Dil owadanlamak gerekmi, name uchin gerek?

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

adamlar taryh boyuncha dili aragatnashygyng esasy ulgamy edip ulandyrlar we ulanarlar, dilden bashga hem beden dili, yuzleri we ruhy hallarynyn bedene yangsymagy yaly yollar bilen aragatnashygy gurdylar. DIL diyilyan ulgamy osdurmegi basharan adamlar bolsa hemishe halk ichinden saylandy we hormada mynasyp goruldi. obaly jahylyndan tut, alymyna, mashgala ichinden tut- dowlet dolandyrylyshygyna chenli hemme liderlik wezipleri koplench DIL ulgamunda okdelere mynasyp goruldi. modern biliming taryhyan seredenemizde bolsa ilkinji modern mekdepler Atinada we Spartada gurulanda hem mekdeplerde dialektik( owadan gurlemek sungaty) saplary berilyardi. Osmanly dowledinde hem patyshlang huzurunda DIL we edebiyat ussatlaru jedelleshme we pikir alyshma sheklinde Muzakere ady bilen shuwelengler gurnalyardy.
geleling soragmyza
gorushumuz yaly adamlar DILi ussatlarcha ulanyanlar homat goyyar. munung sebabi name? okde gurlap bilyanleri bizden ayyryan faktor name? name uchin hemme kishi okde gurlap bilenok. soz owdanalamak gerkemi? nirede we name uchin gerek?
PS: berjek jogaplaryngyz oy ish uchin ulanjak, jogap bersengiz hoshal bolaryn

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • Belle 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Hemmelere belli bir hekaýat

Hemmelere belli bir hekaýat bar, bir patyşa öz düýşini nädip ýorduranyny barada. Ýoranlar deň ýorýalar, emma üýtgeşik şekilde dile getirýäler. Biri
-Seň düýşüňde dişleriň dökülen bolsa, onda diýmek seň bar ýakynlaryň, dogan-garyndaş we dost-ýarlaryň ölüp, bu dünýäde ýeke galarsyň.
diýýär we şu sözleri üçin öldürilýär. Beýlekisi
-Sen hemme dogan-garyndaş, dost-ýar we tanyşlaryňdan uzak ýaşarsyň.
diýýär we sylaglandyrylýar. Ikisem bir zat dälmi? Bir zat. Tapawudy näme? Dil.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Soraglara jogaplar

Indi bolsa, soraglaryňy jogaplaýyn.

Quote:

gorushumuz yaly adamlar DILi ussatlarcha ulanyanlar homat goyyar. munung sebabi name?

Dilem bir ukypda, haýsy ukybyň bilen ilden saýlansaň, hormat goýýalar. Sportsmen, aýdymçy, ussa, şahyr, ýazyjy we ş. m. Oratoram şularyň biridir.

Quote:

okde gurlap bilyanleri bizden ayyryan faktor name?

Soraga düşünmedim. Dili ulanyşlary diýseňem bolýa, ukyby diýseňem bolýa, akly diýseňem bolýa, bilimi diýseňem bolýa. Bilemok düşündimmi soragyňa.

Quote:

name uchin hemme kishi okde gurlap bilenok.

Hemme kişi ylgabam bilenok, işläbem bilenok we ş. m. Her kimiň bir ukyby barda.

Quote:

soz owdanalamak gerkemi? nirede we name uchin gerek?

Söz owadanlamagam ýerinde gerek. Sebäbi beýik söz ussatlary bolupdyrlar, her kim tarapyndan söýülip, taryhda galypdyrlar. Hoja Nasreddini alaý, Magtymgulyny al. Emma ýene bir bölek güýçli oratorlar bolupdyrlar, syýasatçy we döwlet dolandyryjy adamlaryň guly we köpegi bolupdyrlar. We olaryň iki ýüzliligi iru-giç ýüze çykypdyr. Abraýmy? Ýok.
Käwagt owadanlamak wajyp, a käwagt "Mus Mus" diýmän "Mustapa" diýip gönülemek gerek. Bu elbetde, IMHO.
Nirede we näme üçin? Bu giň sorag, täze tema açmaly bolaýmasyn?! Umuman, mysal bereýin. Çaga, garry, ýa aýalyň göwnüni aljak bolsaň, azajyk sypaýydan sypdyryp, söz owadanlarsyňda. Meselem, aýalyňa nähili owadanlygyny aýdan bolarsyň, ýogsam eýýäm 1-2 çaga doguryp kwadrat ýa kubik bolanam bolup biler. Pahyr begenerdä :D Ýa ýaşulylaryň göwnüni almak üçin, gep owadanlap, pikirlerini sorarsyň. Ýogsam eýýäm kararyňy alyp, içeri işleri ministri aýalyňa degişli buýruklary berensiňem. ;)
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (2 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "aslymarylyn yerine:)"
  • rustem149 2 telpek goyyar we yazyar: "baaah... bayram aga tabiri caizse "takmishsiniz" siz "kwadrat" da "kubikleri"... :-)"

Menin pikirimche,

Menin pikirimche, owadanlamak konechno gerek, kak govoritsya:"Glavnoe ne chto skazano a kak skazano."

