Arassaja 0.7 ýükle!!!



Türkmen elipbiýindäki harplary ulanmak üçin size ýörite programma gerek, olary tapmak kyn, her haýsy üýtgeşik we öwrenişmek üçin köp wagt gerek. ü harpy nirededi? Q-di öýdýän, ýadyma düşenok! Wiý bu üýtgeşik eken, meniň öňki ulanýanymda '{' düwmesi ö harpydy! Microsoft diýip ýazmak üçin iňlisçe geçirmeli (ç ýazmak üçin) soňra ýenede türkmençä. ýat tutmak üçin kagyzlara belläp almaly we klawituradaky düwmeleriň üstüne ýelmemeli. Czech näme? Türkmençe ýazmak üçin şoňa geçirmelimi? Gowudygyny, Windows Vista ahyry türkmençe goşupdyrlar! Hawa ýöne köne elipbiý, ýagny kirilissa!

Biziň çözmek isleýän meselämiz, diňe iňlisçe harplary ulanyp türkmençe ýazmagyňyza kömek etmek. Siz dogry harplaryň ýerine iňlisçedäki meňzeşlerini ulanýaňyz we biziň Arassaja-myz olary awtomatiki düzedip berýär. Nämede bolsa, iňlisçe hemme ýerde ýazyp bolýar, ýörite programma gerek däl we her kimiň öwrenişenjesi.

Meselem,

men turkmence yazmak isleyarin yone kyn
men türkmençe ýazmak isleýärin ýöne kyn


Taslama şu wagt doly taýýar däl we özleşdirme işi işjeň dowam edýär. Arassaja GNU General Public License bilen berilýär we azat programmadyr. şertnamada aýdylşy ýaly isleseňiz ulanyň, göçüriň, üýtgediň, paýlaň!

Gowy zat eken diýýän bolsaňyz bize kömek etmegiňize garaşýarys. Goldaw üçin kod ýazyp bilmek hökman däl! öz-özunden öwrenip bilýän algoritmamyza kömek etmeli. ýagny, düzelden ýazgylaryna dogry ýalňyş diýip baha bermeli ýada köp türkmençe ýazgy okatmaly. Size etmäge iş bar bolmagy mümkin, etmeli işler bölümine serediň!

gyzyklanýan bolsaňyz biziň toparymyza goşulyp bilersiňiz. Biz ol ýerde taslamany has hem ösdürmek üçin gürrüňler ederiz, täzeliklerden habardar bolyp durarsyňyz, teklipleriňizi ýada ýalňyşlyklary aýdarsyňyz.