Kerim Gurbannepesow

Wesyetler boyunça
Çagakak “Ağlamak utanç” diydiler.
Jahylkak “Aldamak utanç” diydiler.
Şeydip endik etdik ağlamazlyğa.
Şeydip endik etdik aldamazlyğa.

Diydiler: “Köplükde gägirmek ayyp”.
Diydiler: “Köçede sygyrmak ayyp”.
Diydiler: “Meylisde geçmänkäñ töre
Hakyñ barmy törüñ özünden sora”.

Yene-de diydiler: “Ulalyp yaşyñ
Garaja gyl bilen basyrlar döşüñ”
“Döşüñe bityänçä şol gyl diydiler.
Günäñi geçerler, ogul!” diydiler.
“Döşüñe bitensoñ şol gyl diydiler,
Döşüñe mynasyp bolgun diydiler.”

Diydiler: ”Dünyäde nämedir gyt zat?”,
Üç gezek diydiler: “Ussat! Ussat! Ussat!”
“Naçe gyt bolsada ussat diydiler,
Çyn şägirt ondanam gyt zar diydiler ”.
“Öwrenip ilkinji harpy – diydiler,
Gomalar şägirdiñ galpy! ” diydiler.

Yene –de diydiler: "ulamy kiçä
Öljegñi bilseñde yalbarma kişä! "
“Diñe bir adama yalbar!” diydiler.
Onuñam adyna dilber diydiler.
“Ayyp däl näzini çekmek diydiler
Nazden yüzün sowan - akmak ” diydiler.

“Yene iki merde yalbarmak bolar-
Diydiler ene hem atadyr olar”.
“Ataña yalbarsañ galkynar ruhy”
“Eneñe yalbarsañ kemeler ahy”
“Kim etse şolara tagzym – didiler,
işi rowaç yaşy uzyn diydiler! “

...Yene de kän edepleñ tutdular adyn.
Diydiler: “Gabanma özgäñ şöhratyn!”
“Gabanma zehiniñ ezelliğini!”
“Gabanma öz jorañ gözelligini!”
“Gabanma öz äriñ gerçekliğini!”
“Gabanma öz gelniñ alçaklyğyny!”
“Ne näzlerin, ne de sözlerin gaban,
Diñe oynaklatsa...
Gözlerin gaban!”

Diydiler : ”Erkekden belenttir ayal!”
“O nämüçin ?” diyip berdiler sowal.
Jogabyn berdiler: “Gutaryp ömrüñ
yagty dünyä hoşlaşsañ bir gün-
Ayal är ojağyn saklar – diydiler,
Söygüñü müñ kerem saklar!” diydiler.
“Çagalaryn iydir, geydir – diydiler,
Şeydip yaş ömrünü köydür!” diydiler.

“ Emma beydip bilmez erkek – diydiler,
Bu babatda pesdir entek!” diydiler.
“Altmyşdan, temişden geçse de Saly
Gözlerin yumdumy eziz ayaly –
Yatdan çykyp wepa ygrar – diydiler,
ikinjiñ gözlegne ylgar!” diydiler.

... Diydiler, diydiler, diydiler kän zat.
Käbirisi añsat.köpüsü kyn zat.
Añsadyn – hemmeler başar – diydiler,
Kynyn başarmakda iş bar – diydiler.
Kyn hem bolsa,
Şudur wesyet – diydiler.
Diñe kyn zat -
Şol mukaddes! – diydiler

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • GaraDag 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Gaty gowy goşgy. Şu wagtky

Gaty gowy goşgy.
Şu wagtky populýar temalara degişli bölegi

Quote:

Diydiler : ”Erkekden belenttir ayal!”
“O nämüçin ?” diyip berdiler sowal.
Jogabyn berdiler: “Gutaryp ömrüñ
yagty dünyä hoşlaşsañ bir gün-
Ayal är ojağyn saklar – diydiler,
Söygüñü müñ kerem saklar!” diydiler.
“Çagalaryn iydir, geydir – diydiler,
Şeydip yaş ömrünü köydür!” diydiler.

