Sowgat bermeklik barada

Duynki gybatdan bashlap shu kella geldi:)
Pygammerimiz (SAW) hem bir kitapda yalnysh okamasam bir birlerimize sowgat berip durmaklygy tabshyryar bir birini sowgat bermeklik arada bolan oyke kineleri ayryp bir birini has yakynlashdyrar diyilyar
Name ucindir biz kawagtlar dine sowgat bermeli diyilende belli belli gunler bermelidir oydyas:(
In arzan gul diyeli shol beyle kan gymmat zat dal bazarda yone name ucindir gulu dine doglan gunde ya-da toyda in bolmanda hassa bolup hassahanada yatan akidip beryaris, shol gunlere hokman garashmak geremika hassa bolup hassahana dushyance garashmak esasanam hem belki bir gun on sen shona gul sowgat beren bolsan ol ozuni gaty bagytly sayyp hassada bolmazdy, yone gulleri dine gyzlar has halayarlar a oglanlara bolsa bilemok ozleri aydarlarda:) yone bilyan zadym hemme kisha kawagt arasynda gowy soz hem uly sowgat bolup bilyar:)
Dushunmedikleriniz bolsa 4 sapar okayyn ondan dushunersiniz:)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: ""Pygammerimiz (SAW) hem bir birlerimize sowgat berip durmaklygy tabshyryar!" diýeniň hem-de baş sahypa üçin"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Sen gowja?

Sen gowja? :)
---------------------golym remixdir----------------------------
Baýrammyrat, sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr,
Gözel bar, müň tümen iýdirseň azdyr,
Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.

Senem gowyja yone men senden

Senem gowyja yone men senden has gowyjada:))) _____________________________
Gozum yashdan doldyryp
cyndan gulesim gelyar
Ykbalyn icin yakyp
Bagtly bolasym gelyar

Ikinizem

Ikinizem gowja.
***************************************
Gozel gyzdan dine gozel pikir yagshydyr.

a ha

menin bir tanayn garryja dayzam bar shonyn elmydama dili bir suyji yone salamlashanda hem Garadagym arkadym nahili bamyn senem diyyade:)))) _____________________________
Gozum yashdan doldyryp
cyndan gulesim gelyar
Ykbalyn icin yakyp
Bagtly bolasym gelyar

güler ýüz hem hem sadaka

güler ýüz hem hem sadaka bolanyna görä, mylaýym söz sowgat bolarmyka diýýän, aslynda, şol sowgada her bir maşgala we olaryň agzalary hemişe mätäçmikä dýýän, gör, nähili gowy sowgat!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

nireden bilýäňiz-aý

nireden bilýäňiz-aý bir-biriňiz gowjadygyňyzy:)
duşuşyklara baryp bilmedim-dä:) ýogsam, men hem häzir paňlar oturardym :))

oýun bir ýana, sowgat barada hadys bardy, gözledip tapyp bilmedim, manysy boýunça şeýle maslahat berilýär:"Herkim uzak bir ýere syýahatdan gelende, maşgalasyna(ýakynlaryna) sowgat getirsin!"

Şol sebäpli-de, bu pikiri goldaýaryn.

Özüm-a gury töňňe ýaly bu babatda, öwrenmeli 1 zat edip, Mergen dagy oňat bilýär öýdýän bu ýagdaýy, Baýram-a meň ýaly, duranja ýerimikä diýýän sowgat meselesinde :))
TÇ-den her ýyl öýe baramda 100 sakgyç bn baryp, gelen goöşy-golamlarymyza paýlan bolýadyk. Öýdäkilere bolsa jorapjyk, el ýaglyk, polotensa, ýaglyk, jalbar, köýnek, köwüş ýaly zatlary eltip berýärdim, iň begenýän zadym hem, azajygam pul elten bolýardym aldarlyk:)
aslynda, özüm talyp-laý welin, ýene-de, hamana, pulam eltip bermeli diýen pikir bardy mende, ýogsam, işlämokdymam-la, diňeje stipendiýa bardy.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Woow, turkmence elipbiy

Woow, turkmence elipbiy bilen yazip bashladinizmi siz hem indi? Gowy, gowy..

