Dr. Farzad Marjani bn söhbetdeşlik. (Jogaplary 1)

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

1. Siz www.turkmens.com saýtyny haçan döretmäge başladyňyz? Başlamagyňyza kim ýa-da näme sebäp boldy?
1996 ýa-da 1997de başlady, dostlarymyz bardy, türkmen oglanlar bardy. Bu ýerde (Ankarada) tanyş bolan Dr. adamlar bardy, Agöýli hoja bardy. Gürrüň edemizde şeýle bir sahypa mätaçdigi mälim boldy.Türkmen medeniýetini tanatmak gerekdi, onam men pikir etdim, onsuzam başga türkmeni şeýle tanatýan sahypa ýokdy. Şeýdip özüme wezipe bildim şu işi. Muny edip biljek, başarjak adam hem ýokdy dogrysy. Menem özüme hobi ýaly hasap etdim, köp iş bar dogry ýöne, işden soň wagtyňy boşa gitdireniňden halkymyza peýdaly zat edenim gowy.
2. Munça habardyr materiallary tapmak size kyn gelenokmy, men-a size telpek goýýaryn!?
Telpekmi? Hehehe..Daşyndan seretseň kyn ýalydyr, emma aslynda maňa kyn görnenok. Sebäbi özüm türkmen, dostlarymyz bar, tanyşlarymyz bar. Özüm Türkmenistana hem gidip gelýän, dostlarymyz, Eýrandan bolan dostlarymyz kömek etýärdi. Bolmasa, özüň hem maýa goýmaly bolýar. Çykdaýjy çykarmaly bolýaň, özümde hem ýagdaýym bardy çykdaýjylary garşylamaga, pulum bardy Hudaýa şükür..
3. Syýasat bilen gyzyklanýaňyzmy, has takygy, siziň saýtyňyz syýasatdan täsirini alýarmy?
Biziň syýasat bilen hiç baglanyşygymyz ýok. Goşulmaýas. Sebäbi syýasaty dogry iş göremok. Meselem peýdaly, haýyr etjek bolsaň, syýasatdan başga ýollar bar. Biz syýasaty aýry tutmaga gaýrat edýäris.
4.Türkmenistan barada begençli habaryňyz, guwanýan we gynanýan tarapyňyz barmy?
Öňi bilen in begençli zat Türkmenistan döwletiniň barlygy. Dünýäde Eýran bolsun, Owganystan bolsun, Ýewropa bolsun, Türkmenistanyň ilaty näçe bolsa, şonça hem daşynda ýaşaýar. Olaryň döwletleri ýok, özbaşdaklygy ýok. Onuň üçin bir döwletiň bolmagy, olara daýanç ýeri, arkadag bolup durýar. Biziň üçin iň uly begenç şol. Şonda-da saklamak üçin hemmämiz gaýrat etmeli. Türkmenistan döwleti ýokarda bolsa, biz hem ýokarda bolarys. Gynanýan tarapym şu; elbetde gynanmak hem bolmaýar, hemme zat üçin wagt gerek, yuwaş-yuwaşdan hemme zat bolar. Taryha seretseň, hiç zat 1-2-3 günde bolanok, Türkmenistan häzir ýaş döwlet. Türkiýe bilen garşylaşdyrsak, ol hem türkmen döwletidir, 80 ýaşy geçipdir, Türkmenistan bolsa 15 ýaşady. Gelen ýerlerine serediň. 15 ýylda köp ýol gidipdir. Emma isleýän zadymyz köp! Näme berseňiz, ýene-de biz isläris. Köp okuw isleýäs, ykdysatyýetiň mundan-da köp ösmegini isleyas.
5. Türkmen we daşary yurtly haýsy şahyrdyr, ýazarlary halap eserlerini okaýarsyňyz, olary bize-de maslahat berýäňizmi?
Walla, türkmen diýmek, Magtymguly diýmek. Magtymgulyny herkim okamaly, her türkmen bilmeli. Emma ýeke Magtymgulydäl, ondan başga-da köp şahyrlarymyz bar. Hemmesi internet saýtymyzda bar. Hemme şahyrlarymyzy okaň. Gadymy taryhymyzy biliň. Şol möhümdir. Magtymgulynyň özi bolsa aýratyn bir zat.
6. Daşary ýurtlarda we Ata Watanymyzda dürli ugurlarda okaýan we işleýän biz ýaşlara näme maslahat berýärsiňiz?
