Anti-amerikanizmiň sebäpleri we köki barada

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Men 1-2 gün öň şu temada "panel discussion"y diňledim, ýagny şu ugurdaky ekspertleriň öz ara pikir alyşygyny diňledim.
Bilşiňiz ýaly, dünýäniň iň pis kanallarynyň biri, iň ýigrenji, iň subýektiw we iň we ş. m. kanallaryň biri şu hepdäni(gutaryp barýa) "Islamofascism week" diýip yglan etdi.
Öz programmalarynda ertirden agşama "ekspertlerini" ýalan-ýaşryk gepledim, Amerikada Yslamofobiýany hasam ýaýratmak asyl maksatlary.
Şuňa garşy, ýalňyşmasam Respublikan Partiýanyň talyplar guramasy şu pikir alyşygy geçirdi. Maňa ol barada MSA=musulman talyplar guramasy habar berdiler.
Menem gidip diňledim. Şu ýerde gören-eşidenlerim barada gysgajyk ýazmakçy.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • monte_kristo 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Ilki uniwersitetde Syýasat

Ilki uniwersitetde Syýasat bilen baglanyşykly fakultetde doktoranturada talyp bir gyz çykyş etdi. Ol ýakynda Müsürden gelipdir, şol ýere anti-amerikanizmiň sebäplerini we kökini öwrenmek üçin giden ekeni.
Ol gyzykly zatlary aýtdy we şol sanda, adamlaryň Amerikanyň syýasadyny, daşary syýasadyny, Orta Gündogardaky syýasadyny we Yslama garşy syýasadyny halamaýandygyny we şol sebäpli gowy görmeýändiklerini aýtdy. Amerikanlara ýigrenç köpüsünde ýok ekeni, Amerikanyň daşary syýasadyny ýigrenýär ekenler. Soňky döwür Yrak urşy, Palestina-Ysraýyl konflikty şuňa uly gyjalat beripdir.
Soňky çykyp geplän Dr. Kaufman. Çynymy aýtsam, amerikan stilde gepledi, ýagny gepiniň aglaba bölegi ýasama. Politkorrekt geplejek bolup, ýasama gepleýä. Bolanokda... ol dinleriň fundamentalistleriniň, diňe Yslamyň däl, beýlekileriňem nähili biderekdiginden söz etdi, bir topar offtop gürrüň etdi. Ondan soň, bir topar gepiň başyny agyrtdy we aslynda alasy gelýän özüçe şeýle netijäni alýardy "musulmanlar bir ümmet bolup, bir halyfat gurmak isleýäler we olarda fundamentalistlik problemasy bar. Biziň üçin, Ýewropa üçin olary bölmek her wagtam gowydy" ýaly many bardy. Ondan başga, onuň bar aýdany Yrakdaky söweşiň biderekligi we ondan el çekilmegi boldy.
---------------------------------------------------------
Adam bolup adam gadryn bilmeýen,
Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy.

Iň soňky çykyp geplän

Iň soňky çykyp geplän arab prof öýdýän. Modernleşenem bolsa, gaty ökde gepleýär ekeni. Şony görüp, nähili täsirli gürlemelidigini öwrenip bolardy. Emma bir minusy bardy, sesi pesdi, täsir etmek üçin arasynda hasam peseldýädi. Eşitmek kyn bolýady maňa yzky ýerlerden.
Ol syýasadyň çuňňurlyklaryna çenli düşdi, bir topar gyzykly sanlar barada aýtdy. Amerikanyň biziň hemmämiziň bilýän oýunlarymyzdan başga-da, iki ýüzlülik edip, "demokratiýa" diýibem, Mubarek ýaly diktator we ganhor rejimleri goldap, şolara pul bermegidi...
Ol alym arasynda sähel Amerikanyň daşary syýasadynyň ýewreýlere görä ýöredilýändigini hem ýatlatdy.
Iň gyzykly ýeri, birinji oturgyçlarda oturan, şol alym geplände öz aralarynda geplän bolup başlamagydy. Bu bir aç-açan hormatsyzlyk we medeniýetsizlik, emma ýewreýler köplenç şeýleräk taktikany ulanýalarda. Şol gepleşýän gyz sorag hem sorady pikir alyşyk gutaransoň. Ol uzyn soragynyň arasynda özem ýitdi we soňunda meniň pikirimçe, ol soragdan köp öz pikirini aýtmagyň aladasynda bolan ýaly göründi. We elbetde ýagdaý üçin arablary günäkärlemegi hem unutmady. Soragyna doly düşünmek mümkin däldi, ýöne "arablaryň özleri günäkär dälmi şu ýagdaýda" diýen ýaly podtekst bardy.
Ýöne jogaplar şeýle bir gowy boldy welin, ýumaýdy her kim.
---------------------------------------------------------
Adam bolup adam gadryn bilmeýen,
Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy.

