Zyna etmek howpy we ondan goranmagyn tarleri!

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Ýokardaky soraglar, belki-de, köpümiziň özümize diýýän soragdyr ýüzlenmelerinden biridir. Bu babatda maňa-da jogapkär hökmünde elektroniki poçta arkaly sorag sorapdylar, ýöne sahypamyzyň (www.yslam.net/www.yslam.info) köpden bäri işlemeýänligi sebäpli hem-de bolar-bolgusyz bahanalar bilen jogap ýazmandym. Indi mümkinçilik bolan wagty elimden sypdyrmak islemedim. Aslynda, jogap ýazýanam welin, özümiň hem derdim bolany sebäpli, has laýyk biriniň ýazmagy, elbetde, has amatly bolardy, sebäbi, meň ýazjaklarymyň täsir güýji hem öz ejiz ruhym ýaly ejiz bolarmyka diýýän. Şoňa garamazdan, bu babatda bilýänjelerimi we öňkileriň tejribelerini siziň bilen paýlaşmak isledim. Ynha:

A – Käbir maslahatlar:

1 – Mekan/ýer täsiri:

Gezýän we ýaşaýan ýerleriňizde şu ýagdaý üçin mümkinçilik bar we köp bolsa, onda bu ýagdaýdan gutulmak mümkin bolsa-da kyn bolup biler, şol sebäpli-de, mümkin bolsa ýaşaýan ýeriňizi bu ýagdaý üçin has amatly bolan ýerlerden tutmaga/edinmäge synanyşyň.

2 – Tirkeşýän ynsanlaryň täsiri:

Bile bir ýerde bolýan, işleýän we ýaşaýan ynsanlaryňyzyň hem bu ýagdaýa bolan meýilleri we olaryň häsiýetleri size bu babatda erbet täsir edip biler, şol sebäpli-de ynançly, gözel ahlakly we tämiz ynsanlary dost/jora tutunmaga synanyşyň.

3 – Mukaddes kitap we çeşmelere hormat goýmak we gulak asmak:

Gurhan we hadys kitaplarynda Biribar we ilçisiniň (SAW) bu babatdaky beýanlaryny okap öwrenmeli we olara eýerjek bolmaly. Meselem, Gurhanda “zyna etmäň!” däl-de “zyna ýakynlaşmaň!” diýip buýruk berilýär! Ýokardaky iki maddanyň täsiri şundanam belli bolýar! Ýene Gurhanyň “Möminler” atly süresiniň 5, 6 we 7-nji aýatlarynda şeýle diýilýär:
“5-Olar oz ar-namyslaryny(mahremliklerini) gorarlar;
6-Dine oz halallary(yanyoldash) bn aragatnashykda bolarlar, sebabi bu yagday tebigydyr we ayiplanylmaz;
7-Yone bu serhedin dashyna cykmaga ymtylyanlar, asyl (bagt we namyslaryny)yitirenlerdir”
Hadysdyr başga çeşmelerde bolsa zynanyň uly günälerdenligi we jezasynyň hem uly boljagy bildirilýär. Yene hadysda “zyna etmek isläp-de, Biribar gorkusy sebäpli, ondan ýüz öwrülse, onda 100(?!) günlük nafile(parz, wajyp we sünnetden daşary bolan) ybadatyndan has köp sogap gazandyrýany” we ýene-de “Biribar gorkusy sebäpli, garşy jynsa şehwet bilen seretmegiň deregine ýüz öwren ýagdaýyňda, Biribaryň kalba ondan has köp lezzet yhsan/peşgeş edýäni” bildirilýär. Başga bir hadysda bolsa “Şeýtanyň waswasynyň ynsan üçin möýüň kerebi deýin ejizligi” bildirilýär, ýagny, bir ynsan gidip barýarka, öňünden möýüň kerebi çykanda, ondan gorkmagy we “indi öldüm, meni möý iýer!” diýmegi nähili gülkünç bolsa, şeýtanyň waswasynyň hem täsir güýjinden gorkmagy we boýun egmegi şonça gülkünç bolmaly. Şeýtanyn wezipesi diňe ynsan aklyna waswas bermek, meselem, ynsanyň aklyna garşy jynsdan biriniň suduryny surat halynda sokmak, yzyny bolsa ynsan öz nebsi bilen dowam etdirýär, surat halyndaky dudura jan bermek, eşiklerini çykartmak we ş.m. Diýmek, bize hadysdaky beýany ýatlap, wyždanymyzy diňläp, sudury kabul etmezlik galýar.
Jenneti arzuwlamak we jähennem azabyndan halas bolmak üçin, ahyreti we menzillerini ýatladýan aýat we hadyslary hökmany ýagdaýda okap öwrenmek we olara uýmak/eýermegiň ähmiýetine göz ýetirdikmikäk diýýän!

4 – Beýik şahsyýetleriň sözlerine gulak asmak:

Ýokardaky madda kybapdaş. Günümizde Yslam bilimlerini iň oňat bilýän ynsanlaryň bu babatda aýdan sözdür ýazan zatlaryny okap amal etjek bolmaly. Olaryň sözleri has täsirli bolýar, çünki özleri bu ýagdaýlary iň oňat ýagdaýda amal edýärler.

