Magtymgulyng soygulusi bar ekenmi?

Submitted by biomurgaply on 30 October, 2006 - 18:31. Hemme gurrunler bu yerde!

Men bir kitapda okapdym.Yaman gowy pikir.
Magtymguly Pyragy turkmening ing beyik shahyry, alymy. Yone onung hem Mengli atly soygulusu bar eken diyilyar, goshgylarynda bar. Indi pikir edip gorung,shol dowurler bir obadash gyzyng hakda goshgy yazyarsyng.Ozuna uly alym,weli, Azady ahunyng ogly. Shuwagt hem bir shahyr bir obadash gyzy hakda goshgy yazsa gidip depip gaydarlar:) Onsong bu komunistlering toslan zady bolup bilermi? Ya da Magtymguly Mengli adyny lakap gornushunde ulanyarmyka?
‹ Ekzamenler Türkmen gelin -gyzlary we olaryn daşary yurtlardaky masgaraçylykly hereketleri! ›
» 88 reads
Comment viewing options
Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.
any
Submitted by JanPolat on 30 October, 2006 - 18:46.

Her hili zat bolup biler.Yone bu dowurde eger mena bir obada yaşayan gonşymyn gyzy hakynda şygyr yazsam onda adyny bermen :)
» reply
Menem shu zatlar hakynda
Submitted by Bayram on 30 October, 2006 - 19:46.

Menem shu zatlar hakynda oylandym. Eger birini halanam bolsa Mengli daldir hakyky ady. Ay yone oba oba bolya, hazir alyp gitdiler zat diyip adyny uytgedip yazsa-da belli bolardy. Onson beyle abrayly adam Mengli diyip bagyryp yatsa abray galarmy? Esasanam durmusha chykan bir ayal barada? Eger durmusha chykmanka yazan bolsa ene-atasy Magtymgula bermezdimi gyzyny? Butun turkmenin ichinde ady-abrayi bar...
Garaz, shu yerde edebiyatchylaryn "iki Magtymguly bolupdyr" diyen teoriyasy has manyly gelyar. Biri soygi hakynda yene hakynda yazip yoren...
» reply
Magtymguly'nin gadry bugunki
Submitted by badboy on 30 October, 2006 - 20:28.

Magtymguly'nin gadry bugunki yali bilinilenokdi ol vagtlar,kop beyik adamin durmyshynda bolushy yali...
Onsonam Menli adynyn Allah'a refer etdigini one suren teoriya eshitdim...shu nahili gelya size???? Logichnomy ya-da ol sozleri Yaradan'a yakishtiranizokmi ??
» reply
a men esitdim Muhammet
Submitted by atamyrat on 30 October, 2006 - 20:35.

a men esitdim Muhammet (s.a.v) pygambere diyyar diyip. Sebabi ol hem "Menli" eken.

yone bir oglan bilen alyp gosgilarini gozden gecirdik, has kop gyzyn gurruni gidyane menzeyar. Isleseniz iberip bileris gosgylari...

Yenede esitdim, ol gosgylary ozi yazmadi diyip....
» reply
Gyza yuzlenilyan
Submitted by atamyrat on 30 October, 2006 - 20:54.

Gyza yuzlenilyan yeri;
Quote:

İlleri bar diňli-diňli,
Sowuk suwly, ter öleňli,
İli – gökleň, ady – Meňli,
Näzli dildardan aýryldym.

AÝRYLDYM gosgydan alynan.
» reply
Birinjidena, hakykatdanam
Submitted by Bayram on 31 October, 2006 - 01:56.

Birinjidena, hakykatdanam Menli diyip gyza yuzlenya. Ikinjidenem, abrayly adam bolan Magtymguly shol dowrem! Kakasy ahun bolup otyrka, ozi gidip Buharada okap gelen adam hokmunde abrayly adam. Ondan bashga-da molla bolupdyr oz yashayan yerinde, chagalara sapak beripdir. Goshgularyny kitap edip chap eden adam dal, kop bolegi halkyn anynda galypdyr, adamlar yat tutupdyrlar. Goshgularyny yat tutan bolsalar sheyle azap bilen, Kemine shahyr oz dowrunde "Magtymguly gallany orup gitdi, bize dine yzyndan galanjany choplemek galya" diyen bolsa elbetde bu yonekey abray dalde hakykyn ilin soygusine mynasyp bolandygyny anladya.
PS + Goshgularyndan Chowdur Han bilen gowy gorushendigem belli bolya
» reply
Janym bolaa:) Menin Kerim
Submitted by serdar01 on 31 October, 2006 - 09:54.

