Terjimesi agyr düşen hekaýa - Eje mähri

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!
Yene bir hekayanyn terjimesini sizin bilen paylashayin diydim, ynha:
Eje mähri
Kiçijek çagajykdy. Yrakda bir şäherde ýaşaýardylar. Mekdebe ýaňy-ýakynda gidip başlapdy. Onuň ejesi hem maşgalasyny dolandyrmak üçin mekdepde aşçy bolup işleýärdi, sebäbi ýanýoldaşy söweşde wepat edipdi. Onuň ýeke gözi bardy. Çagasy bu ýagdaý sebäpli örän utanýardy we ejesi bilen bile görünmek islemeýärdi.
Bir gün ejesi ogluny görmek üçin synplaryna geldi. Şonda ogly örän utanypdy. Synpdaşlary oňa ejesiniň bir gözüniň barlygyny aýdanlarynda, ýere giräýjek bolýardy. Ol ejesine gaýdyp gözüne görünmezligini aýdypdy şol wakadan soňra.
Ol örän köp çalyşyp, Singapurda bir üniwesiteti gazanypdy we ol ýere okamaga gidipdi. Örän oňat netije bilen gutaryp, örän oňat ýerde-de işe başlapdy. Öýlenipdi we çagajyklara eýe bolupdy.
Bir gün ejesi ogluny görmäge gelipdi. Gapyny açan agtyklary oňa gülüpdiler. Ogly bolsa ýene oňa özüni görmäge gelenligi üçin gygyrypdy we kowupdy. Ejesi bolsa öýi ýalňyşyp gelenini bahanalap, örän gamgyn aýrylypdy ol ýerden.
Bir gün ogluna çakylyk gelipdi, uçurymlar güni bellenýärdi we ol hem çagyrylypdy. Aýalyna iş bahanasy bilen Yraga gidýänini aýdyp, oturlyşyga gatnaşypdy. Bir bahana bilen öňki öýlerine hem gidip göreýin diýip, köräneje we çalam-çaş bolup duran öýlerine barypdy. Oňa goňşulary ejesinden bir hat berdiler, hatda şeýle ýazylýardy:
“Salam oglum! Seniň işdäki başarnyklygyna guwanýardym. Uçurym oturlyşygyna gelýäniňi eşidip, örän begendim, ýöräne men bu hassa halym bilen seni görmek üçin ýerimden hem turup bilmäýmesem diýip, örän gorkýaryn!
Bilýärmiň, oglum, sen kiçijekkäň pyçak bilen oýnap, gözüňi ýitiripdiň. Seniň şol ýagdaý boýunça ömür boýy utanyp gezmegiňe eje ýüregim çydam edip bilmezdi. Men öz gözümiň birini saňa berdim. Bu ýagdaýa, ýagny, seniň ýene-de iki gözüň bilen ýaşap başlanyňa diýseň guwanyp gezdim. Soň bolsa gijämi gündiz edip, senin mekdepde okamagyň üçin, birnäçe ýerde saçymy sübse edip işledim, elbetde, bu ýagdaýlary saňa aýtmadym.
Singapura gelip, çagalaryň ýanynda seni gynandyranym üçin, şu wagta çenli seni gynandyran we ynjydan bolsam, meni bagyşlamagyňy dileýärin, oglum! Hakyňy halal et!
Hemişekisi ýaly, iň oňat arzuwlarym we mährim bilen, ejeň!”
Eje mähri şeýle bolsa, onda Biribaryň bendelerine bolan mährini özüňiz pikir edip görüň!
Hz.Ebu Hureýre(r.a.) Pygamberimizden (SAW) şeýle hadys aýdypdy:
“Allah öz rehmetiniň yüzde bir bölegini bütin jandarlara paýlady. Şol mukdar boýunça haýwanlar hem öz çagalaryny gorap, öz aralarynda düşünişip ýaşaýarlar. Galan yüzde togsan dokuz bölegi bilen bolsa, bendelerine şepagat we merhemet edýär. “
Pygamberimiz bize Biribaryň ilki Özüne, soň ilçilerine, soň ejelere, soňra bolsa kakalarymyzaa boýun egmegimizi emredenini aýdypdy.
Ýene bir gezeginde bir sahaba gelip Pygamberimize:”Ey, Allanyň Resuly, men kime seredeýin?!” diýip sorapdy. Pygamberimiz:
-Ejeňe!
-Ondan soňra kime seredeýin?!
-Ejeňe!
-Ondan soňra kime seredeýin?!
- Ejeňe!
-Ondan soňra kime seredeýin?!
Kakaňa!”
Diýip jogap beripdi.
Başga bir hadyslarynda bolsa, “Jennetiň eneleriň aýaklarynyň aşagyndalygyny”, ýagny, jenneti gazanmak üçin, jennet açarlary öz ellerinde bolan ejeleri razy etmelidigimizi aýdypdyr.
Hemmamiz ucin ene-atalarymyzy her iki dunyade razy etjek yagdayda yashamak dilegi bilen!

