UK Medeniyeti we Turkmenistan (Medeniyet mowzugy)

Salam Hormatly Agzalar!

1-2 ay onurak mana TC we TM-daki dostlarym UK we medeniyeti barada sorapdylar, ayratynam TC-dakiler. Olar mana bu yeri, medeniyet we ynsanlaryny gonuden-goni gorenligim sebapli, kabir soraglaryna tejribe hokmunde jogap bermegimi islediler.
Ynha olaryn gysgaca soran soraglaryndan biri:

-Bize Yewropanyn (shol sanda UK hem)
1-Ynsanlaryny;
2-Yashayish shertlerini;
3-Medeniyetini;
4-Howasyny(klimat);
5-Saglyk yagdayiny;
6-Bilimini we sistemasyny;
7-Ykdysadiyetini;
8-Jemgiyet yagdayiny

birazajygam bolsa dushundirip bilersinmi!? - diydiler. Men hem oz bilyanje zatlarymy yazypdym, men olara TC yazanlarymy TM terjime edip yazjak, siz hem oz bolyan yurtlarynyzyn yokardaky ayratynlyklaryny yazsanyz, biz agzalara durli ulkelerin medeniyetlerini onat edip tanadarsynyz diyip umyt edyarin!

Sag bolun!

Telpekler (1 kisiden 2 sany)

Bu yazgi ucin

  • Balkan 2 telpek goyyar we yazyar: "Gowy yazypsyngyz! Dowam eding..."

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Saglyk

Bu yerde dowletin saglyk senagaty TC-nin, hatda TM-nin hem saglyk senagatynyn yzyna eyermeyar. Hususy bolnisalary bolsa, yeterlik pul bersen, shu iki dowletinkiler bn den derejede seredip bilyar, belki, has onadrak. Dowletin NHS (National
Health Service)-i yekeje soz bn "biderek". Dish ya-da gulak
agrysyndan oljek bolup dursanam, onunden habarlashmany ucin (appointment=randevu) yuzune-de seredenoklar, shol sebapli, ya tel bn ya-da maildir hat bn belli bir wagt ucin orun almaly bolyar. Dish agyrysy bn goni barsan, "1 ay sony ucin gelay" diyip, "olsen olup gec!" diyen yaly yzyna iberyar icini yakyp, olsenem pinlerine dal. Biribar hassalyga ducar etmesin bu ulkede, gysgacasy! Birem NHS-e agza bolmaly ilki bn ozune seretdirmek isleyan bolsan, TC aytmyshlayin, "Olme eshegim, olme!"

umumy yashayish

Ynsanlar paragrafynda bolshy yaly, umumy yashayish shertlerine oran ishdali ynsan toparyna eye bu taraplar. Sportdan cinemalara, bar-yndan disco-laryna, turistik gezelenclerden pikniklerine, iyip-icgisine, dync alyshlaryndan gun yakmasyna (sunburnt), yoremekdir ylgamagyndan yuzmesine,..., we sh.m. gornushlere bolan isleg oran kop we hic gen gormeyarler sheyle yagdayi, tersine guwanyarlar. Hemmeler oz gazanclary bn yokardakylary arkayin yerine yetirip bilyarler. Birgiden umumy dernek(?)leri bar, kilise(church)leri bar, yone bu wagtlar, hepde-de 1-je gezegem bolsa gelyan tapylmany ucin, shaher merkezlerindaki uly-uly kiliseleri satyp bardyr diskolara, kabirleri bolsa sheyle owadan metjitlere owrulipdir. Munyn dashyndan
hususy we umumy edaradyr karhanalar hem-de jemgiyetcilik merkezleri (community centres) sayasynda programmalar bellap gutlayarlar, yaryshlar yglan edyarler, seminarlar, konferanslar, gezelenc we piknikler organizasiya edyarler, serhosh we dali-telbe bolup gowunlerini hosh edyarler :)
Ay, garaz, ozlerice keyp almany bilyaler-da :)

Bezirgen :)

UK-da Bezirgen hem barmyka, bu paragrafy welin yazyp biljek dal hazir :)
Bezirgen jan, mana dushunenin ucin oran minnetdar we mana bu blogda goldaw berenin ucin bolsa, ayratyn sag bolsun aytmak isleyarin, azajygam bolsa, yekeje telpek hem sowgat etmekci :)

PS: Hazirlikce Yewropa medeniyeti barada bular bn boldy etmekci, belki, yalnyshlyk bn 1-2 zat goraysem, yene-de bu yere jyklap, 1-2 zat hem cyrsharyn, nesip bolsa!
Sag bolun!

