Maşyn (ulag) maslahat beriň

Men maşyn almakçy welin, näme aljagymy, nämäniň gowulygyny bilemok. Ulanylan maşynlar gaty kän, haýsysy gowy bilemok. Edil häzir alamok, entek wagt bar. Tomusa ýakynlaşanda almakçy. Maslahatlaryňyz bolsa, tejribäňiz bolsa, paýlaşsaňyzlaň!

Edil häzir uniwersitediň classifieds'yndan we craigslist'den gözleýän şu töwereklerde. Aýdanym ýaly, Maý töwereklerinde almakçy. Wagt baram bolsa, öňünden alada edýändä.

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Wiý, aýtmak ýatdan

Wiý, aýtmak ýatdan çykdy, öňki maşynymy, köneje Honda Civic'imi satdym mundan ýarym aý gowrak öň. Aý kän ulanamokdym, teklibem geldi. Onsoňam, daş keşbinem kän halamokdym, özem azajyk problemaly bolup başlapdy.

Indi daşyna hem üns berjek how. Şu bir owadanragam bolsuna, bolmasa prikollardan sypmak ýokhow.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Amerika üçin mi ýa

Amerika üçin mi ýa Türkmenistan üçinmi?
Şäherde gezjekmi ýa daga, çölede gitýäňmi?
Bolýan ýeriňde gar ýagyş ýagýamy?
Ganyňda Marylylyk barmy? (Top Speed üçin soraýan)
Ýanyňda 1-den kän adam bilen gezýäňmi?
Daş keşbi möhümmi, gije aýlanýaňmy?
Finans ýagdaýyň nähili?

Şu soraglary jogapla, onsoň aýdaýyn!!!
___________________________________________________
Maru Şahu Jahan

eger puluny gysganmasana WV

eger puluny gysganmasana WV hemmesinem alyber diyyan! jetta,passat...gaty berk mashyn ulanmagam ansat..
bolmady toyota al
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Maşyn elbetde Amerika

Maşyn elbetde Amerika üçin. Umuman, kän uzak ýerlere sürülmez. Finans ýagdaýym kän öwerlikli däl. Maksimum 4000$ berip bilýän.
PS Belki USli oglanlaryň bilýän website'lary zatlary bardyr?!
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

hmmm Jip alsana:)

hmmm Jip alsana:) haysh
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Jeep gowy maşyn däl, pul

Jeep gowy maşyn däl, pul zaýalan adam bolarsyň
Maru Şahu Jahan

onda

onda mercedes:)
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • brave 1 telpek goyyar we yazyar: "Audi Autyar diyyaler...sebap şay sepini tapmak kın!"
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "ýa da BMW, o bolmasa AUDI"

4000 USD näme

4000 USD näme bererlerkä,
TOYOTA COROLLA hachback(Amerikada bar bolsa) alsa bolar, ýada VW Golf 4
uzak ýerlere gitmejek bolsaň Amerikanlaň öz maşynlaryndan alsaňam bolarla, SATURN diýýä, ýenegör diýýä. Çydamsyz, arzan maşynlar :)
Maru Şahu Jahan

shu wagt meng agam bilen

shu wagt meng agam bilen kakam mashyn goryarler ayag alynda internetda, SHOLANG aydyshlary gora , meng pikirmche gowja mashyn alarsyng 4000$ , MENG PIKIRMICHE
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Bilýänle, men aslynda bu

Bilýänle, men aslynda bu temada şunam etmekçi. Men craigslist'lerden we şoňa meňzeş ýerlerden tapan, we özümiň halap saýlap bilmeýän maşynlarymy goýup, bilýänlerden soramakçy.
Häzir mysal bererin.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Ine mysallar: 1. Toyota

Ine mysallar:
1. Toyota Camry LE 1997 - Excellent Condition - $4695
http://delaware.craigslist.org/cto/947448224.html
99k miles
2. $2300. Mitsubishi 1999,4 door,4Cyl 91.7K miles Xcelnt Cond.
http://delaware.craigslist.org/cto/946642710.html
3. 1995 Honda Civic LX in great shape - $2200 (Newark)
http://delaware.craigslist.org/cto/945385486.html
162,000 miles
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Mitsuishi Mirage diýýäni

