Şäherlämi ya-da obala ?

Men obaly oglan we obaly gyza-da oylenmek isleyan.
29% (9 votes)
Men shaherli oglan yone obaly gyza oylenmek isleyan.
6% (2 votes)
Men obaly oglan yone shaherli gyza oylenmek isleyan.
16% (5 votes)
Men shaherli oglan we shaherli gyza-da oylenmek isleyan.
32% (10 votes)
Men shaherli gyz we shaherli oglana-da durmusha chykmak isleyan.
10% (3 votes)
Men shaherli gyz yone obaly oglana durmusha chykmak isleyan.
3% (1 vote)
Men obaly gyz we obaly oglana-da durmusha chykmak isleyan.
3% (1 vote)
Men obaly gyz yone shaherli oglana durmusha chykmak isleyan.
0% (0 votes)
Jemi 31 ses berildi

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Salam Tmolympiad!

Salam Tmolympiad!
Shu gun 1 gurrunin arasynda gaty kop obaly gyzlaryn shaherli, ya-da shaherde/bashga yurtda okan oglanlara, oz obalysyndan has kop uns beryandigi, we olara yaranjak bolyandyklary barada mowzuk achyldy. TM'de bilshiniz yaly birgiden shaherli oglanam obadan oylenseler mashgalasynyn has berk boljakdygyna ynanyar, ya-da ayalynyn ozune has wepaly, oy edebine has govy uyjakdygyna ynanyar. Beyleki topar bolsa obadaky gyzlary yurek gysgynch hasap edip, shaherli gyzlara oylenmegin tarapdary.
Gepin tummek yeri, sizin pikirinizce adamyn onup osen, terbiye alan yeri, onun durmush gurandan sonky mashgaladaky ornuna nacherak tasir edyar ?? A sizin gozunizde bu mesele na dereje mohum ?? Meselem shaherli gyzlar: "soydum" diyip akyllarynyn "yok, ona chykma" diyyan obaly birine-de barmagy adaty hasaplayalarmy, ya-da "soyeninde name, soydum diyip indi irden-agsam sygyr dagy sagmaga razy bolayjakmy?" diyip, obala barman, erbet gormeyan 1 shaherli oglana barmagy dogry hasaplarlar ??

P.S. Utanmashak yokdyr, we gayrat edip "soygi" sapaklary berman, oz kellanizdaki pikirleri yazyn, t.e. hakyky durmushda "olsemem shaherli gyza oylenmerin" ya-da "olsemem obaly oglana barmaryn" diyibem, barde yazanda bolsa "soyyan adamym uchin Derweze'de-de yasharyn" diymeshek yokdyr :)

Men hem shaherli hem obaly

Men hem shaherli hem obaly gyz.Namucindir hic birine barmana islegim doranok.Yone sylamaly bolsa obalyny saylardym.Oba yerin adamy name diysenizem shaherlinka garanda has mahirli bolyamyka diyyan.Soygi gutaransonam obada edere,guymenere ish tapyan,mellek,potrat,sygyr aclygyndan molap duran,aylarca otlap giden ogorodyn.Ay garaz icin gysmaya.A shaherde bolsa dort divar,sho goren fantanyn,sho giden kafen, sho bir padyezdaky alkashlan.Ay garaz yurekgysgync :)

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide© 1 telpek goyyar we yazyar: ""mellek,potrat,sygyr aclygyndan molap duran,aylarca otlap giden ogorodyn""
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: ":))"

Name Mergen ona çykmak

Name Mergen ona çykmak isleyanmi, muna çykmak isleyanmi diyip sorapsınız velin zakaz alyanyzmay?:D
---------------------------------------------------------
'' Bu günü düşünürüm, dün geçti, yarın varmı?
Gençligede güvenmem, ölen hep ihtiyarmı?''

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide© 1 telpek goyyar we yazyar: "he he :P"

Gysgacha soragyna jogap

Gysgacha soragyna jogap bereyin: Hawa :D

vilka :D name zakaz

vilka :D name zakaz berayjekmay :)

a name uchin Allajan yazana

a name uchin Allajan yazana baryn diyenem goymaly ekeingda
mneg ozume tapawudy yok, shaherli bolsun obaly bolsun , manga tapawudy yok , nirede bolanda da , bolyar , esasy zat Oglan!, Mashgalsy , ene atasy
yone men ozum shaherli oglan halamok, chynym aytsam ,
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Barde gurrun "isleg" barada

Barde gurrun "isleg" barada gidyar Selbi, yagny elinde bolsa naderdin manysynda. Bolmanam Allan manlayina yazanyna bararsyn, ondan bashga chykalgan barmy ?? Birine barsan, shol manlayina yazylanydyr, yone bu senin barjak oglanynda bolmagyny isleyan zatlaryn ustini chyzanok, isleg yene-de islegdir !

