Hezreti Muhammediň başaranlary (REFORMALARY)

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

şu günler reformalar barada gürrüň edilýär (ýa-da gürrüňi reformalardan başladylar).

reforma diýlende meniň aklyma pygamberimiz düşýär. aýdyşlaryna görä «Britaniýa» ensiklopediýasy pygamberimiz barada şeýle ýazýar: «Taryhda adamzady ösdüren, kämilleşdiren gaty köp adamlar gelip geçipdir. Bularyň arasynda pygamberler hem bar. Emma bularyň hiç biri hem Hezreti Muhammediň başaranlaryny başaryp bilmändir».

Hezreti Muhammediň başaranlarynyň ýa-da reformalarynyň sanawyny düzjek bolalyňmy?

bu bize peýdaly bolardy we pygamberimze täze tarapdan seretdigimiz hem-de ony tanamaýanlara tanatdygymyz bolardy.

sanawa başlaly...

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

aýal-gyzlaryň

aýal-gyzlaryň hak-hukuklaryny gorady.
gyz çagalaryny ýere gömen araplarda bu iş nähili kyn bolandyr...

dünýädäki adamlar

dünýädäki adamlar häli-häzirem «aklara we garalara» bölünýär. pygamberimiz bu milletçiligi ýatyrdy.
ak bir musulmanyň hem-de gara negr bir musulmanyň (reňk, millet) tapawudynyň ýokdugyny düşündirdi.

offtop

Quote:

ak bir musulmanyň hem-de gara negr bir musulmanyň

Menin jigilerim hem "gara negr" diyyaler, shuny okap gulkim tutdy.
Negr diysen, eyyam garadygyny aytdygyn bolya, "gara" diymek hokman dal. Ak negr yok
PS Bey diysem, negrlerin arasynda-da agyraklary bar, gap-gara, komur yalylary bar :D
---------------------------------------------------------
Hyrydar bolsaňyz gyza, geline,
Edebin, ekramyn, oturşyn görüň!

ak negr

Bayram wrote:

Ak negr yok!

aý baýram jan. men-ä käwagt özümi ak-negr saýýan. ak negr ýok hem diýme how. käwagt özümize negrlere çemeleşişleri ýaly çemeleşýärler welin men AK NEGR (ak-gara) bolaýmaýyn diýip şübhelenýärin.

gara bilen negr sözüniň deň manydaşdygyny bilýädimem welin türkmenligimi etdim-dä...

sena erbet jogap eshidyan

sena erbet jogap eshidyan ekenin..mena urulmakdan gorkyadym:))..ay indi ovrenshdim..negr diyemok gara diyyan:)

-------------------------------------------------------------------------------------
"Bir narsani yaratmagy irade eden vagty O'nun ishi dine "BOL" diymekdir, bes ol narse bolar" (yasin suresi)

Pygamberimiz

Pygamberimiz okamagy-ýazmagy başarmaýan, mekdep-medrese görmedik bir jemgyýetde döräpdir. Dünýeden ötende yzynda galdyran jemagatynyň arasynda bolsa, ýaşyndan garrysyna çenli okamagy-ýazmagy bilmeýän bir adam hem galmandyr.

Allahyň Resuly ýigrimi ýyldan gowrak wagtyň içinde ynandyrypdyr, öwredipdir we her kimi sowatly edipdir.

ylym öwrenen itiň arassalanyşy barada

yslamyň ylym-bilime garaýşyna haýran boldum aşakdaky ýazgyny okap. siz bilen paýlaşýan.

«... Fahruddin Razy ylym bilen baglanşykly bir temany derňeýärkä... ajaýyp bir nukdaýnazaryň üstünden barýar: «Mäliki mezhebinden başga üç mezhep iti hapa görýär». Ýagny köpek tutuşlygyna hapadyr. Şonuň üçin olaryň öýe salynmagy dogry däldir.

