Bir talantyň bahasy (gadry)

Bir talantyň bahasy näçekä? Talant diýenimizde, baş "T" harp bilen Talant. Dünýä tanymal talant.
Özlerimiziň köpimiz daşary ýurtlarda gezip ýörüs, niredendigimiz häli-şindi soralýar. Jogap elbetde "Türkmenistan". Ýöne köp kişiniň Türkmenistan barada tekiz pikiri ýok. Biziň dünýä belli talantymyz bolsa...
Biziň Şewçenkomyz bolsa (Şewa).
Biziň Şekspirimiz bolsa (Magtymguly bardy welin, häzir ýokda).
Biziň bir sany beýik suratçymyz, skulptorymyz, i.e. heýkeltaraşymyz bolsa.
Biziň bir dünýä belli kompozitorymyz bolsa.
Biziň dünýä belli alymymyz bolsa. Nobel baýragynyň eýesi bolsa.
Biziň dünýä belli kärhanamyz bolsa, azyndan şol bilinse.
Biziň dünýä belli aýdym-saz grupbamyz bolsa.
Biziň dünýä belli sportsmenimiz bolsa.
Biziň dünýä belli kinofil rejisserymyz bolsa.
we ş. m.
...
Şu sananlarymyň azyndan BIRIJIGI BOLSA, bizem şoňa guwansak...
Ol bize mysal we görelde bolsa, halk tarapyndan söýülse we halky söýse, halkyň, biziň lal halkymyzyň dili bolsa, eşitmeýän ker ýolbaşçylara we dünýä eşitdirse kemçilikleri.

...
Biziň dünýä belli bir Talantymyz bolsa...

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu yazgi ucin

  • aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "şu wagt okadym we agym tutdy songky setirlere!!"
  • BlueDomino 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

kop

ay intak ol günlere köp garaşmaly borus Bayramjan...

Ozun

Bayram govja yazypsyn. Ozun Talantly bolup yetisjek bolyana dalsin:). O gunlerede Allajan yetirsin.

Ýo, talant diýlen zat ýa

Ýo, talant diýlen zat ýa bar ýa ýok. Mende dünýä belli edäýjek talant ýoga Polat :)
Ýöne Gadyr gijesinde doga et, dilegler hasyl bolýamyşyn :D Öňem biri altyn diýip özüni öňe atyp ärine ýapyşypdyr welin, Gadyr gijede, äri altyndan heýkel bolanmyş. Senem diläber, belki menem bir gowy iş bitirin?!
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Magtymgulymyz yok:( shu wagt

Magtymgulymyz yok:( shu wagt welin sheksiprem shu wagt yokda:(
Bizde shu wagt talant az,yok,aslynda talant kopdir,yone olaz yuze chykanok/chykarylanokdyr.
Eger turkmenistanda futbola maya goyulsa men shvchenkonynam ronaldonynam chykjagyna ynanyan.emma pul yok,goldawam yok,futbolist boljak bolsan garyndashlan hemmesi sana garshy gaytam.topdan chorek yok diyip tutturup durarlar.nirden shvchenko chyksyn onsan?
galan sportlardada we beyleki zatlardada edil shon yalak,yone tizden nobel priz aljagymyza ynanyas,belkem siz alarsynyz,belkem bezirgen alar,sizin elinizde.
menem ozumizin gyzykly kino chykarmagymyzy gaty isleyan.yone gynansagam hali shindi boljaga menzanok.bizde belki bir oglanyn burnuny ganatmak uchinem chyndan urup ganatmalydyr.:D grim uchin byutdjet yok natjek?
garashmalay bolaymasak:(

Aý menä bara, öz ýurdum

Aý menä bara, öz ýurdum barada gürrüň bermeli bolsa, ýa
1. gazymyň köplügi bilen öwünýän
2. Alabaýlar, ýagny türkmen itleri bilen
3. Ahal-Tekeler, ýagny türkmen atlary bilen
We aslynda özümem gynanýan. Hany bir adamyň ady geçäýänokla öwemde öz ýurdumy. Arasynda eksentriki politiklerimizi ýada salan 1-2 adam tapylýa "ha sizde bar dälmi şuň ýaly ýolbaşçy?" diýip soran, olam köplenç negatiw tarap...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

halymyzy ýatdan

halymyzy ýatdan çykarypsyň:)
gawunymyzy hem:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Hudaya shukur halkymyz

Hudaya shukur halkymyz bar.
Bir yapon yazijisi, yalnishmasam Nobel bayragininam eyesi, tanymal Akutagawa Ryuneske talant-geniy we halk barada sheyle diyyar: chekijin sesi yatmasa, sazam olmez. Turkmenche terjime biraz gowshak boldy. Garaz halkimiz bolsa, watanimiz bolsa bir geniler yene dorar. Sebabi bu halkdan kan geni wagtynda chikipdir, yenede chikar,Magtymguli olardan dine birjigi, ozem belki sonkysy yada sonkylardan biri.
Shol sebapden halkymyzyn bilimini artdirmak, hal yagdayini gowulamak, azajygam bolsa dunyagarayshini gineltmek ucin ish edyan adamlary bashina tac etsenem az.
Shon uchinem Mahtymguly beyik mi yada halk soragyna dogry jogap halk bolyar.

Magtymguly wrote: Shon

Jonnuk wrote:

Shon uchinem Mahtymguly beyik mi yada halk soragyna dogry jogap halk bolyar.

Magtymguly'nyn beyikliginin belli 1 derejesi "halkyn ichinden biri" bolany uchindir, shon uchinem yokardaky soragyna "Magtymgulyly halk" jogaby has kop gelishyamika diyyan, yogsa 1 adam bilen, 1 "set"-i deneshdirmek dogry dal.

Dogry aydyan. Yone bu yerde

Dogry aydyan. Yone bu yerde Magtymguly bir at. Aslynda halk genisi bilen beyikdir, yone dine genisi bilen dal=)
Shol sebaplem men halky onde goydim.

çekijing sesi yataydy

çekijing sesi yataydy öytyan bizde!!! has hem garaşsyzlyk alyp!!

Wah aslynda talantlylar yada

Wah aslynda talantlylar yada talanly bolmana ukyply yaslarymyz barla, arman gadyrlary bilinenok , kimin puly bilen tanysy bolsa hemme zady sona ynanylya , talantly yasullar bolsa mellek islap yorler.
Ay name diyeli buda gecerlay.

Talantlylar bar, ýöne

Talantlylar bar, ýöne mümkinçilik ýok.
Diýmek seň pikiriň şuda?
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Exactly :) edil ozi 1 dogry

Exactly :) edil ozi ! dogry dalmi eysem?

Gaty mümkin, hatda logika

Gaty mümkin, hatda logika hem bar aýdýanyňda. Ýöne subut edilmedik teoriýada(=gipoteza).
Başga bir teoriýa (gipoteza has dogry) görä, Talant her ýagdaýda-da özüni görkezmegi başarar!
Ýöne umuman saňa goşulýan. Surat çekmegi gowy bilýän oglan mal bakyp ýören bolmagy mümkin.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

bayram wrote: Talant her

bayram wrote:

Talant her ýagdaýda-da özüni görkezmegi başarar!

Doly goshulamok.. Her talant her yagdayda ozuni gorkezip bilmez.. Edil her suwukligin her derejede gaynap bilmeyshi yali.. Her agajin her klimatda onup osup bilmeyshi yali..

PS: Aslinda talanty gamcilayan kinciliklardir.. Kinciligin kuwwatlylygy; kuwwat derejesine gora ejiz talantlari yere sokup, berk we guycli talantlarin doremegine sebap bolyar(mika diyyan!). Halk Gahrymanlarinin doremegine Beyik Watancilik Urshunin sebap bolmagy yali..

Yagni bir manyda Magtymgulini Magtymguli eden zat; yekelikde onun talanty dal, shol bir wagtda shol dowrun ylym-bilim taydan oran gozgyny yagdayda bolmagy hem..