Ikinji halamadyk zadym, olam

Ikinji halamadyk zadym, olam elbetde şol arab professoryň bir hili kresloda ýatan ýaly bolup, ellerini iki ýana edip oturmagydy. Biz talyplaryň hataryna girsegem, hormat ýene diýlen zat bilen, bir azajyk tijenip oturmagy mümkindimikä diýýän...
Mundan başga-da türk-kürt meselesem gozgandy. Şeýle bir gyzykly boldy welin... welin men hindi dostumyň öýüne çagyrandygyny bilsemem, oňka giç barmagymda netijelendi :)
---------------------------------------------------------
Adam bolup adam gadryn bilmeýen,
Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy.

dinlemek islardim. Amerika

dinlemek islardim. Amerika shonun uchinda Ermeni soykiriminida kabil etdi, Irakdaki PKKlilara edi bilen komegini etdi indi de tanamzok diyen bolup otir, shondan sonda Turciya Demirgazik Iraga girdida.indi Irak bilen Turciyanin arasinda ekeonmik ambargolar da bashladi ol ona gurlushik ve textil sektorindan komegini chekdi Irakda nebit turbalarini yapdi. indi Turkiya name etmeli yene de Amerika barmali nebit aljak bolsa.

Tüweleme, yaman gowy mowzuk

Tüweleme, yaman gowy mowzuk açypsyn Bayram aga!

Korroçe aytmaly bolsa, adamlar Amerikan A-syny yada M-sini dalde, onun eden işlerini, zulumlaryny halanoklar. Gan dökyan bir döwlet, özünin name üçin halanmayanyny bilyandir, yöne yenede "Bizin döwletimizden yigrenyarler, sebabem tehnologiya, ylym-bilime, modernizationa garşy bularyn bary. Bulara gidip medeniyet akitmeli..." diyip hem özlerini hem dünyani aldayarlar.

Araplar Osmanly döwletinden (sonky asyrda) ayrylanda, bir arap taypasynyn serdary şeyle diyipdi:
"Biz size baglanan wagtymyz, sizde adalat bardy. Adalat senden gidenson, men name üçin sana boyun egeyin, sana wepaly bolayyn..."

Barde ne Amerikany ne Osmanlyny yamanlajak bolamok, barde "adalatsyzlygy, zulumy" yamanlajak bolyan...

---
DON'T WORRY, BE ZORRY!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

kürt meselesinde aslında

kürt meselesinde aslında kürtlere düşünyan.. olar hem öz dowletlerinin bolmagyny ilseyaler.. yone ulanyan metodlary yalnyş.. şu wagt turkiyede gun 10-15 sany esgeri şehit edyaler.. medyada şu pkk dan başga hiç zat aydylanok.. yone name üçindir kop kişi pkk'ny teror diyip kabul edenok.. ve habarlardan bilşime gora olara yaraglar hem amerikadan gelya..

Elbetde kürtlerin,

Elbetde kürtlerin, özlerine göra pritenziyalary bardyr. Yöne bir zady unutmaly dal: Musulmançylykda milliyetçilik dalde, watansöyerlik bardyr. Milliyetçilik (milletparazlyk) gündogar döwletlerine Yewropadan gelyar. Musulmançylykda millet dalde, iman önde gelyar.

Şugün Turkiyada uly bir jemagatyn gurujysyda kürt. Türkiyadan narazy kürtler üyşüp ona "Sen bizin başymyza geç, bize özbaşdak döwlet gurmaga kömek et." diyyaler. Ol bolsa, "Siz Mammet bilen Ahmedi, Hasan bilen Hüseyini birbiri bilen uruşdurjak bolyanyzmy? Bu türk goşununda münlerçe weli adam bar, olara garşy nadip yaragymy ulanayyn?" diyip, olara goşulanok.