Emma, köpek «kelbi-muallem», ýagny, aw awlamak, mal bakmak öwredilen bolsa, onda ýagdaý üýtgeýär. Onuň agzyna alyp getiren awy iýilýär, süýkenip gezen ýerleri hapa saýylmaýar we öýde saklanmagynyň hem zyýany ýokdur.

Ymam Fahruddin Razy şu ýerde säginip, şeýle diýýär: «Bir it ylymdan diňe aw awlamagy öwrenýär we öwrenmek bilen hapa saýylmakdan çykýan bolsa, hatda ynsanlaryň maşgala agzalarynyň birine öwrülýän bolsa, ylym öwrenen ynsanyň nähili belentliklere çykjakdygyny özüňiz oýlanyň». Ynha, şerigatyň ylma garaýşy, diniň aýdýany...»

bu ylym öwrenen it hiç wagt ýadymdan çykmaz.
dostlar ylym öwrenmegiňizi dowam ediň.

Shu ylym meselesi inche.

Shu ylym meselesi inche. Turk dilinde "ilim" din ylymy manysyny berya.
Turkmen dilinde tebigy ylymlar manyny hem berya. Ylym diyip, arapchada, name diyjek bolanyny bilmeli. Shu Ymam arapmyka?
Arapchada dini ylymlary we tebigy ylymlary ayry gorkezyan terminler barmyka?
PS Sorap oturshym, shu bizin owrenyan ylmymyz bizin uchin den derejeli sogapmy dini ylym bilen bile?
---------------------------------------------------------
Hyrydar bolsaňyz gyza, geline,
Edebin, ekramyn, oturşyn görüň!

howwahow bu ylymlar hem kop

howwahow bu ylymlar hem kop sogap gazandyrya.. yone elbetde dini ylymlary hem okamaly..

"alymyn ukusy ybadatdyr" hem diyilyara..

alymyn (tebigy ylymlar

alymyn (tebigy ylymlar alymy) galamynyn syyasy şehidin gany yalydyr...

Allaha ynanyan we onun buyruklaryny yerine yetiryan alym...
......................edebi edepsizden öwren.......................

ylym bilen Allahy

ylym bilen Allahy aýrylaşdyrmaly dälmikä diýýän. elbetde her zadyň boluşy ýaly ylym hem Allahdan.
diýmek hakyky ylym eýesi Allahyny tanan alym adam.

iň oňat harby tälimleri

iň oňat harby tälimleri nyzamly ýagdaýda öz egindeşlerine öwredýär.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

täjirligi hem

täjirligi hem ýaýbaňlaşdyrýar. 1-i 5-e, 10-a çykarmagy öwredýär. Gysga wagtda Medinä göçüp baran muhaçir sahabalaryň nä mukdarda baýlyga eýe bolanyny taryh kitaplary ýazýar, şol sanda, ensar sahabalaryň hem.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

doganlyk ýagdaýyny iň

doganlyk ýagdaýyny iň oňat ýagdayda Öz sahabalaryna(aslynda, ähli ynsanlara, ynsanlyga) öwredýär. Muhaçir-Ensar sahabalaryň doganlyk baglary muňa aýdyň şaýat!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

musulmanlara namaz, oraza,

musulmanlara namaz, oraza, haj, sadaka ýaly dini wezipeleri ýerine ýetirip, baky jennedi, Jemalullaha tomaşa etmegi we pygamber goňşulygyna eýe bolmagy öwretdi.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ynsanlyga iň gözel

ynsanlyga iň gözel ahlahgy: merhemetliligi, şepagaty, mylaýymlygy, agraslygy, dogrulygy, namysy, ynanjy, ýardamlaşmany, sahabatlygy, parasatlygy, salyhatlylygy, maslahatlaşmagy we ş.m. gözel häsiýetleri öwretdi

