Jogapkärlik

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Jogapkärlik

Ýaňy Halypanyň halkyna bolan hyzmaty atly blog açypdym, şoňa laýyklykda size bir ýagdaýy aýtmakçy:

Tä Pygamberimizden bärik beýik şahsyýet bolan halypadyr padyşalar, syýasatçydyr prezidentler öz halkyny öz maşgalasyndan köp pikir eden wagty, umumy halk has oňat ýagdaylara eýe bolupdyrlar. Özleri hem öz durmuşllarynddan şat we razy bolup ýaşapdyrlar. Ölüme-de gülüp seredipdirler, özlerini hemişe hasaba çekip, ahyrete özlerini taýýarlapdyrrlar. Muňa mysal hökmünnde, başda ýene Pygamberimizi, soň halypalaryndan: Hz.Ebu Bekir, Hz.Ömer, Hz.Ömer b.Abdulaziz, Hz.Harun Reşid,...; Beýik Seljukly Imperiýasynyn padyşalaryndan: Mälik Şa, Alp Arslan Şa, Togrul Beg,..., Soltan Sanjar; Osmanly Imperiýasynyň padyşalary: Ertugrul Gazi, Osman Şa, Orhan Şa,..., Fatih Soltan Mehmet Şa, Yowuz Soltan Selim Şa, Kanuny Süleýman Şa,....; soňky asyrdaky prezidentlerden Turgut Özal(?!) we ş.m. başarnykly bolupdyrlar. Halk we olaryň başyna geljek serkerde barada Pygamberimizin bir hadysy bar:
“Siz nähili bolsaňyz, şeýle-de bir serkerde size baş bolar!” diýen manyda. Ynha, şu hadysa görä häzirki prezidentimiz hem edil Türkmen halkyna görä laýyk bir serkerde.
Edýän işleri bilen tanaldy has köp, gepleýän sözleri bilen däl! Bu babatda “1000 gepden 1 amalyň has täsirlidiigine ymykly göz ýetirip, Türkmenistany ýokary orunlara galdyrmak üçin ymtylýan we plandyr programma bina edýän prezident diýseň hem boljak. Ýöne halkyň käbir bölegi ony öwüp, arşa galdyrjak bolýar. Bu ýagdaý bolsa, elbetde, hiç öwerlikli ýagdaý däl. Suratdyr heýkelleri dikilse, olam hiç gowy ýagdaý däl!

Garaz, pygamber öwgüsine we hadysdaky buşdulygyna (hem buşdulyk, hem emir, hem-de sapak(ikaz)) laýykk serkerde bolmaga synanyşmaly!

Başga bir ýagdaý bolsa, her kim öz maşgalasynyň jogapkäri, her mugallym öz synpynyň, her daşary yurtda okaýan talyp öz watanynyň jogapkäridir we ş.m. Şol sebäpli, her kim özüne bu babatda düşen zatlary oňat bilip, kabul edip, olary iň oňat ýagdaýda amal etmäge synanyşmaly. Talyp okuw taýdan iň ýokary orunlara mynasyp bolup, watanynyň adyny hemme milletlere duýurmaly, maşgala jogapkäri bolan ene-ata öz çagalaryna gerekli ynanç we ylmy öwredip, her iki älemde-de hadys yşygynda Jennetden bir bakja bolmaly, mugallym öz okuwçylaryna iň oňat ýagdaýda bilim we ahlak taýdan terbiýe berip, öz döwletiniň öz talyplary bilen ösmegini islemeli we bu babatda gaýrat göörkezmeli, prezident hem öz halkynyň her bir gatlagy barada, olarryň mätaç bolan zatlary barada, ddöwletiň ykdysadyýetti we ş.m. barada öz üstünne düüşeni laýygy bilen ýerine ýetirmelidir!

Hemme jogappkärler üçin öz jogapkärçiliklerini iň oňat ýagdaýda ýerine ýetirip bilmeklerini dilemek bilen!