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • kemaltm 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Muhammed Ali

Muhammed Ali Barada
Чемпион, 62 года, Мичиган

Бог не взвалит человеку на плечи бремя, которое этот человек не в силах снести.

Мой самый тяжелый бой — с болезнью Паркинсона. Нет, это не больно. Это трудно объяснить. Меня точно испытывают: буду ли я молиться дальше, сохраню ли я веру? Бог подвергает испытаниям всех великих людей.

Солнце всегда где-нибудь да светит.

После Олимпийских игр я вернулся обратно в Луисвилл со своей блестящей золотой медалью. Зашел в закусочную «только для белых». Думал, поставлю их на место. Я сел за столик и хотел чего-нибудь заказать. Олимпийский чемпион, золотая медаль! А мне говорят: «Нигерам не подаем». Я говорю: «Все в порядке, я не нищий». Но меня все равно выгнали на улицу. Тогда я пошел на берег, на реку Огайо, и выбросил свою золотую медаль в воду.

Когда ты прав, никто этого не запоминает. А как ошибешься — никто этого не забудет.

Молчание — золото, если не можешь придумать хороший ответ.

Жизни у нас немного, / И вся она скоро пройдет, / Но сделайте что-то для Бога, / И оно никогда не умрет.

Добро? Моя мать.

Когда у человека умирает мать, ему по-настоящему больно. Но со временем он и к этому привыкает. Такова жизнь!

Мое определение зла: враждебность.

Самый лучший способ сделать свои сны явью — проснуться.

Комедия — это способ быть серьезным, притворяясь смешным. Шутить — это мой способ говорить правду. На свете нет шутки смешнее правды.

И чемпиону мира среди тяжеловесов может быть довольно одной женщины.

Старье на свалку — не жалко.

Чем больше мы помогаем другим, тем больше помогаем себе.

Когда Джордж (Форман. — Esquire) вернул себе титул, это здорово задело меня за живое. Тоже захотелось вернуться. Но потом наступило утро — пора было выходить на пробежку. Я лег обратно в постель и сказал: «Ладно, все равно я самый великий».

С кем бы я хотел встретиться? С пророком Мухаммедом.

Если мечтаешь кем-то стать, им и становишься.

Радуйся своим детям, даже когда они ведут себя не так, как тебе бы хотелось.

Когда зажигал факел в Атланте, я не волновался. Вот когда выступал перед правительством — тогда волновался.

Мудрость в том, чтобы знать, когда ты не можешь быть мудрым.

Чего я не понимаю, так это войны.

Все время переживать из-за прошлых ошибок — самая грубая ошибка.

Я бы хотел дожить до ста лет.

Могу только пожелать, чтобы люди любили всех так, как любят меня. Тогда мир стал бы лучше.

Turkmenbashy bardy. Ol hem

Turkmenbashy bardy. Ol hem yok indi:)

Talantmydy ol? "Ak saçly

Talantmydy ol?
"Ak saçly perişde" diýip bilýädik, beýleki atlary bilen bile. Ýöne atlarynyň we titullarynyň arasynda "Talant" ýa "Sportsmen" ýa ýene bir zat diýip geçmändi...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Talant hokman pozitive

Talant hokman pozitive bolmali diylen zat yokmuka diyyan, mysal uchin Iosif Vessarionyc Stalin.(Genimi? Geniy!) Bashgalarinam ozun pikir et.

Bizin Turkmenbashimizin talantdygyna soz yok.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Myahri 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Biz şu ýerde ukyp, talant

Biz şu ýerde ukyp, talant we geniý sözlerini garyşdyrýasmykak diýýän.
Ukyplymy? Ukyply! Ugurtapyjymy? Ugurtapyjy! Ikisem!
Talantmy? Näme talanty bardy? Ugurtapyjylyk talant bolsa, belki şol talantlary bardy.
Men bu adamlar geniýdilermi bilemok. Mümkin.
Lenin hem Talant hemem Geniý. Marks uly Geniý.
Stalin näme? Meň gözümde ukyply, ugurtapyjy we belki talantly. Geniými? Hmm...
Türkmenbaşy geniými? Hmmm...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Stalin, yone bir Geniy hem

Stalin, yone bir Geniy hem dal s bolshoy bukvi Geniy. Omru barada okasan hak aydyan dijegine shubham yok. In barkisi ok yurdun bashina gechende halk acdy, tabshiranda bolsa shol garyp gasarlarin yader bombasi bardy we dunyade sozi yoreyadi. Yone bu dine bir tarapy bashgada kop.
Turkmenbashinin geniydigi hem azda kande Turkmenistanin garashsizlik tarihiini dine oz oyi bilen baglanishdirman okana, yada gorene ayan.

Meň öýümmi ýa

Meň öýümmi ýa Türkmenbaşyň öýümi?
Türkmenbaşyň öz öýüne seretseň...
Bilýäňmi, taryhyň iň ýaman ýeri, wagt geçip, awusy geçensoň, gynanjak adam gynanyp, ejir çekjek çekensoň, öýünde kreslosynda oturyp geçen zalymlary hem öwmäge mümkinçilik tapýan adamlar bar. Gitler Birinji Jahan Urşyndan ýaňy ýeňlip çykan Germaniýany dünýäde iň güýçli döwlet etdimi? Şoňam şuňa goşandy bardyr. Stalin Ikinji Jahan Urşyny ýeňdimi? Oňam goşandy bardyr, beýlekiler bilen bir hatarda.
Emma zalymlar ZALYMdyklary bilen ilki tanalsa has gowy, bolmasa seredýäň welin, dünýäde Gitleriň fanatlaram kän, Beriýniňem, Staliniňem. Bular elbetde özleriçe ukyply adamlar, emma şolara geniý diýip, kompliment ýagdyrmaga men ysamok.
Dünýäde ýatlara gelip geçen 1000000 sany gowy adamlar bar, emma olar tanalanok. Zalymlar we ganhorlar at alýarlar, 50-60 ýyl soň olaryň öwerlik tarapyny görýäler...
Faraonam dünýäniň beýik medeniýedi bolan Müsür medeniýediniň başyndady, Ýuliý Sezaram, Nemrudam. Emma maňa olaryň Geniýligi, bolanam bolsa, gaty kän bildirenok.
Alladan sygynýan şeýle "geniýlerden". Mende pozitiw, halka pozitiw Talant arzuwym bar.

-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "ýeke söz - telpek!"

Birinji bilen: Geni zalim

Birinji bilen:
Geni zalim bolsada genidir.Bu siz islesenizem islemesenizem, kompliment yagdirsanam, yagdirmasanam, kabul etsenem etmesenem,tutush dunya bilyar we kabul edyar,edil zalymlyklarini kabul edishleri yali.Sheyle garaysha obyektiw nazar diyilyar oydyan.
Shu yerdaki temanizam genilik baradamyka diydim. Eger sheyle bolsa bolsa onda ol geniy dine zalym dal, bashgaca taraplari hem bolup biler, mysal uchin, pedofil, yada gomosek, yone bu fakti uytgetmeyar, sheyle dalmi?
Misal uchin Oskar Wilde geniy, hemem gomosek. Indi sen oturan yerinden, Oskar Wilde homosek, shon uchinem geniy bolup bilmez diyesin gelyami? Mena sheyle adamlara gegemon,yada pikir tirani,hic bolmasa men tarapymda dal bolsa mana garshi dien dushinja uyan, onushmazak,insapsiz adam gozi bilen seredyan.

Iki:
Sheyle geniler elbetde senin diyshin yali, hemme taraplayin tanalsa gowy. Men mysal uchin Stalinem, Leninem, we bashgada shon yali halka zulum eden despot genilerin ahlisini yigrenyan. Yone hic wagtam olara zalym, diymek geniy dal diymedim, diesimem gelenok, diyyanlerede dushunemok.Insapli bolmak dogrymyka diyyan.

