Goşgulary söýýänleriň burçy 7

Salam agzalar we myhmanlar!

Sahypada köp goşgy goýuldy, içinde türkmen şahyrlarymyzyñ goşgularyndan we tmolympiad'yñ höwesjeñ ýaş şahyrlarynyñky hem bar. Yöne näçe goýulsa-da, tüweleme ýene-de köp. Goý, şeýle-de bolsun. Ine-de bu temanyñ 7-nji bölümine ýetdik.
Geliñ, bu temada halan goşgularymyzy ya-da içinde halan käbir bentlerini goýup, öz pikirlerimizem yazyp duralyñ!
Degişmeli, satiriki goşgulary bilýäniñiz bar bolsa ony hem goýup bileris!

Täze şahyrlarymyzyñam öwüt-ündewli we göwnüñi açýan goşgularynyñ höwri köp bolsun!

Okañ we lezzet alyñ!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Gurbannazar Ezizowyñ

Gurbannazar Ezizowyñ şygyrlar hazynasyndan

Neneñ oñat!
Şol ýagyşlar ýagyp ýör,
Şol güller gülleýär türkmen düzünde.
Şahyr söýgi setirlerni ýazyp ýör,
Senem ýaşap ýörsüñ ýeriñ ýüzünde!

Neneñ oñat!
Bu säherde gussam ýok,
Güllerde damjalar – misli bir dürler.
Men saña ýer-gögi peşgeş beremok,
Geçdi oña ynanylýan döwürler.

Men diñe ýagyşmy, tupanmy, duman,
Parhy ýok, şadyýan, gussaly günde,
Minnetdar,
Minnetdar saña sag-aman
Ýaşap ýöreniñe ýeriñ ýüzünde.

Güýz donun geýipdir türkmen düzleri,
Baglaram sypaýy – miwe bişende.
Barha az aýdylýar söýgi sözleri,
Barha köp oýlanýañ iñrik düşende.

Neneñ oñat!
Täze güller açylsa,
Güle yhlas eden türkmen düzünde.
Hüwdi bolsa, çörek bolsa, gün bolsa,
Senem ýaşap ýörseñ ýeriñ ýüzünde.

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • repa 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! G. Ezizow ucin"

gowy goshgy

kabir goshgular bar howesine okayan yone bimany goshgulary okanyndan,hazirkizaman goshgulary bara guzujyga menzesh bir topar gaharyn gelip dawlenyany galdyryar shon u/n wagt sarp eden shahyrsumaklara gaharyn gelyar name u/nka bilmedim shu dowurde yazylan goshgularyn gowusy yokmuka diyyan bir topar listi syya zayalan bolaymasalar.

yok wrote: shu dowurde

yok wrote:

shu dowurde yazylan goshgularyn gowusy yokmuka diyyan bir topar listi syya zayalan bolaymasalar.

Bey diyme!

Kerim aga kerim aga bolyanca az siya zayalandir oydyanmi?! Gurbannazar aga kagizlari yirtip zinan daldir oydyanmi hijem?! Olaram enelerinden "shahyr" bolup dogulmadilar.. Pellehanadan gecen atlary herkimem alkyshlar, yone name uchindir ol pellehana tarap onun aden adimlerine biparh garayarlar kabir "...sumaklar"..*

PS: * belgili sozi senin yokarda ulanan "shahyrsumak" sozune gaytargy hokmunde yazildi.. Gowne deglen bolsa "awtor" otunc sorayar!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "gowy yazipsin, berekella! "

Pellehanadan gecen atlary

Pellehanadan gecen atlary herkimem alkyshlar, yone name uchindir ol pellehana tarap onun aden adimlerine biparh garayarlar kabir "...sumaklar"..*---

sonky 1 yyllykda şeyle edip yazylyan-menzedilyan sözlemlere düşünman başladymlay,name üçinka?
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy ýazypsyň! Berekella!"

Bu pikir

yok wrote:

shu dowurde yazylan goshgularyn gowusy yokmuka diyyan bir topar listi syya zayalan bolaymasalar.

Bagyşla welin bu pikiriň hakykata ýakyn däl. Dogry kopüsi o diýen däl diýip bilersiň, ýöne şu döwürde ýazylan goşgularyňam gowulary bar.Gynandyrýan ýeri olaryň köpüsi metbugatda çap edilenok.
Mysal üçin şu goşga nähili baha berýäň ?!

Ykbalyma ýüzlenme

Ykbal saňa arzym bar
Arzymny inkär etme
Gör kimlerde karzym bar
Hernä bergidar etme

Hoşal bolup ilimden
Bagt tapaýyn kärimden
Azaşdyryp ýolumdan
Azana duçar etme

Sanjy bardyr böwürde
Bu kän gepli döwürde
Ýalňyşaýsam eger-de
Ýazgar günäkär etme

Sallançakda üwräniň
Şondan ýola ugranym
Sowlan güni döwranym
Nadanlara zar etme

Oňde baharym, gyşym
Gowgasy kän bu başyň
Iň soňkuja haýyşym
Bu maňlaýy şor etme

Şähribossan Geldimämmedowa

mena kapya diyilyan zada

mena kapya diyilyan zada girmeyan goşgulary halamok. halamok diysem yalnyş düşünman. elbetde kerim gurbannepesow, gurbannazar ezizow yaly şahyrlar hem kapyasyz (sonky döwür modasy) yazypdyrlar. olaryn goşgylarynyn arasynda halayan setirlerim az dal. emma okamaga niyetlenen şygyrlarymda birinji gözleyan zadym kapya son bolsa many. manysy gaty gowy bolsa onda kapyasyzdygyna gynanyan :( kapyaly manysyz goşgularda-da manysyzdygyna gynanyan. okanynda kapya gulaga yakymly bolyar meni oka diyip duryar. emma kapyasyz bolsa birhili bolyar.
sonky döwür goşgulary meselesinde kan bir taze şygyr okamadym. sebabi gaty kan :) okanlarymyn arasynda-da beyba diydiren görmedim. şygyrlaryn hilini subut etyan zat wagtmyka diyyan. pellehanany geçyança garaşmak in gowysy :) sonky döwürde şygyr yazyana köpeldi (zamana şeylerak diysegem bolyar) elekden geçyança garaşyp görelin onyança köneleri okaberelin. 10-15 yyl son şugünlerde yazylan goşgular elekden geçer :) sabyr edelin :)

Magtymguly kapyaly yazmaga

Magtymguly kapyaly yazmaga gaty ökde ekeni :)

Daşlar bile

Könül aydar halkdan galyp,
Gezsem daglar, daşlar bile;
Yazygymny yada salyp,
Yüzüm yuwsam yaşlar bile.

Kimni görsem bir pişede,
Menin könlüm endişede,
Kuhy ser içre köşede,
Otursam agaçlar bile.

Garry dünya al içinde
Adamzat hyyal içinde,
Jahan galmagal içinde,
Her kim yüz talaşlar bile.

Alla yshkyda sermestler,
Duş gelmez zerberdestler,
Könul perwaz eder dostlar.
Durmaz yuz alaçlar bile.

Köp köyler bile oturdym,
Bilmedim, ne iş bitirdim,
Gumra bolup, yol yitirdim,
Oturdym biweçler bile

Bikar goymay ömür tagty,
Oyandyrsak oynuş bagty,
Doga kylyp saher wagty,
Nalyş kylsam guşlar bile,

Magtymguly, towpyk alsam,
Bir ar tapsam, gulluk kylsam,
Yürek aydar, yoldaş bolsam.
Dem çeken derwuşler bile.

Magtymguly... ine şu

Magtymguly... ine şu goşgulary okasam birhili ganyma adrenalin garylýa-da...
Gurbannazar Ezizem beýle täsir edenok, ýene-de...
Bolarmyka ýene şeýle şahyrymyz?
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

bolar

Bolar, bolar, bolar...
Bolarmyka, kim biler?

Sonky dowur kan dush gelyan gazetde Magtymgulynyn goshgulary diyip arasynda taze chap edyaler..yone on hich gabat gelmedik goshgym. ozem Magtymgulyn yazysh stilinden bashga. edil bashga biri yazan yaly, yone Magtymgulynyn adyna gidipdir..bolup bilermi sheyle?

Aý ors döwründe senzura

Aý ors döwründe senzura bilen bir topar dini goşgular gadaganlanypdyr, olaryň arasynda Magtymgulynyň goşgularam kän.
Emma beýleki tarapdanam, "awtorsyz" halk goşgularyndan köpüsem "Magtymgulynyň adyna geçirilipdir", meň mekdep edebiýat mugallymymyň aýtmagyna görä. Magtymgulynyň 700 gowrak goşgusy bolupdyr diýýäler, Eýranlylaram köpüsini ýakypdyr, häzir 300 gowrak galypdyr diýýäler. Ol 300-iň bir bölegem "awtorsyz goşgular".

Şuny eden belli edebiýatçylaryň biri, adyny ýatdan çykardym, gündeligindemi, ýa ölüp barýakamy aýdypdyra "bilýän, şeýtmek bilen edebi jenaýat etdim, emma Magtymgulydan has mynasyp kim bardy şol goşgular üçin?!" diýip...

PS Seň soragyňa göni jogap berip bilemok. Şol goşgular bar bolsa, goý şu ýere, Magtymgulymy dälmi öz pikirimi aýdaýyn
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

kompyutere gechirdigim

kompyutere gechirdigim goyjak nesip bolsa.

sen gazyetler bılen arangy

sen gazyetler bılen arangy sazlada goşgy redaksiyasyna gelyan hemme goşgylary kompyuture gechırılen shekılde alyp shu yere goysana, sang angsat bolar:) hem yazyp kosenmersıng, hemem kop gowy goshgylara gabat gelersıng:):)

aslynda gowy pikir ! sagja

aslynda gowy pikir ! sagja bol! bu wariantam barlap goreris wagt tapdygymdan :)
yone goshgy tapsam yazyp kosenemoklay. gazedem 3 goshgy chap etse, 1i gowne jaydyr.

men de hem shahyrymyzyn 2

men de hem shahyrymyzyn 2 tomy bolmaly, emma elim degenok shu gunler biraz ishlirak bolayyan. bolmasa intrnetaki goshgularyndan, entek kan dush gelinmediklerini goymak isleyan!

yurekde name bolsa dil shony diyer!!

gazetden-

gazetden- Magtymguly Pyragynyň goşgusy diýip çap edilen. ine diýýänim şu goşgy barada. Belki men ýalnyshýandyryn. ýaman birhili gördüm bu goşgyny. Begenerdim eger bu hakykatda Magtymgulynyňky däl bolsa...
siz nähili pikir edýäňiz?

Dilberiň

Gözüm düşdi seýranymda, gardaşlar,
Kükreýir tamug dek nary dilberiň,
Gyýylmyş keman dek ýüzünde gaşlar
Göreň-de, görmäň-de zary dilberiň.

Ol adam oglunyň däldir balasy,
Gulagyň dyndyrmaz aşyk nalasy,
Jemalyň bir gören haýran galasy,
Bark urar gözünde nury dilberiň.