Transporty

Bu yerde transport illerin tersine, yagny, maşynlar öne çepden gidip önden bolsa sagdan gelyarler, ay, durshy bn ters how bular :) Prizleri (tok ötürülyan yer) hem iki dal-de 3 deşikli how, poyezd ugry hem ters. Masşynlary bir-birini TC-daki yaly 'sollanoklar', tersine 'saglayalar' :)

Özara şaherlerine gitmek üçin in amatlysy awtobus bn gitmek. Naçe ön bilet alsan, şonça arzan bolyar, meselem, Glasgow-London üçin 1 ay önünden poyezde bilet gidiş-geliş £25-30*a (40-50$) çenli düşyar, a 1-2 gün önünden alsan welin £94 (190-200$) bolmaly, awtobus 1 ay ön gidiş-geliş £12, 1-2 gün ön bolsa £35 toweregi bolyar, elbetde, biletler internetden satyn alynsa, göni barsan welin, has hem gymmat, awtobus gidiş-geliş £60 bolyar.

Yöne barde maşynlaryn bahasy arzan! 96 model Germanskiy maşynlary £500 towerege tapsa bolyar.

Ykdysadiyeti

UK-yn kan senagat sektory yok hem bolsa, polıtıkalary bn dünyani alyp düşyaler bular, ayratynam, inlisler. Mortgage, council tax, Rod tax, car, home, person, work,..., insurance we sh.m zatlar bn hokuwmet(governmentler) öran güyçli bolyalar.
BP hem nama degenok. Ay, bu barada kan zat yazyp oturmayin, bilemogam, galyberse-de, ya-da yalnyş bilyandirin

unudypdyryn :)

barde şeyle bir hytaylylar kan, yirtyk haltadan dökülyan yaly, nira barsan önünden çykyalar-how!
Olardan son bolsa, Türkler gelyar. Türk diysen göni 'ha, kebab' diyyaler :)

ha-ha-ha

ata22, sonunda geldinmay, hoshgeldin!
Meni goldanyn üçin sag bol!
Menin dişim agyrsa-da, shol yagdayi bilemson gitmandim, ozumdenem bilyanle!

TM-UK

Men mowzugyn adyny deneshdirme babyndan yazypdym yone TM barada hic zat yazmadym, yene-de yazmaga gerek yokmuka diyyan, sebabi, TM-nyn durli yagday we tazelikleri barada bu forumyn kop blog we commentlerinde oran kop zatlar yazyldy!

PS:Onler mana "commentlerin uzyn" diydiler, son yakynlarda, "name ucin blogyn ashagyndan 3-4 sany comment yazyan, birleshdiraymeli ekenin" diydiler. Men bu blogda name etjegime karar berip bilman esli pikirlendim, son bolsa, her mowzuga gora comment yazmaga karar berdim, gysga ya-da uzyn bolsa, 1 cemce ganymy gecewerin!

Sag bolun!

UK da saglyk guramalari

ata wrote:

.
Dowletin NHS (National
Health Service)-i yekeje soz bn "biderek". Dish ya-da gulak
agrysyndan oljek bolup dursanam, onunden habarlashmany ucin (appointment=randevu) yuzune-de seredenoklar, shol sebapli, ya tel bn ya-da maildir hat bn belli bir wagt ucin orun almaly bolyar. Dish agyrysy bn goni barsan, "1 ay sony ucin gelay" diyip, "olsen olup gec!" diyen yaly yzyna iberyar icini yakyp, olsenem pinlerine dal. Biribar hassalyga ducar etmesin bu ulkede, gysgacasy! Birem NHS-e agza bolmaly ilki bn ozune seretdirmek isleyan bolsan, TC aytmyshlayin, "Olme eshegim, olme!"

