Turkmencafeniň iň gowulary (diňlemeliler)

Salawmaleýkimler!
Şu türkmenkafe gaty gowy sahypa bolsa-da, şoňa meňzeş sahypalar bolsa-da, köplenç giremok. Sebäbi? Sebäbi haýsy aýdymy diňlejegimi bilemok, gaty kän aýdym bar.

Geliň şu temada hökman diňläýmeli super aýdymlary goýalyň!

Maňa düýn-öňňinlikde Babamyrat Hamdamow barada aýtdylar. Şoň aýdymlaryny diňledim, gaty gowy ekeni, neşäm oturdy.

http://www.turkmencafe.com/play-4575-aylama-babamyrat-hamdamow.html

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu yazgi ucin

  • maksat 1 telpek goyyar we yazyar: "Biz taraplara geçening üçin! :)"
  • unknown 1 telpek goyyar we yazyar: "aydym ucin,,,sebap bilen dinledim govy eken"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Ýokarda goýanym Babamyrat

Ýokarda goýanym Babamyrat Hamdamowyň aýdymlarynyň diňe biridir, beýlekilerini hem diňläp görüň! Häzirki bagşylaryň köpüsini öçürýär göni :)

PS Kerim Gurbanaly köp aýdymyny göçüripdir öýdýän Babamyrat Hamdamowdan... meň gowy görýän aýdymlarymy... Indi men Babamyrat aganyň fanady! :)
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

yokardaky goyan

yokardaky goyan linkingkingdaki bagshy govy aydyan eken,,duran eringde gymyldaman tans edibermili:)))

gynansakda bizde oyunjak bagshylaram kop, gynandyryan erem kopusem yash bagshysumaklar

Baýram gowy blog açypsyň,

Baýram gowy blog açypsyň, sag bol :)
Hawa Babamyrat Hamdamow zor bagşy, hem türkmenistanyň hemem özbegiztanyň at gazanan aýdymçysy. Men "Sogindim" diýýän aýdymyny ýaman gowy görýän!

Başgada soňky günler, Akyşyň "Bolmasa" diýýän aýdymyny köp diňleýän, ýaman gowy aýdym


Maru Şahu Jahan

Giç bolar -

Giç bolar - Hajy

http://www.turkmencafe.com/play-7808-gic-bolar-hajy-yazmammedow.html

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • unknown 1 telpek goyyar we yazyar: "govy aydym"

Hajy Yazmammedin sesini gaty

Hajy Yazmammedin sesini gaty halap baramok. Nadip butun millet halayaka?!
Shuna menzesh bir aydymy Maral Durdyeva hem aytyady.

http://turkmencafe.com/play-4

http://turkmencafe.com/play-4696-yaslyk-dramasy-batyr-muhammedow.html
"Yashlyk dramasy"
Kerim Gurbannepesowyn gosgusyndan.
[Gannalyn oyunda Tejende galdy, menin yigit wagtym senin gyz wagtyn...]
Hayran men; hazire chenli hickim teswirem(aka comment) yazmandyr shu aydyma :)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • unknown 1 telpek goyyar we yazyar: "erbet dal"

Goşandy bolanlara minnetdar

Turkmencafe'de goşandy bolanlara minnetdar! Babamyrat Hamdam menin hem çağalyğymyzdan bari muşdagy bolan bağşymyz. Turkmencafe aydymlary goyulandyr öydüp kellade gelmandi. Sagbol Bayram sebap bolanyn üçin! Onsonam Bayram, meni geng galdyrdyn, beyle bağşylar köplenç Daşoğuz tarapynyn dinleyan bağşysy diyip bilyadim :) Ay namede bolsa çağalymy yatlatdy, obamyza toya gelipdi, raqqosasy(tansçysy) bilen...

menem dine sazy we heňi

menem dine sazy we heňi üçin dinlaymesem kan sözlerina düşinip bilemok, Bayrama hayran menem, düşünip bilşine))