Obaly ýa şäherli bir hili

Obaly ýa şäherli bir hili pes derejeli kriteriýalaryň arasynda meň üçinä ;)
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Sorag hokmanylyk sheklinde

Sorag hokmanylyk sheklinde yazylan dal elbetde, yone shonda-da adamda belli wakalaryn ya-da durmus prinsiplerinin doreden pikirleri bolup biler bu mowzuga degisli. T.e. jogaplaryn arasynda "Men oglan we gyz obaly bolsa bolyar, bashga zatlaryn bir zady bolar" diyleni yokdyr, yone yagday sen elinde bolsa, nireli bolmagyny islardine jogap tapsa bolyamyka diyyan. T.e. "Men obaly we oylenjek gyzymam obadash bolsa govy bolardy, yat yerlere gidip gelmeli bolmazdy, menzeshirak mumkinchilikler bilen osenson gen gorjek zady az bolar" we sh.m. argumentler bilen obaly-obaly bileleshigini argumentirlesen bolyar...We dovam edibermeli, kim haysy birini isleyan bolsa, shona gorarak hem argumenti bardyr. Meni asyl shol argumentler gyzyklandyryar!

ruscha bilyan obaly bolsa

ruscha bilyan obaly bolsa has gowy bolarmyka diyyan mena:D ogrener yaly ruschany:) men oblay:D:D

Klassiki obaly gyz

Klassiki obaly gyz (-lary):

2 gektar mellek ýeri özi agdaryp, seredip, muskullary ulalyp giden gyz. Elleri mozoldan ýaňa dersi 2-3 gat bolup, duýguçyllygy peselen, lopatka ýaly elleri bar. Şäherli oglanlar ýanynda dursa, haýsynyň gyz, haýsynyň oglandygyny saýlamak gaty kyn boljak ýagdaýda. Gaharyny getirseň, bir şapbatda ýüzdürip biljek güýçde. Sada, türki, gönümel, mal-garadan başy çekýä, ekini bilýä. Obadaky Şammediň näçe maly bar, haçan gyrkyma başladylar bilýä, ýöne Şeýdaýy, Jelaleddin Meňburun ýaly başga obanyň adamlaryny tananok :D
Mellek ýerlere berlen azot, fosfor ýaly dökünlerden ýaňa, birem öz sürýän traktorlaryny bejermekden ýaňa, ýüzi birä otrobotka ýagdaýdan, birem dökünlerden ýaňa üýtgeşik gara şekil alypdyr. Gulak halka zat dakmasa käwagt oglanmyka diýip bilýäň.

Klassiki şäherli gyz (+lary):

Näzik, medeniýetli. Haýsy elinde çemçe, wilka, haýsy elinde pyçak tutmaly bilýä. Günde 2-3 gezek duşa girýä, saçynyň bar taryny bezäp, gaşlaryny galkyldadyp, ertekilerdäki perizatlara meňzeýä. Iň soňky habarlary bilýä, Andalybyň eserlerini tankyt etmegi halaýa, Gurbannazar Ezizowyň azyndan 3 goşgusyny ýatdan bilýä. Kerim Gurbannepesowyňa bar goşgusyny ýatdan bilýä. Ýylgyrmagy, medeniýetli, modaly oglanlary halaýa. Rus dilini azda-kände bilýä, türk dilini hem öwrenip başlady.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "türk dilini hem öwrenip başlady:)):))"
  • Merjenjan 1 telpek goyyar we yazyar: "medeniýetli oglanlary halaýa! Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

he he oba gyzlary nadip

he he oba gyzlary nadip goyupsynga , men on yanak ishleyan obada kan goremok , indi ol oba diyyaningem uytgedi,
ashakdaky shaher gyzalry nadayipsinga:D
ha ha ha
gulip yaman hezil etdimay :D
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

ispancha ogrenenleri has

ispancha ogrenenleri has gowylay turkche ogrenenlerinden, hatda ogrenyanlerem bar eken myhman bolup giryanleng ichinde:):)

