Gije

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

altynjy güni Nesil gazedinde çykdy. (Birinji gezek hekaýam gazetde-))

Gije
Bu hekaýa däl. Ýöne setirler toplumy hem däl. Munuň nämedigini saňa düşündirjek bolamok. Bu gije- meniň hyýalymda dogan, arzuwlarymda ýörjen-ýörjen bolan gije. Bu gün daş-töwerek şol gijä garaşýan ýaly. Hatda otagymam şeklini üýtgetdi. Olam meniň arzuwlaryma görä, arzyly myhman geljek ýaly taýýarlandy, dünýäsini täzeledi.
Gijäni her tanşyma görkezesim gelýärdi. Olaryň meniň bilen şatlanmagyny, meni gutlamagyny isläpdim. Gijäň ýakynlygynyň tolgunmasyndan, işlerimiň köpelmeginden, nädip gelenini bilmedim. Ahyrsoňy geldi. Geldi, arzuwlaryma, gije düşegimdäki gözýaşlaryma garyşan hyýallarymyň hakykaty geldi! Hemme zat taýyn, gijäň howasy, we çala titreýän ýüregim. Hawa,bularyň hemmesi seniň üçin..,
Şeýle umyt bilen taýynlanan otagymda senem bar. Ýöne sen otagyň bir çetinde arkaňa öwrülip ýatyrsyň. Meniň arzuwlarymdan habarsyz... Bilýän, seniňem derdiň içiňe sygdyryp bilmän başyňy ýassyga goýýanyňy. Bu ýazgy hiç ýerde ýaýramaz. Ýaýraýanda-da oňa senden başga hiç kemem düşünmez. Men bu zatlary alada edemok. Pýne eger senem düşünmeseň, onda menden bagtsyz adam ýok.
Näme edeýin? Bu kiçijik göwnüm bilen seni tanyşdyrjak boldum. Onuň içiniň seniň dertleriňe meňzeşligi bilen, seniň azabyňa gaty meňzeş duýgulary bilen tanyşdyrasym geldi, göwnümi. Ýassygyma siňen damjalarymda seniň derdiň bardygyny düşündiresim gelýärdi.
Men kän garaşdym.
Men öňem şeýle garaşypdym. Şol wagt gözlerim seniň gözleriňe meňzeýärdi. Özümi duýup başlanymdan bäri garaşan deňzimden bir damjany görüp aklymy ýitiripdim. Ol damjada deňzi, onuň gam-gussasyny, şatlygyny görýärdim. Günlerimiň ýagtylygy gözümi gamaşdyrýardy. Soň has beter boldy. Soň men agaçlara ýaprak bolasym, ýaprak bolubam titräsim, meýdanda gök otlar bolasym, gök otlar bolubam meýdanda ygşyldasym gelýärdi. Dünýäde agaç bolasym, köklerim bilen ýeriň bagryna siňesim, şahalarym bilen bütin dünýä kölege bolasym, güllerimi jennetde açasym gelýärdi. Dodaklarymyň gujaklaşyşy ýaly, olaryň özündäki hasraty, içindäki bar hyjuwy bilen entegem endamym tikenekleýär.
Gijä galdym. Seniň ol deňziň kiçijik damjasydygyňa, deňiz däldigiňe giç düşündim. Bir damja- saňa sygman başlanymda düşündim. Ahmyrymy içimde jaýladym. Hiç kime aýtmadym. Täzeden deňzi hyýal edip başladym. Ýöne sen maňa deňziň häsiýetini, arzuwyny, halyny, tagamyny getiripdiň. Deňzimiň menden nämä garaşýandygyna, özümiň nämäni gözleýändigime düşünipdim. Seniň gury hyýal däldigiňe, maňa garaşýandygyňa göz ýetiripdim.
Sen. Sen kim? Otagymyň bir çetinde bir wagt ýüregimdäki arzuwlary duýup ýatan. Deňzi gözläp damja aşyk bolan. Sen-aslynda men. Men sende özümiňem şol deňizden bir damjadygymy gördüm, şol sebäplem deňzi küýseýändigime düşündim.
Häzir men hiç zady düşündirjek bolamok. Damjanyň deňizdigini, deňziň damjadygyny düşündirjek bolamok. Şu gara penjek geýen ak gijämiň, tutuş älemiň, älemiň mazmuny adamzadyň edil meniň ýaly deňze aşyk bir damjadygyny, şol bir wagtda-da deňizdigini düşündiresim gelenok saňa. Men seniň dertleriňi içime siňdirip birleşesim, seniň bilen deňze ikimiziňem köp gözlän deňzimize gidesim gelýärdi...