5 – Öýlenmek/durmuşa çykmak, bu mümkin bolmasa agyz beklemek:

Hadysda bu babatda şeýle diýilýär:” Baylygy we guyji yeterli bolan oylensin, eger guyji yetmeyan bolsa, agzyny beklesin (oruc tutsun), cunki agyz beklemek (nebse garshy) galkandyr, giybat bilen deshilmedigi muddetce! “

B – Wakalar:

1 – Nebsine ýeňilýän sahaba we pygamberimiziň maslahaty:

Bir gün ýaş sahaba sahabalaryna Yslam dini we hökümleri barada maglumat berip duran Pygamberimiziň ýanyna gelip(sahaba=S, Pygamber=P) :
S- Eý, Allahyň Resuly, men nebsine ejiz biri, zynanyň külli günäligini bilýän, ýöne çydap bilemok, maňa bu babatda rugsat beräýseňiz!
P- Eý, S, sen şu ýagdaýy öz ejeňe etseler halarmydyň?
S – Ýok!
P- Eý, S, sen şu ýagdaýy öz gyzyňa etseler halarmydyň?
S – Ýok!
P- Eý, S, sen şu ýagdaýy öz gyz doganyňa etseler halarmydyň?
S – Ýok!
P- Eý, S, sen şu ýagdaýy öz ýanýoldaşyňa etseler halarmydyň?
S – Ýok!
P – Ynha, görşüň ýaly, senem başga biriniň halamajak ýagdaýyny amal etjek bolýarsyň! (Kim näme etse, netijesi hem şoňa görä bolar) Şol sebäpli-de, sen bu höwesiňden ýüz öwür (we Biribardan sabyr we namys dile)! – diýýär we yzyndanam mübärek ellerini şol sahabanyň kalbynyň üstüne goýup, Biribardan şol sahaba üçin dileg edýär. Wakany gören sahabalardan biri soňra şeýle diýýär: “Şol sahaba Pygamberimiziň dileginden soňra şeýle toba etdi we şeýle durmuş ýaşady welin, ony görenler özlerinden haýa etdiler.”

2 – Ata bin Ýesar we nebsine ýeňilen zenan:

Ata b.Ýesar beýik Yslam alymlaryndan biridi. Görmegeý we iffetli (namysly) biridi. Ol bir gün ýolda gidip barýarka, öňünden bir zenan çykyp, ondan nebsini gandyrmagyny talap etdi. Ata b.Ýesar hem şol ýerde durup:”Men haýsy günäni işledim-de, bu aýal gelip menden şeýle betpäl islegi talap etdikä?!” diýip, birden oturdy-da toba edip, aglap başlady. Ol şeýle bir aglady welin, şol zenan hem oturyp aglap başlady. Ynsanlar bu ýagdaýy gördüler we şol zenan haýa edip, turup gitdi we yzyndanam düýpli toba etdi. Biribar onuň tobasyny kabul etdi. Şeýle bir namysly zenana öwrüldi, beýleki zenanlaryň arzuw edýän oňat mertebelerine gowşup, bu babatda görelde boldy.

3 – Baý Kifil we çäresiz zenan:

Kifil atly bir baý bardy, ol hemme betpäl işlere baş goşupdy we bu ýagdaýy bilen ynsanlar arasynda tanalypdy.
Bir ýyl erbet guraklyk gelip, ähli ynsanlaryň ambarlary taňkyrap galypdy. Kifiliň ambarlary bolsa dolup durdy. Bir maşgalaň halys çagalarydyr özleri mejalsyz galyp, äri aýalyna Kifilden un karz almaga iberdi. Kifil bolsa ol zenana öz betpäl arzuwyny aýdyp, ýerine ýetirse berjegini aýtdy. Zenan kabul etmän yzyna gaýtdy we ärine ýagdaýy bildirdirdi. Äri çagalarynyň açlykdan ölmezligi üçin öz razylygyny bildirýänini beýan etdi, aýaly nälaç ýene Kifiliň ýanyna bardy we kabul edýänini bildirdi. Kifil ýakynlaşan wagty zenanyň bedeni galpyldaýardy, Kifil sebäbini soranda :
- Men edýän zadym sebäpli Allahdan gorkýaryn! - diýdi. Şonda Kifil:
- Sen zenan halyňa llahdan gorkýaň, a men näme üçin gorkamok?! – diýip, toba etdi we zenana el degirmän, uny hem berip goýberdi. Şol gije ol ruhyny Biribara tabşyrdy we ertesi irden ynsanlar onuň gapysynda:”Biribar gorkusy sebäpli Kifili Jähennemden azat etdik!” ýazgysyny gördüler.

4 – Hz. Yusup (a.s.) we Hz. Zeýnep:

Bendesi bolan Hz.Yusuba nebsini gandyrmagyny talap eden Hz. Zeýnep, boýun towlan Hz. Yusuba topulypdy, şonda yzyna öwrülip, gaçmaga başlan Hz.Yusubyň köýneginiň arkasyny ýyrtyp galypdy. Netijesinde töhmet atyp, ony ýoldaşy bolan padyşa arkaly zyndana atdyrdy. Soňunda bigünäligi belli bolup, padyşanyň hem wepat etmegi bilen Hz.Zeýnep bilen toý etdiler we şondan soňra Hz.Zeýnep örän asylly, namysly bir zenan bolup, bu babatda zenanlara görelde boldy.