AÝ SENÄ OÑARYPSYÑ……

Seniñä bu ýerde obaly gyzlary sypatlandyryşyñ (suratlandyryşyñ) tüýs Kerim Gurbannepesowyñ ‘Taýmaz baba’-daky ‘Kempir’-i sypatlandyryşy ýaly bolaýypdyr.
‘Ýañaklary ýasalan dek,
‘Garrygyzyñ’ paçagyndan,
Aýaklaram dyzdan beýläk,
Artyp ýatyr saçagymdan’.
‘Eliniñ her ýarygynda,
Edil towuk guzlaýmaly,
Gözüniñ her hanasynda,
Men ýalyny gizläýmeli’…. Şeýleräk ýagny, aý, oba gyzlary gaty beýlede dälhow. Döwür üýtgedä şu wagt, nirde galdy… potrat, arenda, traktor sürüp, mal bakyp ýören gyzlar?. Soñam näme oba gyzlary (-), şäher gyzlaryny-da (+) görkezmäñ gaty kemsidijilikli boýlar. (Soñra-da tersine (+, -) görkezmäñ birazrak ýalñyşmyka diýýän). Durmuşda oba- oba ýerinde, şäherde- şäher ýerinde bolmaly. Oba ýerinde doglan gyzlar, obada doguldygy üçin günälimi?. Olaryñ duýgulary-da bar, ähli işi ýerine getirip bilmek ukyplaryda bar, olaram K.Gurbannepesiñ, G.Eziziñ ýa başgalaryñ goşgularyny az bilenoklar ýa az kitap okanoklar. Olaram iñ azyndan iki-üç dil ögrenmäge çalyşýarlar. Meselem şäherli, o eýjejik, näzijek gyzlar oba ýerlerine kän gelip baranoklar we oba durmuşynda ýaşap bilenoklar emma, oba gyzlary alçak boýlalar we şäher durmuşyna-da, şäherli gyzlaryñ ýaşaýşyny-da derrewjik ele alýarlar (şonda-da ‘obaly’ diýlip kemsitmelere duçar bolýalar gynansakda). Seniñ oba gyzlary bilen şäherli gyzlaryñ arasynda aýry-goýry etmäñ bilen razylaşmaýan menä…. (Özüñemä, oglanlar babatynda halañok welin bu deñsizligi!???). Elbetde oba bilen şäheriñ arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bar ýogsamam. Edil içinde ýaşaýan ynsanlarda bolşy ýaly.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Bayram, senin aydanlaryn

Bayram, senin aydanlaryn oglan hakynda yaly edip okap gor. gabat gelman duranokdyr. a gyzlar bolsa bu dowur hem obany hem shaheri dash edya.
dashary yurtda okan/okayan oglanlara degishli daldir, sebabi olar eyyam has kop zady bilyarler. emma shaherli oglan bolsa, oban durmushyndan/ishinden nacherak habarlyka bilmedim..

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • azize 1 telpek goyyar we yazyar: "Wah ustunden basaydyn!"

Klassiki obaly gyzlar

Klassiki obaly gyzlar (+lary):
Däp-dessura üns berýär, indiwidualist däl, has kän jemgyýede görä. Obada kim näme diýer, garyndaşlaryň, goňşylaryň pikiri ýaly zatlara üns berýär. 4 çaga däl, 10 çaga dogurmaga taýyn, gaýratly. Ýalta däl, irden 6da turup mellekde ot orup gelýär. Äri turýança yzyna gelip, nahar-çaýyny taýýarlap biljek derejede. Boş wagtlary tikin dikýä. Hobbisi öýi arassalamak we mallary gyrkmak. Gaýyn ene we gaýyn atasy bilen ýaşamaga taýyn. Deň hukuklylyk näme bilenok, oň pikiriçe deň hukuklylyk ýalňyş zat :D

Klassiki şäherli gyzlar (-lary):
Arzyly, kaprizli gyz. Göwnünden ýaramak aňsat, özem altyn we brilliant bezegleri bolmasa senden mydamalyk närazy. Elini diňe ýyly suwa sokjakdygyna and içipdir, sowuk suw bolsa, gap-gaçlar kirli ýatyp bilýär. Naharlar keýpine görä bişýä. Gün boýunça özüni bezemekden we serial görmekden ýadap, azyndan 2-3 sagat ýatyp dynç alaýmaly günortan wagtlary. Senden akylly. Ýa-da özüni şeýle hasap edýä. Adalatly, hak-hukuk tarapdary. Sen romantiki bolmasaň bolanok. Häli-şondo söýýän diýip, gül alyp durmaly. Ýöne alýan gülleriňi gowy seçmeli, ýalňyşyp sübse (olam gülä) alaýsaň, onda gadryň bilinmeýä. Adamyň bagtly bolmagy üçin maksimum 2 çagasynyň bolmalydygyna ynanýar. Özem göwreli döwürleri hem 100 adama iş.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • LEBABYM 1 telpek goyyar we yazyar: "bolsa-da häsiýetlendirmeleriñe gülübä keýpden çykdym."