Uc: Elbetde senin öyün, yada olara zalim diymek geniy dal diyyan adamin öyi, yada shonun shahsi durmushi barada aydyan. Men asla sheyle adamlarada dushunemok, namemish ahli betbagtchiliga hokumet prezident, Turkmenbashi gunakarmish.Gayrat edip, oz nalajedeyinligimizi bashgasinin ustune atmalin, sizin bilshiniz yali, bizin dinimizde Geniy sayilyan, we hakykatdanam geniy adamlarin durmushuna seredelin, sholarin haysi shertlerde halkina hyzmat edendiklerini yatlalin. Mysal uchin, Pygamberimiz,beyleki pygamberler,sahabalar,Imam Agzam, Maliki, Hanbeli.. we yenede encemeleri. Hatda sholardan kabiri otuz yil guyuda oturup enceme jilt kitap yazip, shol bir wagtda-da munlap talyp yetishdirmegi basharipdirlar.Yurtdan gachip gidip munada bahana hokmunda "ay biz geniy, talant, ukyp welin bizde bu ayratinliklarimizin gadri yok, bahasi yok, shol sebapdenem gacdyk, gitdik" diyyanlere yurdun dashinda oturip yurduna sogyanlere iki agyz soz bilen yumshak aydanda "donuk" diymeli.

Men reply sheklinde yazsamam, dine Bayrama jogap dal, asyl shu mesele baradaky pikirim shular yali.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • GaraDag 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Bir, iki, üç... uzyn

Bir, iki, üç... uzyn ýazgy.
Menä seň bilen jedel ýaly maksadym ýok. Şoň üçin gysgaça:
1. Bärde menden gaty göreniň üçin aýlap, öwrülip ýazylan sözler bar. Men ukyply adamyň ukyplydygyny boýnuma alýan. Ýöne tema asyl başdan halka we adamzada peýdaly Talantlar baradady. Negatiw roldaky adamlar barada däldi.
2. Bolýa, men ynsapsyz. Meň bar aýdanym, men şeýle zalymyň öwgüsini edesimiň gelmeýänligi. Öwgüsi ýetirilmedik 1000000000... gahryman bar, gel-gel zalymy öwmeli boldukmy?! Sen meni ynsapsyz kabul et.
3. Men hiç haçan türkmen halkyny ýa umuman adamzadyň bolşuny aklajak bolamok. Elbetde, halkyňam bir topar ýalňyş taraplary bar. Emma bu zalymyň zalym däldigini hem görkezenok. Biz halkymyň negatiw häsiýetleri barada kän temalarda gürrüň etdik, emma ýolbaşçylaryň hem säwlikleri görülmeli. Halk biderekmi? Günälimi? Hawa, öz jezasynam çekýär halk. Ýolbaşçylar biderekmi? Günälimi? Hawa, olaram öz jezasyny çekýändirler ýa çekerler. Bar günä ýolbaşçydamy? Ony aýdan ýerim ýok. Bar günä hiç kimde. Bir adam absolýut gara däl, absolýut agam däl.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

umuman, saňa goşulýan,

umuman, saňa goşulýan, Baýram!

geni we islenilen maksat bar, diňeje geni-lik däl! Ynha, şuňa düşünmändir öýdýän Kemaltm?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

gysgaça:1- umuman, dogry,

gysgaça:

1- umuman, dogry, ýöne şol zalymlaryň geni häsiýetini zalymlykda ulanmaklary ysan nazarynda "0", has takygy, "-" edip görkezýär, ýokarda diýilmek islenilýänem şol. Görelde alarlyk zat ýok, ýöne sapak (ibret) alarlyk köp zat bar!

2- bir we iki abzasyň birmeňzeşräk;

3.1- Diňeje tm-däki asyl jogapkärleriň üstüne günä atylanok. Olaryň säwlikli ýerleri bildirilýär. Aslynda, syýasata girýäni üçin, şu tetelli ýazgylaryň hiç bolmazlyyny isleýän men-ä welin, bolaýýarmy. Garaz, türkler aýtmyşlaýyn:"Palçyk zyň, yzy galsyn!" diýen ýagdaý ýok bärde, halk bähbidi gözlenilýär pikirimçe.

3.2- ynha, şol beýikler, hakykatdanam , beýik. Sebäbi, olar halk üçin, hatda, ähli ynsanlyk üçin ägirt uly peýdalar getirdiler, köp sanly halklaryň aňyny-pikirini düýpgöter özgertdiler, çopan halky dünýä üçin göreldeli ynsanlar halyna getridler, ýüz müňlerçe talyp/şägirt ýetişdirdiler we ş.m. Ynha, bulara hakyky geni/akyldar/dana diýilmeli we goldanmaly!

3.3- şeýle oglandyr gyzlar bu sahypada-da köp. Hem okap, hem işläp bilimdir tejribe gazanyp ýörler. Ýazgyňda bularyň hemmesine günä ýöňkelen ýaly göründi. Iň azyndan maňa şeýle göründi?! Indi, men şuny diýmek isleýän: wagty gelende, okuwdyr işimizi dynyp, bilimdir tejribe gazanyp, has hem kämil ýagdaýda TM döwletimize bizem dolanyp geleris we bize ynanylan ýagdaýynda, elimizden geleni öz watanymyz üçin hem gaýgyrmarys, enşallah.
Eger şu diýýäniňi, hakykatdanam, TM şertleriniň ýetersizligi üçin, daşary döwletlere gidip, yzyna dolanmak/dönmek islemeýänlere diýen bolsaň, ona oňa sözüm ýok!

"Dönük" sözüň oýunjak däl, Kemaltm! Indiki ýazgylaryňda umumylaşdyrmanjyk ýazjak bol şu ýagdaýlar üçin. Ýogsam şyltagyňam baryp ýatany bolýar şol söz! Garaz, türkmençelesem:"7 ölçäp 1 kes!", ýeňilmersiň!

Şony dilemek bn!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

hmm, içim byjyklady!Kemal,

hmm, içim byjyklady!

Kemal aga, sen dönük diýýärsiň bize?!

Gel, saňa käbir soraglary soraýyn:

1- TÇ-de we başga ýerlerde uni uçurymy bolup gelýänler bar, olar näme edýäler tm baryp?!
2- Diýeli, sen häzir bir ýerde işläp ýörsüň. Indi, sen döwletimize näme peýda edýäň?! El bn tutulyp, göz bn görüljek ýagdaýda peýdaly zat ýa-da zatlar?!
3- Eger sen hem belli bir sebäp bn daşary ýurtlara bilim ýa iş tejribesi üçin giden bolsadyň, onda şu ýazanlaryňy özüň üçinem pikir edermidiň?!
4- Diýeli, biz şu wagt daşary döwletlerde. Gaçyp aýlanyp ýörüs we biz DÖNÜK. Indi, biz tm barsak, nädip peýdaly bolup bileris. Islenilen pudaklarda işlämäge mümkinçilik, iň azyndan, şol mümkinçiligi döretmäge doly ygtyýar/rugsat barmy?!