Life is just so wonderful!!!

...i KEM skazano....

Zohre wrote:

"Glavnoe ne chto skazano a kak skazano."

...i KEM skazano....

ata aga shu yere komment

ata aga shu yere komment yazsang telpek bergimi yzyna berjek:)

telpegimi ber, daway

telpegimi ber, daway :)))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "al agam al:):):)"

hmmmm.....

ay edil ata aga yaly yazyp biljek mi ony ha biljekdal yone bizem elimizden geleni we de bilyanje zatlarymyz bar bolsa yazaly.... geplemek elbette byr sungattyr we ukypdyr bayram aganam aydysy yaly beyik sahyrlary bizden ayyryan in byr esas zadam bu.... menche herkimem oz derdini garshysyndaky adama dushundirip biljek derecede geplamani bejermeli we de onga oz aydyan zadyny kabul ettirjek bolsa azajygam ondan hem gowy geplemeli hem de gepleyan zatlaryng arasyna da fakt goymaly.....yone bey diysem gepi sol byr uzadyp durmaly dal de mumkin boldugyca az soz bilen beyan etmeli darey.... sebabi men byr yaman gowy gatnasyan dostym bardy... han ha shong bilen her gezek dushushamda shol byr netija gelyardim "rustam az geple az geple az geple" diyyadim oz ozume... sebabi il icinde kan o diyen gowy gorulenok kan geplemek... ay ing bolmanda mena shonga seredip shyle diyyardim... sebabi dil owadnljak bolup byr giden bos bos gepler edilyar we de byr giden sozler sarp edilyar.... olam bolsa malayani synpyna giryar, bos sozler, ne bu dunyamize ne de ahyretimize peyda getirjek bos manysyz sozler..... birem men bellap gechmek isleyan zadym bar olam gepleyarkak gep owadanlamany dal de mumkin boldugucha garhyndaky adamy ynjytman geplap bilmek menche ing byr wajyp zat my ka diyyan.... men turkiya gelmakam okan mekdebimde gaty gowy goryan byr agam bardy han ha shondan men byrnache de bolsa "tavsiye" islapdim gelmakam.... ol name de bolsa barini gutaryp gitti we durmushu hem menden has gowy bilyardi we menche de gaty chunnur biri shol.... han ha shol bratok manga iki zat yazyp berdi yagny iki tavsiye.... sholang biri hem "garshyngdakyny ynjytman geplemani owren" idi.... ata aga gowy tanayansyngla aydyan adamymy.... kendileri sizin sinif arkadashynyz olurlar da....

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Ýene aslymaryly-nyň ýerine:)"

Bäh, geçen gezek bu

Bäh, geçen gezek bu ýazgyňy okaman gidipdim howlukmajrak bolamsoň. Ýaňy okadym welin, kellä şu sorag geldi:"Näme üçin hiç bir agza bu ýazga(eýesine) telpek bermändirlerkä?!" :)

Eý, menden gowy beýan edip bilmejegiňi aýdan bolup, soňam çigip taşlapsyň-a :)

Berekellah, jigim! Saňa telpegem goýjak!

Diýýän agaňy, ýagny, klasdaşymy tanaýan, ony tanamasam bolmaz-a. Şolam az gepläp, köp iş edýänlerden, ýagny, meň tersim. Dil barada-da uslybyň wajyplygy barada degişli blogymda ýazypdym. Baýram hem ýokarda belläp geçipdir. Garaz, umumy kanun hökmünde "köp gepläniň köp säwligi bolar" diýleni dogry maňa görä. Ýene wajyp 1 zat hem, gerek ýerinde, gezek berlende usulyna görä geplemek.

Gysgaça şulary aýtmak bn boldy edäýeýin kän samahyllamanjyk :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "yazgyny okamandym heniz doly, shong uchin, al bergimi beryan:)"

kiming adyndan telpek

ata wrote:

Berekellah, jigim! Saňa telpegem goýjak

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

oz adyndan goyaymaly ekeninngizda ata aga:)
**********************
ViVa MeRw FoReVeR

Aşyr jan, men bir mowzuk

Aşyr jan, men bir mowzuk açyp, agzalardanam maslahat aljak bolsam, onda şol mowzukda maňa goldaw beren agzalara telpegem bererin. Berendirinem seredişdirsek :)

A sen bolsa, özüňe bu babatda gowy goldaw berenlere sag bolsunam aýdaňok - munyň bolanok, jigim :)

Şoň üçin-laý seň adyňa olara telpek eçilmegim :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

wah yokla ata aga oyun

wah yokla ata aga oyun etdimlay, gaty kop sag bol :)

Rustemiň ýazgysynda baş

Rustemiň ýazgysynda baş harp bilen başlaýan ýeke-täk sözem görmämsoň, okamadymam...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

entägem okamadyňmy?! seni

entägem okamadyňmy?!
seni öwüpdir-ow ol :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

onda sen talyplar.com-a

onda sen talyplar.com-a wapşe giryanem dalsin))

geplemek barada!