Okuw, okuw, okuw… Okamak iň möhüm zat. Ondan soňra ýanynda-da bolan döwletiňdäki ykdysadyýeti, syýasaty we medeniýeti öwrenmek. Şulary biz bilmeli, ýaş oglanlar öwrenmeli. Bulary özleri bilen Türkmenistana äkitmeli. Türkmenistana äkitmese hem, ol ýerde galsa hem işdir, ol ýerde lobi bolýandyr. Türkmen üçin işleýändir. Esasy zat, şol döwletdäki gowy bolan sistemi öwrenip, gowy bolan taraplaryny Türkmenistana getirmek. Türkmenistanda okaýanlar bolsa, onsuzam, öz zatlarymyz bilýärler. Olar hem daşary ýurtda nähilidigini ýene okap bilmeli. Internet bilen köp tanyş bolmaly, komýuter bilen köp tanyş bolmaly. Bilim almaly.
7. Türkmenistan Watanymyz öz ykdysadyýetini nädip ösdürip biler, siziň nähili pikirleriňiz bar bu babatda? (ata)
Dünýädäki hemme döwletler nähili ösen bolsa şoldyr. Ykdysadyýetiň öz kanunlary bardyr. Şol kanunlara uýmaly. “Öz ykdysadyýetim” diýip bir zat ýok, “meň ykdysadyýetim” diýip bir zat ýok. Özüňe görä käbir zatlary çalşyryp bilersiň. Emma dünýäde ykdysadyýetde hemmesiniň bir sistemi bardyr, dünýädäki häzirki sistemi Türkmenistana hem birleşdirmeli bolýar. Şony edeniňden soňra öz-özi barýar, aýratyn bir ýol ýok.
8. Salawmaleýkim! Käbir agzalamyzdan siz barada gaty gyzykly zatlar eşitdim. Sizem özüňiz barada bir az gürrüň beräýseňiz. (GaraDag)
Sahypada özüm barada bar aslynda. Gysgaça aýtsam, men aslym Türkmensähraly, Eýran türkmenlerinden. Türkiýa 1980 ýylynda geldim. 27 ýyldyr bu ýerde. Gurluşyk inžinerçilikden master, doktora etdim, ODTUde. Uniwersitedde birneme işledim. Ondan soňra, Türkmenistana hem her ýyl diýen ýaly gidýän. “Dünýä türkmenleriniň humanitar birligi”niň hem agzasy. Begenýän tarapym, iň soňky gezek 3-4 aý öň, Türkmenbaşyny soňky bir gezek gördüm. Şol meň üçin uly bir zat.
9. Türkmen milleti üçin iň möhüm zat näme? Türkmeni näme türkmen edýär? Biz türkmenligimizi, medeniýetimizi goramalymy? Ýa bu bir romantika bolup, diňe hormat goýulmaly zatmy? (Baýram)
Seniň türkmen taryhyny goramakdan başga hiç ýoluň ýok. Taryhyňy bilmeli, özüňi bilmeli, Gorkut Atany bilmeli, Oguz Hany bilmeli. Oguzhany bilmeýän türkmen däl. Taryhyňy hökmän bilmeli we şuny-da bilmeli ki, türkmeniň 5 müň ýyllyk taryhy bar. Dünýäde türkmen nirede bolsa, basym döwlet gurýandyr. Gelejegiňi hem gözlemeli, modern bolmaly. Emma taryhyny bilmeýän, gelejegini gözläp bilmez.
Diňe taryhmy? Meselem; egin-eşik bolýandyr, edep, din, dil… (Ga1taman Balkani)
Biri türkmen bolandan soňra, hakyky türkmen bolandan soňra, ol zatlaryň hiç ähmiýeti ýok. Biri köp dini gowy görer, biri köp demokratiýatyny, biri oýnamagy gowy görer. Bularyň ähmiýeti ýok. Her ynsanyň isledigiçe ýaşamaga haky bar. Emma taryhyny we türkmenligini bilsin. Türkmendigine guwansyn.
10. Dil möhümmi? Türkmen dilinde geplemeýän türkmen bolarmy? Türkmen medeniýetinden 1 gram zat bilmeýän türkmen bolarmy? Halkyň öz medeniýetinden uzaklaşmagy barada näme pikirlenýäňiz? (Baýram)Öz medeniýetiňden uzaklaşmak nähili bolar? Daşary ýurtlardaky medeniýeti görüp-de, olara aýnan bolup özüňi ýitirmek. Iň möhüm zat şudyr, ynsan ýaş bolanda bulara düşünip bilmeýär. Biz hem ýaşkak şeýledik, Michael Jackson gulak asýadyk. Emma bir ýaşa ýeteňden soňra, dutaryň sesi üýtgeşik gelýär. Oňa belli bir ýaş, belli bir bilim gerek. Diliňi hökmän goramaly. Ýöne başga dil öwrenseň elbetde gowy. Türkmen dilini bilmeli, türkmen diline girýän parsça, arapça, orsça sözlere dykgat etmeli. Indi elhamdulillah, bular aýrylýar. Türkmen sözleri gelýär. Dil mundan-da köprak arassalaşdyrylmaly. Hemme dünýädäki türkmenler, hatda başga türk dünýäsi üçin elepbiý birligi getirmeli.

