Hydyr Amangeldi bilen söhbetdeşlik

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

HYDYR AMANGELDI BILEN
SÖHBETDEŞLIK

Salam dostlar, agalar, iniler, ähli «türkmen olimpiadaçylary» saýtynyň agzalary. Türkmenistanly olimpiadaçylarynyň bu saýty başda döredilende diňe olimpiadaçylara niýetlenen ýaly hem bolsa, ol soňa baka öz serhedinden çykyp «Oka! Öwren! Döret!» şygary astynda köpleri birleşdirmegi başardy. Begenmeli ýeri, dünýäniň her künjeginde bilim alýan täze türkmen nesli bu saýtda birleşip birek-birek bilen düşünişip, pikir alyşyp bilmegidir. Olaryň edebiýat, sungat, medeniýet, filosofiýa, bilim… ýaly köp ugurlara gyzyklanma bildirmekleri hormata mynasyp häsiýetlerdir.

Bilşiňiz ýaly, saýtyň edebiýat bölüminde men «SUPER-TM-PROZALARY» tapgyrynda birnäçe prozalary ýerleşdiripdim. Tanaýan tanaýar, tanamadyk bolsa ol prozalry özüm ýazandyryn öýtýärdiler. Men nire, ýazyjylyk nire? Bu prozalaryň eýesi – Hydyr Amangeldi. Uly seslenmelere sebäpbolan bu eserleriň awtoryna okyjylaryň käbir soraglaryna jogap bermegini Hydyr agadan haýyş etdik. Söz Hydyr agadan.

– Sowallaryňyza jogap bermezden öňürti size salamymy ýollaýaryn we ullakan minnetdarlygymy bildirýärin. Bu sowallar maňa garaşman durkam buşluk habaryny alan ýaly begendirdi.

– Hydyr aga Size berlen ilkinji sorag şeýle. Özüňizi ýazyjy hasaplaýaňyzmy we şöhrada nähili garaýaňyz?

– Çynymy aýdaýyn, özümi ýazyjy hasaplamandym, häzirem hasaplamok, geljekde hasaplaýmakdan hem gorkýaryn. Men oba hojalyk institudynyň (şol wagtlar uniwersitet däldi) zoothniklik ugruny tamamladym. Onuňam sebäbi 15-17 ýaşlarymda ahalteke atlarynyň aşygydym. “Aşygy” diýip söz owadanlajak bolup aýdýandyr öýtmäň. Nähili aşyk bolunýan bolsa menem aşykdym. Elmydama içimden atlaryň, belli seýisleriň, çapyksuwarlaryň adyny sanap gezerdim. Soň gyza aşyk bolanymda-da şeýle etmedim. Gülmäň, çynymy aýdýan. Oba hojalyk institudy, onda-da maldarçylyk hünärinden başga hiç bir okuw ýadyma-da düşenokdy. Ýogsa ekiz taýym hem inim (kiçi bolsaň ini diýilýär-dä, ýogsa biziň aramyz sähelçe wagt bolupdyr) Ylýas goşgy ýazýardy, mekdebiň soňky klasynda Şekspiriň sonetlerini terjime edýärdi. Men bolsam, Şekspiriň “Uslyşeş li glazami golos moý?” setirine haýran galýardym, hatda şol soneti ýat hem tutupdym, emma özüm ýazaýyn hem diýmeýärdim. Umuman şahyrçylyga pisindim oturmaýardy. Ony işsiziň güýmenjesi ýaly görýärdim. Ýogsa şol döwürler biziň öýmüze uly agamyň dosty şahyr Gurbannazar Ezizow köp gelýärdi. Daňdana çenli goşgy okaşyp, dutar, gyjak çalyp oturýardylar, biz Ylýas ikimiz hem olara çaý daşaýardyk hem galman goşgy diňleýärdik, magnitofona ýazgy edýärdik. Ylýasyň goşgy ýazmagyna sebäp bolan hem şol oturlyşyklardy. Men welin, ýokarda aýdyşym ýaly atyň aşygydym. Emma okuwy gutarýançam boýum ösdi, agramym agraldy (Çapyksuwar bolmak üçin kelte boýly agramyň hem 45-50 kg-dan agyr bolmaly däl). Menem atdan daşlaşyberdim. Öýlendim. Maldarçylykdan işe başladym. Ylýas redaksiýa işe girdi, goşgy ýazmagyny taşlamady. Bir günem men oňa bir wakajyk gürrüň berdim, elbetde, toslama. “Şuny hekaýa et-de ýaz” diýdim. Özüm şol döwürler Wasiliý Şukşin diýip ýazyjy, režissýor, artist bardy, şonuň hekaýalaryny ürç edip okaýardym. Emma Ylýas bu gün-erte diýip ýazmady. Onsoň aldym-da özüm ýazdym. Aşagyna-da Ylýasyň adyny goýdum. Ylýas meniň ýazan zadymy halady. Äkidip şo döwürde neşir edilýän “Pioner” (çagalar žurnaly) žurnalyna beripdir. Bir gün hekaýa ýalpyldady-da çykaýdy, elbetde, Ylýasyň ady bilen. Muňa begenip men oňa ýene bir kyssa aýdyp berdim. Ylýas özüniň goşgy ýazýandygyny bahana edip, maňa özüň ýaz diýdi. Ýazdym. O-da “Edebiýat we sungat” gazetinde çap edildi. O döwürler
“Edebiýat we sungat” juda abraýly gazetdi. (Men şu wagt beýle däl diýjek bolýandyr öýtmäň. Haýyş edýän, meniň ýazgylarymy kesä çekmäň, aňyrsyndan gizlin many hem gözlemäň. Diýesim gelse şeýle-de diýerin, saman astyndan suw göýberip oturmaryn. Bagyşlaň, öte geçen bolsam.) Garaz, gepiň keltesi hekaýalarymdan ýene bir-iki sanysy çykdy, Ylýasam meni maldarçylyk işini taşlap redaksiýa işe girmäge göwnetdi…