5 – Görmegeý toý goňşusyndan nebsini gandyrmagyny talap eden betpäl zenan we netije:

6 – Mätäç zenana maddy kömek eden taksiçi we oňa ruhy älem arkaly kömek eden Pygamberimiz:

7 – Biriniň padyşa we wezirine mazaryny gazdyryp, jaýlatmagyna sebäp bolan aýratynlygy:

8 – Nebsine erk etdi, her iki älemde bagtly boldy:

Medresanin sonky yil talybydy. Ol oz hujresinde (otag) garanky gijede (cyra bolmanson) shem yakyp, onun yagtysyna sapaklaryna calyshmaga dowam edyardi. Sagat hem gijanin yarysy bolup, dasharyda gijeki gopan gay-tupan hem dowam edyardi. Ol gayrat bilen okamagyna we yazmagyna dowam edyarka, birden onun hujresinin gapysy kakyldy. Ol:
-Bah, gijanin bu wagty kim menin hujrame geldika!? - diyip, gapysyny acanda, onunde yetishen we sheyle owadan bir gyzy gorup ank-tank boldy. Ol namanin nameligine dushunman durka shol gyz:
-Salamalik! Bagyshlan, men yoldan gecip baryarkam, shu turan tupan sebapli, yolumy yitirdim, sygynjak yer hem tapmadym, size hayish edyan, meni shu gijelik oz hujranize alsanyz, ertir irdenjik men hic gormanka bu yerden giderin, dasharda men hazir nirede galayin, mana rehminiz gelsin - diyip, oz cykgynsyz yagdayiny aytdy. Talyp bu aydylanlara name diyjegini bilman oz icinden az salymlyk oylanyp durdy, wyjdan-nebis soweshi az salymlygam bolsa dowam etdi, yone sonunda wyjdan ustun cykdy we ony iceri aldy. Ol ozunin yatyan yerini ol gyza tayyarlap berip, ozi hem sapaklaryna calyshmagyna dowam etdi. Gyz shol bada surnugyp halys bolan yadaw bedeninin yadawlyk yzasyna cydaman yatypdy. Talyp shem yagtysy bilen sapagyna calyshyarka, aram-aram gozunin gytagy bilen oz yorganynda yatan owadan gyza-da nazar aylayardy, nebsi ona weswese beryardi, shonda ol yene0de wyjdanynyn guyji bilen ozune erk edip, barmagyny yanyp duran shemin ustune az salym tutup duryardy we yanan barmagynyn yzasyna cydaman, barmagyny yzyna cekyardi. Oz nebsine-de:
-Goryanmi, sen shujagash odyn tasirine 1 minut hem cydap bilenok, a senin etmek isleyan gunan gazandyryan jezasy bolan sheyle guycli jahennem oduna nadip cydarsyn, ha!? - diyibem, nebsini ynandyryar we ozune erk edyardi. Bu yagday ertir dandana cenli dowam etdi. Bu yagdaya gijanin sonky boleklerinde gozuni acan gyz hem shayat bolupdy. Ertesi irden ol gyzy oz oyune gitmegi ucin talyp ugradypdy.
Aslynda, ol gyz yurdun bash wezirinin gyzydy we ol bolan wakany kakasyna bolshy yaly gurrun beripdi, kakasy hem shol talyby cagyryp, name ucin beyle edenini sorapdy, shonda talyp
-Kyn gune dushene komek etmek her bir musulmana bolshy yaly, menin hem borjum, shol sebapli, gyzynyzy apy-tupandan we yagyshdan gutulmagynyn bashga caresi bolmany ucin goramak ucin hujrame aldym, ony yetyrybam, nebsimin betpal islegine garshy goranmak ucin shem bilen barmagymy yakyp, ona jahennem odynyn has guycli we tasirlidigini aydyp ynandyrdym we ozumi hem saklap bildim sheylelik bilen - diyip jogap beripdir. Wezir bolsa ondan hoshal bolup, oz gyzyna shol talyba durmusha cykarypdyr. Olar oran bagtly mashgala bolupdyrlar we ozlerine mynasyp sheyle asylly, ynancly we ahlakly cagalara eye bolupdyrlar. Garaz, hadys bushlugy bilen, bu dunyadaki onat amallary sayasynda(sebapli), beyleki tarapda-da Jennetden bir bakja eye bolupdyrlar butin bir mashgala bolup!

Telpekler (2 kisiden 6 sany)

Bu yazgi ucin

  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • vVv 5 telpek goyyar we yazyar: "berip bilsem hemmesini bererdim.. şu yazga.. sebabi mana degişli kan yeri bar ekeni.."

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

cpoy/paste edilen

copy/paste edilen öytayn... gyzyksyzrak bolyar..emma yazanyna habardar edenine sagbol...elin ayagyna saglyk
+manada kyn düşyar...

açylmadylay ol yslam.net
......................edebi edepsizden öwren.......................

hmm, hawa, ilki yazdym

hmm, hawa, ilki yazdym onatja edip, sonam sahypada onem goyan yerlerim bardy, ikinji gezek yazyp oturman alyp goyayin diydim!

yene-de minnetdar, jigim :))

Ata aga, soragyn doly

Ata aga, soragyn doly chykanok mowzugyn adynda, gysgarak bir
zatlar tapaymasan...Gysgarak at tapan vagtyn uytgedersinda adyny.

dushnukli, Mergen! men hazir

dushnukli, Mergen!

men hazir gysgaltmakcy, wiy, sen uytgedenini uzatmakcy :))

sag bol, jigim!

blog adyny uytgetmeli

blog adyny uytgetmeli boldum, sebabi syganok, onki ady bolsa sheyledi:

"Men ýetişen/öýlenen toý oglan(gyz) / erkek(zenan), özümi nebsimiň bu babatdaky höweslerinden (zyna) goranmak maňa kyn düşýär, men näme etmeli?! "

Bellik: Mysallarda birnacesini yazyp yetishmedim, bilyanler yazaysa olary, bolmasa, wagt tapyp yazyp bilsem, ozumem yazjak bolaryn bugun! Ensallah, yazaryn!

