Böwürslen. hekaýa

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

uzynrak diýmeseňiz size bir hekaýa oklaýan. awtory men däl.

Böwürslen

(hekaýa)

Daň agaryp gelýär. Her kim ýatyr – dünýe ilki bolup oýanýan ýaly. Adam ata Ýere iberilende-de gijelik eken. Ol indi garaňkylykda ýaşamaly bolaryn öýdüpdir. Birdenem daňyň agaryp, töwereginiň ýagtylyp başlanyny görende ol Allaha şükür bilen sežde edipdir. Belki, jahan Adam ata üçin ýagtylandyr?!

Onuň doly ady Nurmuhammedem bolsa, hemme kişi oňa Nurum diýýärdi. Ýaňy 10-12 ýaşdaryndaky Nurumyňam bir endigi bardy – ol hökman Gün dogmanka oýanaýmalydy. Muny oňa enesi heniz mekdebe-de gitmeýäkä öwredipdi. «Daňdan perişdeler gezýärkä oýa bolsaň, köp sogap gazanarsyň, süňňüň ýeňil bor» diýipdi. Togsana golaýlansoň, bir-iki ýyllykda dünýeden gaýdan enesini Nurum dünýede ähli zatdan gowy görýärdi – hat-da kakasyndanam.

Bu gün bolsa ol şeýle-de ir turmalydy. Geçen hepdeden bäri Nurum daňdan turup jülgeden böwürslen ýygýardy. Soňam ejesi gapylaryndaky bulgary satmaga äkidende ýany bile bazara gidýärdi. Ýyganja böwürslenlerini satýardy. Soňam gazananja puluny ejesine berýärdi.

Daňdan nähili täsin. Onuň täsinliginden töweregem üýtgeşik geýnen ýaly görünýär. Ynha, Gün dogup töwerek gyzyp ugransoň dünýäň ýüzüni kirşen basan ýaly bolar. Häzir welin, böwürslenlerem edil bir ýere baglanan merjen däneleri ýaly. Buz ýaljak miweleriň aýratyn tagamyny nädip düşündirjek. Daňdan tur-da böwürslen ýygyp gör şonda bilersiň diýäýmeseň...

Nurum böwürslenleriň tagamynyň nähili gowudygyny dil bilen düşündirip bolmajagyna azajyk gynandy. Edil böwürsleniň tikeneriniň eline ýara salanda çalaja gynanyşy ýaly...

***

Allaş «BMW»-siniň ýeňil ruluny ýeňil tutup, gününden hoşal barýardy. Birden onuň jübi telefony hoş owaz etdi. Ol kimiňdir biriniň jaň etmesine begendi. Telefon bolsa hezil – ol çagyrylmadyk myhman däl. Ýüregiňe düşse ýa halamasaň bir gep tapyp trubkany goýaýmaly.

– Hawa, Allaş diňleýä.

– Men.

BU ses onuň iň halamaýan sesi – aýalynyňkydy.

– Hawa, sen. Näme gerek?

– Bulgar burç gerek. Ajjyga ýapýan, näme derrew al-petimden alýaň?

– Näçe kile?

– Iki kile bor-la?!

– Men näbileýin. Iki bolsa iki.

– Gyýw, bolýa diýip agşam süýräp getiräýmegin. Şeýle-de Gün gidip barýa. Men baňkalary ýuwuşdyryp otyryn. Häzir getir. Gowsunam gözläp ýörme, arzanragam bolýa.

Allaş laýyk bazaryň deňinden barýardy. Ol maşynyny gyra sowup saklady.

– Bolýar, on bäş minitden barýan.

Bazar adamlardan ýaňa hyň berýärdi. Allaşyň häzir onuň jümmüşine çümesi gelmedi. Onsoňam bazara giren ýeriňde, ýerde oturyp satýanlar, alyp-satar bazarçylar bolmansoň zatlaryny arzan berýärdiler. Allaşyň gözi bulgar burç satyp oturan daýza düşenden göni şoňa tarap gaýtdy.

– Bulgary näçe diýýäň?

Pukara nazary geýnüwli ýigide düşenden hasam müýnürgän ýaly bolan Nurumyň ejesi:

– Iki müňden. Alaý, bar galanjam şü – diýdi. Allaş içinden «Muň bazarçy däldigi bolşundan belli. Bazarda iň arzan bulgaryň şuňkudygyna golam çekerin» diýip pikir etdi-de:

– Manat ýarymdan bolanokmy, iki kile aljak – diýip, ýerde aşagyna kardon kagyz ýazyp oturan daýza diňkesini dikdi.

