Erkegin iki derdinden biri

Salam agalar iniler,uyalar jigiler.Hemmanize sag salamat,agzybirlik,jan saglyk we ruhybelentlik dileyan.
Kopden bari int girmanson saytyn yagdayyndan kan habarym yok,yone sizin bilen gyzykly we wajyp meselani paylasmak isleyarin.Yagny "gowy ish" meselesi.Bilsiniz yaly hemmanizem belli bir derejanin belli bir tejribanin adamlary,sonun ucinem sizin gyzykly,yerlikli maslahatynyz hokman.Men aslynda belkam dine ozum un dal belki "kosenyan" hemmeler un peydasy boljak mesele barada soz acmak isleyarin.
Aydaly dasary yurtlaryn birinde okadynyz "DIPLOMYNYZY"(kan bir geregem yok aslynda)aldynyz tejribe nol(0) yone br yerlerden baslajak bolyanyz.Elbette pul yagdayam gownemakul bolmagyny isleyaniz.Su yagdayda "dowletde" islesen puluny az gorersin.."firmada" islesen isleyis sertini halamarsyn garaz oz ornyny tapyancan aya dayy yada daya ayy diymeli bolarsyn.Bu aydyanlarym dine "Turkmenistanda" islemekden basga cykalgasy bolmayanlara degisli, dasary yurtlara gidip islap bilyanlere sozum yok in onadymyka diyyan.In esasam wagtyn gecmegi we senin elde tutar yaly zat etman yorenine janyn yanmagy.
Kopsu aydyalar okuwy gutaranyn yany onusyp islaber son birzady bolar diyyar,suna gaty gaharym gelyar..name oz ozzunden bar zat duzelayermyka,duzeltmek un gymyldamak gerek.Sonky 3 ayda su mesele barada gaty kellam agyrya maslahat berip biljek bar bolsa,su yere paylasssanyzz gaty yerlikli bolardy.(Name bermeli bolsaa berjek:))
hany netije cykarmyka..

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • shirturkmen 1 telpek goyyar we yazyar: "Akyllylar we tejribeleri su mowzuga cagyryan!"

Ilki halal gazanç

Haýsy işe başlamak isleseň, ilki bilen halal tarapyna seretmeli bu hökmany şerti. Soň ýokardaky aga-inileriň aýdyşy ýaly iş ussatlygyňy görkezmeli,özüňi dogrulyk, wepalylyk we işeňňirlik bilen tanatmaly, tejribesiz bolsaň hem bir Ussady tapmaly, iş tapmak meselesinde esasy dost-ýarlara, tanyşlara ýüz tutmaly. Eliňde iki Diplom bolsa hem boş, işsiz oturanyňdan daýhançylyk hem bolsa etmeli, eger Allah başga has hayirly rysgal gapylaryny açsa onda şonuň bilen bolubermeli. Umuman ýaşlykda uly-uly hyýaly arzuwlar bolup bilýär, ýöne pikir-hyýallaryňy hakyky ýaşaýan durmuşyňa göre planlamaly. Ýogsam hyýalyň bilen durmuş hakykatlary deň gelmän seni lapy keçlige, umytsyzlyga düşürip biler. Umuman "ýorganyňa görä aýak uzatmaly" we tapanyňa şükür-kanagat etmeli. Halal baýamagy niýet etmeli we baýajak bolmaly, gaýrat etmeli netijesine hem Razy bolmaly. Ýöne ýalta adam netijesiz öz arzuwlary bilen galar "Ýalta ýigit har bolar, her näkese zar bolar"

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Mirasymyz 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • kelbuh 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"