– (Öňem bir «çopanyň» aýdyşy ýaly) şondan bärem ýazyjy bolduňuzmy? :-)

– Ýok beýle däl. Dogrusy, hekaýalaryň wakasyny Ylýasa gürrüň berýärkämem, soň özüm ýazyp başlanymdan soňam özümi ýazyjy hasaplamadym. Şöhrat hakda. Şöhratyň nämedigini dogrusy beýle bir bilibem baramok. Ony Jemal Saparowa, Laçyn Mämmedowa dagylar has gowy bilýändir. Ýöne özüm şöhratdan gorkýan. Ol adamy içinden igledýän bir zat bolsa gerek. Bir döwürler W.Şukşiniň dosty, meşhur mim (sirk artisti) Ýangibarow «Men gowy maksatlaryma ýetmäge kömek edýän şöhraty gowy görýän» diýip ýazypdy. Şöhrat bilen şöhratparazlyk belki, başga-başga zatlardyr, şonda-da şöhrat diýlen zada men-ä gowy nazar bilen seredip bilemok. Näme üçindigini düşündirjek bolaýyn. Çary Täçmämmet diýip belli dutarçy, sazanda bardy. Onuň Çary Täçmämmediň ýoly diýip sazda öz ýoly bar. Şol adam dutar çalanda möle gözlerini galdyryp käwagt öňe seredýänem bolsa, gözleri zat görýäne meňzänokdy. Ol saz çalanda ähli zady unudyp, sazyň içine siňip gidýärdi. Beýleki käbir sazandalaryň welin, saz çalsa gözi töweregindedir, dutaryna, barmaklaryna seretse-de, gulagy iliň bolşunda ýalydy. Şonuň üçinem olar Çary Täçmämmet däldi. Ýazýan adam hem ýazýarka, şöhrata beýle-de dursun, okyjyny hem unutmaly bolsa gerek.

– «Şöhrat» bilen düşnüşdik. Indiki sorag Baýramdan. Ol dünýä edebiýatynyň şöhratlylaryndan sorag berýär. Onuň soragy şeýle. «Dünya edebiýatyndan kimleriň işlerini halaýarsyňyz? Klassiklerden kimlerin eserlerine sarpa goýýarsyňyz?»

– Dostoýewskini gowy görýän. Onuň “Unižennyýe i oskarblýonnyýe” romanyny 14-15 ýaşlarymda ilki gezek okadym. Kitabyň gahrymanlarynyň biri gyzjagaz Nelli, onuň garry atasy, biçäre ejesi häzirem göz öňümde. Ine, ýazyjy. Onuň “Idiotuny” 3 gezek, şol eser boýunça alnan teleserialy birnäçe gezek gördüm. Emma 3 gezegiň şol roman üçin azdygyny biýän. Kimleriň eserine sarpa goýýandygymy aýtsam, bu juda köp ýeri alar, emma 4-5 sansyň adyny tutmaly bolsa (olary birinji dörtlük däl) Akutagawa, Kobo Abe, Ekzýuperi, Stendal, Balzak, Jek London, Hemingueý... 4-5 diýip eýýäm ýedi ýazyjynyň adyny tutdum. Bularyň hiç biriniň sarpasy meniň üçin beýlekiden pes däl. Emma, Dostoýewskini ürç edip öwrendim diýib-ä biljek däl, öwrenmäge çalyşdym. Özüm ýazyjy boljak, şonuň derejesine ýetjek bolup şeýle etmedim. Ony maňa ýazyjynyň eserlerine söýgüm etdirdi. Şu ýazyja bolan hormatym, maňa özüme ýazyjy diýdirmezlik bilen birlikde, özümden aňyrbaş talapkär bolmaga-da mejbur edýär. “Aý, bolar-la” diýip terjime etdim, emma öz ýazýan zatlaryma hiç wagt şeýle seretmedim. Bu gaty agyr iş. Özüme «nirden tapdyň şu käri? Başga iş gapyşypmy?» diýen gezeklerim kän. Häzirem diýýän. Sebäbi ýazanyňda hiç özüňi gizläp bolmaýar, başga birinden bir zatlar ogurlap özüňkä goşjak bolsaňam görnüp dur, hamala uly il eşikli özüň ýalaňaç ýaly. Emma, nädeýin, 1975-nji ýyldan bäri işim ýaz-poz ýene ýaz. 31 ýyl bäri. Ýöne, şonuň soňky 10-12 ýylyny hakykatdanam ýazyp başladym, dogrusy ýazyjylygyň nämedigine azda-kände düşünip ýazyp başladym. Öňki ýazan hekaýalarym ýetginjegiň şygyrlaryna meňzedesim gelýär. Olar maňa eziz, ýöne... Gep uzaltmaýyn indiki sowalyňyza geçeliň.