“ Emma beydip bilmez erkek – diydiler,
Bu babatda pesdir entek!” diydiler.
“Altmyşdan, temişden geçse de Saly
Gözlerin yumdumy eziz ayaly –
Yatdan çykyp wepa ygrar – diydiler,
ikinjiñ gözlegne ylgar!” diydiler.

Hmmm... edil şol babatda, hakykatdanam, aýal erkekden belent! Dogry sözler...
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

yagty dünyä bilen

Quote:

yagty dünyä hoşlaşsañ bir gün-

yagty dünyä bilen hoşlaşsañ bir gün bolsa has gowy bolayjak yali:)

Hava, shol yerini Kerim

Hava, shol yerini Kerim aga-da bosh goyan daldir, "bilen"
bolaymaly anyrda, yogsa kapia bozulyar...

yagty dunya bilen

yagty dunya bilen hashlashan gunung bolmaly hakykysy
:) men goşgyny doly yatdan bilyardim heheheheh:)

Elde galam-keserim bar,
Yurekde ot-heserim bar,
Yazylmadyk eserim bar,
Chalarma bashym! Chalarma!

chyndanam sizin bellan

chyndanam sizin bellan yeriniz hasam yerlikli.goshgyn ozem gowy yazylypdyr

Bütin oba garaşyp

Bütin oba garaşyp dur.
yola bakyar hemmeler.
Atasy pyşyrdayar:
“Geler. Geler. Geler”.

Gelnejesi pyşyrdayar:
“Gelermikä? Kim biler...”
Atasy göwünlik beryär:
“Geler-le... hökman geler”.

Gök toraňňyň sayasynda
yüzläp adam dymyp dur.
Çekizeli ak haltadan
Turşy damja damyp dur.

Yygnanyşdy babadaşlar,
Içginler hem daşgynlar.
Ne signal bar, ne şowhun-
Dymyşyp dur maşynlar.

Geldi dürli maşynlar -
Gyzyl, sary, yaşyl, ak.
Geldi garaşylmayanlar.
Garaşylyan gelenok.

Göyä pikir hem etmän
Bu gürrüňler babatda.
Ak guş kimin irkilip,
Ene yatyr tabytda.

Göterlerne garaşyp dur
Köpi gören agaç at.
Ene yatyr üstünde
Giň maňlayly,
Agajet.

Şol enäniň ogluna
Garaşyp dur hemmeler.
Geldi tanyş, nätanyş -
Geldi şondan öňňeler.

...Ol henizem gelenok.
Meger, häzir yoldadyr.
Iň söygüli ulagy
Samolyot däl, “Wolgadyr”.

yöne weli uçuryandyr
Samolyota deňeçer.
Şondan yza-ha galmaz,
Oňarsa öňe geçer.

Ol henizem gelenok...
Meger, häzir yoldadyr.
ya-da iki eli hem
Ullakan stoldadyr.

Tüweleme, uly adam
Bolup gitdi indi ol.
yaňy bolsa has ullakan
Bir stula mündi ol.

“Sypaymasyn birden!” diyip,
Oturandyr yapyşyp.
Owadanja gelinler
Çay çekyändir çapyşyp.

Üytgeşikdir öňündäki
Kişmiş, kemput, şokolad.
ya gök çayyň humaryna
yazyandyr bir doklad.

yok, yok, özi doklad yazmaz,
yazyandyrlar başgalar.
yaranjaňlar her sözüne
Ellerin çarpyşarlar.

Ol bolsa özi yazyan dek
Gülümsirär, yylgyrar.
yazanlar onuň deregne
Utanjyrar, yygrylar.

Yigrimi yyl mundan ozal
Gutarypdy bir WUZ-y.
Ony oňa gutardan hem
Tabytdaky ezizi.