Aý Babamyrat Hamdamow

Aý Babamyrat Hamdamow Özbegistanda ýyldyz bolansoň, şolar üçin has kän aýdan ýaly, özbekçe aýdýa.
Emma özbekçe hem türki dil, üns berseň düşünýäň :)
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Bellik

Türkmencafe döredijilerine köpden bari sorajağym bir bellik bardy: köp ildeşimizin diyşi yaly menin halanym hem radio bölümi, ine şol radiony dinlande açylan penjerede saryja gyzjagaz teswiri bara, radio göterip duran, ana şol gyzjagazyn teswirinin yerine gupbalyja, keten köyneklije TÜRKMEN gyzynyn suradyny goyup bolmazmyka?!
Bari agza gyzjagazlardan zat yokmyka suradyny berip biljek?! :D

menem şony aydypdym, şol

menem şony aydypdym, şol gyzy çalşaly diyip, özümem keteni geyindirdip bilerdim welin kan gelişer öytmedim, ceriumoxide geyindirmage ökde bolmaly(surat renkleme bölüminden bilyan), şol bir zat eder diyip garaşyba yörüs))

bolmasa barik agza gyzlardan herkim suradyny bersin, gezekli-gezegine şotayda çykar yaly edeli:D

toba diy:D wi geling garyyja

toba diy:D wi geling garyyja mama goyaly:D

______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

owadanja mama tanaýan

owadanja mama tanaýan bolsaň suratyny iber, goýaly! :)


Maru Şahu Jahan

hmm hokman name owadanje

hmm hokman name owadanje gerekmi name?

______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

:):):):)

he he he sen bu teklibi ceriumoxid -e etsene......

Käbirleri….

Şu aşakdaky aýdymçylaryñ aýdymlaryny menä halaýan we sizem isleseñiz diñläp görüñ.
Elbetde, ähli kişiniñ stili meñzeş bolmaýar. Beklide, içinden gownüñize ýarany bolar.
Känbir ‘super’-ä däl:):):)
- Nury Hudaýgulyýew
- Nurýagdy Tokgaýew
- Öwezgeldi Tekäýew
- Şaguly Allaberdiýew
- Mähri Annageldiýewa
- Myrat İşangulyýew
- Maýa Kulyýew – operany söýýänler ün
- Medeniýet Şahberdiýewa – operany söýýänler ün
- Eneş Rejepowa
- Zeýnep Hanlarowa
(Atageldi Garýagdyýew, Gülşirin Alyjanowa we Bally Hajyda gowy aýdýar welin
aýdymlary entäk goýulmandyr)

Ýokarda adyny ýazan

Ýokarda adyny ýazan aýdymçylaň, çyndanam zor aýdymçylar, menem halaýan şolaň aýdymlaryny!

Atageldi garýagdyýewiň käbir aýdymlary we Bally Hajyň poçti ähli aýdymlaryny goýars, basym! Ýöne Gülşiriniň aýdymlara intek bizde ýok!


Maru Şahu Jahan

Nury Hudayguliyewden halk

Nury Hudayguliyewden halk aydymy - Dang şemaly yaman gowy göryan. Birem Ykbalym aydymy. Sözlerii gowy.

Ceriumoxide! Bekmyradyn yaman gowy aydymlary bolmaly. Gayrat edip shony goysana tapsan.

Yanyp duran Ataş men sönmenem begler

Hawa Sakarçage, Çaşgynly

3 albomyny goýdym şu wagt!
http://www.turkmencafe.com/artist-136-bekmyrat-yazmyradow.html


Maru Şahu Jahan

Şu-da gowy aýdymçy

Şu-da gowy aýdymçy tüweleme

Jahanda ýaman işdir,
Gury gelip, boş gitmek.

