Bayram aga bilen sohbetdeshlik

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Gurrunini edyan agzamyz, Bayram, yashy uly bolany ucin bu yerde Bayram aga diyilip yuzlenilyar koplenc. Bahasy bolsa 1000-den gecdi we birinji baryar. Bu bolsa in aktiw agzamyzlygyny gorkezyar.

Bu yerde onyn bilen tanyshmak maksady bilen sohbetdeshlik gecirmekci bolyarys. Men oz bilshime gora tanadayin. Ozi himiya olimpiyadacy bolan, T.Ozal TTM-ni gutaryp, Rossiyada MGU (Moscow State University) okuwyny dowam etdirdi. Shu wagt bolsa USA-de PhD okayar.

Soraglary ashak yazibermeli.

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Quote: Bilshime gora, siz

Quote:

Bilshime gora, siz shu wagt undergraduatelere sapak bermekde komekci. Haysi kursdan komek edyaniz?

Hawa, men "Teaching Assistant" diyyanleri shu yerde. Yagny oz ugrum boyuncha(inorganic chemistry/general chemistry) laboratoriya praktikalaryny gechiryan, sholary bahalandyryan we sh. m. Munyn dashynda eger studentlerin menin ugrumyn sapagyny dushunmekde kynchylygy bar bolsa, sholara leksiyalary dushunduryan.

Quote: Bayram aga shu sayty

Quote:

Bayram aga shu sayty nireden eshidip geldin? Googledanmy ya biri aytdymy?

Ay ichimi gyryanow :D
Bashda men tmolymp'e googlegorupsdaka agzadym. Son sayt yasandyklaryny aytdylar, yone barmaga yaltanyadym, sebabi turkmence.com'da yazyadym. Sonam yaltanyp gezdim barlygyny bilsemem. Harezmi hayish edenson girip gordum, ich gysgynch ekeni.
Son yene barmagymy hayish edende men aytdym "Men baryp yazyp bashlasam, saytyn ugry uytgar. Hazir ol yerde bilim zat onde dur, men baryp yazibersem razy bolarmysynyz?" diydim, "razy" diydi. Gelip shu yerde-de tema achdym "yazibereyinmi islan zadymy?" diyip. Garaz shondan son barik ymykly gechdik.
Edil doly gechmakam tmolymp googlegroups'da "Mahri-Senki dal" klipi barada jedeli bashladypdym, shu yerik gechirip bashladyk :D
Indi barde bilim barada gepleyan az boldy, gunakar, bagyshlan

Bayram aga men sizin

Bayram aga men sizin yerinizde bolsam, TM de nirde islesem hem [university, industry, yada obada dync alsam hem :) ] ozumi nebit-gaz pudagynda bir yere goyardym sebabi bu TM nin ekonomikasynyn 70-80 % diymek. Belki ondan hem kop.
Siz shu barada name pikir edyaniz?

Bayram aganyn suraty

Bayram aganyn suraty (gormedikler ucin)

Quote: Bayram aga edyan

Quote:

Bayram aga edyan yada etmekci bolyan research leriniz haysi temada. Geljekde TM komek edip bilermi? Amerikan sistamasynyn plyuslary, minuslary. Biz Amerikalylardan nameler owrenip bileris? Amerikada sosial durmus nahili?

Menin ylmy ishim has kop solid state chemistry diyen ugurda. Organiki DAL sintez arkaly taze materiallar alyas, olaryn fiziki hasiyetlerini, esasan magnetiki we elektriki hasiyetlerini owrenyaris. Bir semiconductor, superconductor alaysak uytgeshik toy ederis! :D
Turkmenistanyn ozune goni komek etmez. Barde achylan zatlar Amerikada galya, sebabi Amerikanyn puluna ylmy barlag gidip dur.
Amerikanyn mekdep sistemasy ejiz, uniwersitet sistemasam kop halatlarda beyle gowy dal oydyan. Men doly bilmamson aytsam yalnysharyn. Yone menin bir deneyanim MGU bilen, olam adalatly dal. MGU Orsyedin in gowy uniwersitedi, a Univ. of Delaware Amerikanyn in gowusy dal. Denemekde kan many yok!
Yone Amerikanyn garduate school'y, ylmy ishleri in yokary derejede! Ona tay gelyan yok, emma uniwersitet bilimi uniwersitede gora uytgeya...
Amerikalylardan biz saglyga uns bermani owrenip bileris, ishennirligi owrenip bileris. Bashga-da natanysh bilen milayimchiligi, koplench kanuna bolan hormatyny owrenip bileris. Bashga-da gowy taraplary bar. Meselem ula bolan hormatyn yerine hemmelere hormat diyen pikiri bar. Yasama bolsa-da sana agyr soz aytman, hormat gorkezyaler. Bizinkiler yali kop yashlar it-eshek yali derrew "Bosh, chotga, chmo" yene diyenoklar, many yok onda.
Amerikada sosial durmush adamlara gora uytgeya. Pikirimche adamlar ozuni yalnyz duyyalar. Yagny hepdanin 5 guni ishleyaler durman, onson son sho iki gunde edip bilenlerini etjek bolyalar. Aslynda sheyle durmushdan bizar bolmak, depressiya dushmek ansatmyka diyyan. Gaty robotlashan sistema menzeya, dine 6njy we Bazar gunleri dalierap dynch alyalar, onda-da ichip yene edip...

Quote: Bayram aga

Quote:

Bayram aga Turkmenistany kuyseyanizmi?

HAwa, yone owrenishipdirin az-kem. Shonda-da gaty gynandyryjy yerler bar. Men 5nji klasy gutaralym bari oye ilki 3 yila 1-2 ayda bir gezek 2 gunlugune gidyardim. Birem tomuslaryna dynch almaga. Sebabi BAyramalydan bizin oba baryp gelyanchan gunun yarysy gechya, wagtam galmayady. Ol dowurler arzanjak Toyota barmy?!..
Onson Ashgabada gechenimden sona dine yarym yilda bir gezek gidyadim oye.
A Moskwadan bolsa gaty gitse yilda bir gezek baryadym oye. Shu yagdayin in gynandyryjy bolegi, obada kop zat mensiz bolup gechyardi, hazirem sheyle. Oz dostlarymyn, garyndashlarymyn, gonshularymyn toyuna-yasyna gidip bilmedim. Bir topar toylar mensiz gechdi, shona gynanyan gaty. Toy gormegem mana keyp berya, tans edip bilmesemem :D

Quote: Bayram aga,name

Quote:

Bayram aga,name uchin obada mugallym boljak bolyangyz?Siz turk mekdepde okuwchy tayyarlajak bolsangyz,sizi gyrlym edip alarlar.

Men obalary halayan gaty. Gynansagam turk mekdepler obada yok :(
Esasanam bizin obada :(
Yone aydyanyn dogry, Bayramaly yali obamyza yakyn yerde bolsa shol yerde ishlemage hem razy! Yone shu wagt shol yerde ishlemeyanimin iki sebabi bar. Birinjidena galsam gulluga gitmeli bolar diyip chekindim, okuw son okap bilmerin, kellede-de zat galmaz diydim. 5 yil Orsyetde okanymyn manysy galmaz diydim.
Ikinjidenem, gynansagam, mugallymyn aylygy pes bolya, ozem hich yokary galmayan aylyk. Mana sholam yeterdile bir mydar etmage, yone menden umytly kop, komek edermika diyyan kop. Shonun uchin mekdebin berjek aylygyna shu wagt kayil bolmak kyn dushdi. Emma aydyshym yali shu yerlede 40-50 mun $ toplasam son mekdebin beryan garypja aylygyna-da razy. :)

Men uchin esasy zat minnet

Men uchin esasy zat minnet chekmezlik. Sebabi kabir sozler gaty agyr dushya. Shol minneti chekdirjek dostam bar, yakyn garyndasham. Komek sorap barsan yuzuni churushduryan kopa, onson omur boyi yaman gorup yormeli.
"Minnet bir dinlemayin" diyen pikir bar. Ine shonun uchin shu yerlerde.
Birem mumkin bolsa az-kem yakynlara komek edeyin diyen pikir bar. Bolmasa menin ozume aylyk kan bolmasa-da yasharynla. Bagt pulda dal, filosofiyada, durmusha garayishda! :D Ozum yali filosof kel gyzy tapyp garyplygymyza shadiyan yashardym men :D

Research

Bayram aga edyan yada etmekci bolyan research leriniz haysi temada. Geljekde TM komek edip bilermi? Amerikan sistamasynyn plyuslary, minuslary. Biz Amerikalylardan nameler owrenip bileris? Amerikada sosial durmus nahili?

Bayram aga shu sayty nireden

Bayram aga shu sayty nireden eshidip geldin? Googledanmy ya biri aytdymy?