şu we şuňa meňzeş soraglary köpeltseň köpeldip oturmaly. Muňa parahorlyk, ogurlyk, ýalan, hilegärlik we ş.m. goşulyp biler!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Hormatli Ata aga! Men ne

Hormatli Ata aga! Men ne size, ne Bayrama donuk diymedim. Donuk adaminin kriteriyasini aytdim. Derrew kesa chekyanay.Beytsen agam has cokder yaralara yol acmarsinmi?
Men Sizem, Bayramam,azda kande tanayan. Bu yerde bir birine cowjemek dalde, maksadim pikrimi beyan etmek. Eger ozune cekjek bolsaniz mena siz bilen oynajagam dal=)

düşündim, indi jyzaman,

düşündim, indi jyzaman, Kemal aga :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ata aga kimin watan uchin

Ata aga kimin watan uchin name edenini yada edyanini il bilyar. Her kim el bilen tutuljak, goz bilen goruljek ishleri etmeli diyen zat yok ahyry. Mysal, agajin yerin ashagina gidyan bolegi yokarda gorunyaninden uzyn bolmasa gysga dal. Uli agaclar uchina kok hemme zatdanam mohum. shol bolmasa kicijik shemala ol agajy agdarar. Kokem gorunmeyar.
Hemme dasharda okayana donuk, diyilmeyar.Kime donuk diyilyanini siz menden kan gowi bilyaniza.
Tankit etmek ansat.Ondada dasharda duran yerinden. Menem sheydyanleri halamok. Gaty gorme agam. Sana sylagym ulydyr.

käbir zatlary

käbir zatlary aýtmakçy"

1- Maňa "aga" diýmesene, meň ýaşymdan has ulydygyň belli, ahyryn! Jonnuk aka bn ýa ýaşytdaş ýa has ulysyňdyr bar-a :)

2- Men ýokardaky ýazgymda ýazypdym "...peýdaly näme edýärsiň...?!" diýip, çünki, özüme çekipdim şol ýazan "dönük" sözüňi. Degnama degensoňam, durup bilmän:"Ody özüňe bas, ötmese kesekä!" diýjek bolup soraýşym şol;

3- Hawa, kämahal ýa köplenç biz teňňäniň bir tarapyny görýäris, ikinji tarapynda nämeler we näme üçin bolýar -ynha, muňa kän göz ýetiremzok ýa ýetirmek islämzok. Bulam ýalňyş, elbetde. Agajyň köki we göwresi meňzetmesi örän ýerlikli ekeni, minnetdar, agam!

4- Meň hem saňa hormatym uly, Kemal aga! Görmesemem :) "Dostuňy aýt, kimdigiňi aýdaýyn!" diýlişi ýaly, Jonnuk agaň dosty-da sen her näme-de bolsa:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Jonnuk meselesi

Men jonnugy tanayanimi nirden bilyan ? Merak etdim.

Ilki maglumatlaryňda

Ilki maglumatlaryňda suratyňam bardy, soňam şahsy maglumatlaryňda JOnnugyň ýanynda diýen ýaly 1 zat ýazan ekeniň!Indi olar ýok.

Hmm, geň zat, maňa goýan suratyňa ýazan pikirlerim üçin 4 telpek beripdiň, indi şol surat, asyl-a, şol blog düýbinden görnenok, örän geň?!

Garaz, şol öz goýan maglumatlaryň arkaly!

Häzir 1984 diýýär, menden 4 ýaş kiçi-laý :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Geshi guzel

ata wrote:

Garaz, şol öz goýan maglumatlaryň arkaly!

Häzir 1984 diýýär, menden 4 ýaş kiçi-laý :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ata aga her yazilan dogridir oytme men form dolduramda gelshi guzel dolduryan.

hmmm

yagshilik et dengize(denize) at, balyk bilmese Halyk biler.

http://tmolympiad.org/?q=node

http://tmolympiad.org/?q=node/2166

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Bayram ikimiz yurtdan kop

Bayram ikimiz yurtdan kop wagtdyr ayra , sona gorade icinde bolup gecyan zatlary icindakilerden gowy bilyan yok.
Kicijek delil: bizin bir fizika mugallymymyz bardy , ady Hudayberdi welin , adamlar ona Intilligent diyip lakam goyupdyrlar , bilmedim hacandan galan lakam ol. Ana sol adam mekdepdaki bolyan eden-etdilikleri , oz sapagynda niyetlan , kop etsem-petsemlerine sert doredilmeyani ucin yokradan-yokaryk gidip gordi , mudirler bilen tutda-bas bolup gordi , ahyrynda halkyn arasynda ady sherray , hokumetdede kanunlara garshy gityan adam bolup isinden kowulyp poturadynda pagta ekmage ota gitdi. Sen aydyanyn dogry, talantly adam ozuni nirede bolsada gorkezyar eken , son potrat yerine , ekinine seredisi yaly entek garry dayhanlaram seredip bilenok , hemmeler ona telpek goyya , ozuni gorkezibildi , klasda sapak okadanda saclary bulam-bujar bolup gidyadi , yogsaom bendan normalno labaratuary hem, yokdy , sondada "mana ucary sokip getirin onkisi yaly duzip bereyin diyadi" son elinde okanlar gaty okde fizikler bolup y,o,j laryna gitdiler , emma ozi bolsa sol piljagazy b/n galdy............
Gadyry bilinen bolsa sol hokumete yadroda yasap berjekdi hary ucaram , yaragam we bsagada kan zatlar.
Basgada son yaly yasullar kan hemmesen egninden basyp otyrdylanlar , sebabi pullary , tanyslary yok , in azyndan halk hem goldaw berenok sol adamlara , hokumet gara diyen bolsa garadyr diyaler.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Hudaýberdi Mugallyma"

Dogrudyr. Men jedel

Dogrudyr. Men jedel edemok.
Türkmenistanda zehinem bar, belki talantam bar. Bolaýmaly. Bu ýurtda ýurt ýok wagty Keminedir Zelili, Seýdidir Magtymguly döredi. Häzir gurap galaýan däldirä?!
Ýöne... diýmek käbir tarapdan şol atly-ýaragly, galtamanly, uruşly, we döwletsiz döwürdenem beter ýagdaýda-da biz... :(
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Menem senka birzatlar

Menem senka birzatlar goshmakchy, yagny mysaljyk getirmekchi...Men babam bar, shumahal 80nache yashynda,ozem belli himik, belki Bayram eshidendir, Bayramkuliyev Myratguly. Yanyna baranda pursat tapsa srazu mysal zat berip hany choz goreyli diyyadi, we elinden nache sany himik yetishdi.Hatta ejem dagyn aydyshyna gora soyuz dowrunde chagyrylyp sowgat zat berlipdir.Gepin tummek yeri, mundan 15 yyl dagy onrakdi doly yadyma dushenok, Himiyadan mysallar bn temalary dushundiryan kitap chykarjak boldy, oturup yazdy, son chap etdirjek bolanda dine oz adyn bn chap edip biljek dal, yanyna bashgada himiklerin adyny goy diyipdirler.Bulam kabul etmeli bolupdyr, chap edensonlaram kitapdan nache sany yalnysh chykarypdy, shonam dogry chap etmandirler.Hazir ol kitabi Y.O.Jaylaryna tayyarlananlarynda ulanyanlar kop, sapaklarda ulanyalarmy bilemok...

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "babaň üçin!"
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Dogry aydyan , mimkincilik

Dogry aydyan , mimkincilik yok wagtlarynda seyle adamlar cykypdyr , bu wagtky yaly mumkinciliklermiz gin wagtynda dagy seyle adamlary goldap, cykaryp bilmesek bize utanc.

Bayram wrote: Bir talantyň

Bayram wrote:

Bir talantyň bahasy näçekä? Talant diýenimizde, baş "T" harp bilen Talant. Dünýä tanymal talant.
Özlerimiziň köpimiz daşary ýurtlarda gezip ýörüs, niredendigimiz häli-şindi soralýar. Jogap elbetde "Türkmenistan". Ýöne köp kişiniň Türkmenistan barada tekiz pikiri ýok. Biziň dünýä belli talantymyz bolsa...
Biziň Şewçenkomyz bolsa (Şewa).
Biziň Şekspirimiz bolsa (Magtymguly bardy welin, häzir ýokda).
Biziň bir sany beýik suratçymyz, skulptorymyz, i.e. heýkeltaraşymyz bolsa.
Biziň bir dünýä belli kompozitorymyz bolsa.
Biziň dünýä belli alymymyz bolsa. Nobel baýragynyň eýesi bolsa.
Biziň dünýä belli kärhanamyz bolsa, azyndan şol bilinse.
Biziň dünýä belli aýdym-saz grupbamyz bolsa.
Biziň dünýä belli sportsmenimiz bolsa.
Biziň dünýä belli kinofil rejisserymyz bolsa.
we ş. m.