Şuglasynda güneş dekdir jemaly,
Hiç kime ýetdirmez waspy-kemaly,
Munakgaş sypatly zaty-jemaly,
Mysalydyr jennet hüýri dilberiň.

Hoş meýlisler gurup gözel dost bile,
Ýar maňa meý berdi, gitdim sust bile,
Hemle kyldy maňa ýüz müň kast bile,
Sokdy meni ýýlan-mary dilberiň.

Ýanynda kyldyrar söhbeti-sazy,
Çagyryň, diňläňiz şol dilnowazy,
Asy gulum - diýip geler owazy,
Perze bile biziň sary dilberiň.

Ol dem rugsat berdi girdim bagyna,
Soňundan uçradym hijran dagyna,
Ýel deger, dagylar gül ýaňagyna,
Şol gara zülpüniň tary dilberiň.

Esrapyl sür ursa ýalan jahana,
Jan ne ýagşa galar, ne-de ýamana,
Bir sagatda gopar ahyrzamana,
Eger geler bolsa gahry dilberiň.

Ýüregimde ýanan hijran közüdir,
Erkime goýmyýan ýaryň tozudyr,
gardaş-dogany ýok, ýalňyz özüdir,
Hiç ýokdur rakyby, ýary dilberiň.

Her kim ony söýse tirlikdir, ölmez,
Jahana özünden gaýry hiç gelmez,
Iýmese, içmese, karary bolmaz,
Menzili, mekany, dary dilberiň.

Aşyklar ýaş döker çesminden girýän,
Görejek çarh urup, döwr eder her ýan,
Magtymguly, janym ýolunda gurban,
Dilese janymmy, bary dilberiň.

meng pikirimche Magtymguly

meng pikirimche Magtymguly hakykatdan hem ynsany gozelligi wasp etmegi halayan shahyr bolan bolsady eyran shalaryny wasp edip, koshk shahyry bolardy, emma, magtymguly ozine ynsanlara wagyz nesihat etmegi saylan yaly... meng pikirimche hem bu magtymgulyng goshgysy dal.. beydip gyzlar hakynda aydym aydyp otyrar yaly magtymguly ong yaly JALAY hem bolan daldirlay:)

Hatyja seret, biziň

Hatyja seret, biziň edebiýatçylarymyz Magtymgulynyň goşgularyny ylmy derňemelidä.
Magtymguly sada dil bilen ýazan adam däl, käwagt sözleriniň gaty çuň manysy bar.
Meselem, şu goşgy näme üçin Magtymgulyňky bolmasyn? Gyz hakynda ýazypdyrmy? Menä 100% bilemok.
Esasanam

Quote:

Esrapyl sür ursa ýalan jahana,
Jan ne ýagşa galar, ne-de ýamana,
Bir sagatda gopar ahyrzamana,
Eger geler bolsa gahry dilberiň.

Alla Tagalla barada aytyan bolmasyn yokarda?

Quote:

Ýüregimde ýanan hijran közüdir,
Erkime goýmyýan ýaryň tozudyr,
gardaş-dogany ýok, ýalňyz özüdir,
Hiç ýokdur rakyby, ýary dilberiň.

Ya Muhammet Pygamber barada? Dogany yok, ene-atasy yok.

Quote:

Her kim ony söýse tirlikdir, ölmez,
Jahana özünden gaýry hiç gelmez,
Iýmese, içmese, karary bolmaz,
Menzili, mekany, dary dilberiň.

Yene-de, birden Muhammet Pygamber ya Hz. Alla barada bolsa name?

Quote:

Aşyklar ýaş döker çesminden girýän,
Görejek çarh urup, döwr eder her ýan,
Magtymguly, janym ýolunda gurban,
Dilese janymmy, bary dilberiň.

Bulam şeýle...
Men bilmedim, goşgy gyz baradamy ýa çuňňur dini manylymy...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

howa tazden pikirlenip

howa tazden pikirlenip gormeli etdingiz men hem, bashda hatyjang tarapyndadym indi sizing diyyaningiz hem bichem dal yali..

Dilber = Alla diyen netijani

Dilber = Alla diyen netijani chykarsa bolyar, hz.Muhammet bolma ahtimallygyny bolsa
Ol adam oglunyň däldir balasy,
diyen sypat ayiryar, sebabi olam adam balasy.

Gulagyň dyndyrmaz aşyk nalasy
Barde belki Gurhan barada aydyandyr ?

Jemalyň bir gören haýran galasy,
Bark urar gözünde nury dilberiň.

"Allan nur bilen ortulen jemal'yny gorsedim" manyly yazgyny Magtymguly'dan bashgada yazanlar bar, t.e. ginden yayran "menzetme"/sypatlandyrma.

We sonky bentlerin sonky setirlerinde Allanyn sypatlarynyn ustunde ayratyn durupdyr,
t.e. Hu allahu ahad = yekedir = yalnyzdyr..
Lem yelid ve lem yuled = dogurylan dal, doguryan dal, dogan garyndasham bolmayar onson.
Menzil - mekan yok, hemise her yerde we etc...

Umuman Magtymguly'ny gyzyn yzynda sompuldap yoren shahyr hokmunde goz onune getirmek kyn olar yaly chun manyly we ylayta-da dini mazmunly goshgylary yazanyndan son, shona gora-de bu goshgylarda dini adamlaryn "yar" diyip Alla yuzlenyandikleri netijesini chykarsa bolyar. "Menli" hem shuna menzesh, Allan gozelligini we waspyny yetirmek uchin yazylan goshgy diyip dushunyanlerem kan.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • yhlas 1 telpek goyyar we yazyar: "tuweleme, gowy dushunje"

Baýram, sen bilen

Baýram, sen bilen ylalashýan, hakykatdanam Magtymgulynyň köp ýazan setirlerinde gaty çun manysy bar.
emma düşünemok, näme üçin gyzy beýan edýän ýaly yazylan bu goşguda? Din, Alla barada başga-da köp goşgularynda ýazypdyra ap açyk..
dernap ýazanyňy okamdan soň meniňem pikirim üýtgedi bu goşgynyn manysynyn başgalygyna.

dogry, sizin aydyanlariniza

dogry, sizin aydyanlariniza menem goshulyan, emma kabir setirlerinde Allan(cc) sypatlaryna gelishmejek zatlaram yazilan yali. mysal uchin ilkinji beytinde
Gyýylmyş keman dek ýüzünde gaşlar
Göreň-de, görmäň-de zary dilberiň.

diyip yazipdir. eysem Allan(cc) gashlary barmydyr, shahyrlaram "keman dey gashlary bar" diyip koplench gyzlary taryplamak uchin ulanyalar oytyan. son 3nji beytin sonky setirlerinde
Munakgaş sypatly zaty-jemaly,
Mysalydyr jennet hüýri dilberiň.

diyip yazilan, barde-de onu jennet huyrlerine deneyar oytyan. garaz biraz garyshyk manysy. belki goshga, taryplanyan gahrymany gyza menzetmek uchin uytgeshme girizilendir. men yanimda magtymgulynyn ulyrajik bir kitabyny alyp gaytdim, emma onda bu goshgy yok eken. belki chap edilmeyan, gadagan edilen goshgylardan hem bolup biler. birem ichinde bilmeyan sozlerimiz kop.
Hatyja hanym, siz shol sozlerin manysyny gozleshdirip gorayin, eliniz degse. tmde bolanynyz uchin size ansatrak dusher...
______________________________________
insanlar helak oldu, alimler istisna.
alimler de helak oldu, amel edenler istisna.
amel edenler de helak oldu, İhlasli olanlar istisna...

yhlas, bilmeýäňleriňi

yhlas, bilmeýäňleriňi ýazaý mümkin bolsa.. belki olar seň üçin tanyş däl a käbiri üçin düşnüklidir. nesip bolsa tapars.
soňam, "çap edilmedik goşgulary" diýip 1990njy yyllarda soň ýene bir ýýgyndy çykdy. emma şular yaly goşgy ýok nämüçindir.

bor, ozume tanysh dallerini

bor, ozume tanysh dallerini yazayin.

-tamug? (kukreyir tamug dek...)
-munakgash? (munakgash sypatly...)
-ýýlan-mary? (sokdy meni ýýlan-mary...)
-perz(e)? (Perze bile biziň sary dilberiň)
______________________________________
insanlar helak oldu, alimler istisna.
alimler de helak oldu, amel edenler istisna.
amel edenler de helak oldu, İhlasli olanlar istisna...

Quote: ýýlan-mary Mar

Quote:

ýýlan-mary

Mar ýylan diýmek.==> Margir diýmek ÝYLAN TUTUJY
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

manysy

asy gul – günäkär gul
tamug (tamyg) – tamakin, açgöz, bir zat umyt edýän, biriniň zadyna göz dikýan.
munakgaş - nagyşlnan, beslenen, bezelen
Perze sözüni tapmadim.

Yhlas sen dogry aýdýaň,

Yhlas sen dogry aýdýaň, düşünmek ýeňil däl, emma

Quote:

Gyýylmyş keman dek ýüzünde gaşlar
Göreň-de, görmäň-de zary dilberiň.

ikinji setiriň manysy näme? Göreň-de, görmäň-de... Allany görüp bolanok, görseň, görmeseň zary diýýän bolup bilmezmi? Ýa belki bäri Muhammet Pygamber barada? Gyzy görmänem zary bolup bolýarmy?

Quote:

Munakgaş sypatly zaty-jemaly,
Mysalydyr jennet hüýri dilberiň.

Bäri hem birinji setiri gyzykly. "Zaty-jemaly" ýalňyşmasam gaty hormat bilen aýdylan ýüz diýmek. Belki ýene Muhammet Pygamber ýa Alla barada aýdylýandyr?

Men doly bilemok, emma 100% gyz baradadygyny aýtmak gaty kyn.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Aý öňki beýik

Aý öňki beýik dindarlaryň pikirinde dünýäniň bar zady ýalan we pany, diňe bir sany Beýik we Baky bolan Alla söýgi bolsa hakyky yşk diýlen düşünje bar ekeni. Onsoň olar şoňa görä ýazýalarda. Hatda sufistiki tarykatlaryň başlyklarynyň, ýa öňden gelýänleriniň ýazgylaryny ýönekeý adam okamaly däl diýip maslahadam berýäler. Sebäbi olar näme barada ýazylanyny düşünmän bilýäler. Meselem, Nakyşbendileriň altyn zynjyryndan bir sany beýigiň ýazgysy söýgi barada ýazsa, ýönekeý adam düşünmän bilýä.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Sen elbet

Hatyja wrote:

Magtymguly kapyaly yazmaga gaty ökde ekeni :)

Sen elbetde meni bagyşla welin Magtymgula şeýle baha berýän bolsaň, türkmen edebiýatynda öwrenmeli zadyň gaty köp eken.

(No subject)

GİTME YOK

Mana
Senin gözlerinden gitme yok.
Mana
Senin sözlerinden gitme yok.
Düşün, bu dünyede sonky güne çen
Senin şatlyk hem gussana bagly men.