Janym bolaa:)

Menin Kerim agany dile getirip yzyndanam Magtymgulyny gatirmekdi, biyomurgap goryan velin ikimizinem yuregimiz denirak urayar oydyan:) sen derrow temany acyan:)

Diymek kop adamlarda su pikir bar hatta Turkmenbasy hem bir gurruninde Magtymgula degip gecdi,

Men gepi uzatjakdal gysgaja pikirimi yazjak galanyny adamlaryn ozi pikir edip gorsun;

Magtymguly diyip bir sahsiyet bolupdurmu?
Yeri dine iki sany kitaby galypdyrmy, beylekiler yanypmysyn, 3. kitaby yada 5. kitaby yanman galip bilmandirmi?
suna menzes soraglar kop aslynda yone menin pikirim,

Magtymguly(hakyky ady kimem bolsa) yali bir sahsyyet sahyr bolandyr, sebabi oran yerlikli gosgular kop we bu sahsiyet gaty uly ruhy baylygy eye bolan adam bolmali, Ony 5 atly gelip alyp gidyar we s.m.
Ol dereje yetmek ansat dal, ol ruhy baylygyn uly mertebelerinin biri, YONE
Ol mertebedaki adam bir gyzy sypatlandyrmaz, Menlini asygy diyip olup yatmaz.
Bu bir duzulen bir duzmece...

sag bolun.

PS:Turkmenbasy ka wagtlar halkyna gizli habar ugradyar govja dinleseniz dusunersiniz onyn in uly habary onyn kitaplary icinde govja zatlar oran kop.
» reply
serdar01 wrote: Ony 5 atly
Submitted by atamyrat on 31 October, 2006 - 10:51.

serdar01 wrote:

Ony 5 atly gelip alyp gidyar we s.m.
Ol dereje yetmek ansat dal, ol ruhy baylygyn uly mertebelerinin biri,

Asakdaky gosgy bu sozleri goldasa gerek;

“TURGUL !” DIÝDILER
(Düýş)

Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda,
Bir tört atly gelip: “Turgul !” diýdiler.
“Habar biýrmiz saňa pursat jaýynda,
Şol ýerde ärler bar, görgül” diýdiler.

Nazarym ýetişgeç şol tört merdana,
Köňlüm joşa geldi, başym gerdana,
Şol wagtda bar idi iki diwana:
“Durma, oglan, anda bargyl !” diýdiler.

Şol iki diwana tutdy golumdan,
Alyban gitdiler durgan ýerimden.
Bir yşarat boldy anyň birinden:
“Seýranda baryban durgul !” diýdiler.

Olturypdyk, geldi iki pirzada,
Gözünden ýaş akar, dili dogada,
“Hüw, hak !” diýip çykdy alty pyýada,
“Adam indi geler, görgül !” diýdiler.

Bir tört atly geldi, bary sebzebaz,
Asalary ýaşyl, aty teblebaz.
“Mejlis halkasyny gurmaň beýle az,
Adam köpdür, ulug gurgul !”diýdiler.

Daşdan çykdy, altmyş atly gördüler,
“Muhammet !” diýip, tamam garşy ýördüler,
Saglyk-salamatlyk bir-bir sordular,
“Durmaň, ulug jaýa ýörgül !” diýdiler.

Bir atyň ardyna meni berdiler,
Seýranda şol jaýa baryp durdular,
Tamam olturdylar, mejlis gurdular,
“Oglan-maňa-ara girgil!” diýdiler.

“Alydyr” diýdiler, tutdy destimden,
Borýa düşegimi aldy astymdan.
Men bilmedim, bir zat guýdy üstümden,
“Ýolugan döwrandyr, sürgül!” diýdiler.

Haýdardan soradym barça atba-at:
“Hazreti pygamber oldur, bolma ýat,
Ol Selim hojadyr, ol Baba zürýat,
Ol Weýsel Karadyr, bilgil!” diýdiler.