Çynymy aytsam türkmen



Çynymy aytsam türkmen rap aydymlaryny kan bir dinlap baramok, yöne şu aydym men göwnime yarady!
Aýdymyň salgysy

Maru Şahu Jahan

WOOW

Woow

Şuny diňläp

Şuny diňläp görüň
http://www.turkmencafe.com/play-5667-bu-derdi-myrat-isangulyyew.html
Bu derdi
Myrat Işangulyýew

Magtymgulynyň goşgusyna. Eý ýaman gowy ekeni
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • maxatt 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy aydym! Berekella!"

Çyndanam gaty gowy aýdym!

Çyndanam gaty gowy aýdym! aslynda öň "Şahyrlarymyzyň aýdym sözi edip ulanylan goşgylary" diýen blogda menem goýupdym, diýmek otaýda diňlemänsiň :P
Akyş hem gowy aýtýa şu aýdymy:
http://www.turkmencafe.com/play-3520-bu-derdi-akmuhammet-saparow.html


Maru Şahu Jahan

Hajyryza Ezizow (Güneş

Hajyryza Ezizow (Güneş Ansambly) - Bu Derdi
.


Maru Şahu Jahan

Serdar, gayrat edip "toy

Serdar, gayrat edip "toy aydymlary" diyen bolek achsana. Birem sizde "dinlendi-alyndy" diyip "sort" edip bolya, tertiplap bolya. Siz sholary ayryp, ayry "dinlendi" we ayry "alyndy" diyip sort eder yaly etsenizlan?

Birem hachan Aman Kadyryn aydymlary boljak? :)
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Toý adymlary ha däl welin,

Toý adymlary ha däl welin, toý sazlary diýip bolmaly!
http://www.turkmencafe.com/artist-340-toy-sazlary.html
Toý aýdymlary diýip nähili bölüm taýarlasa bolar, bilmedimdä! Ýöne toýda aýdylan aýdymlardan diňläsiň gelse, Atabaý Çargulyýew, Akyş saparow, Berdi Geldiýew we Nurmuhammet Meredowyň toý ýazgylary bolmaly sahypada!
Diňlendi we Alyndy sanlaryny aýry aýry görkezýärä şu wagt hem, kese-çyzygyň öňi diňlenen sany, yzy bolsa alynan sany!

Aman Kadyryň aýdymlary bar şuwagt, ýöne aýdymlaryň atlary ýok, ýagny köpisi audio diskden convert edilen, şolaň atlaryny düzeltmeli ilki, käbir atlar ýalňyşyrak gitýänem bolup biler :) atsyz aýdymlara özümiz diňläp çak bilen at berýäs! :S Ýöne bir zat bar, türkmenistanda, 2 studiodan bir meňzeş albom satyn alaňda, şol albomdaky atlar hem üýtgeşik bolup bilýä. Biziň bagşylarymyz aýdyma at bermekdä gaty ökde dälmikä diýýän! iň ýadyrgaýan zadymam, esasy gyzlaň atlaryny dakyp çykýalar aýdymlara, bir aýdymçyň 10 sany şol bir gyz adynda üýtgeşik aýdymy bolup bilýä :)
başga tema geçip gidipdirin, Aman Kadyryň aýdymlaryny oňaramsoň goýjak! Ýöne häzir 1 aýdymyny goýaýyn, sebäbi aýdymyň adyny bilýän, "Baýdagym" )))


Maru Şahu Jahan

Ýok, häzir diňlenene

Ýok, häzir diňlenene görä "sort" edýä. Alnana görä "sort" edenoga. Basýaň welin, köp diňlenenleri birinji goýýa. A köp alnanlar näme?
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

diýýäniňe indi

diýýäniňe indi düşündim. ony aýdymlar panelinde etsede bolar welin, ol ýerde ýer az, ol ýere intek albom maglumaty, aýdymyň çykan ýyly, we aýdymyň žanry ýaly zatlar hem goýmakçy, doly maglumat ýygnap bolanymyzdan soň!
Ýöne seň diýýäniňi statistika bölümi açylanda şol ýerde eders enşalla!