Telpekler (3 kisiden 7 sany)

Bu yazgi ucin

  • Dunya. 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Hayish boyunca :))"
  • el_mariachi 1 telpek goyyar we yazyar: "ejeme jan edeyinle..:D"
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

yazyp yazmakam eyyam telpek

yazyp yazmakam eyyam telpek goyyarsyn-la, Gadyr aga:)
minnetdar!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Sunk edipsiniz ata aga..:)

Sunk edipsiniz ata aga..:) Tuweleme:)

Guchin name diymegay? Yaman

Guchin name diymegay? Yaman kop yerde bar ol soz.... Bolasy sawlik:)

nirede bar-a ol soz, men-a

nirede bar-a ol soz, men-a gor,edim, quote etsene, Gadyr aga!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

sagja bol agam .. yene şuna

sagja bol agam
..
yene şuna menzeş heaya:
...

bir çaga gulaksyz dogyar....wakalar ...wakalar...

in sonunda çaganyn ejesi olende kakasy ogluny yanyna çagyryp,ejesinin saçlaryny gulak tarapyndan ayyryar , seretseler ejanin gulagynyn biri yokmuşyn,
kakasy:seret oglum sana aydyp bilmen yorduk
sen gulagyn biri yokdy,ejen gulaklarynyn birini bermegi kabul etdi,hem sana ansat düşjekdi hem ejen saçlary gulagyny yapjagy üçin gynanman gulagyny sana berdi...
..
yaly men gaty gysgaltdym
:D

......................buda geçer.......................

Hehe:) Son buruna zada

Hehe:) Son buruna zada gechip gidiberme Anna!!:)

Quote: Eje mähri Kiçijek

Quote:

Eje mähri

Kiçijek çagajykdy. Yrakda bir şäherde ýaşaýardylar. Mekdebe ýaňy-ýakynda gidip başlapdy. Onuň ejesi hem maşgalany dolandyrmak üçin mekdepde aşçy bolup işleýärdi, sebäbi ýanýoldaşy söweşde wepat edipdi. Onuň ýeke gözi bardy. Çagasy bu ýagdaý sebäpli örän utanýardy we ejesi bilen bile görüçinmek islemeýärdi.

Bir güçin ejesi ogluny görmek un synplaryna geldi. Şonda ogly örän utanypdy. Synpdaşlary oňa ejesiniň bir gözüçiniň barlygyny aýdanlarynda, ýere giräýjek bolýardy. Ol ejesine gaýdyp gözüçine görüçinmezligini aýdypdy şol wakadan soňra.

Ol örän köp çalyşyp , Singapurda bir üçiniwesiteti gazanypdy we ol ýere okamaga gidipdi. Örän oňat netije bilen gutaryp, örän oňat ýerde-de işe başlapdy. Öýlenipdi we çagajyklara eýe bolupdy.

Bir güçin ejesi ogluny görmäge gelipdi. Gapyny açan agtyklary oňa gülüpdiler. Ogly bolsa ýene oňa gygyrypdy, name üçin özüçini görmäge gelenini sorap we kowup. Ejesi bolsa öýi ýalňyşyp gelenini bahanalap, örän gamgyn aýrylypdy ol ýerden.