Men beýle ýagdaýy hiç wagt arzuw etmändim. Hatda men seniň kimdigiňi, nähilidigiňem bilmeýärdim. Ýöne şu wagta çenli ýaşan ömrümi saňa garaşyp geçiren ýaly. Sen meniň üstüme tüweleý ýaly, sil ýaly geldiň. Men bolsa nämeleriň bolýanyna düşünip bilemokdym. Ilkiler eline süýji berilen çagajyk ýaly begenerdim. Şatlygymy hemmelere paýlasym gelerdi. Seniň syryňy, gadyryňy bilmedim. Senem gitdiň. Men seniň geleniňem, gideniňem duýmadym. Diňe içimde bir ýalňyzlyk, ýalňyzlygam däl, boşluk duýdum. Bu boşlugu doldurmak üçin her zat etdim. Gözledim her ýerden, her zatdan – Günüň dogşunda, batyşynda... Gijäniň tümlüginde... Adamlarda... Başaryp bilşimçe ruhumyň çuňluklarynda okeana çümýän ýaly çümdüm. Hyýalymyň bar güýji bilenem asmana uçdum. Emma bularyň hiçisi mendäki boşlugu doldurmaýardy. Gaýta suwsuz adamyň öz teşneligini deňiz suwy bilen gandyrjak bolşuna meňzeýärdi. Meniň halym... Älem maňa özümi ýatladýardy. Olam meniň içimdäki arzuw hem aýralyk bilen aýlanýan ýalydy. Uns eden bolsaňyz,älemde uly-kiçi hemme zat meňzeşdir. Ýyldyzlaryň iň ulularynyň Günüň daşynda aýlanyşy ýaly, iň kiçijik atomjagazlaram akyp aýlanyp ýör. Älem bu bir ýyldyz bolsa menem kiçijik bir atomjyk. Ýöne ikimiziňem gurluşymyz bir, ikimizem şol bir zadyň daşynda perwana. Soňabaka umytdan düşüp ugradym, Men indi hiç wagt seni duýup bilmerin diýip başladym. Indi hiç wagtam men ýazda güllerde, güýz saralan ýapraklaryň şahasyndan tänip gidişinde seni görmerin diýip pikir edýärdim. Ömür meniň üçin manysyny ýitiripdi. Indi wagtymy oňa-muňa güýmenip geçirmäge çalyşýardym. Maksadym seni, içimdäki boşlugy unutmakdy. Men gijelerine asmana, ýyldyzlara seretmejek bolýardym. Öňkülerim ýaly diňe daňyň atyşyny görmek üçin uzyn gije oturmaýardym. Tersine, men olary näçe duşumdan geçirip bilsem, şonça-da şatdym. Dünýäde näçe manysyz, diňe bir gezek ulanylyp zyňylýan zat bolsa, şolar bilen meşgullanýardym. Ýöne bularyň hemmesi at oýnatmak. Men edil bir günä iş edýän ýaly, dünýäni gizlin-gizlin synlaýardym. Gülleri, daňdan ýagyşdan soňky güýz howasyny doýa-doýa içime çekýärdim. Meni senden aýyran günälerimiň üstüne okeanlary iberesim, özümem bir atsyz dagyň çür başynda ýeke oturan kiçijik arça bolup, ellerimi, şahalarymy saňa uzadasym, dileg edesim gelýärdi. Men sensiz ýaşap bilmeýärdim. Sebäbi sen hemme zadyň özeni, manysydyň.
Ahyrsoňy...
Tomusyň ortaky aýydy. Gündiz öýden çykar ýaly däl, agşamlaram köplenç dymyk. Ýöne kä agşamlar ýeňiljek şemall howa bolýar, hiç ýatasyň gelmez. Ine, şolar ýaly bir gije men seniň gelýäniňi duýup başladym. Içim-içime sygmaýandy.
Hakykatdanam, birhili ilki günlerimiziň arassalygy gaýdyp gelen ýalydy. Men ýene-de dünýäni öz gözlerim bilen görüp başlapdym. Ýöne.. Men ýene-de aldandym. Has dogrusy, çalaja büdredim we sensizligi ýene bir gezek başdan geçirdim.
Aramyzdaky syr barada hatda seniň ýanyňda-da dil ýarman. Senem aýtma. Gel, gijeler gapymy açman gel, menem seniň ýanyňa baraýyn. Menem bilmäýin geleniňi. Hatda biziň sessizligimize ümsümlik dişini gyjasyn. Men saňa aýtjaklarymy aňryk, içime, seniň adyň ýazylan ýere äkideýin...
Adamlar agşamlaryna oturyp, bir zatlaryň hasabyny ýöredýärler: „Şeýle etseň, şeýle bolar, şu şunça, bu pylança. Şeýdäýsek nähili bolar?“ Şu bolan zatlaryň gürrüňi. Gündiziň hasaby. Ikimiz-de welin tersine. Gündiz-ä garaşmak, gije-de sessiz sessiz gürleşmek.
Mergen Amangeldi.
2001 nji ýyl.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Mergen aga, tüweleme,

Mergen aga, tüweleme, ýazyp bilipsiň! Berekellah!
Men diňe şeýle ýazgylary ýazgy okaýmasam, kyjuw bn şeýlee ýazgy ýazmak duýgysyny ýekeje gezegem datmadym.