Uuu, Atash gerekligini

Uuu, Atash gerekligini bilsem uytgeshigrak edip alardymda ol suraty :D
Hazir yene sonrak dusherinda :D

Quote: Bayram aga men sizin

Quote:

Bayram aga men sizin yerinizde bolsam, TM de nirde islesem hem [university, industry, yada obada dync alsam hem :) ] ozumi nebit-gaz pudagynda bir yere goyardym sebabi bu TM nin ekonomikasynyn 70-80 % diymek. Belki ondan hem kop.
Siz shu barada name pikir edyaniz?

Nebit-gaz pully pudak, beyle yerlerde hapa ishlerem kop. Menin bolsa belli moral prinsiplerim bar, men yala "sen asha akylly, kop bilyan" diyip kowarlar. Ol yollarda yokary galmak, garashsyz bolmak kyn. Bir hemayatkarin bolmasa, ya azar beryan bolmasa azyndan onda synanyshmak mumkin.
Yone gynansagam turkmen nebit-gaz pudaklaryna hazir beynin chogyanam bolsa girmek kyn. Yuzune "ish yok" diyip gapyny yaparlar. Eydip-beydip girsenem, her adimde para bardyr, ashakdan alyp yokaryk bermeli, ya "barlagchylaryn" "gownunden turmaly"...
Elbetde, men obyektiw seredyan dal bolagym mumkin, yagday uytgan bolmagy mumkin. Yone men nadip "ish" diyip yuz tutjagymam bilemok, kime yuz tutjagymam bilemok...
Yone yagday bolup bir ish hodurleseler barlap gormek ichimdeha bar, "halal ishlap nira gidip bolarka bir goreli" diyen pikir bar mende :)

Men bolsam, Nebit-Gaz

Men bolsam, Nebit-Gaz ministirlige we prezidente mana gowy ish tapyp berin diyip yazardym we CV-m bilen bilelikde ibererdim.

Mekdep aylyklary

Meng eshidishime gora,turk mekdeplerde turk mekdepden gutaryp yzyna mugallym bolup gelyanlere 400 -500 dollar aylyk beryamishler.Shol aylyk TMdan dal bashkent organizatsiyasyndan gelyamish.Belki alymlara has kop bererler.:).
Bilemok shu maglumatyng na dereje dogrydygyny.

Balkanjan, 400-500$

Balkanjan, 400-500$ bermezler, ol mekdeba...
Atash, men haty gutaryp baryarkam nesip bolsa yazarynda :)

Bayram menden

Bayram menden shular:
1)Haysy futbolisti gowy goryarsin, ozun futboly halayarsynmy?
Yenede biri. Oz soragyny ozune bereyin :D "Name ucin Turkmenistany yigrenyarsiniz/gowy goryarsiniz"

Alymlara ishlemek ucin basga

Alymlara ishlemek ucin basga yerler, aylik yagdayini bilemok.

Высший совет по науке и технике при Президенте Туркменистана
http://www.science.gov.tm/

International Turkmen-Turkish University
http://www.ittu.edu.tm (shu wagt ishlanok)

> Name ucin Turkmenistany

> Name ucin Turkmenistany yigrenyarsiniz/gowy goryarsiniz"
Hayish, general soraglar soramalin, men Bayramin yerinde bolsam bizar etdiniz diyip giderdim.
Bu yerde "Bayram aga" ucin soraglar yazalin, umumy soraglar ucin basga tema acyn.

Quote: 1)Haysy futbolisti

Quote:

1)Haysy futbolisti gowy goryarsin, ozun futboly halayarsynmy?
Yenede biri. Oz soragyny ozune bereyin :D "Name ucin Turkmenistany yigrenyarsiniz/gowy goryarsiniz"

Zidany halayadym. Hazir Iniesta, Torres, Cesc Fabregas, Silva yali Ispaniyaly oyunchulary halayan. Dashyndan Ibrahimovici, Argentinaly oyunchylary halayan koplench, Decony halayan.
Turkmenistany gowy goryanimin esasy sebabi turkmenchilik, yashayish gymmatlyklary. Yagny myhmansoyerlik, guler yuzlulik, yashulylaryn milayim we mylakatly bolshy. Mundan bashga doslaryn, garyndashlaryn arasyndaky aragatnashyk. Elbetde shu zatlaryn hemmesi edil onkusi yali gowy dal, yone shu barjasam yene kop yurtlardan gowy. Bashga-da adamyn ozuni yalnyz duymayanlygy koplench.
Halamayn zatlarym "krutoy" oglanlar, edere ish tapman garga yali uyshuship oturyarys bizem obada kawagtlar. Yone sheydende bashga obalyny gorse, ya bashga yerlini gorse lak atyp, yrsarap bashlamaklary. Yashlaryn "chaga" tipli dushunjesi, "sozlerine otvechat' edyanmi?" zat diyip bir topar samsyk manysyz gurrun.
Garaz kop halamayn zatlarym yashlara degishli, oz aralarynda mylayim we medeniyetli bolmany basharanoklar bizin yashlar, yokary okuwlylaram!
PS Mundan bashga-da yaranjanlyk, padhalymlyk, parahorlyk, goripchilik yali zatlary halamok.

Bayramjan kawagtlar ony-muny

Bayramjan kawagtlar ony-muny yazyp gownine-ha degyandaldirin-da. Gowymy yagdaylar??? Ony halamok, muny halamok diyipsin welin shol kategoriya men hem giryarinmi???
saglygyn.

Yagday gowy, shukur. Yokhow

Yagday gowy, shukur.
Yokhow agam! Men yashulylara hormat goyjak bolup jan edyan, kawagt ketjelik edyan diyaymesen, basharyan oydyan.
Shonun uchin men bagyshla diymeli, eger birden ketjelik edip gownunuze degen bolsam!
Ony muny halamok diyenlerimin kop bolegi bizin yashlar barada. Oba baryan welin medeniyetli, sylanyshykly gurrunleshjek bolup gaty jan etsenem bolanokda koplench... men shony halamok.
Yokary okuwly oglanlaram biri-birlerine "bosh, sen gutaran, chotga" yali sozleri aydyp yorler...

Bayram sag bol beren

Bayram sag bol beren jogaplaryn ucin.
Turkmenistany name ucin yigrenyaniz/gowy goryaniz. Ol soragym ucin bolsa bagyshlan.

Ziyani yok, Atash agan razy

Ziyani yok, Atash agan razy bolsa men razyla! :)

ýöne keýpine

baýram berlen soraglara uly-uly jogap ýazmaga nädip takatyň ýetýär? onsaňom täze alan köwşüň gutly bolsun! belki bir gün çaýlaşarys. nesibede bolsa.

Bolya sag bol agam, toyda

Bolya sag bol agam, toyda tozayadyr kowshum! :D
Sebabi toy bolyancha ep-esli wagt gerek bolar, chydayadyrda :D
Kowshumi alanyma ep-esli wagta boldy, yone men ol yerde goyan informasiyamy entak uytgetmedim. Indi uytgetsemem bolya :), guwanyp bolandyryn
PS Chayam ichmage razy! Shu prozalary yazan aganam chagyrmakchy diydipdiniz dalmi? Gelse ondanam sorarys ony-muny...

ullakan minettdar yazan zatlarynyz uchin.

siz 16 yashyndaky taze okuwy gutaran oglan bolsanyz ve univer. okamakchy bolsanyz haysy bolumi secherdiniz ve haysy yurtda okardynyz?

Barlap goray

Bayram wrote:

Balkanjan, 400-500$ bermezler, ol mekdeba...
Atash, men haty gutaryp baryarkam nesip bolsa yazarynda :)

Ony Bashkent goshmacha beryar diyip eshitdim.Ozungem sorashdyryp goray TM daky bir turk mugallymdan.Sizem menem onong anygyny bileris.Sebabi menem shong na dereje dogrydygyny bilemok.

jogap

Bayram wrote:

Shu prozalary yazan aganam chagyrmakchy diydipdiniz dalmi? Gelse ondanam sorarys ony-muny...

uzyn jogaplar barada keýpine soramadym. gysga ýazgylary halaýan. (dogrusy gysga ýazgylary soňuna çenli okaýan)

ozal saýtym barka şu prozalary ýazýan adamdan haýyş etdim. oglanlar üçin örän gysgajyk zatlar ýazsana diýip. olam höwes bilen ýazdy. soňra bu ýazgylary öz eserlerinde ulandy. nesip bolsa onuň bilen görüşeris. iň bolmanda internetde.
kiçijik syr. (hiçikim eşitmesin ýöne).

biz häzir ol adama bir saýt ýasamagyň üstünde işleýäris. onsaň has içgin tanap bolar ony...

saňa-da üstünlikler. arzuwlaryňa ýet.

wagtlayinca menden

wagtlayinca menden shular.