Mitsuishi Mirage diýýäni bärdäki Carisma öýtýän, eger şol bolsa Carisma gaty gowy maşyn däl.
Men bolsama Camry alaryn, hiç hili pikir etmän!
Maru Şahu Jahan

Bahasynam göz öňünde

Bahasynam göz öňünde tuthow, 2 esse gymmat Toyota. 2 esse gowumy?
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Mitsubishi Carisma we

Mitsubishi Carisma we Diamonte men şul iki maşyna münüp gördim, elbetde meň münenlem könedi ýöne seň aljak bolýanyňam şeýle, hili peslaý!

ýöne Camryň rahatlygy, komfortlylygy hem dägýälaý şol pula, Türkmenistanda köp şol Camryler, Bantik Camry diýýäler, eýeleriniň nägilesine gabat gelmedim! Avalon çykmanka Toyotaň orta lýuks kategoriýadaky maşynydy, gymmadam bolsa şony alarn.

honda barada, biljek däl. Arzan ekeni welin, kategoriýasy Camryňkiden has pes.

Ýapon Maşynlarynyň düzülişi
1 - TOYOTA (Lexus)
2 - HONDA (Acura)
3 - Nissan (Infiniti)
4 - Subaru
5 - Mitsubishi
6 - Mazda
7 - Daihatsu
..........
Maru Şahu Jahan

in gowsy toyota - hem toya

in gowsy toyota - hem toya hem ota
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Toyota bizde populýar

Toyota bizde populýar gaty.
Emma Amerika gelip bärde edil şol derejede, belki ondanam has köpräk, meşhur ekonom klass maşynyň barlygyny bildim - Honda Civic. Hem benzin ekonom, hemem arzan, hemem çydamly.
Aslynda, menem aljak maşynym ýa Honda ýa Toyota bolar. Emma Toyotaň Camry/Avalon ýalysyndan beýlekileri kän gelşikli däl. Camry/Avalon bolsa Honda Accord bilen bir klasda, ýagny Civic'den gymmadrak...
Bilmedimdä...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

almasanay nama gerek?

almasanay
nama gerek?

Bolanok ekeni. Öňki

Bolanok ekeni. Öňki maşynymy satanyma bir aý bolanok welin, elim daňylgy ýaly, ýöne ýalbaryp gezmeli maşynlylara. Olaram göwünli-göwünsiz, elbetde, öz işleri bar.

Amerikada awtobus zat ugry gaty ösmedikhow, men haýran. Bir goňşy şähere gideýin diýseň ýa kirli awtobuslarda (hakykatdanam kirli bärde), ýa taksi bilen ýa ýalbarmaly. Magazine gideýin diýseň, keselhana gideýin diýseň...
Ine şu günem ýene tanyşa haýyş etdim, olam garşylygyna kömek isledi...
Maşyn bolmasa bolanok Amerikada.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

halem shu mashyny oylap

halem shu mashyny oylap tapypdyrlar.
mechanical injenerlerinin jany sag bolsun..

a UK-da bolsa şäher içi

a UK-da bolsa şäher içi we şäherler arasy her ýere diýen ýaly awtobus ýa poýezd/railway/metro bar diýen ýaly, ýöne tm bahasy bn deňeşdireňde aşa gymmat. Meselem, 3 duralga üçin 1.5$ tölemeli, 4-5 duralga üçin 2$ gowrak, 6 we has ýokarsy üçin bolsa, 2.5-3$ tölemeli 1 tarapyna. Günlük bilet 4$ gowrak.

---------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

a bizing sherimizde College

a bizing sherimizde College Stationda awtobuslar mugt nira gitsengem mugt:)))) ozem tazeje:)
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

a bizin shaherimizde

a bizin shaherimizde awtobuslar dine Turkmenler uchin mugt..

Mashyn alsan Toyota yada Mercedes

Menin ozun arada bir mashynlar bilen gyzyklandym

Dubaydan turkmenistana gelyan mashynlaryn arasynda TOYOTA geljegi yok turkmenler uchin.
Dubaydaky pakistan, hindi, owgan, sudan, yrak... bilmedim yene ne belalar otyryp USA-dan COPART.COM-dan online auction-dan scrap mashynlary alyp getiryarler Dubaya. Turkmenlerem bal edip alyarlar. Bay konteynerler achylmynka satylyp gutarylyar. Suratdan alyp sonam aglap yoren haysy arasynda.
garaz shu yokarda ady gechenler her mashyndan 1000$ min peyda gorup turkmenlere satyardylar.

