Owrenelin!
Türkmenistanyň bag-bakja ösümlikleriniň önümlerini dünýä bazarlaryna çykarmakda daşary ýurt film we mahabat kompanýalarynyň orny
Şenbe, 2012-05-05 00:34-de, Lider yazdy!Ýurdumuzyň klimat şertlerine görä dünýäde ykdysady we strategiki tarapdan möhüm orna mynasyp bolan bag-bakja ösümlikleriniň ösdürilip ýetişdirilmegi üçin ähli mümkinçilikleri bardyr.Ygal mukdarynyň esasan hem gyş-ýaz pasyllarynda köp bolmagy bu möwsimiň 4-5 aý ýaly dowam etmegi esasan hem yumşak gabykly we gaty gabykly bag-bakja ösümliklerine oňaýly tärini ýetirýär.Gawun,garpyz,kädi,hyýar ýaly bakja ösümlikleri bolsa esasan fizýologiki ömürleriniň ilkinji aýlarynda suwy köp talap edyändikleri üçin ýaz paslyndaky ygal mukdarynyň
- Lider'in mowzugy
- Login to post comments
- Read more
Ulanylan suwlaryň gaýtadan işlenilişi we bu suwlaryň obahojalyk pudagynda peýdalanylşy
Şenbe, 2012-05-05 00:32-de, Lider yazdy!Obahojalyk pudagynda derwaýys meseleler,amala aşyrylmaly reformalar Türkiýe döwletiniň obahojalyk tejribesiniň Türkmenistan döwletimiziň şertlerine baglylykda peýdalanyp boljakydygy hakyndaky käbir pikirleri paýlaşmak we bellikleri öňe sürmek örän ýerlikli bolar.Suw ýetmezçiligi häzirki döwürde umumy adamzat meseleleleriniň biri bolmagynda galýar.Munyň üçin umumy çözgütler gözlenyär.Türkmenistan hem bu meselede beýleki döwletlere garanyňda has köp kelle döwýän döwletleriň biridir.
- Lider'in mowzugy
- Login to post comments
- Read more
YOLAÝRYT (ýollaryň saýlanyp aýrylýan ýeri)
Yekşenbe, 2011-09-25 04:56-de, OKUWÇY yazdy!Esselämü Aleýkum! Siz musulman doganlaryma peýdasy deger diýen umyt bilen ýazdym.
YNANJYŇ TOHUMY bir Allahyň (j.j) Atlaryna we Sypatlaryna imandan başlaýar. Allahyň köp Sypatlaryndan biri hem AHAD yagny ýeke-täk ne kömekçisi, ne şärigi , ne özüne deň boljak, ne meňzeş hiç bir zadyň bolmazlygy.
Muhalefetun lil Hawadis- yagny Allah (j.j) ýaradanlarynyň hiç birine (Adam, haýwan, ösümlik ýa gaýry jisimlere) akyl-hyýalymyza gelen hiç bir zada meňzemeýär. Olaryň içine girme, şekline meňzeme mätäçligi bolmaýar.
- OKUWÇY'in mowzugy
- Login to post comments
- Read more
Musa pygamber bilen Isa Mesihing mezeshligi.
Penşenbe, 2011-09-22 16:59-de, diplomat yazdy!Musa pygamber bilen Isa Mesihing mezeshligi.
Hudayynygyz Reb sizing uchin oz halkyngyzyng (doganlaryngyzyng) arasyndan mening yaly pygamber chykarar. Siz shol pygambere gulak asyng. Horep dagynda uyshen gunungiz, siz Hudayyngyz REbden hayysh edip: Hudaymyz Rebbing sesini mundan artyk eshitmali we bu beyik ody indi gormali, yogsam biz oleris diyipdingiz. REb manga olaryng aydyanlary dogry. Men olar uchin oz halkynyng arasyndan sening yaly pygamber chykaararyn. Mening buyran zatlarymyng ahlisini halka aydar yaly, Men sozlerimi pygambering agzyna salyp bererin…Kanunyng taglymaty 18:15-18
- diplomat'in mowzugy
- Login to post comments
- Read more
2-nji bap: Mertlik. Kesearkaç romany. Ýazyjy Mämmet Seýidow.
Yekşenbe, 2011-09-18 08:00-de, gadyrly myhman yazdy!MERTLIK
Bu wakanyň başlanan wagty türkmenleriň arzuw edip ýören luw ýylynyň bahar aýlarydy. Tebigat däli-porhandy. Meýdanlary görmäge göz gerekdi. Gataňňurlaryň, çopantelpekleriň jyrk-sary gülleri, gögerçiniň gursagyna çalymdaş jümjümeler, ýere keteni ýazylan ýaly gülälekler alys meýdanlary tutup ýatyrdy. Dik asmana galan torgaý ganatlaryny gybyrdadyp: “Heýjan elek, heýjan elek, bahar geldi, bahar geldi, hezillik, hezillik, hezillik...” diýip, yzyny üzmän jibirdeýärdi.