Zyna edenlerem bardyr,

Zyna edenlerem bardyr, elbetde! Olar ucinem gic dal, toba gapysy hemishe acyk bolar, ensallah, yhlasly bolsak!

Bu babatda Gurhanda sheyle diyilyar:

قُلْ يَا عِبَادِيَ الَّذِينَ أَسْرَفُوا عَلَى أَنفُسِهِمْ لَا تَقْنَطُوا مِن رَّحْمَةِ اللَّهِ إِنَّ اللَّهَ يَغْفِرُ الذُّنُوبَ جَمِيعاً إِنَّهُ هُوَ
الْغَفُورُ الرَّحِيمُ

yagny:

"(Ey, menin Resulym, olara) Sheyle diy: Ey, oz nebislerini (guna baryny gazanyp) isrip eden bendelerim! Allanyñ Rehmetinden umudyñyzy kesmäñ! Ol Allah ki, (siziñ eden) hemme gunäleriñizi (yene-de siziñ yhlas bilen toba etmegiñiz sebäpli) bagyshlar! Ol, hakykatdan hem, orän Gafur (hemme gunäleri bagyshlayan) we Rahym (orän merhemetli)dyr."

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hajyjan 1 telpek goyyar we yazyar: "Ayat 3in:)"

:)

Zına etmek haram. Zına eden erkek/ayal bilen öylenmek haramdır. Zına eden erkek/ayal dine zına eden bilen öylenip biler. Yöne toba edip son ol erbet zadı etmeyani bolsa orta arada goyup bolmayar. Gurhanda şeyle diyilyar "zınan töweregine yakınlaşman." Yagnı zına etman diyenok yakınlaşman diyyar. Onun gapdalındanam geçjek bolmalı dal. Sebabi hiç kim nebsine guwanıp men yakınlaşsamam zına etmerin diyip bilmez. Zına yakınlaşandan son ol yerde akıl işlemegini goyyarda onun yerine "his" diyilen zat işlap başlayar. Onun bolsa gözü kördür we önüni görmeyar. Yagnı zına edenden son name boljak onı pikirlenip bilmeyar. Emma zına edenin sonı dowzahdır. Egerde son toba etmedik bolsa. Onsonam gadırlı agzalar zına diyilende dine jınsı aragatnaşık diyip pikirlenmeli dal.
Göz zınası bar...
Gulak zınası bar..
El-ayak zınası bar...
Aslında bularam zına emma buları pikirlenip oylanmak kınırak gelyar...
___________________________________
meko:)

Göz bilen görsem - gözüm aglar,
Görmesemde - könlüm aglar,
Yanar yürek - sensiz aglar,
Dostsız galsam - kimler aglar?..:'(

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • vVv 5 telpek goyyar we yazyar: "aytdyn gutardy"

şol göz zynasy--buguna

şol göz zynasy--buguna düzeljek söz beryan diyip ygyp yörken yene bolyada:(
......................edebi edepsizden öwren.......................

Goz zynasy yene bir gapdala,

Goz zynasy yene bir gapdala, shon ozuni etman saklanyp bilsen shukur etmeli
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • vVv 1 telpek goyyar we yazyar: "edil özi"

sen şükür

sen şükür etyanmi?:D

köplenç yolda-yzda-avtobusta-kitaphanada-parkda-magazinde gabat gelyan...

ay mena molla ekenimlay diyyan özüne...

......................edebi edepsizden öwren.......................

barde we US-da serishdeler

barde we US-da serishdeler kop, ol dushnukli-le, bizem yetishen oglanlar :))

mekan85 wrote: Zına eden

mekan85 wrote:

Zına eden erkek/ayal dine zına eden bilen öylenip biler.

Nireden okadynay beyle zady ?? Edil shu yazanyny quote edip biljekmi ynansa
bolyan cheshmelerin birinde ??
Onsonam gyz mashgalalar nadip bilmeli oglanyn zina edip etmanligini ??

Sorasa bolmazmy? Menden

Sorasa bolmazmy? Menden sorasa gyz, aydardym name edenem bolsam. Yone beyleki oglanlary biljek dal
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

Gep sen ya-da mende dal,

Gep sen ya-da mende dal, yone aytmajak oglanlar hem bardyr, onson bu
yerde "maly/meli" yaly sozleri ulanmagyn na derejede dogrulygyny biljek
bolyan...
Gyzyn haky elbette "Men gyz, zyna etmedik oglana-da durmusha chykjak"
diymek, yone oglanyn nahili jogap berjegi belli dal bolany uchin, bu biraz
gyzyn islap-islemeyshinden has kop, oglanyn aldap-aldamayshyna baglyrak bolyar..

"Zina eden erkek ancak, zina

"Zina eden erkek ancak, zina eden veya Allah'a ortak koşan bir kadınla evlenir. Zina eden bir kadınla da ancak zina eden veya Allah'a ortak koşan bir erkek evlenir. Bu mü'minlere haram kılınmıştır.” (Nur/3)

-------------------------------------------------------------------------------------
"Bir narsani yaratmagy irade eden vagty O'nun ishi dine "BOL" diymekdir, bes ol narse bolar" (yasin suresi)

Gyz nadip bilmeli chykjak

Gyz nadip bilmeli chykjak adamynyn zyna edip etmanligini ?? Sebabi onun
beyle adama chykmasy haram bolyar yokardaky ayata gora, yone muny
nadip bilsin o gyz ?? Oglan toba-da etmedik bolsa, yone gyza-da aytmayan
bolsa, onson gyz name etmeli ?

