Desant

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Ashakda yorite tayyarlyk gechyan bir esgerin gundeliginden bir parcha.Tayyarlygy gush fermasynda gehcyarler...

1.gun. Bizin otryadymyza polkovnk geldide bizin taze yorite duzulen programma boyuncha tayyarlnajagymyzy aytdy.Tayyarlygyn sonuna chenli hich kim diri gitmeyar.Narazylar raport yazsynlar,birinji bolup atylarlar.
2.gun.Serjant geldi.Biz b/n onun hut ozunin meshgullanjagyny aytdy. Nindzalaryn tehnikasynda duzulen sekretnyi programma boyuncha tayyarlyk gechyars.Mysal uchin demir yol relsini kellesi b/n dowup we demir kaskany iyip gorkezdi.
3.gun.Polkownik atylmak barada oyun edipdir.Hichle,entak goreli,bizem oyun eders.
5.gun.Bobrlaryn skorostnoy metody boyuncha chukur gazyp ustunden bokmani owrendik.Agshama chenli 8 metrlik chukurlardan bokup gechmani owrendik.
7.gun.Bokmek has ansat bolar yaly serjant,chukurlaryn ustunden tikenekli sim gechirip chykdy,shon uchin hemmamiz 15 metre bokmani owrendik.
9.gun.Hayatlary bokmani gechdik.Iki metrlik b/n kynchylyk chykmady.Yone serjantyn payhasy,tikenekli we elektrikleri simlerin komegi b/n uch metrlikleri bokmani owrenmegi bashardyk.Agsham otryadymyzyn yarsy shahere gachyp gitdi.
10.gun.Yorite gurlushukchylar geldide hayaty 7 metre chenli beygeltdiler.Bu gun 5 metrlik beyiklige chenli bokmani owrendik.Agsham yene 20 kishi gachyp gitdi.Eger hayaty bokup gechip bolmayan bolsa,uchup gechip bolyar.Darili tizlendirijin komegi b/n.
11.gun.Diwardan yoremani owrenyas.Kan bir onaramyzok.Serjantyn aytmagyna gora in sonky maymynam diwardan yoremani owrenip bilyarmishin.Bir chare tapjak diydi.
12.gun.Erbet yoramzok,yone kop yere gachyas.Serjant yerde chuyli tagta goyup chykdy.Berdi birinji bolup yikyldy.chuylen kopusi eplendi.
13.gun.Indi gowy yoreyars.Geldi beyiklikden gorkyar shon uchin 6.etajdan son titrap bashlayar,yone gachanok,sebabi serjant erbet etjek diydi.
14.gun.Ertir bize fermada aylanmana rugsat beryarler.Yone kabir yerlerde bize yorite syurpriz goyjaklaryny aytdylar.
15.gun.Serjan yap-yashyl yuz b/n geldi.Durdynyn tapyp bashga yere duzen duzagyna dushupdir.Agsham uyshup hemme duzaklary gozlap tapdyk.Chydap bilmani hemmesini in gyzykly yerlerde gurup chykdyk.
16.gun.Serjant yene iki snay duzaga dushupdir,yany kraskalanan hameleona menzap dur. Chemche we vilkalary zynmany owrenyas.Pychagy maymynam zynyp bilyar. Ertir zontik zynmany gechyars.
17.gun.Zontik zynyas.Gowy zynylan zontik 1cm galynlakdy fanerany 20 metr dashykdan deship bilyar.Serjantymyz bolsa 100 metrden deship gorkezdi.Onun aytmagyna gora titandan yasalan spicily zontiklar b/n kerpich diwary dowup bolyar.Agsham gurshun kerpich tapdyk.In yakyn oba baryp bir towuk ketekde barlap gorduk.
18.gun.Komandir geldi.Obada bir towuk ketege meteorit gachypdyr.uch sany towugy olduripdir,jesetleri entagem tapylanok.Yeleklerini yignap muzeye beryalermishin.
19.gun.Dushmanyn arkasynda gorunmeyan bolmagy owrenyas.Ika bolunip bukuldym oynadyk.Serjant sudya boldy.Ayagynyn ujuna dushenleri 10 metre chenli beylak ugradyar.
20.gun.Dine gorunmeyan dal,eysem eshidilmeyan bolmagy hem owrenyas,sebabi boynumuzdan jan asdylar.Bira serjantyn chilimini ogurlapdyr.Serjant hemmamizi barlap chykdy,chilimi Berdi alypdyr,yarysyny eyyam chekibem yetishipdir.