Let me guess, Vistali taze komp. aldynyz gerek? Hawa bolsa, Gutly bolsyn. Vistadan eyyam zay bolan bolsaniz pozmaga komekleshjek ;-)

ýakynda bergidar bolmak

ýakynda bergidar bolmak diýip blog açypdym, indi bergilerimi üzdüm welin, doganyma tel sowgat edäýdim-ow:)
özem gowja telefon, onuň daşyndan, ýene doganymyň ýoldaşyna-da gowja tel berdim doglan gününe, suratynam goýupdym ses berlişik üçin açanymda.
Funksiýalar/aýratynlyklaryny hem ýazypdym.
Bular meniň üçin iň gymmatbaha sowgatlar kategoriýasyna/görnüşine girýär :))
sizde sowgatlaşma ýagdaýy nähilikä?!
Ýa sizem meň ýaly "odun"-my :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Wah mena dogrymy aytsam

Wah mena dogrymy aytsam gyzlara sowgat saylamaly bolsam ansat saylayyan yone oglanlara welin kan saylap bilemok kawagt arasynda olam:) shu gun hem kakamyn doglan guni hem entak saylamok sowgady name berjegimi hem bilemok:( _____________________________
Gozum yashdan doldyryp
cyndan gulesim gelyar
Ykbalyn icin yakyp
Bagtly bolasym gelyar

kakalar hemişe maşgalany

kakalar hemişe maşgalany eklemegiň aladasynda, şol sebäpli, olar şahyslaryna alynan sowgady däl-de, belli mukdard berlen pula has bgnýän ýaly göwnüme bolmasa?!
Biziň maşgalada-ha şeýle, beýlekilerde hem, umuman, şeýleräkmikä diýýän!
Ýene-de kakalar öz gyzlaryndan aýratyn alan sowgatlaryny hem unutmazlar ýöne. Men-ä köýnejik alyp bererdim, belki. Pul bermejek bolsam :))
Kakam semiz, tüweleme, meniň 2 essem dagyn bar, şol sebäpli, meniň eşiklerim oňa bolanok, kämahal täze eşik alaýmam bar, şolardan birini beräýjek bolýan welin öýe baramda, teý, bolanok-da :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Wah Ata aga kakamyn ozunden

Wah Ata aga kakamyn ozunden biraz pul alayyn diyip durdym sizem beyle diyaydiniz:)))
Wi ondanam mena sizin kakanyza semiz diyip bilmerin sebaibi iki Siz yaly bolsa:))) oyyndyr
_____________________________
Gozum yashdan doldyryp
cyndan gulesim gelyar
Ykbalyn icin yakyp
Bagtly bolasym gelyar

şu ýerde sesli güldüm:))

şu ýerde sesli güldüm:)) sen eşiden dälsiňdir welin, aýdaýyn diýdim :)
jigim, meni şeýle hor gördüňmaý?! Haýsy suratymda şeýle hor ekenim:) Görenem meni çybykdyr öýder seniň ýazgylaryňy okasalar :))
Dädem(=kakam) semiz-le, azyndan 100 kilony-ha geçýän bolmaly ol, menem 77 kilo öýdýän häzir, boýam 1.86 :)
Boýa görä adatyrak bolýan dälmi näme?!
Sowgat babatda meňki hem kyn, yks large (XL=ullakan ölçeg =>çopanlygym belli bolýarmy:) gerek bolup bilýär boý taýdan:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

wiý, kakaňdan dagy pul

wiý, kakaňdan dagy pul alyp, sowgat aljak bolsaň, onda ilki onuň egin-eşik taýdan haýsy zadynyň köneligini öwren, soňam şony alyp beräý-da, hem söýgüli gyzyndan sowgat, hem-de mätäç/gerekli zat:))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

WIIIIIIIIIII saytdashlar bu

WIIIIIIIIIII saytdashlar bu bloga sizem yazynda nahili sowgady gowy goryanligini ya bolmasa kime uytgeshik sowgat edenizi
_____________________________
Gozum yashdan doldyryp
cyndan gulesim gelyar
Ykbalyn icin yakyp
Bagtly bolasym gelyar