1. Shu wagtky edyan ishleriniz, owrenyan zatlarynyz barada azajik gurrun berseniz? Nameler okayanyz, owrenyaniz, edyaniz?
2. Shu wagtky uniwinizin ady
3. Hacan oylenmekci? :))
4. PhD-den sonra name ishlemekci? Nameler etmek isleyaniz?
5. PhD etmekligi maslahat beryanizmi?

Hayt!

Bayram aga PhD okayan bolsa,onda nadip ing aktiw bolyar shu forumda?Ya bosh wagt kan bolmaly yada az yatyan bolmaly.:):):):):)

1. Shu wagtlar koplench

1. Shu wagtlar koplench internetde oturyan. Barde turkmen yok, oz kursdashlarymam shaherin bu chetinde yashanok. Onson agshamlaryna ya internet ya TV.
Yone ustunlikli ylmy ishgar bolmak uchin shu zatlara wagt yitireninden kitap okanyn, ylmy ishler barada okanyn has onat. Emma men ylmy ishgar bolasym gelenok, men yashlykdan bari mugallym bolasym gelyardi.
Shu wagt internetden taryh, habar okayam; gazet okayan. On kitap kop okayardym, hazir kan okamok. Okasam ylmy kitap okayan, edebi kitaplary kop okap bilemok. Yone gynansagam kitap okasam, nahili kitap bolsa-da, ukym tutup yatyp galyan. Shu kynchylyk zerarly ekzamenlere-de kop tayyarlanyp bilemok.
2. Uniwersitedin ady University of Delaware. Chemical Engineering bolumi belli, USAda 8likde diyyaler. Chemistry shondan sonky bolumi. Yone hich hili super zat dal oydyan. 14-15 mun okuwchysy barmysh.
3. Ertir agsham :D Ay bilemok, Alla hachan nesip etse, miyesser etse eglemersem. Yone men entak bilemokda yagdayi. Men bilen onushmak kynmyka diyip gorkyan. Ozem serious/ciddi/seryozny(turkmenchesi jogapkarmika?) adam dal kawagtlar, a mashgala adamy sheyle bolmalydyr.
4. Son Alla bilsin. Ilki bilena "shu okuwyn bilen mugallym boljakmy? One gitmeli, PhD okamaly!" diydiler. Indem hazir himiya ylymlarynyn doktory bolsam, nesip bolsa, "ay sen shu doktor halyna mugallym boljakmy? Professor bol!" diyerlermika diyyan yakynlarym :D Garaz sypma yokda...
Oz arzuwlarym mugallym bolmak we Turkmenistanda yashap ishlemek, bu yerlerde galasym gelenok. Pul kop bolsa-da barde bagt pulda dala, sheyle dalmi? Men mumkin mugallym bolmaryn Turkmenistanda, yone azyndan shol yerde yashasam diyyan.
Ozem Turkmenistanyn her yerinde dal, obada yashasym gelya. Bilemok nadip, yone bashlangych pul toplasan, bankda 40-50 mun $ goysan, son oba gidip bir suri goyun, bir sany jay, ulanylan Toyota aljak. Onson obamyzdaky mekdepde mugallym boljak. Arzuwyma shol, yone hakyky durmushda name bolar Alla bilsin...

5. Shu soragyn uzyn.

5. Shu soragyn uzyn. Durmushda hemme zat, hemme ishu-hereket asyl maksadyna bagly! Meselem, maksadyn ylymda tapawutlanyp at galdyrmak bolsa, yokaryk galyp meshhur bolmak bolsa shona gora kop ishlemeli, kop okamaly.
Yok maksadyn pul gazanmak bolsa onda pul getirjek ishlerde zahmet chekmeli, gayrat etmeli.
Men yali yalta bolsan bolsa "ay in az zahmet chekip, in kop netije gazanjak" diyen pikir kellande bolya. Yagny az okap, az ishlap PhD alyp sonam bashga ishlere yuz tutyp gitmek. Men ozuma PhDini ozum islap etmedim, galasymam geldi TMda. Yone kakam "yokaryk gal!" diyip kop aydanson gaytmaly boldum. Ozumun PhD islemeyanligim yene bir zatdan belli, men PhD uchin hich uniwersitede yuz tutmadym(yagny apply etmedim). Dine Alla islandirda, MGUda okayarkam bizin laboratoriya amerikanda, ine hazirki uniwersitedimden professor yazip "isleyan bolsa bizde PhD etmage mumkinchilik bar" diydi. Menin ylmy yolbashchym inglische bilyanimi bilip mana "sen giday" diydi. Yogsam mena PhD edesim gelenokdy...
Garaz jemlap aydanymyzda oz maksadyna gora. Menin asyl maksadym asuda yashamak, hich kimin minnetini chekman bay hem bolmasa sheylerak yashamak. Adamdan zat dilar yali yagdaya dushman yashamak. Munyn uchinem PhD hokman dal bolsa gerek...

Bilshime gora, siz shu wagt

Bilshime gora, siz shu wagt undergraduatelere sapak bermekde komekci. Haysi kursdan komek edyaniz?

Quote: Bayram aga PhD

Quote:

Bayram aga PhD okayan bolsa,onda nadip ing aktiw bolyar shu forumda?

Aslynda men ylmy ishe taze bashladym. Okuwym Sentyabrda bashlasa-da, men laboratoriyada dine 20 gunden bari ishlap bashladym. Hazirlikche uly basysh yok ustumden, yone geljekde bolar, onson syrtymy gashara hem wagtym bolmaz :(
Onsonam aktiwlikde bir zat bar. Menin barde tanyshlarym yok diyen yali, bir-iki sany turk, hindi dostlarym bar, olaram uzakda yashaya. Olary ayda-yilda bir gezek goryan. Garaz sheylelik bilen bosh wagtym dine oyde gechya. Oyde-de ya TV seretmeli, ya internet. TVde dine futbol goryan, bashga wagtlaram kompyn onunde. Olam internetde gechya...

Bayram aga Turkmenistany

Bayram aga Turkmenistany kuyseyanizmi?

???

Bayram aga,name uchin obada mugallym boljak bolyangyz?Siz turk mekdepde okuwchy tayyarlajak bolsangyz,sizi gyrlym edip alarlar.

Menin soraglaryma

Menin soraglaryma jogaplarynyz ucin KOP-KOP sag bolun!!! Yenede kellame gelse soraryn.

Agajan aga Sag

Agajan aga
Sag bolun!

Merka
Computer engineering ya IT bolumlerin birine girerdim. Elimde bolsa in gowy uniwersitetlerin birine girerdim, Turkiye bolsa turklerin in gowusyna, Amerika bolsa Amerikanyn abraylysyna

Zidane 2006 ýylyň iň gowy

Zidane 2006 ýylyň iň gowy futbalisty boldy. Aý hemme soraglar berilipdir şundan başga
H2O näme bolýaraý (oýun edýän).
Eger şol şu ýola başlan wagtyňa gelip yäzeden “saýla” diýseler ýene-de şu ugry saýlardyňmy şu eden zatlaryňy ederdiňmi?!

Bayram aga göwnüne köp

Bayram aga göwnüne köp degenimi bilyan:) bir bedre ganymy öteweri:). Bah adam içini görkezse gowy ekenlay:)Sen sheyle kiçigöwünlisin öytmeyadim,dashyndan görnenok. Üstünlüklerinin dowamyny dileyan.Agajan agang aydyshy yaly chyndanam uzyn uzyn jogab yazyan, kiçeltsen men pikrimçe gowy bolar. Harezmi hem bir zat aytdy. Turkmenistanyn esasy pudagy GAZ- we nebit. Siz shu ugurda işlang meng pikrimçe,özüne şereket açsanam bolyara. Bizde hem wagtyng gechmegi bilen privatisation bolar.Sen obada mollym bolmagyng,sen obang halkyna yetirjek peydasy sen gazda ya da nebitde işlemegin getirjek peydasindan az bolar. Sen gidip ol yerde işlemesen belki seng gitjek yerine öz nebsinin guly bolan adam işlar. Elbetde men shahsy pikrim.

PS:Atamyrat gowy edipsing,sana da sagbol.

Quote: Eger şol şu ýola

Quote:

Eger şol şu ýola başlan wagtyňa gelip yäzeden “saýla” diýseler ýene-de şu ugry saýlardyňmy şu eden zatlaryňy ederdiňmi?!

Bilemokda shu soraga jogaby... her ekzamen gechen wagty "wah koprak okaymaly ekenim" diysenem, yaltalyk ichinde bar bolsa indiki ekzamene yene kop okaman gidyan. Edil sheyle-de menem yalnyshlyk etsem "gaydyp sheytmerin" diyip yene edyanda :)

Bolya Muhammetjan, nesip

Bolya Muhammetjan, nesip bolsa Turkmenistana bir gaydyp baraly, galanynam Allanyn ozi gorkezer.