Turkiya, milletparazlyk yaly zatlara üns berenok, "türk-kürt gardaşdyr!" diyip politika yöredyar, kürtlerin aglaba bölümini merkezi şaherlere çekip (rugsat berip) olaryn şo bir halka goşulmagyny isleyar. yagny hiçhili adalatsyzlyk edenok...

Hawa, belki kabir kürtler döwlet gurjak bolyandyr, yöne olaryn döwleti, özlerinden köp başgalaryn [imperialistlaryn] peydasy üçin guruljak bolyar.

---
DON'T WORRY, BE ZORRY!

Emekli Tümgeneral Kudret

Emekli Tümgeneral Kudret Cengiz, terörle mücadelenin siyasete alet edilmesine tepki gösterdi. Cengiz, şehitler mezara konulmadan televizyonlara 'uzman' diye çıkanların hayatlarında teröristin ölüsünü bile görmediğine dikkat çekti.
Mesud Barzani'nin bölücü terör örgütü PKK'yı 'taşeron örgüt' gibi kullandığını belirten Cengiz'e göre sınır ötesinden gelebilecek bir saldırıda 20 kilometreye kadar yapılacak sıcak takipte bir mahzur yok. Cengiz, Kahramanmaraş'taki Engizek Dağları'nda teröristlere karşı verdiği başarılı mücadele nedeniyle "Engizek Kartalı" olarak anılıyor.

Son terörist saldırıların herkes gibi kendisini de çok üzdüğünü ifade eden Cengiz, "Çok büyük acı bu. Televizyonlarda bir sürü adam çıkıyor. Bu adamlar teröristlerin ölüsünü bile görmedi. Bir sürü ruh hastası denilecek kişiler bağrışıp duruyor. Biraz durun, çocuklar memleketlerinde kabirlerine girsin. Öbür tarafta siyasiler birbirine giriyor. Hiçbir siyasetçi yaşananları kullanmamalı. Siyaset üstü bir olay terörle mücadele. Siyasete malzeme yapmak bu ülkeyi felaketi götürür. Hele etnik bazda siyaset Türk ulusunu zor durumlara sokar." diyor. Haziran ayında çıkan 'Önce Vatan' isimli kitabının Barzani bölümünün özellikle iyi okunmasını isteyen Cengiz, şunları söylüyor: "Bizim düşmanımız Barzani. PKK artık onun taşeronu. Şimdi Barzani, Türk ordusunu içeri çekmek istiyor. Amerikalılarla çarpıştırmak istiyor. PKK'nın aklı bu kadar siyaset mücadelesine ermez."

Gelinen sınır ötesi operasyondan amaç Barzani'ye ders vermek ve Kuzey Irak'taki Kürt devleti ise bunun için geç kalındığını ifade eden Cengiz, bu imkanı 1 Mart tezkeresinde kaybettiğimizi anlattı. ABD'nin gelip petrolün üzerine oturduğunu söyleyen emekli Tümgeneral, "Bu adamları da petrolün başına koydu. Artık yaptığımız her şeyi petrole dönük zannedecek. Dolayısıyla ABD buna müsaade etmez. ABD ile çatışmayı göze alabilir miyiz? Amacımız Kuzey Irak'taki PKK'yı bitirmekse zaten bunlara gerek yok. Uluslararası hukuk bize sıcak takip imkanı veriyor."

şu habary hem okap men-a birhili boldym..

Akgul namesinden bir hili

Akgul namesinden bir hili boldun? halkara politika bilen meselanin chozup boljakdigina yone muna Barzaninin oyunlarinin meshat edyanini hem-de birneme oz politikacilarini yamanlapdir.

birhili bolanymyn sebabi..

birhili bolanymyn sebabi.. men şeyle pikir edyan.. teroristler adamlary şehir etmek bilen özlerine uns çekjek bolaylar.. ve adamlar hem muna uns berya.. esasy hem şu yagday trde saylawlar geçirilyan wagty edildi.. şu wagt hem men pikirimçe iktidarda akpartinin geçmegine garşy edilya şu zatlar.. yagny halka şeyle mesaj berjek bolya "ana siz halk bolup şeyle etdiniz.. yone şolar saylanany bari bu zatlar has hem kopledi..trnin düşen yagdayına bir seredina.." yaly.. İMHO