Senin yüpek gijelenden gitme yok,
Senin aydin gündizlenden gitme yok.

Bu garagol jahyllykdan giderin,
Ol hasaly gojalykdan giderin.
Çünki men olardan gitman bilemok.
Emma senin ykbalyndan gitme yok.

Men zemin.
Sen bolsa ullakan asman.
Saçymy nur edip üstüme dökyan.
Emma, düşün, lalam, şeyle gün dogar:
Saçlaryn gar bolup üstüme yagar.
Şonda ak saçyny sylyp yüzüme
Gararyn belentden yerin yüzüne.

Men bir gyzda gözlerini görerin.
Men bir gyzda sözlerini görerin,
Şapakda görerin – yanagyn alyn.
Gijede görerin – yanagyn halyn,
Synlap yapraklaryn yüzünde derin,
Onda senin gözyaşyny görerin.

Zemin aylanyp dur.
Onatlyk öran!
Hiç bir güyje on yoluny tutma yok.
Dünyan her gülünde men seni göryan,
Şonun üçin bu dünyeden gitme yok.

G.EZİZOW

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • repa 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Konelmejek goshgulardan biri"

GYZLARYMA

GYZLARYMA

Dört gyzym, dört nury didam,
Gulak goyun sözlerime :
Dört ogul dey, dört iner dey
Kuwwat berin dyzlaryma.

Birin yazim, birin arzym,
Abadym, saherim menin.
Dört diregim, dört pasylym,
Barynam baharym menin.

Dört pasylym, dört diregim,
Gündiz günüm, gije ayim,
Size gin dünyede abray
Miyesser etsin ylayim.

Namartlar ka mert yigde-de
Nahak yere şyltak atar.
Yöne welin, gyz halkyna
Olan sözi has köp yeter.

Emma, bilin, buysançlylan
Utdurany yokdyr heniz.
Lak atylar yanleslere,
Hormatlydyr edaly gyz.

Durmuş guran ylalaşyn,
Yöne ara düşen söze,
Orun berip könlünizde
Dyzap durman öyünize.

Yigit kimin, bir ar kimin
İlin-günün hoşy bolun,
Adynyz- abraynyz bilen
Bir hataryn başy bolun.

Oguldan yanyp yörenler,
Çeke-çeke ahy-zary,
Diysin sizi yüze sylyp :
‘Wah, gyz dogsa bolmayarmy?’

Yhlas bilen dileyarin,
Yüze sylyp günüm-ayim.
Size gin dünyede abray
Miyesser etsin ylayim!

G.EZİZOW

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • garabekewul 1 telpek goyyar we yazyar: " ak yurekden 1 telpek "

gowy

men hemişe goşgudyr hekayalary okamagy gowy göryarin. Yöne biz bu zatlardan uzakda bolduk. Dine mekdeplerde öwredilyar. Men bular yaly zatlaryn durmuşymyzyn her yerine girmegini isleyarin. Meselem biz köp şahyrlary dine mekdeplerde öwrenyaris. Name üçin bize garry enelerimizdir-atalarymyz bulary bize öwredenokka?!...

dogry bir tarapdan..

sizem wagtynda okan, owrenin, okayan bolsanyz dowam edin :) son ozunizem ene-ata bolanyzda owreder yaly..

Panydan bakyýa

Magtymguly - Öýler görer sen -

Panydan bakyýa barmaly bolsañ,
Tüýnüksiz, gapysyz öýler görer sen.
Namaz kylmaý, bigam ýatmaly bolsañ,
Tamug-dowzah atly jaýlar görer sen.

Özüñe dost bilme pany dünýäni,
Ýalançyda gazanmagyn günäni,
Baş atyp, göz gypyp, etme zynany,
Gabyr içinde çagyr, waylar görer sen.

Namaz bile bäş işiñi jaý etgin,
Toprak bile öz köñlüñi taý etgin,
Muhammet zamundyr, iunda waý etgin,
Azhdarha, mar atly möýler görer sen.

Terk eylemäwergin bäş wagt namazyñ,
Gör içinde egsik bolmaz owazyñ,
Gyşyñ eda bolup, tükenmez yazyñ
Aby-köwser atly suwlar görer sen.

Ol iki çeşmiñi gözüñden akdyr,
Ýoldaşyñ imandyr, ýaradan hakdyr,
Menziller yrakdyr, ýollar uzakdyr,
Ýaşmaz günler, batmaz aýlar görer sen.

Bir gün zaýa eýlär asman, zemini,
Derýalar gark eder suwda gämini,
Iller, beýan etsek ýedi tamugny,
Içinde zekatsyz baýlar görer sen.

Säher turup, tiliñ senalar sana,
Açlara nan berip, ýalañaç – dona,
Rahym ýoldaş etse seni imana,
Behişdiñ içinde toýlar görer sen.

Asly käri gazanyñda, aşyñda,
Perişteler oýluşarlar daşyñda,
Hüýri gyzlar gelip durmuş gaşyñda,
Lagly-jöwahyrdan şaýlar görer sen.

Bende, Magtymguly, çagyr Allany,
Azazyl şeýtana berme pelläni,
Nesip etse jennet içre hülläni,
Münseñ, Byrag atly taýlar görer sen

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

salam ildeshler. ine bir

salam ildeshler. ine bir gowja goshgy tapdym, emma goshgunyn adyny bilemok.
gowy goren setirlerimi garaldyp yazandyryn!

Ýekemiñ, ýetimmiñ?
Gam çekme oglum,
elmydama Alla bardyr ýanyñda.
Merdana kabul kyl, pelegiñ oynun,
Allañ adyn zikr eyle ýadyñda.
Birden al-asmana galar-gidersiñ,
gurruk guya gitdim diýen çagyñda.

Bu bir durmuş!
Bu bir synag meýdany!
Her hili ahwallar bolýar dünyäde.
Eger bir melamat inse başyñdan,
ya sezewar bolsan elhenç külpede,
gutulgysyz pajygadan basylsañ,
Alla sygyn!
Allany sal ýadyña!

Dogan yetişmese seniñ dadyña,
dostuñ ýetişmese seniñ dadyña,
Alla sygyn!
Alla medetkär bolar!
Çünki kim bolsañ-da,
nirde bolsañ-da,
saña pena yokdur Alladan golay!

Baldak başy gymyldamaz permansyz,
bu owadan dünýä,
külpetli zemin,
jümle-jahan jemdir
Allañ adynda!
Güne gerşin çoýup aýlanýar dünýä
beyik biribaryñ parasatynda.

Belent başyñ duman basmaz permansyz
beyik bolsañ ol peseldip görýandir,
egsik bolsañ ol eseldip görýandir,
ençe-ençe synaglardan geçirip,
ahyry mynasyp ornuñ berýandir!

Bagyñ başy gymyldamaz permansyz,
garyp bolsañ berip görer baýlygy.
Bay bolsañ öwürüp görer garyba,
hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
biribardan gaýry sende hem mende,
pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Alla sygyn, Allañ beren emgegi
duman deý sowulyp gider başyñdan.
ýer aýlansa daşyndan öz okunyñ
aýlanyp durandyr beýik ýaşaýyş
Haka bolan ynammyzyñ daşyndan!

Alla sygyn, Hakyñ adyn zikr eýle!
ýeriñ gullugyn kyl, arşy pikr eýle!
niýetdir paliñi düzüp gowluga
Yhlas bilen Biribara ýapyşsañ,
Ol saña mizemez medetkar bolar.
ýapyşalga yokdur adam ogluna
Hudaýdan golaý!
Hudaýdan golaý!

Saparmyrat Turkmenbashy
________________________________
sheriatda shu senindir bu benim
tarikatta hem senindir hem benim
hakikatta ne senindir ne benim...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

SALAM agzalar..we goşgy

SALAM agzalar..we goşgy halayan denduşlar!menem siz bilen inernet arkaly tapan, we halan goşgymy paylaşmak isledim:
DURMUŞ
Sen-ä aldan bolýañ, bizem ynanan,
Sen-ä aglan bolýañ, bizem gynanan,
Ýurt çapylýar, dogry, alajymyz ýok,
Il soýulýar, ogry -- pirmi-hajy-hak,
Sellelimi, sellesizmi, penjekli,
Bir aýally, iki aýally, parhy nä,
Gidip otyr, saklaýan ýok dur diýip,
Iýen iýip gidýär, sümüren sümürip.

Sen-ä aldan bolýañ, bizem ynanan,
Onsoñ ikimizem bolýas guwanan,
Bir-birege söz saýlaýas ýüreksiz,
(Ýüreksiz ýaşaýan galmaz böreksiz),
Kiçi dilden bärde ýylgyrýas uly,
Nätjek, adam ogly garnynyñ guly,
Çörek hem aýmança, aýlanarsyñ sen,
Tans edersiñ, bökjeklärsiñ, oýnarsyñ,
Belki, kä gullardan saýlanarsyñ sen,
Belki, biraz öz göwnüñi aldarsyñ

Sen-ä aldan bolýañ, bizem aldanan,
Iller goldan bolýar, senem goldanan,
Dilegçi, tamakin, soranjañ gözler,
Ýyryş-ýyryş, ýöne tuwaksyz ýüzler,
Inkubator jüýjesi deý köpelýär,
Çynyn diýjekleriñ agzy dykylýar,
Bu öñden, gadymdan ýörelge, adat,
Çynçyly gamçyla, gandalla, ýadat,
Ýalança altyn dök göz edip ile,
Goý, hemme düşünsin, nämede hile!

Sen-ä iýen bolýañ, bizem iýilen,
Belki, şunuñ özi durmuş diýilen?..

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

awtory

awtory kim?
_____________________________
Laugh at your mistakes, but learn from them!
-Elaiza Wyeldowoyan de Murwuaz

GARAJAOGLAN dan hem bir goşgy erbet bolmazdy..

AÇYJY BOLMA

Diňle saňa bir nesihat kylaýyn,
Hatyrdan, göwünden geçiji olma.
Ýigidiň başyna bir iş düşende,
Ony ýat illere açyjy olma.

Mejlisde aryf bol, kelamy diňle,
Il iki sözlese, sen birin söýle,
Eliňden geldikçe eýgilik eýle,
Hatyra dokunyp ýykyjy olma.

Hatyra dokunan özüni bilmez,
Asylzadalardan hiç kemlik gelmez,
Sen eýgilik etseň, ol zaýa bolmaz,
Darygyp, her başa kakyjy olma.

El arypdyr, barla özi-kendini,
Açar hazynany - ata pendini,
Ýüz berilse otur, synla kendini,
Gaty beýiklerden uçujy olma.