– «Eger döredijilik adam eserlerini «dogurýan» bolsa, bir eser «dogurmak» üçin näçe wagt «göwreli» gezmeli. Dogulan eser kemli dogulsa, ony ile çykarman bogup öldürerdiňizmi?» diýip soraýarlar.

– Megerem, goşadyrnagyň içindäki birinji söze “ýazmak”, ikinjisine “pikirini etmek, oýlanmak” diýip düşünmeli bolsa gerek. Bilmedim, beýle bir ulaltmalaryň geregi barmyka? Bir eser ýazmak üçin kä wagt köp oýlanýan, emma ýazyp bilemok, käsini tas ýazyp otyrkam oýlanyp ýazýan. Oýlanýan zadymam esasan ýalan sözlemezlik. Ýogsa gahrymanyň toslama, wakalaram köplenç toslama, emma şonda-da owadanlygyň, gyzyklylygyň, haýran galdyrjak bolmagyň (effektiň) we ş.m.-leriň hatyrasyna ýalan sözlemekden gorkýaryn. Ýalan sözleseň özüňden öňürti okyjy bilýär. Bu işde wagt diýlen zadyň agramam, manysam, oýnaýan rolam ýok. Köp pikir edeniň bilen gowy zat ýazyp bolmaýar, meniň pikirimçe. Tä öz göwnüňe jaý bolýança ýazýaň, ýene-de ýazýaň.

– Eserleriňizdäki bazarçy daýzalar, aglamjyraýan baý aýal, «böwürslendäki» oglanjyk we ejesi, «ogluna gargan ene»... bu personažlar kelleden tapylmamy ýa-da durmuşdan synlap alanlaryňyzmy?

– Durmuşda görüp (synlap däl) kelleden tapýan. Olar oýlanyp tapylan, emma gözümiň görüp ýören adamlary.

– Maýsa atly jigimizi ýazyjylyk käriňiziň nesilden-nesle geçip-geçmeýänligi gyzyklandyrýar. Sorag şeýle: «Sizde ýazyjylyk häsiýeti nesilden-nesle geçipdirmi? Sizin kaka ýa-da ata tarapdan garyndaşlaryňyzdan ýazyjylar barmy? Meselem, sizin doganyňyz ýazyjy eken».

– Hawa, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Çary Aşyrow, “Söýgi” poemasyny ýazan Aman Kekilow, 12 ýyl dälihanada ýatyp, şol ýerde-de ýogalan Annasoltan Kekilowa biziň daýylarymyz, daýzamyz. Emma, hakykatda men kakamy ýazyjy hasaplaýaryn. Biz bagty getirenleriň (Ylýas ikimiziň) şeýle gürrüňe ökde kakamyz bardy. Şeýle kakaň barka goşgy, kyssa ýazmazlyk megerem, aýyp hem bolup biler.

– Indiki sorag Maksat dostumyzdan. Ol «prozaralaryňyzy haýsy döwürlerde ýazdyňyz? SSSR-mi ýa-da soňky wagtlarmy?» diýip soraýar.

– SSSR-den öňem, soňam ýazdym. Olaryň ýazýan zatlaryma täsiri bolandyr öýdemok. Belki kitabymyň türk dilinde, Türkiýede neşir edilmegine täsiri bolsa bolandyr. Döwürleriň çalyşmagy nähili hem bolsa pikir edişiňe täsir edýär, emma SSSR döwründe ýazanlar SSSR-den soňam şol bir ýazyşlaryna ýazýarlar. Tema üýtgese üýtgeýändir, emma asyl maňyz aňsat-aňsat üýtgemeýär. Megerem, maňzyň üýtgemegi üçin içiňde bir zatlar ýykylyp, täzesi gurulmaly, bu bolsa aňsat-aňsat (mysal üçin, SSSR ýykylany bilen) bolup geçmeýär. Munuň üçin durmuşyňda bir sarsgyn gerek. SSSR döwründe ýazanlarymy ýetginjek şahyryň goşgularyna deňäpdim. Munuň şeýledigi üçin SSSR-iň sähelçe-de günäsi ýok. Emma, SSSR döwründe bir bela bardy. Biz diňe kommunistik ideologiýa gabat gelýän eserleri okap bilýärdik. Gadagan edilen kitaplar bardy. Olary tapmagam, okamagam mümkin däldi…

– Hydyr aga, bagyşlaň, şu ýerde Baýram dostumyzdan gelen şu soraga jogap bermegiň wagty geldi. Dostumyz «Syýasat we edebiýatyň baglanyşygy bolmadyk zamana barmyka? Halkyň halyna seretman, kynçylyklaryny görmän ýazyjy bolup bilermi adam? Syýasata degmän ýazyjy bolmak asla mümkin zatmy?» diýip soraýar.