Bir güçin ogluna çakylyk gelipdi, uçurymlar güçini bellenýärdi we ol hem çagyrylypdy. Aýalyna iş bahanasy bilen Yraga gidýänini aýdyp, oturlyşyga gatnaşypdy. Bir bahana bilen öňki öýlerine hem gidip göreýin diýip, köräneje we çalam-çaş bolup duran öýlerine barypdy. Oňa goňşulary ejesinden bir hat berdiler, hatda şeýle ýazylýardy:

“Salam oglum! Seniň işdäki başarnyklygyna guwanýardym. Uçurym oturlyşygyna gelýäniňi eşidip, örän begendim, ýöräne men bu hassa halym bilen seni görmek üçin ýerimden hem turup bilmäýmesem diýip, örän gorkýaryn!
Bilýärmiň, oglum, sen kiçijekkäň pyçak bilen oýnap, gözüňi ýitiripdiň. Seniň şol ýagdaý boýunça ömür boýy utanyp geznegine eje ýüregim çydam edip bilmezdi. Men öz gözümiň birini saňa berdim. Bu ýagdaýa, ýagny, seniň ýene-de iki gözüň bilen ýaşap başlanyňa diýseň guwanyp gezdim. Soň bolsa gijämi güçindiz edip, senin mekdepde okamagyň üçin, birnäçe ýerde saçymy sübse edip işledim, elbetde, bu ýagdaýlary saňa aýtmadym.
Singapura gelip, çagalaryň ýanynda seni gynandyranym üçin, şu wagta çenli seni gynandyran we ynjydan bolsam, meni bagyşlamagyňy dileýärin, oglum! Hakyňy halal et!

Hemişekisi ýaly, iň oňat arzuwlarym we mährim bilen, ejeň!”

Eje mähri şeýle bolsa, onda Biribaryň bendelerine bolan mährini özüňiz pikir edip görüň!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Telpek senki, Gadyr aga! Sawliklerimi tapanyn ucin!"

Me sana ata aga!! Dine ol

Me sana ata aga!! Dine ol sawlikler dal beylekilerem sypdyralndyr bagyshlarsynyz-da:)

PS: ashchy - ashpez

Ong bu barada Bayram uchumiz gowy edip gurleshipdik oydyan.. Hehe:)

Hawa, indi gordum,

Hawa, indi gordum, minnetdar, Gadyr aga!
Ol sawlikler sheyle boldy diymek:
bashda yazamda ansat bolsun diyip, "bilen=bn", "oran=on" we "ucin=un" yazyp, sonam "CTRL+H" bn uytgedipdim, diymek shondan emele gelipdir, hazir duzedeyin olary!

ashcy bolsa, ashpezden has yakymly gelyar mana, has Turkmence gorunyar, ashpez TM dili kada-kanunlaryna-da layik dal!

calyshmak bolsa, TM dilinde hem bar, shol manyda ulanmak ucin! Ozun kamahal yalnyshyan bolayma :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Quote: ashpez TM dili

Quote:

ashpez TM dili kada-kanunlaryna-da layik dal!

Kitap name turkmen dili kadalaryna layikmy:)

dal, yone ashcy has yakymly

dal, yone ashcy has yakymly :)
ashpez dal!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Bah indi yakima gora-da:) Ay

Bah indi yakima gora-da:)

Ay bolya men yenildim..

hawa:) sawlikler duzedildi,

hawa:)

sawlikler duzedildi, minnetdar, Gadyr aga!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ata aga

Ata aga kop sag bolun yaman gyzykly Turkmen yazyjysyny yazmasy agyr dushen goshgysyny yatladyar

Hawa, Mahri, jigim, men hem

Hawa, Mahri, jigim, men hem shony yatlap, mowzuk adyny secdim-da, minnetdar, jigim :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

hmm

indi butin hekayalary toplap bir kitap cykaraymaly etdinizoww turkmence.aslynda govy pikir dogry dalmi??
tm olimpiad gaznasyndan dur daneler diylip yaazylsa govy bormuka yada başgaça !?? hany aydynda..

Aziz, jigim, senin teklibini

Aziz, jigim, senin teklibini men ozalam 2-3 yerde teklip edipdim, elbetde, oran onat bolar sheyle bolsa!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"