Shu yerde bilesim gelen zat

Shu yerde bilesim gelen zat bar.
Olam turkche bilen baglanyshykly. Zyna eden bilen zyna eden "evlenIR" name diymek? Yagny "oylenMELI" diymekmi?
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

Inlischesi(The

Inlischesi(The Light/3):
" The adulterer cannot have sexual relations with any but an adulteress, or idolatress. And the adulteress, none can have sexual relations with her but an adulterer or an idolater: to the Believers such a thing is forbidden."

Yone yzyndanam(The light/5):
"Except those who repent thereafter and mend (their conduct); for Allah is Oft- Forgiving, Most Merciful." = "Toba edip, bolushlaryny(hereketlerini) duzeldenler'den(dogrylanlardan) bashgalar"

Mena muna toba edenler uchin gapy achyk, yone toba etmedik bolsa, onda
toba edyancha hich kim ol gyza* oylenmeli dal/ol oglana* chykmaly dal diyip dushundim!
Yone yokarda-da sorayshym yaly, gyzyn bu yagdayi nadip anyklap biljegini bilemok,
oglan aldayin diyse her zat diyip biler..

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

:)

Dine şu yagdayda bilinip biler. Olam her iki tarapınam bu ayeti bilse, dinin kada kanunlarını owrense onda problema bolmaz. Emma bilmeyan bolsa onda ol ayratın mesele. Hem "bilenle bilmeyen bir olmaz".Bu mowzuk gatı çun mesele.Munun içine girsek çıkmagı kın bolar.
___________________________________
meko:)

Göz bilen görsem - gözüm aglar,
Görmesemde - könlüm aglar,
Yanar yürek - sensiz aglar,
Dostsız galsam - kimler aglar?..:'(

Türkmençilikde eger

Türkmençilikde eger çyndan bir gyza öýlenmek isleýän bolsaň, onda oglan tarapyň aýal maşgalalary gidip barlamaga rugsat'y bar öýtýän. Ýöne hany indi beýle hezillik barmy diýsene? Kimiň nämedigi hem belli däl:(

Mena gyz bolsam oglan

Mena gyz bolsam oglan tarapdan gelenlere o yerimi bu yerimi barlatmak
anyrda dursyn, gorkezmezdimem...Olar kimmishin how ?? Hich zat'dan
bashy chykmayan adamlar, nadip "barlag" gechirjekmishler ?? Hich hili
medisina-dan habarsyz adamlara "barla" diymek manysyz...Yaman ayip
zat, sheyle zat bolan bolsa-da ayirmaly !!
Beyle barlasy gelse oglanyn, gyz hem razylyk berse, onda ishinin ussady
doktor'lara gitsinler ve "adam shekilli" barlasynlar, doktor govy
bilyandir name edyanini, gyzy elleri "fonarikli" dayzalaryn eline bermek
samsyklyk...

Men öz eşidenlerimi

Men öz eşidenlerimi aýtdym diňe. Ýöne doktor'a gitmek diýýäniňi men hem gollaýan:)

100 adam geler 1-i alarama

100 adam geler 1-i alarama diyyaler 1000 adama barlatjak bolsan başga işem gerek dal:)

......................edebi edepsizden öwren.......................

Toba toba :)))

Toba toba :)))

:)

"evlenir" diymek öylener diymek.
___________________________________
meko:)

Göz bilen görsem - gözüm aglar,
Görmesemde - könlüm aglar,
Yanar yürek - sensiz aglar,
Dostsız galsam - kimler aglar?..:'(

meal...

intizar1315 wrote:

"Zina eden erkek ancak, zina eden veya Allah'a ortak koşan bir kadınla evlenir. Zina eden bir kadınla da ancak zina eden veya Allah'a ortak koşan bir erkek evlenir. Bu mü'minlere haram kılınmıştır.” (Nur/3)

Terjimesi:

Zyna eden erkek diňe zyna eden ýa-da Allaha şärik goşan zenan bilen durmuş gurar. Zyna eden bir zenan bilen hem diňe zyna eden ýa-da Allaha şärik goşan erkek öýlener. Bu möminlere haram kylynandyr. (Nur/3)

Aslynda, aýatda "öýlener" diýýär, ýagny, amal<=>netije (etki=tepki) sazlaşygy ýaly bir zat. Bu babatda umumy ýagdaýda "kim näme etse, şoňa hem duçar bolar" diýen kanunyň täsirinde galyp biler. Bu ýagdaý hem bu dünýä, hem-de ahyret üçin hem bolup biler. Hökmany ýagdaýda şeýle bolar diýen netije ýokmuka diýýän, sebäbi, ýene Nur süresi 5-nji aýatda hem edilen toba netijesinde tobasy kkabul edilip, şol ýagdaýyň daşyna çykarylan "taib(toba eden)" ynsanlar barada aýdylýar. Garaz, aýat "zynaň ýanyna-da golaýlaşmaň, ýogsam netijesini hem şoňa laýyklykda (zyna eden birisi bn durmuş gurmak) görüp bilersiňiz!" diýip, zynanyň ilki bn-ä haramlygyny takyk ýagdaýda aýdýar, netijäniň näme boljagy bn hem ynsanlara sapak berýär, säginmekleri ündelýär pikirimçe!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

:)