Bellik: jemi 20 sorag bardy... köp bolar diyip hazirlikçe 10syny goydum.. galan 10 sorag-jogap yene 2-3 günden tayyar bolar. ;)

Telpekler (7 kisiden 9 sany)

Bu yazgi ucin

  • Atamyrat 3 telpek goyyar we yazyar: "Ikinji bolekde yenede bererin. Sag bol!!!"
  • Amanmuhammet 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin. Berekella!"
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin. Berekella!"
  • Mergen 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekella !"
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekella, Myrat jan! 3 telpek sozum bardy, 1-ini beripdim, ynha-da 1-i, galan 10 soragy yazsanam 1-ni oklaryn, ensalla!"
  • Farabi 1 telpek goyyar we yazyar: "Sagbolun."
  • Rustam Miyliyev 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy maslahatlar beripsiniz! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Govja ekeni, sagjabol

Govja ekeni, sagjabol !!
Unsumi cheken 1 setir bar:
"Begenýän tarapym, iň soňky gezek 3-4 aý öň, Türkmenbaşyny soňky bir gezek gördüm. Şol meň üçin uly bir zat." Mena shu sozlerden onyn Turkmenbasha gata minnetdardygyna dushundim, TM'e gidende ala bole shul dushushyk gaty begendiripdir !!

Sagja bol Myrat, beyleki

Sagja bol Myrat, beyleki oglanlaram, Farzada aga hem sag bolsunlar!
Mena haladym umuman aydylan zatlary, mumkin sebabi... kop nokatda pikirlerimiz den gelyar ekeni.
Yone sheyle kop ish alyan proyekte bash goshany uchin, dine ish dal belki pul hem takap edyan proyektde bolany uchin uly hormatym bar shol yashula :)
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

minnetdarlyk!

Bashda Dr. Farzad agamyza, sheyle hem, bu sohbetdeshligi yerine yetiren Myrat we toparyna minnetdarlyk bildiryarin!
Oran onat we peydaly jogap hem-de maslahatlar beripdir agamyz! Galan soraglaryn jogaplaryna-da, sabyrsyzlyk bn garashyarys!

Kop sag bolun!

Sagja bol

Sagja bolyng. Gaty gyzykly

salam galtaman balkani

ghovi i eziz dost? men Iran den ve su sohbetdeshligi okamde kan begendim . Iranda kan oku li turkmen bolsada bu yerde pars dilinde okolan song turkmen dili ve turkmen edebyati barada kan zahmet chekilmeyar . elbette zahmet chekyan adamler hem bar .dr oraz muhemmed sarli ve yenede bir nache adam bar emma jemeyete gora oran az. turkmen talib lari turkmen dilini yaddan chikarib baryaler ve oz hususi oturshiklarinde hem parscha keblyarler . menem edib biljek zadim yok ve basharyan zadim hem yok eger bashar sam oku gutaran suong turkmen ler barade koprag Ishlarin dyyb omid edyan.

raksha,

raksha, www.yaprakexpress.com hem bolmaly, shol yere-de bir nazar ayla islesen!

salam

sag bolata aga glloyning ucin. www.yaprakpress.com dal mika? khosh galing.

Hava, www.yaprakpress.com

Hava, www.yaprakpress.com dogrysy.

hawa, Mergenem dogrusyny

hawa, Mergenem dogrusyny yazan ekeni, on hem www.turkmenexpress.com yazan ekenim bashga bir sahypa ucin, asly www.turkmenpress.com bolmaly, menin shu "ex"-ler bn problemalarym bar oydyan:)

sag bol, Raksha!