"Arassa" anekdotlar
Dostlar, senzura gabat gelýän, hapa däl we gowja anekdotlar tapsaňyzlaň men okuwçylaryma aýdar ýaly :)
Polisiýa akademiýasy. Ekzamen gidip dur.
Ekzaminator şeýle soragy soraýa indiki talyba:
-Ine şu suratda jenaýatkär şu adam. Surada seredip, ol barada näme aýdyp bilersiňiz?
Birinji talyp:
-Aý göze görnüp duran ilkinji häsiýedi, bu jenaýatkäriň bir gulagy ýok...
-Tuf... muňa seredä... eý pekge, bu surat profilden alnypdyr, ikinji gulagy görnenok. Çyk, gidiber!
Ikinji talyp gelýä
-Neme, ilki görünýän zat bu jenaýatkär bir gulakly...
-Eý tur güm bol! Görnenokmy, surat profilden alnan!
Onsoň üçünjisi girýä
-Bu adam kontakt linzasyny ulanýan bolmaly
-Dur, göreýin bizde şeýle informasiýa barmy... Hawa, dogrydanam! Nädip bildiň?
-Aý nemedä... bu adam oçki dakyp bilmez öňi soňam, bir gulagy ýoga :)
- Bayram'in mowzugy
- Login or register to post comments
Towşan dermanhana gelýär.
Towşan dermanhana gelýär. Dermançydan soraýar:
-Käşir barmy? Käşir, käşir, käşir……
-Ýok, diýip dermançy jogap berýär.
Ertesi towşan ýene gelýär:
-Käşir barmy? Käşir, käşir, käşir……
Dermançy ýene:
-Ýok, diýip jogap berýär.
Bir gün soň towşan ýene gelip şol öňküsi ýaly:
-Käşir barmy? Käşir, käşir, käşir, diýip soraýar.
Dermançy:
-Ýok diýdim-ä. Indi ýene bir gezek käşir sorap gelseň gelseň kelläňi çekiçlärin.
Ertesi towşan:
-Çekiç barmy?
-Ýok
-Onda käşir barmy?
---------------------------------------------------
Yollara çykardyk nije zenany ,
Yoldan çykardylar ençe merdany ...
Telpekler (2 kisiden 2 sany)
Bu komment ucin