Gurhanı okap göray. Edil şu wagt haysi ayetdigi dolı yadıma düşenok yöne in yakın wagtda men yazarın.
___________________________________
meko:)

Göz bilen görsem - gözüm aglar,
Görmesemde - könlüm aglar,
Yanar yürek - sensiz aglar,
Dostsız galsam - kimler aglar?..:'(

Yokarda yazdy intizar

Yokarda yazdy intizar gelneje, Nur/3 ekeni, men "context"i
bilen bile okamak uchin soradym "nirede yazylan" diyip..

ewway Ata aga sizmay dogrymy

ewway Ata aga sizmay dogrymy aydayyn tanamandyryn shu wagt tanadymow name ucin nikinizi calyshdynyz, Bagyshlan tema gora bolmasada sorag
_____________________________
Dunya yuzu menzar duzsyz tagama
soz icinde gelin gyz hem bolmasa

Mähri dogan, muňa

Mähri dogan, muňa "pesgöwünlilik" diýilýä. Biziň Atamyrat agamyz şeýle pesgöwünlidä pahyr. Özüne "ynsansumak" diýýä...

-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

Men shu gun okap oturan

Men shu gun okap oturan kitabymda, nika bolmayanlaryn ikicak gorushmeleri, biri-birine seretmekleri, uzak wagtlap gatnshyk etmeleri, telefon we hat arkaly habarlshmalary hem halal dal… yaly zatlara dushdym. Beyele gatnashyklara ne Allanyn razylygy ne-de rugsady bar diyyar…
Gorushmek, ikicak galmak… bolanok - bulary bilyadim, hat we telefon hem bolyan dal eken…
Toy ucin gorushmek Yslamda bolyar. Yone oglan bilen gyzyn gapdalynda yene 3-nji kishinin bolmagy hem shert diyilyar. Ol kishi hem gyz tarapdan, yagny gyzyn garyndashy bolsa gowy gorulyar diyya kitapda…

Mena halamok gyz yzyna

Mena halamok gyz yzyna birini tirkap getirse...
Yapyk yerde 1-1 gorushmesen bolyada, 1 chay ichilyan yerde
oturyp gurleshibersinler, shol yerem adam doly, 3-nji
nama gerek ?? Barde 1 turk oylenjek bolyar, gyzam nikaly
bolsa-da yanynda birini alyp gelyadi, ol oglanam ozuni rahat
duyup bilenokdy hachan gorsen 2 adim arkanda biri bar yaly
bolanson...Onson gyza bilen gurleshdi, "indi men yanymda birini alyp geljek" diyip, 2-3 gezek bile Carrefour'a gitdik,
mena 2 sagatlap gerek yarak zatlary satyn alyan, olam adamyn
kop yerinde oturyp, arkayin gurleshyar...Mana-ha shu usul
has yakymly gelyar, ona-da sheyle !!

Erkegin aslyna seredeninde doly hijabli dal musulman gyz
bilen yuzbe-yuz gurleshmesi hem halal dal diyyanler kop, onda TM'de gyzlaryn 99%'i bilen gurleshmelem dal klasdash mlasdash bolsa-da...

bizin kop halamayan

bizin kop halamayan zatlarymyz bar, menem halamok, yone nikasyz gorushmek ucin sheyle etmeli eken! birinji gezek sheydersin, son nika gyydyryp ikicak gorushibersen bolar-la!

ewway

Tomiris wrote:

son nika gyydyryp ikicak gorushibersen bolar-la!

ewway nika gyydyrandan son, eyyam halamayn zadyn bolsada etjek alajyn bolmaza
_____________________________
Dunya yuzu menzar duzsyz tagama
soz icinde gelin gyz hem bolmasa

Tomiris Turklerdaki

Tomiris Turklerdaki nikany diyyar, bizde nika toy'dan
birnache ay onunden giyilanok, a olarda sheyle edilyar,
yone oglan-gyz islese nikany bozup bilyaler, yagny nika
giymak, edil oylenen yaly dal...

bu yone menin pikirim,

Quote:

oglan-gyz islese nikany bozup bilyaler, yagny nika
giymak, edil oylenen yaly dal...

hic hili ylalasamok nika gyymak oyun zat yaly garalyar, garry mamalaryn gurun beryadiler 3 sapar talak sozini aydylan wagty bir zat bolyar diyip, doly yadyma duhenok kim bilyan bolsa yazsynla,
onsonam aydaly gyz halamady oglany, gyz talagyny berip bilenoga oglanyn:)
(herna Huday shu talak sozi oglan tarapdan bolupdyr, yogsam nace ayal arinin talagyny bererdi:)))) )
onson name etmeli, eger oglan prinsipe gidip talagyny bermese, omuri otyance galmalay bolanokmy gyz,
nika diyilyan zada beyle garalmagy bolyamyka,
onsonam yalanmy cynmy bilemok eyranynam bir saherinde 3sagatlyk nika hem bar diyyaler, shol yslamda nahili, bolyan zatmyka?
_____________________________
Dunya yuzu menzar duzsyz tagama
soz icinde gelin gyz hem bolmasa

