlar ekeni,okuwdakam bir roman ya-da hekayada bardy sho barada.bir gowy aty sheyle prikaz geleni uchin soyyarlar.a hazir bolsa atlara gowy seredyarler oydyan.her kimde at bolup bilmeyar,sebabi bahasy gymmat birem kop kisha geregem dal.

Menem sheylerak eshitdim,

Menem sheylerak eshitdim, wii hemde ongurak ishden gelyarkam ongumden kakam chykypdyr, onsong shonda mashynly oye gelyarkak bir uly mashynyng ichin atlary bir yere alyp baryan ekenler, menem kakamdan soradym: "At chapyshygyna alyp baryarlarmyka" diyip, kakamam: "ay yok, at chapyshyk bolanok, et zawodyna alyp baryandyrlar, olaryng etinden kalbasa yene bir zatlary yasayarlar" diydi welin bir gownum agyrdy shol atlara, nahili owadan jandarlar. Baryp shol mashynyng ongunde durasym geldi... :( Belki ol yalngysh bolsunda, olary bakmana alyp baryan bolsunlardaa!!!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Mende-de bolyar sheyle

Mende-de bolyar sheyle jandar-soyer wakalar..:)

Kerim agadan...

...BEDEWLER MODADAN GAÇÝAR diýýärler
Beýle zada ýol berilmez hiç haçan.
Modadan gaçsa-da, bedewler däl-de,
Bir topar eşekler
Modadan gaçar.

At planyn
öwrüp et planyna,
Bedewleri ete tabşyran nadan,
Indi ne-hä athananyň ýanynda,
Ne-de öz postunda görner ýaňadan.

Bedewleriň ete berilşi hakda
Obalaň birinde bolan ýygnakda,
Segsen bäş ýaşynda (ilkinji gezek!)
Tribuna çykanmyş Gulmyrat Akga.

Şonda şeý diýipdir Gulmyrat ata:
“Kimde-kim ýene-de kast etse ata,
Olaryň özlerin tabşyrys ete!”...
Elbetde, azajyk geçse-de öte,
Örän hak aýdypdyr
Gulmyrat ata...

Bedew entek-entek çarpaýa galyp,
Gider, asyrlaryň çuňlugna gider.
Dünýä gözellerni aňk etse bili,
Mert bakyşy
mert ärleri aňk eder.

Dünýäde hiç haýwan deňeşip bilmez
Onuň AKYLY hem EDEBI bilen.
Dünýäň mallaryndan bir Döwlet düzseň-
Prezidenti TÜRKMEN BEDEWI bolar...

Ikinji Jahan Urşunyn,

Ikinji Jahan Urşunyn Moskvadaky yeniş gutlamalarynda, Gyzyl Armiyan in önünde beyik Marşal Jukov, "Arab" atly Ahalteke atynyn üstünde parada gatnaşyar. Çeşme üçin basyn >>>

---
DON'T WORRY, BE HAPPY!

"Tebigat beripdir saňa bir ajaýyp gözellik"

Annaberdi Atdanowyň "tebigat beripdir saňa bir ajaýyp gözellik" diýýän setirlerini ýatlatýan kadrlar.








Telpekler (4 kisiden 8 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 4 telpek goyyar we yazyar: "yaman gowy , gaty gowy , oran gowy"
  • ata 2 telpek goyyar we yazyar: "Berekellah we minnetdar!"
  • Mergen 1 telpek goyyar we yazyar: "Owadan suratlar!"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "gaty gowy!"

Bulary kim surata dushurdika

Bulary kim surata dushurdika ?? HQ'sini nireden alyp bolyar ?

Türkmen bedewleri barada

Türkmen bedewleri barada öý iş alanlar gözleg geçirip, bärä düşerlermikä diýýän :)

Gowja maglumatlar bar bärde. Entägem goýjaklar tapylyp biler :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

http://www.facebook.com/edita

http://www.facebook.com/editalbum.php?aid=112999&id=43566934822#/album.php?aid=112999&id=43566934822&ref=mf

Mestana ýorinçäň gaýry ýurdunda,
Önüp ösen ýurduňdan aýrylma.
Magrur käkilik deý nebsiň ugrunda
Dama düşüp ganadyňdan aýrylma.