ata's blog

Çap ediljek kitapjyk üçin ýazgylary seceliň!

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Kitapjyk barada has ginishleyin maglumaty shu yerden okap bilersiniz!

Men in wajyp shertlerini shu yere yazyp, sholar boyunca sahypadaky yazgylary shu yerde teklip etmeginizi hayish etmekci! Berlen linkde bolsa kitapjygyn ayratynlyklary barada tekliplerinizi yazyp bilersiniz!

Ynha, hazire denic yazylan in mohum shertler:

Sahypalardaky ähli ýazgylardan bölümler döretmeli diýen karara gelipdik, ynha, şeýle:

1- Kitapjyk 40 sahypadan ybarat bolup biler;

Türkmenistanda dynç alyşymda

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Tm-a 4 Mart-22 Mart aralygynda baryp gaýdypdym. Köpiňiz bilýän bolsaňyz gerek.

Gitmegimiň asyl sebäpleri:

1- 9 Martdaky duşuşyk;
2- 19 Martdaky iň ýakyn dostumyň toýy;
3- Öýmüzdäkileriň öýlenmegim baradaky ýagdaýyny çözmek;
4- Watanymyzy, ene-atamy, dost-ýarlarymy görmek;
5- Dynç almak we ş.m.

Ilki Londondaky tanyşlarym bn görüşip, sagbollaşaýyn diýen niýet bn aýlanyp çykdym, hatda, kiçijek oturlyşyk hem boldy diýseň boljak.

“Gözden yrak bolan köňülden hem yrak bolýar”myka?!

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Ýaňy-ýakynlarda talyplarda bir mowzuk açylypdy. Mowzukda bir türkmen gyzynyň/ýigdiniň Türkiýä okuwa gitmek isleýänligi, obasyndaky/şäherindäki sözleşen oglanynyň/gyzynyň bolsa muny göwnemeýänligi barada aýdylýardy we bu babatda agzalardan pikir soralýardy. Ol ýerde örän oňat pikirler bildirilipdi, men hem şolaryň arasynda bolmaly, şeýle bir oňat pikir bildirmedik hem bolsam.

Sizin ulkedaki howa maglumatlary?!

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Onatjamy yagdaylarynyz?!
TM-dan gelenime 2-3 gun boldy welin, barde ushap donup gelyan. Tm-da bolsa yssydan yana kolega gacyadym diysenem boljak :))

Onnun hem, duynem, hazirem/bugunem syrygyp gar yagyp dur barde. Yer apbak. Garyn yagyshyna seredip, hayran galyp otyryn. Yolda 5-10 minut yorapdim, sacym ap-ak bolupdy :)

Ayagymam ushap dur shu wagt.

Sizde nahil-ay howa hazir?! Yssylayasmy ya usheyas?!

In sonky (9 Nowruz ayi) dushushyk barada

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

9 Martdaky dushushyk barada on 2 blog acypdym.

Shol dushushyk boldy.

Netijesi barada men 1-2 kelam yazmakcy, son has ginishleyin mylayymdyr Tumar dagy goyar-da, olarda menkiden has kop mumkincilik bar yaly gorunyar :)))

Men hazir Marydan girdim internede.

Dushushygyn netijesi barada aytsam:

Mana gora-ha oran gyzykly gecdi. Garashyshymdan hem onat.
Pikirimce, gelen ahli agzalar ucin hem sheyle boldumyka diyyan?!

Wakalaryň daşky ýagdaýlary näme diýýär, iç ýüzleri näme diýýär?!

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Şugünlerde kän blog açmadym welin, açasym gelip gitdi, ynha-da, netijesi :

Köplenç beýleki ynsanlarda säwlik ýa-da säwlikler göreris. Ýöne özümizde hiç säwlik görmeris ýa-da görmek islemeris. Kähalatlarda bolsa, wakalaryň daşky genuine aldanyp, ýalňyş kararlar çykaryp, netijeleri hem şoňa laýyklykda baglap bileris. Muňa örän oňat iki mysal bermek isleýärin.

1- Hz.Musa(a.s.) we Hz.Hyzyryň(a.s.) ýolagçylyklary:

9 Mart (bazar/dynç gün), 2008 duşuşygyna çagyrýaryn!

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Men 3 gün öňem açypdym bu babatda aýratyn blog. Şol ýerde şeýle ýazypdym:

ata wrote:

Türkmenistanda häzire deňiç agzalar arasy ençeme duşuşyklar gurnaldy. Käbirleri sahypada hem ýazyldy, suratlar we duşuşyklar barada pikirler goýuldy.

Men hem şeýle bir duşuşyk gurnamagyň kül-küline düşüpdim gadym wagtlar :) Hawa, şol islegimiň netijesinde, indiki aýyň başlarynda, mümkin bolsa, uly göwrümde duşuşyk gurnamakçy, enşallah.

Häzir men takyk maglumatlary goýaýyn aşak:

Baýdak baýramyňyz gutly bolsun!

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Hemmäňizi ýetip gelen Baýdak baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Gutlamak bn size asuda durmuş, okuwyňyzda başarnyk we her iki älemde bagt arzuw edýärin!
Goý, bu baýram şu ýylyň ähli agza we myhmanlarymyz üçin düşümli, bereketli ýyl bolmagyna sebap bolsun! Ýaşyl tugumyz elmydama asmanda al-ýaşyl öwsüp, pasyrdap dursun!
Dünýä dursun, Türkmenistan watanymyz dursun!

Hemmäňizi 09.03.2008-de gurnaljak duşuşyg(ym)a çagyrýaryn! (indi täze bloga serediň!)

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Türkmenistanda häzire deňiç agzalar arasy ençeme duşuşyklar gurnaldy. Käbirleri sahypada hem ýazyldy, suratlar we duşuşyklar barada pikirler goýuldy.

Men hem şeýle bir duşuşyk gurnamagyň kül-küline düşüpdim gadym wagtlar :) Hawa, şol islegimiň netijesinde, indiki aýyň başlarynda, mümkin bolsa, uly göwrümde duşuşyk gurnamakçy, enşallah.

Häzir men takyk maglumatlary goýaýyn aşak:

Gün : 9 (Mart=Nowruz) 2008 ;
Sagat : 18:00-da Aşgabatda;

Syndicate content