Maru Şahu Jahan

okie

okie dokie
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Ýöne basym, "Rowaýatlar"

Ýöne basym, "Rowaýatlar" we "Raio Oýunlary" diýip bölüm açmakçy!.


Maru Şahu Jahan

Biz kiçikäk toýlarda

Biz kiçikäk toýlarda ýaman kän aýdylýady şu 2 aýdym. Mekan ýazmyradowyň bet wagtydy o döwürler!
http://www.turkmencafe.com/play-5589-nazigim-mekan-yazmyradow.html
http://www.turkmencafe.com/play-5590-aybolek-mekan-yazmyradow.html

Çagalyk döwrümiziň toýlary agzalsa, Açdym-arasyz hem bolmaýa :)
http://www.turkmencafe.com/play-4743-acdym-ara-begen-nuryyew.html
bularam Begenç Nuryýewiň beýleki gowy aýdymlary:
http://www.turkmencafe.com/play-4745-gacma-gyz-begen-nuryyew.html
http://www.turkmencafe.com/play-4754-dinle-lalam-begen-nuryyew.html

Wii Baýram, toý aýdymlary diýdiň welin kellä geldi, ertir boş wagt bolsa Nedir Ýusubowyň aýdymlaryny goşjak, diňe toý aýdymlary aýtýa, gowy aýdymlar!


Maru Şahu Jahan

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Aman Kadyryn aydimlarini

Aman Kadyryn aydimlarini menem gaty goryadim. Hatda orta mekdepde bolan cikisda "Baydagim" diyen aydimini aydipdim. Yokardaki Mekan yazmuradovy dinlap chagaligim yada dusup gitdi :) Sagja bol gardash.
Bellik: Men entek agza girisinden girman aydimi basga penjirede achan badima download managerim aydimi download edip baslayar. Bir seretseniz. Ellerinize saglik!

Baýdagym!http://www.turkmen

Baýdagym!
http://www.turkmencafe.com/play-8287-baydagym-aman-kadyrow.html

Nedir Ýusupow hem goşuldy, 3. we 4. albomlary diňe toý aýdym, 9. albomy bolsa Halk aýdymy, pop garyşyk
http://www.turkmencafe.com/artist-269-nedir-yusupow.html
.


Maru Şahu Jahan

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "turkler nihayet diyyami sheyle yagdayda:)"

Serdar, men username we

Serdar, men username we passwordymy ýatdan çykardym, indi nädip olary "ýada salyp" bolar?
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

)))beýleki maglumatlaryňy

)))
beýleki maglumatlaryňy berseň gözläp bereýin! ýada AGZA sahypasyndan gözläp görseňem bolar ulanyjy adyňy!
plaýlist zat döretmedik bolsaň, täzeden agza bolsaňam bolarla aslynda!?.


Maru Şahu Jahan

Aý ýadymda däl how

Aý ýadymda däl how ulanyjy adym. Borlaý, şeýle diňläbem bilýän özä
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Ulanyjy maglumatlaryny

Ulanyjy maglumatlaryny üýtgetmek we parol täzelemek ýaly aýratynlyklar basym girizilmeli(di) özä...(maxatt).


Maru Şahu Jahan

şun yaly bir aydym

şun yaly bir aydym gözleyan welin adyny bilemokda:Dkomek etseniz hoşal bolardym.
sonky döwür toylarda wals edenlerinde yada gelini restorana çykaryp baryakalar çalyar.
bal dodak badam gabak,
egninde akja fata
ençe yyllap arzuwlap
garaşdym bu pursada

''Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.''