SOralmasa-da ozum 2 belligi

SOralmasa-da ozum 2 belligi goshmakchy.
Ozum Marynyn, Tagtabazar etrabynda, Sandykgachy Uzumchulik d/b yashayan, shol towerege barsanyz habar edin, chay bereyin!
PS Onsonam men 4 chaga isleyan :D 2 ogul bolsun, 2 gyz :) Sebabi her chaganyn hem erkek dogany bolar, hem ayal dogany. Allajan nesip etsin! :)

Ay...

Ay sorar yali sorag goymansiniz... Tüweleme köwşüne çenli sorap çykypsynyz :-)

Menem...

İlki bilen-a aşa gyzmalygym sebapli sizden ötünç soramakçy. Bir susak ganymy geçewerin. Ay şu biderek hasiyetimi naçe goyjak bolyanam welin , bolanok-da...
Kan samahilllaman soraga geçeyin:
Siz MGU we ABD universitetlerine burlsy gitdinizmi? Yagni meselem :
Aydali universiteti onat bahalar bilen gutardyk. Son ABD'de bursly ( Kömek puly) okamaga mümkinçilik barmy? Garaz naçe çikdayjisiz bolsa , şonça gowy-da.
( Men pahyryn olimpiada gatnaşan yerim yok. Onson universitetden hantama bolaymasak.)

Shony diysene :)... bolya-da

Shony diysene :)... bolya-da menem oylanyp-oylanyp bir samsyk sorag tapdym ahyry :)... Bayram aga, shu tomus Tm-a gelyanmi? Belki gok cay iceris senin bilen bileje... Sebabi men nesip bolsa tomus Bayramala sahaba zyyaratyna barmagy planlayan (gaytmankamam zyyarat edip gaydypdym)...
ps: senin bilen oturyyyyp, cay suzup gurleshesim gelya-lay...

Ay ya nesip, meninem chay

Ay ya nesip, meninem chay suzup hemmaniz bilen gurleshesim gelya. Goz onume getiryan, gulup samsyk bolarys! :D

Quote: Siz MGU we ABD

Quote:

Siz MGU we ABD universitetlerine burlsy gitdinizmi? Yagni meselem :
Aydali universiteti onat bahalar bilen gutardyk. Son ABD'de bursly ( Kömek puly) okamaga mümkinçilik barmy?

MGU olimpiadachylary ekzamensiz we mugt alyardy, sheydip pul berman okadym. Men pahyryn berere pulum barmy?! :)
Ustesine, olimpiadachy hokmunde turk mekdeplerden stipendiya alyadym, shon hasabyna okadym. Bolmasa olam kynchylykla.
A Amerikada PhD studenty boljak bolsan stipendiya tapyp bolyar. Oz ugrun boyuncha uniwersitet we ylmy yolbashchy sayla, sholara yuz tut, dokument iber. Olaryn hemmesinde diyen yali, Kanadada hem dashary yurtlylara stipendiya bar, aylyk bar. Garaz, gowja oka, ony gaygy etme!

bir hili sorag

bAyram sizin oye gidesiniz gelyarmi?meselem men oye gidesim gelip kawagt aglayan.sizde seyle bolyarmy ?yada owrenisip gitdinizmi?

How!

Maysa,bir goz ongune getirip gor,Bayram agang oye gidesim gelyar diyip aglap otyranyny.:)Bayram aga mertdirdayt:),oylerinde yashaman yorenine ing azyndan 6 yyl bolandyr.Seng aglayanyng yashyng mengki yaly kichiligindendir yada yuka yurekli bolansongdyr.Yuka yurekli bolmak gowy zat.Meng dagyn ing songky gezek hachan aglanym tyadymada dushenok.

menem alty ay mundan on aglapdym in sonky gezek

men mundan alty ay ozal aglapdym in sonky gezek yone gelen badyma bir gezejik aglapdym oda bir hili bolamson owrenisip bilman.yogsam menem aglap baramok.seninkidena azdyr welin kabir gyzlar gunde agl;ayarlar.meselem barde bir hitay bilen bir ors gyz bar welin hitaya 300$ orsam 500$ sogupdyr oyleri bileen gurlesip.gaty gyzykly menin ucin bir yapona cydaman oye gitdi.norwegiyalam gunde aglap yor.ay yone ola azajyk cydayar.olar yone biz yaly dal.scholarshiplary yok.kakalarynyn yada ejelerini pulyna yasayarlar.

Quote: Maysa,bir goz ongune

Quote:

Maysa,bir goz ongune getirip gor,Bayram agang oye gidesim gelyar diyip aglap otyranyny.:)Bayram aga mertdirdayt:),oylerinde yashaman yorenine ing azyndan 6 yyl bolandyr.Seng aglayanyng yashyng mengki yaly kichiligindendir yada yuka yurekli bolansongdyr.Yuka yurekli bolmak gowy zat.Meng dagyn ing songky gezek hachan aglanym tyadymada dushenok.

Berekella, menin yerime onat jogap beripsin! :) Meninem yuregim dash, hachan aglanym yatda dal sonky gezek. Dine goshgylar kawagt gozumi yashlandyran bolya diyaymesen.

Quote: bAyram sizin oye

Quote:

bAyram sizin oye gidesiniz gelyarmi?meselem men oye gidesim gelip kawagt aglayan.sizde seyle bolyarmy ?yada owrenisip gitdinizmi?

Oye gidesim gelya, yone yokarda aydyshym yali oyden ayrylalym bari 11nji yil bolup barya. Ilki ilkiler 2 ayda bir gitsemem, son olam kemeldi. Bashda gaty ichim gysyady, shonda-da aglanym yadymda dal. Hazir bolsa dine gynanyan birinin toyunyn bolanyny eshitsem, ya yasynyn bolanyny eshitsem. Shol adamlar tanysh, dost-yar, gonshy ya garyndash bolup durka marekesine-de baryp bilmedigime gynanyan.
Toyi sypdyrsama gaty janym yanya. Barde ichim gysyp uzyn gun, ishde-de internetde otyranymyn yerine toyda bolanym gowuda...

hawa ola seyle

yone bilimem gerek bolyar koplenc.bilim toydan onemlimika diyyan.toy hacan bolsada bolarda ay yone yas welin bilmedim.ay turkmencilikde toydan kop zat koplenc

maysa wrote: yone bilimem

maysa wrote:

yone bilimem gerek bolyar koplenc.bilim toydan onemlimika diyyan.

Bayram internetda otyryp bilim baradaky saytlara giryandir oydyanmi? :) Youtubede aydym dinleyandir ya-da shu yere gelyandir :) Yokarda yazypdyra men yalta diyip :)

ola seyle welin

ola seyle welin olam men yalta diyip oyne aydayyan bolaymasa menin pikirimca eger yalta bolan bolsa beyle dereja yetip bilmeyardi diyjek bolanym univery zady gutaryp bilmeyadi yalta bolan bolsa.ol yone aydan mykan diyyan mena.(bilmedim prirodnyy zehinli bolaymasa)

hymmyllashyberin chagalar :D

hymmyllashyberin chagalar :D

Men bilen sohbetdeshlik

Men bilen sohbetdeshlik gutardy, yone yene 1-2 surat yelmayin diydim. Isleseniz laboratoriyanyn beyleki suratlarynam, hatda azajyk quick time movie hem goyup biljek.
Men suratlarda dashdan dushdim hem laby gorkezmek uchin... hemem yaky gelmezlik uchin. Yakyndan surada dushsem gaty gorkunch gorunyan :D
Men Barcanyn fany:
http://imageshack.us][IMG]http://img407.imageshack.us/img407/8928/p1000060wj0.jpg

Men lab'da (shu yerde kowshumem gorup bilersiniz dostlar :D):
http://imageshack.us][IMG]http://img281.imageshack.us/img281/7573/p1000093gi9.jpg

Labda turkmen stil foto:
http://imageshack.us][IMG]http://img412.imageshack.us/img412/6395/p1000100lx3.jpg

PS Yene az-kem bar, gerege privat ibererin. Azajyk dalirapjik dushenlerimem bar :)
PSPS Suratda bolshumdan onadrak gorunyan. Hakyky durmushda yuzumden traktor yoran yali :)

Quote: Men bilen

Quote:

Men bilen sohbetdeshlik gutardy

Shu tema hemme wagt acyk durar. Kimin kellesine taze sorag gelse yada hal-yagday sorajak bolsada shu yeri ulanip bileris.

Sizin hasabynyzda habarlashma yollary diyen yerde bu yerik link goydum, sizin profile goren
bu yerini tapar yali.

Bayram aga kop-kop sag bol. Gaty gyzykly boldy!

Turkler aytyara-Turkun 3

Turkler aytyara-Turkun 3 vazgeçilmezi vardır-AT AVRAT SILAH:)(Turklerin 3 sany zerury zady bardyr- At,heley, yarag). Gorogly hem sheyle dileg edipdira- 1.Peri2.AT 3. Guychi yarag.yalnyshmayan bolsam elbetde.