Okamasyna-ha okadym welin, takyk näme diýeniňize düşünip bilmedim! Gijäni, deňizi, damjany teswir edipsiňiz umuman, ynsan - bu kiçijek älem, damja bolmagyna garamazdan ägirt deňiz, deňizden bir damja...Tebigatdaky närseler we olaryň sypatlary, daş keşpleri, ýaradylyş maksatlary - bularyň bary "tefekkür" bolýar öýdýän, ýagny, pikirlenmek. Bu ýagdaýy Gurhanyň aýatlaryndan hem bilse bolýar. Köp aýatlarda tebigatdaky närselerden mysallar berlip, yzyndanam :"...bulary hiç pikir edeňzokmy?!...pikir edip, amal etmegiňiz üçin...,...." we ş.m. ýüzlenme köp ýerde duş gelýär.

Mergen aga, bärde "sen" diýýäniňiz "men" bolýanmy?! Ýagny, sen=men?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

"...Gijäň ýakynlygynyň

"...Gijäň ýakynlygynyň tolgunmasyndan, işlerimiň köpelmeginden, nädip gelenini bilmedim." Şu ýerde säwlik barmy ýa dogrumy, gramatika taýdan säwwlik bar ýaly bolup görünýär?! "Gijäň ýakynlygynyň (golaýlaşýany sebäpli) tolgunmaGyMdan, işlerimiň köpelmeginden, nädip gelenini bilmedim." dogry ýaly maňa-ha!?

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

sahypa, umuman, gysgajyk

sahypa, umuman, gysgajyk ýazgylardan ybarat wakadyr ýagdaýlary okamana gelýärmikä diýýän agzalaryň aglabasy. Beýle bloglary (içinde meňkiler hem bar) gören agza derrew eýmenip geçýäne çalymdaş görünýär(meňzeýär) :)
Mergen aga, şol sebäpli-de, gysgarak ýazgylar bn oňatja edip düşündirsene bolanyna görä, men-a ýazgyňyza takyk düşünmedim! Öz-özüňi tankytmy, hasaba çekmekmi, nalynmakmy, dert dökmekmi,...?!

Ýazgylar çemeni döredýäsmi onuň daşyndan, tüweleme, aram-aram öz ýazgylaryňyzy goýýaňyz öýdýän?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Hay ata aga bolmanda sen bir

Hay ata aga bolmanda sen bir gutlayda=((

Birnji gezek hekayam gazetde chykdy.

Neyse.

gutlayan name

gutlayan
name gazet?
---------------------golym remixdir----------------------------
Baýrammyrat, sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr,
Gözel bar, müň tümen iýdirseň azdyr,
Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.

Way,

Way, gutlamandyrynmay:))
Mergen aga, seni shul gazede cykan ilkinji hekayanyz bn tuys yurekden gutlayaryn, gazae4de cykjak hekayalarynyzy we olaryn howurlerini dileyarin!
Galamynyz otgur bolsun, agam!

PS: Men hem in yokardaky nesile cap edilen ilkinji yazgym diylen yeri okamandyryn, gen galdym bu yagdaya, hay, bolsa-da dikdushdi ekenim :))

Mergen aga, soraglarymy jogaplamansynyz?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

sizin aydyanynyz

sizin aydyanynyz name,çyndanam gowy hekaya(bu hekaya dal)
mana gowy tasir etdi,edil manysyna düşünmesemem bir hili rahatlatdy,stresimi gidirdi.yogsam egzamenim bar diyip aljyrap oturdym

"Nesil"-how!!! Yokarda

"Nesil"-how!!!
Yokarda yazylgy

Ya siz on yaly gazet bilenzokmy?

Haha... aý bula gülkünç

Haha... aý bula gülkünç boldy :D
Iň birinji sözlemi okaman geçipdirin.
Bilýän şeýle gazedi, ýöne ady "Nesil" däl bolmaly? Belki öňki ady "Nesildir", ýöne häzirkisi "Türkmenbaşynyň ýaş nesli biz" ýaly bir zat dälmi?
---------------------golym remixdir----------------------------
Baýrammyrat, sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr,
Gözel bar, müň tümen iýdirseň azdyr,
Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.

Shon yaly bir zat, menem

Shon yaly bir zat, menem doly bilemok.

men-a dine gutlamadym..

men-a dine gutlamadym.. telpegem berdim:)

Sen boljak barmy agam?=)

Sen boljak barmy agam?=)