Türkmenistandaky materializm barada

Men dünýäniň birnäçe ýurdundan geçdim, birnäçe ýurdunda azajyk bolup gördüm, ýene birnäçesinde ep-eslije ýaşap gördüm. Emma şularyň arasynda Türkmenistandaky ýaly materialistligi görmedim. Belki ýalňyşýandyryn, belki Orsýedem şeýledir.

Emma bu temany Türkmenistan barada açmakçy. Sebäbi bärde türkmenleriň üýşen sahypasy. Men Türkmenistandaky häzirki zaman çenden aşa materializmiň sebäbi hökmünde birnäçe düşündirişler hem gurdum. Bularyň biri we easasysy, bu täze sosializm we kommunizmden çykan jemgiýet üçin adaty we tebigy ýagdaý. Sebäbi kommunizmde ýatanam şol bir aýlygy alýar, işlänem, sebäbi baýlyk halka deň paýlanlar. A kommuzm dargan badyna, gün güýçliňki, gowurga dişliňki. Indi kapitalizm gelýär, adamlar bir bada kapitalizme we materializme şeýle bir girýärler welin, aşa materialist bolaýýarlar. Indi adamlaryň kellesinde "men azap etdim, gazandym. A bu işlemedi, şonuň üçinem pulsyz we garyp" ýaly pikirde bolýar. Bu olar üçin öz husytlygyny, materialistligini we gysyklygyny gizlemek üçin bahana bolup galaýýarlar. Beýle jemgyýetde kimiň bäş manat puly bar bolsa, şol ýokarda, şol gürleýär. Bäş manatly özünden ejiz göreniniň üstünden gülesi gelýär. "Udaçnik-neudaçnik" ýa-da "winner-loser" ýaly iki sany kategoriýajyk bolýar. Pulsyz elbetde "neudaçnik=loser" bolýar.

Bu ýagdaý dünýäniň köp ýurdunda bar. Ýöne Türkmenistanda şu ýagdaý has hem ötä geçen ýaly. Ýalňyşýanmy? Men käbir Türkmenistanly adamlar bilen gürleşenimde, bir hili özüniň pulludygyny, we şol sebäpli hem üstündigini nygtajak bolýandyklaryny duýýanym ýaly. Olaryň elbetde pikiri sen pulsyz we pes. Aslynda ýagdaý beýlemi, özlerem bilenoklar. Eger bardy-geldi sen has baý bolýanyňy subut etjek bolsaň, siýdik çüwdürim ýaryşyna girmeli bolýar. Ýogsam görüp otursaň, bir öwünere bitiren işi ýa bar ýa ýok. Emma onuň gözünde kisesinde bäş manady bolanlygy, onuň eýýäm uly işi bitirenliginiň manysyny berýär. Siziň pikirleriňiz?

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu yazgi ucin

  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • poahf 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • viola 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Amerika bir kapitalizmiň

Amerika bir kapitalizmiň iň ösen ýerlerinden biridir welin, her hili haýyr-sahawat işleri üçin pul berýänleriň, her hili ýöne gowulyk üçin, Hudaý üçin gowy iş edýänleriň sany hem diýseň kän. Türkmenistanda şeýle ýagdaýy men, gynansamam görüp bilemok. Ene-atasy çagasy bilen algy-bergi depderiniň üsti bilen habarlaşýan ýaly. Taksilere münseň, içindäki adamlaryň we daýzalaryň gürrüňi depe saçyňy hüjjerdýär. Bir gezek bir daýza obadaş taksistine öz doganlary, jigileri we olaryň gelinleri we ärleri bilen bolýan gürrüňleri, uruşlary gürrüň berip barýar, men haýran galdym. Aralarynda iň abraýlysy, elbetde, iň pullusy. Pullusy kömek etse, bary halaýar, kömek etmese, bary ýigrenýär Biri-birine kömek etmek ýaly pikir kellelerinden geçenok.

Men düşünýän, biri ýalta bolsa, öz başyny çaramasa, onda puly bolmasa geň zat däl. Ony haçana çenli dogan-garyndaşy süýresin?! Ýöne başga gep beýle bolmasa, emma bir sebäp bilen wajyp kömege mätäç bolsa, az salymdan şol puly berip biljek bolsa? Men eşitdim, obada birinden kakasy karz sorasa, prosente berip biljegini aýdanmyşyn. Prosende öz kakasyna pul karz bermek. Amerikanlaram şeýle edýändir öýdemok, dogrusy, arasynda ýek-tük bar bolmagy ahmal ýöne. Ýene biri eşitdim, obada öý gurup ýördüler. Gyzyklandym näçe pul çykanyny, oba üçin kän çykypdyr. Şonuň üçin gurluşyk diýseň haýal. A doganlaryňdan soraýmaly ekeniň, işläp ýörsüňä, bererdiňdä? diýsem, soradym, bankdan karz alaý diýdi diýýär. Bankam elbetde prosentli berýär.

Men indi pikir edýän, Türkmenistanda birinji ýerde pul bar diýsem ýalňyşmy? Ýa wezipemi? Arasynda gowy adamlaram kändir welin, ýöne adamlaryň arasyndaky aragatnaşyklar şeýle bir materialist, menä haýran galdym.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"