Ene-atanyzam yatdan cykarman

Ene-atanyzam yatdan cykarman,kopuniz bir hili inkubatorda dollan yaly.Gorogly hem.......

:D Dogry aydyan,

:D
Dogry aydyan, dogan-garyndashy, ene-atany yatdan chykarmaly dal! Heleyler muny eshitse ozlerini ene-atadan onde goyarmy namemi :)

Bayram aga. Gayrat etde

Bayram aga. Gayrat etde suratlaryn ozuni goymada sholara link goyay. Biz yaly interneti hayallarynky dert. Acylyanca-da 2 sagat 43 min 5sek gerek bolyar :)

Wah men kompyuter ugruny

Wah men kompyuter ugruny senche bilemok, shuna kella aylamandyryn. Indikide goz onumde tutaryn Agajan

Bayram gyzykly boldy, sag

Bayram gyzykly boldy, sag bol. shu suratlaryn ulylygy sebapli okayancak bashym aylanyp gitdi diymesek :)

uni

McMurry wrote:

Aydali universiteti onat bahalar bilen gutardyk. Son ABD'de bursly ( Kömek puly) okamaga mümkinçilik barmy? Garaz naçe çikdayjisiz bolsa , şonça gowy-da.

Undergrad( Lisans) Turkiye, Russiya yaly yerlerde gowy (yada orta derejeden gowy) bahalar bilen okayan bolsanyz, onda Amerikan uniwersitetleri sizi bursly kabul ederler. Yone Amerika bu ishde kop cykdayjy cykaryanlygy ucin, studentleri hem saylap alyar, we kimi alyandyklaryny hem gowy bilyarler...
Gysgaca diyjek bolyanym, in esasy zat shu wagt okuwynyz, shol netijeler sizin kabulynyz kesgitleyar...

PS- Olimpiyadacy bolmak "+", yone bolmasan hem onun yaly tapawut edip baranok...

Bayram

Bayram wrote:

hymmyllashyberin chagalar :D

:)))

Bayram aganyz ishsiz dal how.
Ol bu yere ishsiz bolanlygy ucin dal, hepde icinde nace sagatlap himiya laboratoriyasynda yadanlygy ucin, shu yere dyncalmak ucin giryar.
"Turkmencilik" temasynda in ussatlaryn biridir ozi. Shu temada yazan her yazgysy ucin nace lezzet alyanyny bir ozi bir hem Huday bilyandir.
Shu yere gelmeginin we kop yazmagynyn sebabi hem shol...

Dusundiniz gerek, jigiler?

4

Bayram wrote:

PS Onsonam men 4 chaga isleyan :D 2 ogul bolsun, 2 gyz :) Sebabi her chaganyn hem erkek dogany bolar, hem ayal dogany. Allajan nesip etsin! :)

Hmm. Realistic pikir. " 4" sany aydysynyz yaly ogul we gyzyn tay bolmasy ucin gowy. Wah menin az ogul-gyzym bar diydirmez, yeterlik bolyar.
Hemme ogul-gyzynyza gowy okatmak we yetidirmek ucin (pul+chaga soygisi)/per capita hem yeterlik bolar :)

Gysgaca, shu pikiri men hem gaty haladym, bellap galyan shuny...

siz

SIZ SU WAGTKY UGRYNYZY NADIP SAYLADYNYZ HAS DOGRYSY OZUNIZ SAYLADYNYZMY?

Indi natdi Agajan?

Indi natdi Agajan?

Yok Maysa, ozum saylamadyk

Yok Maysa, ozum saylamadyk bolaymasam. Kakam matematik bolanson matematik bolmak pikirimde bardy, doganym fizika bilen gyzyklananson meni hem fizika krujogyna(olimpiada toparyna) almak niyeti bar ekeni mugallymyn. Yone oz pikirim has kop matematikadady. Sowet fizika we himiya kitaplarynyn bashynda suratlar bardy, shonda uly ochgili chagalar eksperiment gechiryadiler. Men ochginin gorag uchin geyilenini dushunemokdym, shol ugra gitsen gozun kutelip ochki dakmaly bolarmyka diyyadim :)

Halden sheyta. Indi

Halden sheyta. Indi suratlaryny goraysemem boljak on gorup bilemokdym.

Onson meni okuwa

Onson meni okuwa gelenimizden 1 ay sonmy, 2 ay sonmy "Tayyarlyk synpynda" sapak gechyarkak bizin mekdep mudir orunbasary Jumhur Chetin chagyryp sorady "himiya olimpiadasyna gatnashsan nader? DUshunersinmi himiya?". Turkchamem ejizdi, 1 aydan zatda 100% gowy bilemokdym, shonun uchin 2 yash uly oglan terjime edyardi onun sozlerini mana. Menem "dushundurseler dushunerin" diydim, shonda taze mugallym Ersin Topuz bilen tanyshdyrdy. Sheydibem himik boldum.
Edil shol wagt fizika mugallym geldi, olam "menem muny fizik etjekdim. Ay borlay" diydi, mena ank-tank ary chozan yali boldum. Shol agsham ilki himiya sapagyny gechdik. Mana terjime edyardi Muhammet. Yone Ersin mugallym suyji-koke we kola getirip bize bermegi halayardy, shonun uchin az wagtdan begendimem himik bolanyma. Birem owadan reaksiyalary gorkezipdi...

Halden sheyta. Indi

Halden sheyta. Indi suratlaryny goraysemem boljak on gorup bilemokdym.

menem seyledim on

menem halayardym himiyany.Sen onson mmgu a olimpiadada yer alanyn ucin aldylarmy?

Hawa, sen MGUny bilyanmi

Hawa, sen MGUny bilyanmi name?

men mguny hawa bilyan.

sen mgu ny bilyanmi diyip sorayanmy ol in gowy univerlaryn bira.menin pikirim

doly adynyz

doly adynyzy yazdynyzmy tapmadym yazan bolsanyzam sony yazyp goyberin gayrat edip

Doly oz adymymy? Ya MGUmy?

Doly oz adymymy? Ya MGUmy? Moskovskiy Gosudarstvenniy Universitet imeni M. V. Lomonosova.
Menin adym Bayrammyrat, Bayram diysenem boljak :)

Bayram aga şol

Bayram aga şol universitetde okajak bolsan naçe çykyarka hemme zat senden bolsa?????MGU?

......................buda geçer.......................

Men pul berip okamadym

Men pul berip okamadym MGUny, mugt okadym. Şoň üçin bahalaryny bilemok, çynymy aýtsam.
Ýöne her hili gürrüň eşitdim. Eger özüň tekiz gömük bolup okajak bolsaň kyndyr, mümkinmi biljekdäl. Mümkinem bolsa gaty gymmatdyr, süýrenip itiň gününde gutararsyň.
Ýöne eşidişime görä, fakultede görä üýtgeýär. Gymmat fakultetleri barada myş-myş köp, 10lap müň $.
Himiýa barada aýdylanlary şeýleräk: her student üçin ýylda ortaça 5000$ uniwersitet sowýa, okuwyna we mugallymlaryna, kitaplaryna. Onuň daşyndan iýmiti, ýaşaýyş jaýy we etc. bar. Doly puly 7500$ gidýändir her okuwçy üçin. Pul berip okajak bolsaň, 5000-6000$ tölemelidir ýylda. Ýöne ekzamenler töläniň bilen awtomat 5 bolanok. Geçmeseň syrtyňa depýäler.
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

yok men familiyany sorapdym ocestwa bilen

islesen ber.islemesen bermesenizem bolyar.men yone basgalarada gyzykly bolmagy mumkin diydim.

Hi

Прива! Как учеба нормально? Ты наверное уже знаешь что ICHO будет проводится в этом году у нас. И я рад сообщить что меня всзяли гидом нашей страны :)

nattinay , oran gowy

nattinay , oran gowy

Da niche tak, kak sam? Ya

Da niche tak, kak sam?
Ya tebya pozdravlyayu, jelayu udachi. Postaraysya sdelat' vse, chtoby nashim bylo komfortno! :)
Nu i udachi im toje, peredavay ot menya!
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

baa tuweleme sorara zat

baa tuweleme sorara zat galmandyra
dine kowushunun markasyny soraymasam:D

Aý köwşümi çagşatdym

Aý köwşümi çagşatdym eýýäm :(
Erbedä dälem welin, başdakysy ýalyha däl indi. Bostonian öýdýän markasy.
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Atamyrat wrote: Men oz

Atamyrat wrote:

Men oz bilshime gora tanadayin. Ozi himiya olimpiyadacy bolan, T.Ozal TTM-ni gutaryp

bayram aga siz maryly dalmi name? yagny ata aga sizin terbiyeciniz bolan bosla onda nahili t.ozal bolya?? yada ata aga t.ozalda terbiyeci boldymy??