Salowmaleykim mahriban gyzlar we oglanlar!
Ata nin yzy uzulmeyan owgulerinden sonra men hem bu yere girmeli boldum :)
Atanin NHS barada yazan yazgylary megerem menin dushen yagdayimdan bash alyan bolmaly. Dogrudanam iki sapar erbet gulagim agirip yatdim. Gozume uky girenokdy, doktorlara "Yatyp bilemok agyrsyna chydamok, bir zat edin" diysem , gulaguma bazarda satylyan 5 mun manatlyk lampani tutan bolup "Infeksiya, gecer!" diyen bolyalar.
Garaz hic hili peydalary bolmady. Shu tayda kesselemekden Alla gorasin!

Ata aga,Hytaylilaryn

Ata aga,Hytaylilaryn Hytaydan son in kan yeri San Francisco..Men 1 yil yashadym ol yerde,tas ozumem Hytay bolyadym:)
"Bu dunyade bir garyp ya-da bir yolagchy yali bol." Hadys

şol yerin taksilerinin

şol yerin taksilerinin renkem ters,hemme sary bolsa olarda gara diyip eşitdim. dogrumyka?
_______________________________________
nice insan gördüm,üzerinde elbisesi yok.
nice elbise gördüm içinde insan yok

Hava, pyshdyl yaly,

Hava, pyshdyl yaly, "kerpich'den orulen" sheklinde renklenen
taksiler kopdi Glasgow'da, background'lary gara renk'ti sholarynam, yone hemme taksinin gara renkli bolup-bolmanlygyny bilemok..

umuman, bardaki dowlete

umuman, bardaki dowlete degishli taksilerin renki gara. Onun dashyndan ozbashdak taksiler hem bar, olaram belli gurama ya-da guramalara degishli bolmaly. Ynha, olar welin in sonky model we marka mashynlar, mercedes, bmw, opel, audio we sh.m. olaryn renki oz renki bolyar, ne gara, ne-de sary!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ynsanlary - ndan bashlayayin:

TM we TC dakiler bn deneshdirsen, oran demokrat ynsanlary bar. Hic kimin bashga biri bn ishi yok, arkayin iyip-icip, donup-yikylyp, islan zadyny geyip yashap yorler.
Hepdanin 5 guni "eshek yaly ishlap", hepdanin sonky 2 guni "malim haywan" yaly shol 5 gunluk gazananlaryndan has kop mukdarda pound (£) harjamany hic zatca-da gorenoklar. Olaryn gidyan mekanlaryndan pub, disko, gazino, restorant, night club, cinema, park yerleri, az hem bolsa piknik yerleri, yuzme howuzlary we sh.m. bulardan birnaceleri.
Weekend/hepde sonlarynda shaherin kocelerine cykmak howplyrak bolyar, sebabi, bular sherap gornushlerini suwdan beter icyarler, we shol gunler dasharda, parklarda, cinema we diskolarda,..., birgiden serhoshlar bolup suyrenip yoreni haysy,yagysh yagmasa-da ustuni hapalap, awtobus duralgalarynyn duybunde myjjyk jalbary bn duyrulip yatan garrylarhaysy, hatda, awtobusyn icinde-de sheyle pis hereketlerine dowam ederler,ellerinde vodka cuysheleri bn in casly yagdayda cykaryan sesleri bn. Shol sebapli oran dykgatly bolmaly bolyar shol gunler.
Yene shol gunlerde kabir yash gyz gruppalary onlerinden cykan oglanlardan posa alyp gelyaler, men bolsa 1 duralgadan beyleka, ya bolmasa kocanin beyleki tarapyna gacyp aylanyp yorendirin :)

"Kamil ynsanlar ne dilleri, ne-de elleri bilen beyleki ynsanlara ziyan yetireler!"
Kamil ynsan bolmak dilegi bilen!a

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Dine erbet taraplaryny yazanam bolsan sagja bol!"

yashayish shertleri barada...

Barde yashayish shertleri oran kyn, ya-da beyik beyleki ulkelere gora. In az aylyk ortaca 1500 $ toweregi. Elbetde, dowlet ishgari bolup yilda 150 000 $ alyan ulyrak doktorlaram bar, milletwekilleri(mejlis agzalary) yilda 120-130 000$ toweregi diyip cykypdy birnace yil ozal gazetde. Shona gora-de pul sowushyklyk bar. Bu yere
dasary yurtdan gelen bolsan, Yaponlar we kabir Yewvropa hem-de
Araplar yaly bay bolmasan, ishlemek mejbury bolyar,
cunki pul cydamayar. Bay-garyp arasynda uly tapawut yok, gownuyetmezcilik de. Hemmeler birek-birege hormat goyyar, TC-daki yaly gompuldap yorenoklar, kro herif(ler).
Mashyn, oy we sh.m. zatlar satyn almak ansat, ortaca aylyk alyanlar arkayin alyp bilyar, sistema shona gora duzulen bolmaly. Mashynlar, ayratynam arzan yone benzin welin sheyle gymmat : 600$(mashyn) - 4$(1 lt benzin)

"Kamil ynsanlar ne dilleri, ne-de elleri bilen beyleki ynsanlara ziyan yetireler!"
Kamil ynsan bolmak dilegi bilen!