“Ol Bahaweddindir, ol hem bir ärdir,-
Biri Zeňňi Baba ol-da namdardyr,
Ol söýenşip duran tört çaryýardyr,
Maksadyň ne bolsa aýgyl!” diýdiler.

Şol wagytda duran iki şeýhi-şap,
“Bu oglana pata beriň – diýdi – sap –
Ýüz ýigrimi tört müň enbiýa, eshap,
Barysy şolardyr, bilgil!” diýdiler.

Resululla aýdy: “Ýa, Şahymerdan,
Eýa, Selim hoja, ýa, Baba Selman,
Ebubekir-Sytdyk, ýa, Omar, Osman,
Bu gulnuň maksadyn bergil!” diýdiler.

Selim, Baba Selman buýurdy merde,
Pyýalany tutup, saldylar derde,
Gitdi akyl huşum, ýatdym şol ýerde
“Arşda, ferşde ne bar, görgül!” diýdiler.

Ýel boldum, ýügirdim ýeriň damarna,
Nazarym tokundy Arşyň kemerne,
“Jebrut äleminde Jelil syryna –
Gelip, özüň garap götgül!” diýdiler.

Näge hyýal etsem, ele getirdim,
Kaýda baksam, aňa nazar ýetirdim,
Bu hal ile men parahat ýatyrdym,
Ýüzüme tüýkürip: “Tur gul!” diýdiler.

Resululla aýdy: “Eshaplar, ýörüň,
Oglany uzadyň, bir pata beriň,-
Buýurdy tört atla, eltip tabşyryň,
Getirgen jaýyňda goýgul!” diýdiler.

Turup, Magtymguly gözün açypdyr,
Serine ne köýler gelip geçipdir,
Hyra ner dek ak köpükler saçypdyr,
“Oglan, Alla ýaryň bargyl, bargyl!” diýdiler.

Magtymguly Pyragy,
» reply
Seredin, Magtymgulyn
Submitted by Unnamed (not verified) on 31 October, 2006 - 21:51.

Seredin, Magtymgulyn goshgulary dilden dile gechip gelen bolsa, shol sozler uytgan daldirmika?! mumkin aslynda Mengli daldir?!
» reply
dogrydanam bas atly nireden
Submitted by serdar01 on 1 November, 2006 - 08:01.

dogrydanam bas atly nireden cykday, dort caryarlary yazyardy,

Asyl menin diymek isleyan zadym, Hristiyanlaryn bible'larini utgedisleri yali bu ajayip kitap hem utgedilipdir.

sag bolun.

PS: bu bir pikir...
» reply
Onyn agzap gechmedik zady
Submitted by badboy on 3 November, 2006 - 12:51.

Onyn agzap gechmedik zady yokla,on men bu goshgyny okamda Veysel Karani'ni,Zenni baba'ni zady tanamanim uchin kan uns hem bermandir,Magtymguly barsyndan habarly ekenda,hatda duysh bolsada Pygamber'imiz(s.a.v) bilen gorshen bolsa olam asryn in beyik adamlarindan bolmali!!!

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

!!!

Müjeddid bolsa gerek.. :)
Bir türk yazyjynyn kitabynda "Hızır-Mahtukulu kol kola.." toçno yadıma düşenok name yazylandygyny. Ertir-birgün doly teksty tapyp getirerin, reference bilen.

shol iki magtymguly bolupdyr

shol iki magtymguly bolupdyr diyilyani hakykat bolaymasa. bolmasa onun yaly beyik akyldaryn beyle zatlar pikir etmage wagty bolmazmyka diyan. goshgylaryny okanda bildiryar.dunya ordinary adamlaryn serdishinden duybunden uytgesik seredyar. birem onun yaly adamlar beydip yalan zatlar yazmaz. mysal ucin "turgul diydiler" yaly goshgulary. yalan yazasy yoga. beyle zatlaryn bolmagy ucin maddadan syyrylmak birinji shertmika diyyan. beydip bir gyzyn yzynda ylgap yoren adam nadip maddadan syrylyp, maneviyat aleminde gezsin.
shu kommunistlern ishimika diyleninninem jany bar menin pikirimce. iki magtymgulyny birlesdiren bolmaklary ahmal.ishlerine gelyan zat sebabi.
songam magtymgulyn soygi hakda goshgularyna uns berin. "soyguli"nin yerine hokman gyz goymaly dal. shol yere Alla, Pygamberimizi goysagam bolyan goshgulary bar. halk ony yalnysh yorumlandyr. name sovet dowrunde adamlaryn bashga hili pikir etjek gumanlary barmy? muny bir tanysh aydypdy mana, hemme zat juk diyip yerine oturan yaly bolaydy menin ucin.