Tak, "klassiki" ýagdaýlary

Tak, "klassiki" ýagdaýlary ýazdym, islänjäňizi goşuberiň :D

Özüm bolsama, sada we ynanjaň gyzlary halaýan. Sebäbi bir hili şolar gyzlary gyz edýän ýaly, bilemok ýa bize şeýle guýlupdyrmy. Özem gaty indiwidualist, öz diýenli bolsa, onda kän maňa ýaranok. Bilemok, ýöne obaly gyzlar şol meň pikirlerime has taý gelýän ýaly görünýär. Bu elbetde umumy manyda şeýle, dogrusy indi obaň gyzlaram gara işe el uranoklar. Özüni timarlap gezip ýörler, özlerem gaty öz diýenli :D

Başga näme diýeýin, bir hili mert gyzlary halaýan. Ýagdaýy bolşy ýaly kabul edip, şondan keýp almagy başarýan adam men. Şoň ýaly gyzlaram halaýan. Nalynyp, zeýrenip, aglamjyrap ýören gyzlary (türk stil), kän halamok. Olary 1-2 gün köşeşdirersiň, näzini çekersiň, ýöne men köp çydamaryn.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

gazyetde yglan beryan yaly

gazyetde yglan beryan yaly edip yazypsynglay bayram aga, men shung yaly gyz gozleyan, kim sheyle bolsa habar bersin diyyan yaly:) joking:)

gyz diyyaning turkmen bolsa,

gyz diyyaning turkmen bolsa, uzyn koyneklije, kellesi yaglylyja, yaglygyng ashagy hem dolyja kellelije:), baylyga, pula, gyzmayan; abrayyng, mertebeng we namysng namedigini biyan; unwerstet okan, belli bir yasha chenli obada, belli bir yasha chenli hem shaherde yashan; ejesi, kakasy hem okuwly, sungada dushuhyan, pioninajyk hem chalyp bilyan, pionina chalsada tamdyrda chorek hem bishirip bilyan, gybat etmeyan, hich oglan bilen soyushmedik hatda kakasy hem ogshamadyk:):P, okde nahar bishiryan, gyz gorsengiz mangada habar eding:):):):)

hmm seret pionina chalyan

hmm seret pionina chalyan adam hich etmeli dal , sebabi elini ayamaly , hatda oyung ishinem etmel dal oytyan :D
bashga name gerek , yene goshmaly ekening , goyun bakyp hem bilyan diymeli ekeningde , :D
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

yoklay goyun bakmak kyn

yoklay goyun bakmak kyn dala, ony hemme gyzam bakarla, sheyle dalmi GYZLAR:)??

Siziň gözleýän

Siziň gözleýän ugruňuzda mynasyp gyz yokdyr! Az salymdan ýene-de gözläp görüň! :D

ay gozlenmdeik yer galan

ay gozlenmdeik yer galan daldir, chyndanam yok bolaymasa beyle gyz:)

gozleyan adamda sawlik bar

gozleyan adamda sawlik bar :D_

_____________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Tak, "men obaly oglan, yone

Tak, "men obaly oglan, yone shaherli gyza oylenmek isleyan"-e ses berdim :), yone shaherli diyende hokman propiskasy shahere bolmaly diylen zat yok :)), obaly/obada yashayan bolsa-da bolya, yone yokary bilimli bolsun :)

Gyzlar haýsyna ses

Gyzlar haýsyna ses berýäkäler? :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Hmm

Ozum shaherden, shaherli gyza da oylenmek isleyan. Yone islemek birzat, islegin boljagy ya-da bolmajagy bolsa bashga birzat ;)

Where is Hereket, There is Bereket!

Gaydyp

Gaydyp öylenmen:)
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

indi, her obaly beyleki

indi, her obaly beyleki obala menzanok; yada her yerde hertüyslisi bolyar, umumylaşdyrmak kyn.
Meselem; türkiya işlemage gaytyanlaryn köpüsi obalardan (etraplardan) öydyan. A köp adam bolsa, obaly edepli-ahlaklydyr öytyar.