Biziň dünýä belli bir Talantymyz bolsa...
Telpek goy

Dogrusi bizde kompozitoram, hudojnigem, rejissoram, yazijam bar, bolupdyr yene de bolar, sen bilmeyanligin, yada dunyan olari tanamayanligi hic zady uytgedenok.Gynansagam, biz yali, oz yurdundan kan dashardakilara seredyan, toplum nira bolsa shol tarap surulenip yoren, shahsietsiz adamlardigimiz sebap yali. Dunya belli aydim saz gruppasi. Dogrimi aytsam gulkinc. Men oz dutarimizin hic bir aydim saz gruppasinin duzjeginden duzeninden kem daldigini, bilyan, hatda dunya belli dashari yurt kompozitorlaram bilyar. Eger 50 Cent yali , yada Metallica yali, yada Faithless yali, yada Beatles yali toparlarin yokdugina gynanyan bolsan gynanma bu yerde asla gynanara zat yok. Turkmeni Beatlesi bilen tananlarindan turkmen iti bilen tanasinlar has gowi.
Bashga meselelerem sheylerak, sen garaz dost yok diyyakan gowja pikir et, bugun Gunbatar onde Gundagar yza galan bolup galdy. Shol sebaplem biz de bolanlarin Gunbatarda gadri yok. Bu normal yagday. Yone biz, oz talantlarimizi tanamayan bolsak, bilmeyan bolsak, Nuri Halmammedi, Gurbannazari, Altimirady, bashgada gaty kop talantlarimizi, bashgalar tananok diyip olarin ustuni chizmak bolmayar. Bu yere gelip on yali biderek "bolsady" lar ekenden gidip sholarin durmushuni owrensek, atimiz, itimiz, dutarimiz, milletimizin aladasini etsek has gowi bolardi.

Men şuňa nähili reaksiýa

Men şuňa nähili reaksiýa berjegimi bilemok.
Her hili ukyp bar, talant bar, Talant bar.

Quote:

Dogrusi bizde kompozitoram, hudojnigem, rejissoram, yazijam bar, bolupdyr yene de bolar, sen bilmeyanligin, yada dunyan olari tanamayanligi hic zady uytgedenok.

Bar bolsa, we hiç kim tanamaýan bolsa, Türkmenistanyň öz içinde-de tanalmaýan bolsa, onda olar geniými? Talant bolup, talandyny öz içinde, ilden gizlin, ýurtdan gizlin, dünýäden gizlin bolanlar barada gep däl bu temada.
Bu temada hakyky, öz talandyny doly ulanyp bilen, we halka görelde bolup biljek adamlar barada.
Magtymgulam kiçijik garalama depderlerine goşgularyny ýazyp, mal bakyp ýörkä hiňlenip ýören oglan bolsady, onuň Talantdygyny özünden başga hiç kim bilmezdi. Oň ýaly talant boldy bolmady, halka peýdasy ýok.
Seň aýdýan gizlin talantlaryň, olar Talant däl.
Iň soňunda, sen ýene ölüp giden Talantlary sanadyň: Nury Halmämmet, Altymyrat...
Men häzirki zamanda ýazýan muny. Häzir hany Nury Halmämmed? Laçga bar, Nury Halmämmet ýok.
Iň soňunda ýeneje bir zady aýdasym gelýä. Menden gaty göreniň üçin garşy bolup ýazma, ýöne ýazyber. Seni gaty gördürmek üçin zat ýazmandym. Ýazgylaryňy arkaýyn ýazyber.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

gaty gormek barada

Dos senden gaty gorulenini nirden chikardinay?
Mena seni tanamogam gatam goremok...

Talant

Quote:

Bar bolsa, we hiç kim tanamaýan bolsa, Türkmenistanyň öz içinde-de tanalmaýan bolsa, onda olar geniými? Talant bolup, talandyny öz içinde, ilden gizlin, ýurtdan gizlin, dünýäden gizlin bolanlar barada gep däl bu temada.
Bu temada hakyky, öz talandyny doly ulanyp bilen, we halka görelde bolup biljek adamlar barada.

Indi sen name Imamy Azamy dunya tananok shon uchinem ol Geniy dal diyjek bolyanmi?
Ikinjiden diri gezip yoren guychli hudojniklarymyzdan dan kimi tanayan ? we olan arasynda shu yil wepat bolan Adyni oz eserleri bilen dine turkmenistanda dal eysem dunyada tanadan hudojnigi tanayanmi? eysem bashga milletlerden kimi tanayan diri gezip yorenlerden.? eger sen chindanam talantli adamlar barada giziklanyan bolsan olary tanayan bolsan onda biz yazishmani dovam edeli ya dine lachkani tanayan bolsan shu gurruni goyali.

- Ymamy Azam Ebu Hanypa

- Ymamy Azam Ebu Hanypa türkmenmidi ýa Türkmenistanda ýaşapmy?!

- Tm-da tanymal ýtalantly ysnanlar/ýaşulylar bar, ýöne biz tanamzok. Munda kim günäkär, bizmi ýa jogapkärler?!

- Soňky 3-4 asyr üçin Magtymguly, Gowşut Han, Nurberdi han, Jüneýit han, Eziz han, Altymyrat we ş.m. öňe çykýar bu babatda, olaňam aglabasy ruslar sebäpli. Tm-da talantly kändir, ýöne şolary dünýä tanatmak üçin, döwletimiziň jogapkär guramadyr işgärleri alada etmeli dälmi eýsem?! Näçe talant köýüp gidýär.

- Bilim taýdan TTM-ler tanadyp ugrady soňky 15 ýyllykda. Sportdan Altymyrat bardy bir.
Indi, sen aýt, käbir pudaklar boýunça, iň azyndan, şu sport, bilim, sungat we ş.m. pudaklardaky talantly raýatdaşlarymyza azam bolsa ähmiýet we gerekli goldawlar berilse, has gowy netije alynmazmy?! Pikirimçe, alynar!

Öň bilim boýunça biýologiýadan Kakajan Kömürow altyn medal alanda, Tm-däki jogapkärleriň ynanyp bilmändigini eşidipdim. "Ruslary geçip bilerismaý biz?!..." diýen pikirler bn. Ynha, bolan ekenig-ä! Şonda Kakajan Kömüre şol wagtyň jogapkärleri haýsy taýdan we näçeräk kömek edipdirlerkä?! Ondan soňky gowy orna mynasyp bolanlaram şol bir hatarda!

Sanasaň sogaby bar ýene-de....

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ata aga bu yerde Ymam Agzam

Ata aga bu yerde Ymam Agzam bir misal hokmunde. Ona bizinki dienimin sebabi mezhebimizin Imamy. Edil Pygamberimiz sav diyshimiz yali.

düşnükli, agam!

düşnükli, agam! Minnetdar!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Onsoňam, pikiriň bilen

Onsoňam, pikiriň bilen ylalaşylman ýazylan 2-3 ýazga muň ýaly çaga reaksiýa bermek gerek däl kemaltm. Sen bärde ýazgy ýazdyň, öwgi aldyň. Emma her wagt her ýazgyňa öwgi we telpek alyp bolaýanok. Bir gün ylalaşmaýan çykýa, oňa gaty görmek gerek däl.
Seniň suratly bir ýazgyňa Bezirgen (Harezmi) ylalaşman jogap ýazdy, menem oň pikirini goldadym. Şondan bäri gynandyň, gaharlandyň, eýlä ýatdyň "moderler meni gysýalar, diktatorlar" diýdiň, beýlä ýatdyň ony diýdiň... Seni gysýan ýok, her ýazgyňda aýlap içiňde galan kiniňi görkezmek hökman däl.
Borda, özüň bilýäň. Emma aýlap öwrüp ýazýan zatlaryňa düşünýän. Emma her ýerde aryň köýen ýaly maýda zat üçin şeýdip ýazyp ýörmeseň gowy bolar.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Pikir barada

Sen diyyan zatlan turklen aydishi yalak alakasyz.. Men sana yene bir gezek aydyan men gaty goren zadym yok.. Gaharlanan yerim boldy yone olam suratli yazgyda dal Harezmi bilenem bu ishin alakasy yok. Sen govisi meni gati gormedik obichni user hokmunde tana yogsam men oz usermi chalshaymasam..
Hemme zat gul yali yashuli.. Kellanden chikar gayrat etde oykelanimi onyali zat yok/

Sen yali gelejegi aydin,

Sen yali gelejegi aydin, enceme yashlarimiza gorelde yerinde duran,kop ugurlarda ilmi bilmi bolan, adamdan oykelamok. Onda da chaga yala asla oykelamok. Oz pikrimi silashim yali senin pikrinem silayan,okayan.