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ynsanlara Biribaryň

Ynsanlara Biribaryň nygmaty, habary, emri, ýol görkeziji çeşmesi, şol sanda, özüniň iň uly mugjyzasy bolan Gurhany tanatdy, öwretdi we amal etdirdi.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

dagan arap taýpalaryny

dagan arap taýpalaryny birleşdirip (muňa bir-birlerine ölemen duşman bolan iki iň uly taýpa bolan ews we hazreji mysal hökmünde görkezse bolar), öz döwründäki iň güýçli bir döwleti gurdy. Sasaniler(Eýran) bn Rumlar(Bizans) iki super güýçdi şol wagt, ikisi hem dyza çökdiler.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ynançlar arasy diýalogy

ynançlar arasy diýalogy başlatdy, meselem, pajygaly Mekke döwründe ezýet çeken musulmanlary hristiýan padyşa Neçaşiniň ülkesi bolan Habeşistana ibermegi, olardan ilçileri kabul edip, yslamyň gözeelliklerini düşündirmegi, Neçaşiniň gyýaby jynazasyny kylmagy, Medinä gelip, ilkinji eden işlerinden biriniň ýewreýler bn şertnama baglanyşmagy we ş.m.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

enelere hormaty beýik ýere

enelere hormaty beýik ýere goýdurmagy, mysal hökmünde hadyslar:
-Jennetin acary enelerin ayagynyn asagyndadyr;
-Ilki ejeňe, soňra ejeňe, soňra ýene ejeňe, soňňra bolsa kakaňa hyzmat et/hormmat goý!

ene haky baradaky rowaýat hem bardy, goýupdym, olam subuty we ş.m.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ynsanlara edebiýaty, diliň

ynsanlara edebiýaty, diliň çeperligini, bilimi öwretdi

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ata. saňa bermäge telpek

ata. saňa bermäge telpek galan däldir. ýagylaryň üçin minnetdar.

Telpekler (2 kisiden 4 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Asyl telpegi siz mana dal, men size bermeli, ahyryn! Alyn, agam! Yone yekeje-da :))"
  • el_mariachi 3 telpek goyyar we yazyar: "indi bardyr"

agam, gaygym telpek dal-le,

agam, gaygym telpek dal-le, Biribar we Onun Ilcisi (SAW) razy bolsalar bolyar, sholaryn razylygyny gazanyp biljegi durmushu hem ozum, hem-de hemmaniz ucin dilemek bn!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

bashga bilyaniniz yok-may,

bashga bilyaniniz yok-may, menkiler-a yokardakylaryn icine giryandir diyip yazamok, yogsam, kan-le welin !

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • Mylayym 5 telpek goyyar we yazyar: "telpeginiz azalypdyr oydyan "

in barkijesi Peygamberimiz

in barkijesi Peygamberimiz gelmeden ön gyz çagalaryny diri diri yare gomyalerdi Peygamber Efendimiz munu önüne gechdi...

*********************Gyrmyzy guller mana seni yatladyar Soygilim***********************

İnsanlyk Hz.Muhammet(sav)

İnsanlyk Hz.Muhammet(sav) gelyança 25% Peygamberimiz dövründe 25% P eygambermizden bu güne çenlide 25% ösdü 25% prosentide intek ösmedi yagny 23 yyl Peygamberlik yyllarynda böyle ösdürdi dünyani. Hemmelerin ona minnetdarlyk karzy bardyr....................

*********************Gyrmyzy guller mana seni yatladyar Soygilim***********************

Maňa ýalňyş

Maňa ýalňyş düşünmäň, Pygamberimiz gelip, geçen iň beýik adam, emma... emma şu sanlary nireden tapýanlaryna men haýran...
---------------------------------------------------------
Hyrydar bolsaňyz gyza, geline,
Edebin, ekramyn, oturşyn görüň!

Bayramy goldayan..