Myradym nesihat munda söýlemek,
Size laýyk olar ony diňlemek,
Söý seni söýeni, zaýa etme emek,
Söýeniň sözünden geçiji olma.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

DURMUŞ diyen

DURMUŞ diyen goşgynkymy?Yowşan Annagurban diyyara:)sahipasy bar ,goşgy,hekaya,poema,w.ş.m ler bar:www.annagurban.com

“HALYL

“HALYL KULYYEW”
“Gundogar bulwar y “
Yene nurun secdi sansyz yshyklar,
Yene owshun atdy gundogar bulwar,
Gysmyljyrap otyr juwan asyklar
Hersinin elinde bur desse gul bar.

Menem peywagtyma aylanyp yorun
Tutup oguljugymyn akja elinden
Yone gozlerimi ayryp bilemok,
Gyzlan elindaki bahar gulunden.

Sheyle ter gulleri elwan gulleri,
Bi mahal mana da beripdi bir gyz,
Ey ilkinji soygin ajap yyllary
Unudup bilmeyan men seni hergiz

…student yigitdim gymmat bahaly
Sowgatlar abermekmen ucin yatdy,
Gijeler doredyan goshgylarymdan
Basga bir ullkan baylygym yokdy

Men gosgy yazardym sen bolsan her gun,
Bahar gullerinden baglardyn cemen
Gor nenensi gozel
Gor nenen ter gul
Synlap,sil suwy dek joshardym menem

Yurek bardy bu gullerin icinde
Posa bardy bu gullerin icinde
Seydip ilki soygin gudratyna men
Goz yetirdim bu gunlerin icinde

Indi name?
Gecip giden yanwarlar
Dondurupmy yureklerin gabygyn
Posa bilen yanlandyrlan bulwarlar
Sizden mana orun yokmy ya bugun

Zyyany yok! Goy bolmasa bolmasyn
Asyklara orun bersen ,bes mana
Ynha menin eziz oglum jonkuldap
Yetip baryar yigitlerin paslyna

Bayyrlardan yygyp bahar gullerin
Ynha ol-da gurup berer toy bize
Ilkinji soygunin ajap yyllary
Yene gaydyp geler bizin oymuze

Yene nurun sacar sansyz yshyklar
Yene owshun atar Gundogar bulwar
Ynsa n garrasa da garramaz gowun
Baglar garrasa da, bahar bar, gul bar!

yurekde name bolsa dil shony diyer!!

Telpekler (2 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • loverman 2 telpek goyyar we yazyar: "yürekden tutyan-ay dost!"

eyway telpek gorsem meninki

eyway telpek gorsem meninki bolanok, koprak islaberyan how,:):)
ine yene de Halypa shahyr Halyl agadan!

“AYALLARA DEGISHME” “HALYL KULYYEW”

Dunyanin yuzunde tasin bir millet
Ayllar milleti
Uytgeshik dunya
Bular bilen oyun edayman millet
Bular kop zatlary onunden bilyar

Dync alysh gunleri ertir ir bilen
Gezelenje cyksan yuwashja guler
Sol gun arpa suwun datjakdygyny
Zaluwatlar hokman onunden biler

Ishden son birneme gijirak galsan
(adamcylykdyrda, bu bolup biler)
Yozuni gizardyp oyune gelsen
-Geldinmi- diyerde yuwashja guler

Ishden oz wagtynda gelen cagynda
Cay coregi bilen bashing eger
Ondan son “Kakasy bu na ir geldin”
Tuweleme diyip,cetine deger.

Bular sherry dal, gaharjanam dal
Ownuk yalnyshlarnam gownune almaz
Bularsyz dunyade yashamak kyndyr
Bularyn dilinden sepia bolmaz!!

yurekde name bolsa dil shony diyer!!

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • loverman 1 telpek goyyar we yazyar: "koprak yazsana...yene-de yaz..."
  • yhlas 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

ing songky soz yarady:D wah

ing songky soz yarady:D wah telpek yokda beredim:D
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Telpekler (1 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • garabekewul 2 telpek goyyar we yazyar: "menin telpegim, senin telpegin :)"

telpek sowgat berjekdim

telpek sowgat berjekdim velin eyyam telpegin kopelipdir..:) gowysy yokardaka goyayin
_______________________
ne hasta bekler sabahi,
ne taze oluyi mezar
ne sheytan bir gunahi,
seni bekledigim kadar..!

magtymgulydanam bolmasa

magtymgulydanam bolmasa bolmaza...

ÝAT BOLAR

Muhammet ummaty malsyz bolmasyn,

Malsyz bolsa, dogan-gardaş ýat bolar.

Gaçara agaň, iniň, bolmaz hatyraň,

Guwanar duşmanyň, dostuň mat bolar.

Garyp aýak ýalaň, kendir guşakdyr,

Bir märekä barsa, orny aşakdyr,

Garyplar at münüp, depse – eşekdir,

Döwletliler eşek münse, at bolar.

Bir dileg dileseň, möhümiň bitmez,

Dostuň ýhlas bilen, merhemet etmez,

Märekede aýdan sözüň jaý tutmaz,

Diňlemezler, gury, sözüň bad bolar.

Göreş bir abraý, uruş bir destdir,

Kişini kemsiden – özi näkesdir,

Bir mümüne gybat etmek hebesdir,

Gybatkeşeiň gazanany ot bolar.

Magtymguly, şükür eýlegil hudaga,

Ölüm barabardyr şah-u gedaga,

Bisabyr gül tiz ýolugar belaga,

Sabyrly gul dura-dura şat bolar.

14 September, 2007 Kerim

14 September, 2007
Kerim gurbannepesow - "Dostluk çemeni"

Kerim gurbannepesowyň "Türkmenistan" neşiryati tarapyndan 1986-njy ýylda çap edilen "Dostluk çemeni" terjimeler kitabyndan 2 sany goşgy:

Musa Jelil (Tatar şahyry)

Iň soňký aýdymym

Uzaklara seredýärin:
Dag-düz, asman - giden giňlik,
Meniň weli ýatan ýerim
Hem aňkap dur
Hemem tümlük.

Ak ganatly bir guşjagaz
Pasyrdap ýör al-asmanda.
Men weli elim gandally
Ýatyryn porsy zyndanda.

Gyzylja gül gök meýdanda
Atyr ysyn saçyp otyr.
Musa bolsa çyg zyndanda
Läbikli suw içip otyr.

Ýaşamak nähili süýji!
Ne ajap ömri adamyň!
Men weli häzir ölmeli,
Bu aýdym -
Soňky aýdymym.

Awgust, 1943 ý.
(sah. 280)

*****
A. S. Puşkin (Rus şahyry)

Ýadymdan çykanok şol täsin pursat:
Geldiň-de gaşyma gülgün jemally,
Gaýyp bolduň gitdiň misli alamat,
Tämiz gözelligiň genisi ýaly.

Namut hasratlaryň ezýetin sorup
Gopgunly, şowhunly galagoplukda,
Seniň eziz keşbiň düýşüme girip,
Näzik sesiň ýaňlanypdy gulakda.

Ýyllar ötdi. Gaý-tupanlaň owsuny
Dargatdy ýüregmiň öňki hyýalyn.
Unutdym men seniň näzik sesiňi,
Ýatdan çykdy seniň täsin jemalyň.

Çolalyda, bendiligiň tozunda
Asuda uzalyp güneşsiz günler,
Tirkeşdi-de geçdi yzly-yzyna
Ylhamsyz, söýgüsiz, gözýaşsyz günler.

Soň ýene täzeden oýandy ýürek:
Ýene peýda bolduň täsin jemally,
Ýene-de göründiň bir alamat dek,
Tämiz gözelligiň genisi ýaly.

Ýaňadan nur saçdy ömrümiň ýoly,
Ýene gaýdyp geldi tagamly günler,
Söýgüden, durmuşdan, gözýaşdan doly,
Muhabbetden doly, ylhamly günler.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "gowy goshgular!"

Gyzlar dünÿäsy GYZLAR

Gyzlar dünÿäsy

GYZLAR DÜNÝÄSI ”GYZLAR DÜNÝÄSI” ilkinji gezek 1927-nji ýylda ”Türkmenistan” gazetinde çap edilýär. Şondan bir ýyl soñ özbaşdak kitap bolup çykýar. Poemanyñ teksti Nurmuhammet Aşyrpuryñ 1980-nji ýylda Eýranyñ Kümmet-Kowus şäherinde çap edilen kitabyndan alyndy.
Arap-pars elipbiýinden latyn elipbiýine geçiren:
Alieh Şamdan
GYZLAR DÜNÝÄSI
Öñ zamanlar bardy şeýle bir wagyr:
”Añsadyna bakan aýal gyz dogyr”
Bu pikir gelýärdi örän uzakdan,
Aýal-gyzy hiç çykarman duzakdan.
Diýseñ: ”Gyzy boldy planyñ, äheý!”
”Ola bolmandyr-ow – diýerler – päheý!”
Gyz kişiniñ maşgalasy ahyry,
Adam hasap etmezler ol pahyry.
Gyz ýurt goramaz, busar oturar,
Abraý däl, käte ysnat getirer.
Gyzdan yurt eýesi ýa nesil bolmaz
Gyzly uzak gülmez, ogully ölmez!
Oguldyr atanyñ arka daýanjy,
Gyz dörän gününden alada, ynjy…
Şeýle wagyzlardan gulak ganansoñ,
Erbet nysak hakykata dönensoñ,
Eşidende atasy ”göbek kes” sözün
Igenç bilen aýdar: kesiñ bogazyn.
yzyny oka>> http://www.turkmens.com/sairler/Berdi_KERBABAEV.html

wayey yamanlap bilipdriler

wayey yamanlap bilipdriler gyzlary , yokla men bu goshgyny halamdym ,

______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Kerim aga

Ýazmasy agyr düşen goşgy - Kerim Gurbannepesow

belki on goyulan daldir.

Telpekler (3 kisiden 13 sany)

Bu komment ucin
  • el_mariachi 3 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • ceriumoxide 5 telpek goyyar we yazyar: "aglatýan goşgy"
  • Ruhabatly 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

ine bu goshgynyn shu halda

ine bu goshgynyn shu halda okalshy has gownume yarady.. sizem dinlap gorun!


Ýazmasy agyr düşen goşgy

Men şuny has gowy

Men şuny has gowy gördüm!
Okaýan: Muhammet Baýramow

.


Maru Şahu Jahan

Eşidin, ey adamlar! Yşk

Eşidin, ey adamlar!
Yşk bir güneşe meňzär,
Yşgy datmadyk köňül,
Göyä bir daşa meňzär...

yadyma dushyan setirler

Sorasan aydayyn kyyamat nedir,
Erkekler ownasa kyyamat shodur.
Her bashy telpekla goymagyn gadyr,
5 telpegi 1 gynaja danyp git

Where is Hereket, There is Bereket!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Gurbannazar

Gurbannazar Ezizow
Myhmançylykda aýdylan tost.

Entek sadalykdan zyýan çeken ýok,
Sada bolsun ogulyňyz, gyzyňyz.
Geçsin ýazlaryňyz hereket bilen,
Bereketli gelsin tylla güýzüňiz

Törüňizde hemişelik guralan,
Ýumşak sallançagyň ýatmasyn bady.
Saçagňyzda çörek, duz haltada duz,
Söznmesin ojakda ojaryň ody.