– Ýok, janym. Bar galanjam şü. Ikiden alyp durlar.

– Bolýa-da. Munyň iki kile bir çykarmyka, hany çek.

Çommalyp oturan Allaşyň ilikleri ýazdyrylan penjeginiň syny guma degdi. Ol mundan bihabar gapjygyny açdy.

– Pakediň bamy?

– Ýok. Özüňde ýokmy?

Allaş töweregine garanjaklap paket satýan gözledi. Açylan gapjykdaky bir petde pula gözi düşen Nurum saklanyp bilmedi:

– Daýy, böwürslenem alaý. Şü ýaman gowy zat, gany köpeldýä. Alaý.

– Men howlugýan-laý. Hany pakediň ýokmy?

– Pakedim bar, ine. Ýaman gowy zat, ganyňy köpeldýä, daýy.

Nurum ýukajyk selofana salynan böwürslenlerini mazamlady.

– Ýok-how, maňa bulgar salar ýaly paket gerek.

Allaş oglanjygyň bolşuna ýylgyryp burç satýan daýza seretdi.

– Şu-la zor edibem böwürslenlerini aldyrjag-aý.

Daýzaň ýüzüni aşak salyşyndan aýdanyny halamanyny duýan Allaş oňaýsyz ýagdaýdan çykmak islän ýaly ýene oglanjyga bakdy:

– Näçe diýýäň, onnoň eliňdäkini?

– Dört müň manat.

– Dört müň?! Gymmat-laý.

Daýza oglanjygyň ýerine jogap berdi:

– Üçe alaý.

– Üçe alaý, daýy, bar galanjam. Ganyňy köpeldýä...

– Aý bolýa getir. Söwda etmän-ä oňarjak sen.

Nurum begenjine nädip guş bolup uçmady biz haýran. Ol ýyljyraklap iň soňkuja böwürslenlerini Allaşa uzatdy. Oňa çenli bulgar burç salar ýaly pakedem tapyldy. Allaş ilki burçuň bahasyny töläp, soň üç sany müňlügem böwürslen üçin daýzaň öňünde goýanda göwnüne müňlükler üç däl-de, dört ýaly göpündi. Ol ýene bir gezek başam barmagy bilen süýem barmagynyň arasyndan geçirip pullaryň üçdügine göz ýetirdi. Ýerinden turup maşynyna tarap gaýşarlyp ugran Allaş penjeginiň gyrasyny gum edenini gördi. Böwürslen bilen burjuny bir eline alyp beýleki eli bilen penjegini kakyşdyryp barşyna ol içinden paýyş sögündi.

– «BMW»-e ýetseň, öýe ýeten ýaly bolaýýaň-aý – diýip pikir eden Allaş ýola düşeni bilen telefonyny eline aldy.

– Sulýa!

– Sulýa diýmesene, süle ýaly bolýar. Sülgün diý.

– Bolýar, bolýar, Sülgünjigim, sen böwürsleni gowy görýäňmi?

– Obožaýu.

– Onda garaş ýarym sagatdan barýan, okeými?

– Okeý.

Telefony ýapan Allaş:

– Sülgünimiň ýanynda bir süýnsem, ähli ýadawlygym gider, onda-da böwürslenlije. Ýaňky oglanjyk näme diýdi? Hä, ganyňy köpeldýä...

Öýüne gelen Allaş bulgar burçly pakedi alyp maşynyndan düşdi. Ol jaýa gireni bilen 5-6 ýaşlyja Ahmedi ylgap maşyna mündi. Müneni bilenem gözi böwürslenlere düşdi.

Allaş:

–Men howlugýan, işe ýetişmeli – diýip maşynyna dolanyp gelende böwürslenleriniň ýokdugyny gördi:

– Hany, böwürslen alypdym-la?

– Ony eýýäm ogluň içki tama geçip iýip otyr.

– Bäh, bu çagalar niräňe dyksaňam ýolup alyp iýjekler-aý.

– Kakasy sen-dä.

– Hawa-laý, şoň üçin alypdym-laý. Ýuwup iýsin.