– Bagyşlaň, bisowatlygymy, men şu durmuş şu-da syýasat diýip görkezäýmeseler olaryň haýsysynyň haýsydygyny bilemok. “Syýasat” diýýäler munuň aňyrsynda ýok zat ýok – ýalanam, çynam, wezipeparazlygam, adalatam, garaz hemme zat bar. “Durmuş” diýýäler – bu-da şeýle. Bu sowala düşünmänim üçin jogap bermekden saklanýan. Nädeýin, gynanýan, utanýan, ýöne etjek alajym ýok, bilmeýän, düşünmeýän zadyňa bilemok, düşünemok diýen ýagşy, şeýle edenim üçinem menden gaty görmäň.

– Sag boluň! Indi, düşünjelilik barada. Siziň ýazan gahrymanyňyz «goňşusyna aşyk bolan, hindi kinosyny gowy görýän gyz» kakasyndan düşünjeli bolmagyň nämedigini soramagy ýüregine düwýär. Ol gyz düşünjeli bolmagyň nämedigini sizden sorasa nähili jogap bererdiňiz?

– Şu sowala-da näme jogap berjegimi bilmedim. Megerem, düşünjeli bolmagyň nämedigini düşünjeli bolmagyň özi aýdýan bolaýmasa. Şu düşünjelilik, bu-da düşünjesizlik diýip hatarlaberseň dogry bolarmyka?

– Baýram dostumyz «çeper eserleriň hemmesi hem halkyň ýagdaýyna, halyna, durmuşyna we kynçylyklaryna, döwre görä üýtgeýär. Hydyr aga-da öz eserlerinde biziň jemgyýetimizdäki problemalara degip geçýär. Şeýle kynçylyklaryň, global we umumy çözgüdi barmyka? Eger, bar bolsa çözgüt haýsy tarapda? Nädip şu kynçylyklardan dynylsa bolar? Şu kynçylyklaryň sebäbi name (kim?) – diýip sorag berýär.

– Kynçylyk diýilýän zada her kim öz derejesine görä düşünýär. Emma, kynçylyklaryň çözgüdiniň ählisi iki sany kitapda Allahyň ýaradan älem kitabynda, hem-de onuň düşündirşi Kur’anda bar. Kynçylyklaryň sebäbi, elbetde, özümiz.

– Söhbetdeşligimiz dine çenli ýetip geldi. Dine degişli soraglar hem bar elimizde. «Garyp» lakamly dostumyz şeýle sorag berýär. «Sowet döwründe yslamyýet hakda nireden öwrendiler? Nireden şeyle terbiýe aldylar? Şol mentalitet çagalykdan berilen terbiýedenmi ýa soňmy? Ýa wyjdany bilen tapdylarmy şu ýoly?

– SSSR döswründe garry ejemiň gyşyň ortaky aýy, aladaňdan eli kündükli täret kylmaga barýanyny telim ýola görüpdim. Onuň doňaklykda çybşyldap, taýyp ýykylaýmajak bolup barşy elmydam gözümiň öňünde. Bu görnüş maňa üýtgeşik täsir etse-de, “Özüm näme üçin täret kylmaýarkam?” diýen sowaly akylyma getirmeýärdi. Şol döwürler ýeke ejem bilen gelnejem namaz okaýardy. Emma Allahyň bardygyna şübhäm ýok diýen ýalydy. Ynamym bilen deňeşdirenim-de käwagt döreýän şübhäm çigdiň gabygy ýalydy. Hatda deň-duş ýazyjy-şahyrlar bize (Ylýas ikimize) “Henizem olar Alla ynanyp ýörler-aý” hem diýýär ekenler. Kyrk ýaşymdan başlap bäş wagt namazymy okasamam, ondan öň hem özümi namazdan daşda duýmaýardym. Emma oglanlygymdan biriniň maňa namaz öwretmändigine gaty gynanýan. Eger şeýden bolsalar, durmuşymda eden ýalňyşlyklarymyň köpüsinden sowulyp geçmegi başarardym.

– Indiki sorag gaty bir anyk sorag däl. «Garyp» lakymly okyjymyz soraýar: «Siziň prozalaryňyz barada biz bir-zatlar diýdik, bir zatlar düşündik. Siziň özüňiz bu prozalar barada nähili pikirde, haýsy manyda ýazdyňyz?».