Gaty gorme welin,milletimize, dowletimize, talantlarimiza gownietmezcilik bilen seretseler sesimi chikarman oturup bilemok. Onda-da oz oglanlarimiz. Men sana sorayin Bayram, sen oz haly sungatin, atlarin, itlerin, dutarin, shol sungatlarda uli ish bitiren agirt adamlarin ykbaly, gecmishi barada nacerak zat bilyan?
Gownume sen Lachinlari, Begalari, we yene-de bir suri ile masgara shahislari hos gowi tanayan yali.
Dowlet yolbashcilarimiz babatda-da sheyle. Oz gotuni ozun achip yorsen il guler.
Men gepi uzadip oturmayin. dushinsen dushinmesen it uyrer kerwen gecher diyya turkmen.Yone bu nakildaki it sozune iliship yene bir uzin comment yazmak hokman dal. Onsuzam sen it daldigini bilyas. Onarsak yurdi dikeltjek bolmali, hatda sen halamayan adamin bolsada, yurda kicijik hayri degen bolsa senem shoni golda. Men misal uchin, Turkmenbashin elini ogshamaga tayin, dine turkmen turk mekdeplerinin acilmaginda oynan uli roli uchin. A sen bolsa nirde bir yalnish eden bolsa shoni alip chishiryan. Gerekmi sheytmek? Name ozun shon yerinde bolan bolsan shondan gowi bolardinmi? Yada yerinde bolup gordinmi?

umuman, ýagdaý şeýle şu

umuman, ýagdaý şeýle şu wagt. Halk has gowusyny umyt eder, elbetde. Emma welin mümkinçilikler muňa rugsat berýän däldirler, elbetde. Enşallah, hemmesini doly ýagdaýda bolmasa-da, wagtyň geçmegi b şol islegleriň aglabasy kanagatlandyryjy ýagdaýda amala aşyrylar, enşallah.

Beýleki tarapdan bolsa, ýokarda diýşiň ýaly, atsyz gahrymanlarymyz hem köp. Şu dünýä belli owadan türkmen halylarymyz, seýislenip ýetişdirilýän atlarymyz, şeýle oňat öndürilýän/ýetişdirilýän waharman gawunlarymyz, inçe süýümli pagtamyz we ş.m. hem olar tarapyndan edildi, edilýär we ediler.
Ýöne şolara-da eýe çykmak gerek, ýogsam, Magtymgulyny Eýranlaň aljak bolşy ýaly, halylarymyzy özbekleň aljak bolşy ýaly, atymyzy hem ruslar ýa başgalar aljak bolar...

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Azda-kände bilýän öz

Azda-kände bilýän öz sungat gahrymanlarymyzy, emma şeýle bir ýagdaý bar, bileýin diýip gaýrat etseňem, bilmek kyn.
Ine şu sahypada 5-10 sany adam tema açdy "Türkmenistan barada prezentasiýa edýän, kimi tanatsamkam?" diýip. Diýmek tanamaýan kän, we erbet ýerem, tanasyň gelse-de tanara ýagdaý ýok. Şeýleräk.
Götüňi açmak meselesinde, şu sahypada daşary ýurtly ýok. Hemmämiz Türkmenistanly we kynçylygynam, problemasynam bile gürleşýäs. Men daşary ýurtlylaryň öňünde aýtsam belki dogry aýtdygyň bolardy.
Ýöne men şu temada kimi tankytladym bilemok, sen bolsa, tankytsyz ýurtda, habarlar diňe jennetdäki habarlar ýaly berilýän ýurtda bolup öwrenişipsiň öýdýän. Sebäbi saňa çykyp günde öwen, günde taryplan biri hiç hili ýalňyşlyk edenok ýalymy, patriot ýalymy, bir sany Talant arzuw edip ýazanam, öz götüni açýan.
Türkmenbaşyny ogşa we ýala, emma adamyň şahsy pikirine hormat goý, men ogşamakçy däl. Indi şu Remezanda maňa artygyny aýtdyrma, diňe pikirlere hormat goýmagy başar. Türkmenbaşy seň gahrymanyň, meňki däl, muň üçin ýüregiň agyrmasyn.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Birem şu ýagdaý bar. Sen

Birem şu ýagdaý bar. Sen aýdýaň, "daşarda durup tankyt edýänleri halamok", gözel göwnüň, ýa "göwniýetmezçilik edýäň" diýen manyly ýazgylaryň bar. Men seň ýazgylaryňy ýadyma salyp bilemok welin, birijigi ýadymda.
Beýleki temada Türkmen çagalarynyň 1(!!!) suradyny goýup, jahyl nesil we ýene zatlary ýazdyň. Bir däl, bir-iki ýerde. Onsoň sorag. Içerde durup tankyt etmek normamy? Ol bolýa, ýöne daşaryk çyksaň eýýäm "jyzýaňmy"? Ýa bir üýtgeşik mertlikmi ol? Ýa göwniýetmezçilik dälmi? Ol suratly meselede men şonda-da ylalaşmandym. "Birnäçe samsygy görkezip, umumulaşdyrmak ýalňyş" diýipdim.
Eger seň üçin ara-çäk uly wajyp bolsa, ynanaý, men Türkmenistanda entäp ýörkämem şu temada gürrüň çyksa pikirimi şeýle aýdyberýän. Muny aýtmaýan barmy? Türkmenistanyň ýary aýdýa! Ara-çäk bir çyzylan çyzyk.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Eylak beylak harp gatnadyas

Bayram aga biz ikimiz shutayda eylak beylak harp gatnadyas.
Sen pikirlerine hormat goymayan bolsadym shu sayda girmezdimem agzada bolmazdimam.
Bu meseleden ikimizem netija gelip bilmers oydyan sebabi men bir zat diyan sen bashga zat diyan. Kop meselede chikish gozlap oz nevsimizi aklajak bolyas. Sen bizin halka ve halkin onde gelenlerne bolan sylagyn ve guvanjin menki bilen den gelmanson kan bir sozumizem alishmajak bolya.
Belki bir gun yakindan tanishars ve geniyalni dushunjelerni has yakindan dinlap gorerin shonda belkem bir birimize has govi dushuners. Yashuli barada aytsam yalamak sozun bilen name diyjek bolyanina dushunmedim yone sen shu vagit nirde name ishleyanem bolsan shol adamlarynam sebap bolanini unutma. Shu vagit meydanda choponom bolup bilerdin .. emma sana shol imkanlary saglamakda uli rol oynan adamlara bolan govun yetmezchiligin meni gati ginandirya. Mekdeplen achilmagina garshi bolan kan yetkili adamlar bardi. yapcak bolup dishini gijayanlaram bardi emma shol adam dalmi sholara yol bermedik. Yurtda abadan ishlemeklerne sebap bolan. Borda govisi sen bu zatlari govja pikirlenip gor yenede. Belkem hormat goymana layik biridir. Onsonam Turkmenlerde bir nakil bar. "Ölüsini silamadyk dirisini silamaz" Senkem shona barya azajik. Men kumirim dal shol adam yone mende sylag uli shona garshi.