Gaýdyşyn ýene bazara sowlan Allaş bu gezek onuň hyň berýän jümmüşine çümmeli boldy. Emma hiç ýerden böwürslen tapmady.

* * *

Böwürslenlerini satan Nurum ejesi bilen eýýäm öýlerine ýetip barýadylar. Ejesi görgüli ýol boýy ogluna guwanyp geldi. Geýnüwli ýigidiň ogluny öwüp aýdanlaryny gaýta-gaýta gaýtalady. Nurumyny edil şoň ýaly geýnüwli, gapjygy puldan doly göz öňüne getiren ene durup bilmän onuň başyny sypap maňlaýyndan ogşady. Awtobusyň içinde, köpçülikde özüniň ogşalmagyndan çytylan Nurum:

– Eje beýtmesene – diýip gyzardy. Soňam birden ejesine tarap öwrüldi-de:

– Eje, çyndanam kyýamatda kim günä eden bolsa, şony oda ýakýalarmy? – diýdi. Onuň edil özi oda ýakylyp barýan ýaly gözjagazlary balkyldaýardy.

– Sen günä edeňog-a, oglum.

Nurum sesini çykarmady. Ahyry öýlerine ýetenlerinde olaryň öňünden kakalary çykdy. Neşä özüni aldyran, çala şemal gatyrak gelse göterip alyp gitjek kakasy hüňürdeýärdi:

– Şunça wagtlabam bazar bolarm-aý? Ertirden bär-ow, gözüm ýoluňyzda galdyla-ow.

Nurumyň ejesi sesini çykarman içerik girdi. Onuň diş-dyrnak bolup gazananjasyny adamsyna beresi gelenokdy. Bermänem bilenokdy. Nurumyň welin keýpi kökdi:

– Kaka, kaka! Menem ählije böwürslenlerimi satdym.

– Bolýa-laý. Seň böwürslenleň bilen...

Kakasy Nurumyň ýeňsesine çalyp goýberdi. Muny gören eje görgüli saklanyp bilmedi – eline ilen boş çaý gaby boldy, şony dazyladyp adamsyna tarap saldy. Gaty gapyrjak gözüňe degse çykarjak, maňlaýyňa degse ýarjakdy. Birden tutuş durky bilen üýtgäp, gaýduwsyz sypata giren ejäniň bolşy edil kürk towuguň jüýjesini goramak üçin özüni oda urmaga-da taýyn, hiç zatdan heder etmeýşine meňzeýärdi.

– Barmagyňam degiräýmegin, ogluma. Edil barmagyňy ýeke-ýeke sograryn.

Aýalyndan, ýuwaş pakyrym görgüliden henize çenli beýle zady görmedik neşebendiň zähresi ýaryldy. Gorkusyna saňňyldap diline näme gelse samraberdi:

– Degmedigim, degmedigim. Men bir Hudaý uran-a, siz bir meni urmaň. Belaň körügi men, ne ölüp bilýän, ne-de şo haramy taşlap bilýän. Men bir Hudaý uran-a. Siz bir meň bilen deň bolmaň...

Nurumyň ejesi pul düwülen ýaglygyny adamsyna tarap zyňyp goýberdi-de biş-düş bilen boldy. Gaýdyp bu içerde soň geplän bolmady. Diňe Nurum kakasynyň urulmagyna namys etdi. Başga biri bolsady «Näme kakamy urýaň?» diýip topuljakdy, ýöne ejeňe zat diýip bolýamy.

Garaňky düşdi. Nurumam ertir daňyň atjagyna ynanyp uka gitdi. Düýş gördi. Düýşünde şeýle bir hezillik. Töwerek, ýöne, böwürslen bolup ýatyr. Olam ejesi bilen olaryň üstünden gol tutuşyp uçup barýalar.

– Eje, bu böwürslenleň kändigini, özem ýygylgyja. Bazara äkidip satsak, kän pulumyz bor.

– Indi biz bazara gitmeris, oglum.

Nurum uçup barşyna hem ejesiniň aýdýanlaryna, hem onuň Aý ýaly töwerege şöhle saçyp, lowurdap duran ýüzüne haýran galýardy.

– Eje näme boldy?

– Kyýamat gopdy, oglum.

Nurum sakga durdy.