Öytyan bolsan yalnyşam

Öytyan bolsan yalnyşam bolup biler , TR-de işlap yören şaherli gyzlar ayal kan!Gayta obadan az...
[i]Meselem; türkiya işlemage gaytyanlaryn köpüsi obalardan (etraplardan) öydyan. A köp adam bolsa, obaly edepli-ahlaklydyr öytyar.
[i/]
Bu yerdenem Türkiya işlemage gaytyanlar ahlaksyz edepsiz manysy çykyar,şeylede Türkiya gaytmayanlar edepli ahlakly...

Hemmesindede öytyan bn başlapsyz.Öydüp yaşayan öytyan:)

__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Elbetde, hiç-kimde takyk

Elbetde, hiç-kimde takyk statistika yok, şon üçinem, fakt yaly edip, "öydyan" sözüni ulanman yazmagy özüm-a gelşiksiz hasap edyan.
"Şaherli" diyende hökman yaşayan yerinin şaher statusly bolmagy yetmeyar, Meselem, murgap, tagtabazar, şaher bolmagy mumkin, emma "oba" diyip geçyar, hatda "etraplar" "obaly" bolyar. bagdan, bakjadan, goyundan-sygyrdan, gumalakdan, tomzakdan söz açyp, olar bilen düşünişyan bolsa, "obaly" bolyar menin üçin.
Şaherli bolanda, Mary, Çarjew, Aşgabat yaly merkezler..
(Aslynda Aşgabada şaher diyilse, beylekilerin barsy hem oba diyiljek derejede)
Aşgabatdan işlemage gaytyanlaryn azdygyny bilyan, hatda yok derejede, beyleki yerlere göra. mary, Çarjewden köp bolmagy mumkin, yöne aydyşym yaly olara hem na derejede "şaherli" diyip bolar?

Bir türkmen gyzynyn maşgalasyny yzda goyup, obasyny taşlap, işlemage, hyzmatçy, hatda, nirde işlejegini önünden bilman hem Türkiya gaytmagy, - "elden geçsin-geçmesin" tapawydy yok;- 1nji adimde, edep-ahlak, türkmençilik limitlerini geçdigi bolyar, menin üçin-a. kiçijek gyzyn tokayda geçmegi yaly uly risk. )

Kim "Men shaherli oglan we

Kim "Men shaherli oglan we shaherli oglana-da oylenmek isleyan" ses berday? Gay marriage!!! Hhahaha..

Gayrat edip ses berin, netijeler gyzykly bolar diyip pikir edyan.

* Hazir 21 adamdan dine 3 sanyjak "match" bar. Match rate: 30% (iki tarapyn hem islegine gabat gelyan)
* Shaehli gyzlaryn "hemmesi" shaherla durmysha cykasy gelyar
* Tmolympiadda hic obaly gyz yok.

Ay Atamyrat, sesa bermayin

Ay Atamyrat, sesa bermayin welin. Ol sozi Turkmene bir getirme, yone prikol bolsun diyip yazansing elbetde. Men onda paddelka ses berayin.
Men obaly oglan, yumshaklara oylenmek isleyan!!!

-------------------------------------------
Men Gulumun dasynda perwaz uryan Seyda!!!

Atamyrat

Atamyrat wrote:

Tmolympiadda hic obaly gyz yok.

ay tmolympiadda oba durmushyny bilmeyan gyz yokdur-la..tmolympiada gelsen oba name shaher name owrenyan:D

Aslında özüma şaherli

Aslında özüma şaherli gyz şaherde önüp ösen. yöne Mana obalymy yada şaherli tapawudy yok. Esası zat düşünjelerimiz den gelsin.Obaly bolup düşünjelerim den gelyan bolsa ve edil şonun yalı hem şaherli bar bolsa men obalını seçerdim.
---------------------------------------------------------
'' Bu günü düşünürüm, dün geçti, yarın varmı?
Gençligede güvenmem, ölen hep ihtiyarmı?''

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "gowy yazipsin! berekella!"

Şäherli gyzlara bir sorag.