Akgüljemal,

Akgüljemal, olimpiýadaçylaryň ýagdaýyny bileňok öýdýän :)
Bizi mekdepden mekdebe göçürýäler. Men oba mekdebinde 5 ýyl, Baýramalyda 3 ýyl, Başkentde 1 ýyl, TÖzalda 1 ýyl okadym. Iň soň TÖzalda boldum we gutardym.
PS Aşgabatda TDUnyň professorlary sapak berýärdi. Olar Baýramala gitmezler bize sapak bermek üçin :)

---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

wiy, Akgul, jigim, men

wiy, Akgul, jigim, men B-alyda yasama terbiyecidim-le:)

Bayram, shol giden mekdepkerindaki birmenzesh yagdaylar ucin goren tapawutlaryn barada azyrak yazsana!

Yazayin! Bayramalyda urmak

Yazayin!
Bayramalyda urmak we sokmek gen daldi, sheydyan mugallym az daldi. Bashkentde sheydyani gormedim, gygyryan azdy we okuwchylar uryan mugallymlar barada "rowayat" aydyadylar. Ay uryandyrlar, yone gaty seyrek, kop gygyryan bolmaklary mumkin.
TOzalda bolsa mena birini uranlary yadyma dushenok, gygyranam gaty seyrek bolyady. Bayramalyda bolsa gaty bet uryan mugallymlar bardy. Shol wagt gaharym gelipdi shu zatlary gorup. Ichimden "goti bar bolsa bardakilerem ursynlar! Goti chatyan daldir, bardakilerden gorkyalar" diyyadim. Dogruda walla...
Onson nahar tapawudyny goryadim. Bashkentde Bayramalydan gowyrak nahar beryadiler, Ozalda has hem onat nahar beryadiler.
GDS tapawudyny gordum, ekzament tapawutlaryny gordum. Bizde urup sogup, gorkuzyp gochurdenokdylar, Bayramalyda biri-birinden gochuryan yadyma dushenok. Yone Bashkentde bu mesele gowshagrak ekeni, Ozalda bolsa hasam gowshakdy, gochurip yatyrlardy.
Onsonam biz sheyle Ozala gochurilen okuwchylaryn ilkinjisidik, yagny Ozalyn uchurumy bolmalydyk. Yone Ozalda bize hemishe "gelmishekdigimizi" yatladyp duryardy: Musayewich, belletmen, beyleki okuwchylar we mugallymlar. Aslynda samsyk yagday, eger Bashkentde "olimpiyatchi" diyip hormat goyyan bolsalar, halayan bolsalar, Ozalda senden mun bizar yalidilar. Bir topar lalik chagalaryn okayan mekdebi yaly gorundi. Umuman, shol wagt sheyle pikirlerim bardy.
Musaewichin sapagyna gitmezlige bize Genel Mudurlik we Zumrebashkan rugsat beripdi. Ol bolsa "ay mena hich zat bilemok" diyip bilgeshleyin mana 4 goyupdy. Yogsam onun okadyan sapagyna gidip 5 alardym. Sheydip bir 4luksiz attestatyma 2-3 sany dordi Ozalda saldylar.
Ondan bashga belletmenlerin okuwchylara seredishi uytgeshikdi. Ozalda bir at alan, bayrak alan belletmen bar ekeni, turk, adam yatdan chykdy. Ony bizin klasdashlar halayady, yone bize hich hili seretmedi. Tekiz... klas toplanyshyklaryna hem chagyranokdy. Barsan "barmynam" diyenokdy. Yone menem uly zada hantama daldim, derrew owrenishdim, olimpiadachylaram belletmen yok yaly geziberdik.(Garaz ilgi gaty azdy)
Bashkentde Onur abi bardy, gowy belletmendi. Ona soz yok.
Klas yolbashchylar ishlidi AShgabatda. Bashkentde-de, Ozalda-da mashgalaly klas yolbashchylar bardy. Klasa kan uns berip bilenokdylar. Bayramalyda has gowy uns beryadiler.
In sonunda gutaranymyzda-da, Ozally bir oglany birinji(klas birinji) edip saylamak uchin mana 4luk goyanyny bilip galdym. Onkyny sap bashlik edip, bir topar olimpiadachylarynkyny zayalapdyrlar 4luk bilen. Yogsam olimpiadachylaryn arasynda GDSlerde yirtip yorenlerem bardy Allayar diyen matematikchi yaly. Ona-da dort zat goyayipdirlar oydyan. Men ikinji kimi edenlerini bilemok, meni shol dortlukler bilen 3nji edipdiler. Ozem Ozalda has bay chagalar, has bay mekdepdigi duyulyardy. Chagalaryn pul sowushyndan, in bolmanda shol uchurum gijesindenem. Mana Pierre Cardin koynegem beripdiler, bahasy baryp 40-50$, menin elimde tutup gormedik pulum! Mollanepesde bolayipdi oydyan gutardysh.
Bashkentde hem yagday Bayramala gora gowurak, yone edil Ozal yaly dal.
Ozalda orscha geplemek moda yalydy, turkmenlerem orscha gepleshyadiler, klasyn "krutoylary" orscha gepleyadiler. BAshkentde muna gora azrakdy, islesen turkmenche gepleyan kopdi. Bayramalyda tutush 100% turkmenchedi. Turkmenche tekiz bilmeyan Ilya Belenkova hem turkmenche owredipdik :D
Ine GYSGACHA gurrun bersem.
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Tapawutlary yazanyn ucin!"

T.Ozal ve uchurym bolunysh

T.Ozal ve uchurym bolunysh hakda yazan zatlaryna menem golumy chekyan, edil shol gunleri bizem gorduk, nira barsan "gelmishek", Germania'daky Turklere donduga blin...

wow bayram aga nadip şunça

wow bayram aga nadip şunça sabretdiniz??

t.ozaldakylar hakykatdanam "krutoy" yalıdılar oydyan..olaryn oglanlary bizin mekdebe de gelip gyzlara lak atyp, yzyndanam "anadolyn gyzlary ulumsy ekeni, kız lisesi yaly dal" diyyamişler diyip eşidyadik biza..

başkent hem gowy diyip eşidyadik biza.. yone gen goren zadym menin işleyan firmam başkenttm üçin saç gellerini ugradyady.. name başkenttakiler okuwda gel çalyalar my??

Aý ulanýan bardyrla...

Aý ulanýan bardyrla... ýadymda däl kän.
TÖzallylar erbet diýemok, ýöne bir hili mekdepde uly we kiçileriň arasyndaky aragatnaşyk Baýramalydaky ýaly däldä tekiz. Bizä özümüzden ululara sylag baryny goýýadyk "Abi" diýip, olar bilen aragatnaşyk gowudy. Aragatnaşyk Özalda diýseň tapawutly, kiçijiklerem hondan bärisi, häli görseň bir başlygyň ogludyrmy, ýa başga sebäpdenmi...
Baýramalyda ulylardan kiçilere söýgi, kiçilerden ulylara sylag bardy KÖPLENÇ. Men şony Özalda kän görübä bilmedim...
Başkentde bu bar, Baýramala görä has ejizrägem bolsa.
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Oglanlar hemme yerde-de

Oglanlar hemme yerde-de ulanyalar gel, yone Bashkent'in okuvchylaryna yorite "Ynha size gel, shuny chalyn" diyip berilyanini bilemok mena, menem anyrda 4 ay yali ishlan boldum :D
Belki "kantin"-e getiryandirler, yone kop okuvchy ol yerden dine iyer icher yali zatlary
alyadilar, gel zat alyan bardymyka ?? Bilmedimda...

T-Ozal'yn oglanlarynyn kopusi biznesmen/politikachy/hakimler/universitet rektory yaly, pully hemde abary bolan adamlaryn chagalary-dy, kichilikden ovrenishdirilen "sen sen" diyilip, onsan ulananlarynda birden kichigovunli bolubermeyaler, yone gaty kop govy oglan
hem bardy azajyk "shimarik" diyaymesen...

Bay-ba, gaty gen yagday

Bay-ba, gaty gen yagday ekeni!
T.Ozala-da Bashkende-de kan bardym, yone okuwcylar bn kan ishim bolmady, ya terbiyeci ya-da mugallym. Shol sebapli, kan ozlerini nadip alyp baryanlaryny gormedim, yone her ikisindenem kabir tanysh talyplarym bardy, olaram onatjady, belki, men uly bolamson we myhman bolamson sheyle bolup biler, yone umuman mana olar onat gorundi, beylekilerini biljek dal!
Garaz, yazylanlar dogry-da, kop kishi sheyle diyyar!

