Allaberen aga bilen söhbetdeşlik jemlenyar

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Allaberen aga bilen sohbetdeshlik guramakcydyk, we bashladyk, dowamy hem bar, bu okajaklarynyz hem sony.

7.Yaş talyplaryň,PhD okaýanlaryň önlerinde nähili päsgelçilikler bar.Haýsy zatlardan ägä bolmaly?
Gysgaça wagt ýitirmeklik diýsem bolardy. Ýöne biraz düşindiriş bermek isleýän .
PhD okaýanlarymyz milletimiziň we döwletimiziň guwanjydyrlar. Gelejekde biziň milli ylmymyzyň ösüşi we onyň peýdasy diňe siziň işleriňiziň ýagdaýyna bagly. Onyň üçin hem size köp jogapkärlik düşýär. Iki sany zady bellemek isleýärin. Işlejek ugryňyzda ýeterlije bilgisi bolan we siziň bilen bilgisini paýlaşyp biljek ýolbaşçy tapmak. Onyň üçin ilki gözlegleriňizi gowy uniwersitet diýseňiz de, birinji planda bile işlejek adamyňyzy tapmaly. O size ilki aýakda dogry durmagyňyzy ögreder. Ikinjisi-de işlejek ugryňyzda alymlar bilen bu ugurdaky open problemleri (bu gune çenli çözülmedik meseleler) ögrenmeginiz we o open problemler üstünde işlänizde näme bilen işlemelidiginiz belli bolar.
Ylymyň her ugrynda open problemler ýeterli derejede bardyr we bütin ugurlaryň esaslary birdir: adamzada hyzmat. Durmuşyň meselelerini çözmäge bolan islegler, bütin taryhda ylymyň ösüşine sebäp bolandyr. Ýöne ylymda üznüksiz işlemegiňiz gerekdir. Açyk tarapyňyzy bagyşlamaz. Hemme kişi islese de alym bolyp bilmez. Munyň üçin köp sabyr, üznüksiz zähmet gerekdir.

8.Türkmen medenýedimizi saklamalymy ýa da Ýewropalaşmalymy? Yewropadan haýsy ugurlarda görelde almaly.Umuman şu meselä garaýşynyz.
Eger soragyňyz türkmen geýimleri bilen bagly bolsa, onda meniň jogab bermegim aňsat. Sebäbi meniň düşünjäm boýynça iki gözellik bar: içki gözellik(adamyň bilgisi, adamkärçiligi we jemgyýete hyzmatynyň derejesi), daşky gözellik (geýnişi). Men bir mysal getirmek isleýän. 1987-1988 ýylda Santa-Barbarada stažyrowkada galdym. Moskvadan ýoldaşym Wladimir bilen iki bolup matematik bölümünde 10 ay stažyrowka geçdik. Ilkinji aýy ikimizem oňat geýinip okuwa giderdik(kastyumly, galstukly, kövüşli). Duralgalarda her ýeten biziň nireden gelendigimizi sorardy. Jogap bermek bizi birazrak pikirlenmäge mejbur etdi. Ikinji aýda okuwa şortyly, aýakýalanaç we galstuksyz okuwa gitmäge karar berdik. Hemmeler ýaly. Hiç kim bize soň soraglary bilen bimaza etmedi.Giden ýeriňizdäkiler ýaly yaşamak has amatlydyr we howpsyzdyr. Aýratynam gyzlarymyz üçin. Öyünüzde türkmençe geýinmek gowydyr. Sebäbi biziň gözümüz olary görmek isleýär. Ýöne meniň üçin içki gözellik wajypdyr.
9.Yaş oglanlara PhD dowam edýärkä öylenmegi maslahat berýäňizmi?
Berýän. Ýöne eger hakyky söygi bar bolsa. Sebäbi PhD dowam edýärkä maşgalaňyza ýeterli wagt we maddy kömek bermek kyn bolýar. Gündogaryň halkynda köp oňat zatlar bar bolsa da bu ugyrda ýetmezçilikler bar. Adamlar köplenç şu wagt eliňde näme bolsa şoňa görä saňa baha kesýärler. Gynansak da ylmy iş köp uzak ýyllara maýa goýmakdyr. Onyň üçin köp wagt we zähmet gerekdir.Gündogaryň adamlary oňa düşinmeyär. Eliňde pulyn ýok wagtdy seni adam ýerine-de goýmaýarlar. Bu hadysa saňa täsir etmese de seniň maşgalaňa täsir eder. Ýöne kynçylygy iki bolyp ýeňmek aňsat bolýar. Meselem, PhD dowam edýärkä biziň 4 çagamyz bardy. Elmydama men aýalymdan goldaw aldym. Başgaça bolsa, belki-de men beýle az wagtda PhD-ni tamamlamazdym.
10.Talyplara we PhD okaýanlara näme maslahat berýäňiz?
Özüme wagtal wagtal berýän maslahatlarym:
- wagtyňy gowy tutmany ögren,
-ýatmazdan 5 minut önürti bu gün näme etdim we ertir näme etmeli analizini et,
-başgalaryň üstünlüklerine begen, sebäbi o saňa ýakyn bolsa üstünlük saňa da bir gün geler,
-gowy ýagdaýyna köp begenme. Sebäbi bu wagtlaýynçadyr we kyn günüň hem bolar. Bu bolmasa durmuşyň gadry ýokdyr,
-kyn günüňe köp gynanma. Sebäbi bu wagtlaýynçadyr we gowy günüň hem bolar,
-düýe däldigiňi subyt etmek gerek däl, biri saňa daş atsa, derrew jogabyny daş atyp berme. Beýiklik saňa daş atana nan bermeklikdir. O wagt onyň atan daşy özüne deger,
-donkyhot bolma.Siliň öňüne çykyp bir zat gazanyp bolmaz.

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Kop sag bolun interview

Kop sag bolun interview alanlara-da, Allaberen aga hem!
Ay hakyt "menin uchin" yazilan yerlera bar ekeni...

kop sag bol mena

Mena intek phd edemok welin ondada geljek ucin ogrenip goymak gowy zat.

Interview alana, berene

Interview alana, berene kop-kop sagbolsun...

Merwezi interview ucin

Merwezi interview ucin kop-kop sag bol.
Allaberen agada bizin adymyzdan sagbolsun ayt.