Duluňyzdan gelin baksyn aý bolup,
Tüýnügňizden gelin bolup, aý baksyn.
Ýaman niýet bilen işikden giren –
Ýagşy niýet bilen işikden çyksyn!

______________________________________
insanlar helak oldu, alimler istisna.
alimler de helak oldu, amel edenler istisna.
amel edenler de helak oldu, İhlasli olanlar istisna...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekella! gowy tost!"

SÖZ

GURBANNAZAR EZIZOW

Söz agramyny ölçemez tonna,
Ölçemez güýjüni milýon kilowat,
Söz-ýalaňaç pikire gyrmyzy dondur.
Söz bar - kime şapbat,
Söz bar - kime bagt.

Dünýäde iň beýik şapbat şolaňky,
Şatlygymyzy siňdirýäris şolara,
Dünýäde iň beýik jepa şolaňky,
Hasratymyz siňdirýäris şolara.

Söz - bu gazap bilen çakan ýyldyrym,
Söz - bu gyz näzidir, dürleň-dürüdir.
Başarmasaň - ol öçügsi ýyldyzyň,
Başarsaňam - lowlap duran Günüňdir.

-------------------------------------------
Men Gulumun dasynda perwaz uryan Seyda!!!

Maňa öwran -


Maňa öwran - öwran
Diýdiler: "Ýigit,
Sen durmuşy öwren,
Sen durmuşa git.

Şäherde güýz, gyşy
Geçirmä derek,
Gidip bu durmuşy,
Öwrenmök gerek!"

Düşünemok aýan,
Duşünemok hiç.
Men nirde ýaşaýan
Şu wagta deňiç?

Men haýsy duzakda,
Haýsy ýoldakam?
Durmuşdan uzakda
Niçik ildekäm?

Aslynda, durmuş nä?,
Manysy näme?
Onuň gurluşyna
Kyn düşünäýmäne.

Belki, durmuş diýen
Meniň özümdir?
Halal duzum iýen
Ogul-gyzymdyr?,

Belki, şäherimdir,
Belki, köçämdir,
Eken nahalymdyr.
Öýde keçämdir?

Uruşdan söz açýan
Syrdamdan syrdam
Belki, ol köp içýän
Meniň goňşymdyr?.

Belki, ol odumdir
Murtlary towly.
Belki, ol Nazymdyr,
-Hikmetiň ogly?

Belki, ol gapymdan
Akýan suwumdyr?
Oňatlyk hakynda
Hoş arzuwymdyr?,

Taldyr derekleri
Synlap durşumdyr?
Düýpsüz ýürekleri
Gorjap ýörşumdir?

Belki, durmuş diýen
Duýgy-serimdir?
Meniň örän söýen
Adamlarymdyr?

Maňa öwran-öwran
Diýdiler: "Ýigit,
Sen durmuşy öwren,
Sen durmuşa git..."

Ýurdundan kowulan
Bir aşyk deýin,
Men bulardan geçip,
Nirä gideýin?!

Gurbannazar Ezizowyň gowy goşgylarynyň biri.


Maru Şahu Jahan

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • maxatt 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy goşgy! Berekella!"

goşgyn sonky topbag-a daş

goşgyn sonky topbag-a daş etya

Quote:

Ýurdundan kowulan
Bir aşyk deýin,
Men bulardan geçip,
Nirä gideýin?!

Görmeksiz gyz - Gurbannazar Ezizow

Görmeksiz gyz - Gurbannazar Ezizow

Ine‚ barýaň umydyňa büdüräp‚
Egniň horlugyna utanyp çala.
Uzakda orkestr joşup-titiräp‚
Tans edýär owadan gyzlary bile.

Hor ellerňi çykaroňok ýeňiňden‚
Olar birden ýere ýetäýjek ýaly.
Geçip barýaň ýigitleriň deňinden‚
Gulaga ýakymsyz bir saz mysaly.

Undup bilmän görmeksizje doglanyň‚
Ýüregiňde hoş arzuwlar besleýäň.
Geçip barýaň bir syratly oglanyň‚
Mylakatly söz aýdaryn isleýäň.

Emma ýigitleriň öz gaýgysy bar:
Ýörite ýag bilen saçlaryn darap‚
Olar wagtdanam ozup barýarlar‚
Özlerniň owadan gyzlaryna tarap.

Ah‚ horja gyz‚ horlugyňdan horlanýaň/.
Saňa hoş söz diýjek ýigit nirede?
Bu şäherde näçe diýseň ýigit bar‚
Seni öýe ugradanok biri-de.

Gyzlaram ýanyňa delmuryp gelip‚
Owadan gülüşip ýüregňe düşýär.
Olar görmegini artdyrjak bolup‚
Gezegine seniň bilen tirkeşýär.

Öýe gelýäň. Gyýýar ýürgňi ünjiň‚
Hasratdan çekilýär iki owurdyň.
Aglaýarsyň: «Ah ‚ eje jan‚ nämüçin
Meni beýle betgelişik dogurdyň?»

Emma goňşy gelin—bir görmegeý dul
Atasyz ogluna günäli bakýar.
Hem seniň tersiňe‚
Gussa-gam çekýär:
«Owadan dogulma‚
Bagtly dogul!»

Aglama‚ gyz! Uýajygym‚ gam çekme‚
Bilip bolmaz ykbalyňy öňünden.
Bu howlukmaç ýigitlere at dakma‚
Kim geçenok öz bagtynyň deňinden.

Käte şeýle bolýar: görkdür-görmek
Gidip otyr il içinde at alyp‚
Ýöne‚ nämüçindir‚ tylla ýüzük dek‚
Ýolda‚ Gum içinde galýar sadalyk.

Tekepbir bol‚ çykyp bolmaz gaýa dek‚
Sada bol‚ aýlaryň doguşy ýaly.
Şeýle ýigitler bar‚ (olar bar entek)
Sen dek gaýalarda olaň hyýaly!


Maru Şahu Jahan

‘ALTYNYÑ BİRİ’

‘ALTYNYÑ BİRİ’

‘Gyzlaryñ gowsy gyşyk çatmadan çykar’
(???????-A.S.Puşkin öýdýän?)

Çatmadan çykanda gyzlaryñ gowsy,
Gupbadan eşdiler sazlaryñ gowsy,
Bir gupba ýüz öýe ýaýradar buşluk,
Gyşyk çatmalarda oýanar ýaşlyk.
Bir gyz iki bolar soñ ýeter üçe,
Onsoñ iki üçe, görklener köçe.
Alty boýdaş jora ugrarlar bäri,
Öñün başlap gaýdar ‘altynyñ biri’.

Biri ‘daga’ meñzär, bäşisi gaýa,
‘Dag gyz’bedre sallar kyrk gulaç guýa.
Çepiksizje oglan bir ýerden çykar,
Gelerde ‘dag gyzyñ’ öñünde çöker.

‘Armaweriñ gyzlar!’ bedräni götär,
Bedre-de titrär, oglanam titrär.
‘Bar boluñ!’ ýylgyrar gyzlaryñ gowsy,
Sähelçe epiler dyzlaryñ gowsy,
Mele ýeri öper saçlaryñ gowsy,
Meger on ýedidir ýaşlaryñ gowsy,
Açykdyr göwünler tämizdir ýürek,
Tämiz söýgä mydam tämizlik gerek.

Erninden suw beren kümüş bedreler,
Sallanyp, sallanyp öýe giderler.
Gañrylyp-gañrylyp ‘altynyñ biri’,
Öýlerne ýetýänçä sereder bäri.
‘Baý, baý ýigit çykyp gidipsiñ senem’.
Körär ýaş ýürekde kijijik ynam.
Girer gyşyk çatma gülleriñ gowsy,
Ýapar gapykilmi elleriñ gowsy.

Gün geçer, aý geçer, şol gapykilim,
Aýsyz gijelerde serpiler telim.
Şondan ýanyp çykar şemleriñ gowsy,
Gaşyny çirkizer demleriñ gowsy,
Gözüñe bakanda gözleriñ gowsy,
Gözler bir-biriniñ suratyn çeker,
Açlyk, horluk, uruş ýadyñdan çykar.

Uruş tamam bolar on ýaşar ýeñiş,
Mis reñk ýüzlere çaýylar kümüş.
Ak jaýa öwrüler şol gara çatma,
(Şahyr indi senem garalyp ýatma.
Stolda boş ýatyr söýginiñ igi,
Aýla, pyrla, egir, dyñzasyn söýgi!)

Sözden pişge dörär, pişgeden sygyr.
Alty sany bendi egirer bagyr.
Dört ýa bäş bolýandyr aýdymlañ bendi,
O näme üçin beýle, altyka indi.
(Adalatly bolar şahyrlyk käri,
Ýetsin joralaryñ hersine biri.)

Ýañy ýigitlikden saýlanan şahyr,
Elli ýaşly bagşa goşgusyn gowşyr.
Eýýäm elli bäşe ýetendir bagşy,
Henizem gyltyzdyr aýdymlañ başy.
Agtar ol, agtar ol, ýene-de agtar,
Bir gün ýary gije kükürär dutar.
Jägildäp dogular sazlaryñ gowsy,
Bogun-bogun söker gyzlaryñ gowsy.

Goý jogapsyz galsyn iñ soñky sowal,
Kim ol gyz? Nirede? Bilmek hökman däl.
Ol meniñ öz syrym. Jogaby - Sessiz…….
Ol syr meniñ bilen mazara gitsin.

Bägüle öwrülip,
Çyksyn paşyrdap.
Şol gyzyñ adyny,
Tutsyn pyşyrdap.

K. Gurbannepesow.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

baa, menema kerim agang kan

baa, menema kerim agang kan goshgysyny okapdym welin munga taze gabat geldim, gaty owadn dil bilen yazylan, diyseng cheper gownejay goshgy eken, sagja bol LEBABYM:)

Yakyn

Yakyn wagtda Magymgulynyň goşgularyna sözlük we düşündiriş taýynlap goýmakçy. Material Magtymgulynyň çap edilen şygyrly kitaplaryndan sözlük. Şolaryň köpüsinde in soňunda berilyar düşündiriş. Bary jemlenen online hem bolsun diýýän.
Gosgyny okan wagtymyz düşünmedik sözümizi islesek derrew gözläp tapyp bolar ýaly.
Maslahat beriň, täze blog’da bolsunmy ýa-da link edip şu gosguly temalaň birinde goýulsa.. haýsyndan tapmak amatly?
Meniň pikirimçe blog bolup dursa we her täze material bolsa goşup dursam.

men pikirmche bashga blok

men pikirmche bashga blok bolsa gowy bolar
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Barmyňaý senem? Täze link

Barmyňaý senem?
Täze blog edip goýaý meň pikirimçe
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Çatyp bomaýar Beýik

Çatyp bomaýar

Beýik dagyň başyndaky üç agaç –
Düybi bir bolmasa, çatyp bolmaýar,
Dagda ýatan düye ýaly daşlary
Gol bilen göterip, atyp bolmaýar.