Men edil şol wagtlar

Men edil şol wagtlar aslynda biziň mekdepdäki aragatnaşygy görmedim, gynanýadym :)
Meniň uly "abileriň" arasynda dostlarym köpdi. Özalda özüm "uly klasdadym", emma kiçiler bilen hiç hili beýle aragatnaşyk ýokdy. Başkentde-de şeýleräk.
Onsoňam käbirleri mugallymlara we esasanam belletmenlere garşy gaty "şimarýadylar", ýadyma düşýä garşysyna göni gidip samsyklaýanlary. Içimden "ine urulmaga mynasyplar bärde köp" diýýädim :D
Birinä Başkentde belletmen çydaman ahyr depdem, ýalňyşmasam.
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Menin Tozal'daky 1

Menin Tozal'daky 1 klasdashym klas yolbashymyz 1 shapbat chalanda "Sen adam bolmarsyn" diydi, olam yene urdy, oda yene sovya, yene urya....Garaz ol urya, olam sovya ve yzlykgan gacha, mugallym hem kovalap urya :))) Garaz stena'nyn yanina gelende 1 urdy velin kellesi divara degip gitdi, gynandy chagajyga, kellesini tutup yatypdy yerde...Yene-de 1 klasdashym bardy, terbiyechimiz 1 shapbat urupdyr velin, koridor'daky shvabrany alyp kovalapdyr, tutsa yelmejek ekeni terbiyecha 1-2 gezek :))) Paralel klasdan birini mekdepden kovdular sebabi Geografia mugallym ony uranda, olam yzyna urupdyr, mugallym pahyrjyk sinyakli gezipdi birnache gun...

Kim name diyse diysin Turgut

Kim name diyse diysin Turgut Ozal TTM Turkmenistanyn prestij we abray tarapyndan number 1 mekdebidir we sheyle "marka" mekdeplerden her dowletde birnachesi bolmalydy. Shu wagt TM daki shu missiyany hem Turgut Ozal TTM yerine yetiryar(Beylekiler Bashkent we Abadan)
Elbetde Ashgabat yaly yerde hem prestijli mekdep bolup hemde "terbiye" tarapdan beyleki TTM ler yaly bolmak ansat dal. Muna hemmaniz gowy dusunyansinizdir.

1. Näme üçin beýleki 2si

1. Näme üçin beýleki 2si Başkent we Abadan?
2. Prestij we abraý tapawudy barmy näme TTMleriň arasynda?! Biz döwürdä GDSlere görä, ýa Türkiýä iberilýän okuwçy sanyna görä abraý bardy mekdeplerde. Ilki Baýramaly, soň Mary köp başarnyklydy.
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

1) kompyuter olimpler abadan

1) kompyuter olimpler abadan da, biologlar bashkentde.

:D Beh, diýmek TÖzaly iň

:D
Beh, diýmek TÖzaly iň abraýly mekdep edýän 5-10 sany olimpiadaçy, Abadan we Başkendi abraýly edýänem ýene olimpiadaçy 4-5 sany?
Aý bolýa, jedel etmäýin. Ýöne olimpiadaçylaryň sany köp däl Özaly ýa başga mekdebi tapawutlandyrar ýaly
PS Onsoňam, ol olimpiadaçylar başga mekdeplerden gelýäler, maňa galsa olar şol gelen mekdepleriniň okuwçysy
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

dogry aytyan! Hajy-el

dogry aytyan!

Hajy-el Mubarek

Ýadyma düşýä, men

Ýadyma düşýä, men 6-7nji klasda(taýýarlyk ýokdy ol döwür) Baýramaly GDSlerde diňe 1nji bolýady. Soň şol ýyllar gutaranlar 95-100% Türkiýä okuwa giripdiler, okuwa okuwçy ibermek boýunça Baýramaly birinjidi. Soň-soňlar ejizledik, öňe Mary geçdi. Tüweleme olaram köp iberýädiler.
Häzir nähili bilemok.
Ýöne Aşgabatda ýene bir gören ýagdaýym bardy. Göwnüme bolmasa, kän bir Türkiýä gitmek üçin ymtylýanam ýok ýalydy. Türkmenistanda galyp okamakçy bolýanlar az däldi, ýa Orsýet/Ukraina gitmekçi bolýanlaram köpdi. Baýramaly ýaly ýerde, Türkiýä gitmek -okamak üçin ýekeje çykalga bolaýmasa. Pul berip Orsýede okamaga güýji ýetjek az/ýok.
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

1-nji ucurymlarda(97) 1-nji

1-nji ucurymlarda(97) 1-nji B-aly;
2-nji ucurymlarda(98) 1-nji B-aly;
3-nji ucurymlarda(99) 2-nji B-aly, Mary 1-nji;
4-nji " (2000) 2-nji B-aly(22 talyp); Mary 1-nji(23);

son ejizlan bolmaly!

Bezirgenin prestijli diyyani bashgarak yagday ucin bolmaly, galyberse-de, T.Ozal talyplaryny ansat-ansat urup bolmaymasa, yogsa shol gun yzyna ene-atasyny tirkap geljeklerem yok bolaymasa:)
Garaz, beyik wezipedakilerin aglabasynyn cagalary shol yerdemika diyyan!?

T.ozala degman how,mena

T.ozala degman how,mena abada baramda gidere yerim bolmasa T.ozalda yatyan terbiyeçilerden birini tapyanda şeyle şeyle diyyan olaram elmydama ok diyip gapylaryny açya :9bey disem 2 gezekmi name boldy,indi öwrenşipdirnem garyndaşyma gidenimden T.ozala gidenim gowy

......................buda geçer.......................

Merwezing gahary gelip

Merwezing gahary gelip başlady:D O nahili tozal number 1 bolyaray? Ing number 1lar meng gozumde bayramaly,charjew wşm. Ing esasy zat okuw.

Yanyp duran Ataş men sönmenem begler

Muhammet, Bezirgen bashga

Muhammet, Bezirgen bashga taydan 1-nji diyaydi oydyan, yagny, dash gornush, gorkezmelik, abrayly ynsanlaryn cagalary we sh.m. babatda!
Gaharlanma-how, terbiye taydan Mara tay geljek yokmuka diyyan, bilim taydanam, yokarda yazan 3 mekdebinem guycli, onun dashyndan Dashoguz we Tejenin mekdepleri hem guycli oydyan, elbetde, GDS netijeleri belli edyandir bu yagdayi, men oz pikirimi beyan etdim!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • el_mariachi 1 telpek goyyar we yazyar: "terbiye barada aydanlan üçin:)"

Quote: terbiye taydan Mara

Quote:

terbiye taydan Mara tay geljek yokmuka diyyan

:))))
Muny nireden chykaranyny bilip bormyka Ata aga ?? Okuvchylaryn terbiye derejesini
nadip olcheyan ?? Bilim'de zatda GDS'lerin netijelerine seredyan diysen ha diyeyin, yone
terbiyelerine nadip baha beryanine men hayran...

Ata agang ozune gora

Ata agang ozune gora criteria'sy zady bardyr-da:)))

TC

Mergen wrote:
Quote:

terbiye taydan Mara tay geljek yokmuka diyyan

:))))
Muny nireden chykaranyny bilip bormyka Ata aga ?? Okuvchylaryn terbiye derejesini
nadip olcheyan ?? Bilim'de zatda GDS'lerin netijelerine seredyan diysen ha diyeyin, yone
terbiyelerine nadip baha beryanine men hayran...

Turkiyedaki, bardaki we US-daki Mary TTM-li talyplar bn yakyndan tanysh bolamson we olaryn aglabasynyn sheyledigini goremson diyyarin, yagny, Gadyr aga aytmyshlayin, oz kriteriyalarym bn:)

Garaz, Osman Daglar bn has caltlyk gazanan onat terbiyelenish, sonam dowam eden bolar-a cemeli, ayratynam, Mary TTM, 97, 98, ayratynam, 99 ucurymlaryna seredyan welin,
1- kamahal olar yanyma gelse, utanyp gidyan we ozumi derrew duzetmek bn bolyan, ayagymy uzadyp oturan bolsam, derrew ahlak taydan onayly yagdaya getiryan;
2- olaryn ozara arkalashygyna hayran;
3- ululara hormaty we kicilere sylagy yerinde;
4- hemishe beylekilere gorelde bolmakda ussat;
we sh.m. hasiyetleri bar.
2000 we sonky ucurymlary hem sheyle.

Yonekey mysal, ynha, Bayram US-da "yash TM alymlarynyn 1-nji dushushygyna gitdi. Shol yerde-de gorendir bu yagdayi. Barde-de nace Mary TTM ucurymy bar, yokarda sanan ayratynlyklarym olarda bar. Bursada nacesini gordum, yek-tuk diymesen aglabasy sheyledi we beyleki shaherlerde-de yagday mundan uytgeshik daldi.

Hawa, yagday-a sheylerak!