Mashyn aljak bolsan in gowusy TOYOTA we HONDA.
Zapchasti hem arzan we bahasyny yitirenok hich hachan.
Arada turkmensitanda oglanlaryn biri USA-dan 4000$-a 98-99 model TOYOTA AVALON aldyrdy. Gul yali mashyn ekeni. Dashky keshbinede rahatlygynada soz yok.

Emma mashynda Mercedese geljegi yok.
Mercedesin rahatlygy hich bir mashynda yok. Mashynda otyranda dalde, suren wagtyn tapawudy gaty bildiryar.

USA bahalaryny E-BAY MOTORs-dan gordum welin bahalar gaty atzan geldi mana gora.
Bu yerdaki bahalar dogrymy?
Bashga haysi saytlardan anyk mashyn we bahalara syn edip bolar?
Hemem alandan son onyn shipping-ini nahili chozup bolar?
Bilyaniniz bolsa Komek etseniz!

Hormatlamak bilen

Wah onçasyny

Wah onçasyny bilsek...
ýokardaky saýta bir göz aýla (craigslist
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

autotrader.com sahypasyna-da

autotrader.com sahypasyna-da bir göz aýlaň!

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

USA-dan 4000$-a 98-99 model

USA-dan 4000$-a 98-99 model TOYOTA AVALON
şu yyl aprelde BMW alypdyr kakam 5500 dollara,son satyp
sentyabrda opel 96 4500 dollara

İndi avalonlaryn arzany dubai-den 7500 dollara gelyadi gecen ay,özem 95-96 model bolmaly,USA-den 4000-e gelende TM naça düşyar , menem aljak...

Gecen hepde kursdaşym 2002 model passat aldy 11000 dollara tr-den,passat USA,dubai-de naçedenka nadip tm getirip bolar naça? bilip biljek bar bolsa pylçalsa?

__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Way, UK gidaymeli eken. Yone

Way, UK gidaymeli eken. Yone chyndanam Amerikada mashynsyz ongup bolanok, menem tmda owrenshdim bir yerik gitjek bolsam “eje, yoredim” diyip 11lige munip gerek yerine tetiryar, howlukmach bolsam taksi. Barde bolsa “Huday diy” yaman halamokda ozumem yureklerine dushmage, yone host dad or mom aytmaly.
Katede joralam ,tanysh zat akitmeli bolyar, yigrenyanda soramany, wah mashynym bolsady diyyang!
TMda bolsanga avolon almaly! Shol modady gitmakam, amerikada bolsa bilmedim mena shularyng kabir markalarynam bilemogam! Bashy chykyarnlar maslahat bererda!

_____________________________
Elaiza Wyeldowoyan de Murwuaz

ongirak bir mashyna mundim ,

ongirak bir mashyna mundim , gaty rahat mashyn eken , yaman haladym :) mashgala mashyny yone:)
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

UK-da transporta(awtobus,

UK-da transporta(awtobus, train, underground) münjek bolsaň gymmat ýöne, aýratynam, Londonda. Günlük bilet 15$-dan hem gymmada düşýär kämahal.

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

kim geljek bolsa shu College

kim geljek bolsa shu College stationa gelsin , barde gowu unv bar hemde yaman uly unv:) ady hem Texas A&M university :) ozem hemme awtobuslar mugt , ozem shaher hem arzan:) nira gitsengem mugt awtobuslar:)
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "çakylyk üçin:)"

dubai dan masyn almak isleyanlare maslahadym!

www_bazaar_ae sahypasyna seredip gorung.bu sahypada taze we ulanylan her durlu mashynlar bar.masyn aljak bolyan dostlaryma maslahat beryarin !!!

давай манада бираз пикир берин

тойота машын алжак. Туркменистанда уланмак учин. (4.000-5.000) тапдырырмыка.
Башда 1 ай ялы суржек сонам какама крей эдер ялы берип гайтжак.
Оз пикиринизи айдын!!
Тойотан хайсы моделлери шу ягдайлар учин аматлы болар.