Bayramy goldayan..

pygamberimiziň iň uly

pygamberimiziň iň uly reformalarynyň başlangyjy (ýa-da biri) – käbäniň içindäki butlary ýykyp aýyrmagy.

göz öňüne getirip görmek üçin şu gün bilen deňeşdirip görmeli.
döwrümiziň haýsy bir özüni reformator hasaplaýan biri şeýle hereket edip biler. «amerika näme diýerk-ä. orsýet näme diýerkä...» diýip garanjaklap oturmaly hala geldik.

pygamberimiz bolsa ynsanlygy butlardan (idollardan) halas etdi. özümiziň ellerimiz bilen ýasan butlarymyzdan ýüzümizi öwrüp ozal-ahyr bar bolan hakyky HAKykata ýüzümizi öwürdi.

Adamlardan "kabul edenlere"

Adamlardan "kabul edenlere" ve "islanlere" putparaz'lykdan(?) yuz ovurmegi ovretdi, dunyade entagem milliardlap heykeljikdir
dashjagazlardan medet geler oydyanler bar, shonun uchin "ynsanlary halas etdi" diymek belli bir dereje-de yalnish,
sebabi shu vagtky "ynsan"-laryn kop bolegi ya gonumel
oz elleri bilen yasan zatlaryna chokunyalar, ya-da 1 bolan
Huday bilen hachlaryn, ikonalaryn komegi bilen "contact"-a
gechyandiklerine ynanyalar ve etc...

100 % hiç zat bolasy

100 % hiç zat bolasy ýokla. ýöne ol bize halas boljak ýolumyzy görlkezdi diýsek bolmazmy?

«...Huday bilen hachlaryn, ikonalaryn komegi bilen "contact"-a gechyanler» barada äme aýdyp bolar.
olara imansyz (ynaňçsyz)diýip olmaz. diňe azaşanlar diýip bolar.

saňa ýol görkezerler. senem kabul etmersiň-de başga ýol gözlärsiň (öz ýagdaýyňa laýygrak). soňam azaşarsyň.
iň geň ýerem her kimiň ýoly aýrydyr welin aýlanyp-dolanyp bir ýere bararlar.

Bayrama jogap

Nireden tapilyanini bilmek isleyan bolsan koprak kitap okarlar.Idestirip gor internerde taparsyn.

Butin internedi

Butin internedi chepbe-chovursen hem subut edip bilmeyan
yokardaky %'lerin dogrudygyny, kitap'da okar yaly olary
yazyanlar kimmishin ?? Olar "Ynsanlyk shu vagt'dan shu vagda chenli plancha % osdi" diyer yaly, dunyanin hemme yerinde
namanin, nache olchegde bolup gechendigini bilipdirlermi ??

Garaz, biderek zat Pygammerimizin beyikligini beyle sanlar
bilen gorkezjek bolmak, takyk dal sanlar bilen biderek gulkunch yagdaya dushyas, hamala shol %'leri yazanyn bilen
bir zatlary subut edyan yaly...

agash we batyok - ikinizem

agash we batyok - ikinizem takyk san yazyanyz, kimem yazan bolsa, sanlyja yagdaydyr ynsanlara gora yazandyr ol prosentleri/mukdarlary. Beydip takyk san/mukdar berip durman-da, umumy yagdayda sheyledigini aydyn, has ynamdar bolar.
Umuman, niyetiniz onat yagdayi aytmak, bu babatda ikinize-de minnetdarlyk bildiryarin, yone takyklyk babatda Bayram, Gadyr we Mergen dogry yazyar, nireden bilip bolyar beyle yagdayi, dine internet dal, bashga hic bir ceshme hem subut edip bilmez. Ylmyn asyl eyesi Biribar we Onun bildiren bendeleri bilaymese!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

shehitlik mertebesini hem

shehitlik mertebesini hem owretdi diyip bilyan. Elbetde, ondan onem bardyr welin, shu "fetret" dowrunden sonra takyk yagdayda shol mertebani (gaytadan) owrendiler sahabalar we musulmanlar.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"