Seň pikiriňçe ýaşuly

Seň pikiriňçe ýaşuly maňa "imkan sagladi", meň pikirimçe tersine...
Bu ýagdaýa garaýyş tapawutlylygy diýilýär. Men ynanýan, Türkmenistan we türkmen halky has gowy ýagdaýda bolmaly diýip, sen ynanýan erbedem bolup bilerdi. Ikisem dogry. Mundan hasam erbet bolup bilerdi, hasam gowy bolup bilerdi.
Sen şu jedeli diňe Türkmenbaşyny negatiw ukyp görenim üçin başlan bolsaň... men ol pikirimi üýtgedip biljek däl.
Men Türkmenistanda zehinli oglanlaryň öçüp gidenini gördüm, mümkinçilik tapman, ýa dokument kynlygyny çekip (meselem, Merwezi=Muhammediň aýdan biolog oglany, ýa başgalar, sanap oturjak däl). Sen bolsa aýdýaň, "Beýik Türkmenbaşyň saýasynda"...
Sen öz pikiriňde gal, menem özümiňkide galaýyn.
Bu hak meselesi. Türkmen halky has gowy durmuşda ýaşamagy talap etmeli, edip bilenok. Borda.
Ýöne temany sähel zatdan oftop etdik. Eger bu temada gürrüň gyzykly bolsa, täze tema açaý.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Serhoşlar söweşiň.....

Serhoşlar söweşiň söhbetini edip başlasalar agyzlaryndan köpük saçarlar, emma söweş gyzanda köpük kimin galarlar, hiç zada ýaramazlar.

Beýle adamyň gylyjy söweş sözi edilende uzar. Çyn söweşde bolsa sogan kimin gat-gat gynlara girer!
Söweş hakynda oýlanan wagty köňli ýaralary gözlär, saplara atylar, ärlik görkezer. Söweş wagty bolsa çar tarapa gaçar.
Jepa uçrap lowurdajak wagty gaçan, soň hem sapa isleýän kişä haýran galýan, dogrusy.
Yşk dawa meňzär, jepa çekmek hem şaýada.

PS: Bayram aga özüne çekmek yok.!

Düşünemok, men özüme

Düşünemok, men özüme çekmesem, kim çekmeli?!
Men aýdýana, sen şu pikirde bolan bir adam däl, menem meň pikirimde bolan bir adam däl. Şol bir jedeli täzeden etmäge ýaltanyp kän jogap ýazasym gelenok. Ýöne sen ýalyrak pikirde azyndan 2-3 sany oglan gelip ýazdylaram, gitdilerem ýitip.
Isleseň şol temalary tapyp, okap göräý.
Gysgaça jogap:
Men halkdan biri, menden bir zady talap etmäge hiç kimiň haky ýok. Sebäbi men öz işimde edilen talaby ýerime ýetirýän. Talap şol işde we wezipede oturan adamlardan edilmeli. Men ministr bolsam, mendenem "ärligi, edermenligi, edilen işi" talap et!
Ýokardakylar bir wezipä oturanlarynda, belli talaplara boýun bolýalar, jogapkärçiligi üstüne alýarlar.
Seň dünýägaraýşyň bilen men tekiz ylalaşamok. Obadaky çopanam öz Prezidentinden we ministrlerinden zat talap edip bilýäler! HAKY BAR! Emma Prezidentiň obadaky çopandan edip biljek talaby diňe çopançylyk bilen baglanyşyklydyr.
Şol analogiýada, men halkdan biri. Meň öz işime jogap berýän, ýolbaşçylaram öz işine jogap bermeli. Diňe eden gowy zatlaryny däl, erbet zatlarynam görmeli. Borda, bu elementar zatlar. Bizde entäk bu mentalitet oturmadyk. Biz bir sany Hana, bok iýse-de, ses çykarman boýun bolmaga öwrenişen halk...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Nizamulmülkin "Syyasatnama"

Nizamulmülkin "Syyasatnama" kitabynda şeyle bir hekaya aydylyar:

Bir patyşa öz yurdundaky alymlarynyn (talant) gadryny bilmedi. Yurdun bar alymlary şol yurtdan göçüp gitdi. Son ol yurt güyjüni yitirdi. Ol patyşa da giden alymlary yzyna gaytarmak üçin olara sowgatlar iberdi, gadryny biljekdigini aytdy. Alymlar yzyna gaydanson ol yurt tazeden ösüp başlady.

Bu hekayadaky patyşa mana birini yatlatdy, kimdigini aytmayyn. Yöne ol pahyr, yurtdan giden alymlary yzyna gaytaryp yetişmedi. Belki indiki "patyşa" eder...

Şu hekayada aydylan zat öran dogry, bir yerde talantyn gadry bilinmese, ol gadyry bilinyan başga bir yerik göçer/gider/gaçar. Amerikan ösmegide şeyle boldy, "zehin göç"i diyilyan, dürli talantlaryn Amerika tarap global hereketi sebapli ABŞ şugün bir super-döwlet bolup bildi.

PS: Yany yakynda bir habar okadym. Russiya "Dnepr" diyilyan bir super-raketa yasayar. Şol raketan yasalmagy üçin yene iki döwlet Russiya şarik boldy, biri Gazagystan, birem Türkmenistan. Bu habar uly habarlaryn habarçysymyka diyyan ;-)

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Köpden bäri olimpiadçylaryň saýtyna girip bilmän ýördüm.

Köpden bäri olimpiadçylaryň saýtyna girip bilmän ýördüm. Saý-sebäp bilen düýn girdim. Baýramyň talantlar hakynda ýazan ýazgylaryny, oňa berilen komentleri okadym. Gynandym. Siziň baryňyzy hem oglum, inilerim ýaly görýän welin, şeýle boş ýaňka-ýaňkalar bilen meşgul bolýandyklaryna gynandym hem munuň manysyna düşünip bilmedim. Siz talantlar hakynda gürrüň edýäňiz. Hemmäňizem dünýe döräpdir talant ady berilen biçäräniň gününiň nähili bolandygyny bilýän oglanlar. Onsoň talantlylara bähbitli bir gürrüňi etmegiň, netijeli iş bitirmegiň deregine biri-biriňiziň kelläňizi agyrdyp „at gazanjak“ bolýarsyňyz. Mundan size-de, talanta-da, halka-da näme peýdanyň bardygyna düşünip bilmedim. Talanta näme gerek? Ilki bilen özüniň açylmagy, soň hem ruhy hem maddy goldaw gerek. Munda siz nähili iş bitirip bilerdiňiz? Ýadyma düşýär bir wagt Petrosýan dünýäň çempiony bolanda daşary ýurtdaky ermeniler oňa altyndan ýasalan küşt sowgat beripdiler. Bu peýdaly iş, ýaňka-ýaňka däl. Ýok, talant gözüni ýumup, agzyny açyp, nireden maňa altyn-kümüş gelerkä diýip oturandyr öýtmäň. Ýöne ol hemişe ýalňyz. Ol dosty küýseýär. Hudožnik bolsa eserini görkezjek, şahyr bolsa goşgularyny okap berjek. Bolany. Eger siz dost goluny oňa uzadyp bilseňiz, mysal üçin, onuň eserini daşary ýurtda birine görkezseňiz, ol hem hudožnigiň işine göwni ýetse ýa-da ýetmese, muny siz ol hudožnige ýetirseňiz... Mysal kän. Dost diýlen näme peýdam deger ýa-da näme peýdasy deger diýilip tutulmaýar ahyryn. Talant üçin Amerikada ýa-da Türkiýede, ýa-da Türkmenistanda dosty bolsa ýeterlik, ýöne tanşy däl, dosty bolsa ýeterlik. „Siz talantlylara kömek ediň, talantsyzlar öz gününi şeýle-de görer“ diýlen sözi eşidensiňiz. Gurbannazaryň dostuň nämedigini aýdýan goşgusynda penjegiň işligine gaçan iň soňky otluçöp dänesi bolsaň diýýäninem bilýänsiňiz. Siz olimpiadaçylar her biriňiz şol çöpe öwrülseňiz, giden bir gap doly otluçöpler baolup bilerdiňiz. Munuň üçin näme etmeli? Gowsy şol barada oýlanyň. Talantyň şol ýekeje däne otluçöpi şeýle bir gözleýändigini unutmaň! Size käýýemek islemedim. Siziň özüňiz hem bir talant. Meniň şol dänejik bolasym geldi.
Mydam hormatlaýan kakaňyz, agaňyz Hydyr Amangeldi.