Sagbolung!

Ata agam ,sag bol!UK hakynda birzatlar owredeningiz uchin.

naharlary...

Bu yerde, elbetde, shu yerdaki hemme agzalarymyzyn bilishi yaly, porkdyr ham we sh.m. zatlary iyyaler koplenc. UK-yn umumy milli naharlary bolsa balyk we kartoshka (fish&chips) bolmaly, haysy shaherinin kunjeklerine cenli barsan gormek bolyar.
Onun dashyndan bular oz oylerinde nahar bishirenoklar. Dashardan gelen Hindistan we Pakistanly ynsanlaram bulara eyerip, yash gyzlary barjak arlerinin dashardan nahar iymage mejbur boljagyny onunden aydyp bilyar, Bayram aga bu yerde bolsa kyn-a bolar :)
Ay, garaz, aylanayin TM zenanlarymyzdan we TM naharlaryndan!

geyim-gejim

Bu babatda bolsa, Uk-yn tekstil sektory hijem osmandir. Shol sebapli, beyleki Yewropa dowletlerinden, birem TC-den egin-eshik getirip satyarlar. Cakynyzyn tersine, ol yerdaki egin-eshiklerden has arzan baha satylyar, muna welin gen galdym!

UK

ata wrote:

Bu babatda bolsa, Uk-yn tekstil sektory hijem osmandir. Shol sebapli, beyleki Yewropa dowletlerinden, birem TC-den egin-eshik getirip satyarlar. Cakynyzyn tersine, ol yerdaki egin-eshiklerden has arzan baha satylyar, muna welin gen galdym!

Belki hem dowlet politikasydyr sheyle etmek?
UK bilshime gora Banking de guychli.
Dunyanin 3 nji uly banky HSBC(Hong-Kong Schanhai Banking Corporation) sholarynky.
We nebit-gazda hem guychli.
Shu pudakdaky in uly 3 firmadan 2 si yagny BP(British Petroleum) we Schell( aslynda bu UK-Netherlands ortak firmasy)

Shunca pul bolsa sende, tekstili satyn alsan hem bolar bashga yurtlardan...
Bilshime gora, UK de oba-hojalyk pudagy hem hich yok, dowlet politikasy, yarym bolanyndan hich bolmany hem gowy diyyandirler...

bilim we terbiye...

barde bilime uns beryarler, elbetde, isleyan sheyle onat peydalanyar, islemeyanler bolsa, liseyi zordan gutaryp okuwy tashlar we ishe okdurylar, tamizlikci, ashcy, garawul, garson, we sh.m. Uniwersitetleri sheyle kamil bilim beryar, yagny, politika hic-hili okuwa garyshdyrylman, modern tehnologiyany hem ulanyp, logiki taydan has sagdyn bilim beryarler, politikany siyasatcylara tabshyryarlar :) Shol sebapli, dunya uniwersitetleri arasyndaky deneshdirme we sanawda ilkinji onlukda 3-4 uniwersiteti bar diylip nygtalyar. Oxford, Edinburgh we sh.m. uniwersitetler muna mysal. Yone, okuw ucin pul yagdayi Yewropa Birligindaki talyplar ucin elyeterli (7-8 mun $) bolsa-da, Deniz otesinden (overseas) gelen talyplara oran gymmada dushyar(yillyk=20 000$ gowrak). Bu yerde stipendiya tapmak bolsa, milyonda 1 shans diyleni yaly. Garaz, bilimde kan soz yok bulara! Men yaly copanlar okuwynyn dashyndan part time (az wagtlayin) ish tapyp gazanaymasa, yanyndan barar yaly hem dal yone :)

shell

Shell USA-nyn firmasy diyip bilyardim, ya men yalnyshyanmy?