Şäherli gyzlara bir sorag. Eger obaly oglana barmaga razy bolsaňyz... oň obasyna gidip ýaşamaga hem razy bolarmydyňyz?
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

eger baryan bolsang , eger

eger baryan bolsang , eger ozung razy bolup baryan bolsang , onda name uchin yashamarsyng? hemme zady bilip baryan bolsang , elbetde yasharsyng ozung razy bolup baryan bolsang

______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

men obaly :)

men obaly :)

Bayram wrote: Şäherli

Bayram wrote:

Şäherli gyzlara bir sorag. Eger obaly oglana barmaga razy bolsaňyz... oň obasyna gidip ýaşamaga hem razy bolarmydyňyz?

Hawa, eger gyzgyn suw ýyly suw şaglap akyp ýatan duş wanna bolsa, internet öýe çekilen bolsa, kitaphana bar bolsa, kir ýuwujy maşyn bolsa we şähere eýlä-beýlä gider ýaly maşyn bolsa, onda “Hawa”!!!:D
____________________________
Turan bolsang yalngysh ayakdan bu gun,
Diyen ishing ugruna hem barmasa,
Yuzung solma, yylgyr, ertir taze gun,
Taze gun bilenjik ach taze sahypa!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "hehe :))"

Belle wrote: Hawa, eger

Belle wrote:

Hawa, eger gyzgyn suw ýyly suw..

Gyzgyn, Yyly ? Gaynak, bug chykyp duran we etc diyibem dovam edaymeli ekenin :)

Oncha soygi gurrunini eibem, sonunda-da "internedin bolmasa sana baryp, obanda yashajak dal" diysenem bolyamay ? Soygi sozunin s harpynam alayman bara agzynyza :D

arada soygi gurruni yok

arada soygi gurruni yok bolsa sheyle saylanmagy ahmal. yone bilyanizmi, oba bolany bilen ilki bilen udobstvalary goz onune gelmesin diyyan mena. gayta obada has gowy upjun edip yashasan bolyandyram. shaherdakiden tapauwtlykda + lary gaty kopa, mysal uchin tebigata yakyn, oz mellegin belki gektar gektar yerin, suw/gaz chekilen kop obada, yone shonda-da guyydan suw alyp gordunizmi? olam bir sungat :D chaga gumda ayak yalanach ylgasa nahili peydaly..mena gowy goryan obany. turkmen yashulylarymyzyn ozi kitaphana ahyryn, sholar mazalyja durmushy gurrun berer. ine dunya habary biljek bolsak, internet ne beda, eyyam telefon liniya bolsa chekilyar her obada.. mellekden eken dikenine gazanan puluna chekdiribermeli, net.de oturmaga elin yetse :)

mashyn nama gerek o cheti bu cheti gorunse. gerek bolsa-da mashyndamy bagt?
shahere gitmek uchin awtobus bar. bizin obalamyzyn her chetine eltyar sholar. arassa ozem, ay ysy bar diyip gowun yetmez yaly dal, gyzykly gurrun edilyar dayzalan ichinde :D

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayat-Hajy 1 telpek goyyar we yazyar: "hay berekella :D"

Özün obaly öydyan )))

Özün obaly öydyan )))

oba yashamana baramda hich

oba yashamana baramda hich guyudan suw alypbilemokdym , hich oklayan bedrani hich alyp bilemokdym , indi yaman gowy alyan. hemishe ish edip shony owrendim , indi gowy alyan yaman hezil bolyar ,

______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

hmm internet bolsa onda

hmm internet bolsa onda melleging otdan , malyng oler meng pikrimche :D

______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

şu soraga başgaçarak

şu soraga başgaçarak jogap berjek, zenan bagşylardan mysal berjek, meslem şaherli diyip "Bahar Hojayewa" we obaly diyibem "Sahydursyn Garajeyawany" aljak, gönimel sypatlandyryşa bolmaz welin yöne ahtimallygy we menzeşligi uly, şeyle pikir etsek Sahydursyna ses bererdim:D

ps: düşen kliplerini göz önüne aldym

shaherli diyip

shaherli diyip Maral Durdiyewa`ny alsana.. shonda kimi secherdin??

ony kan tanamoga)),

islam wrote:

shaherli diyip Maral Durdiyewa`ny alsana.. shonda kimi secherdin??

ony kan tanamoga)), yöne kliplerin-a yutupdan seretdim,
bey diydigim şaherdakilen we obalylaryn hemmesi bir diydigim dal-de dine bir menzetme

birem Maralyn "Iman" diyen klibi bar eken yöne mença barrekden gaytyan yaly, şona derek türkmenin halk aydymlaryny dinlemani saylardym

edit: reply bolmalydy aslynda, bagyşlan