– Sowal anygrak bolsa, anyk jogap berjek bolardym. Mysal üçin, kellesini jübüsine salýanlar barada aýtmaly bolsa... Bu ýazgy biraz abstrakt ýazyldy. Onuň esasy sebäpkäri hem iň uly doganymyň ogly inim Agajan :-) …

– Şu ýerde söhbetdeşligi bölüp, kä bir zatlary aýtmak gerek. Umuman gadym zamanlarda internetde öz adym bilen bagly bir saýtym bardy we ol ýerde goýmak üçin Hydyr agadan gysgajyk zatlary ýazmagy haýyş edipdim. O-da inisine «ýok» diýmedi. Şeýdip prozalar eýýamy başlapdy.

– Ol ýazgylaryma “Kimiň adyny goýaýyn?” diýip sorady. Men ýazgylarymy teýeneliräk göremsoň “Awtory belli däl” diýäýsene diýdim. Agajan hem “Belli däl” sözüni oýnap “Belli däli” edipdir. Soň “Gel, däliň adyndan ýazyp göreýin-le” diýen pikir döredi. Däliň ýazgysam, dälişgeräk, abstrakt, düşnüksiz, köp manyly hem manysyz bolýar. Onuň ýazylan döwri hakykatdan-da adamlar kellelerini işledenlerinden jübülerine salanlaryny gowy görýäne meňzeýärdiler. Meniň göwnüme-hä şeýledi. Bu stil çekinmekden, gorkmakdan däl, aýdyljak bolunýan pikiriň has täsirli bolmagy üçin ýaramly. Käbir zatlary (mümkin hemme zadam) gönüläp aýtsaň täsiri pes bolýar, şonuň üçin her hili ýollar aklyňa gelýär. Olardan dürli manylaryň çykmagy hem seni hoşal edýär, her kim saňa özüçe däşänýär, hatda senden has çuňrak many çykarýanlaram bar.

– Häzirki zaman türkmen edebiýatyny yzarlaýaňyzmy? Okamagy maslahat berjek awtorlaryňyz barmy?

– Yzarlap okaýan diýsem ýalançy, ýöne gürrüňi edilse, elime düşse okaýan. Türkmen edebiýaty bilen aramyň nähilidigini düşündirmek üçin bir wakany, has dogrusy Dostoýewskini ilkinji gezek elime alan ýyllarymdan bir wakany aýdyp bereýin. Men o wagtlar ýaşymyň näçedigini ýokarda aýdypdym. Ýapyrlyp Hydyr Derýaýewiň “Ykbal” romanynyň iki tomlugyny tamamlap barýardym. Bir gün agam Baýramguly “Näme okaýaň?” diýip, elimdäki galyň kitaby aldy. Soňam muňa wagtyňy ýitireniňden şuny oka diýip “Ykbalyň” dörtden biri ýaly ululykdaky “Unižennyýe i oskarblýonnyýe” diýen kitaby elime tutdurdy. Men kitaby okadygymça öňki kitap üçin ýitiren wagtyma gynandym. Şodur-şodur gazet-žurnalda çykan bir hekaýany ýa-da powesti setanda-seýranda okan bolaýmasam, ýörite türkmen ýazyjylarynyň hiç zadyny okamadym. Ata Gowşudyň “Köpetdagyň etginde”, “Mähri-Wepa” romanlary, Nurmyrat Saryhanyň “Şükür bagşysy”, “Kitaby”, Çary Aşyrowyň “Ganly sakasy” Aman Kekiliň “Söýgüsi”, Sapargeldi Annasähedowyň “Göroglynyň gözlegindesi” ýene şuňa meňzeş belli eserlerem şol “Ykbala” çenli okanlarym. Diňe soň-soňlar ýörite kitaphanadan alyp “Aýgytly ädimi” okadym. Garaz “Ykbal” meniň üçün türkmen edebiýatynyň ykbalyny keç etdi. Soň gazet redaksiýasynda işläp ýören döwürlerim hem Tolstoýyň “Woýna i mirini” iki gezek okap çykjak bolsaň, Şukşiniň, Rasputiniň, Astafýewiň, Aýtmatowyň ähli ýazanlaryny, mundan başga-da Ekzýuperi, Hemingueý, Knut Gamsun, Remark... hany eliň degsin-dä türkmen ýazyjylaryna. Dogry deň-duşlarymyzyň ýazýan zadyny okaýardyk, olam okap gör diýip getirer, senem öz ýazanlaryňy olara okadýaň, bolany. Näme üçindir şol döwürler Çingiz Aýtmatow täze zat ýazypdyr diýip biri-birimizden öňürti şony okajak bolardyk, emma türkmen ýazyjylary şeýle şowhuny döredip bilmeýärdi. Mümkin bu meniň göwnüme şeýle bolandyr, ýöne men türkmen edebiýatyndan binesip galdym. Mysal üçin, Gurbanurdy Gurbansähedowyň, Beki Seýtäkowyň, Ýazmyrat Mämmediýewiň, Tirkiş Jumageldiýewiň, Rahym Esenowyň... garaz nätjek atlaryny sanap, bir eserini hem okanym ýadyma düşenok. 1975-nji ýylda B.Hudaýnazarowyň “Gumlularyny” okapdym. Gowy eser, ýöne Rasputiniň “Žiwi i pomnisi” ýaly däl-dä... Şonuň üçin bu meselede men ýaramaz maslahatçy. Men öz ýazyjylarmyzy okamanyma, dogrusy gynanýan. Ýakynda Hudaýberdi Diwangulyýewiň “Çuwal bagşy” romanyny okadym. Erbet görmedim. Ony okap ýitiren wagtyma-da gynanmadym. Telewizoryň başynda ýa-da boş gürrüňler edip ýitirýän wagtymyz ondan has kän ahyryn. Elli ýaşdan geçemsoň ýitiren wagtyma gynanýanyma gynanýan. Gynanjak bolsam, bolmanda kyrkda gynanan bolsadym.