22.gun.Chemcheler b/n uchyan obyektleri kakmany gechyas.Jamlary kakyas sebabi tarelkalar derrew gutardy.Owrenen zatlarymyzy uchup baryan gazlarda barladyk.Son muncha eti name etmeli diyip kan kelle dowmeli bolduk.Oba ertip satdykda arak aldyk…
23.gun.Dari azalyar.Indi biri-birimizin egnimize munup diwardan gechyas.
24.gun.Bu gun iymit zapaslaryny kopeltmek uchin dashary chykdyk.Generalyn mellegine girip garpyz we gawunlardan yuklenip gaytmak tabshyryldy.Tabshyrygy hemmamiz yerine artygy b/n yetirdik.
25.gun.Irden general geldi.Elleri,ayaklary titreyardi.Yarym litr spirt b/n kosheshdiremizden son gurrun berdi.Duyn onun mellegine arwahlar gelipdir.Hemme gawun-garpyzlar gayip bolupdyr, hich hili yz tapylmandyr,hich kim hich zat gormandir, eshitmandir.Beter gynanmazlygy uchin agsham gidip yarsyny yzyna ekip gaytdyk.
26.gun.Yene general geldi.Titrap hich zat gurlap bilenok.2 litr arakdan son zordan gurrun berdirdik.Arwahlar yene gelipdir.Agsham mellegindaki zatlar tazeden osupdir,ortada-da 12 metrlik agach osupdir.Durdy garshydashyn dushunmezligi uchin chynar ekipdir.
28.gun.Bir samsyga serjantdan desantlan haysy avtomady gowy goryanligini sorady.Muna gahary gelen serjant iki yarym sagatlap hemmamize lekciya okady.Chynnaky desantnik bir chuy b/n tutush rotany yok edip chykmaly.A her hili pistoletdir awtomatlar bolsa dine biderek tursuguni ashak chekyar.Dogry zynylan oturguch vertolyety yikyp bilyar.A eger oturguchun ayaklary titandan bolsa tankam hezil etmez.
29.gun.Ok atmany owrendik.ellerimiz b/n. Geldi 100/100 nyshany uryardy.
30.gun.Uraa!!!Bu gun polkovniki tutduk.Ayagyna kerpich dandykda stolban depesine chykardyk.Ashak ozi dushup bilenok,bizinem dushuresimiz gelenok.
31.gun.Dishimiz b/n ok tutmany owrendik.Garpyzyn shaniklerinde turgenleshdik sebabi chynnaky oklary yumshak we seresap b/n tutmaly.Biz bolsa entak on yalak onaramzok.Polkovnik her yarym sagatdan gygyryar,shona gora sagadymyzy barlap bashladyk.
32.gun.Sowuk yarag b/n soweshmegi owrendik.Has dogrusy shvabra b/n gylyjyn yerine.Gylych dine ellap we ysgap gormek uchin…polkovnige bir paket banan okladyk.Ol dine bananlary dal pakedam iyipdir.
33.gun.Bu gun ujuna gurshun yuk dakylan yup b/n soweshmegi gechyars.Berdi yalnyshyp birden potologa chenli uchdy.Ondan son serjantymyzyn depgilerinin komegi b/n bizem uchup bashladyk.Agsham potolokda yorap sinekleri pitiklap oynadyk.Beyle hezillikden sineklen gozleri 1000 manatlyk tenne yaly boldy.
34.gun.Polkovnik stolbadan yikyldy.Dun biz ony naharlamagy yadymyzdan chykarypdyrs,oda kerpichelri iyipdir.Serjant bize kerpich iyip owrenmegimizi gechers diydi bir gun,yone shu wagt programmada yok.Agsham oz aramyzda tuykurip sinek tutmakda yarysh gechirdik.
35.gun.Bu gun aynaly diwarlarda yoremani owrenyars.Saklanmak kyn yone gachmajak bolyas.Chuye gachmak agyrdanok,yone serjant chuyleri yzyna gyshartdyryar.Agsham ichimiz gysdy.Hemme sinekler bir yeriga gidipdirler.Tarakanlary gozlap bashladyk.
36.gun.Tutan tarakanlarymyzy gok renke boyadykda zoomagazinde satdyk,Madagaskardan getirilen moyler diyip.Alan pulumuza arak alyp gaytdyk.Yolumuzun ugruna generalyn melleginden iki sany gawunam aldyk.Derwezedaki itlerede arak joshduk.
37.gun.Ot orduk.Ellerimiz b/n.Sebabi orak b/n in sonky maymynam onaryar.Yene general geldi.Itleri kesellapdir.Dushundurdik.Vitamin yetenok.Agsham uch halta otumuzy alyp gitdi.
38.gun. Bu gun towuk ketekdaki tayyarlygymyzy gutaryas.Biz serjantdan nira gidyanimizi soradyk,yone ol hich zat bilenok ekeni…