Men "Nika witjikga zat,

Men "Nika witjikga zat, oyunjak edibermeli" diydimmi
Mahri ?? Yok, yone edil toy edip, oylenen yaly
jogapkarchilik hem yuklanok diydim oglanyn boynuna..
Turkler'de gyz bilen oglan durmush gurmak isleyan bolsalar,
yone biri-birlerinin nahili adamdyklaryny onunden tanamak
isleseler, az kem dushushyp, gorushensonlar nika giydiryalar, sebabi son kop zady arkayin gurleship bilerleri yaly...
Yagny olar eyranlylar yaly, 1 jelep bilen yatyp turjak bolup
dini nika giydiranoklar, yone oglan bilen arkayin gurleship
bilmek uchin edyaler...Menin bilshimde elbette !! Olarda-da
shu tapgyr'dan son bozulyan nika az, yone yok dal, adamlar muna genirak garasalarda, edil arinden ayrylyshan ayal yaly bolanok gyz...
Onsonam Yslam'da 1 ayaldan ayrylyshjak bolsan, 3 ay
ona wagt bermeli menin bilshime gora, birden ayal gowreli
dagy bolaymasyn diyip edilyan bolmaly, eger ayal gowreli
bolsa, onda chagany doguryancha ayrylyshmaly dal we...
Yzy gidyar...Bu yagday 1 tarapdanam ar-ayalda "Belki yarasharys ?" duygylaryny doredyar, sebabi adamlar kamahal sogushen wagtlary biri-birlerinin gadryny has govy bilip bashlayalar...

Gyz talagyny sorap bilyar, oglan razy bolmasa-da kazy
gyza bu haky berip bilyar eger delillerini dogry hasaplasa,
shonun uchinem "omrun otyancha chydamalymy" diylen zat yok eger ozun islemesen...

Bärdäki "nika" däl-de,

Bärdäki "nika" däl-de, türklerdäki "nişan" bolmaly, türkmenlerde bu ýagdaý ýokmuka diýýän, bir gudaçylyk bar, olam "nişan"dan tapawutlylykda, uly ahtimallyk bn toý bolar diýmek bolýar, nişanda şeýle bir uly ähtimal ýok diýseňem boljak?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

"Gyz dushushyga yanynda 1'ni

"Gyz dushushyga yanynda 1'ni alyp gelmeli" diyen zat yok Tomiris,
o sana sheyle maslahat beryanlerin pikiri, "maly/meli"-ni ayirmaly o yerden!

Etmeli dal bolan zat dine 2'jigi bolup, hich kimin yok yerinde oturmak/gurleshmek,
yone barde "hokman 3-nji adamy yanlary bilen alyp gelmeli" diyen netije chykanok,
gyzy adamyn kop yerine chagyraymaly, adam kop bolan parka chagyr, ya-da chayhana...
Asyl logika yashlaryn nebislerine uyup, dash tovereginde adamlaryn yoklugyndanam
peydalanyp, haram bir zatlar etmekchi bolmazlygy, shony upjin edip biljek her yerde-de
gorushse bolar...

Aslynda, Mergenin getiren

Aslynda, Mergenin getiren ayatlary gaty wajyp zady aydya. Olam ayatlaram KONTEKSTDEN CHYKARMAN diylen zady. Intizar gelneje ayady getirdi we gurulygyna okasan, dushunmeyanem, durmushda shona garshy mysallaram bar. Yone kontekstinde okasan dushnukli.
Shon uchin "ayada gora sheyle diyyan" diylene hem goni ynanybermek kyn. Mumkin bolsa, derrewjik gidip kontekstinde okamaly.
Bolmasa, sheyle kyn yagdaylar bolya. Meselem, Hz. Yusup we Hz. Zuleyha. Hz. Zuleyha gyz bolandyr oydemok, yone shona PYGAMBER oylenipdir. Name, zyna edene Pygamber oylenipdir we ayada garshy bolmayan ish edipdir yaly paradoks bolayyan yaly. Yone Mergenin getiren ayatlary bu yagdayi hem dushundirya, hemem many taydan tamamlayar. Olam, toba eden bolsa bu haramlyk ortada bolanok.
Pygamberlerin her durli ayallary bolupdyr we diymek TOBA we NIYET wajyp zatlar.
Hz. Muhammedin Musurin shasyndan sowgat hokmunde iberilen gyrnagy, son ayaly Maria bolmaly. Taryhyny doly bilmamson pylan diymayin welin, sholam gyz dal bolan bolmagy gaty ahmal, menin pikirimche...
Asyl gyrnak meselesi kyn. Olar sowgat berlip bilyamika?
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

ýalňyş:

Bayram wrote:

... Meselem, Hz. Yusup we Hz. Zuleyha. Hz. Zuleyha gyz bolandyr oydemok, yone shona PYGAMBER oylenipdir. Name, zyna edene Pygamber oylenipdir we ayada garshy bolmayan ish edipdir yaly paradoks bolayyan yaly. Yone Mergenin getiren ayatlary bu yagdayi hem dushundirya, hemem many taydan tamamlayar. Olam, toba eden bolsa bu haramlyk ortada bolanok.

Baýram, "gyz bolmazlyk"(durmuşa çykan) başga, "zani"(zyna eden) başga bolýar. Eger bir aýal adamsyy bn aýrylyşsa, gerekli bolan iň az 3 aý garaşandan soňra, dini taýdan hiç-hili päsgelçilik galanok ikinji toýy üçin. Zenan maşgala gz bolsun ýa-da çykan aýal - tapawudy ýok, ýalňyşyp zyna edip biler, ynha, seniň diýjek bolanyň şolar bolmaly. Ýogsam Züleýha (r.anha) ähli zenanlara görelde boljak aýratynlykda we päklikde ägirt bir zenan bolmaly, zyna hem edenok Hz.Yusup (a.s.m) bn. Soň äri bolan Müsür şasy wepat edenden we iddeti (3 aý) ötenden soňra dini nikah bn Hz.Yusup (a.s.m)-a durmuşa çykýar.
Bärde aýat bn wakanyň gapma-garşylygy ýok, ýalňyş düşünipsiň!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Atamyrat aga, Hz.