Güyzde pagta yygypdy.
Gyşda körek çöpläpdi.
“Oglum ullakan okuwda!”
Buysanç bilen gepläpdi.

Howdan gurdy, gazy gazdy
Laya batyp dyzyndan.
yygnanjasyn lükgeläp
Ibererdi yzyndan.

Ogly üçin ak mütgelden
Bir haltajyk tikindi.
Üçlügini, manadyny,
Şayysyny, köpügni-

Artdyranja puljagazyn
Atdy şonuň içine.
Şeyde-şeyde kyrk yaşynda
Ak çozupdy saçyna.

Ogly okuwyn gutardy.
Ene dertläp yykyldy.
Ol şonda sypap otyrdy
Bir gözeliň çokulny.

Dakyardy enäň pulundan
Her barmagna bir yüzük,
Gulagyna teneçir,
Bilegine bilezik.

Söyüşdi, gujaklaşdy.
Paytagtdan jay tutundy.
...Enesinden utanmady,
Ene ondan utandy.

Ene käte paytagta
Gezmäge gelen wagty,
Gelni diydi: “yok etsene
Bu porsy garabagty!”

Ogly diydi: “yakymsyz
Ysyň bar-la, jan eje.
Bu eyyamda arassa
Bolmaly myhman, eje!”

Ene diydi: “Wah, jan ogul,
Her niçe porsasak-da,
Ulalansyň, yetişensiň
Şu porsuja gujakda...”

Soňra bolsa uzak gije
yorganynda aglardy.
Daňyň atarna mähetdel,
Otla tarap ylgardy.

...Şeyde-şeyde günler ötdi,
Aylar ötdi nobatly.
Edeni şowuna boldy.
Durmuş ony aynatdy.

Her sözünde bir oyun,
Her elde bir desmaly-
Bir yyl bäri saklap otyr
Has uly bir stoly.

Bu gün bolsa enesi
Amanadyn tabşyrdy...
Gelen telegrammany
Stolunda yygşyrdy.

Ony ayalyndan başga
Görkezmedi hiç kime.
Är-heley karara geldi:
“Barsak bor-la üçüne!”

...Bütin obaň gözi yolda.
Garaşyp dur hemmeler.
Atasy pyşyrdayar:
“Geler, geler, geler”.

Gelnejesi pyşyrdayar:
“Gelermikä! Kim biler!”
Ene-de misli gozganyar:
“Geler balam, geler, geler.”

Onyança-da
“Gelyär!” diyip,
Ardyndy bir yaşuly.
Göründi yaşyl meydanda
“Wolgalaryň” yaşyly.

“Geler diydim ähbeti!”
Bir dayandy atasy.
Gara-köyük yüzüniň
Artyp gitdi yagtysy.

Onyança-da yaşyl “Wolga”
Aşak indi yapydan.
Geljek adamyň deregne
Şofyor çykdy gapydan.

“Şu gün gelip biljek däl.
Gyssagly bir iş çykdy...”
Birden ataň gözlerinden
Iki çogdam yaş çykdy.

Yetmiş yaşyň içinde
Aglamadyk ol goja,
Gözyaşyny süpürdi-de,
Bir yylgyrdy çalaja.

Ol yylgyryş ömürbaky
Çykmaz meniň yadymdan.
Beyle ayylganç yylgyrşy
Görmändim men adamda.

...Göterdiler enäniň
Ak guş yaly tabydyn.
yaz şemaly ykjatdy
Üstündäki mawudyn.

Salladylar çukura
Ak saçly bir dünyäni.
Içki öyüň gapysyna
Eltilende enäni -
K. Gurbannepesov
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

:))


:))

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • monte_kristo 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazypdyr! Berekella!"

“Ayyp däl näzini

“Ayyp däl näzini çekmek diydiler
Nazden yüzün sowan - akmak ” diydiler.

Bujagaş yerem bize degişli:)

......................buda geçer.......................