Telpekler (9 kisiden 13 sany)

Bu yazgi ucin

  • Atamyrat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Amanmuhammet 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Balkan 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Hajyjan 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Haliden bari name ucin okamandyryn, samsyk boldum-a :) Ay,Mekan jan, dash edipsin, generala we polkownige gynandym! Dowamy yokmay :)"
  • BlueDomino 5 telpek goyyar we yazyar: "ha-ha-ha :))))"
  • moonwalker 1 telpek goyyar we yazyar: "içim gyryldy gülmekden..."
  • garabekewul 1 telpek goyyar we yazyar: "ine sana desantny voyska..3 gezek -ha"
  • Belle 1 telpek goyyar we yazyar: "haha.. :)"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Mekan muny nirden

Mekan muny nirden tapdynay?Chynmy? Türkmenistanda bolan zatmy?

Yanyp duran Ataş men sönmenem begler

yok,how.muny men orslardan

yok,how.muny men orslardan gochurip,kabir yerlerini uytgedip terjime etdim.

Ayoww:D Anyrda Berdi diyyan

Ayoww:D Anyrda Berdi diyyan oglan bar weli,türkmenmika öytdüm.

Yanyp duran Ataş men sönmenem begler

ozume zor salyp guljek

ozume zor salyp guljek boldum, yone gulup bilmedim , hich gulkim tutmady, kopusing manysyna dushunmedim

_____________________________________
Live in the present, not in the past

Biraz uzynrak bolupdur.shuny

Biraz uzynrak bolupdur.shuny gorup ozumem gorkup gitdim,yone bir okap bashlasan sonuna oz-ozun yetyan ekenin.:)

Gulkunch

Gulkunch eken.Sagbol!
-----------------------------------------

Shahsy maglumatlaryngyzy dolduryng!
Fill up your profile!

bir başladym..

Garadag sana köp sagbolsun aydayyn diydim. okap tas yere yykylyadym. Yanymyzda myhman bardy ötünç soramaly boldum.

Mekan jan, yzynam yazsana,

Mekan jan, yzynam yazsana, ya-da menzesh zat bar bolsa :)

Yzy bar,yone terjime

Yzy bar,yone terjime etmeli.men ozum birinji okamda yaman haladym shon uchin yaltanmany shu tayik chenli terjime etdim.shu gunler yaman ishli(examler bar) yone in yakyn wagtda dowam etjek bolaryn.

exam

ekzamenler bashda-la, ony ozunem onat bilyarsin, elin boshashsa terjime eday, oran onat ekeni, sag bol!

Linki berseň men terjime

Linki berseň men terjime edeýin azajyk.
Soňky döwür işe gitmän ýatyşyma azajyk içimem gysýa.
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

ine

ine http://smeshok.com/main/humor/dnevnic/index.php?id=14 yone nindzya diyyar barde men desanta owurdim.

Ýöne gyzykly wakalar indi

Ýöne gyzykly wakalar indi başlaýardy...

Birinji gün.
Günortanlyga çenli ýatdyk. Soň bir leýtenant geldi we bizi turuzmaga başlady. Biz onyň ýüzigatylygyna düşünmedik we oňa, özümüze-de "Ejjeň öwüýýänow" diýen gadymy ninza priýemyny görkezdik. Leýtenant näme üçindir gaty gördi. Özüni "gölä ýapaýmaly" ýaly duýmazlygy üçin oňa 500 gram guýduk. Leýtenant içdi-de, çyňsamany goýdy. Şonda hemmeler oýandylar we leýtenant bilen oturdylar. Her zat barada gürrüň başlandy. Başlyklar biziň taýýarlanyşygymyzy gowulandyrmak üçin her hili transporty oňat ulanmagyň gerek boljagyna karar berdiler. Şol sebäpli biziň üçin täze okuw başlandy.