Plan zady sowgat etseler

Plan zady sowgat etseler gowy görýän diýip biljek däl, sowgadyň hemmesi hem gowy. Garaşylmadyk pursatda ýada ýagdaýda sowgat berseler täsirli bolýa.
Bir tanyşym USAiii gidip geldi, maňa Bob Marley-yň disklerini sowgat getiripdir, ýaman begendim. Bu adaty sowgat däl, birine köýnek, duhy, kitap alandan has täsirli.
Birem men özüme sowgat etmäni halaýan. Ýöne olar ýalak sowgady epesli wagtlap garaşyp alýän. Mysal üçin diýýän "Şu sezon çempion bolsak özüme forma (jersey) sowgat etjek", sowgada çenli 4-5 aý garaşmaly bolýan.

paid tha cost to be da Bo$$

ata aga siz yaman horlay

ata aga siz yaman horlay tanyş görünyanizlay:))))))))))

mena her tr gidemde sowgat hökmünde kilelap tatly- akityan barybam gürp iyas maşgala bolup---gyzlara name sowgat aljaga mena bilip bilemok,oglanlara men ayakgap-jeans...sypyryalar:)

......................edebi edepsizden öwren.......................

ejem-kakama hiç haçanam

ejem-kakama hiç haçanam uly sowgat alyp gormedim oydyan men-a.. ejeme bir zatlar alan bolyan welin kakama sowgat berenim yadyma düşenok..yone tr'den baranymda şu yil kakama kitap alypdym.. kakam kitap okamany yaman gowy gorya..boş durmaz.. özi hem bir wagtlar bir kitap yazypdy welin çap edilmedi.. özüm yene azajyk ulalayin son çap etjek nesip bolsa..sonam kakama şony sowgat etmek islardim..

Mahri wrote: WIIIIIIIIIII

Mahri wrote:

WIIIIIIIIIII saytdashlar bu bloga sizem yazynda nahili sowgady gowy goryanligini

Owadanja ya bir gen-tasin suvenir berseler gowy goryan :)))

pul

pul berseler:D
......................edebi edepsizden öwren.......................

uytgeshik birine sowgat

uytgeshik birine sowgat edendirin diyemok.
"Plan zady - sowgat gowy görýän diýip biljek däl, sowgadyň hemmesi hem gowy. Garaşylmadyk pursatda ýada ýagdaýda sowgat berseler täsirli bolýa." shuny iki elim bilen goldayan!

Men sowgad uchin azap edilen

Men sowgad uchin azap edilen bolsa gowy goryan.Meselem azap edip goshgy duzup berseler,yada seyrek kitaby gozlap tapyp berseler has begenyan.Bazaryn bir ujundan baryp gabat gelen gowja zady satyn alsalar name bolsada on yalak tasir edenok.
Birem mana yakyn dal birisi shu wagt gerek zadymy berseler bir hili bolyan.Sebabi menin shona matachdigimi bilipdirler we shon uchinem ozumi biraz gozgyny duyyan.A yakyn biri berse onda eyyam uytgeshik bolyar.

***************************************
Gozel gyzdan dine gozel pikir yagshydyr.

Oglanlara sowgady almagyn

Oglanlara sowgady almagyn mohum daldiginin sebabi olaryn beyle zatlary kan pikir edip durmayanligindandyr.Gyzlar bolsa ynjyk(havadan nem kapan)bolyar.

Mena oye gidenimde elim bosh

Mena oye gidenimde elim bosh gitmejek bolyan, in azyndan
mashgalama bir zatlar alyan...
Kakam barka ona koynek alyadym TR'den, ejeme ve gyz doganlaryma kumush yuzuk alypdym(altyn'a pulum yetmedi :D),
Oglan doganyma jynsy/fudbolka dagy alyan, yone olam menin
birgiden zadymy sypyryp galyar, bu yilima ne gozel adidas
ayakgabym, cargo short'ymy ve yene-de 2-3 sany govy ve
gymmat zadymy sypyrdy "Barde tapdyranok, sen barsan alarsynda" diyip, hamala men pul guzlayan yaly...

Ozuma manylyja zatlary govy goryan, maddy mochberi mohum dal..Klasiki bolup giden kop zat meni kan begendirenok, uytgeshigrak zat bolsa has govy goryan,
azap edilen dagy bolsa hemmesinden govy...Yagny, gyzlar
elleri bilen 1 zat orup berseler, menin uchin shol belki
300$'lyk telefon berenden has gadyrly bolar...