MAlysh aytyar , youtubede

MAlysh aytyar , youtubede "bal Dodak" diyip gozle chykar ,

______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Men öň türkmen aýdym

Men öň türkmen aýdym düýbünden diýen ýaly diňlämokdym. Turkmencafe bir ýerdena duşdum. Şondan bäri diňe türkmen aýdym. Asyl diňlemeýänimiň sebabi onça gowy türkmen aýdymlaryndan bihabar ekenim. Umuman, turkmencafeny kim eden bolsa sag bolsun. Oňarsam şol aýdymlaryň hemmesini download etmekçi boş wagtym bolsa. :)
-----------------------------------------
Gaydyp gelmegem bar eken...

http://www.turkmencafe.com/pl

http://www.turkmencafe.com/play-3285-gonsy-gyz-annaberdi-atdanow.html

şu aýdymam gowy,
sözlerinden:

sen neneňsi däli gyz
aý parçasy ýaly gyz
aşyk kalbym adyňa
aýdymlardan doly gyz
heý seniň doň ýüregiň
duýmazmy bu haly gyz
...

soňky günler diňe şu

soňky günler diňe şu aýdymy diňleýän, köne gowy aýdym

http://www.turkmencafe.com/play-9384-bolup-galayyn-ogulgerek-gurbanowa.html
.


Maru Şahu Jahan

Serdar şu öň

Serdar şu öň dutar-instrumental bir aýdyşyk aýdym bardy
-Gözleme, oglan gözleme,
Şirin janyma, rehim eýle...
zat diýip, ýokmaý Türkmenkafede?

-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

bar. http://turkmencafe.com/p

bar.

http://turkmencafe.com/play-9269-gozleme-konsert-sohbet-kasymow-bn-umyda-huseyinowa.html

http://turkmencafe.com/play-9271-gozleme-sohbet-kasymow-bn-umyda-huseyinowa.html


Maru Şahu Jahan

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Mun kone gornsuhi yokmy,

Mun kone gornsuhi yokmy, instrumental-dutarly gornsuhi. Klibem barda turkmen gelin/ayal eshigini geyip oturan gelneje bilen biri? Bulam gowy welin, shonam dinlap bolsa...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

men bashda dutar bilen

men bashda dutar bilen gyzyklanyan wagtym sholar telewideniya chykyp aytyardylar, ogrenjek bolyp helak bolyp shu aydymy ogrenip bilman galypdynm, yone gitaramyka oytyan dutar yerine

Aydyan ayalyn ady Tazegul,

Aydyan ayalyn ady Tazegul, familiasyny bilemok, menin 1 gelnejemin gyz jigisi. Duet aydyan erkegin adyny sorapdym su tomus, yone yene yadymdan cykdy. Gelnejemde cd'si bar ekeni sol aydym bilen, alyp internet'de paylashayin hem diyip otyrdym welin, yatdan chykypdyr gelip baryan wagtlarym sony almak.
Menem yokarda Serdar'yn goyan gornusini halamok, gyz duybinden aydyp bilenok, "gozlemeee"-leri uzadanda sesi titreyar, "hyh" diyip algaslap dem alyar ve etc. Asyl meymiredyan ovaz, duygy yok aydymda. Konesinde sahnan basganchaklarynda oturyp 1 uytgeshik, has yakymly aydyadylar...Sazy hem has "simple" yalydy.
Belki bizin chagalygymyzyn aydymy bolanyna has yakyandyr..Tazeden dinlap denesdirip gormeli!

Erkegiň ady Berdimyrat

Erkegiň ady Berdimyrat Berdiýew. Güneş ansamblynyň solisti...
Köne görnüşi meniň hem göwnüme ýaraýar, sebäbi gitarada aýtýardylar. Ýokardaky bolsa estrada görnüşi.
Mergen! Gelnejeňe ugratdyryp bolanokmaý ol aýdymy???!!!!!
Eger Aşgabatda ýada Maryda bolsa men aldyraýaryn!

Berdimyrat Berdiýewiň bir aýdymy (Güneş Ansambly) - Köne Güzer (Date with a sweethert)


Maru Şahu Jahan

Bolmasyna Asgabatda welin,

Bolmasyna Asgabatda welin, birilerine gyz jigisinin beren disc'ini berip goybermegi birhili goraymese...1 jan edenimde sorap goreyin, belki "Gelsin alsyn" diyer :)

:) bolmanam disci soramarsla

:) bolmanam disci soramarsla how, göçürip alars!.


