vVv, doglan günüň gutly bolsun!

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Şugün vVv-niň, ýagny, wäşi agzamyz Wepa Sähedowyň doglan güni. Şol mynasybetli, hemmäňiziň huzuryňyzda/öňüňizde ony gyzgyn gutlamak isleýärin.

Gutlagy ýene iň gowy görýän sitatalarymy ulanyp ýazmakçy, iň oňat dilegler hökmünde. Ilki bilen-ä:

Wepa, "Allah seni Öz ýolundan aýyrmasyn! Söýýän bendeleriniň arasyna goşsun!
Şeýle gözel ömür bersin, ol ömür näçe ýylam bolsa, olary dop-doly, her minudyny peýdaly edip geçirmek nesip etsin!

Allahyň dergahyna baranyňda, bu dünýäde eden ýa-da edip bilmedik zatlaryň üçin içiňde hiç-hili puşmanlyk bolmasyn!

Geljekki ýanýoldaşyňam seniň Oňa we Onuň Habibine(SAW) has ýakynlaşmagyňa sebäp bolsun!

Ýokardan garaňky dünýä seredileninde, siziň gurjak öýüňiz ýyldyz ýaly parlap dursun!
Firdews jennedinde-de maşgalalarymyz bir-birine goňşy bolsun, enşallah!

Doglan günüň gutly bolsun!"

“Eý, ýaranlar, aşyk boldum men bir “melege”,
Iki dünýe oňa waslym dile, Allahym!
Külli emriň ýetir Sen bu pelege!
Iki dünýe oňa waslym dile, Allahym!

“...................................
Jennetiňde Habybyňa biz goňşy bolsak,
Bakyýetde her juma Jemalyň görsek!
Dileglerimi kabul eýle, Beýik Allahym!

Özüňe laýyklykda bendeler boljak,
Habybyňa laýyklykda ymmaty boljak,
Watana, millete peýdaly boljak,
Nesilleri bize bergin, Allahym!“

dilegini edýärin!

Täze ýaşyň(näç ýaşadyň-ow) ýaşyň gutly bolsun, Wepa!
Bu täze ýaşyňy ençeme haýyrlara we mekdepdäki wezipäňde-de başarnyga sebäp etmegini Beýik Biribardan dilemek bilen!

Telpekler (2 kisiden 6 sany)

Bu yazgi ucin

  • yhlas 1 telpek goyyar we yazyar: "AMİN"
  • vVv 5 telpek goyyar we yazyar: "Ata aga yeke yeke hemmesine goyup bilmedim siz paylarsynyz da gutlanlara:D"

neme

bah aradan bas yyl gecip baryaray ynanar yaly dal...
----------------------------------------------------
Başa iş düşende hasratam gerek!
Yöne olam gerek öz çeni bilen!
Öz ilin hasratyn çekenin daldir,
Öz derdine aglap geçenin bilen!

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "altynjy yylda gelip bilmesegem ongunden gutlap goyayyn:)"
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "aradan gecen 5 ýyl, wiy, doglan gunun ucin :)"