URRAAAAAAAAA!! hemme

hemme erkeklere şu goşgyny okatmaly :))

esasy hem bayram agan we el_mariachinin bellan yerlerini :))

Haha...Bu gyzjagashyn

Haha...Bu gyzjagashyn begenayshini :)))
Yone Bayram aganyn bellan yeri gyzlara degishli dal,
ol gelinlere degishli hasiyet, gyzlar ona chenli 100 gorgi gormeli :))

Naz hem belli bir yere chenli bolmalymyka diyyan, suvuny chykartmaly bu ishin...

Atasynyn yylgyryshyny

Atasynyn yylgyryshyny goresim gelaydi birden.

BraveHeart filminde, William Wallace bratoga donuklik edenlerinde, on yuzundaki yylgyrysham yaman erbet edip tasir edyar adama. Bir atlyn shlemyny chykaryar welin, olam oz adamy chykayyar; ana shol kadrda yaman erbet edip yylgyryar Wallace.

---
DON'T WORRY, BE ZORRY!

eeeeeeeee aranyzda Kerim

eeeeeeeee aranyzda Kerim aganyn "senin gyz wagtyn menin yigit wagtym" diyen goshgysyny bilyan yokmay yazsynla barik shony gayrat edip

Çeşme: K.Gurbannepesow:

Çeşme: K.Gurbannepesow: "Oýlanma baýry"

Gaññalyñ oýunda-Tejende galdy
Meniñ ýigit wagtym,seniñ gyz wagtyñ
Okgeçmez ýylgynlañ içinde galdy
Meniñ ýigit wagtym,seniñ gyz wagtyñ

Bir ýandan uruşdy,bir ýandan hasrat
Hasrat bolçylykdy,hezillik gahat
Şol ýowuz ýyllara gelipdi gabat
Meniñ ýigit wagtym,
Seniñ gyz wagtyñ.

Däriler ýanýardy,ys köpelýärdi
Gidýänler gidýänden has köpelýärdi
Toýlar azalýardy ýas köpelýärdi
Meniñ ýigit wagtym,
Seniñ gyz wagtyñ.

Söýüşmek düşmejek ýalydy ýada
Emma söýgi diýen jadyly zada
Höküm etmez hiç hili kada
Heniz ýigit wagtym
Heniz gyz wagtyñ

Diýerdim: "Geregim,çen boldy oýlan!
Ähli boýdaşlaryñ başlary boglan"
Sen diýerdiñ:"Garrap barýarmyñ oglan?
Äwmañ öz bagty bar,
Sabyryñ öz bagty!"

Boýnuñdan gelerdi jeññeliñ ysy
Goýnuñdan urardy tümlügiñ ysy
Demiñden kükrärdi müñ gülüñ ysy
Meniñ ýigit wagtym,
Seniñ gyz wagtyñ.

Kem-kemden golaýlap lebiñe lebim
Çabrap başlanda demiñe-demim
Näz bilen iterdiñ:"Hany edebiñ?
Söýgi bulaşmazmy
Edep az wagty ?"

Oñuşmaly bordum saçlaryñ ysgap
Leb gadagan wagty-olam bir hasap
Ýöne beýle hasap düşmezdi añsat:
Hasap ýitýän eken
Dyzba-dyz wagtyñ.

Çykarmy ýadymdan şol täsin pursat?
(Çykjak bolaýsa-da bermen rugsat !)
Gursagmyñ üstünde gürsüldäp gursak,
Keteniñ içinde gyzyl köz wagtyñ

Sagatlar tiz geçdi,tiz geçdi şeýle,
Ýañja-da guşlukdy,bolupdyr öýle.
Sen diýdiñ:"Pylan jan,gaýdaly öýe,
Ýigdiñ öz wagty bar
Gyzyñ öz wagty

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • sapphire 1 telpek goyyar we yazyar: "sagbola!!"
  • Mylayym 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Yzynada garashyarys "

Menin govnumemi ya-da

Menin govnumemi ya-da chyndanam goshgyda kapia uymayan
setirler barmyka ??