– «Gören kim? Gürünen kim?» diýen romanyňyz Türkiýede «dünýä edebiýaty» seriýasy ady bilen çykarylýan romanlaryň arasynda türk dilinde çapdan çykdy. Bu roman bilen haçan türkmen okyjysy tanyş bolar we romanyňyzy türk okujysy nähili garşy aldy?

– Bu romany türk okyjysynyň nähili garşy alandygyny bilemok. Türklerde edebi tankydyň derejesi juda pes. Kitap bolsa köp neşir edilýär. Şonuň üçin belli bir zat aýtmak kyn. Ýöne belli ýazyjy zenanlaryň biri Fatima Barbarosoglu gowy baha berip gazetde çykyş etdi. Neşirýat kitaby ikinji gezek neşir etjekdigini aýtdy. Öz zadyň hakynda özüň bir zatlar (reklama edýän ýaly) diýip oturmak kyn. Türkmen dilinde-de nesibeli gün çykar-da.

– Nesip bolsa ol günlerem daşda däldir. Bu romandan bir bölegini köne saýtymda ýerleşdiripdim. Ony gaýtadan goýmak zerurlygy bolsa ony bir ýerlede goýup bilerin. Häzirlikçe soraglara beren jogaplaryňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin. Döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin. Sag boluň.

– Sag boluň. Janyňyz sag bolsun!

Aşgabat. 28.01.2007

Telpekler (4 kisiden 4 sany)

Bu yazgi ucin

  • Atamyrat 1 telpek goyyar we yazyar: "Agajan aga sagja bol. Menden size bir telpek! :-)"
  • Amanmuhammet 1 telpek goyyar we yazyar: "Sagja bol Agajan aga.Mena bar telpeklerimi bermek islardim,yöne gyzygy gaçmasyn:)"
  • Mirasymyz 1 telpek goyyar we yazyar: "Teswirleň Garapişigi bolsaň gerek."
  • kab 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

onda...

adesiniz belli-da, diymek. Ensalla, bu tomus ya bashga onayly bir zaman, mumkin bolsa, Hydyr agany hem alyp bar bolan 1agzalarymyz bn, ensalla, ya shol yerde ya-da gapdalda benewshe-de cay iceris, ensalla!

Quote: Dünya

Quote:

Dünya edebiýatyndan kimleriň işlerini halaýarsyňyz? Klassiklerden kimlerin eserlerine sarpa goýýarsyňyz?

Shu soragy soramda men yokardaky berlen jogaba garashyardym. Edil sananlaryn atlaryna hem bolmasa dunya belli adamlaryn sanaljagyny bilyadim. Emma shonun yanynda oz Magtymgulymyzy owermika diyyadim. Shu uly giden sohbetdeshlikde yazyjy agamyz bir gezegem Magtymguly diymandir, shony men gorup gaty gynandym...
Shuny aytmayin diyyadim, duzeljek bolup yoren dowrum. Hazir chydaman aydyan...

"Yagysh yagyp" diyip, jubime siyip oturma!

Oz dowurdeshi Kerim

Oz dowurdeshi Kerim Gurbannepesden soz achmandyr, Keminedir Seydiden soz achmandyr... Elbetde, "Magtymguly hakynda name pikirleriniz bar?" diysen owerdi, yone shu ozi halayarmyka diyip yokardaky yali soradym...
Gurbannazar Ezizden soz achypdyr, emma onun goshgularyny ozi halapmy halamanmy aytmandyr... Turkmen yazyjylaryny yatlanda olaryn arasyna goshmandyr Hydyr aga Gurbannazar Ezizowy :(
Garaz, patriotlyk duygusy bolmalymyka diyyan. Dunya klassiklerine soz yok, emma Magtymgylynyn ozi klassik, azyndan patriotlyk sebapli yatlaymaly ekeni...

"Yagysh yagyp" diyip, jubime siyip oturma!