Kelte dinden bolmaz beyik minara,
Yaman heley duşsa bir yagşy äre –
Başyn kesip, ganyn döküp kenara,
Ya oldürip, ya-da satyp bolmaýar.

Il içinde seniň ulalsa adyň,
Seni yaman görmez yakynyň- yadyň,
Golunda bolmasa bir gerek zadyň,
“Meniňki” diyp, başyn tutup bolmaýar.

Pakyrlar mal istar, baylar zer diyer,
Yekeje eşekli: “Atym – ner” diyer,
Dünyage doymak yok, yene ber diyer,
Könül maksadyna yetip bolmaýar.

Bolajak sözleri aytdym her yerden,
Ajal yakan tutsa, solar sen irden,
Aýalyň yamany sowuk demirden,
Hudaýym duş etse, ötüp bolmaýar.

Her kim elin gerer pany jahana,
Saglykda şypa ber bu şirin jana,
Bu dünýa bil baglan galar zyyana,
Dunýa dostlugyna bitip bolmaýar.

Magtymguly, pendiň alan bolmasa,
Nesihata gulak salan bolmasa,
Yigit könül söyenini almasa,
Dynç alyp, parahat yatyp bolmaýar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Atam Magtymguly'a bolsam

Atam Magtymguly'a bolsam shagirt,
Kerim agam bolsa manga ylham,
Atama bersem sag omzumda tagt,
Agam pyshyrdayar solumdan mydam.

-------------------------------------------
Men Gulumun dasynda perwaz uryan Seyda!!!

bir gezek..

Köçämizden geçip barýar adamlar.
Käbiri şadýýan, käbiri gamgyn,
Nämüçin şadýýan? Nämüçin gamgyn?
Bilesiň gelse-de soramasy kyn.

Asyl, sorap ýörmek gerekmikä bir?
Kisin gizlin syry nämäňe derkar?
Dogmak bär, ölmek bar...
Ýöne dünýäde,
Näçe diýseň başga sebäpler-de bar.

Köçämizden geçip barýar adamlar.
Käbiri şadýýan, käbiri gamgyn
Emma şat gamlanyp, gamly şatlanyp –
Tersine bolmaly, bolmagam mümkin.

Bar, sen sebäbini sorapmyşyňam,
Bar, bilipmişiňem. Nametjek onsoň?
Ýok, sen bilmelisiň, etjek zadyňy,
Bilmelisiň, şahyr bolmaly bolsaň.

şu goşgynyň doreýsi hakynda..rusça bolsa-da goýmaga rugsat ediň..terjimesine wagt aýryp bilmedim...
köne gazetler arhiwden alnyp rusça "Нейтральный Туркменистан" gazedine çap edilen.
из записей Керима Курбаннепесова (переведен на русский язык)..

"Скажите, вы наверно, замечали
Средь уличной текучей тесноты
Отмеченные глубиной печали
Людские лица скорбной красоты!.."

Стояла ранняя весна, был тот короткий и неуловимый период перехода, когда в иные ещё не жаркие дни, вдруг наступает необычная тишина и все вокруг кажется легким и призрачным - дома, люди, деревья, на которые ты смотришь сквозь тонкую, как паутинка, кисею. В один из таких дней я гулял по скверу и присел на скамейку отдохнуть. Напротив, неподалеку от меня сидела молодая пара - парень и девушка. Они о чем-то разговаривали. Вернее, говорил парень, а девушка смотрела на него и молча слушала.
Это девушка... Почему-то именно она привлекла моё внимание. В отличие от её спутника в ней как-то все было просто: простое платье, простые туфли, просто и аккуратно уложенные волосы. У девушки было простое, доброе лицо, но красавицей её трудно было бы назвать. Такие не выделяются в толпе и таким, как правило, не глядят с восхищением в след. Непростыми были только её глаза: в них отражалась какая-то сложная душевная борьба. Со стороны могло показаться, что это влюбленные обсуждают какой-то вопрос: погода распологала к миролюбию и улыбкам. Но вот улыбок на их лицах не было. Я не слышал, о чем они разговаривали, но судя по тому, как менялось лицо девушки, разговор был нелёгким. Сначала я подумал, что это обычная размолвка, но по печальным глазам девушки понял, что всё гораздо сложнее. Парень что-то доказывал ей, разводя руками, и это напоминало суровое объяснение. Объяснение в нелюбви. Девушка попыталась возразит, даже прикоснулась к рукаву его куртки, но он нетерпеливо отдернул руку. Она опять замолчала и стала смотреть на асфальт, который покрывался веснушками первых капель весеннего слепого дождя. Что-то рушилось в её душе - надежды, планы, мечты. И я увидел, точнее почуствовал, как в этот момент рвётся нить, соединившая их.
Наконец, парень встал и ушёл. Девушка продолжала смотреть на мокрый асфальт и, казалось, она сама сейчас расплачется. Я уже приготовился подойти, чтобы сказать какие-то слова утешения, но она вдруг подняла голову и посмотрела вслед удаляющемуся парню. И столько величия было в повороте головы этой неприметной девушки, столько спокойного достоинства было в её взгляде.
Эх, если бы он увидел сейчас её глаза, её одухотворённое лицо, он многое бы понял. Он увидел бы ее неброскую, но чистую красоту. Но он уходил быстрим и решительным шагом. Дождь становился силнее. Девушка еще немного посидела на скамейке, потом поднялась и пошла по аллее в другую сторону. Она шла, смахивая со щёк капельки дождя, прямой походкой и казалось, что с каждым шагом она уходила из прошлого. В её глазах не было печали, в них была грусть... Грусть оттого, что не сбылось то, чего она по видимому так ждала. В этот день была перевернута ещё одна страница её жизни, пусть и не самая удачная. Но не последняя.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • LEBABYM 1 telpek goyyar we yazyar: "Goşgynyñ döreýşi hakyndaky ýazga"

yokardaky 4 topbagy Kerim

yokardaky 4 topbagy Kerim aga yöne bir yazyp göyberayipdir öytyan))

edit: dogry bar eken sebabi-de, yöne men goşgyn döreyşi barada dal-de çeperçiligi barada aydypdym, beyleki goşgularyna göra sadarak bolupdyr

Owadan sözler

O gyzyñ mylaýym, sada keşbi we duýgulary bilen birleşen ajaýyp baharyñ waspy gaty owadan janlandyrylypdyr. Okanymda edil tok uran ýaly bolaýdy endamymy….

Meň bir soragym bar. Kerim

Meň bir soragym bar. Kerim agaň goşgylaryny köp okaýanlar biler belki!
Kerim agaň "Gülnäz" diýip bir gyz barada ýazan goşgysy bar, goşgam däl bolaýmasa aslynda ýaman uzyn ol, şol goşgyň ady nämekä???
Şu atlar bolmagy ahmal:
"Gülnäz", "Gum gyzy", "Ezizim", ...
bilýän bar bolsa, maňa gaty zerur gerek!!!


Maru Şahu Jahan

men-a beyle goşga gabat

men-a beyle goşga gabat gelmandim
4-5 kitabyny okapdym bolmasa.

Ýadymda galany…

‘Gumdan tapylan ýürek’ poemasynda ‘Gülnäz’ diýen gyz we ‘Eziz’ atly oglan hakynda gidýärmyka diýýän. Soñra aýratyn bölekden alnyp şol atlar bilen goşgy edilibem çykdy öýdýän.bilemokda......

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "sag bol"

Hawa dogry, "Gumdan tapylan

Hawa dogry, "Gumdan tapylan ýürek" bolaýmasa. Sag boluň!


Maru Şahu Jahan

Şulary barlap göräýiň

Şulary barlap göräýiň edil hemmesä yzly-yzyna däl. Eger ýoluny görkezseňiz meň komputerimde hemmesi bar welin nädip upload etmäni bilemok. beýleki Kerim aga kop goşgulary ses ýazgyda bar.
KOmek edip bilsem begenern!!!

http://www.youtube.com/watch?v=EHZDcPz3eNk&feature=related
http://www.youtube.com/watch?v=EHZDcPz3eNk&feature=PlayList&p=47B928CFE90A5C73&index=0&playnext=1

-------------------------------------------
Men Gulumun dasynda perwaz uryan Seyda!!!

Şol "Gumdan tapylan

Şol "Gumdan tapylan ýürek" diýýän goşgyň audio görnüşi mende bar, ýakynda sahypa goýmakçy, düýn gije ses hilini barlamak üçin diňläp başladym, başyndan soňyna çenli diňläýipdirn, 2 sagatlyk ses ýazgy. Gaty gowy ýazylypdyr, aralarda komunizmi öwýän ýerlerini hasaplamasaň, gaty govy "poema".

Agam! ýakynda sahypa Kerim agaň goşgylaryny saljak, soň şolary barlap, sahypada ýok goşgy sende bar bolsa, ugratsaň minnetdar bolaryn!


Maru Şahu Jahan

i"Ajy günler, süýji"

"Ajy günler, süýji günler" poemasam barmy?

"Bugra çopan, Bugra çopan
gyz görende ýygra çopan..." diýip başlaýandyr

olam gowylaryn hatarynda.

Goşgylar kasetadan ğazylan

Goşgylar kasetadan ýazylan bolansoň, mp3-leriň hersi 30 min, hersiniň iň başyny diňledim welin, ol diýýän poemaň ýok öýtýän! belki aralarda bar bolmagy ahmal!
sende barmy? :).


Maru Şahu Jahan

gaty uzyn ol poema,

gaty uzyn ol poema, aralarynda bolup bilmez sebabi ozi 30 min'dir eger ondanam kop bolmasa.
mende yoga, ozum " labyzly" okap yazaymasam kaseta :)

mp3-leň başynda "bugra

mp3-leň başynda "bugra çopan,,,," diýip başlaýan ýeri ýok, belki bir mp3-iň arasynda başlap, yzyndaky mp3-hem oň dowamy bolmagy ahmal, 900 mb golaý goşgysy bar Kerim agaň. Ýok bolsada sargamaly bolarda, beýle öwülensoň :)
Ýa da Agam! Sende barmy?


Maru Şahu Jahan

Menem gozlap goreyin, tapsam

Menem gozlap goreyin, tapsam yamam gowy, tapmasam ozumde bolan hemme ses yazgyly goshgularynyng atlaryny bereyin, barlap gorersingiz nesip bolsa!

-------------------------------------------
Men Gulumun dasynda perwaz uryan Seyda!!!

Agam! sendäki goşgylaryň

Agam! sendäki goşgylaryň atlaryny ugratsaňa gaty gowy bolar. Onsoňam, sendäki goşgylaryň ses hili nähili?


Maru Şahu Jahan

Men şuwagt goşgulary

Men şuwagt goşgulary saýpallaşdyrýan, sebäbi mende 13 sany Kerim agaň öz ses ýazgysy bar we hersi 30 minut uzynlygynda we goşgular yzly-yzyna dowan edýär. Her ýazgyny diňläp goşgulary saýpallaýan we nesip bolsa iň gysga wagtda ýazarn. Häzir 15 sanysyny Mp3 Cutter bilen kesdim we beýlekilerem kesýän.