Shell

ata wrote:

Shell USA-nyn firmasy diyip bilyardim, ya men yalnyshyanmy?

Dal.
Exxon Mobile-in uly nebit-gaz firmasy sho USA-nki.
Bashgada Chevron-Texaco USA-nki.
Yone Shell 2 dowletin firmasy. UK we Netherlands

howasy

Tebigaty yap-yashyl, Bursa-da gayra dur diyyar:) Umuman, howasy sowuga yakyn mayil, gyshlary TM-nyn sowugyna menzeyar kamahal, yagny, sowuk we kesiji shemallary helak edyar kamahal. Ayratynam, gar we jowenek yaganda. Gulak we burnunda jayryga sebap bolmasa-da bari yany edyar, zaluwat :) Ay, krem bn shanik etse bolyar-la bu problemany.
UK-yn in demirgazyk shaherleri Inverness we Aberdeen. Bu iki shaherde has hem sowuk oz tasirini gorkezyar we kop gar yagyar. Aberdeen Shotlandiyanyn in uly 3-nji shaheri, shol bir sanda, butin Yewropanyn Petrol Merkezi shaheri. Hatda bu yere Schlum-yn TM talyplary gelip bu yerde talim alyp gidyarler praktika boyunca. Hazirem bolmaly sheyle talyplar, yone men gormedim. Deniz kenary, shol sebapli, uly gami portlary bar!

tuweleme...

bu babatda ylmy gozleg gecirdin oydyan, Bezirgen jan! Ha, Durdyshkanyn salamy bar sana, hali janlashdyk :)

Telefon

ata wrote:

bu babatda ylmy gozleg gecirdin oydyan, Bezirgen jan! Ha, Durdyshkanyn salamy bar sana, hali janlashdyk :)

Ikinizin arasynda gechen telefon gepleshiginde men name ishleyan?
Salam aydyn Durdy aga.

ol

Harezmi wrote:
ata wrote:

bu babatda ylmy gozleg gecirdin oydyan, Bezirgen jan! Ha, Durdyshkanyn salamy bar sana, hali janlashdyk :)

Ikinizin arasynda gechen telefon gepleshiginde men name ishleyan?
Salam aydyn Durdy aga.

Men bu sayty reklama edip agzymdan bal akdyrdym welin, olam :"Men giryan-a, seredyan mowzuklarynyza, shol yerden birje tanyshym Harezmi bar! salam ayt!.." diymezmi, ynha, shol sebapli, ikimizin tel gepleshigimize sen hem islemesenem burnuny sokdun :)
PS: Agyrrak yazaydym oydyan, bagyshla!

Ata aga

ata wrote:
Harezmi wrote:
ata wrote:

bu babatda ylmy gozleg gecirdin oydyan, Bezirgen jan! Ha, Durdyshkanyn salamy bar sana, hali janlashdyk :)

Ikinizin arasynda gechen telefon gepleshiginde men name ishleyan?
Salam aydyn Durdy aga.

Men bu sayty reklama edip agzymdan bal akdyrdym welin, olam :"Men giryan-a, seredyan mowzuklarynyza, shol yerden birje tanyshym Harezmi bar! salam ayt!.." diymezmi, ynha, shol sebapli, ikimizin tel gepleshigimize sen hem islemesenem burnuny sokdun :)
PS: Agyrrak yazaydym oydyan, bagyshla!

Yok how ata aga, naman bagyshlasy, Hich zat yokla.
Siz hem 2 sozunizden biri " gownunize degen bolsam bagyshla" bolup duray :)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Wah, Bezirgen jan, mana dushunenin we mana goldaw berenin ucin, sana telpejik goyyaryn, sag bol!"

Demirgazyk Okeany - Aberdeen portynyn yanyraklary

Image Hosted by ImageShack.us

portdan biri

Image Hosted by ImageShack.us

Demirgazyk Okeanyna baglayan Dee deryajygy

Image Hosted by ImageShack.us

Image Hosted by ImageShack.us

London_Eye Tower

London_Eye

Image Hosted by ImageShack.us

Tower Bridge

Image Hosted by ImageShack.us

LONDON-yn Parlament(Mejlis) binasy:

Image Hosted by ImageShack.us

sonam goyaymagym ahmal,

sonam goyaymagym ahmal, name, moonwalker diyer-de, men diymenmi :)
Galyberse-de, pulynyn hummetini hem yazmakcy, belki-de, taze blog acyp, dunya ulkelerinin pul hummetlerini deneshdirmelidir, hatda, umumy kabir harytlaryn bahasy bn!
Hany goreli, biri acmasa, menin acaymagymam mumkin:)

UK

UK-y tanadanyn uchin sagja bol Ata aga, yene-de gyzykly zatlar bar bolsa yazyber. Gyzykly zatlar yazypsyn tuweleme.