Toyotanyň her modelem

Toyotanyň her modelem gowy.
Toyotanyň öz içinde lyuks modeli Camry, has lyuksy Avalon. A Corolla, we Corona ýalylaram gowy, ýöne kiçiräk modelleri, lyuks däl.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

men gechende Toyota

men gechende Toyota corolla gordum, 1996 model, 1.6 litr motor, avtomat karopka, dash sypatam yaman daldi...salonynyn ichi hem erbet dal..injekterli ...Bahasy hem 4500 dollar diydi...

ниреде гордун

ниереде гордун. базардамы я-да бир танышындамы?

Bir tanyshda

Bir tanyshda, 7 ay toweregi bolupdyr oydyan getirlenine, satmak uchin getirilen, 2 ay yaly hem surulen oydyan barde..yone bazara zada chykaranok oydyan...

бах

сорасак 4000-е зада берермика?
мен 1-2 ай сон бармакчы.

Bermez oydyan

Bermez oydyan, sebabi yyly taze, boleklaba bermedi...

ай ин говусы..

барамда гораймели боларда. сагжа бол!!

men-a Prius gowy diyip

men-a Prius gowy diyip bilyan..
hemme taraplayin gowy. benzini az yakya.. 3,9 sekuntda 100km/sag tizlige cykya.
in esasy dash-toweregi gorayan Hibrit mashynlar..
geljegin mashynlary..onsonam oz-ozuni zaryad edip bilyanler bar..sholar gowy,
elbette guyjyn yetse..

сагбол жигим.

ай сон болманам крей эдилмели машынлай.
башда 1 ай суржек.
сонкы барамда башгарак зат аларында.
4.000-5.000 доллара тапдырара!?

Eýýäm köpden bäri

Eýýäm köpden bäri maşynyň aladasynda. Aňsat dälow gowy maşyny arzana tapmak.
Bärde VIN=Vehicle Identification Number'a görä maşynyň taryhyna seretse bolýar. Düýn 1996 Toyota Avalon aljak boldum, 2900$a, emma görsem awariýa geçiripdir. Gaty erbedä geçirmändir, süýretmeli bolmandyr, emma taryhynda ýazylgyda...
Arzanlat diýdim welin, olam "aý seň üçin tagam 3300$den 2900$a getirdim, ondan aşak berjek däl, ol awariýa sähel öňüne degipdi" diýdi. Menem almadym, sebäbi başdan awariýa geçirenini aýtmady, men ol maşynyň taryhyny alamsoň özüm bilipdim...
Ýene biri 1998 Nissan Maxima'syny satjak boldy. 3100$a diýýä, menem VIN'yny sorap aldymda, taryhyna seretdim, awariýa geçiripdir öňünden, maşyny süýremeli derejä gelipdir. Menem "aý 3100den gaty aşak düşmeseň bolmaz" diýdim.

Edil häzir bir arap bilen Toyota Camry 1996 barada gürleşdim. Awariýa geçirmedik, 2600$ soraýa, bazarlaşsam 2300$ zada getirin diýýän. Erbet ýeri, birinjidenä 1996 bolanlygy, ikinjidenem 162000 mil ýol ýöräni.

Ertir-biri günlükde mitsubisi galant ES 2002 maşyna seretmekçi, nesip bolsa. Gaty kän ýöremedik, 120000 mil töweregi. 2600$ zada boljak ýaly.
Başga wariantlar Volkswagen, we ýene bir Nissan Maxima. Bulardanam jogap gelmedi...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "Avalon :)"

Quote: Ýene biri 1998

Quote:

Ýene biri 1998 Nissan Maxima'syny satjak boldy. 3100$a diýýä, menem VIN'yny sorap aldymda, taryhyna seretdim, awariýa geçiripdir öňünden, maşyny süýremeli derejä gelipdir. Menem "aý 3100den gaty aşak düşmeseň bolmaz" diýdim.

"Soňky berjek baham 3100$" diýen adama "maşynyň taryhyny seretdim, awariýa geçiren ekeni" diýemsoň, şu wagt ýene täzeden maşynyny satýandygyny bildiriş edipdir... bahasy... 2700$ diýýä :D

Özem hindi. Aý how, hindi ýa hytaý bolsa ynanmak kynow, pahyrlaryň garyplyk tejribesi bolansoň, zady arzana sataslary gelenok. Özümem şeýle.
Ýöne ol aýdýan hindimem, arabam ýakynda Amerikadan gidýäler. Onsoň islese-islemese bahany arzanladyp otyrlar gün saýyn.
Hindi 1 hepdäň içinde, arap 17 Ýanwarda gidýär ekenler. Şol wagtlar ýakynlaşanda jaň edip teklip ederindä 2200$ töwerek :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Nissan Armada alaysanan

Nissan Armada alaysanan gowsy ;)

Toyotalar has gowumyka diyyan, sizin yolunyz hem bizinkilerden has gowudyra. Bokjek gumany yok, barde toyota kop silkya diyip bmw alyarlar. Yone toyota has gowusymyka diyyan.
Belle, avalon moda dal, bmw koreyka bar, has gymmady ine shol moda oydyan hazir.

Maşynlaryň çydamlysy

Maşynlaryň çydamlysy Honda Accord bilen Civic'laý. Toyota'dan pes däl. Beýigrägem öýdýän benzin ekonomiýasynda we çydamlylygynda.
Toyotalaryň Türkmenistana barýany ýa awariýa geçiren, ýa kän ýol ýörän bolýandyr, BMWlerem şeýle. BMWler ýöne gymmat maşyn, lyuksda. Onsoň oňa seretmek kyn, döwülse bir ýeri, bejermek kyn, benzin ekonom edenok...

Aljagym ýa Toyota ýa Honda welin, emma Nissan, Mitsubisi we Volskwagen'i hem ýatdan çykaramok. Olardan başga käwagt BMW, Mersedes, Lexus we Acura ýaly lyukslara "arzuw etmek üçin" göz aýlan bolýan :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Men peydaly bolup

Men peydaly bolup biljek bir yazgy tapdym...

Определены самые ненадежные автомобили

Немецкая организация TUV опубликовала свой рейтинг надежности автомобилей, который является одним из самых авторитетных в мире. Еще бы, ведь он основан не на опросе владельцев. TUV называет лучшие и худшие автомобили после обработки огромного количества информации, ведь именно эта организация занимается в Германии техническим осмотром автомобилей.

Как обычно, в списке лучших обычно японские или немецкие модели: Toyota, Porsche, Mazda, Mercedes-Benz. Что касается худших, то и здесь из года в год одни и те же лица: французские, итальянские и американские автомобили. Разве что Kia Carnival удивила. Эта модель показала какую-то особую ненадежность.

2-3-летние автомобили (средний процент поломок – 5%)
1. Toyota Corolla Verso (2%)
2. Mazda2 (2.1%)
3. Porsche 911 (2,2%)
3. Ford Fusion (2.2%)
5. Mazda3 (2,7%)
5. Ford Fiesta (2.7%)
***
112. Renault Espace (10,1%)
112. Fiat Stilo (10.1%)
114. Peugeot 407 (11.2%)
115. Chrysler PT Cruiser (11,5%)
115. Seat Arosa (11.5%)
117. Kia Carnival (26.1%)

4-5-летние автомобили 9средний процент поломок – 9,3%)
1. Porsche Boxster (3.6%)
2. Porsche 911 (3.6%)
3. Subaru Forester (3.7%)
4. Honda Jazz (3.9%)
5. Audi A8 (4.3%)
***
105. Renault Kangoo (17%)
106. Peugeot 106 (17.1%)
107. Chrysler PT Cruiser (18%)
108. Renault Laguna (19.3%)
109. Kia Carnival (29.3%)

6-7-летние автомобили (средний процент поломок - 14.0%)
1. Porsche 911 (4.5%)
2. Porsche Boxster (4.7%)
3. Subaru Forester (6.4%)
4. Toyota RAV4 (6.7%)
5. Mercedes SLK (6.8%)
***
90. Fiat Stilo/Bravo/Brava (21.1%)
91. Renault Kangoo (22.2%)
92. Chrysler PT Cruiser (23.9%)
93. Renault Laguna (24.5%)
94. Kia Carnival (36.1%)

8-9-летние автомобили (средний процент поломок - 18.3%)
1. Porsche Boxster (5.2%)
2. Porsche 911 (5.3%)
3. Toyota RAV4 (6.7%)
4. Mercedes SLK (8.3%)
5. Mazda Demio (8.4%)
***
83. Fiat Punto (24.9%)
84. Renault Twingo (25.5%)
85. Skoda Felicia (27.5%)
86. Ford Ka (28.7%)
87. Alfa Romeo 145/146 (30%)

10-11-летние автомобили (средний процент поломок - 23.3%)
1. Porsche 911 (5.6%)
2. Toyota RAV4 (9%)
3. Toyota Starlet (10%)
4. Mercedes SLK (11.7%)
5. BMW Z3 (15.2%)
***
64. Seat Leon/Toledo (30,3%)
64. Skoda Felicia (30.3%)
66. Alfa Romeo 145/146 (31.8%)
67. Renault Twingo (32.6%)
68. Ford Ka (33.1%)

auto_mail_ru/article_html?id=27677

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Men maşyn satýan=dealer

Men maşyn satýan=dealer bilen bir maşyny gürleşdim. Volkswagen Jetta GL Sedan 4D, 2000, 96700 mil geçen. 3500$ soraýardy, menem 2700$ teklip etdim, olam 2800$ sorady, menem razy boldum :)
Nesip bolsa, gül ýaly maşyndyr we şeýle bolup çykar. Häzir bärde baýramçylyklar, nesip bolsa, birinji gün gidip görjek we aljak.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

bayram

Bayram wrote:

Men maşyn satýan=dealer bilen bir maşyny gürleşdim. Volkswagen Jetta GL Sedan 4D, 2000, 96700 mil geçen. 3500$ soraýardy, menem 2700$ teklip etdim, olam 2800$ sorady, menem razy boldum :)
Nesip bolsa, gül ýaly maşyndyr we şeýle bolup çykar. Häzir bärde baýramçylyklar, nesip bolsa, birinji gün gidip görjek we aljak.

Mana aydanogam. Hany aldyn my dogrydanam shuny? Volkswagen Jetta. Ady hem bet-ow :)

Ýok, garyp düşdim :) Indi

Ýok, garyp düşdim :)
Indi başga zat gözleýän
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Hummer Limo

Hummer Limo

Şu gün ýene 1.5 sagatdan

Şu gün ýene 1.5 sagatdan aljak maşynymy görmäge, sähel-mähel sürmäge gitjek, ýa nesip. Allajan barja pulumy berip alýan maşynym gowy çykaýadyrda :)
Dileg ediň!
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

amin gowja maşyn çyksyn

amin gowja maşyn çyksyn yadatman ynjytman entetsin:)
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Eý bazarlaşmak meselesinde

Eý bazarlaşmak meselesinde men 0. Zat satyn almagy ýigrenýän, karar berip bilemok :(
Gitdim, gördüm, mündim, sürdim. Erbet däl ýaly, superem däl ýaly. Bilemok alsammy... :(((
Ýa başga maşyn alsammykam?!
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

WV hemmesem gowy how gözün

WV hemmesem gowy how gözün yumup almasan bolmaya bolmanam,onça dileg etdiribem almasan hasabam dallay:)
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

shu mashyn diyilyan zat

shu mashyn diyilyan zat keselmi , kakam shu gunler mashyn kesel degipdir barde , dinge yatanda turanda mashyn diyyar , :D
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

aldyngmy mashyny?,,,alan

aldyngmy mashyny?,,,alan bolsan gutly bolsun, toya mun!!

TM-dan alan prawany USA-da

TM-dan alan prawany USA-da ulanyp bolyarmy?

***MENZİL***

Diňe wagtlaýynça (3

Diňe wagtlaýynça (3 aý?). Amerikaň öz prawosyny almaly, olam itiň aňsady
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

TM prawaň bolsa, amerikan

TM prawaň bolsa, amerikan prawasyny almak aňsatlaşýamy, ýa ýok bolsada tapawudy ýokmy?


Maru Şahu Jahan

Aý ýok, kän bir uly

Aý ýok, kän bir uly tapawudy ýok. Prawaň öň bolmasa ekzameni geçeňsoň soň gidip road test=sürüjilik testine girmek üçin belli wagt garaşmaly. Prawoň bolsa onda az garaşmaly. Tapawudy 5-10 günmi.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Aý kän gözledim. Hem

Aý kän gözledim. Hem owadan, hem sporty, hem arzan maşyn tapmak örän kyn. Iň soňunda bagtym çüwip, gaty gowy Toyota Camry tapdym.

Aslynda özüm daş keşbine seredeňde Honda Accord 1999 EX'i halaýadym welin, ony satýan 650$ köp sorady şu alan Toyota Camry 1999 LE'dan.

Garaz alan maşynym ýokarda. Elime resmi geçiremsoň ýene 1-2 suradyny alarynda.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

beylede

beylede yeme dalmay, benzin ya-da mashyn goyulyan yer zat gymmat dalmay?? obshiy nahilirak?? barde yer uchin ayina 300$, benzinem arzan dal, mashyn alsan bashga ishem gerek dal:D alan puluni goni beyla gechirip oturmaly:))

Aý gymmat, ýöne Amerikada

Aý gymmat, ýöne Amerikada uly megapolisde, New York ýaly, maşynsyz oňýan bolaýmasaň, galan ýerlerde maşynyň bolmasa bolanok.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

yone Amerika

yone Amerika name?? uly megapolisi ginishleyinrak yazip bizem yagtilandirin-a:)

Megapolis uly şäher

Megapolis uly şäher diýmek. New York ýaly ýerde metro bar, ýene bar we maşynsyz oňsa bolýar. Emma Amerikada maşynsyz oňsa bolýan belki 3-4 şäher bardyr, galan ýerlerde awtobus ýa otly ýa metro gatnawy pes derejede. Maşynsyz tekiz bolanok.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

aňyrsyndaky camry näçeden

aňyrsyndaky camry näçeden ekeni?.


Maru Şahu Jahan

Bilmedim, men pulym

Bilmedim, men pulym ýetýän maşynlar bilen gyzyklanýan :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Bärsindäki näçä düşdi

Bärsindäki näçä düşdi onsoň?.


Maru Şahu Jahan

$2650 -----------------------

$2650
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Toyly mashyn

Toyly mashyn bolsun!

Ashgabatda Toyota Camry 2001 - $9000 sorayarlar.

Diňe ýyly we modeli

Diňe ýyly we modeli ýeterli däl bahany belli etmek üçin. Oň daşyndan mileage, ýagny näçe ýol ýöräni gaty möhüm. Oň daşyndanam, näçe sany eýesi bolanam möhüm, ýagny senden öň diňe 1 eýesi bolan bolsa, gowy hasaplanýa.
Mundan başga maşynda gelýän zatlaram möhüm. We elbetde oň ýaly köneräk maşynlar üçin nähili serwis edilendigem wajyp. Meselem timing belt we water pump ýaly zatlar çalşylmadyk bolsa, bahasy pesräk bolmaly. Tekerleklerem şoň ýaly.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Menden 6 yash kici jigim

Menden 6 yash kici jigim 14-15 yashlarynda mashyn surmani owrendi.
Biz dashary yurda okamak diydi, eyle-beyle bilen ine shu wagt owrenip yorun.
Aslynda gerek boljagyny bilsen owrenyam. Mysal, amerikada kop oglan oylenjek bolanda goni mashyn surmani owreneyar. Yone shu wagta chenli welisoped yetdi mana.
Men paper exam gechdim. Driver license exam hazir giremok.
Shu halym bilen kanuna gora yeke ozume mashyn surmage rugsat yok.
Yone yanymda license'li biri bolsa bolyar.
Shu gun men apar-topar ir bilen surmeli boldym.
Sag-aman awariyasyz gecdi. Kabir yerlerde gaty yuwash surdum yone,
arkamdaky mashynlaryn mana name diyyani Huday bilyandir...

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • busa 1 telpek goyyar we yazyar: "tuweleme"
  • Jemşit 1 telpek goyyar we yazyar: "ay tüweleme. ösüş bar. :)"