-------------------------------------------
Men Gulumun dasynda perwaz uryan Seyda!!!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "minnetdar!"

Kommunizm döwri

K.Gurbannepesow ýaly beýik ussatlar ‘kommunizm’ döwrüni öwüp ýazan bolsalar bardyr elbet bir sebäpleri. Taryhda her döwürem bir döwür bolup ýaşalýar. Belki-de
‘kommunizm’ döwründe ýaşan adamlar üçin, häzirki döwre garanyñda şol döwür has gowy bolup gözlerine görünýän bolmagyda ahmal. Şonuñ üçinem taryhda ýaşalan döwürler we o hakynda ýazylanlary ýazgarmagymyz we ýaman hem ýalñyş pikirler ýöretmegimiz dogry dälmikä diýýän. Çünki o ýazgylardan biziñ nesillerimiziñ, şeýle-de ‘döwürleriñ’ bolandygyny okap bilmekleri gerek.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "Dogry aýtýaň! Men ony ýazgaryp aýdammok, ol wagtlar "döwür şeýlemiş", men diňe öz düşünjämi aýtdym!"

Türkmen Sahrasy

Bahar meylisinde çyksan seyrana,
Türkmen sahrasynyng aldyr gülleri.
Başyn sypap seni goyar hayrana,
Belent dağlaryndan öwsen yelleri.

Gara bulut gelip,zemine çöker,
Al - asman gübürdap, depreğin kakar,
Daglardan sil akar, yene Gün çykar,
Gyz - gelin doldurar reyhan çölleri.

Yagyşy yaraşyr yaylang yazyna,
Gerçekler bendidir aşyk gyzyna.
Sesing goşup dutar, gyjak sazyna,
Sayrar illeriming şirin dilleri.

Çeşme: Gurbannazar EZIZOW.

Kerim aga...

Kerim agaň öz sesi bilen okan goşgulary: mp3 format

1-Modadan gaçýar(1.Bölüm) - 30.39 min - 28 MB
2-Modadan gaçýar(2.Bölüm) - 16.34 min - 15.1 MB
3-Oyun bilen Cyn - 2.3 min - 2.29 MB
4-GSM 1 - 5.08 min - 4.70 MB
5-Sagat - 1.17 min - 1.18 MB
6-Omrumun ilkinji dususygy - 0.38 min - 607 KB
7-Dutar bilen Ajal - 2.32 min - 2.33 MB
8-Atam - 1.16 min - 1.16 MB
9-Dog yzyna arzamyzy - 26.29 min - 24.2 MB
10-Gamsyz gosgy - 1.50 min - 1.68 MB
11-Gosgynyn dogulysy hakda - 0.46 min - 725 KB
12-Dokluk hakynda - 0.47 min - 738 KB
13-Pembe saheri - 1.10 min - 1.07 MB
14-Derya - 0.49 min - 770 KB
15-Baylik - 0.47 min - 740 KB
16-Omrun namedigini ile owredip - 1.00 min - 949 KB
17-Obama - 0.20 min - 326 KB
18-Munyn sebabi - 0.36 min - 568 KB
19-Adamyn Pali - 0.35 min - 560 KB
20-Dowur Sheylemish - 6.37 min - 6.07 MB
21-Bagtlylyk Hakynda - 3.43 min - 3.40 MB
22-Owadan gyza - 2.34 min - 2.36 MB
23-Senden uly yok diyseler - 1.08 min - 1.03 MB
24-Guyma-gursaklyk hakda - 0.56 min - 878 KB
25-Okyjynyn awtora yazan haty - 0.59 min - 933 KB
26-Damask oylerinde Doran gosgy - 0.45 min - 708 KB
27-Adamyn omri hakynda oyunly çyn- 1.15 min - 1.15 MB
28-Harasat - 1.41 min - 1.55 MB
29-Arifmetikanyn Tersine - 0.36 min - 570 KB
30-Duygy - 2.47 min - 2.55 MB
31-Ogulla bn Yolly-1.BOLUM - 30.06 min - 27.5 MB
32-Ogulla bn Yolly-2.BOLUM - 12.37 min - 11.5 MB
33-Yilky Yilinda-Taymaz-3.BOLUM - 17.31 min - 16.0 MB
34-Gulnaz we Eziz-1.BOLUM-Cagalyk- 29.30 min - 27.0 MB
35-Gulnaz we Eziz-1.BOLUM-Ayralyk- 29.35 min - 27.0 MB
36-Gulnaz we Eziz-3.BOLUM - 29.55 min - 27.3 MB
37-Gulnaz we Eziz-4.BOLUM-Sony - 30.26 min - 27.8 MB
38-Ayal bagshy--3 dogan -1.BOLUM- 30.03 min - 27.5 MB
39-Ayal bagshy--3 dogan -2.BOLUM- 13.25 min - 12.2 MB
40-Kerim aga konsert-Bashy - 4.13 min - 3.86 MB
41-Kerim aga konsert-2.BOLUM-
Yazmasy agyr dushen goshgy - 6.21 min - 5.82 MB
42-Kerim aga konsert-3.BOLUM-
Sorag Jogap.Guller - 6.12 min - 5.68 MB
43-Kerim aga konsert-4.BOLUM-
Altyn biri - 3.51 min - 3.52 MB
44-Kerim aga konsert-5.BOLUM-
Sorag-Jogap, Ozume - 3.09 min - 2.88 MB
45-Kerim aga konsert-6.BOLUM-
Yashlyk Dramasy - 6.51 min - 6.28 MB

Bular saýpallanan görnüşi, we eger gerek bolsa hersi 30 minut bolan jemli bolanam bar. toplam 341 MB.
-------------------------------------------
Men Gulumun dasynda perwaz uryan Seyda!!!

nirede bar bu goshgular..

nirede bar bu goshgular..

Mende bar. Komputerimde,

Mende bar. Komputerimde, kime gerek bolsa aýdaýyň, ýoluny tapyp ugradars!!!

-------------------------------------------
Men Gulumun dasynda perwaz uryan Seyda!!!

manga gerek gayrat etde bir

manga gerek gayrat etde bir yere goy yada manga iber senden hayysht, hatda ceriomxide-a ber ol sayta goysyn..
**********************
ViVa MeRw FoReVeR

nirde goysangyzam manga-da

nirde goysangyzam manga-da guk diyersingizda!
_____________________________
Turan bolsang yalngysh ayakdan bu gun,
Diyen ishing ugruna hem barmasa,
Yuzung solma, yylgyr, ertir taze gun,
Taze gun bilenjik ach taze sahypa!

Gowja Upload site bilýän

Gowja Upload site bilýän bar bolsa, salgy beräýsin, upload eder ýaly.

-------------------------------------------
Men Gulumun dasynda perwaz uryan Seyda!!!

Agam! sagja bol! mendäkiler

Agam! sagja bol! mendäkiler bilen deňeşdireýin, soň seniň bilen habarlaşarynda!!!.


Maru Şahu Jahan

meni yatdan chykarayman

meni yatdan chykarayman :)
seri gayrat edersin-da alsan.

mana-da

mana-da gerek oz-a.. haysi yol bilen ugradyan bolsan, mana-da gayrat etsene..

p.s.
17.Obama

Kerim Gurbannepesow onden goruji-da, eyyam Amerikan prezidenti barada baryp hachan yazip gidipdir:D

Download edip bilersiňiz!

Ýokardaky goşgular:

http://rapidshare.com/files/204267583/Kerim__Gurbannepesow_1.rar.html

http://rapidshare.com/files/204284859/Kerim__Gurbannepesow_2.rar.html

-------------------------------------------
Men Gulumun dasynda perwaz uryan Seyda!!!

Telpekler (2 kisiden 6 sany)

Bu komment ucin
  • repa 1 telpek goyyar we yazyar: "Linkler ucin sagbol!"
  • ceriumoxide 5 telpek goyyar we yazyar: "Sagja bol!"

sagja bola Agam:)

sagja bola Agam:)

hatyja 8-njini açay indi:)

hatyja 8-njini açay indi:) bu blogam gaty doldy:)

Howwa, 8-nji açylsa kemem

Howwa, 8-nji açylsa kemem bolmaz, täzelikler bilen!!!
Bizem garaşýas!!!
-------------------------------------------
Men Gulumun dasynda perwaz uryan Seyda!!!

Halyl kulyyewden bir

Halyl kulyyewden bir parcha.
shu shahyr bilen gurbannazar ezizowyn yazyshy gaty menzesh, ozleri hem yakyn dost bolupdyrlar, emma shunun goshgylary gaty az intr.de
men hem shu gosgylaryny intr.de gozlap otyrkam gozume ilaydi.ondon son hem siz bilen paylashayyn diydim

Biçäre

Gаdym eýýam...
Bаý sоrаnmyş mоllаdаn:
– Mеn sаňа ýüz tutýan, кyblаýy älеm.
Hаny sеnеm bir sоrаp gör аllаdаn:
Mеndе bir аýal bаr,
Оl sаñа mälim,
Muny iкi edip bоlmаzmy, tаgsyr?
Sеrpаýyñ tаýyndyr,
Gеtirlеr ertir.

Mоllа uzyn sакgаlyny sypаlаp,
Sакgаldаşnа jоgаp bеrýär şо bаdа:
– Оnкi süññe оnкi аýal аlmаly,
Şеýlе görкеzmе bаr biziñ hudаdа.

Bаýyñ bоlsа ýoк eкеni bir eli,
Аllаnyñ emri-dä...
Etjек nе çärе?
Оnbir аýal bilеn nеnеň ýaşаrка,
Bu dünýädе şumbаgt eкеn biçärе.

1976

Dañ agarýar
Syrylyp gijäniñ gаrа pеrdеsi,
аgаrýar аsmаn.
Аgаrýar töwеrек,
аgаrýar hеr ýan...
Bеlеnt-bеlеnt gаýalаr
Hеmmеsindеn öñ аgаrýar.
Jülgеlеri
Gizläp dаgyñ кölgеlеri,
Hеmmеsindеn sоñ аgаrýar.
Mеýdаnlаr,
sährаlаr,
çеşmеlеr,
çаýlаr...
Bulаñ bаry dеñ, аgаrýar.
Аçyñ pеnjiräñiz, bакyñ аdаmlаr!
Dаñ аgаrýar...

Jеýhun ýollаry

Güýz düşеndе hаsyl аlýar dаýhаnlаr,
Mеn bаhаrdаn gаrаşýaryn hаsylа.
...Görüñ, ynhа, bu ümbilmеz mеýdаnlаr
Eýýäm hаçаn örtünipdir ýaşylа.

Ýaprакlаrа giñ аsmаndаn dür inýär,
Suwlаnypdyr göк çеmеnli ýodаlаr.
Gözýеtimdе sаlgym аtyp görünýär,
Dumаnа bürеnеn ýaşyl аdаlаr.