Meselem:

Quote:

Söýüşmek düşmejek ýalydy ýada (11)
Emma söýgi diýen jadyly zada (11)
Höküm etmez hiç hili kada (9)
Heniz ýigit wagtym
Heniz gyz wagtyñ

Yokardaky sanjagashlar setir'in bogun sany, olaram den
gelenok, okanynda-da birhili saginme doreyar shol yerde.

Quote:

Çykarmy ýadymdan şol täsin pursat?
(Çykjak bolaýsa-da bermen rugsat !)

Barde-de "bermen" dalde "bermerin" bolmaly yali bolup dur.

Mergen ol uchinji setirde

Mergen ol uchinji setirde Hokum etmez eken hichhili kada.. bolmaly..:)

bahh berekella dost gaty

bahh berekella dost gaty gowy yazdyng men hem yazjak boldym welın okap gorsem sen yazypsyng ekenıng

OL GOSHGYNY BIRI YALNYSH

OL GOSHGYNY BIRI YALNYSH YAZYPDYR,. BASHGA BIREM YALNYSHYNY TAPAN BOLYAMY,.,. SHOTAYI ASLYNDA, HOKUM ETMEZ EKEN HICHHILI KADA BOLMALY,. ONSONOM KERIM AGAN YALNYSHYNY TAPAN BOLMANSANA BOGUNLARY SANAN BOLUP,. GOSHGY BOLSA, HOKMAN BOGUN SANY DEN GELIP,. YZYNDAKY SOZLER KAPYALASHMALY DIYIP ZAT YOK,. HERHILI YAZYLYSHY BAR GOSHGYN,..............

Menin pikirimche shu

Menin pikirimche shu goshgydaky gyzyla gaplaymaly setirler shular:

Quote:

Näz bilen iterdiñ:"Hany edebiñ?
Söýgi bulaşmazmy
Edep az wagty ?"

:)

Oñuşmaly bordum saçlaryñ ysgap
Leb gadagan wagty-olam bir hasap
Ýöne beýle hasap düşmezdi añsat:
Hasap ýitýän eken
Dyzba-dyz wagtyñ.

GATY KYN MESELE...

super gosgular ellerinize

super gosgular ellerinize dillerinize saglyk

goşgy nesihat bilen edebin

goşgy nesihat bilen edebin kadalarynyn gysgaça mazmuny yaly
ajap goşgy

haysysy yashlyk darmasyna

haysysy yashlyk darmasyna dıyyan dalsıng nesip bolsa:)

Tankyt

-salam tankyt batyrym.
senem barov!
-bardyryn
-name sunip yatirsin?
-vah,turmaga zardyryn
gotermage oglum yok
idetmage gyzym yok
adym bar-da ozum yok
suvum bar-da duzum yok
-dasynda yigit kan dasynda gyz kan,
iber getirsinler Jebelde duz kan
-menin diyyan duzum basga,vah,basga
-viy, ya seylemidi. Onda bagysla

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

gowja shygyr.. Awtorynam

gowja shygyr.. Awtorynam yelmesene izmirli:)

İn uly Soyguni gorkezdi

İn uly Soyguni gorkezdi ykbal
men mundan yokarda
gormandim Soygi
bar gaygym gucmakdy basgy soygude
bu soygude veli -
gucmazlik gaygy

İn uly hasraty gorkezdi ykbal
men mundan yokarda
gormandim hasrat
satasdy vagtyndan gic doglan bagt
tutasdy vagtyndan gic tutan kysmat

İn uly synagy gorkezdi ykbal
men mundan yokarda
gormandim synag
gyzarip garalyp onumden cykdy
tupan dek sorag
in uly gayraty gorkezdi ykbal
men mundan yokarda
gormandim gayrat
ilerik ilerik gygyrdy yurek
beyni hem gygyrdy gayrak-gayrak

in uly insaby gorkezdi ukbal
men mundan yokarda
gormandim ynsap
ilerligne tarat birje adaysen-
bulasjak hasap

in uly pakligi gorkezdi ykbal
men mundan yokarda
gormandim paklik
gysdy gujagyna ony hem meni
mukaddes taklik...
in tamiz gosgyny yazdyrdy ykbal
ayilganc setirler yolunuz rovac!
mana bu gosgyny beyni yazdirdy
beyni buyruk berse, yurek biala

Öňem ýazan bolmagym ahmal

Öňem ýazan bolmagym ahmal ýöne Kerim agaň goşgylaryndan iň gowy görýän setirlem.