ka biri bir zat gürrün beryar wein,gyzykly zadam iç gysgynç bolayyan ekeni.Arasındada gürlap durka dymyar 5 sekund yalı welin gutarmaz öydüp sabır kasani ayırıp şa kase goyaymasan bolanok..hii gövnüne değmejek bolyan welinem bolayanok...ahır borla geçsene otaylarını,sonuna aytsana derrwrak diydiryar..

menem ahalamok, bir

menem ahalamok, bir sundurdirip aytyanlar bar , nazirgap , yada yuwash biz pahyr ker bolamsong kan eshdemok:) gaharym gelyar onsang :) eshtmesem yylgyryp otyryan:) bir adam diyyang chorek iyyan bolsa janly geplese gowy
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Suhangöýlűk/Dilewarlyk

Suhangöýlűk/Dilewarlyk sungaty täsin sungat elbetde. Köp serkerdeleriň soltanlaryň, hökűmet baştutanlaryň diňlenilmeginiň esasy sebäplerinniň biri hem olaryn adamlar bilen gepleşip bilmek, öz ýollarynyň dogrudygyny űndäp, ynandyryp bilmek.Taryha göz aýlasaňyz haýsyam bols abir beyik adamy al, hemmesi diýlen ýaly il öňűnde çykyp bir agyz söz aýdyp bilýänlerdir. Men pikirimçe dilewar bolmak, yagny eger sen döwlet işinde işlejek bolsaň hat-da mugallym hem bolmalydyr. Diliňi bezäp gűrleseň hemä ýakymly bolýar, hemem ýöne şol adamy diňläsiň gelip durýar.
okde gurlap bilyanleri bizden ayyryan faktor name? name uchin hemme kishi okde gurlap bilenok
Sheýle bir aýdylan söz bar(kimiň aýdany shu wagt ýadyma dűşenok) “Dilewarlar dogulanok, bolunýar”. Çyndanam käbir adamlar il öňune çykyp gűrlemegi kyn görenolar, olar űçin hiç zat ýaly, käbirimiz bolsa, “way”, ya-da “başga zat edaýinä” diýip zeýrenip, gorkup başlaýarys. Ýöne siz soňky kategoriýa degisli hem bolsaňyz, onam dűzedip bolýar. Oňam açary “Practice, Practice and once again Practice”
Men özűmem kän tanamaýan auditoriýam bolsa, öňler aljyrayardym, adam sany 30dan geçdigi. Yöne men bir mugallymdan dilewarlyk (public speaking) sapaklary aldym. Ondanam ýaman köp zat öwrendim, şol muglllyma men yaman minnetdar!
Öwrenen 1-2 sany zadym bilen bölűşeyeyin:
1.Ol bize “eye contact” diýen bir zady öwretdi, yagny auditoriyada hemme adam hamana sen diňe şonuň bilen gűrleşýan yaly bolamly, gepläňgde hemmelere göz aýlamaly, kabiri ýaly dälde, so listinden bir zatlary okajak bolup başagaý, ya-da kabirlere stenamy, papatolga seredip oturandyr haçan görseň!
2. Gerekmeek sözleri ulanma, mysal űcin biri sapak aýdyp durka diňläp görűň, űmlűkler gitdi bolýar, başlayalar “ine, şol, şol bara, neme bara…”
Gowy oratorlar beyle sozleri ulanmaýarlar. Men käte sapakda oturyarkam bir klasdaşymy alýan, sanaýan näçe sapar “shol bara” diydikä. Her sözlemi başlajak bolanda goşyalar, köpűsi.
3.KISS bu namedir öýtmän manysy “Keep It Simply Stupid”, umuman auditoriýaňyz aytjak bolyan zadyňyzy dűşűnsindä!
Sözi owadanlamak gerek, ýöne nirede digini bilmeli, il öňűnde, hat-da sapak ail öňűnde, hat-da sapak adaňda-da, biri bilen gűrleşeňde-de aýtyan sözleriň birigip, “flow” edip gitse, nähili ýakymly şol adamy diňlemek! Yöne kän gűrleýän adamlaram halanylanok, şoň űçin gowy dilewar nirede durmalysynam, bilmeli, bolmasa kate “way, çaltrak dynaýmazmy, şu wala-walasyny diýýäň!”

_____________________________
Elaiza Wyeldowoyan de Murwuaz

Telpekler (5 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekellah!"
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • brave 1 telpek goyyar we yazyar: "hmmm..ine,şol bara...bah...berekellaa!"

Quote: “Dilewarlar

Quote:

“Dilewarlar dogulanok, bolunýar”.

yöne bilmedim okuw görmediklerinem şeyle ynandyryjy, süyji gürleyanleri kan bolya, dinlesen dinlap oturmaly, olan maşgalada yetişdirlişi bilen kan baglanşygy yok bolaymasa, dogulyşdan bir ukyby bolya, yöne kan gürleyanlerin hemmesi owadan gürlanok, gerekmejek zatlary kan gaytalayar, owadan gürleyanler manyly, faktly gürleyaler, belli bir waka birnaçe yoldan seredip bilyaler şonun üçin özlerine has amatly yolam saylap garşysyndakyny ynandyryp bilyaler diyip pikir etyan