Bayram akga akyl satjak

Bayram akga akyl satjak bolamok,yöne şahyr bar birem yazyjy bar. Ikisi bir zat dal.Biri(yazyjy) roman,hekaya,proza we şmn. yazyar beylekisi(şahyr) powest,goşgy yazyar. Gurbannazar Eziz, Kerim aga,Magtymguly olar şahyr. Hydyr aganyng ugry yazyjylyk.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "dushundurenin uchin!"

onynam dogry PS powest hem

onynam dogry
PS powest hem yazyjynyn ishi dalmay?

Agajan aga shol soragym anyk

Agajan aga shol soragym anyk gorunmedik bolsa aydaymaly ekeniniz-da,duzederdik :)
bolya-da, jogabynda dogry yere barmak basypdyr yone, menem esasy shol "kellesini jubusine salanlar" barada diyipdim shony. ondan sonky soraga beren jogabynda bu hakda has ginishleyin aydypdyr, hernace gonulap aytmadyk hem bolsa, biz ozumizce many cykarandyrys yene :) "kellani jubune salmak" sozi, shol prozan ozi hem menin gaty gownume yarapdy, shol soze ozumce dushunip, ozumce-de ulanyan.
yone bir zat unsumi cekdi. Hydyr aga gonulap aytmady, yone shol prozan sebapkarini aydyp pokgini shona pas berip sypdy, bizem indi sebapkare topularys name :)
inisi we sebapkari hokmunde onda siz aydayyn manysyny Agajan aga, mumkin bolsa :)
sohbetdeslik ucin size-de Hydyr aga-da kop sagbolsun aydyan.

Sohbetdeshlik ucin Agajan

Sohbetdeshlik ucin Agajan agada Hydyr agada tmolympiad adyndan minnetdarlyk bildiyarin!

Hacan bu soraglary

Hacan bu soraglary soradynyzay? men gormandirin, yenede sorag sorasan bolyarmy?
yone menin soragym kan bir edebiyan dalde durmus bolaymasa, name edeyin su zatlara unsum cekipdirdahow.

hakykatdanam gyzykly sahbetdeslik bolupdur,

sorag sorana, jogap berene we ony galama alan hemme kisa sag bolsun.

Turkmenin icinden saylanyan, yasap yoren ka bir sahsiyetlere seyle sohbetdeslikler bilen dowam etdirilse govy bolar.

sag bolun

Birazajyk taryh we ynanc barada...

Belki, menin soragymy iki ayratyn sorag hokmunde-de kabul edip bilersiniz, men ozumce sorayin, siz duzedersiniz diyip umyt edyarin!

Umuman, kop dowletler ozlerinin taryhyny we ynanc yodalaryny mahabatlandyryp, suyjedip dunyadaki beyleki ulke we ynsanlaryna reklama edyar. Belki, sholaryn %90 gowragy bizin Turkmenistan we Turkmen halkymyzyn ykbalyndan, taryhyndan, sungatyndan, ynanjyndan (Yslam) we sh.m. oran yzda bolsa-da, shol zatlaryny dunya kabul etdirip bilipdirler. Bu saytyn yash agzalary hokmunde, bolyan ulke we shaherlerimizde Turkmenistanlydygymyzy aytsak :"Bah, ol yerem bar-may dunyade, nire bolyar?" ya-da:"Turkiyemi, Rossiyamy?" diyip sorayalar. Bir tarapdan bizin yazyjy we shahyrlarymyza-da degishli bolan bu mesele barada name pikir edyarsiniz?

Birem, "Osmanly" we "Roma" imperiyalaryny kop milletler hormat edip okayalar, bizinem "Seljukly" imperiyamyz bolupdyr. Yslamyn bayrakdarlygyny(bolmadyk hem bolsa, "Halypalygyny") edipdir, sheyle onat osuhlere sebap bolup dunya bu babatda gorelde bolupdyr, hatda, Seljukly Imperiyasynyn dowamy hokmundaki Osmanly Imperiyasyna uly tasir edipdir. Biz hacan oz yazarlarymyzyn elinden Seljukly Imperiyasy barada oran anyk we takyk bir Taryh eseri ya-da Roman okap bilerkak, bu babatda bizin oz yazarlarymyzdan ya-da beyleki milletlerden ylmy ya-da taryhy gozleg edip, oz eserlerinde ulanmak isleyan barmyka? In azyndan, ininiz Agajan aganyn bu saytda goyan Tolstoyin "Gokdepe galasy" baradaky yazgysy/prozasy hem begendiryar.

Belki, Turkmenistanyn hazirki dap-dessurlaryna uly mocberde sebap bolan Bayramalydaky sahabalarymyz Bureyde b.Hasib el Eslem we Hakim b.Giffari hakda-da yazgylar barmyka, yok bolsa, bolarmyka? Sheyle zerur shahsiyetlerin durmush we tejribelerini hem biografiya ya-da roman hokmunde okamak isleyari(n)s!