Atamyrat aga, Hz. Züleýhanyň musulman bolmagyndan öňki durmuşy gürrüň berlenok dälmaý? Ýagny musulman bolmazdan öň, Müsüriň şasyna äre çykmazdan öň hiç zat bolupdyrmy, bolmandyrmy bilemok.
-------------------------------------------------
Aslynda söz pähmin bilmez adamga,
Müñ many söýleseñ, gadryn näbilsin.

Bilman geplemeli dal-da how

Bilman geplemeli dal-da how onda, ayratynam, shyltaga menzeshrak zatlar barada, onda-da Biribaryn sheyle mubarek bendeleri barada!
Toba diy, jigim :))

Garaz, Pygamberlerin birmenzesh "ismet" sypaty bar, yagny, "gunasiz"
. Olar bn baglanyshykdaky ynsanlar hem ayratyn ynsanlar bolmaly umuman! Belki-de, yash we uly wagtlary hem sheyle gunalerden Biribar tarapyndan goralan bolmaklary ahtimaly oran uly!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Dogry, toba etdim

Dogry, toba etdim Allajan.
Men herkime ozumche baha beryan, belki Zuleyha hezretleri durmusha chykmazyndan on gul-pape bolandyr, adamsy bilenem gul-pape bolandyr, dine Hz. Yusuba ashyk bolandyr.
Hawa... umuman, yokardaky ayada dushunmejek boldum. Hz. Zuleyha barada hormatsyz geplaydim
-------------------------------------------------
Aslynda söz pähmin bilmez adamga,
Müñ many söýleseñ, gadryn näbilsin.

Onsonam shu temada kichijik

Onsonam shu temada kichijik dushunmedik zadym bar. Turkchesinde "evlenMELI" diyenok, inglischesinde hem "MUST" diyenok. "EvlenIR" we "can" diyilya. Men dogry dushunyanmi?
PS Bizem her zady analiz edyasmi?! :)
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

dogry "can"

dogry "can" şol...

......................edebi edepsizden öwren.......................

koroche men pikirimche eger

koroche men pikirimche eger Mukaddes Kuaranı Kerimde yazylan baolsa: zyna etmek haram we gadagan. onda shol zatdan son derejede seresaply bolmaly. hemde peygamberimiz SAV buyuryar. yagny hadisde sheyle manyda bir zat aydyar: eger yashynyz yeten bolsa we zyna etmekden gorkyan bolsanyz onda oylenin. bu aydylan sozler edil bular yaly dal. yone manysy sholar yaly. ol hadis dogrydyr diyip pikir edyan....

Peygamber dal oglanlar,

Peygamber dal oglanlar, Pygamber(Pygammer?) Turkmenche...
Beydip ne o tarapa, ne bu tarapa edip goyman...Gayrat edip dini terminleri ya arapcha yazyn, ya-da Turkmenche, son ol
sozlerin Turkchesini ovrenip, Turkmen dilinde-de sheyledir oydup yorenler doraberyar...
Gechen tomus Juma namazinda-da vagyz edyan ymam'yn, arasynda turkche sozlerinden basyp yorenine gaharym geldi, Turkmenistan'da, turkmen dilinde gurleyan adamlara nama
gerek Turkche sozler aytmak ?? Dushunyalermi sholar ??
Eger shol sozun terjimesi Turkmen dilinde yok bolsa, yagny
nira yatsanam shol sozi turkmen diline almaly boysa, menin
pikirimche arapchasy alynmaly, Turkchesi dal, Turklerem
kop sozi araplardan alyp, turkcheleshdiripdirler, onson alandan almagyn yerine, cheshme'den almak has yerlikli
bolar...

yslam hukugyna göra: eger

yslam hukugyna göra:
eger bir durmuşa çykan ayal zyna etse, ony daşlap öldürmeli, 4 adam şayat tapylmaly. (şayatlar hökman şol edilen işi gözi bilen görmelimyka? bilmedim..)
hukugyn geng tarapy; eger şol işi öylenen erkek adam etse, ol toba etse, bagyşlanyar, dineje "tayak" bilen urulyar.
eger gyz/erkek öylenmedik bolsalar we zyna etseler; onda hem 100 "tayak" urulyar.

_________________________________________

zyna eden zenan ýa erkegiň

zyna eden zenan ýa erkegiň takyk ýagdaýda şol işi edenlerini subut edip bilmeli şaýatlar. Näme manyny berýänine sen düşünýän bolmaly! Subut edip bilmeseler, onda özleri 80 taýak urlup jezalandyrylýarlar we ömür boýy şaýatlyklary kabul edilmeýär, mundan gorksalar gerek şaýat boljaklar?!

Zynany durmuş guran erkek etsin ýa zenan - tapawudy ýok, jeza hökmi berler. Toba etmekleri ýagdaýynda karary ýene jogapkär ynsan ýa-da kanun berip biler, ol diňe erkek adama tanalýan hak däl, eýsem-de bolsa, zenany hem öz içine alýan bolmaly. Erkege aýry, zenana aýry däl!

Hukugyň geň tarapy barada köp pikirlendiň öýdýän, Myrat?!
Birem nireden aldyň ol hukugyň(ýalňyşam bolsa) beýledigi baradaky pikiriňi?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"