Gün 3. Maýor geldi we bize özüniň iň birinji asdygyny aýtdy. Elbetde maýora aslaryň bir gözlülerdigini(g*t?) ýatlatdylar. Maýor azajyk çekindi, ýöne bize gynançly wakany, özüniň sesiň tizliginiň ýeňsesinden tutandygyny gürrüň berdi. Samolýodyň ganatlary remontdady, a samolýot täze dwigateli bilen barlanyp görülmedikdi. Maýor sesiň tizligini göni ýolda almaly boldy. Biz tas aglapdyk. "Птичку было жалко". Ýagny samolýot üçin gynandyk.

Gün 4. Instruktorlar geldiler we bize motorlary berdiler. Näme üçindir bize motorlar barada leksiýa okadylar, ýagny motorlaryň üç görnüşiniň barlygy barada. Üçtekerliler - çagalar we pensiýonerler üçin, iki tekerliler - adaty adamlar üçin we bir tekerliler - professionallar üçin. Elbetde, dagy näme... bir aýakly pyýada soldat has çalt we has oňat ylgaýar. Hezil edip aýlandyk, ýöne instruktorlar gygyrdylar, bize sim agaçlary aýlanyp geçmelidigini, onuň ýokarsyna motor bilen sürüp çykmaly däldigini aýtdylar.

Gün 5. Instruktorlar biziň öňümüzde tros çekip başladylar. Ýöne biz aljyraman, şol bada troslary dişläp çözdük. Olar gygyryp başladylar, olar troslary biz motorlarymyz bilen özümüzi bir duýarymyz ýaly çeken ekeni we biziň motor bilen trosyň üstünden böküp geçmegimizi isleýär ekenler. Biz motor bilen bir bolup bilmejekdigimizi aýtdyk, sebäbi biziň syrtymyza motor niýetlenmändir. Instruktorlar bize näme üçindir samsyklara seredilişi ýaly seretdiler.

Gün 6. "Barýeri almagy" öwrendik. Berdi aljyrady we barýeriň, kerpiç stenanyň içinden sürüp geçdi. Beýlekiler motory eginlerine atyp, böküp geçdiler. Instruktorlar agladylar. Agşam Berdi, Geldi we Durdy konserde gitdiler. Rokçylar olary halamandyrlar. Ýöne, olaram rokçylary halamandyrlar. Biziňkiler azajyk rokçylary "sekizlige(wosmerka)" çenli depipdirler. Onsoň azajyk pikirlenip, "dokuzlyga" çenli depipdirler. Hm... rokçylar nädip "dokuzlykda" sürerlerkä?

Gün 7. Instruktorlar bize tüýkürdiler. Ýagny, ýeňil transport bilen bolmaýan bolsa(metronam getiräýmeli ekenler şu taýa), onda mümkin uçýan tehnika bilen bolar. Bizi wertolýotlaryň skladyna ekskursiýa äkitdiler. Berdi antennany dadyp gördi. Dişläp, goparyp aldy, ýöne instruktorlar görüp ýetişmedi. Myrat instruktorlar bilen jedelleşdi, netijede Myrada "ýer gurçugy" diýdiler. Jogap hereket hökmünde, Myrat wertolýodyň ganatlaryny(pyrlampaçlaryny) çigdi. Instruktorlar uzakly gün sögündiler.

Bular beýle gyzykly däl ekeni.
Indikilerini göreýin.
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Al sana-da 1 telpek, Bayram jan, minnetdar!"

Atyş poligony

Atyş poligony
Gün 1. Şu gün turistiki "Tejende" atyş poligonyna ýetdik, bärde bize hemme hereket edýän ýaraglardan atmagy öwrederler. Biziň mugallymymyz serjant bolar. Aýdyşlaryna görä, ol gowy snaýper ekeni, on metrden ylgap barýan tarakanyň gözünden urýamyşyn.

Gün 2. Pistoletden atmagy öwrendik. Görüp otursak, aýak bilen atmak has gyzykly ekeni. Ýöne şonda-da gyzyksyz. Ýöne pistoletleriň erbedem bolsa, bumerang görnüşde uçýanyny bildik. Serjant ýene şeýtsek, arkebuzdan(?) atmaly boljagymyz aýtdy. Ilki bir ulanar ýaly arkebuz tapsyn, onsoň görerisdä.