Maru Şahu Jahan

Shu wagt blogy okap, menem

Shu wagt blogy okap, menem sorayyn diydim, nache gun bari kellamede shu aydymyng setirler aylanyar:
"Besdir daglang garrany, besdir baglang garrany, garrasak-da biz garraly sen garrama eje jan", shu aydymy aydyan kimdigi bilengzokmy?
birem turkmencafe.com yokmyka shol?
ongunden minnetdar!
_____________________________
Ýürek urýar tolgunýar,
Emma galam dur ýerde,
Ak kagyzlar zyňylýar,
Söz çykanok leblerden.

Suwhan Orazberdiyewin 1 aydymy:

http://www.turkmencafe.com/play-9374-men-seni-soyyarin-suwhan-orazberdiyew.html
"Mahrem chynar" filmi goren bolsanyz, aydymy tanarsynyz...

Şu aýdymy gowy

Şu aýdymy gowy görýän.

Magtymguly Tirkeşow - Bolup Galaýyn
http://turkmencafe.com/play-9279-bolup-galayyn-magtymguly-tirkesow.html

Ogulgerek Gurbanowa - Bolup Galaýyn
http://turkmencafe.com/play-9384-bolup-galayyn-ogulgerek-gurbanowa.html

Birem halypa bagşy Kakadurdy Täjimow aýtýar şu aýdymy, mende bar, turkmencafede ýok :P
.


Maru Şahu Jahan

Merhum halypa Nurýagdy

Merhum halypa Nurýagdy Tokgaň aýdymlaryndan iň halaýanlarym. (diňlemelileriň hatarynda)

http://turkmencafe.com/play-5766-suw-almaga-gelmezmi-nuryagdy-tokgayew.html

http://turkmencafe.com/play-5769-senmidin-yalan-soygi-nuryagdy-tokgayew.html


Maru Şahu Jahan

Diňläň hökman :). Gurban

Diňläň hökman :).

Gurban Gummanow - Gözüm düşse gözleriňe
http://turkmencafe.com/play-5162-gozum-dusse-gozlerine-gurban-gummanow.html

Gurban Gumman - Joş Kanalym
http://turkmencafe.com/play-5149-jos-kanalym-gurban-gummanow.html


Maru Şahu Jahan

Magtymguly atamyzyň "Zor

Magtymguly atamyzyň "Zor Bolar" atly goşgysyna düzülen, diňläp tagam we sapak alynýan aýdym.
Ýerine ýetirýärler: Maýa Ommadowa bn. Güneş Ansambly.
http://turkmencafe.com/play-10139-zor-bolar-y-rejepow-bn-gunes-maya-ommadowa.html


Maru Şahu Jahan

Näme üçindir mende

Näme üçindir mende Turkmenkafe-de wideolar işlänok. Sizde-de şeýlemaý ýa diňe mende şeýlemikä !! ??

Jahanda ýaman işdir,
Gury gelip, boş gitmek.

Ine shuny dinlan Myrat

Ine shuny dinlan
Myrat Owezow-Söýýän diý maňa
Gaty bet, soyga howes artdyryan aydym, adamy serhosham etjegow. Bu oglanyn sesine soz yok welin, azajyk ogurlyk kanrak edya, yone shu aydymy bichak gowy goryan

-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Suerp aydym, menem haladym.

Suerp aydym, menem haladym. Gowy aydya, sazy ogurlasa-da gowy sazlary ogurlaya :D

Menem dinledim we gaty

Menem dinledim we gaty haladym bu aydymy.Dali yaly gaytalap gaytalap dinlap otyryn şu wagtam:))

''Özüňi süýt saýsaň, Dostuňy gaýmak, Onsoň gaýmak saýar Dostuňam seni. Onsoň senem gaýmak, Dostuňam gaýmak.''