Oylanma-Gynanyaň

Salam hemmeler!
Ekinde berbaşagay bolup yoremsoň bärik gelmäne kän el degenok. Men boljak, sizem saglyk-amanlykmy? Gepi kän uzadyp oturjak däl, käwagt içim gysanda goşgy düzýän we bu gezekki goşgymam yene-de siziň bilen paýlaşaýyn diýdim. Mundan soň goşgy düzerinmi, düzmerinmi biljek däl, ýöne düzäýsem gelip yene-de şu blogda paýlaşmak umydy bilen!!

Gynanyaň

Käte oýa batyaň durmuşyň hakda,
Ýeňişleriň hakda, ýeňlişleň hakda,
Ýatlamak nähili agyram bolsa
Düzedip bolmajak ýalňyşlaň hakda.

Gynanmana sansyz sebäp bolsa-da,
Begenýäň dostlaryň barlygy üçin.
Ýöne käte ýeke galaýan wagtyň,
Gynanýaň hataly ýaşlygyň üçin.

Gynanýaň artykmaç gepläniň üçin,
Märekeli ýerde, ýa başga ýerde.
Gynanýaň howlukmaç kararyň üçin,
Garaşmaly ýerde, ýa başga ýerde.

Gynanýaň duşmedik azabyň üçin,
Okabam gowy ýer almanyň üçin,
Ýa ugrunda arman-ýadaman işlap
Işiňde in gowy bolmanyň üçin.

Gynanýaň söýgiňde ýenleniň üçin,
Mert bolup ýaryny söýmaniň üçin,
Ýaryň başga birine söz berenini
Eşitmezden burun, ölmäniň üçin.

Gynanýaň, gynanýaň yene gynanýaň,
Herbir şowsuzlyga erksiz gynanýaň.
Şonda-da dikelip ýöräniň üçin
Dostlaň arasynda çäksiz sylanýaň!

Ajysyz ýaşaýyş bolsady eger,
Hemmeler bagtly bolardy meger,
Ýöne baky dunýä göz ýumýan wagtyň
Bir şatlanyp bilseň barsyna deger!

Telpekler (13 kisiden 25 sany)

Bu yazgi ucin

  • azize 1 telpek goyyar we yazyar: "Yuregimi okap yazan yalak."
  • Mergen 5 telpek goyyar we yazyar: "5'lik halypa !"
  • Amanmuhammet 5 telpek goyyar we yazyar: "Maladys, dowam et:)"
  • Merjenjan 1 telpek goyyar we yazyar: "Oylanma-Gynanyan! Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "tuweleme"
  • Agam 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • loverman 1 telpek goyyar we yazyar: "gaty gowy yazipsyn"
  • Hajyjan 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • yhlas 5 telpek goyyar we yazyar: "bashlijek agam"
  • azatcentury85 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • GaraDag 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • mähri. 1 telpek goyyar we yazyar: "gaty gowy!!!"
  • Abat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gowy yazypsynyz! Doredijiliginiz ucin! "

Menem 3 topbajyk galdyrayyn

Menem 3 topbajyk galdyrayyn shu bloga. Ay birhili meninem yuregimi jyzzladyp gitdi Dayhanyn yazan goshgusy!!!

Wah, bu derde care barmy diysene?!

Bagryn yakyar, gecmishdaki hatalar,
Wah, olara care barmy diysene.
Gecen wagtam dolanmayar yzyna,
Wah, gecmishe care barmy diysene?!

Gechmish gaty hezil, hemem shadyyan,
Ne gamgyn bolyardym, ne-de yadayan,
Shol gunleri yatlap cala aglayan,
Wah, aglasan care bormy diysene?!

Dolanmayar gecen zatlar yzyna,
Yone GELJEK bagly senin ozune,
Shu gununi syl derrewjek yuzune,
Bugun gecse, gaydyp germi diysene!?

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Dayhan01 1 telpek goyyar we yazyar: "shu goshgam betinden bolupdyr.."