Gün 3. Şu gün bize awtomaty görkezdiler. Düşünjeli soldat üçin awtomat - gowy dubinka. Onuň pyçagyny ýitileseň, çaluw edip ot orup bolýa. Towşanlar üçin. Geldi serjant bilen jedel etdi, serjanda "üç gezekde bellige degip bilmersiň" diýdi. Serjant synanyşdy, degirip bilmedi. Bizä geň galmadyk, Geldi serjanta görkezmän awtomadyň ujyny ýemşerdipdi.

Gün 4. Awtomatda atmagy öwrendik. Begenjimizden ýaňa 15 ýaşşik oky gutardyk we atylýan ýerdäki hemme oty orduk. Soň gilzalaryny lopata we kätmen bilen toplamaly boldy.

Gün 5. Awtomatyň her hili markalaryny söküp, düzmegi öwrendik. Durdy her bölejikden gözüni ýumup, şeýle bir täsin zat ýasady, serjant bir "ah" çekip göni duran ýerinde pturdy.

Gün 6. Snaýper tüpeňi kiçi göwrümli zatlary atmak üçin ulanmagy öwrendik. Duýdansyz barlamak üçin general geldi. Şol wagt Berdi tüpeňiň nirä çenli atýanlygyny barlasy gelipdi we şoň üçin ýerli praporşigiň daçasyndaky gazy atdy(daça poligonyň ýanynda ekeni). General dürbi bilen ýeňsesini gaşap "aý atyşyňyz nähilaý?" diýdi...

Gün 7. Praporşik Berdä gaz üçin gepledi. Berdiniň praporşik bilen gaz baradaky jedeliniň netijesinde, praporşik Berdä ýene 3 gaz we bir banka maýonez bergili boldy.

---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Gün 8. General üçin

Gün 8. General üçin oturulyşyk gurnadyk. Agşam onuň jansyz göwresini samolýoda zyňdyk. Samolýot uçansoň, ony başga samolýoda zyňanlygymyzy bilip galdyk. Aýtdymamla, lýetçikler diýenimizi etmejegä boldular... Onsoňam, ýalňyşyp, onuň resmi kagyzlarynyň ýerine sumkasyna "Nädip Sahara oazisi ýagdaýlarynda towuk ýetişdirmeli?" diýen kitaby goýupdyrlar.

Gün 11. Pälwan serjantdan kömelekli ýerleri sorady, sebäbi iň soňky gazy iýipdik. Bir sagatdan Pälwan bir halta kömelek getirdi, derrew olardan şaşlyk edip başladyk. Serjant bolsa üç günden geldi, aborigenleriň eşigini geýipdir. Duýdansyz azaşan ekeni.

Gün 15. Minomýetdan atmagy öwrendik. Bildirmän minaň üstüne iňňe goýduk. Onsoň başladanymyzda mina bir tarapa uçdy, iňňe beýleki tarapa. Serjan duran ýerine tas ýatýady. Ýöne sesini durulap, munyň täze tipli minadygyny aýtdy - kellesi pytraýamyş bu minanyň. Edil şu ýol bilen ýene birnäçe minany göýberdik.Oýnumyz tokaýçy gelip her hili zady zyňyşdyrmagymyzy bes etmegimizi, ýogsam gulanlaryň gorkup göni agaja bökýandiklerini aýdanda gutardy. Ol eýýäm gulanlary agaçdan düşürip bizar bolan ekeni.

Gün 16. Minomýody söküp, düzmegi öwrendik. Geldi, her wagtky bolşy ýaly, täsin zat düzendigini aýtdy. Serjant o zat işlärmi bilmedi. Şoň üçin hemmämiz daşrak gitdik. "Gural" işleýä, ýöne minalar sinus boýunça uçýalar. Ol zady öwürdik, indi minalar kosinus boýunça gidýä.

Gün 17. Puşka bilen tanyşdyk. Teoretiki. Sebäbi serjant biziň puşka bilen näme etjegimizi pikir edip gorkýan ekeni we şondan soň puşkanyň haýsy tarapyndan atjagyny bilenok ekeni, eger atyp bilse biz "ellämizsoň". Puşkadan atmany kitapdanam öwrense bolýalaý.

Gün 18. Bize şu gün hakyky tanky görkezdiler. Biz tanky elläp otyrkak, onuň burnuny ýemşertdik. Serjant on etajly sözler bilen sögündi.

---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

muhahahaaa

gulip hezil etdim.. )))) oruscasy mundanam gulkuncdir =))men kowus de'6aLun4!K

okang okang, okamadyklar

okang okang, okamadyklar okang gaty gyzykly:) yilda 1 sapar okayan men:):):)