Where is Hereket, There is Bereket!

:)

Ay, Repa, men gowja-lay :)
Hytaydakylary Hytayi, Yaponiyadakylar Yaponiyany, US-dakiler US-y, Rossiya, Ukraina, Rumynya, Turkiye, Kanada, Turkmenistan, Gyrgyzystna, Gazagystan we sh.m. ulkelerdaki agzalarymyzam tanatsa amatly bolar, Bayat-Hajy mana yrsarap gecyardi, yazsynd-a Hytay barada-da :)
umuman, ensalla, zat tapsam, yene-de bir gezek nygtayan, goymakcy!

Aberdeenshire we Glasgowdan

1-

2-

3-

4-

5-

6-

7-

8-

gogelelik(amateur) :)



1-nji video nirede

1-nji video nirede dushurilen ?? Yaman tanysh geldile...
Vii, Glasgov'daky deryajygyn ady nameday ?? Men oldur yadima salyp bilmedim,
yogsa universitet hem shol deryan adynady velin...

Abe

Mergen, ikisi hem aberdeen shaheri, Glasgowyn suraty bardy, 20nji bolmaly oydyan, tazeden jyklap, takyk aydaryn!
Glasgowdaky deryajygyn ady Clyde River :)

1-2-3-4-http://img176.im

1-

3-

4-http://img176.imageshack.us/img176/6219/dsc00442xr5.jpg

5-

6-

agam ol video name how?

agam ol video name how? :)
geçenki Koreyeli oglan yaly video düşürip.. birhili men-a dogrymy aytsam gorkup gitdim :))

:)

ay, hacan oljegim belli dal, belki-de hoshlashykdyr !?

UK

wiy, UK(United Kingdom=Beyik Britaniya=Great Britain)-yn nace ulkeden ybaratlygyny yazmandyrynmay, hemmaniz bilyansinizdirem welin, ynha olar:

1-England(Angliya=Ingiltere);
2-Scotland(Shotlandiya=Iskocya);
3-Ireland(Irlandiya=Irlanda);
4-Wales(Galler)

Birem shu bar!!!

Birinciden-a yokardaki suratlarin kopusi mana tanysh?:) Name uchin?:)
Howa, men dish doktora gittim. Dowlet hassahanasyndan gorushme wagty aljakdym gonu 2 ay sona berdiler. Son men mecbury hususy dish doktoryna gitmeli boldum, 2 gunde 2 dishimi goparyp 2 dishime bulamba guydular. Nyrhy: GBP400=800$= 20 000 000 TMAN. Oy oy oyyyy.
Gel ildesh balyk awlamana gideli, bu ish barde gutarsyn, yor!

3-Shaherler arasy awtobus

3-Shaherler arasy awtobus terminalyndaky(duralga) wagt cyzalgasy:

4-Pishigini yitiren birinin duralgadaky yglany:)

5-Kop yeri sheyle:

awtobusda tel-im bn dushurdim:


Uly yolun gyrasyndan bir

Uly yolun gyrasyndan bir gornush:

uzakdan gala gorunyar depan ustunde:

Meshhur shahsiyet, William Wallace(Braveheart)

Yelpewac (yolun gyrasynda):

Scotland-yn tanymal yerleri:

Aberdeen:

1-Uniwersitetleri:Aberdeen uni we Robert Gordon uni;
2-Beach(north sea);
3-The Oil Capital of europe bolmagy;
4-Granit City diylip atlandyrylmagy;
we sh.m.

Edinburgh(sanardan kop ol shaherin owadanlygy, gysgaca):

1-Paytagt;
2-Zoo(oran onat diyyaler);
3-Botanic Garden(men-a hayran galdym)
4-Akwarium(denizin ashagynda akwariuma ynsanlar giryar we denizdaki balyklara seredyaler, oran onatmysh)
5-EU-da yzly yzyna 3 yil in owadan we tamiz shaher secildi)
we sh.m.

Glasgow:

1-Scotlandyn in uly shaheri;
2-Glasgow we Stracthclyde yaly meshhur unileri bar;
3-SECC bar (meshhur)
4-Endustry shaher;
5-Transport museum bar;
6-Bashga-da onat bir muzeyi bar;
we sh.m.

Birem, Dundee, Perth, Fort William yaly oran owadan shaherleri bar.

Dünýäde

Dünýäde konstitusiýasy(anaýasa) bolmadyk ýeke-täk ülke UK (United Kingdom=Beýik Britaniýa) ekeni, geň zat?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

bärde hassahanada gan

bärde hassahanada gan bermek amatly ekeni, eşidişime görä 1 gezeklik gam bereniňe 40 pound (sterling) berilýär ekeni, olam 80$ diýmek bolýar. Aýda 4-5 gezek gan beräýseň, başga zadam gerek däl :)

TM-däkiler muny eşidäýse, bärik akarlarmyka diýýän :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Gan tabshyrylanda 1 gezekde

Gan tabshyrylanda 1 gezekde 300 ml gan tabshyrylyan bolmaly, onson ayda 1.2-1.5 l artykmach ganyn bolar oydyanmi ? :D Ol gany yasamak uchin, beren pullaryndan has kop chykdayjy edip, gan kopeldyan her zat iymeli bolaymasan, yogsa hachan gorsen ysgynsyz gezip yormeli bolaymasan...

Hawa, men ulaldyp aýtdym.

Hawa, men ulaldyp aýtdym. Aslynda, pul möçberini görüp, gäbim azyp, şonçany berermikäm diýipdim welin, asyl men gan berip gören haryt däl-ä :) Halamok gan aldyrmagy, ýöne biri ölüm ýassygynda bolup, meň ganym gerekli bolsa beräýmesem :)

Ynsanda ortaça 8 lt gan bar diýip eşitdim, her aý 1.2-1.5 lt berseň, onda zadam galmaz :) Aslynda, her gan bereňsoň, elbetde, iýmitlenip, beren mukdaryňda gan ýene bedene geler welin, onça-da berip bolmaz, elbetde. Men-ä gan görsem bolamok, medisinada işleýänlere "şapka" goýýän-ow, nädip ýürek edip işleýäkäler :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Asb-London ya-da

Asb-London ya-da Asb-Birmingham biletleri gidish-gelsih 14.500.000 manat (1000$) bolupdyr. Indi gidish-gelishler biz ucinem kynlashar. Onler US-dan gelyan turkmenler yaydanyp gelyar diyyardik, bizem shol hatara goshuldyk.

Men dushunip bilemok. Gelmesine geleris welin, 1 yil on 170$, 2-3 ay onurak 330$ bolan bilet, sheyle gysga wagtda 1000$-a cykayyar. Haysy plan boyunca sheyle bolyarka?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Kulturnyrak yazmaly bolsak

Kulturnyrak yazmaly bolsak BARDAKIZATION diyilyar şo plana, Ata aga :-)

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: ":))"

Turkmenistan-Turkiye

Turkmenistan-Turkiye gidish-gelish bilet bahasyny bilip berip biljek yokmay ??

P.S. Turk howa yollary TM-TR-TM 360$ toveregi dalmidi ?? T.e. 1 tarapyny 200$ toveregine berenokdylarmy ?? Yanyja internet sahypalaryndan seretdim, dineje Istanbul-Ashgabat 598 YTL = 490$ diyyar, Istanbul-Ashgabat-Istanbul bolsa arzany 756 YTL = 622$. Studentler 2-3 yilda 1 gezek oylerine gidip gelaymese indi.

Mylayim, Turkmen howa

Mylayim, Turkmen howa yollaryna jan edip bilip bilmersinmi Ashgabat-Istanbul-Ashgabat gidish gelish puluny ?? We Jemal uchin Ashgabat-Moskwa-Ashgabat ?? 1 gayrat etsene..

1 tarapy 5 mln dagy bolan bolsa, ishimiz gaytdy.

Ashgabat-Almata

Ashgabat-Almata gidish-gelish biletlerini arzanladipdirlar.. 8 milyondan 5 milyon towereklere gelipdir taliplar uchin..