Hmmm,indi menem oz pikirimi

Hmmm,indi menem oz pikirimi aydayin.
Menin pikirimche amerikanyn shu wagtky edyan zady taryhdaky bir topar bolup gechenlerden uytgeshik zat dal.Guychlendinmi,name uchin durjak?Rim imperiyasy,Osmanly,seljuklar,musurler...hemmesem sheyle edipdiler.her kim oz milletinin hayiriny isleyar.On yer uchin urushyadylar,indi bolsa nebit uchin urushyarlar.Uytgeshik yeri shu wagt dowletler biri-biri bilen has yakyn baglanyshykly.dunyan o chetindaki dowlet urusha garshy chykyp bilyar,sholaryn agzyny yummak uchinem bahana gerek.Amerikada shu wagt shol yekeje bahanasyny yitiresi gelenok we shon uchin chare gozleyar.
Amerikanlan shu wagtky edyan zatlaryny halamok,yone genem goremok.amerika garshy chykyp her hili sypat beryan adamlara hayran galyan."gan dokyan dowlet"...Hamala oz dowledi gan dokmedi hich hachan.Shu wagt menin pikirimche taryhyn in asuda dowri.onler urushda wepat bolmak procent boyuncha in yokarlardady.urushup bilmeyani,gaty uytgeshik akyldar bolmasa sylamayadylaram...kabir habarlary okap uchunji dunya soweshi gidip duran yaly hamala...
amerikada gitler yaly birinin prezident bolmanlygyna her gun agsham yatmakan we irden turanda shukur etmeli...

inha bui erde bashindan bari

inha bui erde bashindan bari aydiljak bolyan zat da shol da. barde PKK kop zat edenok hemme zadi Amerika edyar. PKK yopne bir gurjak Turkiya yali.Turkiya nache dovlet komek etjek diydi EU girmeginiz uchin, Amerika ermeni soykirimini chikartjak dal diydi olar islan vagtlari etdirjegini edyarler. chagalar aglanda goy aglama hazir palan bereyin yada palan yere alip gideyin diyip goyandan son yadina dushmese hich zat berilman hich yere alip gidilmeyishi yali da.

Aslynda, türk-kürt

Aslynda, türk-kürt problemasy boýunça, şeýleräk sorag soralypdy.
Edil häzir ine şeýle krizis bar, Amerika üçin we Orta Gündogardaky Amerikanyň abraýy üçin Amerika näme etse gowy bolar:
1. girsemi konflikte, ýagny goşulsamy? türkleri goldasamy?
2. goşulmasamy?
3. kürtleri goldasamy?
Jogaplaryň mazmuny şeýleräkdi:
Daşary politikada her wagt hem bolşy ýaly, jogap şularyň hemmesem we hijisem :) Konflikte girip, türkleri goldasa, öňemä Amerikanyň Yrakda abraýy pes we kürtler olary şol ýerde goldaýan ally=soýuznik=dost we Demirgazyk Yrakda ýagdaý asuda, Yragyň beýleki ýerlerine görä. Onsoň türklerem ol ýerde terrorist tapasy ýok we bu işe garyşsa, çykmak kyn bolar Amerika üçin.
Goşulmasa konflikte, ýene Amerikanyň uly problemasy bolar. Sebäbi olar Yrakda we kürtler goşulmagyny isleýäler.
Kürtleri goldasa, türk dostlaryny ýitirer Amerika. Özem kürtler terrorist we olary aç-açan goldamak bolar. Muny hem edip bilenok.
Ýöne şol Kaufman aýtdy, türklerem Yragyň içine girip, şu işe kän baş goşaslary gelenok. Olar Amerikadan käbir ädimlere garaşýalar. Meselem, kürtleriň özüni şol işe seretmäge mejbur etmegi, Demirgazyk Yragyň PKK garşy söweşmegini we kürtlere Amerikanyň pul/ýarag kömek etmezligini. Yrakdaky PKK we beýleki kürtlere Eýrana garşy uruşmak üçin berilýän $$$laryň bir bölegi türklere garşy uruşýan PKK baryp ýetýä, ýaraglaram...
we ş. m. Gaty gyzykly.
FOXnews'dan habara köp seretseň sähne bolýaň. Ýa Amerikanlar şol sebäpli sähnemikä?
---------------------------------------------------------
Adam bolup adam gadryn bilmeýen,
Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy.