Dostlar/Joralar

Durmuşda her hili kynçylyklara gabat gelinýär, dűrli apatlardan geçip gidýäs, şol kyn döwűrde-de goldaw beräyjek adam ýanymyzda bolsa, kynçylygam ýeňiljek bolup görűnäýýär! Köplenç bu goldaw berýän adam hem biziň “joramyz ýa dostumyz” bolaýýar, Garaňkylykda ýyldyz deý bize ýagtylyk beräýjek dost ýa jora hem aňsat aňsat tapylaýanokdyr, ýöne käbirimiziň bagtymyz çűwűp beýle gowy dost/jora-da ugradylaýýaram.Meň bu blokda diňeje size duşan dostlar we joralar hakda gűrrűn edesim gelýär.
Ruhnamada dostlaryň birnäçe görnűşleri bar diýilýar, ol babatda şeýle ýazylan: “Adamzadyň çylşyrymly durmuşynda ähli ruhy nepislikleriň manysynyň ýoýulyşy ýaly, dostluk hem dürli ýoýulmalara sezewar edilipdir. Hakyky dostluk bilen ýalan, galp dostluk hem döräpdir. Şu tarapdan dost aşakdaky ýaly görnüşlerde bolýar:
Ýürekdeş dost.
Aş dosty.
Heleý dosty.
Pul dosty.
Wezipe dosty.”
Size bularyň haýsysy duş geldi? Sizde hakyky jora ýa dost barmy?
Birem şeýle ýazgy hem bar:
“Dost adamyň kalbynyň aýnasydyr. Türkmeniň söwer dosty üçin janyny pida eden ýerleri taryhda kän galypdyr. Bu gün janyňy pida etmek zerurlygy ýok. Ýöne dost başyňa agyr iş düşende tanalýandyr. Dost gerekdir, ýöne başyňa agyr iş düşen güni has zerur gerekdir.”
Gerek bolanda agyr gűnűňde size kömek edýän dost/jora sizde barmy? Siz özűňiz nähili dost/jora, ol hakda pikir edip gördűňizmi? Kyn gűnűnde siz kömek eden wagtyňyz boldumy?
Biz bilen hem bölűşersiňiz diýip umyt edýän.

*Temadan çykyp Ruhnama hakda bir gűrrűňe başlaýmaň, önkilerem ýetikmikä diýýän, ýöne men Ruhnamany ulananymyň sebäbi “ol yerde-de gowy sözler bar ahyr”;
Başga näme ulanjagymy bilmedim :)

zirvedeki yalnyzlyk gibi

zirvedeki yalnyzlyk gibi bişeymi))

ps: arog filminden

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • monte_kristo 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"