Senin goryan/tanayan

Senin goryan/tanayan Maryly oglanlaryn terbiyeli bolmagy, ol mekdebin TM'de beyleki mekdeplerden has govy terbiye beryanligi manysyna gelenok, sebabi sen beyleki mekdeplerin okuvchylar bilen, Mary/Bayramaly'ny gutaranlar yali gatnashykda dal -> Olary oz mekdebini gutaranlar bilen deneshdirmegin dogry dal.
Yene-de 1 uytgeshik zat, oda TTM'lerin 2000-2001'lerden onki uchurymlarynyn, sonky uchurymlaryndan tapavutlydyklary, biz ve bizden sonkular bilena olaryn arasynda gok bilen yer yali tapavut bar, aydybam oturjak dal... Garaz terbiye boyuncha "Plany has terbiyeli" diyip bilmegin uchin, olar bilen hiy bolmanda bile yashap gormeli, yogsa deneshdirmek yalnysh bolar, galyberse-de terbiye hem iman/pul yali bir zatmyka diyyan, yagny yallyklap, senin yaninda terbiyelisiran bolup yorenler hem tapylar aslynda terbiyesiz, sylanshyksyz adam bolsa-da...

Mergen ol ozune dushan

Mergen ol ozune dushan oglanlar hakda eden generalize pikiri boyuncha yazipdir ony.. Ilki mana-da birhili gelipdi.. Yone her adam oz toweregindaki adamlar hakda umumy bir garaysha eye bolup biler we bu babatda pikirini yazip biler.. Birwagt Bayramam yazipdi.. Ona erbet reaksiya beripdik welin mana dushanlar yali yonekeyje soz ulanilmayany ucindi oydyan ol reaksiya.. Ay bolyan zatlar..:)))

Biz uly oglanlara ata aga,

Biz uly oglanlara Gadyr aga, chagalaryn "Menin kakam seninkini urar, 1 eli bilen pytradar" yali sozlerini aytmagymyz gelshiksiz bolar, yagny eger 2 zady/adamy/hasiyedi deneshdiryan bolsak, olaryn 2'sini hem govy bilemizson etmeli bolarys, yogsa bolmanda-da sana yanlarynda bile bolanlaryn yakin/terbiyeli gornup biler, yagny "Olar terbiyeli oglanlar" menzesh zatlar yazmak adaty hal, yone "Terbiye boyuncha plan mekdebi ozdurjak yok" diyjek bolsan, hemme mekdepleri shol deneshdiryan mekdebin yali bilmeli bolyar.
Gysgacha: Subjectiv pikir yokarda yazilan, biz objectiv'rak boljak bolaly " diyjek bolup yorshum shu.

ata

ata wrote:

terbiye taydan Mara tay geljek yokmuka diyyan

Ata aga aslynda beyle yalnishlar-a goybermeli dal welin..:)))

Edit etmäge gerek ýokdy

Edit etmäge gerek ýokdy Gadyr aga. Men ol ýazanyňa gaty göremok. Men köpler ýaly gaty görek däl, men üýtgeşik gaty görek :D
Täzeden goýalymy näme ýazanyňy?
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Sana zat yazmadym dalmay ol

Sana zat yazmadym dalmay ol yerde??:)) Men dine Mergenin aydanini qoute etdim welin ol sozleri Mergen aydan yali bolup gorunyardi.. Son asil yazan Ata aga bolanson Ata agang ozunden qoute etdim..:)))

Aý şu günler hiç zady

çözüldi
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Ay beyle dunyaden bizar,

Ay beyle dunyaden bizar, ya-da kabirlerinden "disappointed" yali bolup yormesene Bayram, sana gelishenok birhili...Ozun yazipdin "Kuykini gor duzelder" diyip, indi 1 kuyki diyip senem keypsiz bolmaly dala how...Menina senin it got'den dishleyan vakalaryny hem okasym gelip gitdi :D

Aý durup, durup, bolgusyz

Ertir ýene şähdaçyk bolaryn, şonda bir zat ýazarynda :)
ps edited
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Ay unsem berme eger "Plan,

Ay unsem berme eger "Plan, plan adamlar senden shikayatchy, olar bilen name aldym berdimin bar ?" yali zat yazmasalar, yuzune aytman, arkandan bashga birine yamanlamak gelshiksiz menin pikirimche, birhili giybat yali bolmanam duranok, ay haysi yana yatayanda-da erkeklige gelishenok shol...Ay menem gurlan bolup duryn velin, mana-da shey diyenlerinde sogunch baryny yazanym yadima dushyar karakum'da :)))

Ay men-a ol sikayatlaryn

Ay men-a ol sikayatlaryn "serious" zatdygyna ynanamok.. Yone gurlesik arasynda ozunce beyan edilen pikirlermika diyyan.. Ol hemme adamda-da bolyar.. Hemme adam sen bilen gowy dusunisip baranog-a mun geregi hem yok.. Beyle zatlar umumy yerde sen hakda sikayat bar diyip aytmagam birhili... Yone ata aga yokarda smaylik goyup aydipdi.. Belki gepin gerdisine gora aydilan pikir bolaymasin..:)))

men son yazmakcy, hazir

men son yazmakcy, hazir gitmeli:)

bu tomus seni in gynandyran

bu tomus seni in gynandyran we begendiren waka name boldy?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Begendiren zatlar kop boldy,

Begendiren zatlar kop boldy, yone "in" diyilyan soze dogry jogap tapasym gelenok, saylamak kyn.
Gynandyran zat 1-2 sany boldy, ol 2 sanysynyn arasyndanam "ini" saylamak kyn bolya.
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

ata aga täze blog

ata aga täze blog açaýmalyyyda.
Soň hem hemme agzalardan soraýmaly ekeniňiz...
saglygynyz

sen goshulma-how :) hmm,

sen goshulma-how :)

hmm, Bayram, filosofiki jogaplapsyn,munyn bolanok :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

MGU'da Musa Gurbanow diyip

MGU'da Musa Gurbanow diyip biri bardy. Tanayanmi shony Bayram..?? Olam himik bolmaly oz-a:)

Ol tashlap gaydipdir MGU'ny howa allergiyasi sebapli.. Belki habaryn bardyr. Hazir AUCA Komp. injenerchiligine giripdir.. Enteg-a goremok welin gorusherin-da:)

Musany gördüm we tanaýan,

Musany gördüm we tanaýan, ýöne ýüzleý tanaýan, sebäbi az görüşdik. AUCA näme bolýarka?
Görseň salam aýt!
PS Seniň görjegiňe seretseň, Gyrgyzystan bolmaly...
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Hawwa Gyrgyz'da.. AUCA -

Hawwa Gyrgyz'da.. AUCA - American University in Central Asia..

Bayrama aga, sen hemme zat

Bayrama aga, sen hemme zat bilyanmay?

---
DON'T WORRY, BE ZORRY!

Näme

Näme manyda?
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Baýram aga edil hemme zada

Baýram aga edil hemme zada däl ýöne gaty köp bilýää.. :-)
saglygynyz

usa-da PHD okaya diyip

usa-da PHD okaya diyip yazypsynyz,menden bashga hemmaniz bilyaniz oydyan PHD diyen zady nameligini,hich kim soramandyram on nameligini;
bilyan bolsanyz dushundirinda,name zat ol? diplommy? diplom bolsa biz tarapyn haysy diplomyna den gelya?

PhD=Philosophy Doctor PhD in

PhD=Philosophy Doctor
PhD in chemistry=Himiýa boýunça doktorantura.
Ors(sowet) sistemasy bilen amerikan(ýewropa) sistemasynda göni korrelýasiýa ýok. Orslarda diplomdan soň 2.5-3 ýyl aspiranturada okalyp k.h.n.(kandidat himiçeskih nauk=himiýa ylymlarynyň kandidady) bolunýa. Onsoň uzak ýyllar işläp, garrap, mürräňsoň, bir topar kriteriýalara deň geleňsoň "doktor nauk"(ylymlaryň doktory) bolýaň.
Amerikada bolsa 5 ýyl PhDni okaňsoň saňa "doktor" diýip başlaýalar. Bu sowet ekwiwalentdäki k.h.n.'den azajyk ýokarrakmyka diýýän, ýa belki şoldyram. Onsoň amerikan sistemasynda Dr. bolaňsoň-->Post. Doc. bolýaň 2-3 ýyl-->assistant professor-->associate professor-->full professor bolýaň.
Garaz, PhD - aspirantura/doktorantura. :)
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

goňşy blogda (dogurdym)

goňşy blogda (dogurdym) ýazanlaryňy görüp ýada düşdi, indi sen rekort goýduňmy ýa egale etdiň(deňleşdiň)?!
PhD haçan gutarýar?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ýo, Atamyrat aga, meň

Ýo, Atamyrat aga, meň doguranlarym makalalar. PhD edýän wagty kimiň näçe makala ýazanyndan habarym ýok.
Rekord diýenim, PhD qualification ekzamenleridi. Ony bir eýýäm tabşyryp boldum. Makalalar gaty wajyp geljekki işiň üçin, senagatda bolsun, professorçylyk bolsun.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!