Hatyja'in mowzugy
akgül, doglan gunun bilen!
Çarşenbe, 2009-02-25 04:43-de, Hatyja yazdy!Bu gün akgulin doglan güni.
akgul, doglan günüň bilen gutlaýan! Uzak we haýyrly ömür nesip etsin! Seni bagtly etjek ahli arzuw dilegler hasyl bolsun!
gutlamak gezegi agzalara berilyar.
Magtymgulynyň goşgularyna sözlük we düşündiriş
Penşenbe, 2009-02-19 22:49-de, Hatyja yazdy!Çeşme: Magtymguly. Saylanan eserler. Yaşlar üçin. – Magaryf, 1983
Magtymguly. Saylanan eserler. Aşgabat. 1993
A
Ab – suw
Aba – 1. erkekleriň geýýan ýeňsiz, yüňden dokalan giň oýluk kysymly üstki eşigi, 2. ata, kaka
Goşgulary söýýänleriň burçy 7
Yekşenbe, 2009-01-04 22:55-de, Hatyja yazdy!Salam agzalar we myhmanlar!
Sahypada köp goşgy goýuldy, içinde türkmen şahyrlarymyzyñ goşgularyndan we tmolympiad'yñ höwesjeñ ýaş şahyrlarynyñky hem bar. Yöne näçe goýulsa-da, tüweleme ýene-de köp. Goý, şeýle-de bolsun. Ine-de bu temanyñ 7-nji bölümine ýetdik.
Geliñ, bu temada halan goşgularymyzy ya-da içinde halan käbir bentlerini goýup, öz pikirlerimizem yazyp duralyñ!
Degişmeli, satiriki goşgulary bilýäniñiz bar bolsa ony hem goýup bileris!
Feýa, doglan günüñ gutly bolsun!
Şenbe, 2008-12-20 02:48-de, Hatyja yazdy!Bu gün Feýa diýen agzamyzyñ doglan güni. ol 19 ýaşaýar.
Feya ya-da Gunça, seni bu doglan günüñ bilen gutlaýan!
Saña Allajan hayirli, bereketli we uzyn ömür bersin! Jan-saglyk we üstünlik arzuw edýärin! :)
Geljek ýylda okuwa girmek arzuwyñ hasyl bolsun nesip bolsa!
Seni bagtly etjek ähli arzuwlaryñ hasyl bolsun!
Bu gün size tort iýmäge barjak :)
Doglan günüñ bilen, Gulnara !!!
Çarşenbe, 2008-11-19 04:28-de, Hatyja yazdy!Salam! şu gün Gülnaryñ doglan güni! (Gulnara nick'li agzamyz)
Gülnar, yaşyň uzyn bolsun we Allajan sana bagtly, sagdyn ömür nesip etsin! Maksat- myradyña yhlasyñ bilen tiz wagtda yetmegiñi arzuw edyan!
Gelin, onda ony gutlalyñ!
P.S. TM'da ejesi hem gutlayar jan saglyk we bagt dilap! :)
::edil şu wagt name edesiniz gelyar::- 2nji seriyasy
Anna, 2008-07-25 06:45-de, Hatyja yazdy!Salam hemmanize! yzyny shu yerde dowam edyas.
.. edil şu wagt.. şu yazgylary okap otyrkanyz name edesiniz gelyar.. elbetde hemme kişin kellesindaki pikirler, etsem goysamlar üytgeşikdir.. gyzykly bolayjak yaly..
bash ustune!
Doglan günüñ bilen, Mergen!!!
Duşenbe, 2008-06-23 20:30-de, Hatyja yazdy!Salam! Şu gün tmolympiad’yñ iñ hormatlanýan, saýta iñ uly goşant goşýan we aktiw agzalarynyñ biri bolan Mergeniñ 20 yaş toýy.
Mergen, menem öz gezegimde seniñ doglan güniñ bilen çyn ýüregimden gutlaýan. Saña jan-saglyk, uzak we haýyrly ömür , okuwyñda – hünariñde üstünlik, gelejekde bar arzuw maksatlaryña ýetip, maşgalaña çagalaryña guwanyp gezmek we bagtly bolmak nesip etsin Allajan!
Gutlamak gezegi agzalara berilýar!
Şükür!
Şenbe, 2008-05-03 22:33-de, Hatyja yazdy!Salam tmolympiad'yn agzalary we myhmanlary!
Şu hekaýajygy meniñ iñ gowy görýän joram gürrüñ berdi..jorama hem bu adamlary hakyky durmuşda görüp tanaýan adamyñ gürrüñ beren hekaýasy..men düynki gün ondan gaty görüpdim. Düşünşdim soñ. Sagbolsun, maña görä sabyrly we giñ adam bolany üçin..
Maña, bize şu halymyza Alla şükür etmäge yene bir mysal bolup biljek hekaýa.
“Iki garryja el bilen hereketler bilen bir zatlar bir birlerine düşündirip barýan ekenler...
Goşgylary söýýänleriñ burçy 6
Çarşenbe, 2008-04-30 05:04-de, Hatyja yazdy!Şu sahypada köp agzalýan temalarymyzdan biri söygi, mynasyp ýar, maşgala hakynda Magtymguly akyldarymyzyñ hem birnäçe setirleri...
Şahyr söýup-söyulmegi, birek biregi tanap maşgala gurmagy undeýär.
”Magtymguly, nesihatym bolmasa,
Sana geçmen hiç kim gulak salmasa,
Ýigit göwun söýenini almasa,
Dynç alyp parahat ýatyp bolmaýar.. ”
Maşgalada ýagşy zenanyñ ornuny kesgitläp, akyldar şahyr şeýle diýýär:
”Ýigidiñ abraýy ýagşy zagyfdyr,
Ýagşy zagyf näkes äre haýypdyr..”