– Hany, kakam? Ony oda ýakýalarmy? O meni çalaja urd-a. Alla jan, ony oda ýakma, ony bagyşlaý, Alla jan! Alla jan, sen gow-a. Enem saňa gowy diýýädi. Alla jan!…

Nurumyň ejesi welin, penjireden düşýän Aýyň ýagtysyna seredip uklap bilmän ýatyrdy. Ol entek gyzka ejesiniň:

– Gyzym, aýalyň adamsy ýerdäki Hudaýydyr – diýenini ýatlaýardy. Onuň turup dolan Aýy synlasy geldi. Ol kiçijikliginden Aýy synlamagy gowy görýärdi. Onuň ady Aýbölekdi. Ol oglunyň basyrganyp «Alla jan!» diýmesine tisginip gitdi.

– Ýatyber oglum, ýatyber.

Nurum oýandy.

– Eje meni daň atdygy turuzgyn.

– Bor, oglum ýatyber.

Turup Aýy synlamaga penjiräň öňüne barmadyk Aýbölek ahyry uka gitdi. Ertir daň agarar, Nurumyň garaşýany üçin daň agarar. Ýogsa daň adam üçin agarmaýarmy näme?!

Aşgabat. 2002.

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Ay bilyanlay, gyzlaram

Ay bilyanlay, gyzlaram degiship aydyan... yogsam uytgeshik organa yokdur, sheyle dalmi? :D
Shonda-da kop eshitdim, indi gyzygym geldi. Goresim gelya gidip nameler uytgeshikka... Lebaby gordum, Ahaly we Maryny gordum. Yone entek Dashoguz baryp goremok. Balkana bardym welin... ay mena baranymam gaydanymam bir boldy. Lebapda-da kop bolmadym.
Garaz shol yerlere gidip tapawutlaryny goresim gelyar. Gyzlar bolsa yone bahana we degishme(bey diysem yomut gyzlary goresima gelya, gulluga giden dostlarym gyzykdyrdy :D)

Katannyr bir hili kichijik

Katannyr bir hili kichijik semzegin yapragy yali yaprakly ot. Yone onun yapraklarynda arteriya yali gyzyl damarlar gechya. Shonyn kokuni uzman gazyp gitsen in sonunda yer hoz yali, shanik yali katannyra baryp yetya. Suyjije oza...

Ay aytyan zatlarynyzyn

Aytyan zatlarynyzyn birijesinem bilemok.Ol kasir yaly diyyaninizi bilyan oydyan ona biz yer alma diyyasmi?Maryda.bilemok.Yone sol bir zat bolup biler.GAlan zadyn hicsinem bilemok.Iyibem gormedim .esidibem.Yone garrygalanyn naryny zadyny bilyan.Bizinkidenuytgesik.Ay bizin yanymyzda kop kiside bagam yok.Meselem bizde birje tursy alma bar olam getirse bir yada iki sany getirer boldy.Wiy birje erigem bar.Erik agajy has dogrusy.olaryn ikisem kijijek.

yer alma diyip.. önler

yer alma diyip.. önler kartoşka diyilyardi dalmay?:)
"aygytly adim" filmde-ha şeyle..

Bilemok

biza yer alma diyyas.Ol zat bayirlikda bityar oydyan.Ozi bir hili yerden gazyp almaly.onson sol wagt gumly wagty kartoska menzeyar.yuwyan welinem bir hili ne kartoska nede kasir a iyyan wagtyn bolsa bir hili tagamy bar.Yone ol kartoska dal.
Menem ony dayzamyn enelerine giden wagtym iydim,sol yerden bizem alyp gaytdyk.

biologiýa

Bäý bäh! Hekaýa baradaky pikir alyşmalar biologiýa sapagyna geçip gitdile. Böwürslen, çigildem, domalan, ýer alma, kartoşka...

Onda näme, dowam edeli. Men-ä kiçikäm JÜMJÜME diýilýän güljägazyň köküni çeýneýärdim. akja, suwlyja.

Ýöne näme-de bolsa «böwürslen» gowy!

Shol chiligdem osup jumjume

Shol chiligdem osup jumjume bolyan bolaymasyn?

ay shol jumjumani menem

ay shol jumjumani menem iydim onda :D
PS Bizde shona "melewshe" diyyaler

týulpan

Bayram wrote:

Shol chiligdem osup jumjume bolyan bolaymasyn?

Çigildem diýilýän gül – TÝULPAN how Baýram jan. türkçe LÄLE-mikä diýýän.
Jümjüme – fioletowyý reňklije kiçijik ownuk gülli ösümlik.

onda-da «böwürslen» gowy :-)

Mena dusunemok.