Аmydеrýa bаhаr gеlsе tоý bоlаr,
Tокаýlаry tоý lybаsyn gеýеrlеr.
Şеmаl öwsеr, аtyr sеçеr ýaýlаlаr,
Şоnuñ üçin munа Jеýhun diýеrlеr.

Аmydеrýa bаhаr gеlsе eçilеr,
Myhmаnlаry ýüz nygmаtdаn iýеrlеr.
Tоlкunlаryñ sаhypаsy аçylаr,
Şоnuñ üçin muñа Jеýhun diýеrlеr.

...Ýüz-gözlеri günе ýanаn аdаmlаr
Jеýhuny gаrк edip gаn bilеn dеrе,
Jеbri-jеpа muşакgаty gеrdеnläp,
Gämi tаrtyp gеlipdirlеr bu ýеrе.

Gämi tаrtyp gеçipdirlеr bu ýerdеn,
Durmuş üçin, çörек üçin, erк üçin.
Tоlкunlаryñ sаhypаsyn аgtаryp,
Окаp görsе, аñаr muny hеr кişi.

Inе, şеýdip pidа bоlаn mаzlumlаr,
Siziñ üstuñizi örtsе-dе suwlаr,
Tоlкunlаryñ pеnjеsindе bоgulyp,
Bаtаn däldir, ýitеn däldir аrzuwlаr.

Аrzuw bоlup акyp ýatyr bu ýеrlеr,
Şоnuñ üçin muñа Jеýhun diýеrlеr.

Gör, näçе ýyllаryñ düşüp yzynа,
Näçе аsyr umyt bilеn gеzildi.
Аhyryndа bu düzlеriñ ýüzünе
Täzе-täzе sаhypаlаr ýazyldy.

Bеdеw аtly, gyzyl ýüzli аdаmlаr
Jеýhuny gаrк edip gаn bilеn dеre.
Bаtyrgаý ädimläp, inе, şu ýoldаn
Gämi tаrtyp gеlipdirlеr bu ýеrе.
Gämi tаrtyp gеlsеlеr-dе bu ýеrе,

Gämi tаrtyp gеçmеdilеr bipеrwаý.
Şоl gämini Аmydеrýa gаrк edip,
Аtаlyк bоrçlаryn etdilеr bеrjаý.

Mеn оlаry gözum bilеn görmedim,
Gör nähili özgеripdir bu ýerlеr,
Bir tаryhy sакlаp ýatyr gоýnundа,
Şоnuñ üçin muñа Jеýhun diýеrlеr.

Inе, bu gün şоl Jеýhunyñ dеgrеsi
Örtülipdir gyzyl bilеn ýaşylа.
Bu ýеrlеrе gül eкipdir аtаlаr,
Hеr ýyl bаhаr gаrаşybеr hаsylа.

Dagda
Günüñ nury duşýär dаglаñ gеrşinе,
Çаl dumаnа bürеlipdir gаýalаr.
Ortа ýoldаn mеniñ bоlup bаrşymа
Sеrеdip dur аgа, ini, uýalаr...

Аtyr ysly gyzyl-gyzyl düşекdеn
Gitdigimçе dоlup bаrýar hеr ýanym,
Gеlin-gyzlañ sеsi gеlýär аşакdаn:
«Tаýmаn-typmаn, аmаn-esеn bаrýarmyñ?»

– Bаrýandyryn...
Ýönе wеli аlñаsаp,
Büdrеsеm-dе, gülüşmäñ siz, uýalаr.
Şu ýaşyndа dаgа çyкyp bilmеsе,
Bu аgаñyz ildеn-gündеn uýalаr.
Miwе-dе bаr, tiкеnеm bаr, gülеm bаr,
Äpеt-äpеt dаşlаr ýatyr dеrlеşip,
Şоl bir bеlеnt dаg gеrşini nаzаrlаp,
Mеnеm şеýdip gidip bаrýan dyrmаşyp.

yurekde name bolsa dil shony diyer!!

Birinji goşgy biçak

Birinji goşgy biçak biderek ekeni. Şol sebäpli beýlekilerini okamadymam...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Şunam bir diňläň !!!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "Döwletinem, Bagülinem gaty gowy, yakymly sesi bar"

Sen näme üçin pikir

Sen näme üçin pikir edeňok ynsan
Bu ýagty jahana gelmegiň hakda
Aglamagyň hakda gülmegin hakda
Sanalgyň dolanda ölmegiň hakda.

Sen näme üçin pikir edeňok il gün
Özüňden döredýän pis baýyň hakda
Mysapyr ýaşaýan gedaýyň hakda
Hemmäni ýaradan Hudaýyň hakda

Sen näme üçin pikir edeňok şahyr
Ynsaba baglanan çägimiz hakda
Unudulyp barýan däbimiz hakda
Hem-de barha bozulýan pälimiz hakda.

Sen näme üçin pikir edeňok ýaşlyk
Ýürekdäki ýalan duýgymyz hakda
Juda ýuwanlaşan söýgimiz hakda
Ertir çekäýmeli gaýgymyz hakda

Sen näme üçin pikir edeňok zenan
Paýhasdan gurmaly binamyz hakda
Gaýta-gaýta eden günämiz hakda
Jogap sorap duran dünýämiz hakda

Sen näme üçin pikir edeňok ynsan
Alanyňy berjegiň hakda
Görkezenňi özüň görjegiň hakda
Aman ýatyp aman örjegiň hakda
Sen näme üçin pikir edeňok ynsan?

---------------------------------------------------
"Bize hak Hudadan permandyr ömür.
Bil, Allaha tarap barýandyr ömür,
Lowlap duran ot bol, bolma kül kömür .
Aljyrasan , atalarňy ýada sal !"

Telpekler (2 kisiden 7 sany)

Bu komment ucin
  • Agam 2 telpek goyyar we yazyar: "Men näme üçin pikir edemok! Berekella! Gowy goşgy!"
  • garabekewul 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Telpek berjekdim welin

Telpek berjekdim welin telpek beryan görünenok! :) Gaty gowy yazylan goshgy, özüň ýazan bolsaň gowy ýazypsyň, biriniň ýazanyny goýan bolsaň hem gowy iş edipsiň! Köp sagbol ildeş!

Men köpden bäri girýän

Men köpden bäri girýän welin, täzelik ýokla bärde näme üçin beýlekä?!
Näme üçinligini bilemok welin şuny ýazasym geldi

Ýagydyr ýagy

Jan agalar niçik zamana boldy?!
Adamlar bir-birine ýagydyr ýagy
Dost dosta ynanman galar gümana
Sag gözüm sol göze ýagydyr ýagy

At dakarlar Namaz,Roza,Kurana
Oňa at dakanlar goşulmaz sana
Bu gürrüňler dalyş eder imana
Ýalan söz imana ýagydyr ýagy

Bu işe deň gelmez asman zeminler
Ýagşylygy bilmez asly ýamanlar
Ikisi bir eneden ak süýt emenler
Dogan bir-birine ýagydyr ýagy

Hak sözlesem hernä bilgin halymy
Açyk etgil musulmanyň ýoluny
Umyt aýdar tutmaň şeýtan ýoluny
Şeýtan haýyr işe ýagydyr ýagy

Jahanda ýaman işdir,
Gury gelip, boş gitmek.

(No subject)

Jahanda ýaman işdir,
Gury gelip, boş gitmek.

howwa kopden bari

howwa kopden bari yazylmandyr, ay yazybermelida..goshgydan kop zat yok. gowylaryny tapyp bilseniz!
Kerim agadan shujagazy okamda dashary yurt bilen oz yurdun ayratynlyklaryny deneshdirip gechyan shu dowrem sheyle: mp3den dinlenip yazylan bolmaly, yary yerinde gutaryar. Dowamyny bilemok arman..
Barýansyn Moskwaň bir köçesinden
Öňüňden çykandyr ak sakgal goja
“Atam wagtalowa nädip gitmeli?”
“Oglum bu tarapda wahtangow küje?
Gös göni yzyňa öwrülde şundan,
Pylan köçä ýetde çepine dolan!
Gowusy, özümjik eltip gaýdaýyn,
Azaşybam gider seň ýaly oglan!” –
Diýer-de sen men ýok düşer öňüňe,
Görseň, bir aýagam protezdendir,
Elter-de gowşurar barjak öýüňe,
Sagboluň bermänkäň gözden ýitendir.
Barýansyn Tbilisin bir koçesinden,
Agşam seýlindedir ili gurjinin,
Baýdak boýly bir gyz öňüňden çykar,
Egremçeden geçer bili gurjinin.
Yok, yok ýalan diydim, egremçeden däl..
Iňňäň gözündenem eglenmän geçer.
“Uyam, parkyňyza nädip gitmeli?”
Gözler gözleriňe nuruny seçer.
“Dordunji awtobus, yna şu maşyn”
münersiň, işikler öpüşer derrew
Gyz bolsa henizem garap durandyr
awtobusdan böküp düşesiň geler.
Barýansyň, Damaskyň bir köçesinden,
aşagyň ýokaryň reklamadyr
sakynyp okarsyň arap harplaryn
düşünip bilmersiň näme nämedir,
kitap magaziniň idap barýansyň
onýança gapydan uludan pallap
aýagy çepekli, kellesi peşli
pete pet çykandyr, ýadaw bir sellah.
“Kitap, dükan, kitap” hetjiklarsiň sen,
ol derrew düşüňer, “Ha-ä! kitap, dukkan?”
dükanyň işigne getirip gider,
sen “şükran” diýmänkän, ol diýer şükran.
Barýansyň Aşgabat prospektinden,
Bu ýerlere belet bolsaňda özün.
Darajyk köçeden bir öýi gözläp,
Ne onuň tapýansyň ne-de bir yzyn,
“şu ýakada!” diýip salgyn bererler,
gidersiň, gidersiň, öňüň ýapykdyr,
onýança bir gözel öňüňden çykar
köýnegi baldyrdan, saçy topukdan,
howlugyp barýandyr..emma şo bada,
öz işin unudyp doner-de yza,
“hanha, şol jay” diýip elin uzadar.
Gyz jaýa bakýandyr, sen bolsa gyza.
Hepdeler aýlanar, yyllar dolanar
Geçmişe ser salyp otyrkaň birden
Şol tanyş keşpler ýadyňa düşüp
Ýüzüňe nur çaýyar duýdansyz ýerden..

kerim aga goshmacha

baryansyng istanbul kocelerinden,
ongungden chykar bir gul satyan sygan,
sen onga unsung bermejke borsyng,
kellengde harasat mung durlu pylan.
yone sygan olar hakda oy etmez,
yalbarar 1 lira diyip ongungde
onyancha birgozel sulmurap baryan,
peyda bolar derew sening ongungde,
sygan sen hem gyza bile lak atar,
ikingizi etjek bolar soygulu,
wah gyzam chalaja gulaysa eger,
yuregingden borsyng gyza bergili,
birden gyzam yiter syganam yiter
pulsyz student hem yolyna gider:):)