Şol beripdi baş söýginiň mehnetin
Nirelere alyp gitdi kysmatyň?!
Aglaýan bolsaň-da, gülýän bolsaň-da
Bir ýelerden ses gelerdi ahbetin

Megerem bagtlysyň oňýansyň mensiz
Men weli ölýänçäm dem alman sensiz
Kyrk müň setir goşgy döreden bolsam
Her harpyň içinde Sensiň, Sensiň, Sensiň

Ömrüň menzillerden menzile ýetsin
Men senden öňürti süýneýin sessiz
Gara habar güni gara gözüňden
Bir gara ýaş damsa şol maňa besdir!

Yene gaydyp geldim dogduk

Yene gaydyp geldim dogduk diyara,
Yildiza bay asmanyma gowushdym. Gussa bilen bakyp sowut, chynara.
Sayasynda goshawuclap suw icdim.

Chagalygmyn gulpaklyja gyzlary,
Howurtgesin tashlapdyrlar bireyyam.
Hany, nirde o yillarin yzlary,
Shol yzlary yzlap geldim, ey obam!

Bu yerde ahmyrym, okunjimem yok,
Yone namucindir bilip bilemok,
Chagalyk yzlaryn, tanyslaryny
Jepalar ceksen-de undup bolanok.

Unudyp bolanok ertekilerni,
Saherler cyg dushen yashyl otlaryn.
Ayagyna batan awy tikenni,
Sana bash bermedik tez-tez atlaryn.

Sen yilda gaydyarsyn dogduk diyara, Onun sada gormeginden doyanok.
Chagalygna dush gelaymek hyyalyn,
Emma ondan dashlashyanny duyanok.

Sen uly shahere dolanyan yene, Bu yerde dostlaryn, ish-aladan kan.
Chykyarsyn showhunly kocelerine,
Koceler, kiosk, bildiris, dukan.

Onson yene gussa bilen yatlayan,
Telwas edyan, chygly atyzdyr pele.
...Sheydip, her yyl gecmisine gatnayan,
Sen shol gecmisinden dashlashmak bile.

sagbolung goshgular ucin

sagbolung goshgular ucin ongem okapdym ene okap hezil etdim.

Magtymguly Pyragy

Depe nedir, düz nedir

ýedi ýaşan arap atyň şanynda,
Mälim bolmaz, depe nedir, düz nedir.
ýüňi ýeten goç ýigidiň ýanynda,
Elli nedir, altmyş nedir, ýüz nedir.

Sypah bolup, müner atyn bilmeýen,
Aryf bolup, öz yzzatyn bilmeýen,
Söhbet içre söz lezzetin bilmeýen,
Aňa bilmez mejlis nedir, saz nedir.

Garga ýiter baz, balaman jeňinde,
Görne bilmez ol meýdanyň deňinde,
Aç garçygaý, algyr laçyn öňünde,
Müň ýygylsyn, ördek nedir, gaz nedir.

Magtymguly, söz joş eder tiliňden,
Muhannese ýol bermegil ýeläňden,
Bu hünärler geler, gelmez eliňden,
Tilden gelen bu jürýetli söz nedir?!
men dunyada bir zada guvanyp yaşayan

Agageldi nama guwanyp

Agageldi nama guwanyp yashayan?
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

bah bir hilije edip joşup

bah bir hilije edip joşup yazayypsyng oytyan goşgyny okap. :)

juryet turk dilindaki

juryet turk dilindaki curet sozudir-da.. Beh.. kone sozlerimiz birmenzesh turk dilindakiler bilen..