Hekaya yaman gowy hekaya dusindim yon su narkoman adamlaryn ayallary name ucin gazananja pullarynam narkoman adamsylaryna beryarler.Dusinyan hawa turkmenler arin hudayin diyip bar bolsa .yone ol narkoman bolsa nadip hudaya deneyarler.

AY beryan azla. Gizleyaler,

AY beryan azla. Gizleyaler, yone arleri heleyinin gizlan puluny ogurlayalar, oy goshlary satyalar. Oldursunlermi? Oyden kowsan gidenok... Ol pahyrlar name etjeklerini bilenoklar, yogsam olaryn arine getirip pul beryani yok

yaman damagym dolup gitdi

yaman damagym dolup gitdi bar-a gepleşikleri okamda..
gaty gowy yazylypdyr hekaya... sagbol aA.
şundan son narkaman görsem, öldüresim gelyaray :)
böwürsleni bir wagtlar menem bir yarym kilojyk yygnapdym, gaty kyn iş.. elini tikenler dargadyp alyp baryar... yöne tagamyny den boljak yok.

Mena chynymy aytsam

Mena chynymy aytsam bowurslenin namedigini bilemok :(
Ay bizin taraplarda bityan daldirda...

Garrygalada köpdigini

Garrygalada köpdigini bilyan.. gaty gymmat.. 1 kilosy 3 mün manada tapsanyz derrew alyn.. :))
men bilyanim 2-3 $ bolmaly in azyndan.. tut (tudana) yaly.. ondanam köp şireli, şekerli,süyji.. garaz ömürinizde hökman iyip görmeli :)

Bayba... agzymy

Bayba... agzymy suwartdyn...
Garrygalada subtropiki klimat bolmaly, ol yerde gowy we uytgeshik miweler kopdur. Gidip gormeli shol yerlere in azyndan iki sebap uchin: yomut gyzlaryny gormage we miwe iymage :D
Sebabi yomut gyzlarynyn dabarasyn, abrayi hemme yerde bar, dessan boldy. Yone gynansakda birinem gormedim, uytgeshik jandarmyka ya olar? Ay gidip gorup gelmeli :D
A miwe... miweleri bolsa gaty halayan. Shol yerin bowursleninem iymeli nesip bolsa.

Garrygalanyn narlaram uly

Garrygalanyn narlaram uly bolyar dalmi? Uhh... narjagashlar...
Bizde cholde katangngyr(katannyr) diyen suyji zat bar, gazyp almaly. Gaty halayan, siz bilyanizmi shony?
Chigildem diyen iyilyan otam bar, duybi sogan yali, yone gaty suyji. Sholary gazyp iyyardik kichi wagtymyz chopanchylyk edenimizde...

Garrygalada yomut azdyr.. ol

Garrygalada yomut azdyr.. ol yerde göklenler bar.. we nohurlar bar :) gaty az öytyan nohurlar.. hemem daglan üstlerinde zatlarda yaşayalar..
inşalla yomut gyzyn abrayy palan-palan, dessan boldy diyip dalga geçenzokdyr. :)
sebabi men-a kan-bir üytgeşik zat göremok.. yomudynam erbedi bar.. beyleki tirelerin gowysy hem köp..
yöne gaty hakyky, dap-dessurly yomut gyz görmek isleyan bolsan etrege, esenguly taraplara git.. şeylede nar hem bar..
emma Garygalan nary gowy. we hoz hem köp beylede.. Aydere jülgesi, Parhay suwy yene gezip bolayjak yerler köp Garrygalada.. (has dogrusy Magtymguly etrapda)

çigildemi biz hem yygnan

çigildemi biz hem yygnan bolyadyk.. yöne bizinki kiçidi yagny sogan yaly men-a görmedim.. kiçijek çigit yaljak :) onam ojagazy iyenden son tagamyny hem alyp bilmeyan..
katannyr ilkinji gezek eşityan..
kösük diyip kaşir yaly gazyp alynyan zada bar..
we yenede "domalan" diyip gum depelerde yetişyan hatda çykyan.. kömelek yaly zat bar..
yöne kortoşka şekilli..
madaw diyen obada (Maşat-Misseriyanyn yanynda) çykyar.. kömelek çykyan möwsüminde.. domalan hem çykyar..