Men esitdim

men esitdim menli ol at dalde yone sol gyzyn adyna derek ulanylan lakam.
onsonam bilemok welin ol gyzy ene atasy oz bergilerine derek bir bay adama beryarler dalmi name?Belkam magtymguly olaryn bergisini tolan bolsa ol gyza oylenip bilerdi eger sol gyzyn baya berga derek berileni cyn bolsa.
Belkam sol yagday bolan bolsa MAgtymguly ol puly tolap bilen daldir.
YAda bilyan bolsanyz ol yerde aytyar MAgtymguly oz gelnejesine oylenyar agasy olenson.eger sol yagday cyn bolup olam ol Menlini halayandygyny intek aytmanka bolan bolsa onyn caresi yoga sol wagtyn daplerine gora.Eger uly aga yogalsa onynam ayaly bolup hemem oylenmedik inisi bar bolsa sol oylenmedik yigit yengesine oylenmeli.

PIKIRIM.YONE MEN SUNY EDEBIYAT SAPAGYNDA OWRENIPDIM>MOLLYMYMYZ AYDYPDY.GARSY BOLSANYZAM AZAJYK NEJNYRAK YAZAWERIN.GAYRAT EDIP.

Ay Magtymgulynyn soygulusini

Ay Magtymgulynyn soygulusini idap natjegay dostlar?! Onun yazan goshgusynda ach-achan yazilan kop tarapy bar, adam pahyr sholara seretman nirede wejera yeri bolsa tapyalar...
Sonunda "Magtymgulam soyupdir, bizem soyushyas" bolmalymyka? :D Sheydip etjegini edip yormelida, ine bir bahana :D

Magtymgulynyn goshgularyndan

Magtymgulynyn goshgularyndan Berdi Kerbabayew tarapyndan toplanyp nesredilen goshgular yygyndysy bolan bir kitap bar mende. kawagt okayan, shu gunler koprak okayan. Magtymgulyn hemme goshgusyny okamadym. shu kitapda bolanlaryny dine. bu kitap yuka, galyn goshguly kitaby bar. sonam bu kitap yygyndy. edep-ekrama, ynsanperwerlige, halal yashamaga chagyryan owut-nesihatlary bilen baglanyshykly goshgular yygyndysy diyilip yazylypdyr. diyjek bolyanym men shu goshgulary okap gelen netijelerim bar. ol soygi hakda goshgulary bolmanson, olar hakda bir zat diysem yalnysh bolar. umuman hem yalnyshyan bolup bilerin. bu kitapdaky goshgularyny okamda gaty lezzet alyan. colde suwsan adamyn suw tapanda gana-gana icishi yaly, suwsuzlykdan gandyryar. kalbyny, ruhuny doyuryar. shu atmosfera girenson arasynda kabir goshgylary okayan welin birden kesilen yaly duyyan shu suwy. okayan yone duzsuz nahar iyyan yaly hic tagam yok. dilem, uslubam Magtymgulynka menzanok. uc olcegli surata seredende, suraty gorup bilende onun one cykyp saylananyny gorulshune menzetdim men shu yagdayy. goshgular saylanayyar birhili. belkem yalnyshyan. yone menin pikirimce-de goshgular garym gatym edilipdir, kim edenem bolsa. birileri yorite eden bolmaly shuny, turkmen halkyna dushmancylygy bolan birileri.
aydyan zatlary sheyle bir gowy. bizin oz ilimzden yakyn taryhda sheyle beyik adamyn cykanlygyna begenjimden iki bolup bilemok. chagalara, adamlara koprak okatmaly.

Magtymgulynyn goshgularyny

Magtymgulynyn goshgularyny gowy uns bilen okamasan dushunip bolanok. Mena gonirak okap gitsem hicem dushunemok.

Wahey, sena onda keypini

Wahey, sena onda keypini bilmersin... Onun goshgulary yali manyly goshgular az! Hany bir gayrat edelin okap dushunmage