Söygi Poemasy

ogalnlyk dovrumdi soydim bir gyzy
yok yok bey diyerden irrakdi heniz
oz yanymdan soyyan yaly bolsam-da
soygim basdaslykdan barrakdi heniz

okuvdan son baha sanasygynda
artyk kem bolaysa bir basligimiz
soyginin deregine basdaslyk tutup,
bolmazdy ysk diyen matacligimiz,
seydip gecip gitdi oglanlyk dovrum*********************************************************men dunyada bir zada guvanyp yaşayan

Mendenem bir goshgy (Kerim Gurbannepesow-Yalnyzlyk)

Yalnyzlyk
1
Yalnyzlyk hakynda menem yazayyn,
Sebap – yazyan koplik yazmayan azlyk,
Bashyna ish dusher janyn hem sagdyr,
Muna diyipyandir Kichi yalnyzlyk.

******************************************

2
Otuza yetensin zuryadyn yokdur,
Son kyrkyn ujundan gadip ugrarsyn,
“Ilden ala-bole name beylekam?”
Diyip, oz taleyne ozun hayransyn.

******************************************

“Kaka” sozun eshitman ella yetersin,
Bir gun tapynarsyn ogullyk, gyzlyk,
Ozunkidir emma ozunkem daldir,
Muna diyipyandir Orta yalnyzlyk.

******************************************

3
Dulunda ajayyp ayalyn bardyr,
Oyune bezegdir, dyzyna – gudrat,
Ylgap hyzmat edyan onun ozudir,
Emma sen adyna getirer hormat.

******************************************

Ella ser urarsyn, chagasyn dokup,
Gozlerini yumar ol, bashlar ejizlik,
On mun dostun bardyr – goya yekesin,
Muna diyilyandir Uly yalnyzlyk.

******************************************

Enen gezip yorka yerin yuzunde,
Yza barabardyr gyshyn howasy,
“Dogadan nep tapdym” diyyan bar bolsa,
Megerem shol doga – enan dogasy.

******************************************

Baky daldir, bir gun enen hem gider,
Nirane seretsen – eymench tekizlik,
Beyle yalnyzlygyn ady hem yokdur,
Ol gadiksiz-zatsyz Doly yalnyzlyk.

******************************************

5
Atany sylamak - halky sylamak,
Mahri kopdur, shoncha gazabam kopdur,
Kayyap sapak bersin, soyup owretsin,
Atanyn mekdebi chirksiz mekdepdir.

******************************************

Shol mekdebi onat tamamlap bilsen,
Hemishe hemrandyr Mertlik, Tamizlik,
Yogsa senden hich wagt ar ata bolmaz,
Mydam gershindedir Betbagt yalnyzlyk.

Where is Hereket, There is Bereket!

.::::yene::::.

Kyn daldir:"Söyyarin, söyyarin!" diymek,
Söydürmegi welin başarmaz her ar,
Hemme zatdan belent bolsa-da söymek
Söyülmek belentdir, söymage göra.

İkisi birleşse - ümzügin öne,
Biri ayra düşse - ümzügin yza...
Watana söygümi,
Halka Söygümi,
Ya dosta söygümi, ya gözel gyza

Hemmesi üçinem kamillik gerek,
Kamilliksiz söygi bolmandyr önem,
Yokdur ol hazirem, ertirem bolmaz,
Dine kamil söygi hasraty yener.

Söygi bar yerinde gülki hem gerek!
Yöne ol gerekdir, öz çeni bilen
Öz iline hözir berdigin daldir
Dünyaden jakgyldap geçenin bilen

Başa iş düşende hasratam gerek!
Yöne olam gerek öz çeni bilen
Öz ilin hasratyn çekdigin daldir,
Öz derdine aglap geçenin bilen1...

Kerim Gurbannepesow