Telpekler (4 kisiden 8 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Bolýar Hydyr aga"
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Okadym we boýun egdim! Hoş geldiňiz, agam!"
  • shetdaly 5 telpek goyyar we yazyar: "örän oňat ündew!"
  • azatcentury85 1 telpek goyyar we yazyar: "Tuweleme agam, gowy dushundiripsiniz!"

Hydyr aga

Hydyr aga salawmaleýkim!
Temaň şeýle jedele öwrülendigine utanýan. Asyl bir içimden gelen arzuw bolansoň açypdym temany, soňy muň ýaly syýasy/şahsy jedele öwrüler öýtmändim.
Meň şol gün okuwçylaryma ilkinji sapagy beripdim semesterde, tanyşlyk gidip durdy. Biri
-Siz nirede?
-Türkmenistandan
-Hää... näme üýtgeşik zat bar Türkmenistan barada? Öň eşitmändim.
Onsoň itler barada aýtdym, gaz barada, at barada... kelläme ýokardaky pikirler geldi.
Ýöne dogry aýdýaňyz. Jedelden peýda ýok.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Shu mesele barada

HydyrAmangeldi wrote:

Eger siz dost goluny oňa uzadyp bilseňiz, mysal üçin, onuň eserini daşary ýurtda birine görkezseňiz, ol hem hudožnigiň işine göwni ýetse ýa-da ýetmese, muny siz ol hudožnige ýetirseňiz... Mysal kän.

Bayram aga ve beyleki Turkmen talandy barada gyzyklanyan agzalar. Gelin hakykatdan sholar uchin name edip biljekdigmiz barada pikirlenelin. Dost elini uzadalin.
Dogrusi men elimdena kanbir gelyan zat yok yone uyshsek kop bolsak govi ishler bitirip biljekdigmize inanyan. Mysal uchin goshgy yarshi yada hekaya yarshi gechirip bilers. Men turkmen yazijilarna duydurman yoluni bilyan. Hatta olary elektron varyantda sayda da goyup bilers, ses berilshik gechirip bilers. Kichirak sovgat berip bilers. Umuman shu barada maslahat salyan. Sizin pikirlernize garashyan.

Şu sahypada goşgy

Şu sahypada goşgy ýaryşynam, makala ýaryşynam geçirdik (-m). Gatnaşan az boldy.
Ýöne ýeňiji Gadyr aga sowgat bar diýipdim, sözümden dänmedim. Özüni haçan görerin Alla bilýär.
Türkmenistan boýunça ýaryş geçirmek üçin sowgadam, gurama-da has üýtgeşik derejelerde bolmaly. Oňa ýagdaý, esasan wagt, soňam pul, ýetermi bilemok.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

tomusada peydaly oturshyk

tomusada peydaly oturshyk etmeli , men shu wagtdan bir zadyng gamyny iyyan , eger amala
ashyryp bilsem 2009 yylda gowja peydaly zad hakda da pikir etyan!
2008 ujuz geshdi passiw boldy:)) gyzlangky yone gowy boldy, oglanlary bilemok, gyzlarda birnachesi boldy, kawirisinde ote eshdip stadiona gidenim hem boldy:)) shu tomasa bashga tarapa yoran yaly boldum:)))

_____________________________________
Live in the present, not in the past

?

selbishka wrote:

2008 ujuz geshdi

Beh, "ujuz" näme diýmek, ýa senem türkçeden alaýýaňmy :)

ýazgdaky manysyna seretseň-ä "bereketsiz" diýen ýaly bolýar?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

"Ujuz" sozi Turkmenlerde-de

"Ujuz" sozi Turkmenlerde-de bar ekeni. Shu wagt "Kesearkach" diyen kitaby okayan, shonda gordum 2-3 yerde ulanylanyny, kitap bolsa 85-nji yilin kitaby !!

haýsy manyda

haýsy manyda ulanylypdyr?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Turklerin "ucuz atlattik"

Turklerin "ucuz atlattik" diyip ulanyshlaryndaky manyda !!

aslynda ujuz diymek - babay

aslynda ujuz diymek - babay diymek:))))))
ay yone kellame geldide ulanaydym, enshalla indiki yyl 2009 tomus gyzlar bilen gowy gurnamak niyetimde bar , enshalla ishim kop bolmasa, okuw diyip bir:)))))

_____________________________________
Live in the present, not in the past

gowy blog bolupdir..

gowy blog bolupdir.. Sebapkarleri gutlayan..:)

Marsa (bu gezek Saturnmy?)

Marsa (bu gezek Saturnmy?) gidip gelenlere tazeden yatladyan.
Tmolympiad'da gutlaglar telpek bilen edilyar! :D
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

bayram

bayram , sen ozun bir durshun bln talanda :)
oyun edemok, cynym bln aytyan,sen hakykatdanam talantly.
Biza senden geljekde kop zatlara garshyas, yagny mena.

wayyyda... :D eretdinda

wayyyda... :D
eretdinda :D
barde dowulmage owrenishdim welin, owseler bir hili chaytanaklasym gelyar :D
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "talantyň üçin :))"

ay

ay erap, chaytanaklap helak bolup oturma, yone hakykatdanam
talantlydygyny aydayin diydim.
Hani erbedem bolsan gowy diyseler gowy boljak bolyalara :)..

Bayram aga, shu taychanaklap

Bayram aga, shu taychanaklap bashlasan seresap bolawer.Yerden yoran yikilmaz. Yikilsada dikeler. Shu howa galdirip pilchayanlar bara sholardan gacharak bolawer. Yogsa talandin beylekin bilen gidersin...=)
Nebsim taychanaklap bashlaya welin mena yere pilchap uryan shoni. Sebap Pygamberem gum sep yuzune diyyar. Meni owenin yuzune gum sepsen birhili yalnish dushunyaler, shon uchin gira gechip nebsini guma bogmali bolyar
Neyse gizikli blog eken shula.Kopden bari tmolympiadda dartgynly yagday yokdi+)\

Jonnuk

Agam dartgynly ýagdaý

Agam dartgynly ýagdaý bolmasa, döretmelidähow :)
Men taýçanaklaýan diýip degişdimlaý :)
Ynansaň, öwülmege öwrenişipdirin. Reaksiýa beremok ýa inşallah beremok. Sebäbi Amerikada adamlar kän öwýäler, özem öwenlerinde ýüzüňe garap öwäýýäler :) Kompliment doly.
Şu Orsýetde näçe öwmeýänler bolsa, Amerikada hem şonça öwýänler bar :) Onsoň öwrenişip gidýäň.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Ay olarin hasieti sheyle

Ay olarin hasieti sheyle owup owup etjegini edyaler=)
Yone owga immunitedin barligi gowi zat. Bizede nesip etsinda=)

Jonnuk

Agam hiç kimiňem öwgä

Agam hiç kimiňem öwgä 100% immunitedi, gynansagam, ýok bolara çemeli, belki Muhammet Pygamberden başga.
Şu öwgüli mesele gyzyklam, sebäbi göz öňüňe getir, menä sähel öwülsem çaýtanaklasym (dogry ýazdymmaý?) gelýä. "Türkmenbaşy" dagy bolsaň, ýallakylaryň arasynda akyl-huşyňy ýitirýänsiň...
Onsoň elbetde olaryň ýagdaýyna hem düşüniberýäň...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • Jonnuk 5 telpek goyyar we yazyar: "Yuregim boldun!"

Menem Turkmenbashini sheydip

Menem Turkmenbashini sheydip gotergilanlerden shikayatci,hani diyyalera ganjik guyruk bulamasa kopek izina dushmez.-) Birazjik godegrak boldi welin bagishlarsinizda. Yone owmek gati ayip zatmika diyyan ondada Turkmenbashini owushleri yali owmek.. Birhili gorenem utandiryalay=)

"taýçanaklamak" bar

"taýçanaklamak" bar öýdýän, "aýnamak" hem ulanylýan bolaýmasa bu babatda! "çaýtabaklamak" diýip bärde okadym ilkinji :)

Öwmek-öwülmek barada bolsa - goşulýan!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"