Sohbetdeshlik ucin Hydyr aga we Agajan agalarymyza yene bir gezek saytymyzyn hemme agzalary ucin minnetdarlyk bildiryarin! Sag bolun!

link

http://www.l-m.com.tr/index.php?key=kg&id=136&PHPSESSID=a959878bc63b5abe9ce1b31d92c6fc1f

yokardaky linkde «dünýa edebiýaty» seriýasynda çykan kitaplary barada maglumat bar. olaryň arasynda Hydyr Amangeldiniň «Gören kim? Görünen kim?» romany hem bar.

yene-de link

http://kitapzamani.zaman.com.tr/?bl=5&hn=443

bu ýerde Hydyr Amangeldiniň romany barada Mustafa Oguzyň ýazgysy bar (türk dilinde).

Tuweleme Hudayi Can terjime

Tuweleme Hudayi Can terjime edipdir, bizem son elinde turkce orenipdikdahow:)

Hydyr Amangeldi aga genel mudurlukde isleyarmay, sol yerde ka wagyt goryardim oydyan...

123

serdar01 wrote:

Hydyr Amangeldi aga genel mudurlukde isleyarmay, sol yerde ka wagyt goryardim oydyan...

o diýýaniň onuň fotokopiýasydyr. ýa-da o diýýäniň ylýas agadyr.

shol sorag...

Shol sorag sizin ucin soralsa, sizinem fotokopiyanyz barmy :)

123

ata wrote:

Shol sorag sizin ucin soralsa, sizinem fotokopiyanyz barmy :)

diňe ekizleriň fotokopiýasy bolýar. men ekiz däl.

Sagja bolyng agalar.Menem

Sagja bolyng agalar.Menem mekdep wagtlarym kan roman okayadym.Adamyng kitap duynyasi bilen tanyshmagyna, terbiye almagyna gowy tasir edyar.Görenkim?Görünen kim? romanyny okamak islardim.Özüm Istanbulda,gözlap taparn nesip bolsa.

sohbetdeshlik gutaranam

sohbetdeshlik gutaranam bolsa, mende 1-2 sorag bar, olary yene-de jogaplanar diyen umy bn soramakcy;

1-Orta Aziyada gadymy yadygarlikler, ayratynam,metjitler in onat yagdayda dineje Ozbegistanda goralyp saklanypdyr. Name ucin TM-da az sanly bolsa-da gadymy yadygarlikler "goralyp" saklanylan hem bolsa, yekeje metjidem galmandyr?! Bu yagdayi "gonup- gocup yoren turkmen halkynyn yagdayina" baglamalymy ya shol dowurlerdaki kagyz ustundaki :"ynanjymyzy yashama azatlygyna"my?!
Garaz, oglanlar bolup, ozara shu yagdayi gozgadyk welin, metjit gurulmanson galan daldir diyen yagday yuze cykypdy.

ikinji soragam hazir soramakcy, wagt ...

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

2- Onki baylar, ayratynam,

2- Onki baylar, ayratynam, 19-njy we 20-nji asyr baylaryna koplenc "zalym, hilegar,ganhor, parahor,..." we sh.m. zatlar aydylyardy we kinolardyr ceper eserlerde hem sheyle gorkezilyardi. Men kabirlerinden yagdayin, aslynda, beyle daldigini, tersine, baylaryn obalaryndaky garyp yetginjekleri oyli-ishikli edenini, goldawa matac mashgalalara yardam edenligini eshidipdim.

Shu yagdayi biyanizmi, Hydyr aga?! Ya bilyanlerden ya-da gonuden-goni sheyle wakalara shayat bolanlardan dinlap gordunizmi?!

"Mollalar owerler ol kyyamaty,
Goysalar bu yagty jahan yagshydyr!" diyipdir oydyan Pyragy hem. Sheyle bolanyna gora,umumy manyda "baylar zalym" diyen netije emele gelyar-da?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Salam Hydyr aga! Oňatmy

Salam Hydyr aga!

Oňatmy ýagdaýlaryňyz?! Işleriňiz bn armaň-da!

Agam, ynha, özüňizem geldiňiz!

Ýokarda men 2 sany sorag goýupdym, Agajan agamyz ýetirmändir öýdýän size :)

Oňaýly bolsaňyz, bize şol ýagdaýy düşündiräýiň-dä!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

yazgyny okang hyjuw beryar

yazgyny okang hyjuw beryar okmaga:D

Tüweleme tmolympiady

Tüweleme tmolympiady teswirler bilen deňeýäs welin... asyl bular ýokardan gopýan ekenow.
Hydyr aga soraglara jogap bereni üçin, Agajan aga-da şu söhbetdeşligi taýarlany üçin sagbolsunymy aýdýan.

Bäh, gaty gowy

Bäh, gaty gowy söhbetdeşlik bolupdyr, hezil edip okadym. Sag boluň paýlaşanyňyza!

Mende-de birki sany sorag döredi welin, indi giç. Ýöne Gara pişik täzeden söhbetdeşlik gurar diýen umydym bar, şonda soraýaryn.