- 'in mowzugy
- Login to post comments
- Read more
1-nji bap: Sarman ata. Kesearkaç romany. Mämmet Seýidow.
Yekşenbe, 2011-09-18 07:47-de, gadyrly myhman yazdy!MÄMMET SEÝIDOW
KESEARKAÇ
Görnükli şahyrymyz, zehinli ýazyjy Mämmet Seýidow bu romanynda Köpetdagyň eteginde ýaşan türkmenleriň Russiýa meýletin (mejbury) birikmezinden öňki ýagdaýlaryny, gelmişeklere garşy alyp baran söweşlerini suratlandyrýar.
SARMAN ATA
Muny maňa Sarman ata gürrüň beripdi. Ol ýaşy ýetmişden geçen, tegelek ýüzli, süňklek adamdy. Onuň başynda könelip haýy giden gaba telpegi, egninde köneje mele mytgaldan penjegi bolardy. Bilini bolsa ýüp bilen guşardy.
- 'in mowzugy
- Login to post comments
- Read more
Türkçe pikir edip Türkmençe ýazyp...
Penşenbe, 2011-09-15 22:12-de, shirturkmen yazdy! Tm olimpiýadyň mowzuklary bilen gyzklandym, okadym. Türkçe pikir edip Türkmençe ýazyp Iňlisçänem ara goşýanlar bu ýerdede () kän ekeni. Elbetde düşnükli, şol dillerde okuw alyp, şol ýurtlarda ýaşanlygy üçin täsirlenersiň. Ýöne muny edýänler, käbiri bilip, käbirleri üns bermän edýärler.
Muny okaýan adama ullakan bir zat ýitirip baranok. Ýöne şol dilleri bilmeýän adamlar okap ýada gürleşenlerinde kabir esasy sözleriň manysyna düşünmän, haýsy dildedigini hem bilmän özüni oňaýsyz duýýar.
- shirturkmen'in mowzugy
- Login to post comments
- Read more
"HAK-HEŞDEGIŇ NÄHILI?"
Anna, 2011-09-09 05:29-de, kab yazdy!Türkmençilikde täze işe giren adama "Şowly bolsun!" diýlip dileg edilýär. Yzyndanam köplenç "Hak-heşdegi nähili, oňuşarça barmy?" diýlip soralýar. Hak diýýäni düşnükli. Edilen işiň ýa azabyň muzdy, puly. Ýöne heşdek näme?
1962-nji ýylda neşir edilen "Türkmen diliniň sözlüginde" bu söz barada hiç zat ýok. Alym Soltanşa Atanyýazowyň 2004-nji ýylda çykan "Türkmen diliniň sözköki sözlüginde" hem heşdek sözi agzalmandyr.
- kab'in mowzugy
- Login to post comments
- Read more
"GEŇ-TAŇ GÖREMOK"
Penşenbe, 2011-09-08 11:40-de, kab yazdy!Janly gepleşikde "Geň-taň göremok" diýip bir söz düzümi aktiw ulanylýar. Bu söz köplenç üýtgeşik, täsin ýa-da seýrek gabat gelýän ilden çykgynç bir ahwalat, hadysa ýüze çykanda aýdylýar. Şu söz düzüminiň döreýiş taryhynda nämeler ýatyrka?
Belli mirasgär Ümür Esenowyň bir ýazgysynda türkmençilikde nesil daragtynyň atlandyrylyşy baradaky maglumatlary okapdym. Onda nesil daragtynyň ýedi basgançagy aşakdaky ýaly sanalýar:
1. Ogul.
2. Agtyk.
3. Çowluk.
4. Ýuwluk.
5. Gowluk.
6. Geňlik.
7. Taňlyk.
- kab'in mowzugy
- Login to post comments
- Read more
ÖZÜNI BILEN WELI (teswirlerden göçürilip goşmaça girizilen).
Penşenbe, 2011-09-08 04:13-de, Mirasymyz yazdy!Hormatly Agzalar!
Allaha şükür kämil dinimiz bar Adamyň doguluşyndan tä ömrüniň soňuna we ölümden soňky ýaşaýşa çenli Ýoly bize görkezýär, Hudaýa şükür dinimizi öwredýän (düşünmeýän, şübhelenjek bolýan meselelerimizi şolardan öwrenmeli Kapyrdan öwrenmeli däl)ulamalarymyz,ýaşulylarmyz hem bar kyýamata çenli hem boljak. Dinimiz hem kyýamata çenli dowan etjek.
- Mirasymyz'in mowzugy
- Login to post comments
- Read more
